Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Eksporty giňeltmek ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş ugrudyr

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde bu pudaga uly orun degişlidir.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak onuň esasy düzüm bölekleridir. Şunda ekologiýa, gazyp alýan we gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy bellenen şu ýyl energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýär. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Çärä gatnaşyjylaryň şeýle giň düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen dürli döwletleriň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy “Açyk gapylar” syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren oňyn başlangyçlary bilen berk baglydyr.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin her ýyl geçirilýän halkara maslahatyň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işiniň halkara ülňülere laýyk gelmeginde ähmiýeti uludyr” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar diýlip nygtalýar.

Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan öz ägirt uly serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalşyp, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri hökmünde ählumumy energetika ulgamynyň täze gurluşyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşýar, ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň hatarynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bar. Bu resminama BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Sanly ulgam arkaly çykyş eden Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi bilen ýokary netijeleri gazandy, şunda nebitgaz senagaty, halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm orny eýeledi. OPEC-niň ýolbaşçysy Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň birnäçe ugurlar, hususan-da, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ekologik ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durlup geçildi. Bilelikdäki möhüm taslamalaryň soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň miwesidigi nygtaldy.

Tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň hem-de nebit önümleriniň sarp edilişi artýar, nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemegiň we eksportynyň möçberi artdyrylýar. Umuman, bularyň ählisi Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasynyň hem-de ýurdy senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Soňra maslahatyň işi dürli ugurlar boýunça dowam etdi. Şolaryň ilkinjisi “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn” baradaky meselä bagyşlanyp, nebitgaz senagatynda geologik gözlegler, TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologiýa nusgasynyň soňky täzelenişi, şeýle hem pes uglerodly energiýa bolan elýeterliligiň möhümligi, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi ýaly ýurdumyz üçin wajyp meseleleri özünde jemledi.

Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek, eksport ugurly gaz geçirijileriň çig mal binýadyny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy. Şol känden Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar. Şu ulgam boýunça eýýäm 12 ýyla golaý wagt bäri türkmen tebigy gazy HHR-e eksport edilýär.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wajyp wezipeleri barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagyna, täze uglewodorod känlerini gözlemegiň we işläp geçmegiň hasabyna, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagyna, buraw işleriniň işjeňleşdirilmegine hem-de daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen kompaniýalaryny çekmegiň we olaryň maýa goýumlarynyň hasabyna, guýularyň düýpli abatlanylmagyna uly üns berilýändigini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny adamzadyň bähbidine ulanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlary hem-de olara ýetmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan edýändigi nygtaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, döwletiň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ähli düzüminiň binýatlyk ugry hökmünde “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu gün “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.

Ertir maslahat öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlar hem-de nou-haular” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminden göni alnyp görkeziliş göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary” diýen mesele boýunça mejlis geçirilýär.

Iki günlük maslahatyň çäklerinde dünýäniň dürli nebitgaz kompaniýalary tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalaryny paýlaşarlar.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň wekilleriniň arasynda bu pudakda gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirmek bellenildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44890

28.10.2021
Röwşen geljege tarap ynamly gadamlar

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy ugrunda amala aşyrylýan, şeýle-de senagat boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynda energetika senagatyna möhüm orun berilýär.

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagy, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy, öýde we senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän döwrebap hojalyk we senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň, obalaryň döredilmegi, telekeçilige giň ýol açylmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek boýunça alnyp barylýan işler, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, ulgamy halkalaýyn birleşdirmek arkaly sebitleriň energiýa ulgamyny özara ätiýaçlandyrmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ibermek energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş, ilkinji nobatda, täze elektrik beketleriniň geçirijilerini, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýyş ulgamlaryny gurmagyň hasabyna amala aşyrylýar.

2013-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde jemi kuwwatlylygy 146,7 MWt bolan 3 sany gaz turbinasy, Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 393,9 MWt bolan 5 sany gaz turbinasy, kuwwatlylygy 149,2 MWt bolan täze Lebap döwlet elektrik stansiýasy, kuwwatlylygy 254 MWt bolan täze Watan döwlet elektrik stansiýasy, kuwwatlylygy 504,4 MWt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasy gurlup, energoulgamyň kuwwatlylygy 1448,2 MWt artdyryldy.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerindäki kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, şu ýyl Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi energoulgamyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, ynsanperwer energetika syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga has giň ýollary açýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr» diýip belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda goňşy döwletler bilen amala aşyrylýan, uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklar her bir ojaga ýagtylyk hem ýylylyk paýlaýar.

Elektroenergetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini gazanmak üçin energiýanyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, onuň ätiýaçlyk gorlarynyň döredilmegi zerurdyr. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzda öndürilýän energiýanyň hasabyna, onuň eksportyny 8,7 göterim ýokarlandyrmak we 3,6 milliard kWt/sag. ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de «Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, elektrik energiýasyny öndüriji täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi bilen, 2025-nji ýyla çenli energiýanyň möçberi, 2019-njy ýyla garanyňda, 17,4 göterim artar.

Görşümiz ýaly, soňky döwürde geçirilen düýpli özgertmeleriň netijesinde, sarp edijileriň elektrik energiýasyna zerurlygyny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän energetika kuwwatlyklary döredildi. Şeýlelikde, bar bolan kuwwatlyklary sarp edilişine görä, welaýatlaryň arasynda paýlamak, ýurdumyzyň islendik künjeginden goňşy döwletlere hem elektrik energiýasyny ibermek maksady bilen, Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagta çenli Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda dürli güýjenmedäki howa elektrik geçirijileri hereket edip, olar agzalan sebitleriň energoulgamyny özara birleşdirýärler. Ýakynda Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energoulgamyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny düýpgöter gowulandyrjak we türkmen energoulgamynyň dürli böleklerini özara birleşdirjek hem-de ätiýaçlandyrjak Ahal — Balkan ugry boýunça howa elektrik geçirijisi we podstansiýalary ulanmaga berildi. Onuň işe girizilmegi, häzirlikçe, bu iki sebitiň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymyny kadalaşdyryp, olary öz arasynda ätiýaçlandyryp, sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Geljekde taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň hem gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanmagy bilen türkmen energoulgamy bir bitewi halka birleşdiriler. Pudagyň meýilnamalarynda Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän howa elektrik geçirijisini-de ýokary güýjenmä geçirmek göz öňünde tutulýar.

Taslama barada giňişleýin aýdylanda, bu halkalaýyn energoulgam Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamyny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda» hem-de 2021-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky «Ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda» Kararlaryna laýyklykda amala aşyryldy. Jemi uzynlygy 421 kilometre barabar taslamanyň Ahal — Balkan böleginiň gurluşygy Ahal welaýatyndaky «Gurtly» podstansiýasyndan başlandy. Soňra gurluşyk işleri Gökdepe, Bäherden, Serdar, Bereket etraplarynyň çäklerinde dowam etdirilip, ol işler Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde tamamlandy.

