Новости
Energiýa çeşmeleriniň kanunçylyk esaslary

Adamyň janynyň we saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan berkarar döwletimizde ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak esasy ähmiýet berilýän meseleleriň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Bilşimiz ýaly, adaty energiýa gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerinden, hususan-da, uglewodorod çig malyndan peýdalanmak bilen öndürilýän energiýadyr. Ylmyň ösmegi bilen häzirki döwürde Gün, ýel, suw ýaly tebigy serişdelerden ekologiýa taýdan peýdaly, daşky gurşaw üçin zyýansyz, arzan energiýa alnyp başlanyldy. Munuň özi daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Ýakynda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Agzalýan çeşmeleri netijeli peýdalanmak bilen energiýany ösdürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak Kanunyň esasy maksatlary bolup durýar.

Döwletimiz tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny höweslendirmek we bu ugurda amatly şertleri döretmek maksady bilen, gurluşlary satyn almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikli bank karzlarynyň we döwlet kömekleri berilýär. Elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna kepillikli birikdirilmegi üpjün edilýär. Bu ugurda höweslendiriji nyrhnamalary ulanmak arkaly kepillikli satyn alynmagynyň üpjün edilmegi, bioýangyç bellenen standarta laýyk gelende, ony satmak mümkinçiliginiň üpjün edilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük ýeňillikleriniň berilmegi ýaly kadalar Kanunda görkezilen.

Berkarar döwletimizde kabul edilýän we hereket edýän kanunlaryň ählisi ilkinji nobatda, raýatlaryň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu kanunlaryň talaplarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegi bolsa mukaddes Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen tagallalaryň ýerine düşmegi üçin möhüm şertleriň biridir.

Perhat MEDEDOW,

Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25443

09.04.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki halkyň öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýadynyň esasynda guralýan köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan we Eýran netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi.

Mohammad Jawad Zarif Eýran tarapynyň tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň öňe süren, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de üstaşyr-ulag geçelgeleriniň täze halkara ulgamyny döretmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen bu başlangyçlar işjeň halkara gatnaşyklaryň başyny başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny, şol sanda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Türkmenistana özüniň Bitaraplyk derejesini sebit durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Öz nobatynda, diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde, geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäden maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýän edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça özara gatnaşyklary barada hem durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25476?type=feed

09.04.2021
Iri taslamalar

Bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Muny biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň hil derejesiniň barha kämilleşmeginde hem aýdyň görýäris. Ýurdumyz bu ulgamlaryň pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirýär we uly göwrümli taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Soňky gysga wagtyň içinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça häzirki zaman hyzmatlarynyň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ýurdumyzyň hoşniýetli syýasatynyň hatarynda görkezmek bolar. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň we tutuş sebitiň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol diňe bir Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine däl-de, eýsem, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine hem itergi berer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ähli halklaryň we ýurtlaryň giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Batyr SARYÝEW,

Balkan welaýat gümrükhanasynyň işgärler bölüminiň müdiri, maýor.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25424

09.04.2021
«Bir penjire»: täze gözýetimler

Häzirki zaman ykdysadyýetiniň innowasion ýol bilen ösüşini şertlendirýän sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralaryna-da sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmek işleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirilip, onda köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkeziniň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Gulluk tarapyndan milli maglumat merkeziniň ýerine ýetirmeli wezipelerini kämilleşdirmek, gözegçilik etmek, utgaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda gol çeken Buýrugy esasynda baglaşylan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllara niýetlenen Taslama resminamasynda özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeli işe girizilmegini üpjün etmek import we eksport amallary amala aşyrylanda, gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň arasyndaky özara işleri berkitmek, gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda, pudagara töwekgelçilik dolandyrylyşyny girizmek bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu toparyň düzümi, Düzgünnamasy tassyklanyldy hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply döwrebap ykdysadyýeti ösdürmekde aýratyn möhümdir.

