Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.
Bu, ilkinji nobatda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmäge, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw bermegiň, paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek zerur bolup durýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek parlamentiň işiniň möhüm ugry hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetinde ygtybarly hukuk esaslarynyň döredilmegine çekip, döwrebap jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, durmuş şertlerini gowulandyrmak, tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmagyň hem-de internet ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin elektron usuly ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň we çig malyň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi hem-de olary gaýtadan işlemegi, ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň çykarylmagyny milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, maýalary çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan bilelikdäki kärhanalary döretmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertleri üpjün edilmelidir.
Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda saglygy goraýyş, ilatyň arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek, maşgala gatnaşyklary, ýaşlar syýasaty, raýatlaryň durmuş goraglylygy, olaryň işlemäge, bilim almaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek babatda kanunlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleleri hem gozgady.
Ýangyç-energetika, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda täze ölçegleri girizmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Daşky gurşawy goramak, atçylygy has-da ösdürmek boýunça täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler ozalkysy ýaly zerur bolmagynda galýar.
Milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli ugruny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmek meselelerine ünsi çekdi.
Geçirilýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hem ilkinji gezek geçirilýär. Halkara hukuga laýyklykda, bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça wezipelerden ugur almak arkaly, bu saýlawlary ýokary derejede, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmegiň möhümdigini belledi.
Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza hem-de belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Geçen hepdäniň wakalary barada gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiziň 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalandygyny aýtmak gerek.
Garalan meseleleriň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň barşy, dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler boldy. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ugurda wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşandy hakynda habar berildi.
Milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletde tamamlanmagyna hem-de olaryň milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişe, bugdaý ekilen ýerlerde agrotehniki işleriň, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli geçirilmegi, ýüpekçi kärendeçileriň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýazky bag ekmek möwsümini geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek, şol sanda Mary welaýatynda we paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de dabaralarynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak maslahatda garalan meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasy hödürlenildi. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli şertler dörediler.
Milli Liderimiz sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hususan-da, bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek, türkmenistanlylara hödürlenilýän täze aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu gullugyň esasy wezipesi işleri döwrebap derejede guramakdan, merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şäheri gurmagyň binagärlik taslamalary, şol sanda “Aşgabat-siti” täze ýaşaýyş toplumy üçin işlenilip taýýarlanylan hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda guruljak döwrebap desgalaryň taslamalary hödürlenildi.
Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, medeniýet hem-de sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň binalarynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tanyşdyrylyşyň dowamynda “Daşkent” seýilgähiniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynda bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada habar berildi.
Şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň hatarynda täze desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy, “Ak şäherim — Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar, sport çäreleri, at çapyşyklar bar. Şäheriň gününiň öň ýanynda “Aşgabat bahary” gysga göwrümli çeper filmleriň festiwaly jemleniler.
Milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli nyşanyň şekil taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny köp babatda onuň paýtagtynyň kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşiniň depginini, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas kuwwatyny aýdyň görkezýän şäherdir.
Döwlet Baştutanymyz seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurluşygyna we ulanylyşyna hem-de umuman, adamlaryň amatly we işjeň dynç almagy üçin şertlere, şäheriň ekologiýa abadançylygyna uly üns berilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşan adamlara dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular. Şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasy dabaraly açylar.
26-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýrama taýýarlyk görmek bilen bagly mesele boldy. Şol waka mynasybetli paýtagtymyzda täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigi bellärliklidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen çagalaryň ene-atalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň gowşuryljakdygyny aýtdy hem-de körpelere özboluşly atlary dakmagy — oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň syýasy durmuşynyň, durmuş-ykdysady, tehnologiýa we medeni taýdan ösüşiniň merkezi bolan Aşgabadyň abraýyny halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmäge gönükdirilen şanly çäreleri geçirmek baradaky toparyň düzümi we meýilnamasy tassyklanyldy.
Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda özgertmeleriň barşy baradaky meseleler boldy.
Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen düzümine 7 — 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary girjek Türkmenistanyň “Altyn nesil” çagalar guramasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Hyznatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary derejeli 14-nji mejlisiniň işine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu mejlisi Türkiýe Respublikasy 2021-nji ýylyň 4-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirer.
Şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmegi Türkmenistan kabul eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli konsepsiýanyň taslamasy işlenilip düzülip, onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar. Şol saparyň dowamynda Aşgabatda YHG-nyň gününde bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek baradaky meselä garalar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän maýa goýum mümkinçiliklerini has işjeň amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr.
Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Türkmen alabaýynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu baýramçylyk her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde dabaraly ýagdaýda belleniler.
Halkara derejeli wakalaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň diologynyň çäklerinde, bu ýurtlaryň milli parlamentleriniň wekilleriniň konsultatiw duşuşygy boldy. Onlaýn forumyň gün tertibi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň ilçileriniň hem-de wekilleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan wideoduşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Mejlisiň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu çärä 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de şolary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Aşgabatda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birnäçe anyk wezipeleri kesgitlediler. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda anyk maksatlary gazanmakda milli Liderimiziň strategiýasynyň öňdengörüjiliklidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmakdan, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22045?type=feed
Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar. Şunda adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ýük dolanyşygyny üpjün etmek, durnukly energetika babatda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanylýar. Mundan başga-da, YHG-ä agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, sport ugurlarynda, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine doly derejede goldaw bermek hem-de olary höweslendirmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-nyň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-nyň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly halkara we sebitara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz YHG-nyň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, işewür gatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Hyzmatdaşlygyň täze netijeli guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan häzirki ýagdaýa hem-de geljekki ösüşe laýyklykda, bu ugur boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň amatly amala aşyrylmagyna gönükdirilen ýörelgeler ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr. Munuň özi ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksatlaryna gabat gelýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri we guramaçylyk meselelerini geçirmek, türkmen tarapynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy boýunça zerur tagallalary etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleri boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Meýilnamanyň çäklerinde ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, «Ak şäherim — Aşgabat» atly ХХ köpugurly halkara sergi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygy nazara alnyp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamynda halal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärlere, hünärmenlere döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň merjen şäheri diýen derejä mynasyp bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ösüşleriň, guralýan baýramçylyk dabaralarynyň Diýarymyzyň tutuş halky üçin buýsançly wakadygyny aýdyp, ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagynyň bu senäniň ähmiýetini artdyrjakdygyny belledi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-siniň işe giriziljekdigini belledi. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunda geçirilýän bäsleşikleriň görnüşlerini artdyrmak, olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de mazmunyny baýlaşdyrmak meselelerine möhüm üns berilmelidir.
Milli Liderimiz sazlaşykly ösüşi we binagärlik gurluşy babatda halkara derejede ykrar edilen Aşgabadyň durmuşynda we taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň çärelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler. Milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, gazanylan ösüş depginini saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Milli Liderimiz suw hojalygy pudagynyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi. Wise-premýere ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalygyna suwaryşyň täze usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki üpjünçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň gülläp ösmegine, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine, pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň täze eýýamda saklanmagyna we dowam etdirilmegine goşant goşýan bagtyýar aýal-gyzlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-18-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezerler.
Ýurdumyzda telekeçileriň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalar döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Munuň özi täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Häzirki zaman kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýedir.
17-nji martda geçiriljek maslahata onlaýn tertipde birleşmäniň welaýatlardaky agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna bu düzümiň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň işiniň geriminiň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu forumyň türkmen telekeçileriniň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy haryt öndürijileriň önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärelerden ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň hem-de kuwwatynyň gözden geçirilişinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen bagly çäreleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenýän baýramçylyk mynasybetli, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirildi. «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar. Söwda-senagat edarasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň ähmiýetini belledi. 8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz döwletimiziň zenanlaryň erkin we bagtyýar durmuşy, öndürijilikli zähmeti, bilim we hünär almagy, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi üçin mundan beýläk-de zerur şertleri döretjekdigini belledi we meýilleşdirilen dabaralaryň, baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesinde we ýokary ruhy galkynyş esasynda geçirilmegi babatda wise-premýere görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, giň gerimli, sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň netijesinde üstaşyr ýükleriň mukdary artdyrylýar. Olaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol ugry boýunça «Demirgazyk — Günorta» ulag-üstaşyr geçelgesi bar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň yzygiderli işini üpjün etmek, ýük akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, milli Liderimize türkmen-eýran serhedinde giň ugurly demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça teklipler aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly sebitara we halkara gatnaşyklar meselelerine oňyn çemeleşmeleri, dürli pudaklarda, şol sanda ulag ulgamynda düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça netijeli ulag geçelgeleri bolmak bilen, dünýäniň iri bazarlaryna çykalgany üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, multimodal logistika hem-de üstaşyr geçelgeler üçin amatly şertleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giň möçberli halkara taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, wise-premýere kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 7 — 14 ýaşly mekdep okuwçylaryny özünde birleşdirjek bu gurama döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen döredilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, köptaraply zehinlerini açyp görkezmek işleriniň ähmiýetlidigini belledi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.
Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan ulanyş we gözleg guýularynyň gazuw işleriniň alnyp barylýandygy, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan aşaky gatlagy özleşdirmek maksady bilen, gözleg guýularynyň gazuw işleriniň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.
Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de täze guýulary burawlamak boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň günbatarynda hem täze açylan Uzynada meýdançasyny özleşdirmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe guýudan önüm alnyp, täze guýulary burawlamak işleri ýerine ýetirilýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen 2D seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan Günorta Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan çuňlugy 6 müň 300 metr bolan gözleg guýusynyň gazuw işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýan nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze, geljegi uly nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýangyç-energetika toplumyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlaryň energetika ulgamynda uly iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ygtybarly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21989?type=feed
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda bu düzümlere möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, täze işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň we döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady.
Mejlisiň ýolbaşçylary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giňden wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler.
Soňra ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary täze taryhy eýýamda Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň zenanlarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada habar berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň amala aşyrylyşy barada aýdyldy.
Milli Liderimiz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi.Bu babatda hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň parahatçylykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de onuň many-mazmunyny açyp görkezmek boýunça köpçülikleýin wagyz-nesihat çärelerini guramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeň ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, türkmenistanlylary täze, uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Bu gün raýatlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, türkmenistanlylaryň, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we beýleki döwlet meýilnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik ösüşinde Mejlisiň deputatlaryna, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine möhüm orun degişlidir.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi.
Strategik döwlet maksatnamalaryny hem-de oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Mejlisiň amala aşyrýan işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň başynda halkyň saýlanlary bilen däbe öwrülen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň barşynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenilýär, onuň işine baha berilýär, ýurdumyzyň öňünde duran wajyp wezipeleri nazara almak bilen, Mejlisiň ýakyn geljek üçin işiniň maksatnamasy kesgitlenilýär.
... Ruhyýet köşgüne ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda haýsydyr bir jogapkärli işe başlananda halkymyz bilen maslahat-geňeş edip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerip, şu günki duşuşykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl ählimiz üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ýene-de birnäçe aýdan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçiler. Bu şanly seneler milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyzlyk güni biziň milli baýramymyzdyr. Bu şanly baýram bizi abadan we bagtyýar durmuşyň bähbidine täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, nesip bolsa, Garaşsyz döwletimiziň döredilen taryhy senesi bolan 27-nji sentýabry täze şöhratly üstünliklere we ýeňişlere besläp belläris. Ýetilen sepgitler bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, biz geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdik. Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Netijede, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üpjün edildi hem-de senagat, maýa goýum, durmuş syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokary derejesini gazanmak, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy we halkara meseleleri barada jikme-jik durup geçmejekdigini bu meselelere ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýörite iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň geçen, 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde düýpli seredilendigini aýtdy. Şoňa görä-de, häzir ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipelere serediler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mejlisiň deputatlarynyň Ministrler Kabineti, kanun çykarmak işi boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, geçen ýylda belli bir işi edendigine garamazdan, men heniz siziň alyp barýan işiňizden nägiledigimi aýtmak isleýärin diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär. Bütin adamzat bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu bolsa soňky ýüz ýylda adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtlykdyr.
Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär.
Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtçylygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni wajyp meselelere çekip, Mejlisiň tutuş hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi, ilkinji nobatda bolsa, durmuş ugruna gönükdirilen hukuk döwleti hökmünde ýurdumyzyň häzirki we geljekki döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu bolsa ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, iş bilen üpjünçilik we zähmete hak tölemek, durmuş kepillikleri ýaly örän möhüm ugurlara degişlidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barýarys, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini hem giňeltmegiň wajypdygyny belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleri-de dowam etmek zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä çekdi. Häzirki wagtda öňde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar.