Taslamanyň gurluşygyny amala aşyrmak üçin pudaga zerur kämil tehnikalardyr tehnologiýalar satyn alnyp, döwrebap enjamlar getirilip, ýerli hünärmenlerimiziň çeken gaýratly zähmeti netijesinde gysga döwrüň içinde bu möhüm işiň birinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi. Işiň barşynda agzalan çäklerde Hindistan Respublikasynyň «Kalpataru» kompaniýasynyň öndüren demir sütünleriniň jemi 1426 sanysy oturdyldy. Bu sütünleriň astyna goýulýan binýatlar ministrligiň «Büzmeýindemirbetonönümleri» kärhanasynda taýýarlandy. Netijede, halkalaýyn energoulgamyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bu welaýatlaryň arasyndaky elektrik baglanyşygyny gowulandyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Parahatçylygyň hem dost-doganlygyň mizemez güýjüniň dabaralanýan döwründe milli Liderimiziň halkymyz üçin şeýle ähmiýetli energetika desgasyny gurduryp, ulanmaga bermegi taryhy wakadyr. Haçanda halk bagtly geljegine ynamly gadam basanda, jemgyýet özgerýär, döwür gülleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk bilen bat alan, hemişelik Bitaraplygy ýörelge edinen Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri, umumadamzat bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri — halkyň göterilen ykbaly, döwletiň jümle-jahana ykrary. Dünýäde ykrar edilen Lideri bar milletiň mydama başy belentdir, mertebesi ýokarydyr, ýaşaýyş-durmuşy ösüşleriň belentliklerine tarapdyr.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44888

28.10.2021
Milli manat — ygtybarly binýadymyz

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl doldy. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer ugurlarda, senagatda, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikleri gazandy. Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu sene türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilen günüdir. Şol wagtdan başlap, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi.

Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

Puluň kadaly hereketini ýola goýmak, durnuklylygyny üpjün etmek köp derejede onuň haryt üpjünçiligine we hyzmatlar ulgamynyň işjeňlik derejesine baglydyr. Bu meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzda köpsanly ulgamlaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň tapgyrlaýyn denominasiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegine, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ýardam edendigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar gatnaşyklaryna ynamly geçilýär, işewürleriň ýokary netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli manadymyz ykdysadyýeti ösdürmekde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm serişdeleriň biridir» diýen çuň manyly, parasatly sözleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barha uly sepgitlere tarap okgunly ugur alýandygyny mälim edýär.

Bank ulgamy tarapyndan pul dolanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan bank kartlaryny ornaşdyrmak we amallary menzilara dolandyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň has kämil görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmak we ýerlerde ýeterlik möçberde bank hyzmatlarynyň töleg terminallaryny ýola goýmak bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Elektron töleg ulgamynyň ornunyň barha ýokarlanmagy diňe bir tölegleriň tiz wagtda amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, serişdeleri tygşytlamaga we tölegleriň goraglylygyny üpjün etmäge ähli amatly şertleri döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginli we durnukly ösýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy sanlylaşdyrylýar. «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlary arkaly raýatlaryň bank kart hasaby boýunça amallary giňeltmek, banklaryň menzilara bank hyzmatlaryny maglumat howpsuzlygy arkaly has-da kämilleşdirmek, müşderileriň bank hasaplaryny karz edaralaryna barmazdan, menzilara dolandyrmak bilen baglanyşykly möhüm işleri görkezmek bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň özeninde eziz halkymyzyň bähbidi bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler we gazanylýan netijeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýaşaýşyň ähli ulgamlarynda dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär. Hormatly Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy milli manadymyzyň döredilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, ýurdumyzy ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44849

28.10.2021
Energetika ulgamynyň batly gadamlary

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz Türkmenistan bu gün ýagty geljeginiň binýadyny berkden tutup, bedew bady bilen beýik ösüşlere eýe bolýar. Dünýä ýagtylyk nuruny saçýan eziz Watanymyzda energetika ulgamynyň ösdürilmegi üçin birnäçe iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Türkmenistan bu gün elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge uly mümkinçilikleri bolan döwlete öwrülýär. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde birnäçe elektrik stansiýalary gurlup ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda halkalaýyn energetika ulgamy döredilýär. Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly, ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Ýylyň başynda bolsa Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi işe girizildi. Bularyň ählisi ýurdumyzda energetika senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigini görkezýär.

Şanly ösüşlere beslenýän ýylymyzda energetika pudagynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ajaýyp iri taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işine berýän hemaýat-goldawlarynyň aýdyň netijesi bolup durýar. 23-nji oktýabrda Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Ýokary woltly, täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr» diýip belledi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bu iri taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiler we podstansiýalar toplumynyň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi bilen birlikde, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdarynyň artdyrylmagyna-da uly mümkinçilikleri açar.

Orazberdi ŞALLYÝEW,

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44797

28.10.2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Watanymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi.

Milli Liderimiz halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň günorta künjegindäki özboluşly tebigy aýratynlyklary bolan ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu ýerlerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi mermer paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda onuň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny hem üpjün edýär.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde we onuň töwereklerinde ekiljek bag nahallarynyň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, olary seçip almaga ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu ýerlerde gurulýan desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we olaryň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden hem-de ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülmegine ünsi çekip, paýtagtymyzyň bu künjeginiň arassaçylyk we ekologik ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada anyk tabşyryklary berip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen akyldar şahyryň hormatyna dikeldilýän toplumyň gurluşygynda hem-de onuň abadanlaşdyrylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň täzeçil gözýetimlere esaslanýan pikirine daýanylmalydygyny, şunda milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Toplumy abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy taýýarlanylanda, oňa häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydyr. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri we häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapmalydyr. Toplum akyldar şahyryň hut özüniň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şu ýörelgelerden ugur almagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belläp, onuň çägindäki baýyrlyklarda dürli yşyklaryň kömegi arkaly beýik Pyragynyň dünýä meşhur şygyrlaryndan setirleriň beýan edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda dürli maksatly desgalaryň 70-siniň gurlup ulanmaga berlendigini belläp, bu işleriň ýokary görkezijilere laýyk gelýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde gymmatly eserleri bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp döwletleriniň halklarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan şahyryň adyny göterýän toplumyň gurluşygynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy dünýä nusgalyk bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz bu künjekde güýzki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigini belledi. Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli görnüşli bag nahallary bolmalydyr, olar bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi taryhda öçmejek yz goýan, özüniň nusgalyk eserleri bilen tutuş Gündogar halklarynyň söýgüsini gazanan akyldar şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň häzirki zaman görkezijilerine kybap gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurdumyzyň hem-de paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta tarapynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine ünsi çekip, bu ýerde bina edilýän toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler milli Liderimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ýerde amala aşyrylýan toplumlaýyn işler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan gurluşyk işlerinde we özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy batly depginde dowam edýän sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynda durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda durmuş maksatly we ekologik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Köpetdagyň belent gerişleriniň etegindäki baýyrlykda bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň ýanyndan ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplyklary eliň aýasynda ýaly görünýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Döwrebap binalaryň sazlaşygy bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşyp, täsin gözelligi döredýär.

