Новости
Elektrik energiýasy ojaklara nur paýlaýar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda elektrik energiýasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän ýokary tehnologiýaly gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň bu ugurdaky tagallalarda möhüm ähmiýeti bar. Ak bugdaý etrabyndäki Derweze döwlet elektrik stansiýasy şeýle desgalaryň biridir. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu elektrik stansiýasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar.

Gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy kuwwatly gazturbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir. Bu ýerdäki gazturbinalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly galyndylaryň möçberiniň azalmagyna mümkinçilik berýär.

Elektrik stansiýasynyň üznüksiz hem-de saz işleýşine dolandyryş merkezinde gözegçilik edilýär. Çylşyrymly tehnologiýa işleriniň netijesinde gaz paýlaýjy beketde tebigy gaz tehniki taýdan zerur derejä ýetirilýär we arassa süzgüçleriň üstünden ýakyjy kamera geçirilýär, şonda trubina örän ýokary derejedäki gyzgynlyga eýe bolan garyndyny herekete getirýär. Trubinalaryň aýlanyş kuwwaty olara birikdirilen generatorlar arkaly ony elektrik energiýasyna öwürýär. Bu ýerdäki tehnologiýalaryň kämilligi zyýanly galyndylaryň möçberini azaltmak üçin peýdalanylýan suwy hem-de tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende, dolandyryş binasynda elektrik bekedini dolandyrýan esasy desganyň ýerleşýändigini we onuň iň häzirki zaman kompýuter ulgamlary, tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi bekediň hünärmenlerine gazturbina enjamlaryň we paýlaýjy gurnamalaryň sazlaşykly işine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň energetika pudagyny ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan döwlet elektrik stansiýasynyň ruhubelent işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli zähmeti netijesinde öndürilýän elektrik energiýasy, esasan-da, ýurdumyzyň paýtagtynyň we Ahal welaýatynyň sarp edijilerine bökdençsiz iberilýär.

Güljahan NURYÝEWA,

Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň hojalyk bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31805

18.06.2021
Aral: eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy­ýet

Üçün­ji müň­ýyl­ly­gyň ba­şyn­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi äh­li döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da mil­li Li­de­ri­miz 25-nji maý­da ge­çi­ri­len BMG-niň ga­zy­lyp alyn­ýan se­na­gat bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li äh­lu­mu­my fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da: «Dün­ýä­de iri se­riş­de ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan we bu ugur­da öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly dü­şün­ýän Türk­me­nis­tan önüm­çi­lik mak­sat­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň ara­syn­da de­ňe­çer­li­gi sak­la­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­ýar» diý­mek bi­len, mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, onuň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, jan­ly te­bi­ga­tyň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni sak­lap gal­mak we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýär we bu ugur­da aý­ra­tyn iş­jeň­lik gör­kez­ýär. Aral ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu me­se­le ge­çen asy­ryň 50-60-njy ýyl­la­ryn­da Or­ta Azi­ýa se­bi­tin­de ör­bo­ýu­na gal­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Ara­lyň eko­lo­gi­ýa bi­te­wü­li­gi­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek, deň­ziň gu­ra­ma­gy­nyň se­bi­tiň ho­wa gur­şa­wy­na ýa­ra­maz tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ze­rur­dy­gy­ny yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar we ýur­du­myz­da bu ugur­da bel­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin köp möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Şu ýy­lyň 25-nji few­ra­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da-da Aral deň­zi, onuň eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly eme­le ge­len ýag­daý­la­ryň ýur­du­my­za, goň­şy döw­let­le­re ýe­tir­ýän zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki tä­ze, kä­mil ka­nun­lar­dyr ka­rar­la­ryň ka­bul edil­me­gi ba­bat­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Ara­lyň gu­ra­ma­gy adam­zat ta­ry­hyn­da iň iri te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de onuň gu­rap, do­lu­ly­gy­na ýi­tip git­mek how­py sak­la­nyp gal­ýar. Bu ýag­daý, tu­ruw­baş­dan, te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň ne­ti­je­si ha­sap­lan­ma­ýar. Alym­lar onuň su­wu­nyň yk­dy­sa­dy bäh­bit­ler üçin çen­de­na­şa köp ula­ny­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Aral su­wu­nyň hä­zir­ki wagt­da 17 metr çe­me­si pe­se­len­di­gi, suw meý­da­ny­nyň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy­nyň ýi­ten­di­gi, deň­ziň 75 gö­te­rim de­re­je­de gu­rap, or­ta­ça duz­lu­ly­gy­nyň 8 g/l-den 30 g/l-e ýe­ten­di­gi yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri­ni çyn­la­kaý ala­da­lan­dyr­ýar. Ozal de­ňiz­de ba­lyk­la­ryň 34 gör­nü­şi ha­sa­ba al­nyp­dyr, de­ňiz­ýa­ka çäk­ler­de se­na­gat önüm­çi­ligini üp­jün et­me­giň çäk­le­rin­de her ýyl­da 40 müň ton­na­dan gow­rak ba­lyk we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry aw­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de suw bio­se­riş­de­le­ri düý­bün­den peý­da­la­nyl­ma­ýar. Deň­ziň çe­kil­me­gi bi­len gu­ran 3 mil­li­on gek­ta­ra go­laý ýer­den her ýyl­da 75 mil­li­on ton­na go­laý duz dür­li ta­rap­dan öwüs­ýän şe­mal bi­len gö­te­ri­lip, tu­tuş se­bi­te ýaý­ra­ýar. Ne­ti­je­de, de­ňiz­ýa­ka se­bi­tiň 500 ki­lo­met­re çen­li ara­ly­gyn­da ýer­le­şen çö­lüň köp bö­le­gin­de top­ra­gyň dü­zü­mi düýp­li şor­la­şyp, top­rak-ho­wa şert­le­ri bar­ha ýa­ra­maz­laş­ýar. Bu oňaý­syz te­bi­gy ha­dy­sa­lar bi­ziň ýur­du­myz­dan hem so­wa geç­me­di. Türk­me­nis­ta­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty Aral­dan 390 km ara­lyk­da ýer­leş­ýär. Se­bit­de ýe­liň tiz­li­gi­niň or­ta­ça se­kunt­da 6 met­re çen­li öwüs­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­saň, şe­mal aky­my bi­len gö­te­ril­ýän gu­ry hi­mi­ki ji­sim­ler, tak­my­nan, 15 sa­gat 3 mi­nu­dyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk çäk­le­ri­ne ge­lip ýet­ýär. Da­şo­guz, Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar et­rap­la­ry­nyň, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň de­mir­ga­zyk et­rap­la­ry­nyň me­de­ni we öri meý­dan­la­ry­na to­zan­ly duz bö­le­jik­le­ri­niň düş­me­gi ýer­le­riň şor­laş­ma­gy­na alyp bar­ýar. Ýe­ras­ty hem-de ýe­rüs­ti süý­ji suw gor­la­ry­nyň dü­zü­min­de du­zuň sak­la­ny­şy ar­typ, se­bit­de te­bi­gy tö­wek­gel­çi­lik­le­riň how­py ýo­kar­lan­ýar.

Eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň has-da ýi­ti­leş­me­gi­ne ag­rar önüm­çi­li­giň hem tä­si­ri ýet­ýär. Se­bit­de eki­şe ýa­ram­ly eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň her gek­ta­ry­na ýyl­da 55 — 60 kg hi­mi­ki se­riş­de­ler, 300 — 400 kg mi­ne­ral dö­kün­ler ula­nyl­ýar. Üs­te­si­ne-de, Aral­dan duz­ly ji­sim­le­riň sow­rul­ma­gy ne­ti­je­sin­de, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň we olar­dan taý­ýar­lan­ýan azyk ha­ryt­la­ry­nyň dü­zü­min­de pes­ti­sid­le­riň 15, nit­rat­la­ryň 13, fe­no­lyň 10, gek­sah­lo­ra­nyň 5 es­se tö­we­re­gi ar­tyk bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu ýer­de çöl­leş­me ha­dy­sa­sy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny-da bel­le­mek ge­rek. Şo­ňa gö­rä-de, oba ho­ja­lyk meý­dan­la­ryn­da top­ra­gy go­ra­mak, ekin do­la­ny­şy­gy­ny peý­da­lan­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti art­ýar. Ola­ryň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi bol­sa goş­ma­ça ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni ta­lap ed­ýär.

