Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Daşoguz welaýaty, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy. 

                                                                   

Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna geldi. Munuň özi ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça başy başlanan iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birikdirmek arkaly içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Gurluşyk meýdançasynyň çäginde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge we ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy. 

                                                                   

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow taslamalar, olary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we degişli desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän umumy görnüşiniň çyzgylary, onuň eksport ugurlary, şol sanda Türkmenistandan goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny hem-de ugurlaryny görkezýän taslamalar, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň çyzgylary we taslamalary, şeýle-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarydyr taslamasy, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň baş meýilnamasy hem-de onuň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýandygyny, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygyny bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýlelikde, döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde soňky ýyllarda elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary has-da ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi. Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryny häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrmak, onuň önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamy emele gelýär. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden welaýatyň Görogly etrabyndaky “Garagum” maldarçylyk hojalygyna tarap ugrady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ulagy şu günler aýratyn gözel görnüşe eýe bolan Garagum sährasynyň giňişligi boýunça ýola düşdi. Ýylyň bu paslynda sähranyň ösümlik dünýäsi we özboluşly tebigy görnüşi ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ekologik abadançylygy saklamak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bolsa sähra çäklerinde dowardarçylygy we düýedarçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Diýarymyzda maldarlaryň zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan oňyn mümkinçilikleriň döredilmegi we maldarçylyga işi ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy pudagyň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Munuň özi çopanlaryň iş şertleriniň has-da gowulanmagyna ýardam berip, olary tutanýerli zähmet çekmäge höweslendirýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garagum” maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýewiň goşuna geldi. Bu ýerde düýe çopany Arkadagly Serdarymyzy mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz çopanyň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy, maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

“Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz düýe malyna aýratyn gadyr goýýar. Arkadagly Serdarymyz düýe malynyň ähmiýeti, onuň süýdüniň, ýüňüniň, çalynyň we agaranynyň ynsan saglygyna peýdasy barada çopan bilen pikir alyşdy. 

                                                                   

Düýe çopany Arkadagly Serdarymyza çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen gürrüň berdi hem-de ähli oba zähmetkeşleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini guwanç bilen nygtady. Şeýle-de ol uly hormat bilen Arkadagly Serdarymyzy “ak öýe” girmäge çagyrdy. 

                                                                   

Atamyrat Işanberdiýew düýeleriň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeleýändigini, arwana tohumly düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgalasy bilen bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygyny aýratyn nygtady we döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.  

 Hormatly Prezidentimiz oba zähmetkeşleriniň, şol sanda maldarlaryň durmuş we iş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada ediljekdigini belledi we çopana alyp barýan asylly işinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyny arzuw etdi. Arkadagly Serdarymyz çopanyň alyp barýan netijeli zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa özüniň sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Sarwan bildirilen hormat we gowşurylan sowgatlar üçin ähli maşgala agzalarynyň, düýedarlaryň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýe çopanyna il içinde uly hormatdan peýdalanýan käriň eýesi bolmagyň parz işdigini aýdyp, asylly işinde üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden awtoulagda dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. Arkadagly Serdarymyz ýolugra Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik dünýäsini synlady. 

                                                                   

Häzirki döwürde Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi ylmy esasda öwrenilýär. Şunda türkmen halkynyň milli baýlygy bolan tebigatymyzy aýawly saklamak, onuň bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn, ylmy esasda çemeleşmek wajyp hasaplanýar. Türkmen topragynyň baý hem-de köp dürli ösümlik dünýäsi, şol sanda Garagumuň giňişliklerinde bitýän ösümlikler ýurdumyzda maldarçylygyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Guşuçar belentlikden sebitiň çäklerinde bar bolan suw akabalary, Türkmen derýasynyň we Şasenem derýasynyň ugurlary görünýär. Şunda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, suw gorlaryny talabalaýyk ulanmak meseleleriniň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemeli. Köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, bar bolan suw gorlaryndan netijeli peýdalanylmagy ilatyň saglygyny goramakda, durmuş we ekologik abadançylygy, azyk bolçulygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, uçuş mahaly ýanynda bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi A.Ýazmyradowa sebitiň suwaryş ulgamlaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak işleriniň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda, aýratyn-da, Daşoguz welaýatynda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň aralygyndaky amatly hasaplanylýan künjekde uly göwrümli suw howdanyny gurmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde welaýatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iri göwrümli suw howdanlaryny gurmak, häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de Şasenem derýasynyň akabasyna beton örtügini düşemek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulýan çäreleriň netijesinde Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi düýpli gowulandyrylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan işleriň döwrüň talabyna we häzirki zaman ylmynyň täze gazananlaryna laýyklykda dowam etdirilmelidigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzda soňky ýyllarda ekerançylygy ösdürmek we suwdan netijeli peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplandy. Şeýlelikde, suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, hojalyk zerurlyklary üçin kadaly şertleri kemala getirmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary häzirki zamanyň ösen tejribeleri esasynda yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi we bu babatda A.Ýazmyradowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Uçuşy tamamlap, hormatly Prezidentimiziň dikuçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň Daşoguz welaýatyna toý sapary dowam edýär.