Bu gün gönüden-göni Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzy we onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak, şäher gurşawynda ekologik abadançylygy üpjün etmek meseleleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalar toplumynyň kemala gelýän ýerinde gurulýan binalaryň bir bitewi binagärlik sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi. Munuň üçin meýilleşdirilen ähli işler ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýagdaýda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli ýolbaşçylara hem-de wise-premýer M.Mämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. Bu ýerde gurlan toplumyň geljek ýylda açylmagy bolsa dünýä nusgalyk eserleri döreden şahyryň hormatyna guraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga bolar. Şeýle hem 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan ederis. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler diýip, milli Liderimiz belledi.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem häzirki döwürde bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň günorta tarapyndan sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň gurluşygynda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň we bu ugra degişli dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44756



27.10.2021
Durnuklaşdyryş gaznasy we ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda maliýe-bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem görmek bolýar. Onda Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijesinde Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işjeňligindäki, banklaryň karz binýadyny berkitmekdäki orny we ähmiýeti ýokarlanar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda kabul edilýän ähli derejedäki maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge amatlyklar dörär. 2008-nji ýylda döredilen bu gaznanyň esasy çeşmesi bolup Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejisiniň çykdajylardan artykmaç gelýän bölegi çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu gaznanyň esasy maksady ýurdumyzda ileri tutulýan pudaklary goldamakdan, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Durnuklaşdyryş gaznasynyň işine täzeçe, döwrebap çemeleşmek, onuň maksadalaýyk ulanylyşyny üpjün etmek — munuň özi ýokary netijeli karz-pul syýasatyny alyp barmaga, edara-kärhanalaryň we ilatyň karz serişdelerine bolan ösen isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işine gönükdirilmegi gurulýan önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň sanynyň artmagyna, hiliniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, maşgala girdejisiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, ylma daýanýan, innowasiýa esaslanýan, ýokary netijeli, nusgalyk syýasaty esasynda türkmen ykdysadyýeti batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigini makroykdysady görkezijilerden hem görmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, jemi öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 62-si ulanmaga berildi. Şu döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirildi. Üç çärýegiň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň boldy. Dokuz aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň 49,2 göterimi önümçilik toplumlaryna, 50,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalara gönükdirildi.

Döwlet Baştutanymyz bellenen maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak bilen, olaryň öňünde duran meseleleri anyk kesgitledi. Hususan-da, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, telekeçilik işjeňligini netijeli höweslendirmek, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi dowam etdirmek, gazna bazaryny ösdürmek we bäsleşikli söwda edaralarynyň gerimini giňeltmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde strategik ähmiýeti bolan ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň, Durnuklaşdyryş gaznasynyň mynasyp orny bar. Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasabyna geçirmek arkaly döwlet düzümlerine we hususy pudaga berilýän gysga, orta we uzak möhletli karzlaryň möçberi artar, karzyň ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanar. Ahyrky netijede bolsa, Durnuklaşdyryş gaznasy ykdysady ösüşiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrüler, eksport kuwwatyny ýokarlandyrar, importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşini öz ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik döreder.

Şu wezipeleriň döwrüň talabyna laýyklykda çözülmegi köp ýagdaýda maliýe-bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyna baglydyr. Şonuň üçin hem ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynyň hünärmenleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrüň talabyna laýyk getirilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tiz we durnukly geçmegine, ykdysady gurallaryň işjeňligini artdyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirer. Netijede, ykdysadyýetiň ygtybarly we durnukly ösüşini üpjün etmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda Durnuklaşdyryş gaznasynyň orny we ähmiýeti yzygiderli ýokarlanar.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44752

27.10.2021
Senagat kuwwaty artýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçilik pudagy uly ösüşleri başdan geçirýär. Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem öz işlerini üstünlikli alyp barýan hususyýetçileriň ýüzlerçesi bar. Olaryň bir bölegi senagat ugurly önümçilik bilen meşgullanýar.

Welaýatda öz işlerini bu ugra gönükdiren hususyýetçileriň 70-e golaýy bolup, olar ýylyň dowamynda içerki we daşarky bazara gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini ibermek bilen, tämizlik serişdelerini, polipropilen haltalarydyr ýüpleri, kendir ýüpleri, plastmassa asgyçlary, kagyz süpürgiçleriniň dürli görnüşlerini, akkumulýatorlary we beýleki önümleri öndürip gelýärler.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde hem hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň uly paýy bar. Önümçilik işlerini Köýtendag etrabynyň magdan känlerinde alyp barýan STT hususy kärhanasy şu ýyl suwag serişdesiniň 1392, gipsiň 4542 tonnasyny öndürdi. Şeýle hem bu hususy kärhana ýylyň başyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna çenli demirbeton plitalarynyň 1302, gipskarton listiniň 102 müň 800 sanysyny we 444 halta hek öndürdi.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine Dänew etrabyndaky «Arassa kenar» hususy kärhanasy hem keramiki plita ýelmeýji gury erginiň 190, suwag serişdesiniň 285 tonnasy, Çärjew etrabyndaky «Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogamyň 2056 inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 4843 tonnasy, 3 million 241 müň kerpiç, keramiki plita ýelmeýji gury erginiň 501 tonnasy bilen goşant goşdy. Ýylyň dokuz aýynda «Egsilmez umyt çeşmesi» hususy kärhanasynyň «u» görnüşli profilleriniň 46 müň 662 sanysynyň, «Kemally kesp» hususy kärhanasynyň 391 sany demir betonynyň we 273 kub metr haryt betonynyň, «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynyň demirbeton sütünleriniň 4328 kub metriniň müşderilere hödürlenendigi aýratyn bellenmäge mynasyp. Bulardan başga-da «Bereketli zaman» hususy kärhanasy alýuminden taýýarlanan aýna-gapylar, «Ynamly eller» hususy kärhanasy suw emulsiýasy, «Berk gerden» hususy kärhanasy izogamdyr bitum mastikasy, «Täjir» hususy kärhanasy keramiki kerpiç, köp sanly hususyýetçiler bolsa hekdir kerpiç önümleri bilen bu pudagyň ösmegine ýardam etdiler.

Arkadag Prezidentimiziň türkmen hususyýetçilerine döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, lebaply işewürler senagat önümleriniň beýleki görnüşlerini öndürmekde hem tejribelerini artdyrýarlar. Mysal üçin, türkmenabatly telekeçi Bahtiýar Kadyrow 22 tonna polipropilen ýüp, «Geljege rowaç» hususy kärhanasy 105 müň sany plastmassa asgyç, «Kökçi» hojalyk jemgyýeti 36 müň 430 sany akkumulýator, «Gyzan» hususy kärhanasy 590 inedördül metr bezeg plitasyny, «Türkmen ojagy» hususy kärhanasy 1174 metr kendir we beýleki görnüşli watin, 724 tonna nah pagta, 215 metr kendir we beýleki matalary öndürmegi başardylar.

Türkmenabatly telekeçi Atamyrat Jumakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda öndürilen joraplaryň jübüti 610 müňden geçdi. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy bolsa dürli geýimleriň 37 müňüsini müşderilere hödürledi. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy şu ýyl öndüren izolirlenen örtükli simleriniň umumy uzynlygyny 4304 kilometre ýetirdi.