Soň­ky çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da se­bi­tiň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň bio­dür­lü­li­gi düýp­li üýt­ge­di, jan­ly te­bi­ga­tyň we­kil­le­ri­niň 200-den gow­rak gör­nü­şi ýi­ti­ri­len ha­sap edil­ýär, ola­ryň kä­bir gör­nüş­le­ri bu ýe­re düş­le­me­gi­ni bes et­di. Ge­çen asy­ryň 90-njy ýyl­la­ryn­dan bä­ri Aral­ýa­ka se­bi­tiň 98 gö­te­rim çä­gin­de su­wuň mi­ne­ral­laş­ma­gy 3 es­se­den-de köp ýo­kar­lan­dy. Mu­nuň özi ba­lyk tu­tul­ýan suw­lar­da bak­te­ri­al taý­dan ha­pa­lan­ma ha­dy­sa­la­ry­na alyp bar­ýar. Ara­lyň ýa­ra­maz eko­lo­gi­ýa­sy ze­rar­ly ýa­kyn­da ýer­leş­ýän ilat­ly ýer­ler­de howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, te­bi­gy tö­wek­gel­çi­lik­le­riň de­re­je­si­ni pe­selt­mek­ babatda hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri se­bit­de ýa­şa­ýyş-dur­muş gur­şa­wy­ny sag­dyn­laş­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek ug­run­da BMG-niň bi­ler­men­le­ri hem ne­ti­je­li iş alyp bar­ýar­lar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 1993-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ga­za­gys­ta­nyň Gy­zy­lor­da şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň te­bi­gy tö­wek­gel­çi­lik­li çäk bi­len bag­ly iş­le­ri öz wag­tyn­da, mak­sa­da­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy ge­çi­ri­lip, on­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy we onuň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti dö­re­dil­di.

BMG ta­ra­pyn­dan Aral­ýa­ka se­biti ýo­ka­ry te­bi­gy tö­wek­gel­çi­lik­li se­bit diý­lip yg­lan edil­di hem-de eme­le ge­len ýag­da­ýy ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler iş­le­nip dü­zül­di. Türk­me­nis­tan her ýyl­da Ara­la ýa­kyn ýer­ler­de ila­ty aras­sa agyz su­wy bi­len do­ly üp­jün et­mek, adam­la­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Döw­let býu­je­tin­den iri möç­ber­li ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni goý­ber­ýär. Şol se­riş­de­le­ri Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň Da­şo­guz şa­ham­ça­sy ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň Da­şo­guz, Bal­kan we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň se­bi­te ýa­kyn ýer­le­şen et­rap­la­ryn­da şo­ra çy­dam­ly ekin­le­ri ek­mek, in­no­wa­si­on kol­lek­tor-zeý­keş ul­ga­my­ny esas­lan­dyr­mak bi­len ka­da ge­tir­mek hem-de ekin do­la­ny­şy­gy­na gi­riz­mek, şeý­le-de Aral deň­zi­niň se­bi­ti­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça 1999 — 2015-nji ýyl­lar­da üç mak­sat­na­ma (Aral deň­zi­niň bas­seý­ni­niň PBAM-1, PBAM-2, PBAM-3 mak­sat­na­ma­la­ry) esa­syn­da dü­züm­le­ýin gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­rin­de öz­leş­dir­mek bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2018-nji we 2019-njy ýyl­lar­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2018-nji ýy­lyň 24-nji aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len sam­mi­tin­de te­bi­gat­dan jo­gap­kär­çi­lik­li peý­da­lan­mak, eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek ar­ka­ly Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de ýer­le­şen ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça (PBAM-4) mak­sat­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. De­giş­li mak­sat­na­ma­nyň şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de tas­syk­la­nyp, işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty­nyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň has-da ka­da­laş­ma­gy­na ge­ti­rer. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da se­bi­te ýa­kyn eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ag­ro­teh­ni­ka, me­lio­ra­si­ýa ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin Aral deň­zin­de to­par­la­ýyn bar­lag­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ugur­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2009-njy ýyl­da «Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da», 2012-nji ýyl­da «Aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy çäk­ler ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry, 2012-nji ýyl­da «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy» ka­bul edil­di. Mil­li stra­te­gi­ýa­nyň çä­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, oba ho­ja­lyk, suw üp­jün­çi­li­gi, ulag ýa­ly mö­hüm ugur­la­ryn­da ahyr­ky ne­ti­je­le­ri azalt­mak we uý­gun­laş­dyr­ma­gy üp­jün et­mek, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça se­bit­le­ýin çä­re­ler bel­le­nil­di. 2019-njy ýyl­da onuň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi ze­rur bo­lan hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we teh­no­lo­gik şert­le­ri üp­jün et­di. Mu­nuň özi eko­lo­gi­ýa we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin wa­jyp­dyr we uý­gun­laş­ma çä­re­le­ri­niň sa­na­wy­ny düýp­li gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­me­nis­tan, öz ge­ze­gin­de, se­bi­te ýa­kyn eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ag­ro­teh­ni­ka, me­lio­ra­si­ýa ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin Aral deň­zin­de to­par­la­ýyn bar­lag­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy mak­sat edin­ýär. Dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­nyň çä­gin­de dür­li döw­let­le­riň hü­när­men­le­rin­den dü­zü­len to­pa­ryň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan Aral deň­zi­niň su­wu­nyň we de­giş­li hi­mi­ki, eko­lo­gi­k ga­lyn­dy­la­ryň, jan­ly bio­dür­lü­li­giň ant­ro­po­gen hem-de te­bi­gy tä­sir­le­re se­ze­war bo­lan çäk­le­re duý­gur­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça yl­ma esas­lan­ýan iş­ler al­nyp ba­ry­lar. Şu mak­sat bi­len aý­ry-aý­ry çäk­ler­de de­ňiz gur­şa­wy­nyň fi­zi­ki-hi­mi­ki hä­si­ýet­le­ri kö­pu­gur­ly öl­çeý­ji­le­riň hem-de de­ňiz gur­şaw pro­fi­log­ra­fy­nyň kö­me­gi ar­ka­ly bar­la­ny­lar.

Ýur­du­my­zyň «Eko­gö­zeg­çi­lik» gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri­ne, bu ug­ra de­giş­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş alym­la­ra, bi­ler­men­le­re bar­lag nus­ga­la­ryny saý­lap al­ma­gyň, kon­ser­wa­si­ýa et­me­giň we de­giş­li bar­lag der­ňew­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň hal­ka­ra usul­la­ry­nyň hem-de tär­le­ri­niň öw­re­dil­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­jak­ly­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Bar­lag nus­ga­la­ry­ny saý­lap al­mak­da, sak­la­mak­da we soň­ky der­ňew bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek­de dün­ýä­de ile­ri tu­tul­ýan usu­ly­ýe­tiň peý­da­la­nyl­ma­gy onuň hal­ka­ra ka­da­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün eder. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu çä­rä­niň ne­ti­je­li ama­la aşy­ryl­ma­gy mil­li bi­ler­men­le­riň iş tej­ri­be­si­niň düýp­li baý­laş­ma­gy­na, hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant bo­lup, gel­jek­de şu­nuň ýa­ly bar­lag-gö­z­leg iş­le­ri­ni öz­baş­dak alyp bar­mak üçin ze­rur bo­lan bi­lim­le­ri we tej­ri­bä­ni top­la­ma­ga giň ýol açar. Bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­jek zo­la­gy­nyň hök­ma­ny ýag­daý­da se­bi­te de­giş­li eko­lo­gik gul­lu­gyň jo­gap­kär­çi­li­gin­de bo­lan meý­dan-çä­giniň düýp­li esas­da saý­la­nyp alyn­ma­gy, saý­la­ma der­ňew üçin ni­ýet­le­nen bar­lag be­ket­le­ri­niň ýer­leş­di­ri­li­şi­niň gün­de­lik bar­lag­la­ryň­ky­dan düýp­li ta­pa­wut­lan­dy­ryl­ma­gy iş­le­riň has-da iler­le­me­gi­ne iter­gi be­rer.

