Новости
Hususy telekeçilik: ýokary hil, amatlylyk, köpdürlülik

Bilşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynda 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bu köptaraply gözden geçiriliş türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini we milli önümlerimiziň ýokary hil derejesini hem-de täzeçillige esaslanýan ýerli önümçiligiň kuwwatyny doly äşgär edýär.


«BELENT AKABANYŇ» MAKSATLARY BELENT

2014-nji ýylda döredilen «Belent akaba» hojalyk jemgyýeti çagalar üçin niýetlenen oturgyçlaryň, partalaryň, oýunjaklaryň önümçiligi bilen meşgullanýan Türkiýe Respublikasynyň «Oskar» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar we onuň Aşgabatdaky ýörite dileri hökmünde çykyş edýär. Olaryň önümleriniň arasynda dürli ýaşdaky çagalar üçin ýokary hilli plastmassa oýunjaklar, laboratoriýa we görkezme esbaplary, uly bolmadyk tekjeler, dürli ölçeglerdäki oturgyçlar we partalar bar. Umuman, hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň ählisi bilim ulgamyna gönükdirilen.

«Belent akaba» hojalyk jemgyýeti ýerli çig maldan oturgyçdyr partalaryň önümçiligini hem ýola goýdy. Olar çig mal hökmünde Gyýanlyda öndürilýän polietilen we polipropilenden peýdalanýarlar. Dürli reňkdäki göze gelüwli we rahat oturgyçlar özüniň berkligi bilen tapawutlanýar. Hojalyk jemgyýeti şeýle oturgyçlaryň her aýda 3 müňden gowragyny öndürýär. Olaryň hatarynda bir we iki adamlyk partalar hem bar. Bu partalar ähli aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän nusgalar bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Olarda kitap-depder goýmak üçin ýörite tekje, asgyç we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Geljekde «Belent akaba» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän okuw esbaplaryny eksport etmek meýilleşdirilýär.

«DEŇIZHAN» TEKSTIL: ÝAKYMLY WE DÖWREBAP

«Deňizhan» hususy kärhanasy 2020-nji ýylda esaslandyrylyp, bu sergide tekstil önümlerini köpçülige hödürledi. Heniz döredilenine onçakly köp wagt geçmedigem bolsa, kärhananyň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Dürli ýaşdaky erkek adamlar, aýal-gyzlar, çagalar üçin trikotaždan, ýüpekden, ýüňden, pagtadan egin-eşikleri öndürýän kärhananyň merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu kärhananyň öndürýän egin-eşikleri ýumşaklygy, rahatlygy we döwrebap biçüwi bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Diňe bir owadanlygy we göze gelüwliligi bilen tapawutlanman, eýsem, bu önümler diýseň amatly bahadan alyjylara hödürlenýär.

Hususy kärhana diňe egin-eşik däl, eýsem, aýakgap önümçiligini hem ýola goýmagy maksat edinýär. Matadan we tekstil önümlerinden tikilen sport aýakgaplary, gündelik durmuş üçin ýeňil hem-de rahat aýakgaplar dürli reňklerde we ölçeglerde hödürlener. Biz hem halkymyza hyzmat etmek üçin belent maksatlary nazarlaýan hususy kärhananyň işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

TOÝ SAÇAGYNDA «DOGANLAR ÝYLDYZY»

Halkymyzda «süýjülikde gatnaşmak» diýen aýtgy bar. Türkmenler hoş niýet bilen biriniň öýüne baranlarynda mukaddes saýylýan saçagy ýanlaryndan goýmandyrlar, onda mele-myssyk çörek bilen hökmany suratda süýjülik hem bolaýmaly diýip hasaplapdyrlar. Çünki süýjülik süýji durmuşy alamatlandyrýar. Toý-baýramlarda saçagy şirin-şeker nygmatlar bilen bezemek, şatlykly günlerde süýjülikleri paýlamak we seçmek edim-gylymlarymyza giňden ornapdyr. Galyberse-de, biz bir çagany söýgülänimizde hem «Süýji bereýinmi?» ýa «Saňa şokolad alyp berjek» ýaly jümleleri aýdanymyzy duýman galýarys. Biz bu hakda söz açmak bilen, gürrüňimiziň hörpüni eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri halkymyzyň «agzyny süýjütmek» bilen meşgullanýan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasyna syrykdyrmak isleýäris.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedow tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy konditer we şokolad önümleri bilen saçaklarymyzy bezeýär. Bu haryt nyşany bilen köpimiz tanyşdyrys. Toý-baýramlarda, myhmançylykda ýa-da süýji-köke almak üçin dükanlara baranymyzda owadan gaplara gaplanan «Doganlar ýyldyzynyň» şokolad önümleri gözümize ilýär. Bu önümler diňe bir özüniň tagamy bilen däl, eýsem, elýeterliligi we köpdürlüligi bilen hem tapawutlanýar.

«Doganlar ýyldyzy» haryt nyşany bilen 45 görnüşli şokolad öndürilýär. Olaryň hatarynda bezelen gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan süýjüler, içi huruşly we huruşsyz süýjüler... bar. Hususy kärhananyň önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Bu önümler Gyrgyz Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy ýaly döwletlere eksport edilýär. Hususy kärhananyň hünärmenleri eksporty has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem «Doganlar ýyldyzy» haryt nyşanly şokoladlar ISO we «Halal» halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Geçen ýyl bolsa kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndürijisi» ugry boýunça baýrakly orna mynasyp boldy. Bu bolsa «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň önümleriniň ýokary hil derejesinden habar berýär.

Dawut ASGAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23694

20.03.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda pagtaçy kärendeçileriň ekişe girişmek, şol sanda gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirýändikleri bellenildi. Ekiş geçiriljek meýdanlarda meýilleşdirilen işler alnyp barylýar.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinden satyn alnan ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de ekiş möwsüminde gowaça ekiji tehnikalaryňdyr gurallaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda ýörite toparlar döredildi. Şol toparlar degişli serişdeler bilen üpjün edildi.

Wise-premýer ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini belläp, ekişi gysga wagtyň içinde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň senagat üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçylar!” diýip, milli Liderimiz aýtdy we edermen pagtaçy daýhanlarymyza, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzdan miras galan daýhançylyk däplerini dowam edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bu köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda hukuk ulgamyndaky gatnaşyklara degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri netijeli çözmek babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň» netijeli amala aşyrylandygy bellenildi. Häzirki wagtda bu işi ulgamlaýyn esasda dowam etmek üçin Türkmenistanyň degişli edaralary we guramalary BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde, bu resminamanyň 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin taslamasyny taýýarladylar.

Täze meýilnama geljekki bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup çykyş eder.