«Bir penjire» ulgamynyň wezipeleýin artykmaçlygy gyzyklanma bildirýän ähli döwlet edaralarynyň ýerine ýetirýän eksport-import amallary bilen baglanyşykly işleriň amatly we awtomatlaşdyrylan görnüşini üpjün etmek, pudagara dolandyrylyşyň ygtybarly mümkinçiliklerinde eksportdyr import üçin elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we rugsat berýän resminamalary almak üçin elektron arzalary bermek, ýygyndylary elektron usulda tölemek, olara doly gözegçiligi amala aşyrmak, kadalaşdyryjy we habar berýän maglumatlaryňdyr elektron resminamalaryň bitewi merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek, elektron girişiň «Bir penjire» portalyny döretmek, «ASYCUDA World» bilen «Bir penjiräniň» aýry düzüm bölekleriniň, elektron resminamalar bilen elektron gümrük deklarasiýalarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet gümrük gullugyna «Bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy halkara söwda, eksporty höweslendirmek, ilatyň saglygyny, şeýle hem daşky gurşawy goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ileri tutulýan ugurlarda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamlarynyň birnäçesiniň ýola goýulmagyna ýardam berer.

Häzirki döwürde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta geçelgelerinde ýollary birleşdirýän yklymyň möhüm ulag merkezleri döredilýär. Ýurdumyzda kämil infrastrukturaly üstaşyr ulag geçelgeleri kemala getirilýär. Üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynda, halkara söwdany ösdürmek üçin oňyn şertleriň döredilmeginde «Bir penjire» ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Ol pudagara hyzmatdaşlygyň hem-de dessin maglumat alyşmagyň döwrebap görnüşleriniň elýeterli bolmagynda amatly şertleri döredýär. Özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde uzak aralykdan maglumatlary geçirmek, olara gözegçiligi ýola goýmak, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur resminamalaryň sanyny azaltmak, ýerine ýetiriji ýa-da beýleki edaranyň çözgüdiniň netijelerini ylalaşmak we beýleki hyzmatlary bir ýerde jemlemek, harytlaryň eksportdyr import edilmegi bilen baglylykda, ähli tölegleri elektron görnüşde tölemek ulgamyň häsiýetli aýratynlyklarydyr.

«ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy «Bir penjiräniň» ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagynda amatly şertleri döretmek bilen, oňa binýat bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda ulgamyň işini ugrukdyrmak maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda bilelikdäki taslama resminama, şeýle hem 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary höweslendirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy häzirki wagtda gümrük edaralarynda doly işe girizilip, onuň kömegi bilen gümrük resmileşdirme işleri elektron görnüşde amala aşyrylýar.

Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işini döwrebaplaşdyrmakda bimöçber goldaw-hemaýatlary berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!

Şöhrat MÜLKIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25472

09.04.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn nesli terbiýelemek halkymyzyň gadymy ýörelgesidir

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar durmuşa geçirilýär, lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň aýratyn tagallalary netijesinde, Aşgabatda hem-de sebitlerde sporty ösdürmäge uly üns berilýär, munuň üçin ähli zerur şertler döredildi.

Döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarynyň we meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hyzmatyndadygyny bellemek gerek.

Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Ýokary görkezijili sportuň ösüşi hem bu gün täze badalga aldy.

Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şu ýyl hem bu köpugurly toplumda abraýly halkara ýaryşlar guralar.

Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga, türgenlerimiziň ussatlyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze ýeňişlere ýetmäge höweslerini artdyrmaga we sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary şolar bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.

Saglyk ýoly hem bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Köpetdagyň gözel gerişlerinden çekilen bu täsin ýoda aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň işjeň dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň günorta böleginde baş şäherimiziň we onuň daş-töwereginiň tebigat gözelligini gorap saklamak boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde kemala gelen hoştap howaly tebigat hem gönüden-göni täsir edýär.

Ine, şu gün hem bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berildi. Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem biz dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda bu halkara baýramy ýokary ruhubelentlikde belleýäris.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä giňden ýaýýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr.

Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy däplerini mynasyp dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzda iri sport hem-de atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi muny aýdyň tassyklaýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport ulgamy bolsa bu ugurda bize uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýär.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry guralar. Şu günler bu iri ýaryşlara gowy taýýarlyk görmek, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça halkara sport guramalary bilen bilelikde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyna uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Aprel aýynyň güneşli, ýakymly säheri, arassa salkyn howa, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň täzelenen keşbini eliň aýasynda ýaly görkezýän ýaşyl begrese bezenen dag etekleriniň gözel görnüşi ruhuňy belende göterýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.