Bar­lag be­ket­le­ri­niň her bi­rin­de ho­wa ýag­daý­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bi­rin-bi­rin bel­li­ge al­mak, her bir be­ket­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri to­pa­ryň žur­na­lyn­da jik­me-jik bel­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le çe­me­leş­me işiň ahyr­ky ne­ti­je­le­ri­ne esas­lan­mak bi­len, bar­lag der­ňew­le­ri­niň ozal­ky usu­ly­ýe­ti­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge, bu ugur­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­nyň Ara­lyň de­ňiz gur­şa­wy­nyň hil gö­zeg­çi­li­gi bo­ýun­ça Se­bit mak­sat­na­ma­sy­na do­lu­ly­gy­na uý­gun­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder. Ozal şeý­le saý­la­ma bar­lag nus­ga­la­ry­ny, ola­ry ge­çir­me­giň usu­ly­ýet bin­ýa­dy­ny taý­ýar­la­mak we ýaý­rat­mak, şeý­le-de der­ňew bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni ba­ha­lan­dyr­mak çä­re­si Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Ha­zar se­bi­tin­de 2008-nji ýy­lyň ýaz aý­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýa­kyn ýyl­lar­da dün­ýä äh­mi­ýet­li şeý­le eko­lo­gi­ýa çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek üçin se­bit döw­let­le­ri­niň we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň oňyn ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti has-da ýo­kar­la­nar.

Aral deň­zi­niň gu­ra­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da ýü­ze çyk­ýan oňaý­syz eko­lo­gi­k tä­sir­le­ri ýe­ňip geç­mek me­se­le­le­ri mil­li stra­te­gi­ýa­nyň mö­hüm ug­ru­ny düz­ýär. Bu we­zi­pe­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 26-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry bi­len ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da-da Aral me­se­le­si­ne aý­ra­tyn ün­si çe­kip, Aral deň­zi­niň howp sal­ýan se­bit­le­rin­de eko­lo­gi­ýa­ny dur­nuk­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi te­bi­ga­ty go­ra­mak ýa­ly umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­riň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my de­re­je­de aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Han­gel­di GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW.

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/31705

17.06.2021
Watan — göwün hoşumyz

Halkymyzda «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýen çuň manyly pähim bar. Ýurt — biziň her birimiz üçin edil ata-enemiz ýaly mukaddes. Sebäbi biz şonuň gujagynda dünýä indik, kemala geldik, hatara goşuldyk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gymmatly eserleri döredip, halk köpçüligini begendirip durýar. Şolaryň arasynda «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitap hem bar. Adyndan görnüşi ýaly, bu kitapda mähriban Watanymyz barada giňişleýin gürrüň edilýär.

Mälim bolşy deýin, ähli beýik işleriň gözbaşynda adam durýar. Oňa tebigat tarapyndan akyl-paýhas, mertlik, çydamlylyk berlipdir. Ata-babalarymyz biziň eziz topragymyzy ähli zatdan zyýada görüp, ony ezizläpdirler we gorapdyrlar. Kitapda olaryň bitiren işleri barada töwerekleýin söhbet edilip, ýaş nesliň ata-babalardan miras galan watansöýüjilige, mertlige, pähim-paýhaslylyga wepaly bolmalydygy, abraý bilen dowam etdirilmelidigi nygtalýar.

Mähriban Arkadagymyz gürrüňiniň dowamynda «Gorkut ata» şadessanyndaky Gorkut atanyň, «Görogly» şadessanyndaky Jygalybegiň keşplerine, Magtymgulynyň, Seýdiniň, K.Gurbannepesowyň döreden goşgularyna, milli däp-dessurlarymyza, milli oýunlarymyza, täsirli tymsallarymyza salgylanýar. Bu bolsa kitabyň gyzykly, özüne çekiji çykmagyna ýardam edipdir.

Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikler hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent Watanyna hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar» diýip ýazýar. Hawa, Watana bolan uly söýgi mähriban Arkadagymyzyň beýan edýän mukaddesliklerine söýgüden başlanýar. Hemmetaraplaýyn kämil adamlaryň kemala gelmegi üçin ata-eneler bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarydyr orta mekdepleriň işgärleriniňem üstüne uly borç

düşýär. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek bolsa, biziň üçin parzdyr.

Aşyrsoltan WELIÝEWA,

Balkanabat şäherindäki 36-njy çagalar bagynyň müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31729

17.06.2021
Türkmenistan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze çemeleşmeleri öňe sürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

Abraýly sebitara we halkara guramalar bilen köpugurly esasda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirýän ýurdumyz ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu halkara guramanyň 1969-njy ýylda esaslandyrylandygyny bellemek gerek. Onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Şu güne çenli dünýäniň 57 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Birnäçe ýurtlar we iri guramalar, şol sanda BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi bu guramada synçynyň derejesine eýedir.

Türkmenistan bilen YHG-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde, şu geçen döwürde toplanan oňyn tejribe uzak möhletleýin esasda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmek üçin oňyn binýady emele getirýär. Dostlukly, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýän ýurdumyz bu gurama girýän döwletler bilen köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýar. Durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologik, medeni-ynsanperwer we syýasy ugurlardaky işjeň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek YHG-nyň işiniň esasydyr.

“Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostluk, raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde netijeli orun eýeleýändiginiň, möhüm sebitleýin, ählumumy wezipeleri çözmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň hem-de tagallalaryň birleşdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Onlaýn tertipde geçirilýän foruma gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda YHG-nyň Baş sekretary doktor Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmine ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.

Dünýä ylmyna we medeni ösüşine bahasyna ýetip bolmajak taryhy goşant goşan yslam dünýäsi häzirki döwürde ykdysady ösüşiň innowasion hem-de ýokary tehnologiýaly nusgalaryna durnukly geçmek üçin raýdaş çemeleşmeleri talap edýän ýönekeý bolmadyk döwri başdan geçirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň üçin ähli zerur zatlar — adam mümkinçiligi, baý tebigy serişdeler, ep-esli maliýe mümkinçilikleri, amatly fiziki-geografik şertler bar.

Häzirki döwürde YHG sanalyp geçilen bu mümkinçilikleri netijeli we rejeli ulanmak, musulman ymmatynyň ähli agzalary üçin hakyky peýda gazanmak maksady bilen, eýýäm ençeme möhüm ädimleri ätdi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary derejedäki birinji sammit geçirildi. Guramanyň 2005 — 2015-nji ýyllarda bu ugurdaky hereketleriniň onýyllyk maksatnamasyny amala aşyrmakda belli bir netijeler gazanyldy. Bu bolsa 2026-njy ýyla çenli ikinji maksatnamalaýyn resminamada täze wezipeleri hem-de uzak möhletli maksatlary kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ähli döwletler üçin hakyky netijeleri berer ýaly bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Birinjiden, düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň netijelerini, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş babatda alyşmak üçin usullary döretmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmaly.