Türkmenistan Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyň ornaşdyrylmagy babatdaky 2018 — 2020-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy bu gurama we beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň netijeli usullarynyň biri hökmünde çykyş etdi. Bu meýilnamanyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Gürrüňi edilýän resminama halkara ynsanperwer hukuk babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda, döwlet gullukçylarynyň, milli hünärmenleriň bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk babatda BMG-niň ÝUNESKO ýaly iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň rejelenen Düzgünnamasy we düzümi tassyklanyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, bilim, ylym, medeniýet, suw serişdelerini dolandyrmak, statistika, sport, milli medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy geljekki üç ýylyň dowamynda aýratyn meýilnama boýunça alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda ylym-bilim we hukuk ulgamlarynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça 18 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy bilen hem ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň arasynda Türkmenistanda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa mysal hökmünde pudagara toparyň halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde geçiren mejlislerini görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, 24-nji martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň gün tertibine şu ýylda abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de bilelikde taýýarlanylan iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleler giriziler. Şeýle hem şol mejlise sanly wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde we Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Bu ugurda ýurdumyz iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG hem-de beýleki abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz üstünlikli amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän, milli hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň uzak möhletli geljegi nazara almak arkaly guralýan bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidigini belledi.

Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny görkezip, ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygydyr abadançylygy üpjün etmäge, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine olary durmuşa geçirmek, ýokarda agzalan ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin köptaraply kuwwatdan has netijeli peýdalanmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini kämilleşdirmek hem-de Energetika ministrliginde we onuň edara-kärhanalarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek we ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň esasynda senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap desgalar gurulýar, ozaldan işläp gelýän kärhanalaryň durky täzelenilýär.

Ýurdumyzyň himiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, mineral, gidromineral we uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini, ilatyň hem-de halk hojalygynyň pudaklarynyň zerur himiýa önümleri bilen üpjün edilişini gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde täze önümçilik kärhanalary ulanylmaga berildi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Pudagyň kärhanalarynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, işçi güýjüni, maddy we maliýe serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi iş diwanynyň düzüm gurluşyna üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijileriň ýokary isleglerinden peýdalanýan himiýa önümleriniň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, himiýa senagatyny kämilleşdirmek ugrunda işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Energetika ministrliginiň hem-de onuň edara-kärhanalarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Elektrik energetika pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň gidişine gözegçilik etmek maksady bilen, Energetika ministrliginiň merkezi diwanynda maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýa bölümi döredildi.

Häzir “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň binýadynda hasabat merkezi döredilip, şol ýere Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň ähli sarp edijileri barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Töleg terminallary oturdyldy, hasabat merkeziniň internet portaly döredildi, öýjükli telefon arkaly töleg geçirmek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu çäreler nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, elektrik energiýa tölegleriniň geçirilişine we tygşytly ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde sanlylaşdyrmak işini diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmak hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, maglumatlaryň elektron binýadynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça işleri güýçlendirmek barada görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Geçirilen seljerme işlerine laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň gurluşynda Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini döretmek, olaryň düzümine degişli üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň içerkidir daşarky maglumat howplaryndan goraglylyk ýagdaýyny gazanmagyň adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklarydyr azatlyklaryny amala aşyrmagy, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşini-de üpjün edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreler ähli kesgitlenen meýilnamalary ýerine ýetirmäge ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, sanly ulgama geçmegiň döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, edara-kärhanalary dolandyrmak işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama laýyklykda, kärhanalary bellige almak işini kämilleşdirmek boýunça çäreler bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagyň hem-de olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibiniň gaýtadan işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligi üçin amatly şertleri döretmek, raýatlaryň işewürlik başlangyçlaryny giňden goldamak maksady bilen, resminamanyň taslamasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine kybap getirmegiň milli kanunçylyk binýadyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Milli Liderimiz hereket edýän resminamalary yzygiderli seljermegiň hem-de olary tapgyrlaýyn täzelemegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň hususy eksport edijilerini mundan beýläk-de goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hususy ulgamyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde daşary ýurtlara senagat harytlarynyň hem-de azyk önümleriniň eksport edilişiniň mukdary artdy.

Eksport amallaryny höweslendirmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe amallary ýeňilleşdirmek barada, hususan-da, harytlary eksport etmek bilen meşgullanýan hususy telekeçiler we şahsy taraplar üçin ýeňillikleri döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Bu ugurda dünýä tejribesinden ugur alnyp, birža söwdasyny ösdürmek hem-de oňa ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagyny giňeltmek boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda hususy işewürlik üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmek işinde uly tejribe topladylar. Diýarymyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleri halkyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparyny döretmek hem-de «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň hemra aragatnaşygyny giňeltmek ulgamynda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýer üsti barada kosmosdan alnan maglumatlary ýygnamak, seljermek we iş ýüzünde ulanmak üçin zerur täze tehnologik hem-de kommunikasion binýadyny döretmegiň mümkinçiligini seljermek, bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamak we okatmak hem-de maglumatlary gaýtadan işlemek meselesini öwrenmek teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamy döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparynyň düzümi we degişli düzgünnamany işläp taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ösmegi bilen halk hojalygynyň pudaklarynyň düzümleriniň arasyndaky maglumatlaryň dürli görnüşlerini bermegiň möçberleriniň hem artýandygyny, umumy telekommunikasiýa düzüminiň geçirijilik ukybyny giňeltmegiň, biri-birinden uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň arasynda maglumatlaryň dessin we ýokary hilli berilmegini üpjün etmek zerurlygynyň ýokarlanýandygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, hemra aragatnaşyk ulgamyny doly kuwwatynda ulanmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ikinji “TürkmenÄlem 52oE” milli hemrasyny uçurmaga taýýarlyk görmäge uly üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň hem-de bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nazara alyp, okatmak işiniň döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ösdürilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ulag ulgamynda bilelikdäki we paýdarlar kärhanalaryny döretmek, şol sanda ýük daşalyşynyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak, derýa ulaglary arkaly ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek hem-de agentligiň we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary hökmünde gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işine ünsi çekip, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň hem-de desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, dünýäniň iri habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly, Diýarymyzyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleri giňden beýan etmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Häzir daşary ýurt teleradiokompaniýalary bilen bilelikde, olaryň ýaýlymlarynda görkezmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini açyp görkezýän uly göwrümli gepleşikler taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş we teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ylymdyr bilim, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryňdyr düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Milli Liderimiz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge tarap ugur alynmagy, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarydyr iri taslamalar netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki Hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, özara bähbitlilik we uzak möhletlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde bu tejribäniň özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

3-4-nji maýda Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat, 5 — 8-nji maý aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara foruma ýurdumyzyň alymlary, professorlary we mugallymlary bilen birlikde, daşary döwletlerden wekilleriň-de gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem halkara matematika olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde, beýleki birnäçe döwletleriň talyplary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýän şeýle wekilçilikli forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Diýarymyzyň innowasion ösüşinde möhüm orun eýeleýän ylym önümçilik bilen berk baglanyşykly bolmalydyr, döwrebap işläp taýýarlamalar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň iň gowy tejribesiniň içgin öwrenilmeginiň hem-de daşary ýurtly kärdeşler bilen yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyna ünsi çekip, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp halklaryň durmuşynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen Nowruzy merdana ata-babalarymyz täze ýylyň başlangyjy hökmünde giňden baýram edipdirler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Nowruzyň gelmegi bilen, tebigat janlanyp, agaçlar pyntyklap, sahawatly sähramyz, boz meýdanlarymyz ýaşyl lybasa bürenýär. Halkymyzyň ekerançylyk bilen bagly gadymy däp-dessurlary Nowruz baýramynyň bellenýän günlerinde giňden berjaý edilýär.

«Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» diýen nakyllar bu günüň tebigatda ähmiýetiniň juda uludygyny görkezýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gözellige beslenen bahar paslynda babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:

«Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda»

diýmek bilen, Nowruzyň çeper waspyny çuňňur manyly sözler bilen beýan edipdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy halkymyzyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň şatlyk-şagalaňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

“Goý, Nowruz baýramynyň şirin nagmalary, belent joşguny mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de bolelin durmuşynyň waspy bolup ýaňlansyn!” diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23769?type=feed

20.03.2021
30 million düýp nahal

ýurdumyzyň görküne görk goşar

«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan nakyllara, däp-dessurlara eýerip, milli Liderimiz halkyň ömrüne ömür goşýan, kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde jemgyýetimizde ekologik bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ýokarlanýar. Milli Liderimiz ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreler toplumyny işläp taýýarlamagy döwrüň öňe sürýän wezipeleri hökmünde kesgitleýär.

Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip, anyk kesgitlenýär. Şol düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda”, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» we «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, adamyň sagdynlygy, ömrüniň uzynlygy daşky gurşaw, sebitiň ekologiýa ýagdaýy, arassa iýmit önümleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berlip, köp mukdarda miweli, saýaly agaç nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, welaýatlarda täze-täze emeli tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär.

Ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp nahal oturtmak boýunça köpçülikleýin iş geçirilýär. Bu işde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, sebitleriň toprak-howa şertleri aýratyn göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda çöl ösümlikleriniň ak we gara sazak ýaly görnüşleri has köp ekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbüniň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, dürli görnüşli baglar ekmek üçin saýlanyp alnanda, ilki ylmy taýdan öwrenilýär. Hususan-da, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de olaryň daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. “Milli tokaý maksatnamasyna” laýyklykda, gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm we tut nahallary köp ekilýär. Bilşimiz ýaly, ösümlikleriň ykjam ösen ýerlerinde tozan 20 — 30 göterim, goh-galmagal 50 göterim az bolýar. Ajaýyp paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan, daş-töweregiň howasyny arassalaýan, adam saglygyny berkidýän, ýakymly ysly dürli maddalary bölüp çykarýan ösümlikler bolan bezeg agaçlary tutuş ýurdumyzda köpçülikleýin ekilýär. Saýaly agaçlaryň, gyrymsy bezeg baglarynyň gymmatly tarapy, olar diňe bir sagaldyş ähmiýeti bilen çäklenmän, şäherleri, obalary, daş-töweregi gözel keşbe getirýär, adamlarda gözellik duýgusyny ösdürýär. Adamlaryň tebigat bilen ysnyşmagy olaryň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, şähdini açýar. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýaşyl zolaklar Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň keşbiniň gözelleşmeginde, jana şypaly, arassa howanyň emele gelmeginde iňňän wajypdyr. Ähli seýilgähleriň we seýilbaglaryň, meýdançalaryň möhüm bölegi bolan köp sanly suw çüwdürimleri hem ýurdumyzyň bezegine öwrüldi.

Baglar “ýaşyl süzgüç” bolup hyzmat edýär. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50 — 70 tonna tozany sorup alýar. Şunda howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga-da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär. Howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly, onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly islendik desga «ýaşyl ykdysadyýet» ölçeglerine laýyklykda gurulýar. Ýurdumyzyň täsin tebigatynyň köp öwüşginliligini we gözelligini saklap galmaga ýardam berjek, onuň baýlyklarynyň rejeli peýdalanmagyny üpjün etjek örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy” kabul edildi. Bu strategiýada bellenilişi ýaly, tebigy tokaýlaryň goralmagy, olaryň çäkleriniň giňeldilmegi, şeýle-de emeli tokaýlary döretmek hem-de ýurduň ilatynyň we degişli gurluşlaryň bu meseläniň wajyplygyna üns bermeginiň ähmiýeti örän uludyr. Tebigy ekoulgamlar Ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin zerur şertleri üpjün edýär: howany we suwy arassalaýar. Howany durnuklaşdyrýar we ýumşadýar. Topragyň hasyllylygyny dikeldýär. Galyndylary täzeden işläp taýýarlaýar. Munuň üçin mümkin bolan ýerlerde köp möçberde bag nahallaryny ekmek geljegi nazarlaýan esasy işleriň biridir.

Ynha, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli nahallaryň 30 million düýbüniň oturdylmagy, ilkinji nobatda, tokaý zolaklarynyň artdyrylýandygynyň, howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 maksadynyň 15-njisi bolan «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenen maksady iş ýüzünde amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň artmagy, ekilýän bag nahallarynyň tebigata görk berip, Watanymyzyň gözelligine gözellik goşmagy milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesidir. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza ulus-ilimiz köp sagbolsun aýdyp, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrýan işlerinde rowaçlyklary arzuw edýär.

Gurbangeldi AŞYROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/23759

20.03.2021
Iri sergidäki gündogar önümleri

17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 13 ýyl doldy. Bu möhlet taryh üçin juda ujypsyz bolsa-da, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçilik pudagy asyrlara barabar rowaç ýoly geçdi. Muny şanly sene mynasybetli 17 ― 19-njy mart günlerinde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergi hem aýdyň görkezdi. Oňa öz işlerini Lebap welaýatynyň çäklerinde alyp barýan hususy taraplar hem işjeň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminden bize berlen maglumata görä, paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sergä bu bölüme degişli hususy taraplaryň sekizisi gatnaşdy. Olaryň sergi diwarlyklary bu çärä gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanylan sergä öndürýän elektrik paýlaýjy enjamlary bilen gatnaşdy. Önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhana eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu sergä gatnaşyp gelýär.

2009-njy ýylda esaslandyrylan hususy kärhana önümçilige täze önümleri hem yzygiderli goşup gelýär. Şolaryň hatarynda izolýasiýaly we izolirlenmedik alýumin simleri we kabelleri hem bar. Bu hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan elektrik togy bilen gurnama işleri, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synag işleri, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň we transformatorlaryň abatlaýyş işleri hem hödürlenilýär. Kärhanada ýylda 8 müň sany elektrik şkaflaryny öndürýän kuwwatly zawody gurmak boýunça hem işler alnyp barylýar. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň sergi bölümi 18 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyryldy.

