Welaýatymyzda pile taýýarlamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Golaýda Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar bilen begendirdiler.
Kerkili ýüpekçiler 85 tonnadan gowrak gymmatly çig maly Watanymyzyň kümüşsöw çäjine goşant etdiler. Öňdebaryjy etrapda tejribeli ýüpekçileriň 1242-si bol pile öndürmek bilen meşgullandy. Kerkili ýüpekçileriň hormatly Prezidentimiziň önüm bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny berjaý etmek ugrunda çekýän yhlasly zähmetleri ýerine düşdi. Senagat üçin gymmatly çig maly öndürmekde etrabyň «Mürzebeggala» we «Hatap» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri aýratyn tapawutlandylar. Olar pellehana bir günde geldiler. Şonda «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden meýilleşdirilen 31,5 tonnanyň ýerine 36 tonna 200 kilogramdan gowrak pile kümüşsöw çäje goşant edildi. Ýüpekçilerden Körpe Hudaýberdiýewa 284 kilogramyň ýerine 315, Döwlet Haýytmyradow 147 kilogramyň ýerine 215, Ogulbibi Annaýewa 80 kilogramyň ýerine 115 kilogram pile tabşyryp, öňe saýlandylar. Daýhan birleşiginiň başlygy Begenç Haýytmyradow pile ýygnamagyň gyzgalaňly dowam edýändigini aýdýar. Ol bu görkezijiniň 41 tonnadan geçjekdigine ynam bildirýär.
Pellehana ilkinji bolup gelen beýleki öňdebaryjy hojalygyň — «Hatap» daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew hem ýüpekçilik bilen meşgullanýanlaryň 255-siniň hem 30-35 ýyldan bäri ýüpek gurçuklaryny idedip gelýändiklerini, hut olaryň baý iş tejribesiniň hasabyna 16 tonna 600 kilogramyň ýerine 18 tonnadan hem ep-esli artyk piläniň ýygnalandygyny habar berdi. Güljahan Hallyýewa, Şemşat Pirhanowa, Sülgün Allakulyýewa ýaly ýüpekçiler tabşyrykdan daşary 50-100 kilogramdan gowrak pile ýygnamagy başardylar. Etrabyň 1-nji pile kabul ediş we guradyş bölümçesiniň ýolbaşçysy Myrat Saliýew daýhan birleşikleriniň galan 4-siniň hem pellehanany alkymlap gelendiklerini aýdýar.
Hojambaz etrabynyň edermen ýüpekçileri hem welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Olar kümüşsöw çäje 97 tonnanyň ýerine 98 tonna 292 kilogram piläni goşant etdiler.
Şu möwsümde ýüpekçileriň 2345-si şertnamalaýyn esasda bu iş bilen meşgullandy. «Lebap», «Türkmenistan», Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri ilkinji bolup pellehana geldiler. Etrap boýunça gymmatly çig malyň agramly bölegini — 40 tonna 170 kilogramyny Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri ýygnadylar. Şu daýhan birleşiginden Gülşat Hudaýnazarowa 355, Gurban Rozyýew 336 kilogram pile tabşyryp, has gowy netijeleri gazandylar. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 8-sinde hem tabşyryk artygy bilen berjaý edildi.
Ilmyrat DÖWLETOW.