Türkmen tarapynyň bu başlangyjy guramanyň ylym, tehnologiýalar we ylmy merkezleri döretmäge degişli innowasiýalar boýunça 2026-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlendi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, yslam dünýäsiniň umumy ylmy-tehnologik kuwwatyny döretmek üçin YHG-nyň Ylmy-barlaglar merkezleriniň ulgamyny emele getirmek barada barýar. Şonuň esasynda biziň ýurtlarymyzyň alymlar birleşiginiň içinde maglumatlary çalt hem-de utgaşdyryp alyşmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ikinjiden, YHG-nyň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Bu barada 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk aýdylýar. Bu ileri tutulýan ugurda aýratyn konseptual resminamalaryň ýokdugy bize suw serişdeleri, möhüm azyk harytlary bilen barabar üpjünçilik hem-de şol bir wagtda howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça bar bolan çylşyrymly soraglary yzygiderli esasda çözmäge mümkinçilik bermeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan häzirki ekologiýa howplaryna garşy halkara tagallalary birleşdirmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ençeme anyk we gaýragoýulmasyz işleri teklip edýär. Hususan-da, ýurdumyz pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmekde «Ýol kartasyny» döretmäge gönükdirilen ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, yslam dünýäsiniň şu ugurdaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy gün tertibinde bellenen maksatlara ýetmekde YHG-nyň her bir agzasyna ýardam bermäge gönükdirilmelidigine ynanýandygyny aýtdy.

Üçünjiden, biz «uly maglumatlar» ulgamyny we howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek boýunça ozal kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu maksatlara ýetmekde üstünlikli işimizi üpjün edýän iki sany aýrylmaz meseläni aýratyn nygtaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Anyk aýdylanda, olar aýry-aýry ýurtlarda, uly sebitlerde ygtybarly fiziki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek hem-de sebitara derejede musulman ýurtlarynyň üpjünçilik ulgamlarynyň goşulyşmagydyr. Şeýle hem Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň teklip eden YHG gatnaşýan ýurtlaryň çäklerinde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezleriniň binýadynda maglumatlaryň bitewi sanawlarynyň nusgalaryny döretmekdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şeýle merkezleri ýerleşdirmek we olaryň işlemegi üçin milli şertleri peýdalanmak boýunça mümkinçiliklere garamaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, bu sammitiň biziň döwletlerimiziň ösüşiniň we öňe gitmeginiň bähbidine musulman dünýäsiniň agzybirligini berkitmekde ähmiýetli ädimdigini belledi hem-de hemmelere berk jan saglyk, YHG-ä agza ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda sebit we ählumumy möçberdäki, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady. Şeýle hem ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde işjeň orun eýeleýändigini aýan etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31740?type=feed

17.06.2021
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Tebigy baýlyklarynyň gorlary, infrastruktura düzümleri we adam mümkinçilikleri boýunça sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda uzak geljek üçin sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda innowasion tehnologiýalary peýdalanmak esasynda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ugrunda möhüm wezipeler öňe sürülýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin milli maksatnamalar, meýilnamalar, konsepsiýalardyr kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şolaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň, tolkunlaryň energiýasyny, biomassany, tebigy ýangyç almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ösümlikleri önümçiligi we halk hojalygyny ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmelerden gözbaş alýan energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Energiýanyň şeýle görnüşiniň çeşmeleriniň artykmaçlyklary hökmünde olaryň Ýer ýüzünde bolup geçýän tebigy we hemişelik ýagdaýlaryň esasynda üpjün edilip, gorlarynyň çäklendirilmedikligi, düzüminde gymmat bahaly ýangyç komponentiniň bolmazlygy, adaty energiýa çeşmelerinden tapawutlylykda, bütin dünýä boýunça deň derejede paýlanylmagy, şeýle hem ykdysady taýdan oňaýsyz sebitlerde hem ulanylmaga mümkinçiligi görkezilýär.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýokardaky beýan edilenleri göz öňünde tutup, degişli energiýa çeşmelerini ulanmak üçin guramaçylyk, ykdysady, durmuş we maliýe esaslaryny, bu ugurdaky önümçilik enjamlarynyň, gurluşlaryň hem-de tehnologiýalaryň ulanylyşynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öndürijiler, üpjün edijiler, sarp edijiler bilen döwletiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň mehanizmlerini kesgitleýär. Kanunyň maksady dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek we peýdalanmak, energetika ulgamyny, gurluşyny kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, barmasy kyn bolan ilatly nokatlarda (Garagum sährasy, daglyk ýerler we ş.m.) jemgyýetçilik hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak wezipelerinden we ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakdan ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky döwlet syýasaty milli we sebit maksatnamalarynyň çäklerinde daşky gurşaw üçin zyýansyz energetikanyň paýyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply energiýa ulgamlaryny ösdürmek we energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga döwlet goldawyny bermek bilen, bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde ilatyň saglygyny, zähmetini goramak wezipelerine esaslanýar. Şeýle hem dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ýangyç we energiýa deňagramlylygyny üpjün etmek üçin dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň öndürijileriniň (sarp edijileriniň) ykdysady gyzyklanmasyny üpjün edýän hukuk, maliýe we ykdysady mehanizmler ulgamyny döretmek, pudaga maýa goýumlaryny çekmek we telekeçiligi goldamak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanýan ulgamlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, degişli pudakda tehniki we tehnologiki ösüşleriň maglumat goldawyny hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek işine köpçüligiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek ýörelgelerine eýerýär.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan şertleriň doly we dogry berjaý edilmegi milli ykdysadyýetiň çalt depginde ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem energetika pudagynyň kuwwatynyň ýokarlanmagyna, merkezleşdirilen energiýa torundan uzakdaky ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawa adamyň zyýanly täsirini peseltmäge ýardam edýär.

Ahmet PENJIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dosenti.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31686

17.06.2021
«Hasyllynyň» bereketli hasyly

Telekeçi Döwlet Hojamyradowyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde açylan «Hasylly» ýyladyşhanasynda eýýäm ikinji hasyly ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. 2019-njy ýylda açylan we geçen ýyl 250 tonnadan gowrak pomidor beren ýyladyşhanada şu ýylda alnan hasyl 280 tonnadan geçdi. Şu aýyň 25-ine çenli tamamlanjak möwsümiň galan böleginde ýene-de 50-60 tonna çemesi hasyla garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda, şol sanda gündogar sebitde hususyýetçilik boýunça üstünlikli işleýän ildeşlerimiziň sany barha artýar. Olaryň agramly böleginiň ýaşlardygy bolsa aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Ynha, «Hasylly» ýyladyşhanasynda hem hünärmenleriň 28-si zähmet çekýär. Ýyladyşhananyň baş hünärmeni Rüstem Omarowyň gürrüň berşi ýaly, olaryň 80 göterimden hem gowragy ýaşy 35-e ýetmedik ýaşlardyr. Işgärleriň deň ýarynyň gelin-gyzlardygyny hem aýratyn nygtamak gerek.

Bu ýerde işgärler üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Olar barada baş hünärmen şeýle gürrüň berýär:

― Ýarym iş güni gündiz sagat 12-ä çenli dowam edýär. Ýyladyşhana tarapyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra howanyň häzirki gyzgyn günlerinde işgärlerimize öýlän sagat 16-a çenli dynç berýäris. 16-dan soň ýene üç sagatlyk iş bilen iş güni tamamlanýar. Umuman, işgärlerimiziň işe bolan höwesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Şeýle bolansoň, olaryň yhlasy güýçli. Laçyn Joramyradowa, Oguldursun Begenjowa, Nurmyrat Mämmedow, Maýa Joraýewa, Ülker Hojakowa ýaly işgärlerimiz bolsa beýleki kärdeşlerine hem görelde görkezýärler.

Ýeri gelende aýtsak, «Hasylly» ýyladyşhanasynda häzir 1,2 gektar ýerde ekin ekilip, hasyl alynýar. Ýyladyşhana 10 bölekden, her bölek hem 6 hatardan ybarat. Hatarlaryň uzynlygy 110-dan 140 metre çeni ýetýär. Baş hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, geçen ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda bu ýere pomidoryň «Marwelans» görnüşiniň 32 müň düýbi ekildi. Rüstem bu görnüşiň hasylynyň iri bolýandygyny we uzak ýola çydamlydygyny aýdýar.