Öndürýän gurluşyk serişdeleri bilen daşary ýurtlarda hem meşhur «Mizemez gadam» hususy kärhanasy hem bu serginiň «tejribeli» wekilleriniň biri. 9 inedördül metr meýdanda bitum we izogan önümleriniň täze görnüşlerini hödürlän hususy kärhananyň bölümine bu ýyl hem gyzyklanma uly boldy. «Mg-tm.com» salgyly resmi Internet saýtyny hem döreden hususy kärhananyň bitum emulýasiýasynyň önümçiligini täzelikde ýola goýandygyny habar beripdik. Munuň üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we «Türkmendaşlary» döwlet kärhanasyndan alynýar. «Mizemez gadam» önümlerini Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edýär.

Paýtagtymyzdaky sergide telekeçi Alym Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana hem öndürýän süýt we çipsi önümlerini hödürledi. Önümçiligini Saýat etrabynda alyp barýan bu hususy kärhananyň «Her gün» haryt nyşanly önümleri eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda meşhurdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli täze önümçilikleri hem ýola goýan kärhana olaryň ilkinji nusgalaryny şu sergide hödürledi.

Iri gözden geçirilişde welaýatymyza «Kökçi» hojalyk jemgyýeti hem wekilçilik etdi. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda akkumulýatorlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan «Kökçi» dünýä bazaryndaky ornuny hem barha giňeldýär. Uzakwagtlaýyn kepillikli we ýokary hilli akkumulýatorlar, esasan hem, goňşy döwletlerde meşhurdyr. «Kökçi» hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzdaky sergide önümleriniň täze görnüşlerini hödürledi.

Eger önümçilik kärhanasy Kerki etrabynda ýerleşýän «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýetiniň «Garaja» haryt nyşanly miwe şerbetlerini içip gören bolsaňyz, tagamy agzyňyzdan giden däldir. «Garajanyň» täze tagamlaryny paýtagtymyzdaky sergä gatnaşyjylar hem dadyp gördüler. Sap tebigy önümlerden taýýarlanylan şerbetler 3 gektar meýdanda ýerleşýän kärhanada taýýarlanylyp, ýurdumyzyň çar künjegine ugradylýar. «Lezzetiň dermandyr jana!» diýlen şygar bilen işleýän «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti önümlerini «Garajam.com» salgyly Internet saýtynda hem hödürleýär.

«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine bu iri sergide 30 inedördül metr meýdan bölünip berildi. Döwrebap keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhana geçen ýylyň dekabr aýynda açylyp, öz alyp barýan iş ugry boýunça Merkezi Aziýadaky iň iri merkezleriň biridir. Şonuň üçin hem «Döwletli döwranyň» önümleriniň hyrydary dessine köpeldi. Şu gezekki sergide hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň köpsanlysy Halaçda öndürilýän keramiki we bezeg kerpiçlerine uly isleg bildirdi.

«Kanagatly nesil» hususy kärhanasy bolsa bu köpugurly sergä pawlowniýa agajy, göýül ösümligi we kiçi mebel önümleri bilen gatnaşdy. Bu iri sergä ilkinji gezek gatnaşýan hususy kärhananyň hödürlän täsin ösümligi 20 metr belentlige çenli ösüp bilýär. Onuň Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine çalt uýgunlaşmagy bolsa ikinji bir aýratynlygydyr. Häzir ýurdumyza bu agajyň 1 million nahalyny satyn almak barada gepleşikler geçirilýär. Şunça mukdaryň 150 müň düýbi paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde oturtmak üçin niýetlenilse, galany ösdürilip, mebel önümçiliginde ulanylar.

Önümçilige mundan bir ýyla golaý ozal girişen kerkili telekeçi Arslan Möwlamow bolsa sergide «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplaryny hödürledi. Astanababa şäherçesinde ýerleşýän hususy kärhanada her gün 50 jübüte çenli ýokary hilli aýakgap öndürilýär. 100 göterim deriden taýýarlanylan aýakgaplar elde tikilýär, bu olaryň esasy aýratynlygydyr.

Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň bu gezekki sergisi hem oňyn netijelere baý boldy. Ol hususyýetçiler üçin tejribe meýdançasy bolup hem hyzmat etdi.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23779

20.03.2021
Hususy telekeçilik: ösüşiň wajyp ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurmaga, pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlylygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli döwrebap önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamaga hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berlip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýetiň hususy böleginde öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan, senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän senagatçylar gatlagy emele geldi, hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi, ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýuldy, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmegiň hojalyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklarynda, ilkinji nobatda, senagatda, gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, oba hojalyk toplumynda döwlet tarapyndan döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýola goýlup, ýokary depginler bilen ösdürilýär.

Telekeçiligi we hususyýetçiligi ösdürmek üçin ýeterlik derejede maliýe-bank binýady döredildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda telekeçiligiň oňyn ösüşini höweslendirmäge gönükdirilen çärelerdir gurallaryň giň toplumyny öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Netijeli işewürligi alyp barmak üçin amatly şertler döredilýär, kanunçylyk binýady döwrüň talabyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara şertnamalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda telekeçiligiň bu subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli guralyny döretmek hem-de telekeçiligi ösdürmegiň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleri döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeler hem-de bu ugurda döwlet syýasatynyň hukuk esaslary özüniň beýanyny tapdy.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň baş mazmuny bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, eksporta niýetlenen, ýokary tehnologik önümleri öndürýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Munuň özi daşary ýurtlaryň kämil tehnologiýalaryny we tehnikalaryny satyn alyp önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny has-da ösdürip, döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär.


Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda obasenagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli kabul edýän kararlaryna laýyklykda, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki wagtda bu toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, beýleki maşynlary we enjamlary bilen ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň güýzünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşan pursadynda, «John Deere» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy — Ýewropada, GDA we Aziýa ýurtlarynda hem-de Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsi kabul edendigini ýatlamak ýakymly.

Duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine gyzyklanma bildirilip, söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalary taýýarlanylanda, Türkmenistanyň toprak-howa şertleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, olaryň iş aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, «John Deere» kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bütin dünýäde meşhur bolan amerikan tehnikasy indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Telekeçi fiziki we ýuridiki şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 1-nji tapgyrda gelip gowşan «John Deere» kysymly oba hojalyk traktorlary we enjamlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli hususyýetçilere ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

1999-njy ýylda bu kompaniýanyň Türkmenistanda ýerleşýän «serwis agenti» — «IPS Agri» bilelikdäki kärhanasy döredildi. Onuň ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän serwis merkezleri we Aşgabat şäherinde merkezi diwany bar. Olarda müşderiler üçin tehnikalary abatlamak boýunça hyzmatlar ýola goýlandyr.

