Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowa söz berildi. Ol Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olary aradan aýyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu toparyň üstüne adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrmak hem-de çözgütleri kabul etmek wezipeleriniň ýüklenendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meselelere geçdi. Onda häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, adamlaryň saglygyny, ömrüni goramagyň, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi we döwletimiziň bu ugurda ähli tagallalary edýändigini aýtdy.
Ýiti öýken sowuklamasy ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu ugurda beýleki döwletler bilen yzygiderli tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz saglygy goraýyş boýunça geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýar. Şeýle uly işleriň geçirilmegi netijesinde, biz häzirki döwürde Türkmenistanda koronawirus hadysalarynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar. Şoňa görä-de, adamlar ýurdumyza gelende, şeýle hem harytlar, şol sanda azyk önümleri ýurdumyza getirilende, nähili gorag çäreleriniň görülýändigine garamak üçin maslahat geçirmek kararyna gelindi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy we dünýäniň ösen tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şol bir wagtyň özünde ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde Türkmenistanyň yklymyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň ykrar edilendigini, ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberleriniň, ýolagçylaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşine garşy durmak, serhetden geçýän adamlaryň we harytlaryň üsti bilen bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanow häzirki ýagdaý we Watanymyzyň çägine ýokanç keselleriň, aýratyn-da, täze “omikron” ýokanjynyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan meýilnamalaýyn işler barada giňişleýin hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna öňüni alyş işlerini güýçlendirmek maksady bilen birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowa ýurdumyzyň bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlary bilen üpjünçilik ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyz boýunça azyk harytlarynyň ätiýaçlyk gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli seljermegi, olaryň ýeterlik möçberde bolmagyny üpjün etmek boýunça dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe daşary ýurt döwletlerinden ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň hiliniň we howpsuzlygynyň bellenen kadalara laýyk gelmegini hem-de olara Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Şeýle hem ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň gümrük amallarynyň bellenen kadalaryna laýyklykda bökdençsiz geçirilmegini hem-de tiz wagtda bazarlara we söwda nokatlaryna gowuşmagyny üpjün etmek boýunça dahylly ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe ýüzlenip, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gara ýollaryň ugrunda hereket edýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçýän azyk harytlaryny daşaýan ýük awtoulaglarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.