Ýakynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetikleriniň buýsançly başlaryny belende göterdi. Olaryň käbirleriniň şeýle il-ýurt bähbitli işiň başynda duran hormatly Prezidentimize alkyşdan doly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.
Güljahan NURYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň bölüm başlygy:
— Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi uly dabara bilen işe girizildi. Energetika pudagynyň işgärleri üçin bu waka ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar. Şäherlerimize, şäherçedir obalarymyza, her bir maşgala ojagyna ýylylyk paýlamakda pudagyň işçi-hünärmenleri bolup, saldamly goşandymyzy goşýarys. Biziň zähmet çekýän Derweze döwlet elektrik stansiýamyzda ýokary iş şertleridir mümkinçilikler bar. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir.
Güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň artmagyna şert döredi.
Halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýändigi, şeýle ajaýyp desgalary gurduryp berýändigi üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.
Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni:
— Toý-baýramlara beslenýän şöhratly ýylymyzda dürli maksatly desgalaryň yzygiderli açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri diňe biziň etrabymyzyň çäginde iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy tamamlandy hem-de dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle desgalaryň arasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi, döwrebap ýyladyşhana toplumy, umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi, dört gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary bar.
Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine sanly ulgam arkaly ak pata berdi. Iki zynjyrly täze asma elektrik geçiriji howanyň islendik şertlerinde hem ildeşlerimiziň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmegine mümkinçilik berer. Bu taryhy wakanyň şanyna welaýatymyzyň merkezindäki Medeniýet öýünde geçirilen aýdym-sazly hoşallyk maslahatyna hem gatnaşdyk. Bu maslahatda şeýle ajaýyp desgalary gurduryp, baky bagtyýarlykda ýaşamagymyz babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bagtyýar şu güni we nesilleriň röwşen geljegi üçin durmuşa geçirýän döwletli tutumlary hemişe rowaçlyga beslensin!
Röwşen KERIMOW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň hünärmeni:
— Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň gurluşygy üstünlikli tamamlanyp, ol dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Kämil enjamlar bilen amala aşyrylan bu taslamany «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň degişli düzümleriniň, ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.
Birinji tapgyrda ýurdumyzyň iki welaýatyny birikdiren ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün edýär, daşarky bazarlara eksport edilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu il-ýurt bähbitli işiň ýerine ýetirilmegine ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky degişli düzümler bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň energogurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň hem gatnaşandyklaryna buýsanjymyzyň çägi ýok. Bu geçirijiniň 254,6 kilometri biziň welaýatymyzyň çäginden geçýär. Geljekde bu aralykda täze podstansiýalaryň üçüsini gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň dörediljekdiginiň hem subutnamasydyr.
Dünýä nusgalyk taslamalaryň gurluşygynyň ýene birini bize — türkmen energetiklerine ynanyp, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýäris.
Arazdurdy FAPAROW,
Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň başlygy:
— Biz hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynda halkalaýyn ulgamy döretmek babatdaky taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanyşa girizilmeginiň şaýady bolduk. Şeýle tutumly işleri diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwletde amala aşyryp bolýar. Bu döwletli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, diňe bir Ahal we Balkan welaýatlarynyň üznüksiz tok üpjünçiligi berkidilmän, eýsem, daşarky bazara ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döredi. Şonuň bilen birlikde-de bu asma elektrik geçiriji arkaly welaýatymyzyň çägine iberiljek elektrik energiýasy netijesinde, Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, sebitimiziň etrapdyr şäherlerindäki ähli edara-kärhanalaryň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da ygtybarly derejä çykaryldy.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu möhüm taslamany öz wagtynda we üstünlikli amala aşyrmak üçin energetiklerimize dünýäniň ösen döwletlerinden döwrebap tehnikalary we ähli zerur enjamlary satyn alyp beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.
Ýazga geçirenler Aýdo ŞEKEROW, Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçylarymyz). Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Andreý PAKULOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44649
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.
Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Iki döwletiň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň örän möhümdigini ykrar edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, çuňňur medeni-ruhy gatnaşyklaryna esaslanan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge örän uly goşant goşandyklaryny belläp,
Halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine, serhetleriň mizemezligine, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyga, deňhukuklylyga we özara bähbide hormat goýmagyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändiklerini beýan edip,
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky durnukly we ynanyşmaga esaslanýan häsiýetli gatnaşyklaryň iki doganlyk döwletiň esasy bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynam bildirip,
Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki Şertnamanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, Prezidentler şular barada beýan edýärler:
Döwletleriň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda hemmetaraplaýyn berkitmegiň uzak möhletleýin ugrunyň üýtgewsizdigini tassykladylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna we bähbidine özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge pugta eýerýändiklerini beýan etdiler.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna täze itergi beren Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ähmiýetini belläp, taraplar ýokary, belent we beýleki derejelerde işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş etdiler.