Şu ýyl gündogar sebitdäki senagat önümçiliginiň akymyna ilkinji gezek «Çelek» hususy kärhanasy hem goşuldy. Bu kärhana Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda senagat garyndy suwuklygyň 155 tonnasyny öndürip, alyjylara hödürledi. Çärjewli telekeçi Suhrab Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky kärhanada öndürilen 384 tonna geýimlik nah mata hem welaýatda hususy senagatyň ösýändiginden habar berýän bolsa gerek.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dowam edýär. Ýylyň ahyryna çenli ýokarda görkezilen sanlar has artar. Munuň üçin türkmen hususyýetçilerinde güýç hem, mümkinçilik hem bar. Olar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin milli Liderimize alkyş aýdýarlar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44747

27.10.2021
Demirýolçularyň tutanýerli zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenabat raýat desgalary şahamçasynyň agzybir işgärleri hem tutanýerli zähmet çekýärler.

Şahamça degişli iki sany jaý ulanyş gullugynyň düzüminde 200 töweregi demir ýol işgäri 3600-e golaý hojalygyň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin zähmet çekýär. Olaryň esasy wezipesi arassaçylyk işlerini alyp barmak, raýatlardan gelen arza-şikaýatlara seretmek, elektrik togy hem-de tebigy gaz bilen üpjün etmek, ýer-suw, lagym üpjünçiligini guramak we beýleki işlerden ybaratdyr. Tejribeli hünärmen Artur Allakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän şahamçasynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän demirýolçularyň onlarçasy bar. Olardan, Baýramkadyr Amanberdiýew, Rüstem Töräýew, Elijan Arslanow, Abdukahr Abdullaýew ýaly işjanly demirýolçular ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerine mynasyp bolýarlar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Gurlan we gurulýan, çar tarapa uzaýan demir ýollar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öz halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44744

27.10.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşleriň şuglasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulan ýurtlaryň hatarynda ornuny berkitdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüşiň esasy netijeleri, talaplary anyk teklipler, ylmy oý-pikirler, kämil hünärmenler bilen berk baglanyşyklydyr. Beýik ösüşleriň adamzat jemgyýetini näderejede özgerdenligi hakyndaky pikirler her birimiziň yhlasly işlemegimizi üpjün edýär. Şeýle özgerişlerde innowasiýanyň hemme döwürlerde-de esasy badalga bolandygy baradaky pikir bilen doly ylalaşýarsyň. Baý geçmişli milli taryhymyzyň täze ykdysady ösüş tapgyrynda sanly ulgama geçmekde ädilýän şowly ädimler döwrebap many-mazmun hem-de millilik öwüşgini bilen has-da baýlaşdyrylýar. Döwrümiziň häsiýetli aýratynlygy, döwrebap ylmyň üstünlikli netijesi bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi we onuň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — «sanly ykdysadyýete» ynamly geçişi şertlendirdi. Şeýle hem ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.

Sanly ulgam ýurdumyza bütindünýä maglumat giňişligine goşulyşmaga giň ýol açdy. Türkmen taryhynda ilkinji gezek älem giňişligine çykarylan «TürkmenÄlem 520 E» maglumat kabul ediji, ýaýradyjy milli emeli hemra bu ösüşleriň guwandyryjy buşlukçysy boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli aragatnaşyk-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň üstünlikli özleşdirilmegi bilen pudaklaryň işini awtomatlaşdyrylan usula geçirmäge giň mümkinçilikler açylar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere oňat ýardam etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ulgama geçmek boýunça döwrüň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylar. Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly hem dahylsyz önümçilikleri döwrebap elektron ulgama tapgyrlaýyn esasda birikdirilýär. Netijede, «sanly önümçilik» ugurly täze pudaklar döreýär. Önümçiliklerde öňdebaryjy kompýuterleşdirilen tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen san ölçegli hasaplamalar geçirilýär, ygtybarly maglumatlar toplanylýar. Önümçilik pudaklarynyň ýokary ykdysady netijeliligini üpjün etmegiň çäklerinde bu ugra gönükdirilýän goşmaça maýa goýumlar edara-kärhanalaryň tehniki-tehnologik keşbini düýpli döwrebaplaşdyrmak maksatlaryna harçlanýar. Munuň özi ýerli önüm öndüriji ulgamlarda elektronlaşma geçmekde, täze önümlere alyjylary tapmakda, tejribe alyşmakda oňyn mümkinçilikleri açýar, sanlylaşmak ugrunyň getirjek bähbidiniň näderejede ýokary boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryndaky durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ählisi halkymyzyň ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, döwlet maksatnamalarynda bellenilen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde has-da ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny yzygider artdyrmaga mümkinçilik berer.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Aýna ORAZOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44678

27.10.2021
Döwlet eýeçiligi we hususyýetçilik

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, aýratyn-da, döwlet emlägini we desgalaryny hususylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bazar gatnaşyklaryny ykdysadyýete, ylaýta-da, söwda, hyzmat ediş pudaklaryna ornaşdyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri-de hususyýetçiligiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Döwletimiz telekeçilere hususy işi ýola goýmaga goldaw berýär, hususyýetçilik bolsa, öz nobatynda, sarp edilýän harytlaryň öndürilişine we ilata hyzmat edilişine saldamly goşant goşýar.

Halkara ykdysatçylaryň pikirlerine görä, ösen ýurtlarda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň ortaça 70 göterim möçberde bolmagy maksadalaýykdyr. Hususy önüm öndürijiler döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ýurtda azyk bolçulygynyň döremegine goşant goşýarlar.

Milli Liderimiziň hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş mazmunyny, bu babatdaky halkara tejribäni giňişleýin öwrenmegi we pudaklara ornaşdyrmagy esasy talaplaryň biri hökmünde öňe sürmegi ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, hususy ulgamyň ösmegine, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna amatly şertleri döredýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi pudagyň kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigini, hususyýetçilik işiniň ösüşini düzgünleşdirmegiň mehanizminiň döredilýändigini, ýurdumyzda hususyýetçileriň giň gatlagynyň peýda bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Hususyýetçilere ýakyndan ýardam bermekde degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, elýeterli bahaly sarp edilýän harytlary öndürmekde dürli görnüşli kärhanalary döretmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin karz edaralarydyr banklar tarapyndan olara goldaw hökmünde uzak möhletleýin, az göterimli karz serişdeleri berilýär.

2011-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, 2019-njy ýylyň oktýabrynda onuň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi hususyýetçileriň işini ilerletmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Birleşmäniň esasy işi kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam bermekden, olary häzirki zaman telekeçilik düzümlerini emele getirmäge ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ol müňlerçe agzany özüne birleşdirýär we ýurtda hususyýetçiligiň ösmegine, täze iş orunlarynyň artmagyna, täze önümçilik pudaklarynyň emele gelmegine, şeýle-de bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilip, haryt bolçulygynyň döredilmegine ýardam berýär.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde COVID-19 ýokanjynyň pandemiýasy bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, döwletimiz ösen ýurtlaryň ileri tutýan ugurlaryna pugta eýermek bilen, hususy telekeçiligiň gerimini giňeltmek meselelerine has-da içgin garaýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjy ösüş ugry hökmünde ykrar edilen elektron täjirçilige, elektron resminama dolanyşygyna we elektron hökümeti döretmäge aýratyn üns berilýär. Çünki sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwda arkaly umumydünýä söwda toruny emele getirip bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de eksport ugurly pudaklaryň netijeli işlemegine, tiz we ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, adamyň saglygyna zyýan ýetirip biläýjek howplardan goranmaga amatly şert döreýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususyýetçileriň sanyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek barada belläp geçdi. Mejlisde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Pudagara topar tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça berlen hasabata laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça 5 desgany, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 3 desgany, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça 1 desgany, şeýle-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygynyň bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçileriň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden orun almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler has-da ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň dokuz aýyň jemi boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini bellemegi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýagny daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, özara bäsdeşligi ösdürmek, işewürleriň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak, degişlilikde, ykdysadyýetde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça birnäçe tabşyryklary bermegi, hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-siniň hususylaşdyrylmagy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat möçberinde maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagy bazar ykdysadyýetiniň geçiş döwrüni başdan geçirýän döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösüş gazanýandygyny aýdyň görkezýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň: «Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr» diýip aýratyn nygtamagy ösen ýurtlaryň tejribesine esaslanyp, ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde bazar şertlerine tiz geçmäge mümkinçiligiň dörejekdigini şertlendirýär.

Indi hususy telekeçilerimiz senagatyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda hem ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny we olary abatlamak işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu gün türkmen hususyýetçileriniň milli haryt nyşanly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, «483» milli prefiksli (kodly) önümleri daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Döwletimiziň hususy telekeçiligi ösdürmek baradaky strategiýasy ýurtda bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen, ykdysady ösüşi çaltlandyrýar. Hususy kärhanalaryň sany, olaryň öndürýän önümleriniň möçberi, hili, şeýle-de jemi içerki önüme goşýan goşandy yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklarynda öndürilýän önümleriň jemi içerki önümdäki paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 2021-nji ýylda 70,6 göterime, 2025-nji ýyla çenli bolsa 73,2 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmek boýunça döwlet tarapyndan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň kanunçylyk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek çäreleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa ýurtda ykdysady ösüşiň ýokarlanmagynda hususy pudagyň paýyny has-da artdyrar.

Jumageldi SALAMOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44650

26.10.2021
Türkmenistan we Gazagystan uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler. Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Gazagystanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş geçýärler.

Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde gazagystanly kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz Gazagystanyň Baştutanyny ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin zala çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany ýene bir gezek mübärekläp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu günki duşuşyk aýratyn ähmiýete eýedir. Biz onuň netijeleriniň möhüm tapgyrlaýyn waka öwrüljekdigine hem-de köpýyllyk geljek üçin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňaýly itergi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazagystanly kärdeşine döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew milli Liderimize doganlyk Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ajaýyp Aşgabat şäherinde ýene-de bolmagynyň özi üçin aýratyn ýakymlydygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň paýtagtynda alnyp barylýan işleriň gerimine hem-de hiline ýokary baha berdi.


Gazagystanyň Lideri bu sapara örän düýpli taýýarlyk görlendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystan Respublikasynyň strategik döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşine mundan beýläk-de düýpli itergi bermäge çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmen halky biziň doganlyk halkymyzdyr. Olaryň arasyndaky dostlugyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda örän köp umumylyklar bar, bu umumy serhet bilen hem baglanyşyklydyr. Biziň Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy hoşmeýilli garaýyşlarymyz bar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine uly üns berilýändigini belledi. Bu bolsa Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şu saparyň dowamynda gol çekiljek möhüm resminamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlär.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Gazagystan üçin örän ýakyn, doganlyk döwlet bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda-da galýandygyny ýene-de bir gezek nygtap, taraplaryň mundan beýläk-de halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk etjekdigine ynam bildirdi. Şunda dostlukly ýurduň Lideri Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan berkidilen Bitaraplyk derejesine hemişe uly hormat goýýandygyny belledi.

Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen gepleşigiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de Gazagystanyň wekiliýetiniň hemme agzalaryny Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekledi we Türkmenistana döwlet sapary baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu sapara biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda häzirki günde ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-sini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň uly şertnama-hukuk binýady işlenildi. Şolar köp ugurlary gurşap alýar, bu bolsa däp bolan ugurlarda bolşy ýaly, hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlarynda hem bilelikde işlemegiň örän uly mümkinçiliginiň bardygyndan habar berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan Gazagystan bilen sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmagyň derejesi ýokarydyr. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mazmunyna ýokary baha berip, şolaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de ynanyşmagyň taryhy däpleri, uzak möhletli maksatlaryň we bähbitleriň umumylygyna düşünilmegi durýar diýip belledi.

Milli Liderimiz Aziýada ynanyşmak çärelerini öňe ilerletmek işinde biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň wajypdygyny belledi. Munuň şeýledigini ýakynda daşary işler ministrleriniň Nur-Sultanda geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Maslahatyň altynjy duşuşygyna türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy tassyklady. Türkmenistan Aziýa yklymynda durnuklylygy, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek işinde Gazagystan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetini gatnaşmaga çagyrdy.

Biz Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ýörelgesini, halkara hyzmatdaşlygyň energetika, ulag we ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça başlangyçlaryny Gazagystanyň goldaýandygyna ýokary baha berýäris. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynda türkmen tarapynyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşylanda, Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen taslamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edip hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryna agzalyga Türkmenistanyň hödürlenilmegini goldap, Gazagystanyň hemişe görkezýän yzygiderliligini we saýlap alan ýörelgesine ygrarlylygyny aýratyn belledi.

Ýakynda bolup geçen mysallar hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna Gazagystanyň goşulandygyny, Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy meselesi hem-de pandemiýa döwründe we ondan soňky döwürde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Kararnamalara awtordaşlygyny agzap bolar. Biziň ýurtlarymyz şeýle-de ikitaraplaýyn esasda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we Durmuş geňeşi, Adam hukuklary boýunça geňeşi ýaly ähmiýetli edaralaryna hem-de beýlekilere bolan saýlawlarda birek-biregi goldady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Pandemiýa we onuň täsirlerine garşy göreşmek bilen baglylykda, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda hem Türkmenistan bilen Gazagystan gyzyklanma bildirip, özara hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 8-nji oktýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş we ylmy diplomatiýa meseleleri boýunça halkara forumy geçirmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjyny goldandygy hem-de onuň işine Gazagystanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşandygy üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen-gazak hyzmatdaşlygy halkara terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly wehimlere hem-de howplara netijeli jogap bermegiň anyk ýagdaýydyr. Ýurdumyz BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Gazagystan bilen mundan beýläk-de bilelikde işleşmäge taýýardyr.

Merkezi Aziýadaky ösüş ýagdaýlary babatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Biziň ýurtlarymyz bu ýerde berk, uzak möhletleýin parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda yzygiderli we maksadalaýyk işleýärler. Bu ugurda Türkmenistan Gazagystan bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary ýakyndan dowam etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijelerine ýokary baha berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak ýaly wajyp ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistan Gazagystan bilen bilelikde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de doly goldar, Aral meselesini toplumlaýyn çözmäge halkara derejede netijeli gatnaşylmagyny gazanar.

Milli Liderimiz Gazagystan bilen owgan meselesini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etmegiň möhümdigini belläp, şunda iki ýurduň maksatlarynyň gabat gelýändigini nygtady. Türkmenistan hem, Gazagystan hem Owganystany parahat we durnukly döwlet, düzümleýin energetika we ulag taslamalaryna girişen, doly derejeli deňhukukly hyzmatdaş hem-de sebit we halkara ykdysady işlere gatnaşyjy hökmünde görmek isleýär.

Biziň ýurtlarymyz Owganystanda ylalaşygyň we ýaraşygyň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly gazanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz owgan meselesindäki gatnaşyklary Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ýurtlarymyzyň beýleki edaralaryny çekmek bilen, özara hereket etmek arkaly, mundan beýläk-de goldamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Häzir Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini täzeden dikeltmek, ýurdy sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşmaga gönükdirilen ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak örän zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda birnäçe iri halkara taslamalary — turbageçiriji, ulag, elektroenergetika, aragatnaşyk ugurlaryna degişli taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň durmuşa geçirilmegine gazagystanly hyzmatdaşlary çekmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garamaga taýýardyr.

Gazagystan Hazar deňzinde-de Türkmenistanyň goňşusydyr. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazary parahatçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýydyr. Bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işler edildi, strategik maksada ýetildi — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi, şoňa görä-de, biz Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda geçiriljek nobatdaky, VI sammitinde bäştaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň hemme ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan Gazagystan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýaly halkara düzümleriň işleri bilen baglylykda hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde oňyn we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegi möhüm hasaplanýar. Gazagystan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan YHG-nyň başlygy hökmünde 28-nji noýabrda Aşgabatda bu guramanyň XV sammitini geçirer, şonda oňa agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny hem-de görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik bolar.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we durnukly ösýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, anyk çylşyrymlylyklara garamazdan, türkmen statistikasynyň maglumatlaryna görä, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2021-nji ýylyň sekiz aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artandygyny belledi. Şu görkeziji boýunça Gazagystan Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Iki tarapyň tagallalary netijesinde, soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldildi. Ýöne şolaryň biziň ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçiligini göz öňünde tutanyňda, ýeterlik däldigi aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Hökümetara türkmen-gazak toparynyň işini işjeňleşdirmegiň, döwletara hyzmatdaşlyga işewürler jemgyýetçiliginiň giňden çekilmeginiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistan hem-de Gazagystan strategik taýdan ähmiýetli geografik ýagdaýy eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň halkara ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulanda, üstaşyr ulag ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini şertlendirýändigini belledi.

Şu babatda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly uly mümkinçilikleri döredýär. Ol Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýär. Häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan we ondan aňry Pars aýlagyna demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýady taýýarlanylýar. Hazar deňzinde Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklary, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi aralygyndaky awtoulag ýoly örän uly mümkinçilige eýedir. Ýeri gelende aýtsak, şunda türkmen tarapy täze köpriniň gurluşygynyň başyny başlady.

Milli Liderimiz şunuň bilen birlikde, obasenagat toplumynda, telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini belledi. Ýangyç-energetika pudagynda, energiýa serişdelerini halkara bazarlara iberýän iri döwletler hökmünde ikitaraplaýyn mümkinçiligiň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljegini görýäris. Türkmenistandan Hytaýa tarap çekilen gaz geçirijiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr, şonuň bir bölegi Gazagystanyň çäklerinden çekildi. Ýurdumyz türkmen tebigy gazyny ibermegi guramagyň mümkinçiliklerine degişli tehniki, guramaçylyk hem-de beýleki meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Senagat kooperasiýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly, möhüm ugrudyr. Häzir biziň ýurtlarymyzda dürli senagat pudaklaryny kemala getirmekde we ösdürmekde, senagat kärhanalarynyň döredilmeginde we netijeli işledilmeginde uly tejribe toplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda hemişe aýratyn orny eýeledi. Bu gatnaşyklar döwlet derejesinde höweslendiriler hem-de goldanylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz, amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda özara Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Ylym-bilim hyzmatdaşlygyny hem bellemek gerek. Häzirki günde Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 2,5 müňe golaýy okaýar. Iki ýurduň ylmy işgärleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak işi ýola goýuldy, Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk hem-de geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň, özara hormat goýmagyň berk binýadynda guralýandygyny, aýdyň we düşnükli ýörelgelerde, birek-birege özara gerekligiňe düşünilmegi, ikitaraplaýyn ägirt uly kuwwata akyl ýetirilmegi arkaly ösdürilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, geçirilen netijeli işler, oňyn maksatlar, iki ýurduň arasynda dostluk, doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde hemme zerur işleri alyp barmaga taýýardygy üçin gazagystanly kärdeşine hem-de onuň ýany bilen gelen wekiliýetiň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Gazagystanyň Baştutany göwnaçyk kabul edilendigi hem-de däp boýunça bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana özüniň ilkinji döwlet saparyna örän möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Bu waka aýratyn häsiýete eýedir hem-de umumy maksada ýetmek ugrunda türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen deň gadam urýandygymyzyň mysaly bolup durýar. Şol maksat ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek gatnaşyklaryny hil taýdan täze strategik derejä çykarmakdan ybaratdyr.

Şu duşuşygyň iki döwletiň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilen ýylda geçmeginiň özboluşly mazmuny bar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Belent mertebeli myhman döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, tutuş gazagystanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny 27-nji sentýabrda giňden bellenilen bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistan öz milli Lideriniň parasatly baştutanlygynda bu şanly senäni sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde mynasyp orun eýeleýän häzirki zaman döwleti derejesinde garşylady. Gazagystan Respublikasy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş Ýewraziýa giňişliginde gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany nygtady.

Bu strategiýa hemişe döredijilikli häsiýete eýedir. Gazagystan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygyny doly goldaýar.

Ýakynda Türkmenistan Hazaryň merjeni bolan Awazada sebitiň döwletleriniň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyny gurady. Ol örän netijeli boldy we Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň özara hereketlerine çynlakaý itergi berdi.

Gazagystan ýakyn wagtda Türkmenistanda ähmiýetli çäräniň — Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegini goldaýar.

Gazak Lideri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köptaraply gazak-türkmen gatnaşyklarynyň özeni bolup durýandygyny belläp, şu ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça özara söwdada uly ösüşiň gazanylandygynyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde energetika, maşyngurluşyk, senagat, oba hojalygy, maýa goýum ulgamlarynda bilelikdäki möhüm taslamalary işläp taýýarlamaga ünsi jemlemegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtalýar.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasynda özboluşly dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.

Döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdylanda, belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ähli degişli meselelere geljekde-de ýokary derejede üns berer. Şol meseleler özara syýasy erkiň netijesinde oňyn häsiýete eýedir hem-de ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga goşmaça itergi bermäge gönükdirilendir.

Belent mertebeli myhman mähirli myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, ajaýyp Aşgabat şäheri baradaky täsirlerini paýlaşdy. Aşgabatda bolmak Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalarynda uly kanagatlanma döredýär.

Sözüniň ahyrynda Kasym-Žomart Tokaýew milli Liderimizi geljek ýyl özi üçin islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna gelmäge çagyrdy.

Giňişleýin düzümde türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Demir ýol ulaglary we konteýner gatnawlarynyň ösdürilmegi babatda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Kazahstan temir žoly” milli kompaniýasy” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň serhedinde kabel serhet geçelgesini gurmagyň we “Türkmentelekom” EAK we “Jusan Mobile” PJ elektroaragatnaşygyň maglumat kommunikasiýa torlaryny seplemegiň meýilleri hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara awtomobil daşamalaryny ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Strategik meýilleşdiriş we özgertmeler boýunça agentliginiň Milli statistika býurosynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda durmuş-zähmet babatda hyzmatdaşlygyň meýilleri hakynda Ähtnama; Ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndan geçýän harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Goranmak ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama hem-de Hazar deňzinde Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň delimitasiýasy we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk böleklerini araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Şertnama gol çekýärler.

Şeýle hem şol gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen “Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersiteti” täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (Türkmenistan) bilen “Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersiteti” täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama sanly ulgam arkaly gol çekilendigi bellärliklidir.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri barada aýdyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljekki anyk ugurlary kesgitlenildi. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi tassyklanyldy, döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň eýe bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygy aýdyldy.

Parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara we sebit syýasatynyň meseleleriniň köpüsi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtady. Munuň özi iki ýurduň dünýä derejesinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, öz netijeliligini görkezen BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermek tejribesi dowam etdiriler. Biziň ýurtlarymyz häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy netijeli göreşmekde hyzmatdaşlygy dowam ederler, şeýle gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem amala aşyrylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy, howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň ýetirýän oňaýsyz täsirlerine garşy göreş ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Gazagystan bu sebite Ýewraziýada strategik durnuklylygyň ygtybarly zolagy, ählumumy häsiýete eýe bolan giň gerimli energetika, ulag, ekologiýa taslamalarynyň amala aşyrylýan ýeri hökmünde garaýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň barha artýan derejesine ýokary baha berýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy hem-de onuň dowamynda gazanylan möhüm ylalaşyklar şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şol ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine iki tarapyň hem ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistan bilen Gazagystan Hazar deňzinde hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak ýörelgeleri esasynda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam ederler. 2018-nji ýylda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň mazmunyna berk ygrarlylyk tassyklanyldy. Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň öňdäki VI sammitinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary we mümkinçilikleri hakynda düýpli pikir alyşmalary dowam etmek barada ylalaşyga geldik diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasy Owganystanda tizden-tiz parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar edilmegi, goňşy ýurduň sebit ykdysady, düzümleýin taslamalaryna netijeli goşulyşmagy ugrunda çykyş edýärler. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça owgan meselesi babatdaky gepleşikleri dowam etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşiklerde ekologiýa, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn orun berildi.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, özara bähbitli häsiýetiniň bellenilendigi we onuň giňeldilmegine hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine taýýarlygyň tassyklanylandygy barada aýtdy. Energetika, ulag, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy we beýleki birnäçe pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlyga iki ýurduň işewür toparlaryny giňden çekmegiň möhümdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem iki döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketlerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklary höweslendirmäge özara taýýarlygy tassykladyk diýip belledi.

Ylym, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi, bu hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan giňeldilýär hem-de yzygiderli, uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar. Şu gezekki saparyň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň birnäçe iri ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalar muňa şaýatlyk edýär, bu ylalaşyklar ylmy işleri geçirmek, talyplary alyşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalary işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Biziň ýurdumyz Gazagystan Respublikasynyň öz okuw mekdeplerinde türkmenistanly ýaş hünärmenleri taýýarlamak işine yzygiderli ýardam edýändigine ýokary baha berýär we minnetdarlyk bildirýär.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary Gazagystanyň biziň ygtybarly dostumyzdygyny hem-de jogapkärli hyzmatdaşymyzdygyny görkezdi diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Gazagystana Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny we ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris, öz nobatynda, Türkmenistan hem Gazagystanyň ähli oňyn başlangyçlaryny goldaýar diýip belledi.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hut özüniň uly üns berýändigi üçin aýratyn minnetdarlygyny beýan edip, biz şu gezekki saparyň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýäris, onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip nygtady.

Şu gün Türkmenistan bilen Gazagystan uzak geljegi nazarlaýan ýakyn we köpugurly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny hem-de gyzyklanmalaryny ýene bir gezek görkezdi. Bularyň ählisi iki doganlyk halkyň bähbitlerine kybap gelýär, olaryň abadançylygynyň we ösüşiniň bähbidine hyzmat edýär, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň goralyp saklanylmagyna we berkidilmegine uly goşant bolar diýip, döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmesiniň ahyrynda nygtady.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, şu gün birnäçe wajyp resminamalaryň tutuş tapgyrynyň kabul edilendigini belledi. Şolaryň arasynda Hazar deňzinde Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň delimitasiýasy we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk böleklerini araçäklendirmek hakynda Şertnama, şeýle hem Döwlet serhediniň düzgüni hakynda Hökümetara ylalaşyk aýratyn orun eýeleýär. Şeýlelikde, biz ýurtlarymyzyň arasyndaky guryýer hem-de deňiz serhetlerini hukuk taýdan resmileşdirmegi tamamlaýarys diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany nygtady.

Taraplar doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna iki tarapyň hem çalyşýandygyny tassykladylar. Örän mazmunly hem-de netijeli gepleşikler geçirildi. Şolarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ilkinji derejede üns berildi, meseleleriň giň gerimi boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sözüni dowam edip, şu ýyl özara söwdanyň möçberiniň ep-esli ýokarlanandygyny belledi. Şunda biziň ýurtlarymyz haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir. Energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklar boýunça giň mümkinçilikler bar. Şonuň üçin özara söwdanyň möçberlerini düýpli artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny kabul etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Iki ýurduň Hökümetlerine harytlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin özara eksport mümkinçiliklerini ulanmak tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Gazagystanyň metallurgiýa, maşyngurluşyk, nebithimiýa, azyk we derman senagaty önümleriniň iberilişini artdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Gazagystan tarapyndan türkmen bazaryna iberilip bilinjek harytlaryň sanawy taýýarlanyldy. Oba hojalyk önümlerini, ilkinji nobatda, uny we bugdaýy eksport etmegi artdyrmagyň geljegi uly hasaplanýar.

Demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat şertler bar. Gazagystanyň kompaniýalary häzirki zaman lokomotiwlerini, ýolagçy wagonlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň demir ýollary üçin toplaýjy bölekleri eksport etmegi giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler.

