DÖWRABAP IŞLERIŇ HUKUK ESASLARY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ähli ugurlarda öz wagtynda maksadalaýyk döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek ilkinji nobatda durýar.

Häzirki wagtda dürli (okuw, işewürlik we maşgalasynyň ýanynda hemişelik ýaşamak) maksatlar bilen daşary ýurtlarda uzak möhletli bolýan raýatlarymyzdan, bolýan ýurtlarynyň düzgünlerine laýyklykda, uzak möhletli pasportlarynyň bolmagynyň talap edilýändigi sebäpli, biometrik maglumatly pasportlaryň hereket edýän möhletleriniň belli bir senä çenli uzaldylmagynyň zerurlygy ýüze çykýar.

Dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, dürli daşary ýurt döwletleri tarapyndan halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, Türkmenistana gaýdyp bilmeýän raýatlarymyzyň pasportlarynyň möhletleriniň bellenen tertipde uzaldylmagynyň zerurlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan hem-de biometrik maglumatly pasportlaryň hereket edýän möhletleri tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhletlerini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmagyň hukuk esaslaryny belleýän kada bellenen tertipde «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizildi.

Has takygy, «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasynyň altynjy böleginiň dördünji tesiminde daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gelip bilmeýän halatlarynda, olaryň hereket ediş möhletleri tamamlanan ýa-da tamamlanýan pasportlaryň hereket ediş möhletleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda uzaldylyp bilinýändigi bellenilýär.

Şeýle hem Kanunyň 42-nji maddasynyň üçünji böleginde zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almaklygyň degişli migrasiýa gullugynyň edaralary, gelmeginiň maksady zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen bagly bolmadyk raýatlary bellige almaklygyň, degişli häkimlikler tarapyndan fiziki we ýuridik şahslaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmalary we olaryň ýanyna goşulýan resminamalary esasynda berilýändigi kesgitlenilýär.

Şol ýerde aýratyn tesimde: «Bellige alnan raýatlara migrasiýa gullugynyň edaralary we häkimlikler tarapyndan ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde bellige alyş şahadatnamalar berilýär» diýlip bellenildi. Hereket edýän Kanuna girizilen bu goşmaçalar we üýtgetmeler degişli ugurda döwrebap işleri hukuk kadalaryna laýyklykda alyp barmaga hem-de raýatlarymyzyň resminamalaryny gysga möhletde resmileşdirmeklige mümkinçilikler döreder.

Türkmenistan döwletimiz geografik taýdan amatly ýerleşiş şertlerine we döwrebap ulag geçelgelerine eýe bolan hem-de barha kämilleşdirilýän milli kanunçylyk ulgamy bolan ynamdar hyzmatdaş ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda ýurdumyzyň ýene birnäçe halkara konwensiýalaryna goşulmagy babatda alnyp barlan işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda «Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty tarapyndan hem makullanyldy. «Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasy» häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we ulag tehnologiýa ulgamlaryny hem-de intermodal ulag ulgamynda konteýnerleri ulanyp, harytlary eltip bermek hadysalaryny birleşdirmäge gönükdirilen kadalary özünde jemleýär. Bu Konwensiýanyň kadalary konteýnerler gümrük serhetlerinden geçende bildirilýän talaplary, düzgünleri we amallary ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, boş we ýükli konteýnerleriň ýurtlaryň gümrük çägine getirilmeginiň şertleri, olary wagtlaýyn ulanmagyň tertibi, şeýle hem gümrük möhürleri bilen halkara ulaglaryna giriş tertibi düzgünleşdirýär. Bu konwensiýanyň ähmiýeti gümrük işiniň dürli dolandyryş taraplary boýunça ýurtlaryň arasynda giňeldilen gümrük hyzmatdaşlygyny üpjün etmekden, daşary söwda akymlary baradaky maglumatlaryň alyş-çalşyny güýçlendirmekden, maglumatlar gorunyň deňleşdirilmegini gazanmakdan, gümrük tehnologiýalaryny birleşdirmek bilen gümrük taýdan resmileşdirmekden, harytlaryň gümrük serhetlerinden geçmegi üçin amallary we düzgünleri sazlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen howa, demir ýollar, gara ýollar arkaly we deňiz üsti bilen ýükleriň daşalmagyna döwrebap şertler artýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda «Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň gümrük boýunça iş topary tarapyndan taýýarlanylan bu Konwensiýa iki bölümden ybarat bolup, onda bu Konwensiýa giriş we düşündiriş bellikleri, şeýle hem onuň maksadyny, esasy ýörelgelerini, işleýşini we mümkin amallaryny düşündirýän kadalar bar. Konwensiýada getirilen umumy düzgünler, tertipler geljekde Konwensiýanyň kadalaryna dogry düşünilmegine we takyk ýerine ýetirilmegine amatly şertleri döredýär. Resminamada daşamak üçin niýetlenen konteýnerlere bildirilýän döwrebap talaplar, ýükleri ugratmak, geçirmek hem-de tabşyrmak we kabul etmek babatda taraplaryň borçlary, wezipeleri hem-de hukuklary anyk kadalar arkaly bellenip geçilýär. Bu Konwensiýada ulanylýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin ulanyljak konteýnerlere täze düşünje: «deň derejeli öwezini dolmak» düşünjesi ulanylar we ol adaty wagtlaýyn kabul ediş ulgamlaryndan tapawutlylykda, öň getirilen belli bir konteýnerleriň yzyna äkidilmezligini hem-de zerur bolsa, öňki konteýnere barabar ýa-da deň derejeli konteýneri äkitmeklige mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýükli konteýnerleri, şol sanda konteýner goruna geçirilen boş konteýnerleri guramaçylykly dolandyrmaga, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, gümrük serhedindäki ulaglaryň hereketini düzgünleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň bu halkara resminamasyna goşulmagy, bu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary döwrebap hukuk kadalaryna laýyk ýola goýmaga mümkinçilikleri has-da artdyrar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegini gazanmak, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek üçin döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Merdan TUWAKOW

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31799