Prezidentler Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparynyň dowamynda gol çekilen Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamanyň möhümdigini bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek işini doly tamamlamaga mümkinçilik berer.
Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň baglaşylmagynyň döwlet serhedinde durnuklylygy üpjün etmek işine, serhet meselelerini dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ruhunda düzgünleşdirmäge hyzmat etjekdigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Döwlet serhediniň iki doganlyk ýurduň we halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk serhedi bolup galmagy üçin mundan beýläk-de çäreleri görerler.
Iş ýüzünde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge umumy çalyşmakdan ugur alyp, Prezidentler söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljegi uly bolan mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Baştutanlar Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň utgaşdyryjy edara hökmündäki, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.
Döwletleriň Baştutanlary obasenagat toplumynyň, maşyngurluşygyň, azyk we ýeňil senagatyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň kärhanalarynyň önümçilik kooperasiýasyny ösdürmegiň, bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler.
Prezidentler haryt dolanyşygyna ýokary goşulan bahaly önümleri çekmek arkaly, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň we onuň sanawyny giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.
Taraplar telekeçilik işi, harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem özara esasda işewürlik maslahatlaryny we senagat önümleriniň milli sergilerini geçirmek üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmek ugrunda çykyş edýärler.
Prezidentler ulag-kommunikasiýa ulgamynda daşarky bazarlara örän gysga ýol bilen we netijeli çykmagy üpjün edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar. Uzen (Gazagystan) — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek (Türkmenistan) — Gorgan (Eýran) demir ýoly boýunça demir ýol gatnatmalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellendi. Bu gatnaw ugry Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň çäkleri boýunça üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün edýän bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.
Taraplar ulag ulgamynda iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýän möhüm taslamalary goldamagy mundan beýläk-de dowam etdirerler.
Prezidentler ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Ylym we tehnika, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Taraplar iki ýurduň ýaşlaryna goldaw bermäge, şol sanda ýaş nesillere ruhy-ahlak taýdan terbiýe bermäge we olaryň jemgyýetiň bähbitlerine zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny goldamaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmegi hemmetaraplaýyn höweslendirerler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna 2022-nji ýylda Türkmenistanda we Gazagystan Respublikasynda özara esasda Medeniýet we kino günlerini guramak tabşyryldy.
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellediler, dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň çäklerinde hem, şol sanda Almaty şäherindäki Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýa sebit maglumat utgaşdyryjy merkeziniň (MASMUM) çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş etdiler. 2022-nji ýylda bu merkeziň direktory wezipesini Türkmenistanyň wekili eýelär.
Taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, şeýle hem halkara parahatçylyga wehim salýan çozuş hereketlerine garşy göreşmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada bir bitewi garaýşy beýan etdiler.
Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de forumlarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmegi we özara goldaw bermegi mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanmanyň bardygyny nygtadylar.
Hazar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Prezidentler Hazarýaka döwletleriň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamakda, Hazarda ykdysady ösüşi ilerletmekde esasy orny eýeleýändiklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde hyzmatdaşlyga itergi bermäge, sebitiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga we olary çözmek üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda VI Hazar sammitini geçirmegiň, onuň mazmunynyň düzümini ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetini bellediler. Bu sammitiň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirildi. Bu sammit Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň häzirki zaman hukuk esaslaryny emele getirmäge goşant goşar, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.
Döwletleriň Baştutanlary Aral deňziniň sebitinde, aýratyn-da, ekologiýa kynçylyklary bolan zolaklarda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini ykrar etdiler.
Prezidentler suwuň, atmosfera howasynyň hapalanmagyny, ýerleriň zaýalanmagyny azaltmaga, bag nahallary ekilen zolaklaryň meýdanlaryny artdyrmaga, tebigy betbagtçylyklaryň, şol sanda suw joşmalarynyň, sil akymlarynyň, gurakçylygyň töwekgelçiliklerini azaltmaga, şeýle hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen ylalaşylan çäreleri görmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar.
Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara alyp we olaryň gatnaşmagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigi bellenildi.
Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýandygyny we bu sebitde häzirki döwürde ýaşaýan onlarça million adamlaryň we geljekki nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly we rejeli ulanylmagyna baglydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, açyk gepleşikleri dowam etdirmegiň, özara düşünişmegi berkitmegiň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara kabul ederlikli, adalatly we netijeli çözgütleri gözlemegiň zerurdygy ykrar edildi.
Döwletleriň Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygynyň örän möhüm meselelerine seretmek üçin meýdança bolup hyzmat edýän, sebitde dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny emele getirmäge ýardam edýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmegi goldadylar.
Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen konsultatiw duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň doly möçberde durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş etdiler.
Iki döwletiň Baştutanlary ýadro ýaragsyzlanmagy we ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk işinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamany we Gazagystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 5-nji dekabryndaky 70/57 Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak hakyndaky ählumumy Jarnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Prezidentler Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we bütindünýä derejesinde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýändigini we döwletleriň arasyndaky parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtap, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Rezolýusiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Iki döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda başlanan ynanyşmak we medeniýetleriň hyzmatdaşlygy mowzugynyň dünýäniň üns merkezinde galmalydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Rezolýusiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga goldaw berilýändigi beýan edildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Maslahata (AÖHYBÇM) Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde goşulmagyny goldady. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň AÖHYBÇM-a başlyklyk etmegine ýokary baha berdi. Döwletleriň Baştutanlary bu düzümiň Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmek üçin köptaraplaýyn platforma hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, sebitde ynanyşmagy, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, AÖHYBÇM-nyň çäklerinde işjeň özara hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.
Şol bir wagtda-da Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamagyň meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna we bölünmezdigine düşünip, döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky başlangyjyna goldawyny beýan etdiler, bu model ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek üçin platforma hökmünde garadylar.
Iki döwletiň Baştutanlary arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýokanç keselleriň çalt ýaýramagyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň häzirki döwürde iki ýurduň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigi barada bir bitewi garaýşy beýan etdiler. Taraplar koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň netijesinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň birek-birege goldaw berýändiklerini we raýdaşlyk bildirýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak, sanjymlary, derman serişdelerini we beýleki lukmançylyk we derman önümlerini öndürmek, olar bilen üpjün etmek babatda ýörite ugurlar boýunça düzümleriň arasynda özara hereketleriň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebit mehanizmini, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş Usulyýet merkezini, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin merkezini döretmek baradaky başlangyjyna goldawyny beýan etdi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň biologik we biotehnologik howplar babatda howpsuzlyk we gözegçilik çärelerini görmäge, biologik işläp taýýarlamalary diňe parahatçylyk maksatlary üçin ulanmaga ýardam bermäge, şonuň netijesinde, parahatçylygy goldamaga, Ýer ýüzüniň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Halkara biologik howpsuzlyk boýunça agentligi (HBHA) döretmek baradaky başlangyjynyň möhümdigi we ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Almatyda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça BMG-niň merkezini, Halkara biologik howpsuzlyk boýunça agentligi, kesellere we biohowpsuzlyga gözegçilik etmek boýunça sebit merkezleri ulgamyny döretmek, Ösüş maksady bilen Meýletinçileriň tagallalaryny birleşdirmegiň halkara ýylyny yglan etmek baradaky başlangyçlaryna goldawyny beýan etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna görkezilen myhmansöýerlik, mähirli garşylanandygy we hoşniýetlilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen barmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart TOKAÝEW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabry.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44653
Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly düzüldi.
Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz Gazagystanyň Liderine duz-çörek hödürledi hem-de gül desselerini gowşurdy.
Belent mertebeli myhman Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalyna geçýär, bu ýerde olaryň söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi.
Dostlukly döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana bu gezekki sapary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de baýlaşan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasylarynyň biridir. Bu babatda umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Biziň ýurtlarymyzy diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, iki doganlyk halkyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýakynlygy hem birleşdirýär. Ata-babalarymyzyň miras goýan özara hormat hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri Türkmenistan we Gazagystan döwlet özbaşdaklygyna eýe bolanlaryndan soň, diňe bir saklanyp galynman, has-da baýlaşdyryldy.
...Günüň ikinji ýarymynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.
