Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda baýramlary baýramlara ulaşýan Watanymyzda 15-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikeldilen ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Şol pursat döwletimiziň ähli welaýatlarynda bezelen arçalar hem çarýana älemgoşar şuglasyny saçyp, Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk-şowhunynyň başlanýandygynyň buşlukçysyna öwrüldiler.
Hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, asylly däbe eýerilip, ak mermer paýtagtymyzyň älemgoşar öwüşginli çyralar, dürli reňkli jäjeklerden eşik geýnen arçalar bilen bezelmegi diňe bir çagalaryň däl, eýsem, islendik müçedäki adamlaryň hem kalbyny baýramçylyk joşguny bilen ganatlandyrýar. Aýratynam, Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylan güni ak paýtunly gelen Aýazbabadyr agtyjagy Garpamyk, gamyşgulak behişdi bedewlerimize atlanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri, ertekileriňdir multfilmleriň gahrymanlarynyň keşplerine giren çagalar hem-de baýramçylyga mahsus bezelen iki gatly awtobusdaky şadyýan körpeler Täze ýyl dabaralarynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Halk ertekilerimiziň baş gahrymanlarynyň biri bolan akylly Ahmediň saz-söhbedini parahatçylyk senasynyň ýaňlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizden çakylyk bilip, jadyly hasasy bilen uzak menzili gysgaldyp gelen Aýazbaba hem-de Garpamyk Baş arça gelmezlerinden öň, golaýda ulanylmaga berlen Aşgabat — Tejen ýokary tizlikli awtoulag ýoluna baryp gördüler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolan arzyly myhmanlar ýolugra telewizor öndürýän «Tolkun» hojalyk kärhanasyna sowlup, bu ýerde sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde dikeldilen Täze ýyl arçalarynyň töweregindäki şowhuny has-da artdyrdylar. Paýtagtymyzdaky Baş arça gelenlerinde bolsa, Gündogar senenamasynyň nyşanlarynyň lybasyna giren çagajyklaryň goşgularyny diňlänlerinden soň, Aýazbaba özüniň jadyly hasasy bilen arçany yşyklandyrdy.
GDA ýurtlarynyň merkezi şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda ululygy boýunça indi birnäçe ýyl bäri öňdäki orny eýeläp gelýän göwrümi 16 metre, beýikligi 38,5 metre deň bolan Baş arçanyň yşyklandyrylmagy bilen barha golaýlaýan körpeleriň we köpleriň garaşan Täze ýyl baýramyna badalga berildi. Täze ýylyňyz gutly, düşümli bolsun, eziz watandaşlar!