Sanly ykdysadyýet: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryna iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň, ýakyn geljek üçin kesgitlenilen anyk wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artjakdygy şübhesizdir. 

                                                                   

XXI asyr innowasiýalardyr tehnologiýalaryň çalt ösýän we özgerýän döwri. Biz muny başgaça «tehnologiýalar eýýamy» diýip atlandyrýarys. Innowasion tehnologiýalaryň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen häzirki şertlerinde bolsa ösüş meýli bar bolan islendik döwletiň ýagty geljegini sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynda we ösdürilmeginde görýäris. Çünki ösüşiň baş şertine öwrülen sanly ulgam maglumatlar jemgyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň ygtybarly we ykrar edilen ýoludyr. 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetinde öňdeligi eýeleýän, senagat taýdan ösen döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny önümçilige ilkinjileriň biri bolup ornaşdyrmak arkaly kuwwatly ýurtlara öwrülendigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Döwür bilen deň gadam urýan şeýle döwletler sanly ulgam babatda has-da ilerläp, indi senagata yzygiderli ornaşdyrylýan tehnologiýalary özlerinde öndürýärler we olaryň ýardamy bilen täzeden-täze önümçilikleri ýola goýýarlar. Munuň özi ösen döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki «kepillendirilen» pugta orunlarynyň iň esasy sebäbidir. 

                                                                   

Ýurdumyzda özgertmeler ýaýbaňlandyrylýan häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler hem az däldir. Diýarymyzda sanly ykdysadyýet, sanly bilim bilen bagly kabul edilen resminamalar we maksatnamalar esasynda amala aşyrylýan özgerişler munuň aýdyň güwäsidir.  

                                                                   

Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda ajaýyp işler durmuşa geçirildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi.  

                                                                   

Soňky ýyllaryň dowamynda adamzada howp salan pandemiýa şertlerindäki çäklendirmeler bolsa bütin dünýäde bilim ulgamynyň işiniň usullaryna degişli düzedişleri girizdi. Şular bilen baglylykda, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň derwaýyslygy has-da ýokarlandy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda sanly tehnologiýalar internetiň üsti bilen bilim işini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi mundan beýläk-de sanly bilimi ösdürmek üçin başlangyç şert bolup, ulgamyň yzygiderli sanly ulgama geçirilmeginiň täze bilim standartlaryna daýanýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Diýarymyzda elektron söwdanyň ösmegi alyjylary tapmakda ýokary tizligi hem-de alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, önümleriň elýeterliligini we söwda giňişligindäki täzeliklerden yzygiderli habarly bolmagy üpjün edýär. Uzak aralykdan tölegler we söwda ulgamynyň ykjam goşundylary çalt depginler bilen meşhurlyga eýe bolup, alyjynyň haryt satyn almak usullarynyň barha kämilleşmegine itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça harytlaryň sarp edilişini artdyryp, «satyjy-alyjy» gatnaşygyny has-da döwrebaplaşdyrýar. 

                                                                   

Häzirki zaman innowasiýalar äleminde bank hyzmatlaryna bolan isleg hem ýokary derejede ösýär. Bu ýagdaýda ykjam goşundylary peýdalanmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle amatlyklar ulanyjylara özleriniň hasabynyň netijelerini barlamaga, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmäge, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala karty» ýaly sanly bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberi hem-de «Internet banking», «Ykjam bank», «Aralykdan töleg» ýaly hyzmatlardan peýdalanmak artýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, metbugat neşirlerini  elektron görnüşe geçirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Bu babatda aýdanymyzda, gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmegi düşewüntlilik nukdaýnazaryndan örän amatlydyr. Ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň saýtlarynyň döredilmegi hem ýokary ähmiýete eýedir. Bu saýtlaryň döredilmegi, bir tarapdan, häzirki zaman maglumatlar jemgyýeti döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň habarlar we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hem-de ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işler baradaky maglumatlary dünýä ýaýmaga, beýleki tarapdan bolsa, diňe bir ýazgy materiallaryny däl, eýsem, maglumat roliklerini, reportažlary göni görnüşinde ýerleşdirmäge, ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ösdürilýändiginiň hem-de sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýanyň ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                                                           

Jumamyrat GUTLYÝEW,

                       

Boldumsaz etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.