Ýurdumyza gelýän belent mertebeli myhmanlaryň bu topluma baryp görmegi asylly däbe öwrüldi. Ol türkmen halkyny ýakyndan tanamaga, onuň ruhubelentligini hem-de häsiýetini duýmaga ýardam edýär. Ýelden ýyndam bedew şonuň nyşany bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, milletimiziň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp gelnen baý taryhy-medeni mirasy häzirki wagtda üstünliklere we belent sepgitlere beslenip gurulýan täze durmuşyň, egsilmez döredijilik kuwwatynyň mizemez binýadyna öwrüldi.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň dünýägaraýyş ulgamynyň binýadyny düzýän taryhy köklerine, ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygy Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň sözi işden aýra düşmeýän ygtybarly, mynasyp hem-de açyk hyzmatdaş hökmündäki abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. Elmydama beren sözünde durýan, dostlugyň hem-de mertebäniň ýörelgelerine wepalylyk, gaýduwsyzlyk hem-de parasatlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tanalýan türkmen halky bedewe uly hormat-sarpa goýupdyr. Hut şonuň üçin halkymyzyň medeniýetinde behişdi bedewleriň keşbi elmydama ahlaklylygyň, durnuklylygyň, maksada okgunlylygyň, gözelligiň, ýagşylygyň çelgisi, paýhasyň hem-de döredijilik joşgunynyň, ruhubelentligiň, zehiniň we jepakeşligiň sazlaşygynyň nyşany hökmünde kabul edilýär...
Atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Milli Liderimiz gazagystanly kärdeşini ýurdumyzda iri atçylyk merkezleriniň biri bolan bu topluma girmäge çagyrýar. Bu ýerde arassa ganly ahalteke bedewlerine ideg etmek, tälim bermek, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolmak bilen, adamzat paýhasynyň tebigat bilen sazlaşykly zähmetde döreden gözelliginiň we ajaýyplygynyň özboluşly netijesidir. Bu gün Türkmenistanda bedewler taryhy tejribäniň, ruhubelent zähmetiň hem-de ösüşlere tarap ynamly gadamyň nyşany bolup durýar.
Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite syn ediş meýdançasynda naýbaşy ahalteke bedewlerini synlaýarlar.
Naýbaşy bedewler yzly-yzyna maneže çykarylýar hem-de olaryň her biriniň nesil ugry, häsiýetleri, artykmaçlyklary hem-de gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Behişdi bedewlerimiziň kalbyňy joşdurýan ajaýyp gözelligi, seýkin basyp ýöreýşi göreni haýrana goýýar.
Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilen hem-de ussat seýisler tarapyndan seýislenen ahalteke bedewleri özüniň çydamlylygy we ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Görnükli türkmen seýisleri geçmişde ajaýyp atlary köpeltmegiň hem-de terbiýelemegiň tärlerini gowy bilipdirler, olaryň gelip çykyşyny hem-de nesil ugurlaryny öwrenipdirler. Bu däpler häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmakda ägirt uly hyzmatlary bitirdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagy täze sepgitlere ýetdi, Diýarymyzda onuň düzümlerini ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sportuň at üstündäki görnüşlerini hem-de bu ugurdaky milli däpleri wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu gün Türkmenistanda bedewler ählihalk söýgüsine mynasyp bolup, asyrlaryň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň, belent sepgitleriň, ýeňişleriň, ruhubelentligiň we ýadawsyz zähmetiň janly nyşanyna öwrüldi.
Soňra bu ýerde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Bu topar köp sanly halkara bäsleşikleriň we festiwallaryň ýeňijisi hem-de laureaty boldy. Bu toparyň jigitleri ähli ýerde, şol sanda daşary ýurtlarda hem iň bir talapkär tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başarýarlar. Olar at üstündäki oýunlary söýýänleri türkmen halkynyň atçylyk sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.
Ilki bilen, meşhur Akhan milli sazyň owazy astynda özüniň täsin hereketlerini görkezdi. 2018-nji ýylda onuň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçendigini we ozal görkezilen netijäni iki esse gowulandyrandygyny bellemek gerek. Akhanyň görkezijisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ahalteke bedewiniň haýran galdyryjy üstünligi tötänden däldir. Bu täsin bedewi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi seýisledi. Ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň bilermeni bolan döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň hüý-häsiýetini gowy bilýär hem-de olaryň her birine özbaşdak çemeleşmeleri tapýar. Olar hem milli Liderimize doly ynam we wepadarlyk bilen bakýarlar.
Ezber çapyksuwarlar şowhunly milli sazyň astynda okdurylyp barýan ajaýyp ahalteke bedewlerinde ýene bir gezek özleriniň ussatlygyny, ruhuňy joşduryjy täsin, çylşyrymly akrobatik tilsimlere beslenen çykyşlary görkezdiler. Ahalteke bedewleriniň çapyksuwarlaryň erki bilen gadymy “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirmegi dabaranyň aýratyn bezegi boldy. Bu özboluşly atçylyk-sport çykyşy ýurdumyzda bolýan belent mertebeli myhmanda uly täsir galdyrdy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň, şeýle hem bütin dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine, asyllylygyna tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi. Şöhratly pederlerimiziň däplerini mynasyp dowam etdirýän türkmen jigitlerine hoşallyk sözleri aýdyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň adyndan Gazagystanyň doganlyk halkyna Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti S.Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Böwser atly ajaýyp aw tazysyny gazak halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde gowşurdy.
