2019–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek bellenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky degişli karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary beýan edilip, ony üç tapgyrda durmuşa geçirmek bellenildi.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ulgam emele getiriji çäreleri, ýagny maglumat-kommunikasiýa amatlyklaryny, maglumatlaşdyrmak amatlyklaryny, sanly öwürmekligi göz öňünde tutýar.Ýakyn geljekde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumydöwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hem bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar.Ýörite tassyklanylan meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de onuň düzüm birlikleriniň işgärleri bilen 2021-nji «Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýylynyň noýabr-dekabr aýlarynda sanly ykdyasdyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň öňde durýan wezipelerini içgin düşündirmek maksady bilen yzygiderli hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi.
Elbetde bu geçirilýän okuwlar «Elektron hökümeti» «E-hökümet» döretmek we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek ýörelgesinden ugur alýar.Bu gün islendik pudakda globallaşmak hem-de ýüze çykýan töwekgelçilikleriň emele gelen daşky şertlerini hasaba almak bilen, meselelere gaýtadan seredilmegi talap edilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan sanlylaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar, bu ministrlik maliýe, salgyt-býujet, maýa goýumlary, nyrh syýasaty, ätiýaçlandyryş, auditorlyk işi, buhgalter hasabaty, maliýe hasabatlylygy, maliýe howpsuzlygy ulgamynda syýasaty hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar.
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda (e-gov.tm) ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň websaýtlary bilen bir hatarda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň saýty (fineconomic.gov.tm), salgyt müdirýetiniň (tax.gov.tm) hem-de ministrligiň maliýe gözegçiligi gullugynyň (turkmenfmd.gov.tm) saýtlary hereket edýär.
Häzirki wagtda ministrligiň saýtynda maglumatlary täzelemek, maglumat kontentlerini giňeltmek işleri yzygiderli geçirilip durulýar, şol sanda Durnukly ösüş maksatlary we olary durmuşa geçirmek boýunça ýörite sahypa hem goşuldy.
Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ministrligiň işgärleri bilen kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç Şamuhammedowyň gurnamagynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» 2136 belgili kararynyň ileri tutýan wezipelerini giňden düşündirmek maksady bilen nazary okuw alnyp baryldy. Edil şonuň ýaly hem «Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek» mowzugynda ministrligiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataýew we şol müdirligiň Maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň başlygy Guwanç Orazmuhammedow tarapyndan gurnalyp, ministrligiň işgärleri bilen nazary okuwlar alnyp baryldy.
Tassyklanan meýilnamanyň çäklerinde «Buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça umumy düşünje» ady bilen geçirilen nazary okuw hem özüniň mazmuny taýdan has-da täsirli boldy. Bu nazary okuw ministrligiň Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we salgyt usulyýetiniň syýasaty bölüminiň Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň usulyýeti bölümçesiniň başlygy Raşit Annadurdyýew tarapyndan gurnaldy.
Şeýle mazmundaky hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň ýene-de biri ministrligiň Buhgalter hasabywe hasabaty bölüminiň başlygy-baş buhgalteri Allamyrat Keýmirow tarapyndan gurnalyp guramaçylykly alnyp baryldy, ol «Türkmenistanda döwlet emläginiň kärende gatnaşyklary, kärende töleginiň hasaplanyş aýratynlyklary» diýip atlandyryldy.
Ýeri gelende ministrligiň düzüm birlikleriniň has takygy welaýatlaryň we etraplaryň baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň işgärleri bilen onlaýn görnüşindäki okuwlaryň gurnalandygyny hem belläp geçmek gerek. Onlaýn görnüşindäki geçirilen okuwlaryň biri «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň kanunyň ähmiýetini we 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň niýetlenişini düşündirmek bilen bagly boldy. Bu okuw ministrligiň Döwlet býujeti müdirliginiň Döwlet býujetiniň girdejiler bölüminiň başlygy Hemra Garaýew tarapyndan gurnalyp alnyp baryldy.
Şeýle-de ministrligiň düzüm birlikleriniň işgärleri bilen onlaýn görnüşindäki nazary okuw «Maglumat howpsuzlygy sanly görnüşli ykdysadyýeti ösdürmegiň zerur şerti hökmünde» ady bilen ministrligiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç Şamuhammedowyň gurnamagynda geçirildi. Bu onlaýn görnüşindäki nazary okuwyň aýratyn mazmuna, netijeli häsiýet eýe bolandygyny belläp geçmeklik gerek.
Galyberse-de şeýle mazmundaky onlaýn görnüşindäki amaly okuw agazalan bölüminiň başlygy tarapyndan «Maglumat howpsuzlygyny seljermegiň usulyýeti» diýen at bilen geçirildi.
Elbetde sebitleri ösdürmek baradaky Baş maksat hem Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlendi.
«Aýdyň geljegi nazarlaýan sebitleýin ösüş» ady bilen ministrligiň düzüm birlikleriniň has takygy sebitleriň baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde sanly ulgam arkaly okuw, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň Sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy Seidnur Japarow tarapyndan gurnalyp geçirildi.
Şeýle-de ministrligiň işgärleri üçin gurnalýan hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň ýene-de biri ministrligiň Buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň başlygy-baş buhgalteri Allamyrat Keýmirow tarapyndan gurnalyp «Býujet edaralarynda girdejileriň we çykdajylaryň buhgalterçilik hasaba alnyşynyň aýratynlyklary» diýip atlandyryldy.
Geçirilen okuwlaryň her biri hem netijeli häsiýete eýe boldy. Okuwlara gatnaşanlaryň her biri okamaga işlemäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň röwşen geljekginiň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrýan, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi