Sanly hyzmatlaryň ösüşi

Häzirkizaman innowasion ösüşiň önümi bolan sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagy olaryň işiniň kämilleşmegine oňyn şert döredýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata döwrebap derejede hyzmat etmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «QR-kod», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar.

«Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge we çaltlandyrmaga, tölegler geçirilende wagty tygşytlamaga oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol, howa ýoly peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlylyklaryndan peýdalanyp bilýär. Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 761,5 we 38,2 müňe ýetdi, ýagny, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,3 esseden we 1,5 esseden gowrak artdy. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8,2 milliard manatdan geçdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,4 esseden gowrak ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň käbir banklary tarapyndan galtaşyksyz töleg tehnologiýasy bilen işleýän bank kartlary hem ulanyşa goýberildi. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlarymyza bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda «QR-kod» ulgamy arkaly hasaplaşyklary geçirmek boýunça mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralarynda ilata uzak aralykdan bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça arzalaryny elektron usulda kabul etmek we bu boýunça tölegleri onlaýn görnüşde tölemek, karz almaga isleg bildirýän raýatlara arzalary elektron görnüşde kabul etmek we müşderä onuň ýagdaýy barada onlaýn habar bermek hyzmaty, ýagny, «onlaýn-kabulhana» döredildi. Şeýle döwrebap işleriň geçirilmegi bank ulgamynda raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döredýän sanly bank amallarynyň görnüşiniň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär.

Işjeňligi bilen müşderileri özüne çekýän beýleki sanly bank hyzmatlary bolsa «Elektron gapjyk» diýlip atlandyrylýar. Elektron gapjyk — bu nagt pullary ulanmazdan, karz edaralaryndaky hasaplar boýunça pul serişdeleriniň hereket edýän dolanyşygydyr, ýagny, nagt däl hasaplaşykdyr. Häzirki wagtda daşary ýurt tejribesinde hakyky wagt tertibinde degişli bankyň internet sahypasynyň üsti bilen kiçi möçberdäki tölegleri amala aşyrmak üçin Elektron gapjyk hyzmatynyň has giňden ulanylýan görnüşleri bar. Muňa mysal hökmünde «Web money», «Yandex money», «Qiwi wallet», «Perfect money», «Elecsnet» «Pay pal», «Payeer» we beýlekileri görkezip bolar. Şeýle görnüşli internet arkaly haryt we hyzmatlaryň tölegleri geçirilende, goraglylygy, amallaryň çalt geçirilmegi hem-de hyzmatlaryň amatlylygy bilen müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem elektron töleg hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän bank amallarynyň sany artdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Mysal hökmünde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgal pay», Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Talyp tölegi» onlaýn hyzmatlaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

Güneş AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlary bölüminiň baş hünärmeni.