Belent mertebeli myhman Gazagystanyň halkyna bildirilen hormat we ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen uzak geljegi nazarlaýandygyny, iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdürilýändigini aýratyn nygtady.
25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-gazak duşuşygy köpasyrlyk mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm tapgyr bolar.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň ugurlar açylýar. Döwletara gatnaşyklaryň gazanylan ýokary derejesi Türkmenistan bilen Gazagystanyň netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin, strategik häsiýet mahsusdyr. Statistiki maglumatlar, döwlet, hökümetara hem-de pudagara derejelerde gol çekilen köp sanly resminamalary öz içine alýan iri kadalaşdyryjy hukuk binýady, şeýle hem yzygiderli esasda geçirilýän, hökümet hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň derejesinde guralýan syýasy geňeşmeler muňa şaýatlyk edýär.
Dürli derejelerdäki wekiliýetleriň saparlarynyň yzygiderli guralmagy, iki döwletiň Baştutanlarynyň şahsy gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygy depginli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Kasym-Žomart Tokaýewiň geçirýän duşuşyklary, olaryň özara mähirli hem-de ynanyşmak gatnaşyklary Türkmenistanyň we Gazagystanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli amala aşyrylýan däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge çalyşýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Doganlyk döwletleriň Liderleri taraplaryň ýola goýlan netijeli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitlilik esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça anyk ädimleri ätmäge elmydama taýýardygyny tassyklaýarlar. Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda iki ýurduň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy.
Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenilýär.
Biziň ýurtlarymyzy häzirki wagtda möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça ösdürilýän ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde türkmen hem-de gazak halklarynyň köpasyrlyk taryhy däpleri birleşdirýär. Hut şonuň üçin hem döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.
Aşgabatdaky ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasyndaky ynanyşmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen wajyp resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Ýokary derejedäki duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlardaky baý mümkinçiligi netijeli durmuşa geçirmäge, uzak möhletleýin esasda täze, möhüm ugurlara çykmaga ýardam eder.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44456
Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Hytaýyň Hökümetiniň dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň durnukly depginlerini saklaýan, döwrüň wajyp meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolup çykyş edýän Hytaý bilen däp bolan gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlige üns çekildi. Şonda iki ýurduň Liderleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline HHR-iň Başlygy Si Szinpine ýollaýan hatyny berdi. Şol hatda milli Liderimiz strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli ugurlarda ösdürilýändigini hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Hytaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň ähmiýetini nygtap, onuň jemleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda BMG-niň gün tertibiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň hem-de beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldamagynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini ýatlatdy. Şol duşuşyk şeýle forumlary geçirmegiň esasyny goýdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegini guramagy maksat edinýändigini nygtady.
Bu gün Hytaý hem-de Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň has oňaýly ýörelgesini işläp taýýarladylar. Şol ýörelge taraplaryň her biriniň milli bähbitlerini we Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly hem-de ýokary derejede ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyran türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazarda tutup, öňde durýan wezipeleriň ýakynlygyny utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzir bu ýol döwrebap derejede, hil taýdan täze görnüşde gaýtadan dikeldilýär.
Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň beýleki möhüm ugurlarynda, hususan-da, ulag-aragatnaşyk toplumynda, energetika, dokma, himiýa pudaklarynda, azyk senagatynda, obasenagat toplumynda, saglygy goraýyşda, maglumat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hem-de geljegi has uly görünýän beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etmäge gyzyklanmalar beýan edildi.
Ilçi bütin dünýäden mümkinçiligi uly maýadarlaryň we kompaniýalaryň ýyl-ýyldan barha köp sanlysyny özüne çekýän geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hytaý işewürliginiň içgin gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň işine hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam edýän ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlaryna uly orun berilýär.
Ynsanperwer ulgam gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Diplomat türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özüniň tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44458
Döwlet Baştutanymyz halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmäge badalga berdi
Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.
Elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda energetika wajyp orny eýeleýär, şoňa görä-de, bu möhüm pudagyň ösdürilmegine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun berilýär.
