Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürilýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.

28-nji noýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Nobatdaky sammit YHG-a agza ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm waka öwrüldi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna berlen baha YHG-nyň halkara giňişlikde ornunyň we ähmiýetiniň artýandygyny tassyklaýar. Biziň özara dostlugy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnuklylygy üpjün etmäge umumy ymtylmalarymyz söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de ýokarda agzalan ugurlarda bar bolan ägirt uly kuwwatdan doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Jemleýji resminamasy — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy biragyzdan kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bu ugurdaky işleriň yzygiderli berkidilmeginiň, onuň ykdysady kuwwatynyň, logistik mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň möhüm şerti bolup durýar. Bu ugurdaky ähli tagallalar ýurdumyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigini, ykdysady we durmuş ösüşiniň maksatlaryna, adamlaryň durmuşynyň hilini hem-de derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyň görkezdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Ýurdumyz munuň üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda yzygiderli ädimleri ädip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Aknabat ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.