Mähriban Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleri, sporty, Aziýanyň merjen şäheri — ak mermerli Aşgabadyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy we oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyz hemişe bolşy ýaly, welosipedli ýörişiň barşynda birkemsiz beden taýýarlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga elmydama wagt tapýar, munuň adamyň saglygyna hem-de ruhubelentligine oňyn täsir etmekde, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmekde, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, özüňe erk etmek ýaly häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän artykmaçlyklaryny şahsy göreldesi arkaly subut edýär.

Welosiped sportunyň ýurdumyzda uzak taryha hem-de däplere eýedigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda, ýagny 127 ýyl mundan ozal döredildi. Şondan bir ýyldan soň bolsa ilkinji ýaryşlar geçirilip, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmäge badalga berildi. Milli Liderimiziň öňdebaryjy sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu gün welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdalydyr, mundan başga-da, tebigatyň gözelligini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Säher bilen arassa howada geçirilen wagt ylhamyňy joşdurýar, tutuş günüň dowamynda keýpiçaglyk, ruhubelentlik berýär.

Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle çäreler dürli durmuş, sport hem-de ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär.

Şunuň ýaly möhüm ähmiýetli çärelere milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy şular ýaly wakalaryň örän möhümdigine güwä geçmek bilen çäklenmän, ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini kesgitleýär, şolaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär.

2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça tassyklanylan bu ajaýyp sene raýdaşlyk we ynanyşmak, sagdynlyk hem-de hoşniýetli erk-isleg ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýar, sportuň parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmündäki mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu senäniň şanyna geçen ýyl Aşgabatda “Welosiped” binasy açyldy, onuň ýerleşen ýeri ýurdumyzyň baş şäheriniň ýene-de bir ajaýyp künjegine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylara “Döwletliler köşgünde” terbiýelenilýänler hem goşuldy. Bu binanyň dünýäde şeýle desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň gol çeken resminamasynyň esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy.

Munuň özi sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşine, ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine, howandarlyga mätäç çagalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz ýokarda agzalan gaznanyň hasabyna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.

Häzirki wagtda parasatly ýörelgeler hem-de ýagşy dessurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesiller hakyndaky alada şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglere laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Gözlerimiziň alnynda Aşgabatda kuwwatly döwrebap düzüm kemala getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.

Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri — Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdür.

Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek işinde örän uly orun eýeleýän milli Liderimiziň baştutanlygynda birnäçe ýyl bäri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek we elbetde, Türkmenistany halkara derejesindäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine gönüden-göni bagly bolup, özünde adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilen belent ynsanperwer mazmuny jemleýär.

Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar.

Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan «2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sport ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler doly güýjünde alnyp barylýar.

Ine, 2012-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda bina edilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalary Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Bu binalar türkmen sportunyň derejesini täze belentlige çykarmaga, Watanymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmak işine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen bilim ojaklarydyr. Şol ýyl hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

2020-nji ýylda bu ministrligiň täze dolandyryş binasy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabaralary boldy. Şolarda Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Umuman, bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.

...Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.

Giň şaýollar, olaryň ugrunda peýda bolan belent ak mermerli binalar, özboluşly bezegli çüwdürim toplumlary, abadanlaşdyrylan seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar, köpöwüşginli gülzarlyklar kalbyňy joşdurýar, olar şu ýyl özüniň 140 ýyllyk şanly senesini belleýän Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Bu sene hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üstüni ýetirjek ýene-de birnäçe täze desgalar açylyp, ulanmaga berler.

Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň sagaldyş hem-de terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda-da möhüm ähmiýete eýe bolup, jemgyýetde ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýändigini belleýär. Ekologiýa medeniýeti hem-de sagdynlyk bitewi düşünjelerdir.

Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi bolan welosiped mähriban ýurdumyza gezelenç hem-de syýahat etmegiň amatly serişdesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, bu meselelere aýratyn üns berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan tebigaty goramak strategiýasynyň çäklerinde, her ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.

Şeýle çäreleriň netijesinde, Aşgabatda we onuň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň obalarynda we şäherlerinde ýaşyl zolaklaryň meýdanlary hem-de bag-seýilgäh zolaklary barha giňeýär. Nobatdaky şeýle dabara geçen aýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna gabatlanyp guraldy.

Saglyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, häzirki wagtda berk saglyk derejesini saklamazdan, jemgyýetde üstünlik gazanmagyň aňsat däldigini bellemek ýerlikli bolar. Munuň özi işjeň durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy aňladýar. Şunda welosiped sportunyň artykmaçlygy äşgärdir, çünki ulagyň bu görnüşi dürli ýaşdaky adamlar üçin hem elýeterlidir.

Welosipedli gezelenç edýän wagty adamyň öz bedeniniň ähli möhüm agzalaryny diýen ýaly herekete getirýändigi, munuň bolsa çydamlylygy artdyrýandygy, ruhubelentligi ýokarlandyrýandygy, ýürek, gan-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini azaldýandygy, gan basyşynyň kadalaşmagyna hem-de ýadawlygyň aýrylmagyna ýardam edýändigi ylmy taýdan subut edildi. Welosiped sürlende beýniniň gan aýlanyşy işjeňleşýär, bu bolsa ünsüňi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da welosipedli gezelenç bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Tutuş maşgala ýa-da dostlar bilen bilelikde arassa howada wagtyňy peýdaly geçirmek welosiped sportunyň artykmaçlygydyr.

Welosipedçiler topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça binagärlik toplumlary hem-de gözelligi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde şu günki köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bolşy ýaly, onuň tutuş ilatymyzy bedenterbiýe-saglyk hereketine işjeň çekmekde ähmiýetlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ekologiýa ugruny nazarlaýan şeýle çäreleri diňe bir adam saglygyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrýar we adamlary täze döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyryljakdygyny belledi. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň baş şäheriniň arassaçylyk, abadançylyk derejesine, dabaralara görülýän taýýarlyk işleriň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ynamly öňe, döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymlaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdi.

* * *

Şu gün Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýörişler we dürli sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanan, türkmenistanlylaryň köp sanlysy döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleriň netijesinde, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar, türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy bolsa has-da belende galýar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25380?type=feed

08.04.2021
Önüm öndürijiler üçin ýeňillikler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda we senagatda döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy önümçiligiň täze sepgitlere çykmagyny üpjün edýär. Bu ugra ýurt derejesinde üns berilmeginiň netijesinde içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwletimiz tarapyndan dürli amatly şertler we ýeňillikler hem döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak, iş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň esasynda möhüm resminamalaryň birnäçesi hereket edýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk işlerinde ulanylýan ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermek, maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça döredilen amatlylyklar bolsa täze ösüşlere badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pes önümçilik görkezijili we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleriniň alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilmegi baradaky teklibiniň örän maksadalaýyk bolandygyny biziň etrabymyzyň çäginde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň mysalynda hem anyk göz ýetirip bilýäris. Kanunçylyga laýyklykda ýörite ýer gaznasynyň döredilip, iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen has gowy netije gazanýan daýhan hojalyklaryna, daýhanlara berilmegi ýeriň hasyl berijiligine örän oňyn täsirini ýetirdi. Bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň göz öňünde tutulmagy ekin dolanyşygyny geçirmek üçin hem peýdaly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda önüm öndürijileriň bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamadan daşary artyk öndüren önümleri olaryň öz ygtyýarynda galdyrylýar. Artyk önümler erkin bahalar boýunça ýerlenilip bilner. Häzirki wagtda önüm öndürijilere oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak, olarda öndüriljek önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek üçin zerur şertler döredilýär. Olara döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň hasabyna maldarçylyk hojalyklarynyň hasabyndaky mallary we dowarlary, düýeleri, guşlary maldarçylyk hojalyklary bilen bilelikde kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga we bellenilen tertipde ýer böleklerini bermäge ygtyýar berildi.

Önümçilik maksatlaryna berilýän karzlaryň göz öňünde tutulýan iň esasy ýagdaýlarynyň biri hem karzyň göterim derejesiniň pes bolmagydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, öndürilen önümiň bahasynyň pes bolmagyna, öndürijileriň sarp ediş ukybynyň ýokarlanmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işleri giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen ilatyň arasynda döwletimiziň ýeňillikli karzlary bermek babatynda ýöredýän syýasaty giňden wagyz edilýär. Banklaryň we olaryň şahamçalarynyň binalarynda, ilatyň toplanýan ýerlerinde mahabat ýazgylary ýaýradylýar. Bu özgerişlikleriň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmegi zähmet adamlarynyň bähbidinedir.