«John Deere» kompaniýasy ýerli hünärmenleri taýýarlamak boýunça köp işleri geçirýär. 1993-nji ýyldan bäri 3 müňden gowrak traktor-operatorlary we kombaýnçylar taýýarlanyldy. Şeýle hem kompaniýanyň Ýewropada we ABŞ-da ýerleşýän okuw-taýýarlyk merkezlerinde ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatynda işler hem geçirilýär.

Kompaniýanyň täze tehnikalary Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda sürüm işleri, pagtany takyk ekmek we ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri pürkmek boýunça synagdan geçirilýär.

Mahlasy, döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylmagy netijesinde, hususyýetçileriň oba hojalyk tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak işi döwletimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, hususy haryt öndürijileriň önümleriniň möçberini artdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen gaýtadan işleýän ulgamy höweslendirmäge, umuman, ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/23619

19.03.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu köpugurly işler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şol işler bolsa ekologiýa meselelerini, şol sanda bag ekmek çärelerini hem öz içine alýar. Onuň dowamynda ýurdumyzyň giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklarynyň üsti dürli görnüşli agaç nahallarynyň — ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň nahallarynyň ýüz müňlerçesi bilen ýetirilýär.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek hem-de bu düzümleriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine goşýan goşandyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk düzümlerinde ýörite bölünip berlen ýerlerde dürli oba hojalyk ekinlerini, miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Wise-premýer Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklary üçin bölünip berlen ýerleriň çyzgylary, olaryň tebigy aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berýän taslamalary görkezdi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalykçy alymlar we ylmy işgärler bilen bilelikde bu künjegiň toprak-howa hem-de tebigy aýratynlyklary ylmy esasda öwrenildi. Şoňa laýyklykda, bu ýerde ekiljek ekinleriň, bag nahallarynyň görnüşleri kesgitlenildi.

Bu ýerleriň topragy hemişe ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanypdyr, aýratyn-da, bu künjekde üzümiň dürli görnüşlerinden bol hasyl alnypdyr.

Häzirki wagtda alymlar bilen geçirilen ylmy-barlaglaryň we degişli seçgiçilik işleriniň netijesinde, üzümiň bol hasylly we ýokumly “Rowaç”, “Galkynyş”, “Şaserpaý” görnüşleri ýetişdirildi. Munuň özi üzümiň gülleýän döwründe geçirilen ylmy işleriň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna almanyň, armydyň, beýiniň, hurmanyň, garalynyň, erigiň, hozuň, pissäniň, zeýtunyň we beýleki miweli agaçlaryň, üzümleriň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da damjalaýyn suwaryş ulgamynyň görnüşleri, suw ýygnamak üçin niýetlenen howdanyň çyzgylary bilen tanyşdyryldy.

Wise-premýer bu ýerde ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil usullaryndan ugur alnyp, suwaryşyň damjalaýyn usulyny ulanmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Munuň üçin ähli zerur taýýarlyk işleri amala aşyryldy.

Taslamalar bilen bir hatarda, taýýar önümleriň birnäçe görnüşleri, şol sanda ir-iýmişler görkezildi. Şeýle hem miweli baglara ideg etmek üçin niýetlenen dürli enjamlaryň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda amala aşyrylýan umumymilli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň ägirt uly ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň golaýynda täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, aýratyn-da, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de döwrebap derejede ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrlige degişli kömekçi hojalyklarda ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk ugurlarynyň ösdürilýändigi, aýratyn-da, düýedarçylyk hojalygynda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem azyk önümçilik maksatly toplumlaryň, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynyň birnäçesiniň hereket edýändigi habar berildi. Atçylyk toparynyň, itşynaslyk merkezleriniň, balaryçylyk ýaly kömekçi hojalyklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Häzir düýeleriň baş sanyny artdyrmak, olara degişli derejede ideg etmek we düýe malynyň ynsan saglygy üçin ýokumly hasaplanylýan önümlerini gaýtadan işlemek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem düýe ýüňüni dokma önümçiligi üçin taýýarlamak işleri maksadalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, möhüm azyk önümi we adam üçin örän ýokumly hasaplanylýan düýe çaly şypahanalara hem iberilýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düýäniň süýdüniň, çalynyň, etiniň peýdaly bolşy ýaly onuň ýüňüniň hem adam üçin ähmiýetlidigini belledi. Düýe süýdi we çaly saglygy goraýyş ulgamynda işjeň ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kömekçi hojalyklaryň önümçiligini artdyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, şeýlelikde, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu işleriň ýaş harby gullukçylaryň zähmet terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew gullugyň kömekçi hojalygynda öndürilýän önümleri köpeltmek, ýylyň ähli paslynda azyk, gök we bakja önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Kömekçi hojalygyň düzüminde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, miwe önümlerini gaýtadan işlemek bilen bir hatarda, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, olaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda degişli çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kömekçi hojalyklaryň işiniň ösdürilmeginiň diňe bir önüm bolçulygyny üpjün etmekde däl, eýsem, ýaş esgerleriň zähmete söýgüsini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi we zähmet terbiýesiniň söweşjeň taýýarlyk, bedenterbiýe, sport bilen bir hatarda işjeňleşdirilmegi üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ministrlige degişli Hojalyk müdirliginiň ýanyndaky maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň işiniň netijeliligini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Degişli düzümlerde gara mallaryň ýüzlerçesi bar, et we süýt önümçiligini artdyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ministrligiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hojalyk bölümleri hereket edip, şolarda ekerançylygy, üzümçiligi we maldarçylygy ösdürmek, idedilýän guşlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de ýumurtganyň möçberini köpeltmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şu günler döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu düzümler üçin niýetlenilen Atçylyk toplumynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa we içeri işler ministri M.Çakyýewe ýüzlenip, häzir ýurdumyzyň oba hojalyk hünärmenlerinden, maldarçylyk boýunça alymlaryndan ybarat toparyň meýdan atlarynyň gelip çykyşyny öwrenýändigini we bu ugra degişli maglumatlary toplaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow meýdan atlarynyň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralaryna ekerançylyk we bag ekmek boýunça bölünip berlen ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, miweli baglaryň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow bu düzüme degişli kömekçi hojalygy döretmek, onuň binýadynda gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, bar bolan saýaly we miweli baglara degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ministrlige degişli saýaly we miweli baglara ideg etmek, olaryň çägini giňeltmek hem-de miweli baglaryň görnüşlerini köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler baglara ideg etmek işi dowam edýär.

Adalat ministri B.Muhamedow hem öz gezeginde, ministrlige degişli ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň görnüşlerini hem-de mukdaryny artdyrmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, gullugyň garamagynda döredilen hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet edarasy bolan “Hojalyk dolandyryş direksiýasy” tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygy, onda gök ekerançylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler kömekçi hojalygyň çägini giňeldip, guşçulyk toplumynyň ikinji tapgyrynyň, ýyladyşhananyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow kömekçi hojalyk üçin bölünip berlen ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak hem-de şol ýerleriň toprak-howa aýratynlyklary nazara alnyp, ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işini ösdürmegi, onuň çäklerinde gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegi, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň sport we zähmet bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ylmy nukdaýnazardan seljerip hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, azyklyk ýagy öndürmekde möhüm orny eýeleýän günebakar, zeýtun, künji ýaly ösümlikleri köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň topraga bolan yhlasyny, söýgüsini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň degişli derejede kämilleşdirilmegine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýän agaç nahallaryny ekmek ýaly asylly iş bolsa jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, diýmek, daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna ýardam edýär.

