Ösüşleriň mekany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda täze pudaklary döretmek, senagatda we durmuş-medeni ulgamda köpsanly desgalaryň gurulmagy bilen milli ykdysadyýetimiz netijeli ösdürilýär. Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda, Türkmenistan üçin hem wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözünde «Şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys» diýip belläp geçdi.

2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini, wezipeleriň 148-sini we görkezijileriň 187-sini tassyklady. Görkezijileriň milli sanawynyň üýtgedilmegi netijesinde häzirki wagtda ýurtda 148 wezipe we 175 görkeziji tassyklanyldy.

Kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we olaryň amala aşyrylyşy barada hasabat bermek maksady bilen, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda monitoring ulgamynyň institusional gurluşy tassyklanyldy hem-de Durnukly ösüş maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça iş toparlary döredildi. Döwlet gullukçylarynyň we talyplaryň arasynda, jemgyýetçilik guramalarynda, milli ykdysadyýetiň hususy böleginde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça bilimleri ýaýratmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Ylmy-usulyýet merkezi döredildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda Durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» üç ugur boýunça: durnukly ykdysady ösüşe, durmuş böleginiň ösdürilmegine we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekligegönükdirilendir. Durnukly ösüşiň ugurlarynda senagat pudagynyň we hyzmatlar ulgamynyň düzümleýin özgerdilmegi hem göz öňünde tutulýar. Şol ulgamlar bolsa ýurdumyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýokary hilli önümleri çykarmak boýunça täze tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri goldamaga aýratyn üns berilýär. Döwlet eýeçiliginiň desgalaryny hususylaşdyrmak öňdebaryjy ylmy hem-de dolandyryş we önümçilik ulgamyndaky tehnologik gazananlary ulanmak arkaly kärhanalaryň işini kämilleşdirmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Sanly ulgamy giňeltmek we has netijeli ornaşdyrmak arkaly dolandyryş ulgamynyň täzelenmegi ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirmek üçin esas döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde senagat kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylmagy, oba hojalyk önümçiliginiň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilmegi täze ýollaryň we aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi ykdysady ulgamyň hil taýdan tapawutlanýan ösüşiniň gazanylmagyna uly ýardam berýär.

Bularyň netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inžener üpjünçilik ulgamynyň berk binýadynyň döredilmegi sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak meselesiniň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, Prezident maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherini we welaýatlary 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň sebitleýin maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy we häzirki döwürde olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna şertleri döretdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diňe bir ykdysadyýetimizde däl, eýsem, ilatyň ösüşine, şeýle-de durmuş ulgamynda bolup geçýän islendik özgertmeler zähmet bazarynyň ýagdaýyna özüniň täsirini ýetirdi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek strategiýalary işçi güýji bazarynyň oýlanyşykly dolandyrylmagy netijesinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu ýerde ulanylýan «dolandyrmak» düşünjesi sebitde bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda, zähmet gorlarynyň rejeli ulanylmagy bilen bagly mümkinçilikleri hem özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine eýe boldy.

Goý, ýurdumyzyň beýik ösüşleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri rowaç, jany sag, ömri uzak bolsun!

Medine TAHYROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.