Orunaý BABAKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25274

08.04.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem harby özgertmeleri, şol sanda Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça kesgitlenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny talabalaýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýaş esgerleriň harby işiň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmeginiň wajypdygyny belläp, olaryň her biriniň söweşjeň tälimleri we iň täze tehnologiýalary, dürli ylymlary içgin öwrenmelidigini, ähli döwürlerde ýokary watançylygyň hem-de ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy çäksiz söýmegiň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň parasatly ýol-ýörelgelerini aýawly saklamalydygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ýazky çagyryş möwsümi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, ony talabalaýyk geçirmek meselesini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda hem görkezmeler berildi.

Soňra içeri işleri ministri M.Çakyýew ministrligiň edaralary tarapyndan 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, işiň döwrebap usullaryny ulanmagyň hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýol hereketini kadalaşdyrmak hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri guramak Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleridir diýip, milli Liderimiz belledi we ministre öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň işleri kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan prokuror işiniň ähmiýetini nygtap, hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi. Bu edaranyň işgärler düzümini pugtalandyrmak möhümdir. Şol işgärler özleriniň gös-göni wezipesinden başga-da, giň gözýetime eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz prokurory wezipä bellemek hakyndaky degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Kazylaryň III maslahatynyň netijeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maslahatyň barşynda Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine garaldy, bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan esasy meselelere ünsi çekip, halkymyzyň “Döwlet adam üçindir!” syýasatyna esaslanýan giň gerimli işler baradaky habarlylygyny doly derejede üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde kärhanalarda, guramalarda, bilim edaralarynda hem-de harby bölümlerde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli düşündiriş işleriniň geçirilmelidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem kazylaryň nobatdaky maslahatynda kabul edilen çözgütleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzda asudalygy, abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň okgunly ösdürilmeginde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramakda bu düzümiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň ýakyn geljek üçin möhüm wezipelerini kesgitläp, milli howpsuzlyk ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk serhedi bolan Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň syýasy, söweşjeň, beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu düzümleriň wezipeleriniň birkemsiz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň, olary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň täze belentliklere tarap üstünlikli ösüşini üpjün etmäge ýardam berýän kanunlary işläp taýýarlamagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy talaplarynyň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkara hukugyň kadalaryny öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, ministre degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Karara gol çekdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň biri hökmünde Ýewraziýa yklymynda Türkmenistanyň möhüm geostrategik orny eýeleýändigini belläp, gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ulgam üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyza getirilýän önümleriň has içgin gözden geçirilmelidigini nygtady hem-de bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük düzüminiň daşary ykdysady işleri döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýdyp, bu edaranyň işiniň iň gowy halkara tejribä laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda gümrük logistikasy, kabul edijileriň arasynda ýükleriň ýetirilmegini guramak we resminama taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük gullugynyň işini tehnologik taýdan kämilleşdirmegi wajyp meseleleriň hatarynda kesgitledi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagy hem-de ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň aýawly saklanylmagyna, netijeli ulanylmagyna we eýelik edilmegine geçirilen barlaglar boýunça hasabat berdi. Şeýle hem degişli meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem-de ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermegiň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, meýilnama esasynda döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň halk hojalyk toplumynyň ösüşine hem-de durnuklylygyny saklamaga ýardam etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işleriň ählisiniň ýerine ýetirilişine hem-de eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň hiliniň we möhletiniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren harby özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeler bolsa Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem hasabat döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, düzgün-nyzamy berjaý etmek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan ýurdumyzyň harby-syýasy strategiýasynyň ata Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris, biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýäris, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25236?type=feed

07.04.2021
Saglyk — abatlyk

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa:

— Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

— Maňa köp altyn berseň, galan ömrüme hiç zadyň gaýgysyny etmän ýaşasadym — diýipdir. Ýagşyzada ilki başyny atan ýaly edipdir-de, soňundanam:

— Ýeri, bolýar, men seniň dilegiňi hasyl edeýin. Aslynda-ha altyn-pul gadyryny biljek, mätäç kişilere berilýär. Ýagşy adam, sen muny bilýänsiň, hemişe adamlar bilen gadyrly bolup ýaşajakdygyň alamaty hökmünde sen maňa näme berersiň? — diýip, onuň ömür aňyna gelmejek sowalyny beripdir.