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijileri, paýlaýjy kiçi elektrik beketleri bina edilýär, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi hem-de pudagy ösdürmäge goýulýan ägirt uly maýa goýumlar netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň önümçilik kuwwatlyklary ençeme esse ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini doly üpjün etmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik işleriniň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimiziň öňde goýan maksady boýunça ähli welaýatlaryň has-da depginli ösdürilmegi göz öňünde tutulyp, ilkibaşdan kuwwatlygyň ençeme esse ätiýaçlyklaryny öndürýän, ozal hereket edýän energiýa ulgamlarynyň täzelenmegi hem-de işe girizilmegi bilen eýýäm ýakyn geljekde bitewi halka emele geler. Munuň özi, zerur bolanda, elektrik energiýasyny gerekli ugurlaryna paýlamaga hem-de ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň has oňaýly işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şu gün bu iri möçberli işleriň birinji tapgyry tamamlandy — Ahal we Balkan welaýatlaryny birleşdirýän ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi işe girizilýär. Bu ugur boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmäge degişli ähli işleriň döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde uly iş tejribesini toplan ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyrylandygy bellärliklidir.
Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji we 2021-nji ýyllaryň ýanwar aýlarynda kabul eden Kararlaryna laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşyp, Aziýanyň ösüş bankynyň uzak möhletli karz serişdeleriniň hasabyna zerur bolan enjamlary, serişdeleri hem-de ulag tehnikalaryny satyn aldy.
Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman kompýuter programmalary ornaşdyrylyp, şolar işi uzak aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň bellenilen ölçegleriniň ýerine ýetirilişine üznüksiz gözegçiligi üpjün eder.
Halkalaýyn düzüm welaýatlaryň hem-de Aşgabadyň energoulgamlarynyň arasynda özara ätiýaçlyk döretmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, energetikler sarp edijiler üçin oňaýsyzlyk döretmezden, energiýa toplumlaryny, elektrik podstansiýalaryny, elektrik geçirijileri abatlap we döwrebaplaşdyryp bilerler. Bularyň ählisi ýerli sarp edijileri — ýurdumyzyň şäherleri hem-de obalary bilen birlikde, her ýyl ulanyşa tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge, şonuň ýaly-da, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berer.
Elektrik energetikasy pudagynyň täze desgasynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilmeginiň mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy üçin çuňňur manysy bardyr. Çünki şeýle ägirt uly taslamalary amala aşyrmagy diňe ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletler başarýandyr. Şeýle derejä bu gün milli Liderimiziň baştutanlygynda rowaçlyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hem mynasypdyr.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen sanly ulgam arkaly Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hem-de Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow göni aragatnaşyga çykdylar.
Dabara teleköpri arkaly, bu ajaýyp waka mynasybetli Derweze we Awaza döwlet elektrik stansiýalaryna ýygnanan energetika pudagynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözüni uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly elektroenergetika pudagynyň zähmetsöýer işgärlerine ýüzlenip, şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň yz ýanynda ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady bolýandygymyzy belledi.
Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda işe girizýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu şatlykly waka bilen energetikleri we mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara-da ibermek, eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy pudagyň durmuşynda möhüm waka boldy. Şu resminama laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda sekiz sany döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, soňky döwürde pudakda geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary artdyrylýar.
Biz bu kuwwatlyklary welaýatlaryň arasynda paýlamak, energiýa ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek wezipesini öňde goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olaryň bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirýändigi bellenildi. Aşgabatdan günbatar-demirgazyga tarap Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy bolsa Türkmenistanyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.
Şu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyna girişildi. Onuň birinji tapgyrynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze elektrik geçirijini gurmak meýilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu gün türkmen gurluşykçylarynyň şeýle uly taslamanyň birinji tapgyryny üstünlikli durmuşa geçirendiklerini, munuň bolsa diýseň guwandyrýandygyny buýsanç bilen nygtady. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň iki sebitiniň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymy kadalaşdyrylar.
Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk mümkinçilikleri döredilip, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagy gazanylar. Nesip bolsa, biz geljekde bu taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň hem gurluşyk-gurnama işlerini dowam edip, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işini tamamlarys. Şeýlelikde, her hili howa şertlerinde hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň geljek üçin meýilnamalary barada aýdyp, Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijiniň hem döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Türkmen energetikleriniň bu möhüm wezipäni-de durmuşa geçirmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, il-ýurt bähbitli taslamalary üstünlikli amala aşyrjakdygyna berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli Liderimiziň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmäge ak pata berdi.