27.05.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Daşoguz, 26-njy maý (TDH). Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada hasabat berdi. Bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak, welaýatyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlary giňeltmek, azyk harytlarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň taslamasynda Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demirgazyk sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu ýylda göz öňünde tutulan maýa serişdelerini maksada laýyk ulanmak meselelerini hem-de täze önümçilikleriň gurluşygynyň barşyny hemişe üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Geljek ýedi ýyl üçin Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem her welaýatyň çäk taýdan ýerleşişini, tebigy serişdelerini nazara almak bilen, döwrebap toplumlary we goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça çäreleri göz öňünde tutmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konsernine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli edara-kärhanalardaky iş orunlarynyň işgärler bilen üpjünçiligi barada habar berildi. 

                                                                   

Içerki sarp edijileri hem-de daşarky bazarlary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, “Daşoguzgazakdyryş” we “Daşoguzgazüpjünçilik” müdirlikleri tarapyndan zerur işler geçirilýär. Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de onuň gorlaryny artdyrmak işleri bilen meşgullanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we pudagyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmagy dowam etdirmek, şol sanda nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer “Guýulary düýpli abatlamak we gapdal sütüni gazmakda ulanylýan göteriji enjamlary we olara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Kararyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan Karara gol çekip, wise-premýere onuň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemegiň we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Şunda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, bu mesele boýunça teklipler öwrenildi. 

                                                                   

Fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýokarlanar, eksportyň möçberleri artar, täze iş orunlary dörediler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ileri tutulýan ugurlary hem-de dünýäniň ykdysady giňişliginde umumy ýakynlaşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň dokma senagatynyň innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmeginiň öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge ýardam edýändigini nygtap, teklipleri içgin seljermegiň, olaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan, tejribeli halyçylara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda” Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň adyndan halyçylyk pudagynyň ähli işgärlerini Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. “Goý, olaryň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlansyn!” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Düýpli maýa goýumlaryň hasabyna bu sebitde binalaryň we desgalaryň jemi 48-siniň gurluşyk işleri amala aşyrylýar, şolaryň 20-si durmuş maksatly, 28-si bolsa önümçilik maksatly desgalardyr. Şu ýyl 7 desgany we binany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 600 orunlyk 2 sany orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň hem-de çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de raýatlaryň buýurmasy esasynda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň çäklerinde 4 gatly, 16 we 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 35-siniň gurluşygy dowam edýär. 

                                                                   

Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiniň hem-de beketleriň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam edýär, bu taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Welaýatyň oba ýerlerinde, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde içerki awtomobil ýollaryny gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we ýerli ilatyň oňaýly durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini degişli mineral dökünler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan bolsa zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň arasynda degişli şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri oba hojalygynda hem-de önümçiliklerde giňden ulanylýan himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi üpjün etmegi, ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, Daşoguz welaýaty boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda geçiriljek çäreleriň degişli hasaplamalary ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şeýle hem galla oragynda peýdalanyljak däne ýygýan kombaýnlary, awtoulag serişdelerini, kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk toplumyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenildi hem-de olar iş saparlaryna ugradyldy. 

                                                                   

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna başlamagyň senesini belläp bermek hem-de bu möwsüme ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw serişdeleri bilen doly üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýatlarda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer welaýatyň Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurlup ulanmaga berilýändigi üçin welaýatyň ilatynyň adyndan Döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman innowasion enjamlary bilen üpjün edilen täze lukmançylyk edaralary ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde, dürli keselleriň öňüni almakda hem-de olary bejermekde möhüm ähmiýete eýe bolar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde bilim edaralary, şol sanda multimedia enjamlary, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen, lingafon, zähmet, aýdym-saz otaglary hem-de sport zallary göz öňünde tutulan çagalar baglary we umumybilim berýän orta mekdepler gurlup ulanmaga berler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygyny berkitmek hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmak alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hemişe möhüm ugry bolar, muňa dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň 2-siniň ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere bilim, ylym we sport ulgamlaryny tutuş ýurdumyzda hem, aýry-aýry sebitlerde hem mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň maksatnamasy hem-de durmuş medeni maksatly desgalaryň açylyşlary mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi. 