Ýolagçy adam ilkibada näme diýjegini bilmän aljyrapdyr, soňundanam özüni ele alyp:

— Wah, men seni ömür unudarynmy? Isleýşim ýaly altynym bolsady, diýeniňi bereýin, aýt, näme isleýärsiň? — diýipdir.

— Men baýlyk islemeýärin, maňa sagat syna gerek. Sen maňa öz sagat synaň birini berseň, baýlyk diýýäniňi dag ýaly edibem berip bilerdim — diýip, ýagşyzada oňa seredipdir.

Ýolagçy adamyň bar keýpi gaçypdyr. Öz-özüne käýinipdir: «Wah, ýönekeýräk bir zatlar dilän bolsamam bolardy. Şu çölden tizräk gider ýaly, özüme güýç-gurbat, gaýrat diläýmeli ekenim» diýip, gussa batypdyr. Ýagşyzada oňa:

— Men seniň özüňdäki zady diledim, sen şony hem bitirip bilmediň — diýip, ýaňadan habar gatypdyr. Şonda ýaňky adam:

— Synam abat bolmasa, altyny näme edeýin? — diýip, gussaly dem alypdyr.

Sen özüňde bar zadyň gadyryny bilmediň — diýip, ýagşyzada şol bada onuň gözünden gaýyp bolupdyr.


Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25231

07.04.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçirilýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygy, dostlugy, sporty hem-de ynsanperwerligi rowaçlandyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkidýän şanly wakalara beslenýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýramyň şanyna Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde geçirilýän dürli çäreler agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.


Eziz halkym!


Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, biz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek, telekeçiligi ösdürmek bilen döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris.

Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar guruldy. Şu esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatda uly ösüşler gazanyldy.

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynadyr tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, biz golaýda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu maksatnama esasynda mähriban halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň uzaldylmagy ugrundaky işlerimizi yzygiderli dowam ederis, sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrarys.

Garaşsyz döwletimiz Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan öz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Aşgabat şäherinde Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklar hem biziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Bu iri sport çäreleriniň olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, tutuş dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyna men doly ynanýaryn.


Mähriban halkym!


Eziz watandaşlar!


Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1242?type=official

07.04.2021
Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün edýän döwletdiginiň baş görkezijisi bolup durýar. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüş, ykdysady kuwwatlylyk birsyhly ösýär, geljek üçin ösüşiň tapgyrlary meýilnamalaýyn alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri giň möçberli öňdebaryjy özgertmelere beslenýär. Ýurdumyz Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täsirli gurallary işläp taýýarlamaga, geljek üçin ykdysady ulgamy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge saldamly goşant goşýar.

Ýurdy ösdürmekde ykdysadyýeti meýilnamalaşdyrmagyň maksatnamalaýyn görnüşi gowy netijeleriň gazanylmagyna täsir edýär. Ösüş meýilnamasynyň bellibir maksatly görnüşi esasy ileri tutulýan ugurlary, tapgyrlary, serişdeleri we usullary kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň özenini durmuş-ykdysady ölçegleri giňeltmek, demografik we ekologik görkezijileri gowulandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuşyny, önümçiligiň pudaklarynyň ösüşini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler düzýär.

Ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys wezipeleriň biridir. Bu ulgam has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmak, býujeti taýýarlamak, maglumatlaryň netijeliligini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmak maksatlaryny nazarlaýar. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär we howpsuzlygyny üpjün edýär.

Sanly usullar milli maliýe ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Mejlisler geçirilende, sanly goldaw, pudaklaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maliýe-ykdysady işleriniň jemlerini beýan edýän seljerme hem-de hasaplaşyk maglumatlarynyň örän uly mukdaryny hödürlemekde hem bu ulgam işjeň ulanylýar. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilkibaşky hasaba alyş resminamalary hem-de buhgalterçilik hasabatynyň görkezijisi kagyz görnüşinde bolşy ýaly, elektron göterijide hem düzülip bilinýär we olaryň iki görnüşi-de deň hukuk güýjüne eýedir.

