Dünýäde tebigy gazyň iň baý gorlarynyň bir bölegini özünde jemleýän türkmen topragy «mawy ýangyjy» bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň gazçylary ýerasty baýlygy gözläp tapmak, döwrebap usullar bilen çykarmak we sarp edijilere goýbermek boýunça asylly işleri alyp barýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýändigini ýerine ýetirilen işleriň netijesinden hem görmek bolýar. Geçen ýylyň gyşynda «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, işleriň netijeliligi birnäçe esse ýokarlandy. Türkmenistandan Hytaýa uzaýan gaz geçirijisiniň esasy çeşmeleriniň biri bolan bu ýatak şu ýyl umumy akyma diýseň uly goşant goşdy. Ýylyň ilkinji çärýeginde gaz geçiriji boýunça «mawy ýangyjyň» 2 milliard kub metrden gowragy dostlukly döwlete eksport edildi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden tas iki essä golaý kändir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzir Hytaýy tebigy gaz bilen üpjün edýän döwletleriň arasynda esasy orny eýeleýär.
Müdirligiň känlerinde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmakda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şanly ýylyň birinji çärýeginde müdirlik boýunça önümçiligiň mukdary 3 milliard 183 million kub metr «mawy ýangyja» ýetdi. Şeýlelikde, göz öňünde tutulan meýilnama 119,4 göterim ýerine ýetirildi. Müdirligiň agzybir işgärleriniň zähmeti bilen ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 14 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi göz öňünde tutulandan 15 göterim kändir.
Kükürt önümçiligi boýunça-da uly sepgitlere ýetildi. Ýylyň başyndan bäri çykarylan kükürdiň mukdary 2,8 milliard kub metrden geçdi. Mahlasy, önümçiligiň islendik görnüşinden alynýan netije ýokary. Bu ýerdäki esasy maksat şanly ýyly guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen jemlemekdir.
Agageldi ITALMAZOW.