                                                                   

Iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek, olara ýaşlary has giňden çekmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Wise-premýer şeýle-de şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilmegi göz öňünde tutulan “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi. 

                                                                   

Çäräniň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlaryny hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek we olary gorap saklamak, syýahatçylyk ugurlarynyň düzümlerini gowulandyrmak, täzelerini işläp taýýarlamak, olary ozal bar bolan halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna goşmak ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. Şeýle-de gadymy döwürlerde söwda we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de öwrenmek, olaryň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň täze desgalaryny ýüze çykarmak meselesine garalar. 

                                                                   

Ýörite meýdan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren meşhur Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenji göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olar “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde “Kerwensaraý” ýadygärliginde başlanan arheologik gazuw-barlag işleri bilen tanyşdyrylar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu ýerde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleriniň birinji hepdesinde täsin taryhy gymmatlyklar — terrakot ýonulan plitalar görnüşindäki binagärlik bezegleriniň bölekleri ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy hem-de döwri, olary rejelemek we muzeý gymmatlyklary hökmünde taýýarlamak işleri hünärmenleriň arasynda öňde geçiriljek ylmy pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri bolar. 

                                                                   

Köneürgençde binagärlik mirasyny öwrenmek, üýtgewsiz görnüşde saklamak hem-de rejelemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Goraghananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen iň meşhur hem-de has ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Nejmeddin Kubranyň, Sultan Alynyň, Pirýar Weliniň, Törebeg hanymyň aramgähleriniň, Horezm şalary Soltan Tekeşiň hem-de Il-Arslanyň kümmetleri, Seýit Ahmediň aramgähi hem-de Gutlug Timuryň minarasy rejelenildi. Köneürgenjiň “Kyrkmolla” ady bilen belli bolan iň gadymy galasynyň, Al Mamunyň minarasynyň bölekleri ozalky baş metjidiň galyndylary üýtgewsiz görnüşde saklanylar ýaly ýagdaýa getirildi, Ibn Hajybyň medresesi gaýtadan dikeldildi. 

                                                                   

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden daşarda-da giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp görerler. Meýdan şertlerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna arheologlar, binagärlik boýunça taryhçylar, rejeleýjiler, syýahatçylyk işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleri gatnaşarlar, olaryň dowamynda pikir alyşmalar guralar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen meýilnamany makullap, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň, bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleriniň Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi. 


 Demirgazyk welaýatda esasy telefon we öýjükli aragatnaşyk belgileri ornaşdyryldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça Daşoguz şäherinde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen ýolagçy awtomenziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Daşoguz Halkara howa menziline degişli myhmanhananyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle-de Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça “Türkmendemirýollary” agentliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 16 öýli 4 sany we 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli 3 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam etdirilýär. 

                                                                   

Daşoguz şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda simli we öýjükli telefon belgilerine hyzmat ediş, poçta ugratmalaryny kabul ediş we tabşyryş nokatlaryny özünde jemleýän aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça teklipler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli bäsleşikleri geçirmek bilen bagly taslamalar hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, demirgazyk sebitde-de halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny yzygiderli ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şäherlerde we obalarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň milli maksatnamalaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça bäsleşikleri geçirmäge ygtyýar berdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda-da sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Olar “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary, şol sanda Daşoguz welaýatyndan saýlanan deputatlar welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişliklere gatnaşýarlar, saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşýarlar, adamlaryň kanunlar we Kararlar baradaky pikirdir tekliplerini öwrenýärler, kabul edilen resminamalaryň ähmiýetini düşündirýärler, etraplaryň halk maslahatlaryna we Geňeş agzalaryna usulyýet kömegini berýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde iň gowy halyçylara döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, sebitleri ösdürmek, daşky gurşawy goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döwletimizi mundan beýläk-de syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri seljermek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, olaryň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

 Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

 Şunda ýurdumyzda Aral deňzi bilen baglanyşykly ýagdaý bilen şertlendirilen täsirleri azaltmaga hem-de ýerli ilatyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan oňyn halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde-de Aral deňziniň ekologik meselelerine örän uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul edildi. Ol Daşoguz welaýatynda durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen esasy resminama boldy. Maksatnama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahanalaryň 3-sini, suw arassalaýjy desgalaryň 7-sini gurmak, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýany gurmak göz öňünde tutuldy. Aral milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan 86 taslamadan 48-siniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. 

