Ösüşiň aýdyň ýoly

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrdy. Ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde öz mynasyp beýanyny tapdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli infrastrukturany gowulandyrmak üçin ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşine, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegine itergi berýän goşmaça täsiriň ýüze çykmagyny üpjün etdi. Maýa goýumlar ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek üçin esasy gural hökmünde hem çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýy 25 — 30 göterime barabar bolýar. Munuň özi ykdysadyýetiň gurluşyny ep-esli üýtgetmäge, önümçilik pudagyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga, senagatyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän pudaklaryň ösüşini çaltlandyrmaga, olara innowasiýa-maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga amatly şertleri döretdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň berk binýady bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň her ýylda durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli ýörelgelerini döwrebap derejede ösdürýär. Hoşniýetlilik, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik ýaly asylly ýörelgelerimiz dünýä nusgalyk bolup, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanýar. Goý, parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýoly bilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.