Şonuň bilen birlikde gepleşikleriň dowamynda aerokosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Has netijeli ykdysady kooperasiýa üçin iki ýurduň Hökümetlerine maýa goýumlary höweslendirmek hem-de goramak hakyndaky Ylalaşyga gol çekmegi çaltlandyrmak tabşyryldy. Şeýle hem taraplar ykdysadyýetiň birnäçe ugurlarynda bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünde işlemäge taýýardyklaryny tassykladylar. Gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen gazyny özara kabul ederlikli nyrhlar boýunça Gazagystanyň bazaryna ibermegiň mümkinçiligine garamak barada ýüzlenendigini habar berip, döwlet Baştutanymyzyň bu meseläniň çözülmegine maksatlaýyn, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi baradaky pikirini doly goldaýandygyny aýtdy.

Özara söwda-ykdysady kuwwaty hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek üçin Gazagystan her ýyl sebitara forumlary geçirmegi teklip etdi, çünki bu usul özüniň netijeliligini görkezdi. Degişli işiň netijeleri boýunça Mangistau hem-de Balkan welaýatlarynda awtoulag ýük terminaly bolan serhetýaka söwdanyň Ýörite zolagyny döredip bolardy. Belent mertebeli myhman beýan edilen pikir babatda iki ýurduň Hökümetleri tarapyndan bu mümkinçilige garamaga degişli pikirini aýtdy.

Uly kuwwata eýe bolan üstaşyr ulag ulgamy hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň wajyp meselesi boldy. Bu ugurda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran magistralyny doly güýjünde ulanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem ýurtlaryň ikisinde-de ýük daşalyşynyň mukdaryny artdyrmagy höweslendirmek üçin nyrh syýasaty babatda amatly ýagdaýy döretmegiň, ýük daşamagyň şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasynda logistik hyzmatdaşlyk boýunça hem giň mümkinçilikler bar. Awtoýol kommunikasiýalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, gazak tarapy milli Liderimiziň Gazagystan ugry boýunça täze awtoýoly ulanmaga bermek üçin Garabogaz aýlagynyň üstünden köpri gurmak baradaky başlangyjyny goldady hem-de bu geljegi uly taslamany bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gepleşikleriň esasy meseleleriniň biriniň durnukly, uzak möhletleýin döwletara hyzmatdaşlygyň ygtybarly şerti bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan ybarat bolandygyny nygtady. Özara Medeniýet günlerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol eýýäm 2022-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hakynda teklibini aýtdy. Bu döredijilik çäresi ýurduň medeni durmuşynda ähmiýetli waka öwrülip, gürrüňsiz, üstünlige beslener.

Şonuň bilen birlikde bilim ulgamynda özara hereketleri çuňlaşdyrmak arkaly, ýaşlaryň gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygy tassyklanyldy. Şunda Gazagystan türkmen tarapynyň bu hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti barada aýdan pikiri bilen doly ylalaşýar. Şeýle hem şu gün sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda, ilkinji nobatda, işleri utgaşdyrmagy dowam etmegiň hem-de Merkezi Aziýada sebit kooperasiýasynyň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Şu jähetden, taraplar Türkmenbaşy şäherinde üstünlikli geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.

Owganystandaky ýagdaý giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalary dowam etmegiň zerurdygy bellenildi. Şunda owgan meselesi boýunça Gazagystanyň we Türkmenistanyň garaýşynyň köp babatda meňzeşdigi nygtaldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, umuman, gepleşikler halkara ähmiýetli meseleleriň köpüsi boýunça garaýyşlaryň umumydygyny hem-de ýakyndygyny ýene-de bir ýola tassyklady. Gazagystan tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde pugta goldanylýandygy beýan edildi.

Gazagystanyň Lideri bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, şu günki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine, döwletara hyzmatdaşlygy strategik belentliklere çykarmak üçin täze gözýetimleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew çykyşyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geljek ýyl özi üçin islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Gazagystana gelip görmäge çagyrandygyny habar berdi.

Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalaryna hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, şu gün biz gözel paýtagtymyz Aşgabatda gazak dostlarymyzy kabul edýändigimize şatdyrys, biziň özara gatnaşyklarymyz elmydama hoşniýetliligi bilen tapawutlanýar hem-de ynanyşmagyň mäkäm däplerine esaslanýar diýip belledi.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, dünýäniň köp ýurtlary bilen işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gazagystan bilen özara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy biziň daşary syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Bizi ýakyn dostluk gatnaşyklary, taryhy umumylyk hem-de iki ýurduň halklarynyň medeni ýakynlygy baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dürli derejelerdäki netijeli gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan Gazagystan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň derejesine hem-de ynanyşmak häsiýetine ýokary baha berýär we onuň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin zerur tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ählimiz Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi özüniň döredijilikli işi hem-de ýokary hünär derejesi bilen çuňňur hormata mynasyp bolup, halkara derejede ykrar edilen görnükli syýasy işgär hökmünde tanaýarys. Ol köp ýyllaryň dowamynda dürli diplomatik wezipeleri eýeläp, diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä möçberinde-de parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge saldamly goşant goşdy.

Ol türkmen-gazak gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly üns berýär we häzirki wagtda dostlukly Gazagystanyň Prezidenti hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşýar. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýewiň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesini eýelän döwründe Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny ilerletmäge beren goldawyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlardan ugur alyp, Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak hakynda kabul edilen çözgüdi aýratyn şatlyk bilen yglan etdi. Türkmenistanyň Baştutany gazagystanly kärdeşini bu ýokary sylag bilen gutlap, oňa we onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryna berk jan saglyk we işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen hormat üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany bu çözgüde hem-de sylaga iki doganlyk ýurduň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany, döwletlerimizi has-da ýakynlaşdyrmagy, gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy özara maksat edinmegiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady.

Ordeniň adynyň özi köp zatdan habar berýär. “Bitaraplyk” — bu Türkmenistanyň tutuş halkara syýasatynyň, onuň dünýä jemgyýetçiligindäki hakyky abraýynyň düýp mazmunydyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda ähli gazananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen Liderini dünýäde görnükli we abraýly döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar hem-de hormatlaýarlar.

Geçen ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belledi. Ýurt bu derejä pugta eýerip hem-de mynasyp derejesini saklap, döwlet gurluşynda ajaýyp üstünlikleri gazanmak bilen, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, deňhukukly hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmegine uly goşandyny goşýar.

Gazagystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň durnukly ösüş we rowaçlyk ýoly bilen öňe tarap yzygiderli hereketini dowam etjekdigine ynam bildirip, özüne gowşurylan ýokary döwlet sylagy üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli gahrymanlar — merdana Watan goragçylary baradaky hakydany ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Gazagystanyň Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda goňşy döwletiň Baştutany mizemez türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Şol gün belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza gazak halkynyň adyndan dost-doganlygyň nyşany hökmünde Gazagystanda öndürilen awtobusy sowgat berdi.

Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Şonda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44654

26.10.2021