                                                                   

Aral deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda alnyp barylýan halkara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda howanyň ählumumy üýtgemegi netijesinde Aral deňzi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda biziň ýurdumyzda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak işleri aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň, şeýle-de adamlaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi. 27-nji maýda Daşoguz welaýatynda durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Aralýaka sebitde ekologik howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, umuman, sebitde durmuş-ykdysady, ekologik ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hormatly Prezidentimize demirgazyk sebite sapar bilen gelendigi üçin onuň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi we bu saparyň welaýatyň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşup, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrandygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Häkim şeýle-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan işler, şol sanda öňde boljak galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň özenini düzdi. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, 145 müň gektar meýdanda bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirildi, hasyly ýygnamak üçin däne ýygýan kombaýnlaryň 428-sini, galla kabul ediş nokatlarynyň 28-sine hasyly daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň 2135-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Pile öndürmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hem habar berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda amala aşyrylýan ähli işleri, şol sanda durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň çäklerinde kesgitlenen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de bugdaý meýdanlaryna ýokary hilli ideg edilmegine, geljekki bol hasylyň girewi bolan gowaça ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamaga aýratyn üns bermek tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz durmuş, önümçilik hem-de beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, olarda alnyp barylýan işleriň ýokary hilini, ulanmaga bermegiň möhletlerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Hökümet mejlisinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki käbir meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.05.2022
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy. 

                                                                   

Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi hem-de Arkadagymyzy giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutladylar we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýeti bellenildi, şolarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz düýpli özgertmeler strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurtlaryň oňat tejribelerini çekmäge, dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýär. 

                                                                   

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatynyň bolmagy bilen birlikde, häzir Türkmenistanda işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendiginiň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                   

 “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işi, hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek boýunça meýilnamalar, ileri tutulýan ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän, hususan-da, energetika, maliýe ulgamlarynda, oba hojalygynda we sanly ulgamda, sport ugry boýunça häzirki we geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.  

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de amerikan işewürleri birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

26.05.2022
Sanly ykdysadyýet: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryna iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň, ýakyn geljek üçin kesgitlenilen anyk wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artjakdygy şübhesizdir. 

                                                                   

XXI asyr innowasiýalardyr tehnologiýalaryň çalt ösýän we özgerýän döwri. Biz muny başgaça «tehnologiýalar eýýamy» diýip atlandyrýarys. Innowasion tehnologiýalaryň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen häzirki şertlerinde bolsa ösüş meýli bar bolan islendik döwletiň ýagty geljegini sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynda we ösdürilmeginde görýäris. Çünki ösüşiň baş şertine öwrülen sanly ulgam maglumatlar jemgyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň ygtybarly we ykrar edilen ýoludyr. 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetinde öňdeligi eýeleýän, senagat taýdan ösen döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny önümçilige ilkinjileriň biri bolup ornaşdyrmak arkaly kuwwatly ýurtlara öwrülendigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Döwür bilen deň gadam urýan şeýle döwletler sanly ulgam babatda has-da ilerläp, indi senagata yzygiderli ornaşdyrylýan tehnologiýalary özlerinde öndürýärler we olaryň ýardamy bilen täzeden-täze önümçilikleri ýola goýýarlar. Munuň özi ösen döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki «kepillendirilen» pugta orunlarynyň iň esasy sebäbidir. 

                                                                   

Ýurdumyzda özgertmeler ýaýbaňlandyrylýan häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler hem az däldir. Diýarymyzda sanly ykdysadyýet, sanly bilim bilen bagly kabul edilen resminamalar we maksatnamalar esasynda amala aşyrylýan özgerişler munuň aýdyň güwäsidir.  

                                                                   

Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda ajaýyp işler durmuşa geçirildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi.  

                                                                   

Soňky ýyllaryň dowamynda adamzada howp salan pandemiýa şertlerindäki çäklendirmeler bolsa bütin dünýäde bilim ulgamynyň işiniň usullaryna degişli düzedişleri girizdi. Şular bilen baglylykda, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň derwaýyslygy has-da ýokarlandy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda sanly tehnologiýalar internetiň üsti bilen bilim işini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi mundan beýläk-de sanly bilimi ösdürmek üçin başlangyç şert bolup, ulgamyň yzygiderli sanly ulgama geçirilmeginiň täze bilim standartlaryna daýanýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Diýarymyzda elektron söwdanyň ösmegi alyjylary tapmakda ýokary tizligi hem-de alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, önümleriň elýeterliligini we söwda giňişligindäki täzeliklerden yzygiderli habarly bolmagy üpjün edýär. Uzak aralykdan tölegler we söwda ulgamynyň ykjam goşundylary çalt depginler bilen meşhurlyga eýe bolup, alyjynyň haryt satyn almak usullarynyň barha kämilleşmegine itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça harytlaryň sarp edilişini artdyryp, «satyjy-alyjy» gatnaşygyny has-da döwrebaplaşdyrýar. 

