Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde işe girizilen «Ýelken» aýakgap sehiniň işläp başlanyna entek köp wagt bolanok. Gysga wagtyň içinde sehiň hünärmenleriniň taýýarlaýan önümleriniň ilatyň isleg bildirýän harydyna öwrülmegi guwandyryjydyr. Galyberse-de, aýakgaplaryň ýerli çig mallaryň hasabyna taýýarlanylmagy köpçüligiň göwnünden turýar.
Yhlas etseň, bitmejek iş ýok. Telekeçi Arslan Möwlamow hem turuwbaşdan öz öňünde goýan maksadyna ýüregi bilen ýapyşdy. Ol bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler bilen tanyşdy, maslahatlaşdy. Türkmenabatly tejribeli aýakgap ussasy Şükürylla Bahryýew oňa el kömegini, dil kömegini berdi. Bäherden etrabyndaky «Ak suw» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, Mary şäherinden telekeçi Dörtguly Haýdarow bu kiçi kärhanany ýerli çig maldan taýýarlanýan daban, emeli gaýyş, ýelim, kagyz, deri, granitol ýaly serişdeler bilen üpjün edip başladylar.
Işlejege ýurdumyzda mydama goldaw bar. Arslan bankdan karz pul serişdesiniň hasabyna kärendesine jaý hem aldy. Aýakgap tikmäge höwesek ýaşlar-da tapyldy. Häzirki wagtda sehde oglan-gyzlaryň 17-si zähmet çekýär. Olar gysga wagtyň içinde işiň abyny-tabyny kemsiz ele aldylar. Sehde köp işleriň el güýji bilen ýerine ýetirilýändigine garamazdan, aýakgaplaryň görnüşleriniň owadan, hiliniň ýokarydygyny aýratyn bellemek gerek. Aýakgaplaryň pasyllara görä dürli görnüşli, dürli ölçegde, dürli reňkde alyjylaryň islegine laýyk taýýarlanylmagy müşderileriň göwnünden turýar. Netijede, işiň öndürijiligi gün-günden ýokarlanýar.
Bu ýerde işler özara guralan ýaryş esasynda alnyp barylýar. Biçimçi Ylham Mürzäýew, tikinçi Ogulgeldi Rozykulowa, galypçy Süleýman Allaýew, ýelimleýji Aýna Hudaýnazarowa ýaryşda öňdeligi eýeleýär.
Ýakynda «Ýelken» aýakgap sehinde bolup, işleriň gidişi bilen gyzyklandyk. Şonda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa bilen gabatlaşdyk. Ol bu ýere — ýaşlaryň arasyna ýygy-ýygydan gelýändigini, öňdebaryjylary höweslendirip durýandyklaryny aýtdy. Dogrudan hem, sehde işleýänleriň hemmesi diýen ýaly ýaşlar. Olaryň bar ýerinde işiň ilerlejegine şübhe ýok. Sehiň ýolbaşçysy Arslan Möwlamow şeýle gürrüň berýär:
— Bir günde 45 — 50 jübüt aýakgap öndürýäris. Türkmenabat, Kerki şäherlerinde, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda özümiziň aýakgap dükanlarymyzy açdyk. Harytlarymyzy şol ýerdäki hususy dükanlarymyzda elýeterli bahadan satuwa goýberýäris. Geljekde Aşgabat şäherinde we beýleki welaýat merkezlerinde dükanlarymyzy açmagy meýilleşdirýäris. Iş orunlaryny köpeldip, öndürýän önümlerimiziň görnüşini hem artdyrmakçy. Diňe aýakgap däl, eýsem, gelin-gyzlar üçin el torba, gapjyk, mekdep okuwçylary üçin goş torba ýaly harytlary hem taýýarlap, köpçülige hödürlemekçi. Olary alyjylaryň isleglerine görä, dürli reňkde, dürli biçüwde tikmek niýetimiz bar.
Gyşda geýer ýaly üsti ýapyk, galyň aýakgaplary hem öndürýäris. Olar ekologik taýdan arassa, adam saglygy üçin peýdaly. Doňakçylykda taýmazlygyny, ýagyşda-ýagmyrda içine suw geçirmezligini göz öňünde tutup tikýäris. Häzirki wagtda bizde aýakgap tikýän enjamlar hem bar. Türkiýe döwletine ýene-de 20-sini sargyt etdik.
...Hawa, «Ýelken» aýakgap sehiniň işi barha ilerleýär. Onuň öndürýän ýokary hilli aýakgaplarynyň hyrydarlarynyň hem sany barha artýar.
Ödegeldi KULYÝEW,