Hasylyň iriligi bilen bagly bir mysaly getirip bileris. Mälim bolşy ýaly, ýyladyşhanalarda hasyl ýyglanda, her 5-6 pomidor baldagy bilen bile ýygylýar. Şol baldak hasyl barjak ýerine barýança, ony iýmit bilen üpjün edip durýar. Söhbetdeşimiz bir baldakdaky pomidorlaryň agramynyň 1 kilogram 300 grama çenli ýetip bilýändigini aýdýar.

Möwsümiň başynda meýilleşdirilýän mukdar 250 tonna hasyldy. Ýöne, ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, alnan hasyl eýýäm 280 tonnadan geçdi. Umuman, şu ýyl hasyllylygy 300 tonnadan geçirmäge doly mümkinçilik bar. Ýyladyşhanada bolanymyzda, muňa öz gözümiz bilen hem şaýat bolduk. Ýyglanyna birki gün bolan hem bolsa, tüweleme, täze düwüp, ýetişip gelýän pomidorlaryň sany-sajagy ýok.

Biziň bu ýerde bolan günümizde işgärler hasylly baldaklara direg berip, ozal hasyly ýyglan bölekleriň ýapragyny aýyrýan ekenler. Şeýle hem hasyly aýrylan baldaklar ýüp bilen baglanylýan eken. Umuman, söhbetdeşimiziň hem aýdyşy ýaly, tomsuň günlerinde hasyl her üç-dört günden ýygylýar. Bir hepdä iki ýygym düşse, indiki hepde-de bir gezek ýygylýar. Ýygym günleri, köplenç, duşenbe, çarşenbe we şenbe günlerine düşýän eken.

Şu günler howanyň derejesi ýokary. Şonuň üçin ekini bir günde 15 gezege çenli suwarmaly bolýar. Dürli dökünlerdir dermanlar hem, beýleki ýyladyşhanalarda bolşy ýaly, suwuň düzümine goşulyp berilýär. Ýyladyşhanada serginlediş ulgamy hem göwnejaý ýola goýlupdyr. Awtomatlaşdyrylan ulgam belli bir wagt aralygynda suw pürküp, onuň yzysüre çygly howany berýär. Bu bolsa ekiniň hem, onuň içinde işleýänleriň hem biraz salkynlamagyny üpjün edýär.

«Hasylly» ýyladyşhanasynda ýetişen hasylyň 80 göterimi eksporta iberilýär. Russiýa we Gyrgyz Respublikasy bu ýyladyşhananyň pomidorlaryny esasy eksport ediji döwletlerdir. Olardan başga-da, wagtal-wagtal Özbegistana, Owganystana hem hasyl ugradylýar.

Howanyň gyzgyn günlerinde göwnüň ýagly naharlara juda bir meýilli däl. Tersine, terje pomidory dograp, çörek bilen tutup ýa-da ony gatyga garyp iýmegiň lezzeti başgaça. Terje pomidor bolsa mellek ýerlerimizde-de, bazarlarymyzda-da iň bol nygmatlaryň biri. Ýurdumyzdaky azyk bolçulygyna hususy oba hojalykçylarymyzyň hem goşant goşýandygyny görmek juda ýakymly. Olaryň yhlasly zähmetinden döreýän bereket bolçulygy we elýeterli bahany üpjün edýär.

Begenç ŞARIPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşiniň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31604

17.06.2021
Işiň ýokary depgini

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysady ýörelgeleri we innowasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmak arkaly dokma önümçiliginde ýokary ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolan bu fabrik tehnologik taýdan doly täzelenildi, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy. Munuň özi ahyrky netijeleriň ýokarlanmagyna getirdi.

Fabrik boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 600 tonna golaýy öndürilip, içerki hem daşarky bazarlara ugradyldy. Egriji enjamlaryň sazlaşykly we bökdençsiz işledilmegi bilen, kärhanada önümçiligiň ähli ugurlary boýunça şu wagta çenli 6,5 million manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 129,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu ýerde nah ýüplükler bilen bir hatarda, dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Şu ýylyň başyndan bäri mebel pamyk önümleriniň 300 tonnadan gowragy öndürilip, 182,9 göterim ösüş üpjün edildi.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarydyr taýsyz goldawlary bilen giňden ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň ruhy güýji bu kärhananyň işiniň ähli ugurlarynda aýratyn duýulýar: önümçilik ulgamlarynyň ozal hyýala-da gelmedik iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, öndürijilikli zähmet çekmek, iş arasynda dynç almak üçin iň amatly şertleriň döredilmegi işçi-hünärmenleriň has netijeli işlemegine, ylaýta-da, ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önüm öndürilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Sahawatly türkmen topragynda öndürilýän «ak altynyň» gaýtadan işlenmegi bilen taýýarlanýan pagta süýüminiň ýüplügi mata we mata önümleriniň önümçiliginde iň gymmatly çig mal hasaplanýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly bu önümler özüniň ýokary hili hem-de halkara ülňülere laýyklygy bilen, tutuş dünýäde bäsdeşlige ukyplydyr. Innowasion tehnologiýalara daýanylmagy, ýokary öndürijilikli enjamlardan ygtybarly peýdalanylmagy arkaly halkara hil ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi indi 30 ýyla golaý wagt bäri netijeli işläp gelýän fabrigiň ynamly ösüşlerini üpjün edýän esasy şertlerdir.

— Kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşy almak ugrunda ýokary işjeňlik bilen zähmet çekýärler — diýip, fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akjagül Gazakowa gürrüň berýär. — Şu ýylyň geçen döwründe kärhana hemme ugurlarda guwandyryjy netijeler gazanyp, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň welaýatyň çäginde hereket edýän kärhanalarynyň arasynda iň öňdäki orny eýelemegi başardy. Gazanylan üstünlikde pagta egrijilerimiziň, tehniki işgärlerimiziň saldamly goşantlary bar. Fabrigiň döredilen gününden bäri hereket edýän kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy işgärleriň iş hem durmuş şertleri dogrusynda aladalanýar. Guramamyz tarapyndan önümçiligiň has ilerlemegi üçin dürli medeni-köpçülik çäreleri, guramaçylyk işleri yzygiderli geçirilýär, önümçiligiň öňdebaryjylary höweslendirilýär.

Hil esasy görkezijileriň biri hasaplanýar. Iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana bölümi önümçilik ugurlarynyň ählisiniň önümleriniň hiline gözegçilik edýän merkez bolup durýar. Barlag-ölçeg enjamlary sap arassa ýüplügiň hilini kesgitleýär. Her günde ep-esli mukdardaky önümleriň gözegçilikden geçirilmegi, onuň hili barada degişli maglumatlaryň jemlenmegi sanly tehnologiýalar arkaly göz açyp-ýumasy salymda amal edilýär. Nah ýüplügiň ýörite hil görkezijisine laýyklygy kesgitlenenden soňra, ol taýýar önümler ammaryna goýberilýär.

— Fabrigiň önümçilik ulgamlarynyň ählisi kompýuterler arkaly dolandyrylýar — diýip, kärhananyň operatory Rahym Kakabaýew aýdýar. — Diňe şu bölümiň pagta süýümini ýumşadýan we tüýdýän iki ugrunda dürli önümçilik tilsimlerini amal edýän enjamlaryň birnäçesi doly güýjünde işledilýär. Şu ýerde fabrigiň öňdebaryjy işçileriniň adyny guwanç bilen agzasym gelýär. Şabibi Jemparowa, Enegül Ilmyradowa, Jeren Sapargylyjowa asylly zähmetleri bilen hemmelere görelde bolýarlar. Fabrikde işleýän ýaşlar häzirki ösen döwrümiziň tehnologiýalaryna başarjaňlyk bilen erk edýärler, hünär ussatlyklaryny görkezýärler. Nurana döwrümizi yhlasly zähmetimiz bilen beýgeltmäge uly mümkinçilik döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, amala aşyrýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31706

17.06.2021
Gazhimiýa toplumy: döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýär. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işläp, uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça işler hem giň gerime eýe bolýar.

Kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda hyzmatdaşlyga dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda ammiak, karbamid, polietilen, polipropilen, benzin öndürmek ýola goýuldy. Metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar.

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky döwrebap senagat toplumy bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup, bu ýerdäki işler bilen tanyşdy, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Gürrüňi edilýän zawod 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda gurlup, ulanylmaga berildi. Zawod her ýylda tebigy gazy örän köp mukdarda gaýtadan işläp, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän ECO-93 kysymly benzini, suwuklandyrylan gazy öndürýär. Bu zawodyň işe girizilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Şeýle kärhanalar içerki zerurlyklarymyzy üpjün etmekde we türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhümdir. Hormatly Prezidentimiz zawodyň işi bilen tanşanda, şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşliginiň barşynda kärhanany bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlaryny gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini nygtady. Häzirki döwürde nebitgaz toplumynyň, şol sanda gazhimiýa pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde işler amala aşyrylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamalaryna ulgamda ulanylýan döwrebap enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenmäge degişli dersler girizilip, okuw maksatnamalary täzeden işlenip düzüldi.

Ahaldaky tebigy gazdan sintetiki ýangyjy öndürýän zawodda ulanylýan tehnologiýalar bilen baglylykda, uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagydyr himiýa senagaty üçin nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy boýunça hünärmenler, himiýa tehnologiýasy boýunça bakalawrlar, standartlaşdyrmak hem sertifikatlaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Uniwersitetiň nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy hünäri boýunça okaýan talyplary önümçilik tejribeliklerini Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda, Gyýanlydaky polimer zawodynda, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçýärler. Talyplar uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen täze önümleri öndürmegiň desgalaryny awtomatlaşdyrmak, tehniki-ykdysady görkezijileri hasaplamak ýaly temalar boýunça ýyllyk işlerini, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen täze önümleri öndürmegiň desgalaryny taslamak ýaly mowzuklar boýunça diplom taslamalaryny ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT-hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, şu ugurlar boýunça ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary arkaly halkara uniwersitetler, beýleki abraýly bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekdi. Türkmen talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyrylmalydygy, olaryň taýýarlan ylmy işleriniň önümçilige ornaşdyrylmalydygy bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryny, şeýle hem uniwersitetde bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak, okuwa hünäre höwesli, zehinli ýaşlary kabul etmek, nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamakda halkara tejribelerden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny, nou-haulary, sanly ulgamy durmuşa has doly ornaşdyrmak, ýaşlary dünýä ülňülerine laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek baradaky tabşyryklaryny berjaý etmek ugrunda uniwersitetimizde işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermek, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmek barada tabşyrygyny amal etmek maksady bilen, pudagyň degişli edaralary bilen bilelikde iş topary döredilip, wezipeler kesgitlendi we olary amala aşyrmaga girişildi. Milli Liderimiziň uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça merkezi döretmegiň wajypdygy baradaky görkezmesinden ugur alnyp, ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyr.

Bize işlemäge, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Baýrammyrat ATAMANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31709

17.06.2021
Daýhançylygy telekeçilik bilen utgaşdyranlar

Hakyt ýarym müň gektardan-da artyk ýere degerli hyzmat etmegi başarýan ýigitleri bu töwerekde daýhan doganlar diýip tanaýarlar. Ata-baba daýhançylykdan eklenen bu döwletli maşgala geçen ýylyň ahyryndan bäri telekeçi.

Dogduk obalarynyň ekin çäginden 501 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alan batlaryna, ozalkylary ýaly galdawlyk bilen, 350 gektarda ur-tut bugdaý ekişini geçiren Gowşakowlar indi telekeçiligiň ilkinji hasylyny ýygnap ýörler. Durun obasyndan 20 — 22 kilometrlik gaýrada ýerleşen «Ýuha» diýilýän ýerde indi ymykly iş mekanyny tutunan doganlaryň 7-si hem häzir aýak üstünde, orak möwsümini tamamlap barýarlar. Gowşakowlaryň körpesi Hudaýnazar bilen biz Bäherdeniň etrap häkimliginden çykyşymyza, şäherden dik gaýralygyna ugrap, peseň çägelige direýän, ýaýylyp ýatan meýdana guşluk bolmanka bardyk.

Ýolda 36 ýaşly sürüji maşgaladaky 11 doganyň 8-siniň oglan bolup, olaryň häzire çenli rysgallarynyň birdigini aýdyp, turuwbaşdan, geň galdyran şeýle gürrüňini howlukmazdan dowam etdi. Ejesiniň şunça maşgala ýeterlik çörek bolmagy üçin gün sypdyrman tamdyrda nan ýapandygyny, indi muny gelinleriň agzybirlikde dowam edýändigini aýdyp, guwanç duýgusynyň üstüni myssa ýylgyrmak bilen ýetirdi. Münüp baran «Jipimizden» başlap, esasy önümçilik serişdeleriniň ortakdygyny gaýtalap goýberdi. Buýsanmazça, ýanjamazça däl: soňky ýyllarda şeýle maşgala duşmak dogrusy, obada, şäherde çetin. Bu gürrüňlerden çen tutup, telekeçi bolmagyň binýadynyň şundan başlanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Inim Möwlamberdi hem 4 ogluny öýli-işikli etse-de, henize çenli olaryň rysgalyny aýyrmaýar. Muny hususyýetçi inimiň hem maşgala bolup, bilelikde saklaýan mallaryna gerek adam güýjüni we harjy jemlemek üçin şeýdýändigine men Durunda, Gowşakowlaryň tejribesinden magat göz ýetirdim.

Hawa, «Agzybire Taňry biýr...» pelsepesiniň gadymy telekeçiligiň gaýtadan möwç urýan zamanynda, ine, şu yranmaz döwletli maşgalanyň mysalynda wysal tapyp, munuň häzir has-da zerur närsediginden habar berýär. Onsoňam, şeýle jebislik doganlaryň gündelik işine hem mahsus ekeni: munça meýdanda esasy işi daşyndan mümkingadar az adam çekip, hut doganlaryň özleri ýerine ýetirýär. Telekeçilik işine tutuşlygyna Altymyrat baştutanlyk etse, 1969-njy ýylda doglan Aýnazar topara ýolbaşçylyk edýär. Çünki onuň bu ugurdan ozalky daýhan birleşiginde 20-21 ýyllyk tejribesi bar. 2009-njy ýylda Aýnazar «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylýar. Roýuna mele topragyň, tylla Günüň nury mazaly çaýylan bu daýhan bugdaýdyr gowaça deň suw — 4-5 gezek suw berseň ýeterlikdigini aýdýar. Suwaryş işleriniň arasynda tümmül suwunyň aýratyn ähmiýetini Hudaýnazar ýatladýar. Aýnazar ideg işiniň heniz ýere tohum sepilmezden hem ozal, şüdügär sürümiň, tekizleýiş-düzleýiş işleriniň yzy bilen berilýän dürli dökünleri sepmekden başlamalydygyny nygtaýar. Her suwaryşdan ozal ýa-da şerbet usuly bilen hem dökün berlip durulmaly. Şeýle dökünler dersden, fosfordan, karbamidden, azotdan ybaratdyr. Onsoňam, gowaça suwy bilen bugdaý suwunyň gabat gelmeginden gaça durmaly: şunda suw ýetmezçiliginiň öňi alynýar. Ine, şeýle edilende, ýylyň gurak gelmegine hem garşy durup bolýar. Hudaýnazar şu ýyl şeýle tejribäniň oňyn netijesini onçakly unaman, muny ýörite ekin ýerine gelip, görüp gidenleriň az bolmandygyny gürrüň berdi.