                                                                   

Häzirki zaman innowasiýalar äleminde bank hyzmatlaryna bolan isleg hem ýokary derejede ösýär. Bu ýagdaýda ykjam goşundylary peýdalanmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle amatlyklar ulanyjylara özleriniň hasabynyň netijelerini barlamaga, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmäge, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala karty» ýaly sanly bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberi hem-de «Internet banking», «Ykjam bank», «Aralykdan töleg» ýaly hyzmatlardan peýdalanmak artýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, metbugat neşirlerini  elektron görnüşe geçirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Bu babatda aýdanymyzda, gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmegi düşewüntlilik nukdaýnazaryndan örän amatlydyr. Ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň saýtlarynyň döredilmegi hem ýokary ähmiýete eýedir. Bu saýtlaryň döredilmegi, bir tarapdan, häzirki zaman maglumatlar jemgyýeti döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň habarlar we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hem-de ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işler baradaky maglumatlary dünýä ýaýmaga, beýleki tarapdan bolsa, diňe bir ýazgy materiallaryny däl, eýsem, maglumat roliklerini, reportažlary göni görnüşinde ýerleşdirmäge, ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ösdürilýändiginiň hem-de sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýanyň ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Jumamyrat GUTLYÝEW,

                       

Boldumsaz etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.

26.05.2022
Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özen-örküne, binýat-berkine öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatdaky köpugurly işler uly üstünliklere beslenýär. Bu maksatlara, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki innowasion tehnologiýaly gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmagyň, maýa goýumlaryň uly möçberlerini netijeli ugurlara gönükdirmegiň, toplumlaýyn işleri amala aşyrmagyň hasabyna ýetmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde senagat kärhanalarynyň möhüm orny bar. Olar ýurtda haryt bolçulygyny döredýär, raýatlary iş orny bilen üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Innowasion esasly öndürilýän önümçilikler bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler indi özümizde öndürilýär, eksport harytlarynyň möçberi artdyrylýar. Innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has hem giňeýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň döwrebap ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Mähriban halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Agajan HAJYÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

26.05.2022
Merjen şäheriň okgunly ösüşleri

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Düýn paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli indi ençeme ýyl bäri geçirilýän bu sergä «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem uly ruhubelentlik bilen badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda batly depginler bilen ösýän ýurdumyzyň baş şäheri hemmetaraplaýyn belent sepgitlere eýe boldy. Häzirki wagtda Aşgabat Merkezi Aziýanyň parahatlyk merkezine, köpugurly halkara derejeli çäreleriň, maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muny şu günki gözden geçirilişiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 

                                                                   

Nobatdaky köpugurly halkara sergä gatnaşyjylar ir säher bilen Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olaryň hatarynda hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurtly işewürler, myhmanlar we paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary bar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän halkara sergide Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Şeýle hem, bu sergi paýtagtymyzyň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işlere nobatdaky badalga bolup hyzmat eder. Çünki köpugurly häsiýete eýe bolan bu forum ak şäherimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerini açyp görkezmeklige we bu ugurdaky işleri hem-de gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga niýetlenendir. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini goşalandyrdy. 

                                                                   

Soňra myhmanlar Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda guralan sergi meýdançasyna geldiler. Bu serginiň köpugurly aýratynlygynyň giň gerime eýedigini bellemek gerek. Sergi zalynda ýerleşdirilen diwarlyklarda gurluşyk, energetika we senagat, nebitgaz, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma senagaty we halyçylyk, obasenagat, telekeçilik, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, ýaly pudaklarynyň ençemesiniň alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän maksatnamalary giňişleýin açylyp görkezilipdir.  

                                                                   

Halkara köpugurly serginiň çäklerinde tanyşdyrylyş we haryt öwreniş çärelerine, işewürlik duşuşyklaryna, özara gepleşiklere giňden orun berildi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant boldy. 

                                                                                                           

Oguljennet PAŞYKOWA,

                       

«Aşgabat».