Tolgundyryjy pursat — elektrik geçirijini işe girizmek pursady gelip ýetýär. Bir wagtyň özünde düwmä basylyp, Ahal we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna goşulan täze elektrik geçirijiniň işine badalga berilýär.
Düwmä basylanda, ekranda täze howa elektrik geçirijisiniň işläp başlaýşynyň tehnologiýa usullary, soňra bu täze desga hem-de ýurdumyzyň energiýa ulgamy barada gürrüň berýän wideorolik görkezilýär.
Soňra Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşan hünärmenlere söz berildi. Olar geçirilen gurluşyk-gurnama işleri, gurluşykda ulanylan tehnikalar we gurallar, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu iri taslamanyň möhüm ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Ahal welaýat bölüminiň hünärmenleriniň adyndan Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynda ýygnananlary elektrogurnaýjy hünärmen B.Çaryýew täze elektrik geçirijiniň işine ak pata beren milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bu taslama Ahal — Balkan, Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça halkalaýyn ulgamy döretmegiň ilkinji tapgyry bolup durýar. Onuň amala aşyrylmagyna Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ähli kärhanalary we edaralary gatnaşdylar.
B.Çaryýew energetikleriň adyndan ýurdumyz we halkymyz üçin örän möhüm bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge hemme zerur şertleri döredendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Soňra A.Mämmetgylyjowa söz berildi. Ol Energetika ministrliginiň Balkan welaýat bölüminiň işgärleriniň we Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynda dabara gatnaşýan adamlaryň adyndan, açylmagy Watanymyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda möhüm waka bolan ýokary woltly elektrik geçirijiniň gurlandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Täze elektrik geçirijiniň ulanmaga berilmegi Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de ýurdumyzyň günbatar sebitiniň senagat kärhanalarynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Çykyş eden hünärmen halkara ähmiýete eýe bolan bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine beýleki welaýatlaryň energiýa gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen birlikde, Balkan welaýatynyň hünärmenleriniň hem işjeň gatnaşandygyny buýsanç bilen belledi.
A.Mämmetgylyjow elektroenergetika pudagynyň işgärleriniň adyndan Ahal — Balkan ýokary woltly elektrik geçirijini gurmakdaky ýadawsyz aladalary hem-de uly kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetikleri we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44457
Balkanabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Wise-premýer S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda sebitleri depginli ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda şu günki wakanyň ähmiýetini nygtady.
Häzir Watanymyzyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňsiz-taýsyz durmuş düzümli desgalary gurmak dowam edýär. Şolar türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilendir. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat bölüminiň täze binasy hem şeýle desgalaryň hataryna degişlidir. Onuň işiniň esasy maksady şahsy we edara görnüşli taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guralyny döretmekden hem-de bu ulgamda döwlet düzgünleşdiriş usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Durmuş taýdan ätiýaçlandyrmagyň ýaşaýşyň ölçeglerini kesgitleýän esasy ugurlaryň biridigini bellemek gerek. Bu ulgamyň özgerdilmeginde ýurdumyz dünýäniň umumy ykdysady ösüşiniň ýagdaýyny göz öňünde tutýar. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de täze hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikler açylýar.
Täze binanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “Altyn ganat” hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyzyň telekeçilik ulgamyny höweslendirmek baradaky meselelere hemişe üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze dolandyryş binasy bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýere ýygnananlar işlemek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Birinji gatda hünärmenleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglary, ikinji gatda bolsa giň maslahatlar zaly bar.
Täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallary ekilip, bagy-bossanlyk döredildi.
Dabara gatnaşyjylar welaýatlarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegine ýurdumyzda ägirt uly üns berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.
Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Olar aýdym-sazly çykyşlarynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we rowaçlygyň belentligine tarap ynamly barýan ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni joşgunly wasp etdiler.
Surata düşüren Andreý PAKULOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44455
Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzir döwletimiziň ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de öňdebaryjy kanun çykaryjylyk tejribesine laýyklykda, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik ýörelgeleri berkitmek boýunça geçirýän işleriniň aýratyn möhüm ähmiýetini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda, amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalaryny hukuk taýdan goldamak, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler geçirilýär. Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlar seljerilýär hem-de täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de amala aşyrmaga, ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär.
Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda dostlukly Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň döwletlerimiziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýar.
Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şol sapar dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýänlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibiniň rejelenen görnüşdäki taslamasy taýýarlanyldy. Durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini nazarda tutup, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar.