Biziň ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür bagly seýilgähleriň hem-de gök tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Munuň özi, ahyrky netijede, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan ýaş nahallary synlady. Şu günler daýhanlaryň we bagbanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm başlanýar. Bahar paslynda ekinlere, bag nahallaryna ýokary hilli ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we geljekde bol hasylly bolmagyny üpjün edýär.

Bu ýerde ekilen miweli baglaryň her bir görnüşiniň özüniň kesgitlenen ýeri bolup, olar belli hatarlaryň ugry boýunça ekilipdir. Bu ýerde almanyň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň dürli görnüşleri bar. Şeýle hem bag ekilen meýdanda hoz, pisse, zeýtun we hurma ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalygynda giňden ulanylýan suwaryş ulgamyna degişli enjamlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary hem-de bu enjamlaryň suw serişdelerini tygşytlamakdaky ähmiýeti bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günler üzümlere we bag nahallaryna ideg edilýän möwsümiň gelendigini belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde hurma nahalynyň çybygyny çyrpyp, bag nahallaryna ideg etmegiň ýazky möwsümine badalga berdi.

Bahar paslynyň gelmegi bilen, ösümlikleri kadaly ösüşe taýýarlamak, dökün bilen iýmitlendirmek, çyrpmak işlerini ýokary hilli geçirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, açyk meýdanda miweçiligiň, üzümçiligiň ösdürilmeginiň, gök ekerançylyga möhüm ähmiýet berilmeginiň önüm bolçulygy bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn gurşawyň emele gelmeginde ähmiýetlidigini belledi.

Harby gullugyň sport we zähmet bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy saglygyňy we ruhuňy berkidýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bedenterbiýäniň, sportuň zähmet bilen utgaşdyrylmagy ýaşlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki olar şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Öňümizdäki şenbe güni ýurdumyzda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Däp bolşy ýaly, bu dabara ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryna wepalylygyň nyşany hökmünde Milli bahar baýramynyň öň ýanynda guralýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary harby düzümleri kämilleşdirmäge ägirt uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öz öňlerinde goýan wezipelerini gyşarnyksyz hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp jülgäniň täsin tebigatynyň gözelligini aýratyn belledi we dag derelerinden akýan çeşme suwlaryny rejeli ulanmaga hem-de bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmäge degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýanynda ýörite kömekçi hojalyklar döredilýär. Olarda dürli görnüşli gök önümler, miweler we üzüm, şeýle hem maldarçylyk we guşçulyk üçin ot-iýmlik önümler ýetişdirilýär.

Mysal üçin, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Gümrük gullugynyň ýanynda ekerançylyk hojalyklary bilen birlikde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň işi ýola goýulýar. Gaýtadan işleýän önümçilikleriň hem-de balary hojalyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Gara mallary ýetişdirmek, düýedarçylyk, atçylyk we itşynaslyk merkezleri boýunça harby we hukuk goraýjy edaralara degişli hojalyklaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen degişli çäreleriň görülýändigini nygtamak gerek.

Şunuň bilen baglylykda, düýeleriň baş sanyny artdyrmagyň wajypdygyny bellemelidiris. Düýe süýdüniň, ondan alynýan önümleriň ýokumlylyk we melhemlik häsiýetleri peýdaly öňüni alyş serişdesi hasaplanylýar, özüňi oňat duýmaga hem-de işjeňligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Maldarçylyk toplumlarynda idedilýän gara mallaryň önümliligini ýokarlandyrmaga, dowarlaryň baş sanyny artdyrmaga hem-de şol bir wagtyň özünde mallar we guşlar üçin ot-iým binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ekerançylygy we üzümçiligi ösdürmek, hojalyklardaky guşlaryň görnüşlerini köpeltmek we ýumurtganyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Weterinariýa gullugynyň işi kadaly ýola goýuldy. Munuň özi mallaryň we guşlaryň sagdynlygyny, alynýan önümleriň ýokumlylygyny üpjün etmek üçin wajypdyr.

Şunuň bilen birlikde, gök önümleri gaýtadan işlemek, adamyň saglygy üçin peýdaly bolan mürepbeleri, ary balyny öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemäge uly üns berilýär. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň ýylyň dowamynda öndürilmegini kepillendirýär. Bu bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek we azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin şol edaralarda häzirki zaman tejribesiniň we innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, programma üpjünçiliginiň ulanylýandygyny bellemek gerek.

Kömekçi hojalyklaryň ekin meýdanlarynda we baglarda çeşmeleriň suwy giňden ulanylýar. Miweli agaçlaryň baglaryny giňeltmek boýunça çäreler görülýär. Bu işde harby gullukçylaryň güýjünden peýdalanylmagy olarda mähriban topraga söýgi we aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam edýär.

Harby gullugyň, sport hem-de zähmet bilen işjeň meşgullanmagyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň saglygyny we ruhubelentligini pugtalandyryp, köpasyrlyk milli däplere wepalylygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23631?type=feed

19.03.2021
Sanly ulgam: nagt däl hasaplaşyklar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki zaman innowasion ösüşiniň önümi bolan sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy olaryň işiniň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak döwrebap ýola goýulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndaky «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, beýleki töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen bermek ýola goýuldy.

2013-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 87,3 müň bank karty hem-de 500-e golaý töleg terminaly bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýyna görä, olaryň sany degişlilikde, 4 459,8 müňe we 39,2 müňe ýetirildi, ýagny soňky sekiz ýylyň dowamynda degişlilikde, 51,1 esse hem-de 78,4 esse ösüş gazanyldy.

Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň depginini has-da ösdürmek üçin bu işlere yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar.

Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Overdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan kämil, döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleri barha artýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlary hereket edýär. Ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýoly peteklerini, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank» hem-de «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlardan peýdalanyp bilýär.

2018-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany degişlilikde, 333,3 we 1,0 müňden geçip, 2021-nji ýylyň degişli senesine çenli, «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 634,0 müňe, «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 28,4 müňe çenli ýetdi, ýagny degişlilikde, 1,9 esse we 28,4 esse ösüş gazanyldy.

Geçen ýylyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8,8 milliard manada ýetdi, bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,65 esse ýokarlandy.