26.05.2022
Sergä gatnaşyjylara söz berýäris

Aleksandr PETROW,
«Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory:
 

                                                                   

— Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşýandygymyza örän şat. Biziň kompaniýamyz Aşgabat şäherindäki gurluşyk taslamalaryna indi ençeme ýyldan bäri işjeň gatnaşyp gelýär. Häzirki wagtda kompaniýa türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde sil suwlaryny toplaýjy ulgamyň gurluşygyny alyp barýar. Bu taslamanyň netijesinde, sil suwlary bitewi ulgam arkaly toplanylyp, «Altyn Asyr» Türkmen kölüne akdyrylýar. Biz bu gurluşyk taslamasyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde doly tamamlamagy meýilleşdirýäris. Biziň kompaniýamyzyň amala aşyrýan taslamasy Aşgabat şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna täsirini ýetirip, sil suwlarynyň netijeli ulanylmagyna ýardam eder.  Türkmen paýtagtyny mundan beýläk hem ösdürmek we abadanlaşdyrmak işlerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirýärin. 

                                                                   

 Goý, merjen şäher Aşgabat güllesin, gül açsyn! Baýramyňyz gutly bolsun! 

                                                                   

 Gülruh HAJYÝEWA,
«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni:
 

                                                                   

— Paýtagtymyzyň ýeten ykdysady, durmuş derejesiniň özboluşly görkezijisi bolup durýan serginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigini oňa gatnaşanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň gününe bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä kärhanamyzda öndürilýän gurluşyk harytlaryny getirdik. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy»  ýylynda baş şäherimiziň keşbi günsaýyn özgerýär, paýtagtymyzy ösdürmegiň barşynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň telekeçilerine hem uly orun berilýär. Şu serginiň dowamynda hem ýurdumyzyň hususyýetçileriniň diwarlyklaryna, sergi meýdançalaryna uly orun berlipdir. Toý gününde geçirilýän şular ýaly sergiler diňe bir baýramçylyk ruhuny götermän, eýsem, täze hyzmatdaşlaryň döremegi, hödürlenilýän täze önümler we hyzmatlar barada hem tanyşmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Goý, ýurdumyzy we onuň mermer paýtagtyny ösdürmekde telekeçileriň öz goşantlaryny goşmaklary üçin giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

26.05.2022
Be­lent mak­sat­lar ro­waç­lan­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler ösüş­le­ri­mi­ziň do­wa­mat do­wam­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Bu ba­bat­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022—2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Hä­zir­ki dö­wür­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan öz ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy. Bu dö­wür «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ösü­şiň şu tä­ze döw­rün­de biz öz öňü­miz­de has be­lent mak­sat­la­ry goý­duk». 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çy­ky­şyn­da bel­läp ge­çen ugur­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­dyr. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ýur­du­myz­da ada­myň sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ry ýok et­mek, sag­ly­gy go­raý­şy we der­man se­na­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek bo­ýun­ça köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da öz­gert­me­ler do­wam et­di­ri­ler. Tä­ze-tä­ze has­sa­ha­na­lar, be­je­riş-sa­gal­dyş eda­ra­la­ry gur­lup, döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry we der­man se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edi­ler» di­ýip belleýär.  

                                                                   

Döw­le­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär we «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri dö­red­ýär. Bu ugur­da Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny wa­gyz et­mek we giň­den or­naş­dyr­mak, ra­ýat­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak we adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak üçin ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa ra­ýat­la­ry­my­zyň, aý­ra­tyn hem, ýaş­la­ryň sag­ly­gy ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýaş ne­sil­le­ri mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek, sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­ýän ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ra­ýat­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne hem mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Döw­le­ti­mi­ziň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ra­ýat­la­ry­my­zyň ke­pil­len­di­ri­len hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak me­niň esa­sy bor­jum bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty we Mej­li­si ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek işi­ni do­wam et­di­rer. Döw­le­ti­mi­ziň adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da­ky yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny mun­dan beý­läk hem üp­jün ede­ris. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň yg­ty­ýar­lyk­la­ry has-da kä­mil­leş­di­ri­ler».  

                                                                   

Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek, döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we hu­kuk ul­gam­la­ry­nyň ösüş ugur­la­ry­ny Kons­ti­tu­si­ýa­my­za we dün­ýä tej­ri­be­si­ne la­ýyk ge­tir­mek üçin de­pu­tat­lar äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň esa­syn­da ka­bul edil­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry gel­jek­de hem ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň umu­my yk­rar edi­len hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da bel­leý­şi ýa­ly, «Biz Türk­me­nis­tan at­ly be­ýik döw­let­de, pa­ra­hat we aras­sa as­ma­nyň as­tyn­da, uzak hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­ly­dy­rys, aba­dan we gül ýa­ly dur­mu­şy­my­za buý­san­ma­ly­dy­rys». 

                                                                                                           

Mu­ham­met­na­zar TÄŞ­LI­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, TDP-niň Türk­men­ga­la et­rap ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy.

