Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi. Birek-birege bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.

Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde energetika babatda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetli waka öwrüldi. Mundan başga-da bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär.

Ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine uly üns berýän ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32526?type=feed