2019-njy ýylyň 12 aýynda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen jemi hasaplaşyklaryň düzüminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 16 göterim bolan bolsa, 2020-nji ýylyň 12 aýynda bu görkeziji 34,4 göterime deň bolup, 2,16 esse artdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalyp geçilen Karary esasynda ýurdumyzda ornaşdyrylan döwrebap bank hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri 2013-nji ýylda 4226,00 müň manat bolan bolsa, 2020-nji ýylda 8 792616,00 müň manat möçberine ýetdi.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly bank önümlerini ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ornaşdyrylan «Halkbank terminal» hyzmaty döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan, nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda hyzmatlary ýerine ýetirmegi üçin döredilýän ýene bir mümkinçilikdir.

«Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnamak bilen, harytlardyr hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de bank karty arkaly galtaşyksyz usulda töleg geçirilýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda ornaşdyrylandygyna garamazdan, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary 1,3 million manatdan geçdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň karz edaralary nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň ähli karz edaralary müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberiniň 0,5 — 3% aralygynda yzyna gaýtaryp bermek, ýagny «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda «Cash back» bank hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, karz edaralarynda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyza döredilýän ýeňillikleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň ýene-de biri «Overdraft karzydyr».

Sanly karz hyzmaty bolan overdraft karzy nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda, bank bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, raýatyň «Overdraft karty» hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdesidir. Şunda müşderiniň aýlyk zähmet haky «Altyn asyr», «Millikart» bank kart hasabyna gelip gowşanda, bellenen tertipde karz we oňa hasaplanan göterim gaýtarylýar. Mundan başga-da, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, awtomatik usulda dikeldilýän «Overdraft karty» hasabyna karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany hem günsaýyn artýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň artmagy netijesinde, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, wagty we serişdeleri tygşytlamaga uly mümkinçilik döreýär. Bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini, dessinligini artdyrmakdan, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekden, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem milli manadymyzyň dolanyşygy kämilleşýär, pul dolanyşygynyň tizleşmegi netijesinde bolsa ykdysadyýetde täze önümçilikleriň artmagyna ýol açylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sanly bank hyzmatlarynyň artdyrylmagy, ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly täsirini ýetirýär.

Annamuhammet ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatlaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

19.03.2021
Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji iki aýynda eziz Diýarymyz boýunça jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňat önümçilik netijeleri gazanyldy. Iki aýyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 17,6 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 152,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 85,2 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ýanwar-fewral aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 105 durmuş maksatly binanyň we desganyň, 212 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, 35 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň hem-de inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
  • Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň iki aýynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama – 100,5 göterim, benzin öndürmek boýunça – 105,9 göterim, dizel ýangyjy boýunça – 102,3 göterim, polipropilen boýunça – 103,3 göterim, çalgy ýaglary boýunça – 104,6 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykrmak boýunça meýilnama – 110,2 göterim, «mawy ýangyjyň» eksporty boýunça – 108,5 göterim ýerine ýetirilip, maýa goýumlaryny özleşdirmek 118,8 göterim berjaý edildi.
  • Gurluşyk we senagat toplumynda 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 129,8 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 116,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 105,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102 göterime barabar boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümler we ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 118,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 113 göterime deň boldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüşi 111,4 göterime deň bolup, meýilnama 119,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 105,2 göterim ýerine ýetirildi, onuň eksporty boýunça meýilnama 132,6 göterime barabar boldy. Ösüş degişlilikde, 105,2 göterime we 122,7 göterime deň boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama ýylyň başyndan bäri 171,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 148,7 göterime barabar boldy. Fosfor dökünlerini öndürmek boýunça meýilnama 133,5 göterim, azotly dökünler boýunça – 103 göterim, kaliý dökünleri boýunça – 191,6 göterim, tehniki ýod boýunça –115,2 göterim, tehniki uglerod boýunça – 100,5 göterim ýerine ýetirildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 113,3 göterim ýerine ýetirildi.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111 göterime, önüm öndürmek boýunça ösüş 125,1 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, şol sanda pagta ýüplüginiň, nah matalaryň çykarylyşynyň möçberi boýunça ösüş degişlilikde 115,8 göterime we 100,1 göterime, tikin we trikotaž önümleri boýunça – 121,7 göterime, gön önümleri boýunça – 104,5 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürilişiniň meýilnamasy 109,9 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 48-si geçirilip, 5 müň 157 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 103,1 göterime deň boldy. Garalýan döwürde wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 6-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça iki aýda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüşi 122 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 101,7 göterime deň boldy.
  • Okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 45 görnüşi neşir edildi, uzak aralykdan geçirilen matematika, fizika, informatika dersleri boýunça mekdep okuwçylary 1 kümüş, 7 bürünç medal gazandylar, şeýle hem olar halkara Internet bäsleşiginde 1 altyn we 1 kümüş medala mynasyp boldular. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça 469 ylmy temanyň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy. TYA-nyň Himiýa instituty 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler dowam etdirildi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy hem-de türkmen-koreý iş toparynyň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen «Sputnik-V», «EpiWakKorona» waksinalary hasaba alyndy we degişli şahadatnamalar berildi. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. Hasabat döwründe halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ministrlikleri bilen teleköprüler arkaly duşuşyklar, şu ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
  • Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnama 111,7 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ösüş110,8 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça – 109,3 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 114,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça degişli işler geçirildi. Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak degişlilikde 104,5 göterim we 111,8 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 107,4 göterime deň boldy.
  • Hasabat döwründe baýramçylyklara, şanly senelere hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli medeni çäreler geçirildi. Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işine sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha işjeň ornaşdyrylýar. Wideoaragatnaşyk arkaly dürli maslahatlar, muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guraldy hem-de göçme sergiler geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleriň birnäçesi, şol sanda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň göni wideoaragatnaşyk arkaly konserti geçirildi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýapon gurjaklarynyň sergisi dowam edýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary onlaýn tertibinde halkara bäsleşiklere gatnaşdylar hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi.
  • Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 104,1 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça – 104,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça – 103,7 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça – 104,1 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 163,8 göterim ýerine ýetirildi. Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary döredilip, olar ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerine paýlanyp berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilýär, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwlaryny tutmak işleri alnyp barylýar. Şol işler bilen bir hatarda gowaça ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.
  • Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesini amala aşyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlyga pugtalandyrmakda ýokary derejeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri we mundan beýläk özara hereket etmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Iki ýurduň Liderleri teleköpri arkaly ulag, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň iri desgalarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Şol taslamalar türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň onlaýn görnüşde duşuşygy geçirilip, şonuň dowamynda iki döwletiň Liderleri Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky Hökümetara Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyny guramak boýunça degişli işler dowam edýär. Hasabat döwründe onlaýn görnüşde dürli derejedäki duşuşyklaryň 264-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň ilkinji iki aýynda resminamalaryň 16-syna gol çekildi. DIM-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara yzygiderlilik häsiýeti mahsusdyr. Ýylyň başyndan bäri Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistan Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň we Çehiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen maslahatlaşmalar guraldy. Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar, ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
  • Soňra mähriban Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine ünsi çekip, Garaşsyz döwletimiziň ýokary depginler bilen ösmegini dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim, oba hojalygynda hem ösüş 3,1 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwdada 12,8, ulag-aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy. Bu gün Türkmenistanda 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen amala aşyrylýar. Bularyň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalardyr. 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan gurluşyk işlerini ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň ýerine ýetirýändigi aýratyn ýakymlydyr. Bu gün dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlary nazara alanyňda, gazanan ösüş depginimizi peseltmän saklap galmak biziň üçin has hem örän möhümdir. Pudaklarda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, ýubileý mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleler bilen gyzyklanyp durmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23563

19.03.2021
Maliýe syýasatynyň esasy ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygy gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini artdyrmak, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem öz oňyn netijesini berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin Watanymyzyň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny işjeňleşdirmek bolup durýar. Bu babatda welaýatlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Welaýatlary ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.