Meýdandaky gysga söhbetdeşligimizde tohumyň ahyrky netijä täsiriniň diýseň uludygy hakynda agzaşmaga-da ýetişdik. Doganlar bugdaýyň «Batko» we «Ýuka», gowaçanyň bolsa «Ýolöten-39» tohumyny ulanýarlar. Işini içgin bilýän kişi netijäni hem öňünden dogry çaklap bilýär. Doganlar döwlete tabşyrylmaly 730 tonna bugdaýyň artygy bilen bardygyna ynanýarlar. Olar 150 gektardan hem köp ýeri tutýan gowaça meýdanlaryndaky işi hem ugurdaş alyp barýandyklaryny, ekiniň ýagdaýynyň gowudygyny gürrüň berdiler.

Ýogsa-da, daýhançylygy telekeçilik bilen şowly utgaşdyrmaga başlan Gowşakowlaryň tejribesi bu ugurdaky hünärmenleri hem gyzyklandyrsa gerek: kärendeçilikden telekeçilige geçmek bu işe daşyndan gelen telekeçilere hem oňat mekdep bolup biler. Çünki oba hojalygy ykdysadyýetiň beýleki pudakdyr ugurlaryndan düýpli tapawutlanýar. Ýerlerdir mallar bilen iş salyşmaga, ozaly bilen, obalylar werziş bolýar. Onsoňam, olaryň telekeçi bolup gitmegi birbada iki wezipäni çözýär: ekerançylygy we maldarçylygy dogabitdi özleşdiren obalylaryň bu pişäni öwrenmäge tebigy mümkinçilikleri has köp we munuň özi obalylaryň täze şertlerde iş ýerleri bilen üpjünçiligini gowular.

Hakberdi AMANMYRADOW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/31531

16.06.2021
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ulag ýollarynyň, ugurdaş desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän taslamalary hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-de ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda döwlet Baştutanymyzyň binagärligiň milli däpleriniň we öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşyk maksatnamalary durmuşa geçirilende, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň bezegi hem möhüm ugurlaryň biridir. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň garaýyşlarynyňdyr pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekdi.

Desgalaryň ýerleşýän ýerleri nazara alnyp, olaryň bezeg işlerinde Diýarymyzyň çäginde bar bolan tebigy baýlyklaryň, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli medeniýetine degişli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, köprüleriň ýerleşýän ýeriniň özboluşly aýratynlyklaryna we şol töweregiň binagärlik keşbine kybap gelýän şekiller bilen bezelmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň, şonda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, olaryň bezegleriniň çyzgylary hödürlenildi. Merkezi bezemegiň, abadanlaşdyrmagyň we ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda şeýle merkezleriň gurulmagynyň esasy maksadynyň şäher ýaşaýjylarynyň gyzykly we göwnejaý dynç almagy, işjeň döredijilik işi bilen meşgullanmagyny höweslendirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň garamagyna “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary, binanyň baş meýilnamasy, oňa degişli birnäçe taslamalar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň teklip edilýän şekil taslamalary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde gurulýan ulag ýollarynda sürüjiler we pyýadalar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine hem-de hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şäheriň çäkleriniň giňelýändigini hem-de ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan ýollaryň ugrunda häzirki zaman ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriniň döredilmegine, yşyklandyryş ulgamyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra energetika ministri Ç.Purçekow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar görkezildi.

Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan energetika desgalary, ulgama degişli abatlaýyş we hyzmat ediş merkezleri häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalary, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Şunda ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns bermek zerurdyr. Bu kadalar gyşarnyksyz berjaý edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow şu günler ministrlige degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Bäherden we Köýtendag sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýandygy, ozal bar bolan sement zawodlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Täze sement zawodlarynyň gurulmagy, ozal bar bolanlarynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar üçin zerur bolan sement önümçiliginiň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler gurluşyklary zerur serişdeler we materiallar bilen üpjün etmekde aýratyn ähmiýetli bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän sementiň hiline hem-de döwrüň talabyna laýyk görnüşleriniň önümçiligine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň çäginde bar bolan tebigy baýlyklaryň, gurluşyk ulgamyna degişli dürli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegi, şolardan ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda arassaçylyk, abadançylyk işlerini ýokary derejede alyp barmaga, seýilgählerde zerur şertleri döretmäge, suw çüwdürimleriniň sazlaşykly işini ýola goýmaga, täze bagy-bossanlyklary emele getirmäge gönükdirilen çäreler hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu babatda iň gowy tejribä, ylmyň gazananlaryna we şol bir wagtyň özünde gadymdan gelýän milli däplere daýanmak zerurdyr diýip nygtady. Şunda amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň çäginde alnyp barylýan işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şol işler bolsa paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Her ýyl türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze, özboluşly binalar we desgalar, döwrebap seýilgähler bilen ýetirilýär. Şolar täze taryhy döwrüň özboluşly şäher gymmatlyklaryna hem-de täze eýýamyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Aşgabadyň çäklerinde bar bolan baglara ideg işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir we ýollaryň ugrunda hem-de çatryklarda dürli gülleriň ekilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek onuň ekologiýasy babatda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Diýarymyzyň baş şäherini we onuň daş-töweregini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek, ilatyň has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemini jemläp, ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň, şäherde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň esasy talapdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

* * *

Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolup, bu ýerleriň binagärlik özboluşlylygy, şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň sazlaşygy bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň häkimligi degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen taýýarlanan taslamalaryň tanyşdyrylyşyny gurady.

Şu günler milli Liderimiziň gönüden-göni tagallasy bilen, gurluşyk, binagärlik hem-de dizaýn sungaty boýunça bilim alýan talyplar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, dizaýn babatdaky çözgütlerine işjeň gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän amaly sapaklar tejribe bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz ähli ugurda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, aýratyn-da, durmuş maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda hem-de olaryň bezeg aýratynlyklarynda ýaşlaryň bu ugra degişli täzeçil pikirleriniň we garaýyşlarynyň zerurdygyna ünsi çekip, talyplaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ýerine ýetirilmegine hem-de bezeg işlerine çekilmeginiň wajypdygyny belleýär we olaryň bu ugurdaky wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşjakdygyna berk ynam bildirýär.

Talyp ýaşlar hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamynyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly buýsanç bilen gatnaşjakdyklaryny ynandyrýarlar. Munuň özi Diýarymyzda ylymly, bilimli, ýokary hünärli hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň artýandygynyň we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy şäherlerde özboluşly binagärlik toplumynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde taýýarlanan taslamalar, olaryň binagärlik çözgütleri bilen tanyşmagy hem-de bu babatda öz garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etmegi şähergurluşygynyň okgunly ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Talyp ýaşlar ileri tutulýan döwlet wezipelerini çözmäge gatnaşmak babatda döredilýän mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31547?type=feed

16.06.2021
Parahatçylyk — hoşniýetliligiň ýoly

Bütin adamzat taryhyna ser salanymyzda-da, ähli gülläp ösüşler parahatçylykly ýyllarda amala aşyrylandyr. Adamzat parahatçylygy berkitmäge, ynsanlaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga ömürboýy gulluk edendir. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar». «Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr».

Ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň geçen döwründe, esasan, parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň ýurdy hökmünde özüni tanatdy. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýäde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlarynyň özenini elmydama parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri tutýar. Döwlet Baştutanymyzyň ähli çykyşlaryny, öňe sürýän maksatnamalaryny, çuňňur many-mazmunly eserlerini okap görseň, ynsanlaryň abadan ýaşaýyşlarynyň berk daýanjy bolan parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň şaýady bolýarsyň.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýän taryhy Kararnamasynda hem Türkmenistanyň parahatçylygyň, asudalygyň, ynsanperwer başlangyçlaryň mekanydygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu gymmatlyklara esaslanyp hem dünýä ýurtlary tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan goldanylýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň şeýle ykrarnama iki gezek eýe bolandygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek.

