Telekeçi Döwlet Hojamyradowyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde açylan «Hasylly» ýyladyşhanasynda eýýäm ikinji hasyly ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. 2019-njy ýylda açylan we geçen ýyl 250 tonnadan gowrak pomidor beren ýyladyşhanada şu ýylda alnan hasyl 280 tonnadan geçdi. Şu aýyň 25-ine çenli tamamlanjak möwsümiň galan böleginde ýene-de 50-60 tonna çemesi hasyla garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda, şol sanda gündogar sebitde hususyýetçilik boýunça üstünlikli işleýän ildeşlerimiziň sany barha artýar. Olaryň agramly böleginiň ýaşlardygy bolsa aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.
Ynha, «Hasylly» ýyladyşhanasynda hem hünärmenleriň 28-si zähmet çekýär. Ýyladyşhananyň baş hünärmeni Rüstem Omarowyň gürrüň berşi ýaly, olaryň 80 göterimden hem gowragy ýaşy 35-e ýetmedik ýaşlardyr. Işgärleriň deň ýarynyň gelin-gyzlardygyny hem aýratyn nygtamak gerek.
Bu ýerde işgärler üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Olar barada baş hünärmen şeýle gürrüň berýär:
― Ýarym iş güni gündiz sagat 12-ä çenli dowam edýär. Ýyladyşhana tarapyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra howanyň häzirki gyzgyn günlerinde işgärlerimize öýlän sagat 16-a çenli dynç berýäris. 16-dan soň ýene üç sagatlyk iş bilen iş güni tamamlanýar. Umuman, işgärlerimiziň işe bolan höwesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Şeýle bolansoň, olaryň yhlasy güýçli. Laçyn Joramyradowa, Oguldursun Begenjowa, Nurmyrat Mämmedow, Maýa Joraýewa, Ülker Hojakowa ýaly işgärlerimiz bolsa beýleki kärdeşlerine hem görelde görkezýärler.
Ýeri gelende aýtsak, «Hasylly» ýyladyşhanasynda häzir 1,2 gektar ýerde ekin ekilip, hasyl alynýar. Ýyladyşhana 10 bölekden, her bölek hem 6 hatardan ybarat. Hatarlaryň uzynlygy 110-dan 140 metre çeni ýetýär. Baş hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, geçen ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda bu ýere pomidoryň «Marwelans» görnüşiniň 32 müň düýbi ekildi. Rüstem bu görnüşiň hasylynyň iri bolýandygyny we uzak ýola çydamlydygyny aýdýar.
Hasylyň iriligi bilen bagly bir mysaly getirip bileris. Mälim bolşy ýaly, ýyladyşhanalarda hasyl ýyglanda, her 5-6 pomidor baldagy bilen bile ýygylýar. Şol baldak hasyl barjak ýerine barýança, ony iýmit bilen üpjün edip durýar. Söhbetdeşimiz bir baldakdaky pomidorlaryň agramynyň 1 kilogram 300 grama çenli ýetip bilýändigini aýdýar.
Möwsümiň başynda meýilleşdirilýän mukdar 250 tonna hasyldy. Ýöne, ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, alnan hasyl eýýäm 280 tonnadan geçdi. Umuman, şu ýyl hasyllylygy 300 tonnadan geçirmäge doly mümkinçilik bar. Ýyladyşhanada bolanymyzda, muňa öz gözümiz bilen hem şaýat bolduk. Ýyglanyna birki gün bolan hem bolsa, tüweleme, täze düwüp, ýetişip gelýän pomidorlaryň sany-sajagy ýok.
Biziň bu ýerde bolan günümizde işgärler hasylly baldaklara direg berip, ozal hasyly ýyglan bölekleriň ýapragyny aýyrýan ekenler. Şeýle hem hasyly aýrylan baldaklar ýüp bilen baglanylýan eken. Umuman, söhbetdeşimiziň hem aýdyşy ýaly, tomsuň günlerinde hasyl her üç-dört günden ýygylýar. Bir hepdä iki ýygym düşse, indiki hepde-de bir gezek ýygylýar. Ýygym günleri, köplenç, duşenbe, çarşenbe we şenbe günlerine düşýän eken.
Şu günler howanyň derejesi ýokary. Şonuň üçin ekini bir günde 15 gezege çenli suwarmaly bolýar. Dürli dökünlerdir dermanlar hem, beýleki ýyladyşhanalarda bolşy ýaly, suwuň düzümine goşulyp berilýär. Ýyladyşhanada serginlediş ulgamy hem göwnejaý ýola goýlupdyr. Awtomatlaşdyrylan ulgam belli bir wagt aralygynda suw pürküp, onuň yzysüre çygly howany berýär. Bu bolsa ekiniň hem, onuň içinde işleýänleriň hem biraz salkynlamagyny üpjün edýär.
«Hasylly» ýyladyşhanasynda ýetişen hasylyň 80 göterimi eksporta iberilýär. Russiýa we Gyrgyz Respublikasy bu ýyladyşhananyň pomidorlaryny esasy eksport ediji döwletlerdir. Olardan başga-da, wagtal-wagtal Özbegistana, Owganystana hem hasyl ugradylýar.
Howanyň gyzgyn günlerinde göwnüň ýagly naharlara juda bir meýilli däl. Tersine, terje pomidory dograp, çörek bilen tutup ýa-da ony gatyga garyp iýmegiň lezzeti başgaça. Terje pomidor bolsa mellek ýerlerimizde-de, bazarlarymyzda-da iň bol nygmatlaryň biri. Ýurdumyzdaky azyk bolçulygyna hususy oba hojalykçylarymyzyň hem goşant goşýandygyny görmek juda ýakymly. Olaryň yhlasly zähmetinden döreýän bereket bolçulygy we elýeterli bahany üpjün edýär.
Begenç ŞARIPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşiniň bölüm müdiri.