Toplumyň bazarly harytlary

Mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň dokma senagatynyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Ýurdumyzda ýokary öndürijilikli dokma kärhanalary bina edilip, halkyň ygtyýaryna berildi. Biz indi pagta süýümini çig mal hökmünde däl-de, gaýtadan işläp, taýýar önüm görnüşinde dünýä bazaryna çykarýarys. Şu günki gün Mary welaýatynda hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan egirme we dokma kärhanalarynyň ençemesi işleýär. Olar öz öndürýän ýüplükleridir dokma önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarlary bilen birlikde, daşarky bazarlara hem çykarýarlar.  

                                                                   

Baýramaly etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen dokma kärhanalarynyň biridir. Onda etrapda ýetişdirilýän pagta gaýtadan işlenilip, dokma senagatynda giňden ulanylýan ýüplügiň dürli görnüşleri, hojalyk harytlary bolan el süpürgiçleri, hammam donlary öndürilýär. Önümler ekologik taýdan arassalygy, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanyp, müşderileriň göwnünden turýar.  

 Ildeşlerimiziň 800-den gowragyny iş bilen üpjün edip, üç çalşykda hereket edýän toplumyň bölümlerinde öndürijilikli zähmet çekilýär. Gündelik iş tabşyryklary artygy bilen ýerine ýetirilip, agzybirlikli çekilýän zähmet işçilere-de, kärhana-da uly abraý getirýär. Toplumyň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli, sap pagta süýüminden taýýarlanýan önümleri göze gelüwli, owadan gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we daşary ýurtlara yzygiderli ugradylýar.  

                                                                   

Dokma toplumynyň egirme bölüminde arassa pagta süýüminden 12,1; 10,1; 16,1; 20,1 belgili ýüplükler öndürilýär. Şol ýüplüklerden dokma bölüminde sütükli matalar dokalýar. Dokalan matalar boýag bölüminde ilhalar, dürli reňklere boýalýar. Işiň esasy bölegini tikinçilik bölüminiň işçileri ýerine ýetirýärler. Matasynyň ýumşaklygy, tikiliş aýratynlygy bilen tapawutlanýan hammam donlary we el süpürgiçleri kämil enjamlar arkaly tikilýär.  

  Önümleriň hiline berk gözegçilik edilýän barlaghana bölüminde tejribeli hünärmenler işleýärler. Toplumyň işiniň ilerlemegine işçi-hünärmenleriň ählisi saldamly goşant goşýarlar. Akjagül Orazowa, Nabat Berdiýewa, Göwher Baltaýewa, Jahan Amanowa dagy öz işlerine jogapkärçilikli çemeleşip, önümiň hiline aýratyn üns berýärler. Toplumyň Maýsa Allaberdiýewa, Maýa Aşyrowa, Güljemal Babaýewa ýaly hünärmenleri nusgalyk işleri bilen kärdeşlerine görelde bolýarlar. Dokmaçylaryň zähmetiniň netijesi guwandyryjydyr. Muny dokma toplumynyň işgärleriniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen üç aýynda gazanan zähmet üstünligi hem doly tassyklaýar. Toplum boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 25 million 278 müň manatlyk önüm ýerleşdirilip, meýilnama 128,4 göterim ýerine ýetirildi. Önümler Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Ýewropa döwletleriniň hem ençemesine eksport edilýär.  

                                                                   

Dokma toplumynyň önümlerini mahabatlandyrýan sergi bu ýerde hemişe hereketde bolup, müşderilere önüm saýlamakda uly hemaýat edýär. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň gülläp ösmegi barada uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna toplumyň işgärleri çyn ýürekden alkyş aýdýarlar.  

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

                       

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.