Bu wezipeler aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, şol sanda maglumat hyzmatlarynyň, onuň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy talap edýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek netijeli ulgamlary ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär hem-de tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri boldy.
Şoňa görä-de, maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek wajypdyr.
Şu maksat bilen, bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.
Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerini we çäklerini üpjün edýän ulgamlary täzelemek we ösdürmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmaly. Bu ulgamlara telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şundan ugur alyp, sebitlerde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmagyň, täze iş orunlaryny döredip, daşary ykdysady işi has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şu maksat bilen, erkin ykdysady zolaklary döretmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmäge yzygiderli üns bermek gerek.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk binýadyny berkitmek parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Sebäbi adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, saglygyny, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny, jemgyýetçilik ahlagyny üpjün etmek, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny gazanmak, eýeçiligi, adamyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitlerini goramak we netijeli durmuşa geçirmek hukuk kadalaryny kämilleşdirmegiň esasy ölçegidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maksadalaýykdyr.
Arbitraž kazylar tarapyndan jedellere seretmegiň tejribesini öwrenmegiň möhüm ähmiýetini nazara alyp, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Bulardan başga-da, Raýat kodeksiniň kämilleşdirilen, rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işi dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, kodeksde halkara hususy hukugyň kadalary hem beýan edilse, maksadalaýyk bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz milli parlamentiň deputatlaryna ýüzlenip, olaryň syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ysnyşykly işlemelidigini we olary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere çekmelidigini, ýerlerde ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklary geçirip, olaryň pikirlerini we isleg-arzuwlaryny öwrenmelidigini belledi.
Zenanlar we ýaşlar guramalary bilen bilelikde hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmagynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek wajypdyr. Mejlis syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, zenanlaryň we erkekleriň deňhukuklylygy (gender deňligi) hakynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz adam üçin iň uly baýlygyň onuň saglygydygyny nygtap, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň saglygyny goramak bilen bagly, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
Biz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Biz mundan beýläk hem bu işi dowam ederis. Ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylyk ulgamynda geçirilýän her bir özgertmäniň kanunçylyk esasyny berkitmäge aýratyn üns bereris. Raýatlarymyzyň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli mynasyp terbiýelemegiň üstünlikleriň girewi bolup durýandygyny nygtap, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda emele gelýär.
Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar.
Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu ugurda biziň esasy maksadymyz watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemekdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, halkymyzyň kalby bolan medeniýetimizi yzygiderli ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris, öz köklerini ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet bereris diýip nygtady. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ugurda döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Köpýyllyk gatnaşyklaryň netijesinde Gadymy Merw, Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler we goraghanalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Biz dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, ahalteke bedewlerini we türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegi öwretmek boýunça senetçilik sungatynyň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli däp-dessurlarymyzy, ýurdumyzyň taryhyny, milli mirasyny aýawly saklamak, şeýle hem döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak, hukuk we durmuş taýdan goragyny kepillendirmek, bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem maksadalaýyk bolar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Bilim hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça-da zerur işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energetika serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Rezolýusiýalary kabul edildi.
Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär.
Ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlarynyň işini ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler we şertler döredildi.
Ýurdumyzyň raýatlaryny ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtda-da raýatlarymyza köpugurly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenendigini belledi.
Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Dünýäniň energetika ulgamynda ýurdumyzyň tutýan ornuny berkitmek boýunça anyk çäreleri belledik diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şu maksat bilen, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr.
«Energiýany tygşytlamagyň 2018–— 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–— 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi.
Bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanuny kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, biziň Bitarap ýurdumyzyň tebigy çäklerinde we Hazar deňzinde erkin mesgen tutan aw guşlarynyň sanyny artdyrmak boýunça-da degişli işleriň alnyp barylýandygyny, döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreleriň görülýändigini, ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we sanyny artdyrmak boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esasyny talabalaýyk getirmek maksady bilen, «Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda» Kanuny döwrebap ýagdaýa getirmegiň zerurdygyny nygtady. Şol Kanun ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlär.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde balyk hojalygynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Balyk hojalygy baradaky döwlet komiteti ýapylyp, telekeçileriň garamagyna berildi. Şunuň bilen baglylykda, balyk tutmak we suw-biologik serişdelerini aýawly saklamak hakynda kanunçylygy döwrebap ýagdaýa getirmek zerurlygy-da ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, behişdi ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr we şan-şöhratymyzdyr, ruhy galkynyşymyzyň egsilmez çeşmesidir, biz ahalteke bedewlerimizi goramak, bu ugurda asylly däplerimizi dikeltmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk işleri alyp barýarys diýip nygtady.
