Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz döwrebap ösüşlere beslenýär. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sanly ulgama geçirilýär, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda hem tapgyrlaýyn häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda bu ugurdan durmuşa geçirilýän işler bellenen möhletde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli üç tapgyrynda amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ýola goýuldy. Ulaglara ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, geçilýän okuw sapaklaryny onlaýn usulda özleşdirmäge uly ýeňillikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplary, usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşynda ýokary okuw mekdeplerinde ösen tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Elektron kitaplaryň nusgalary giňden ulanylýar. Talyplar multimedia serişdelerinden, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrylmasyndan netijeli peýdalanýarlar. Olar ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn arkaly guralýan ylmy maslahatlaryň we seminarlaryň işine gatnaşýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda elektron resminamalaryň dolanyşygyny üpjün etmekde, sanly aragatnaşygy has-da kämilleşdirmekde, ilata elektron hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna doly geçirmäge, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ykdysadyýetimize ornaşdyryp, ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär.
Hormatly Prezidentimiz hususy işewürleriň iş öndürijiligi bilen tanyşýar we öndürilen önümleriň hiline aýratyn üns berip, belliklerini aýdýar. Munuň özi sanly tehnologik serişdeleriň önümçiliginiň barha rowaçlanmagyna itergi berýär.
Ýurdumyzda sanly bilimi we ykdysadyýeti ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.