Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýär. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işläp, uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça işler hem giň gerime eýe bolýar.
Kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda hyzmatdaşlyga dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda ammiak, karbamid, polietilen, polipropilen, benzin öndürmek ýola goýuldy. Metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar.
2021-nji ýylyň 20-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky döwrebap senagat toplumy bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup, bu ýerdäki işler bilen tanyşdy, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.
Gürrüňi edilýän zawod 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda gurlup, ulanylmaga berildi. Zawod her ýylda tebigy gazy örän köp mukdarda gaýtadan işläp, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän ECO-93 kysymly benzini, suwuklandyrylan gazy öndürýär. Bu zawodyň işe girizilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Şeýle kärhanalar içerki zerurlyklarymyzy üpjün etmekde we türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhümdir. Hormatly Prezidentimiz zawodyň işi bilen tanşanda, şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşliginiň barşynda kärhanany bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlaryny gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini nygtady. Häzirki döwürde nebitgaz toplumynyň, şol sanda gazhimiýa pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde işler amala aşyrylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamalaryna ulgamda ulanylýan döwrebap enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenmäge degişli dersler girizilip, okuw maksatnamalary täzeden işlenip düzüldi.
Ahaldaky tebigy gazdan sintetiki ýangyjy öndürýän zawodda ulanylýan tehnologiýalar bilen baglylykda, uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagydyr himiýa senagaty üçin nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy boýunça hünärmenler, himiýa tehnologiýasy boýunça bakalawrlar, standartlaşdyrmak hem sertifikatlaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Uniwersitetiň nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy hünäri boýunça okaýan talyplary önümçilik tejribeliklerini Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda, Gyýanlydaky polimer zawodynda, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçýärler. Talyplar uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen täze önümleri öndürmegiň desgalaryny awtomatlaşdyrmak, tehniki-ykdysady görkezijileri hasaplamak ýaly temalar boýunça ýyllyk işlerini, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen täze önümleri öndürmegiň desgalaryny taslamak ýaly mowzuklar boýunça diplom taslamalaryny ýerine ýetirýärler.
Hormatly Prezidentimiz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT-hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, şu ugurlar boýunça ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary arkaly halkara uniwersitetler, beýleki abraýly bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekdi. Türkmen talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdyrylmalydygy, olaryň taýýarlan ylmy işleriniň önümçilige ornaşdyrylmalydygy bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryny, şeýle hem uniwersitetde bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak, okuwa hünäre höwesli, zehinli ýaşlary kabul etmek, nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamakda halkara tejribelerden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny, nou-haulary, sanly ulgamy durmuşa has doly ornaşdyrmak, ýaşlary dünýä ülňülerine laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek baradaky tabşyryklaryny berjaý etmek ugrunda uniwersitetimizde işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermek, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmek barada tabşyrygyny amal etmek maksady bilen, pudagyň degişli edaralary bilen bilelikde iş topary döredilip, wezipeler kesgitlendi we olary amala aşyrmaga girişildi. Milli Liderimiziň uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça merkezi döretmegiň wajypdygy baradaky görkezmesinden ugur alnyp, ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyr.
Bize işlemäge, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.