Resminamada Býujet kodeksine laýyklykda, karz bermegiň ugurlary giňeldildi we şertleri kämilleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karz alyja bir taslamanyň çäklerinde berilýän karz serişdeleriniň aňryçäk möçberleri kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň çykdajylardan artykmaç girdeji böleginiň netijeli ulanylmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu gaznanyň 2008-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Bu strategik ähmiýetli ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylmagy, göz öňünde tutulyşy ýaly, karz-pul syýasatyny alyp barmakda, ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamakda, milli we döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde maliýeleşdirilýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn täsirini ýetirýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň maksadalaýyk sarp edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forumyň Türkmenistanyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna eýe bolan strategik nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz şertleriniň biridir.
Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz hödürlenilen maksatnamany makullap, wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ol hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, degişli Karara laýyklykda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek möwsümi asylly däbe öwrüldi. Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda şäherleriň we obalaryň töwereginde, ulag ýollarynyň ugrunda ýaşyl zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde mundan beýläk-de ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, zerur enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy.
Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabarany ýokary derejede guramak maksady bilen, çäreleriň degişli meýilnamasy düzüldi.
Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esaslaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýet berilýän ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamanyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän çäreleriň şäherleriň we obalaryň energiýa bilen üpjün edilişiniň hilini gowulandyrmaga, öňde duran durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň wajyp wezipelerini çözmäge hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmäge hyzmat etjekdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler. Türkmenistan “EKSPO” sergilerine öň hem birnäçe gezek gatnaşdy, häzir bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergide ýurdumyzyň kuwwaty üstünlikli görkezilýär.
Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025”-iň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýädäki ýagdaýlara başlangyçlar arkaly gatnaşýan Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna peýdalanmagy teklip edip, dünýä derejeli maksatlar babatda öz garaýyşlaryny hem-de şolara ýetmekdäki mümkinçiliklerini açyk beýan edýändigini nygtady.
Häzir jemgyýet durmuşymyz üçin geljegi döretmek babatda täze açyşlaryň bosagasynda dur, şoňa görä-de ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä gözden geçirilişine gatnaşmagy bu ählumumy ýagdaýa öz goşandyny goşmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini görkezmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz halkara sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde anyk netijeleriň gazanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyklara hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň hem-de medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Olaryň işine döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Dürli döredijilik çärelerine, şol sanda maslahatlara, sergilere we bäsleşiklere, medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli çärelere taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň mundan beýläkki üstünlikleri köp babatda bu ulgamyň okgunly ösüşine baglydyr.
Milli Liderimiz bu ulgamyň edaralarynyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri ýüze çykarmagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramakda häzirki zaman usullaryny we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet hünär bilimi edaralarynyň işini kadalaşdyrýan düzgünnamalary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen şu baýramçylyk ýylynda “Bilim hakynda” Kanunyň täze, rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu möhüm ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrdy.
Wise-premýer degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan “Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda”, “Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda”, “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda” Düzgünnamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu resminamalaryň mazmunyna hünär bilimi ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilim işini dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalar hem-de düzgünler, döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bilim ulgamy umumy ykrar edilen halkara ölçegleriň derejesinde ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklary üçin ýaş, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly başlangyçlaryň ählisiniň üstünliginiň ýaş hünärmenleriň hünär biliminiň derejesine gönüden-göni baglydygyny nygtap, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek arkaly bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeň alyp barmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz döwlet hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassyklap we degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda öňdebaryjy iş usullaryny hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwürleýin neşir önümleriniň täze görnüşde işjeň ýaýradylmagynyň maglumat tehnologiýalarynyň artýan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendigini belledi. Neşirleriň sanly görnüşe geçirilmegi okyjylaryň täze neslini — ykjam we döwrebap enjamlardan peýdalanyjylary çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň web-saýtlarynda ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy, häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň» türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.
2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 7485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirildi. Şol döwürde Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2914 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri üstaşyr geçirildi hem-de 2046 daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri Türkmenistana getirildi.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi we onuň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, iki goňşy ýurduň arasynda import, eksport we üstaşyr ýükleriň mukdarynyň artdyrylmagyny, ýurtlaryň ulag-logistika mümkinçiliginiň doly ulanylmagyny we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmak üçin «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparyny» döretmek barada çözgüt kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Toparyň türkmen bölegini tassyklamak hakyndaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň täze üstünliklere beslenýändigini nygtady. Milli Liderimiz ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şol sanda şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Daşkende bolan resmi saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, geljegi uly meýilnamalaryň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam etmelidigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklaryň, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan gatnaşyklaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag ýollarynyň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap hem-de beýan edilen teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44385