25.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

 Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksadynyň deňhukukly esasda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi. Iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy, “John Deere”, “Сase”, “General Eleсtriс”, “Boeing” ýaly kompaniýalar türkmen bazaryndaky strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýärler. 

                                                                   

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi alyp barmagyň oňyn guramaçylyk-hukuk guraly döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegi uly bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösdürilmegine maýa goýmagy hem-de amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. 

                                                                   

“Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işleri, uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň eýeleýän orny ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet hem-de hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, himiýa we azyk senagaty, ekologiýa ulgamlary bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamy hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Işewürler ýurdumyzyň bedenterbiýe we ýokary netijeler sportunda ýeten sepgitlerine, türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerine hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda bina edilen döwrebap sport toplumlaryna, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary guralan Olimpiýa şäherçesine ýokary baha berip, ABŞ-nyň bu ulgamda ýöriteleşen kompaniýalarynyň sportuň golf görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar soňky ýyllarda täze depgine hem-de many-mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

25.05.2022
Üstünligiň aýdyň beýany

«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da dur­nuk­ly ösüş üp­jün edil­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak we san­ly ul­ga­ma ge­ç­mek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­ny art­dyr­mak we­zi­pe­le­ri wa­jyp bo­lup dur­ýar. Ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne la­ýyk hem-de eko­lo­gik taý­dan aras­sa bol­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.  

                                                                   

Bag­ty­ýar­ly­gyň, ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan me­ka­ny­na öw­rü­len ýurt­da ýa­şa­ýan, dö­red­ýän, gur­ýan hal­ky­myz yk­dy­sa­dy­ýet­de, sy­ýa­sat­da, me­de­ni­ýet­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da, ylym-bi­lim­de, sport­da be­lent sep­git­le­ri na­zar­lap, öňe ga­dam bas­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da we se­bit­ler­de dur­nuk­ly ösüş üp­jün edil­ýär.  

                                                                   

Giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­zy, kal­by­my­zy gur­şap al­dy. Bi­li­miň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­mek we ony dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek üçin san­ly bi­li­mi ös­dür­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň hal­ka­ra in­ter­net we ders olim­pia­da­la­ry­na gat­na­şyp, al­tyn, kü­müş we bü­rünç me­dal­la­ra my­na­syp bol­ma­gy bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň maz­mu­ny­na, onuň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da­ky or­nu­na oňat dü­şün­ýä­ris. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň ne­ti­je­li ýol­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýän san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Şol mak­sat­dan ugur alyp, ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň we san­ly ul­ga­ma geç­me­giň we­zi­pe­le­ri, ösü­şiň ugur­la­ry hem-de dep­gin­li ösü­şiň ul­gam­la­ry kes­git­le­nil­di. Bu­la­ryň äh­li­si türk­men hal­ky­nyň hal-ýag­da­ýy­nyň we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ösüş­le­riň tä­ze tap­gy­ry­na ynam­ly ädi­miň ädi­len­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy, ýag­ny ýa­kyn gel­je­gi na­zar­la­ýan bu stra­te­gi­ýa­nyň ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­giň ne­ti­je­li ýol­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ne yna­my has-da art­dyr­dy. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da we ma­li­ýe işin­de mag­lu­mat we san­ly se­riş­de­le­riň äh­mi­ýe­ti­niň güýç­len­me­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly me­se­le­ler dün­ýä ýü­zün­de köp­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi­ yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly gör­nü­şin­de jem­le­nen müm­kin­çi­lik­le­riň di­ňe bir yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün edýändigi bilen däl, eý­sem, yn­san dur­mu­şy­nyň hem öz­ger­me­gi­ne ge­tir­ýän­di­gi we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra köp­çü­lik­le­ýin ge­çme­gi bi­len hem dü­şün­di­ril­ýär. 

                                                                   

 Ýur­du­my­zy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp bar­ýan Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! 

                                                                                                           

Jen­net HAL­LY­ÝE­WA,

                       

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.