Maliýe-ykdysady ulgamy sanlylaşdyrmak boýunça işler tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär, işiň dürli ugurlaryna elektron ulgamlary ornaşdyrylýar. Halkara maliýe edaralary, guramalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli onlaýn okuw maslahatlary, duşuşyklary, iş maslahatlary, okuwlary geçirilýär.

Sanly ulgama geçmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ykdysady we durmuş ösüşi üçin köp mümkinçilik döredýär. Sanly ulgama geçilende, pudaklaryň mümkinçilikleri giňeýär, sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary durnukly ösüş babatda birnäçe maksatlara ýetmäge gönüden-göni täsir edýär.

Ykdysady ösüş bilen bilelikde halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasat yzygiderli alnyp barylýar. Döwletimizde ilatyň kepillendirilen durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwletli başlangyçlary ýola goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Jahan GURBANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25212

07.04.2021
Ýurduň altyn gaznasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar, hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär. Ýakynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler barada bellenilip geçildi.

Telekeçiligi ösdürmek önümçiligiň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamaga, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga täsir edýän ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri «Ýurduň altyn gaznasy» diýip atlandyryp, olara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mümkinçilikleri döretmegi hem-de türkmen telekeçilerine iri taslamalary durmuşa geçirmegi ynanmagy bu ulgamyň galkynmagyna esasy itergi beren güýç boldy. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny güýçlendirmäge, durmuş ulgamynyň netijeliliginiň ösdürilmegine, adam maýasyna maýa goýumlary artdyrmaga, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk hem ösdürmäge we goldamaga gönükdirildi.

Bu gün telekeçiler milli ykdysadyýeti ösdürmäge uly goşant goşmak bilen çäklenmän, döwlet çözgütleriniň kabul edilmeginde ygtybarly güýje öwrülip, ýurduň syýasy durmuşynda-da mynasyp orny eýelediler. Hususyýetçileriň we telekeçileriň kemala gelmegi hem-de döwletimiziň olar bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň bazar ulgamynyň düzümini döretmekde kesgitleýji ähmiýete eýe boldy. Täze senagat kärhanalaryny gurmak, könelişen senagat kärhanalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän işleri dowam etmek täze döwrümiziň möhüm ugruna öwrüldi.

Bazar ykdysadyýetinde ykdysady ösüşiň innowasion häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegiň esasyny telekeçilik başlangyçlar düzýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we ykdysady ösüşiň depginini çaltlandyrmak ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmekden ybaratdyr. Ykdysadyýetiň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny berkitmäge, tehnologik taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan import harytlaryny çalyşýan önümçilikleri ýola goýmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge, içerki bazarlarymyzyň elýeterli bahalardan ýerli harytlar bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Ýurdumyzyň telekeçileri innowasion tehnologiýany ulanyp, öz kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini, hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini amal etmek üçin mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Akgül SATLYKULIÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25214

07.04.2021
Bütindünýä Bankynyň Toparynyň we Halkara Pul Gaznasynyň her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlarynyň çäklerindäki wirtual duşuşyklary geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde Bütindünýä Banky Toparynyň we Halkara Pul Gaznasynyň her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlarynyň çäklerinde wirtual görnüşde geçirilýän Bütindünýä Bankynyň we Halkara Pul Gaznasynyň dokuz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň Duşuşygyna Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Ýerine ýetiriji direktorlaryň Bütindünýä Banky we Halkara Pul Gaznasynyň institusional meseleler boýunça hasabatlary we ýurtlaryň delegasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça çykyşlary diňlenildi.

Mundan başga-da, Ýewropada we Merkezi Aziýada «ýaşyl» ykdysadyýeti dikeldiş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Tegelek stol görnüşinde söhbetdeşlik geçirildi we onuň barşynda COVID-19 pandemiýasyndan soňky, ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutup, pes uglerodly we durnukly ykdysadyýete geçmegi çaltlaşdyrmak üçin ýurtlaryň ulanan dikeldiş maksatnamalary boýunça tejribe alyşmak üçin Ýewropanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň arasynda pikir alyşmalar boldy.

Duşuşyklaryň ahyrynda mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



06.04.2021