Häzirki wagtda Ahal welaýatyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Innowasiýa esaslanýan, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň mukdar we hil görkezijilerine baha bermäge mümkinçilik berýän bir bitewi nusganyň kemala getirilmegi sebitiň durnukly ykdysady ösüşini gazanmagyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamada bellenilen wezipeler içerki bazaryň hem, eksportyň hem anyk talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi ösdürmegi, sebitde maýa goýum işleňligini ýokarlandyrmagy, iş orunlaryny saklap galmagy we artdyrmagy nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan telekeçiligi ösdürmek döwletimiziň alyp barýan ugrunyň möhüm taraplarynyň biridir. Milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen hemmetaraplaýyn goldawy we başlangyçlary netijesinde, bu ulgam soňky ýyllarda kuwwatly ösüşe eýe boldy. Prezident Maksatnamasynda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamak göz öňünde tutuldy, şoňa laýyklykda, dürli ugurdaky kiçi we orta senagat kärhanalaryny döretmek boýunça işler işjeňleşdi. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň wekilleri gurluşyk ulgamynda we gurluşyk materiallaryny öndürmekde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar, azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň wezipelerini çözýärler. Mundan başga-da, türkmen telekeçileri gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga esaslanan önümçilige maýa goýýarlar, bazardaky ýagdaýdan öz wagtynda netije çykarýarlar, täze pudaklarda üstünlik bilen zähmet çekýärler.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny giňeltmekde telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi möhüm orun eýeleýär. Şonuň netijesinde, üstünlikli işleýän hususy kärhanalar üçin döwlet goldawyndan giňden peýdalanmaga mümkinçilikler döredildi. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we nyrhyny elýeterli etmäge, şeýle hem durmuşy meseleleri çözmäge, ilkinji nobatda, ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem bu ulgamda gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezýär.

Halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Perman HALMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23552

19.03.2021
Senagatlaşdyrmagyň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz okgunly ösýär we ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar. Diýarymyzyň sebitlerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän senagat maksatly desgalar, iri önümçilik toplumlary bu ugurda aýratyn uly ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçiligi doly awtomatlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanalaryň gurulmagy bilen, olarda ornaşdyrylan innowasion we döwrebap tehnologiýalar esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürýän şeýle kärhanalar milli senagatyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşinde Ahal welaýatynyň çäginde hereket edýän iri önümçilik toplumlarynyň uly orny bardyr. Welaýatyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligiň çägindäki «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, gazbeton zawody, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermer we granit işlenilýän zawody, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy ýaly öňdebaryjy tehnologiýaly iri önümçilikler bu babatda aýratyn agzalmaga mynasypdyr. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy Merkezi Aziýa sebiti boýunça alanyňda hem, aýna önümçiligi boýunça iň iri kärhanadyr. Agzalan kärhananyň önümleri daşarky bazarda uly islege eýe bolmagyny ýerli çig maldan taýýarlanýan önümleriň hiliniň örän ýokarydygy bilen düşündirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmek, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli çözülýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda gurluşyk önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň onlarçasy gurlar. Häzirki wagtda «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy hem bu ugurda bellenilmeli ýagdaýdyr. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda gurulýan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Onuň gurluşygy «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Kämil tehnologiýaly häzirki zaman kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen, raýatlar üçin täze iş orunlary emele gelip, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri tarapyndan senagat kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň barşynda işçi-hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulýan şeýle iri desgalaryň ähmiýeti barada täsirli gürrüň berilýär. Mundan başga-da, zähmetkeşlere tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlar berilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde taýsyz tagalla edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Yhlas ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat bölüminiň tehniki gözegçisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23550

19.03.2021
Ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk
18.03.2021
Ösüşlerde altyn gaznaň ady bar

Düýn — 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň hem-de maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp guralýan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygy aýratyn bellenildi. Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda, bäsdeşlige ukyply önümçiligiň ösdürilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegidir.

Söwda-senagat edarasynyň sergi jaýynda guralan gözden geçirilişde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary hem-de welaýat guramalary, hususy kärhanalar we oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini we elektrik enjamlaryny öndürmekde, innowasion tehnologiýalarda, şeýle hem, söwdada, syýahatçylykda, bilimde, hyzmatlar ulgamynda, ulag we logistika ulgamlarynda, senetçilikde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri taýýarlan diwarlyklarynda öz önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda telekeçiligi ösdürmek üçin kanunçylyk binýady berkidilýär we hususy ulgamyň wekillerine giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň hususy işewürligi hukuk taýdan goramak babatda öňde goýan wezipeleriniň köpüsi «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapýar. Döwlete dahylsyz ulgamyň işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen kanunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýarlyklary, bu jemgyýetçilik düzüminiň hukuklary we borçlary anyklaşdyrylýar.

Häzirki wagtda türkmen işewürleriniň yhlasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösdürilýär, ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga önjeýli goşant goşup, köp sanly raýatlarymyzy iş bilen üpjün edýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde hem hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Hususy telekeçileriň ýurdumyzyň elektron senagaty we elektrotehnika, gurluşyk we gurluşyk senagaty pudaklarynda, ulag we logistika ulgamynda, himiýa önümçiliginde, obasenagat toplumynda, azyk harytlarynyň we ýeňil senagat önümleriniň önümçiliginde gazanan oňyn netijelerini şöhlelendirýän pawilýonlar we diwarlyklar sergä gatnaşýanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu günki gün milli öndürijileriň öndürýän harytlary we ýerine ýetirýän hyzmatlary hil taýdan häzirki zaman dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Milli harytlarymyz diňe bir ýurdumyzda uly islegden peýdalanman, eýsem, ýakyn-u-alys ýurtlara eksport edilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide görkezilen önümleriň köpdürliligi, olaryň hil taýdan daşary ýurtlarda öndürilen harytlardan birjik-de kem galmaýanlygy diýseň guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän türkmen telekeçileri özleri üçin döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmak hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp toý sowgatlary bilen garşylamak ugrunda ähli yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýan hususy işewürler Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23418

18.03.2021