Bitarap ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we dabaraly bellenýär. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maslahaty geçirilýär. Häzirki döwürde Bitarap döwletimiz halkara hojalyk işlerine işjeň goşuldy. Şonuň netijesinde, ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmegi hem talap edýär. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda «Atçylyk we atly sport hakynda» Kanuna üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, mähriban halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak üçin ähli çäreleri görmek wajyp wezipedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary Suw kodeksini, şeýle hem «Döwlet ýer kadastry hakynda» Kanuny kämilleşdirmek boýunça hem zerur işleri alyp barmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu kanunlaryň oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň hukuk giňişligini döretmekde oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu ugurda halkara bileleşigiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Geçen, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bellenildi. Biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan syýasaty bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Rezolýusiýa kabul edildi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde hem «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Bitarap döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge niýetlenen häzirki zaman özgertmelerini amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynda, ylalaşyklarynda we konwensiýalarynda beýan edilen halkara hukuk kadalaryny düýpli öwrenmek zerurdyr. Şundan ugur alyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmelidiris.
Hususan-da, «Diplomatik gulluk hakyndaky» Kanuna hem goşmaçalary girizmek, şeýle hem «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak wajypdyr. Bulardan başga-da, «Migrasiýa hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda» Kanunlara-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak zerurdyr.
Şunuň bilen birlikde, Mejlis ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmelidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmegiň Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Şonuň ýaly-da, talaplara laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň geňeşler we çäk boýunça öz-özüňi dolandyryş jemgyýetçilik edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak maksadalaýyk bolar. Bu Kanunda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamlarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribä laýyk getirmek, hukuk ýagdaýynyň täze kadalarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly olaryň işini döwrebap ýagdaýa getirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem Mejlisiň üns merkezinde bolmalydyr. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda, toplanan tejribe esasynda Saýlaw kodeksini yzygiderli kämilleşdirip durmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem milli parlamentiň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna hem-de geňeşlere olaryň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin ýakyndan ýardam bermelidigi bellenildi. Şu maksat bilen, bilelikde okuw maslahatlaryny geçirip, olarda degişli kanunçylyk namalaryny doly düşündirmek zerurdyr.
Durmuş ählimizden aýgytly hereketleri, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, tutuş kanunçylygy seljermek we täzelemek zerurdyr. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge, kanun çykaryş esaslaryny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar barada durup geçdi. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny üpjün etmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu maksatnamalaryň doly amala aşyrylmagy üçin biziň ählimiz tutanýerli we yhlasly işlemelidiris, Mejlisiň deputatlary hem bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek üçin, döwrüň talaplaryna laýyklykda hereket edýän kanunlary kämilleşdirip, zerur bolsa täze kanunlary kabul etmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde möhüm wezipeler kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu wezipeler döwlet dolandyryşyny we jemgyýetimizi kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen baglydyr. Ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde bu täze tapgyr möhüm we oňyn ädim bolup durýar. Bu tapgyr döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilýär.
Bu bolsa döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda örän möhüm taryhy wakadyr. Şeýle hem biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň we onuň amala aşyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän yzygiderli döwlet syýasatymyzyň dabaralanmagynyň aýdyň mysalydyr.
Munuň özi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak babatda konstitusion hukuklaryny erkin ulanmaklary esasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilik edaralarynyň üsti bilen gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.
Şoňa görä-de, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu saýlawlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlaw kanunçylygynyň talaplary gyşarnyksyz berjaý edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň örän gysga wagtyň içinde döredijilikli işläp, saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işleri amala aşyrandygyny belledi.
Konstitusiýamyza laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi, şol resminamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlandy, Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu bolsa bize saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.
Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hökmünde il içinde at-abraýly we uly hormatdan peýdalanýan, Watany söýýän ak ýürekli adamlaryň hödürlenmegi örän möhümdir. Sebäbi geljekde Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň işiniň degişli derejede netijeli bolmagy onuň agzalarynyň bilim derejesine we hünär taýýarlygyna bagly bolar. Bu talaplaryň berjaý edilmegi Milli Geňeşiň palatalarynyň özara sazlaşykly işini ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir, Mejlis we Merkezi saýlaw topary bu ugurdaky işi dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda saýlaw hukuklary diňe bir yglan edilmän, eýsem, olardan peýdalanmak üçin ähli zerur şertler hem döredilendir. Biziň tutuş jemgyýetimiz, jemgyýetçilik birleşiklerimiz ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny özgertmäge uly gyzyklanma bildirip, bu işe işjeň gatnaşýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde ilat arasynda öňde durýan saýlawlaryň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmegi dowam etmelidir, duşuşyklary we teleradioýaýlymlarda çykyşlary guramalydyr.
Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň bähbitlerine milli parlamentde has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge ýardam eder, kanunlaryň taýýarlanyşyny we ulanyşyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirer, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga şertleri döreder, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga gowy mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, biz erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris diýip, milli Liderimiz belledi we geçmişde we häzirki şertlerde jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň toplan baý tejribesiniň öňe gitmek üçin bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň demokratiýa, aç-açanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligini, hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de kabul etmegi, jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda hereket etjekdigine berk ynam bildirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmäge taýýarlyk görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslarynyň döredilendigini nygtady.
Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgermeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerini dikeltdi.
Ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryň gymmatly tejribesi toplandy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejede möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy tassyklanyldy.
Bu Maksatnama laýyklykda ähli serişdeler we usullar arkaly Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň halkara abraýyny wagyz etmek, türkmen döwletini gurmagyň tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça öňde örän möhüm we jogapkärli wezipeler durýar.
Mejlis, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şu mynasybetli alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny anyk kesgitlemelidir.
Türkmen jemgyýetiniň gazanan durmuş-ykdysady ösüşiniň şu günki derejesine, häzirki taryhy döwrüň hakyky ýagdaýyna baha bermekde, mähriban halkymyzda eziz Watanyna buýsanç duýgularyny terbiýelemekde we ösdürmekde zerur bolan ähli serişdeler ulanylmalydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde, döredilýän edebi we sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň häzirki keşbi doly açylyp görkezilmelidir.
Biziň her birimiz yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan-da gözel, has kuwwatly döwlete öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada gymmatly maslahatlary berýändigini, her bir pudagy depginli ösdürmegiň aýdyň ugurlaryny görkezip, hereket etmegiň ýollaryny salgy berýändigini, anyk wezipeleri kesgitläp, adalatly bellikleri edýändigini nygtady.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän şu taryhy duşuşyk biziň üçin çuňňur many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Mejlisiň Başlygy aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky döwlet, rysgal-bereket tapýar. Häzirki çylşyrymly dünýäde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeler, gazanylan üstünlikler, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu günki taryhy duşuşykda öňde goýlan wezipeleriň özeninde Beýik Şahsyýetiň — milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, her bir öýüň abatlygy, her maşgalanyň abadançylygy, her bir adamyň bagtyýarlygy hakyndaky beýik aladalary, döwlet binýadynyň müdimi mizemezligi baradaky maksatlary dur diýip, milli parlamentiň ýolbaşçysy nygtady.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize Mejlisiň işine hemişe üns berýändigi, bu babatdaky kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün döwlet Baştutanymyzyň parlamentiň işindäki kemçilikler babatda adalatly bellikleri aýdandygyny hem-de kanunlary kämilleşdirmek, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri beýan edendigini we täze jogapkärli wezipeleri goýandygyny nygtady.
Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň hukuk özgertmelerini yzygiderli amala aşyrmak boýunça berýän maslahatlarynyň deputatlary tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge borçly edýändigini belläp, milli Liderimizi deputatlaryň ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, ynsanperwerlik kadalaryna eýerip, kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Ýurdumyzda, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek halkymyzyň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün etmek ulgamynda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär.
Deputatlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda milli parlamentiň täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly, şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigi nygtaldy.