Parahatçylyk we ynanyşmak sözleri biri-birinden aýrylmaz baglanyşykly sözlerdir. Ynanyşmak, düşünişmek, sylag-sarpa, sabyr-kanagat, medeniýet, adalat, ynsanperwerlik ýaly adamzadyň iň kämil häsiýetleri, kadalary-ýörelgeleri, däp-dessurlary, ynançlary, düşünjeleri parahatçylygyň mizemez daýançlarydyr. Adamlaryň gatnaşyklarynda, maşgalada parahatçylygy, asudalygy, gülläp ösüşleri üpjün etmek üçin-de olar örän gymmatlydyr. Asmanda parlap dogýan Gün şuglasy kimin parahatçylyk hem dünýä ýalkym saçýar, dünýäni nurlandyrýar. Ýüregimiz-aňymyz nurana oý-pikirlere, duýgy-düşünjelere beslenýär. Parahatçylygyň ýoly bilen ykballarymyz gül-açýar, öý-ojagymyz dost-doganlygyň, asudalygyň, rysgal-berekediň ojagyna öwrülýär. Şonuň üçin Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, döredijiligiň, bedew batly ösüşleriň gözel ýurduna, ajaýyp mekanyna öwrülmesiniň biziň başymyzy göge göterýän, buýsanjymyzy goşalandyrýan gymmatly esaslary bardyr.

Döwletimiz dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Esasan, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet-sungat, sport-syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýokary ähmiýet berýändigine göz ýetirýäris. Ähli gatnaşyklar ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryna esaslanýar. Hut şol sebäpli hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli syýasatynyň, beýik taglymatynyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda ýurdumyzda yzygiderli önümçilik desgalary bilen birlikde saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar bag-bakjalary, medeniýet öýleri, sport desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ýollar-köprüler gurlup ulanylmaga berilýär. Döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklar ata-babalardan gelýän mizemez ýörelgelere hem-de dünýä tejribesinde nusgalyk derejesine göterilen kämil düzgün-kadalara esaslanyp ösdürilýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň aýdyň hem nurana ýoly bilen Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, döredijilikli ösüşleriň Watanyna öwrüldi. Şeýle aýdyň hem nurana ösüş ýoly, hatda, her bir adama, tutuş dünýä halklaryna nusgalyk ýoldur. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Annamyrat AKYÝEW,

«Mugallymlar gazeti».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31501

16.06.2021
Gazna biržasy — sanly ykdysadyýetiň möhüm guraly

Maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmekden ötri maliýe usullarynyň görnüşini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetde bu serişdeleri amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzak möhletli maýa goýumlary çekmek maksady bilen, milli gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetlerine gymmatly kagyzlar babatda geleşikleriň amala aşyrylyşy boýunça degerli maslahatlar berilýär. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, diňe döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenmegi bilen çäklenmän, eýsem, hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen, milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzümi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülere laýyk gelmegine ýardam berýär.

Aslynda, gazna bazary maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolup, döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bazar ykdysadyýetine geçýän döwletleriň ykdysady ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş derejesine bagly bolup durýar, ýöne olaryň gazna bazary entek emele gelmek ýa-da başlangyç derejesinde hereket edýär.

Gazna bazarynyň ösüş derejesi bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk hünärmenler tarapyndan öwrenildi. Şunda maliýe araçyllaryň (banklar) maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge serişdeleri çekmek we özleriniň iş ukyplaryny töwekgelçiligi dolandyrmaga gönükdirmek bilen, kärhanalaryň menejerleriniň hereketine gowy gözegçilik edip bilýändikleri anyklanyldy. Munuň özi ykdysadyýetde geleşikleriň möçberini artdyrmak bilen, tehnologik innowasiýalara we ykdysady ösüşe öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistanda hem gazna bazarynyň herekete getirilmegi häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň biri hökmünde öňe çykdy. Çünki gymmatly kagyzlaryň kömegi arkaly şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy obýektlere, enjamlara we tehnologiýalara öwrülýär. Milli ykdysadyýeti berkitmegiň häzirki zaman tapgyrynda esasy meseleleriň biri maliýe gurallary arkaly artýan pul serişdeleriniň paýlanylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmek we kämilleşdirmekdir.

Gymmatly kagyzlar diýmek näme? «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň jemi hökmünde görkezilýär. Gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen bagly boldy (paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly). Maýa goýumlaryny çekmek we birleşdirmek meselesiniň oňyn çözülmegi täze kärhanalary döretmek we kämilleşdirmek işine uly täsir edýär. Şol sebäpli, gazna biržalarynyň kämilleşmegi bazar ykdysadyýetli döwletlerde ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Dünýä tejribesinde gymmatly kagyzlar bazary, adatça, gazna bazary diýen düşünje bilen bile ulanylýar.

Gazna bazarynyň ösüşiniň dürli tapgyrynda «birža» sözüne hem ykdysatçylar dürli kesgitleme berýärler. Birža — bu söwdany amala aşyrýan hünärmenler, ýagny dilerler we dellallar üçin niýetlenen, ýörite enjamlaşdyrylan bazar ýeri diýmekdir.

Gazna biržasy bolsa söwda ýeri bilen berk bellenen guramaçylykly, bähbitli gymmatly kagyzlary we operatorlary saýlamak mümkinçilikli, geleşikleriň we olar boýunça hasaplaşyklaryň bellige alnyşynyň merkezleşdirilenligi, resmi nyrh kesmegiň (kotirowka) berkidilmegi bilen tanalýan we biržanyň agzalaryna gözegçilik edýän merkezi bazardyr. Gazna birža hökmünde diňe gymmatly kagyzlar bazarynda söwdany guran we öz işini ygtyýarnama (lisenziýa) esasynda amala aşyran ýagdaýynda ykrar edilýär.

Halkara tejribeden belli bolşy ýaly, başlangyç tapgyrda ygtybarly, halkyň ynamyny gazanan hem-de maliýe taýdan durnukly kärhanalaryň paýnamalary gazna biržalarynyň resmi sanawyna goşulýar. «Aşgabat» gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde «Halkbank» PTB-niň, «Senagat» PTB-niň we «Rysgal» PTB-niň paýnamalary resmi sanawa goşuldy. 2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda «Aşgabat» gazna biržasynda birža söwdalary geçirilip, olarda agzalan banklaryň paýnamalaryny satyn almak-satmak boýunça geleşikler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Karary boýunça ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Halkbank» döwlet täjirçilik banky «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwrülip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan «Halkbank» täjirçilik bankynyň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bellenen tertipde gazna biržasynda dessin ýerleşdirildi we uly islege eýe boldy.

Maliýe we ykdysady toplumyň wekilleri bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda ösdürmek boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Şeýle özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar gymmatly kagyzlar bazarynyň has-da işjeňleşmegine itergi berer. Häzirki wagtda gymmatly kagyzlar bazarynyň emissiýasy kanuna laýyklykda hasaba alynýar. Dolanyşygyň ýöredilişi boýunça aýdyňlaşdyrma işleri dowamly geçirilýär. Munuň özi gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň möhüm ugry bolup durýar.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň häzirki zaman maliýe bazarynyň iň işjeň bölegine öwrülmegini gazanmak üçin bu işe gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça özbaşdak okuw sapaklaryna synaglar geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan şahadatnamalar gowşurylýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň esasynda ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işi has kämilleşmek, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek işiniň kanunçylyk binýady barha berkemek bilen. Bu bolsa halkymyza gymmatly kagyzlar bazarynda täze mümkinçilikleri açýar.

Serdar HUDAÝGULIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölüminiň ygtyýarlylandyryş işine gözegçilik bölümçesiniň başlygy.


*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 1606.2021ý.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31540


16.06.2021