25.05.2022
Oba milli maksatnamasy: halk bähbitli tagallalar, guwandyryjy netijeler

Halkymyzyň arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlisinde yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Oba milli maksatnamasy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň 15 ugruny özünde jemleýär. Mysal üçin, Durnukly ösüşiň 3-nji — «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdaky hemmeleriň abadançylygyna ýardam bermek», 4-nji — «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bilim ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek», 6-njy — «Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek», 7-nji — «Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterligini üpjün etmek», 9-njy — «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek», 10-njy — «Ýurduň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak», 11-nji — «Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek» maksatlary boýunça işler Oba milli maksatnamasy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylyp gelinýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen gurlanlary hem goşmak bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna ýurdumyzda 70 hassahana, 146 saglyk öýi, 258 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 251 sany umumybilim berýän orta mekdep, 76 medeniýet öýi, 115 sport mekdebi, 73 sport desgasy, Türkmenistan boýunça jemi 989 sany binalar we desgalar guruldy. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden bäri, adam hakyndaky aladany özüniň döwlet syýasatynyň baş ugruna öwürdi. Hut şu nukdaýnazardan jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň baş saglygyny esasy aladasyna öwren hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerindäki ilkinji açylyşlaryň biri bolan, şu ýylyň 15-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. 

                                                                   

Özleşdirilen maýa goýumlaryň netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna, ilkinji nobatda-da, 10-njy — «Ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak» atly maksada gönükdirilen işler sebitleriň öndüriji güýçleriniň ösüşine güýçli badalga berdi.  

                                                                   

Ahal welaýatynda şu döwürde 15 hassahana, 38 saglyk öýi, 59 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 49 sany orta mekdep, 19 medeniýet öýi, 17 sport mekdebi, 12 sport desgasy, jemi 209 sany bina we desgalar guruldy.  

                                                                   

Balkan welaýaty ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagat pudaklarynyň ösen sebitidir. Bu welaýatda ilatyň esasy bölegi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde hem Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly düýpli işler amala aşyryldy. Soňky on ýylyň içinde 11 hassahana, 18 saglyk öýi, 41 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 36 sany orta mekdep, 9 medeniýet öýi, 17 sany sport mekdebi, 8 sport desgasy guruldy, jemi 140 sany bina we desga guruldy. 

                                                                   

Daşoguz welaýaty boýunça durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary ilatyň sanyna laýyklykda ýokary derejelerde alnyp baryldy. Welaýatda Durnukly ösüş maksatlary babatynda toplumlaýyn işler doly güýjünde ýola goýuldy. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna jemi 187 bina gurlup, şolaryň 14-si hassahana, 25-si saglyk öýi, 34-si mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 58-si orta mekdep, 14-si medeniýet öýi, 24-si sport mekdebi, 18-si bolsa sport desgalarydyr.  

                                                                   

Lebap welaýaty senagat we infrastruktura pudaklarynyň ösen sebitidir. Welaýat boýunça şu döwürde 11 hassahana, 38 saglyk öýi, 68 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, 40 sany orta mekdep, 17 medeniýet öýi, 32 sport mekdebi, 16 sport desgasy, jemi 222 sany durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar guruldy. 

                                                                   

Mary welaýatynda Oba milli maksatnamasy boýunça 231 sany durmuş-medeni maksatly desgalar we binalar guruldy. Olaryň 19-sy hassahana, 27-si saglyk öýi, 56-sy mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 68-si orta mekdep, 17-si medeniýet öýi, 25-si sport mekdebi, 19-sy sport desgasy bolup durýar. 

                                                                   

Şu ýerde Oba milli maksatnamasyndan daşgary hem bu ugurda gurlan desgalaryň we binalaryň sanynyň köpdügini belläp geçsek maksadalaýyk bolardy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde halkara standartlara laýyk gelýän derejelerde enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleri, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalary, edara jaýlary, medeniýet öýleri, kongresler we sergi köşkleri, seýilgähler, monumentler we başga-da ýüzlerçe desgalar guruldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek we ösdürmek babatynda uly işler amala aşyryldy. Munuň üçin hormatly Arkadagymyzyň tagallalary bilen, halkara demir ýol geçelgeleriniň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, döwrebap howa menzilleriniň we Halkara deňiz portunyň gurluşyklary alnyp baryldy.  

                                                                   

Maýa goýumlaryň uly bölegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny özleşdirmäge gönükdirildi. Özleşdirilen maýa goýumlaryň netijesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly myhmanhanalar we sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, ýahta klubly dynç alyş toplumy ilata hyzmat etmek we dynç almak üçin berildi. Şeýle hem şu döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda söwda merkezi, Kongresler merkezi, attraksionly seýilgäh, Awaza etrabynyň edara binasy gurlup ulanmaga berildi.  

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde telekeçileriň we hususy eýeçiligiň orny berkidildi. Gurluşyklaryň uly bölegi hususyýetçilige daýanyp ösýän gurluşyk kärhanalary we edaralary tarapyndan alnyp baryldy.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, adam mertebesini has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň bilimli, ylymly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarydyr.  

                                                                                                           

Tirkeşmyrat KURRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.

24.05.2022