Mejlisiň Başlygy milli Liderimize berk jan saglygyny, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, deputatlaryň türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen milli däp-dessurlaryny we egsilmez ruhy gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, geljekde hem Ministrler Kabineti, döwlet we jemgyýetçilik guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde, öňde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz görşüňiz ýaly, biziň öňümizde örän uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, olaryň üstünlikli çözüljekdigine, halkymyzyň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylajakdygyna, mähriban Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza we belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar bilen jemledi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21930?type=feed
Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Taslamalaryň tanyşdyrylyşynyň barşynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat-siti” şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň çyzgylary görkezildi.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda «Aşgabat-siti” binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şeýle hem ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama bilen tanşyp, täze desgada ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary görkezildi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.
Bu gün paýtagtymyzyň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigini nazara alyp, şu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda, “Aşgabat” işewürlik toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriň göz öňünde tutulmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, gurulýan desgalaryň hil derejesine, bezeg aýratynlyklaryna we bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine itergi berer. Şunda şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Munuň özi täze gurulýan binalaryň taslamalary taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýöne muňa garamazdan, paýtagtymyzy has-da ösdürmek, özgertmek, degişli desgalaryň göwnejaý derejede saklanylmagyny hem-de öz wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek boýunça kemçilikler az däl diýip, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň degişli hasabatlaryny diňledi.
Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere ýola goýlan gözegçilik işleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda, şeýle hem guruljak binalaryň ýerleşjek ýerlerini nazara almak bilen, gurluşyklaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we dowam edýän gurluşyklar kesgitlenen möhletlerde tamamlanmalydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklary we beýlekiler guralar.
Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini, gurluşykda döwrebap tehnologiýalaryň we nou-haularyň giňden ulanylmalydygyny, binagärlik taslamalarynyň taýýarlanylmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini, olaryň maýa goýum babatda bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň medeni maksatnamasyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, baýramçylyk çärelerinde milli öwüşgine, täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuna ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ruhlandyrmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn duşuşyklary, mediamaslahatlar, sport çäreleri guralar.
Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Wise-premýer ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny nazara alyp, halkara medeni hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşleri milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmegi guramagyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň ýokary çeperçilik derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny, olaryň many-mazmunynyň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşlerini synlap, onuň çeperçilik we ähmiýeti babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini hem-de baýramçylyk mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň hormatyna Aşgabat şäherinde guralýan bezeg işlerine hemmetaraplaýyn we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan şanly senä bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ylym-bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda, ýaşlar guramasynda we beýleki jemgyýetçilik guramalarynda ýörite toparlar döredildi hem-de degişli iş meýilnamalary taýýarlanyldy.
Ýokary okuw mekdeplerinde ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän sergileri, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmek, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak meýilleşdirildi. Şeýle hem “Aşgabat — Ginnesiň rekordlar kitabynda” ady bilen dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreleriň ýaşlaryň arasynda aýratyn terbiýeçilik we watançylyk ähmiýetiniň bardygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, Watanymyzyň täze taryhynda Aşgabadyň eýeleýän orny barada sapaklaryň geçirilmegi, ýaşlarda ýurdumyzyň baş şäherine bolan buýsanjy we söýgi duýgularyny ösdürmek maksady bilen zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň taryhynyň öwrenilmegine hem-de ýeten derejesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan sergileri guramak üçin bu şanly senäniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem döredijilik bäsleşikleri we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler baýramçylygyň şowhunyny artdyrar. Olary geçirmek üçin paýtagtymyzyň taryhy ýerleri we ýadygärlikleriniň ýany saýlanyp alynsa, maksadalaýyk bolar. Bu ýerde körpe aşgabatlylar bilen gyzykly duşuşyklary geçirmek, çagalaryň surat bäsleşiklerini, Aşgabada bolan çuňňur söýgini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary we çeper okaýyşlary guramak bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäheridir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine kanuny esasda buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şunuň bilen bir wagtda, häzirki güne çenli Aşgabady ösdürmek hem-de onuň gözelligini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde köp sanly ýetmezçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak boýunça kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýär, resminamalarda bu ugurda göz öňünde tutulan ähli işler hem-de olary maliýeleşdirmegiň möçberleri anyk kesgitlenilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny bellemäge az wagt galandygyna garamazdan, bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şäherde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hiliniň pesdigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine ýeterlik üns berilmeýär.
Köçeleriň ugurlarynda zir-zibil üçin niýetlenilen gaplar ýeterlik mukdarda goýulmaýar. Köp ýerlerde ýollaryň we köçeleriň gyralaryndaky beton erňekleriň, şeýle hem asfalt örtüginiň ýagdaýy hem kada laýyk däldir. Baglara hem-de güllere ideg etmek döwrüň talabyna laýyk derejede guralmaýar.
Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam edip, şäheri abadanlaşdyrmak, kiçi etrapçalaryň çäklerinde düzgün-tertibi, arassaçylyk kadalary hem-de ýollary arassa saklamak işlerine ýeterlik üns berilmeýändigini belledi. Awtoulag serişdeleri bellenilen ýerlerde ýuwulmaýar.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşilmeýändigine hem ünsi çekdi, munuň özi ýolagçylar üçin amatsyzlyklary döredýär we şol bir wagtda şäheriň keşbine oňaýsyz täsir edýär. Köp derejeli köprüler, ýollaryň ugrundaky duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatly bolmalydyr hem-de häzirki zaman şäher durmuşynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar göwnejaý derejede ýerine ýetirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şäherde ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dürli maksatly beýleki binalary hem-de desgalary gurmak bilen bir hatarda, bagy-bossanly zolaklaryň döredilmegine ýeterlik üns berilmeýär. Sport we çagalar üçin oýun meýdançalary ýeterlik möçberde gurulmaýar, bar bolanlarynda abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Umuman, paýtagtymyzda adamlaryň amatly hem-de işjeň dynç almagy, şol sanda çagalaryň sport bilen meşgullanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin zerur şertler döredilmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şäheriň etraplarynda köçeleri, seýilgähleri we seýilbaglary bagy-bossanlyga öwürmek işleri ýaramaz alnyp barylýar. Esasy bölegi Köpetdag etrabynyň çäklerinde ýerleşýän protokol ýollary hem has gowy bezelmegini we abadanlaşdyrylmagyny talap edýär. Paýtagtyň ähli etraplarynda diýen ýaly, aýratyn-da, köne ýaşaýyş jaý toplumlarynyň içinde belli bir tertip-düzgün ýok.
Aýry-aýry ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi kanagatlanarsyz abadanlaşdyrylýar. Ýollaryň käbir ýerleri yşyklandyrylmaýar.
Jaýlarda hem elektrik energiýasynyň kesilýän ýagdaýlary bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde heniz köne jaýlaryň hem köpdügini, olaryň ulanyş möhletiniň bireýýäm geçendigine garamazdan, şäher häkimliginiň bu meseläni hem çözmeýändigini belledi. Desgalaryň gurluşygyna hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişine ýaramaz gözegçilik edilýär. Gurluşyk meýdançalarynyň gapdalynda materiallaryň we serişdeleriň galyndylary wagtynda aýrylmaýar. Bu bolsa şäherde tozanyň döremegine getirýär.
Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyndan we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerden ýollaryň bezelişine aýratyn üns bermegi, şäheriň täze köçelerinde degişli ýol belgilerini we maglumat beriji enjamlaryň ýeterlik bolmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şäher häkimliginiň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýaramaz ýolbaşçylyk edýändigine, paýtagtyň ýubileýine talabalaýyk taýýarlyk görmeýändigine ýene bir gezek nägilelik bildirip, bu ugurda geçirilýän çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Geldinyýazowa, M.Mämmedowa, şeýle hem medeniýet ministri A.Şamyradowa ýüzlenip, şäherdäki medeni aň-bilim edaralarynyň we desgalarynyň ýagdaýyna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini, häzirki döwürde olaryň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýtdy. Seýilgähler talabalaýyk abadanlaşdyrylmaýar we bezelmeýär. Ýadygärliklere göwnejaý seredilmeýär.
Medeni aň-bilim edaralarynda, okuw mekdeplerinde şäheriň 140 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler ýeterlik geçirilmeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem bu sene bilen bagly makalalar we taryhy materiallar örän az berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz sanlyja ýylda täze Aşgabady döretdik diýip belledi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Emma paýtagtyň taryhy geçen ýoly baradaky materiallar gazet-žurnallarda örän seýrek çap edilýär. Şoňa görä-de, şäheriň geçmişi, şu güni, geljegi baradaky materiallar, şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly işler ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, agzalan bu kemçilikler üçin olaryň ählisiniň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalary ulanmalydygyny, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmelidigini ýene-de bir gezek ýatladyp, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda şu aýdylanlaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21828?type=feed