Oba milli maksatnamasy: halk bähbitli tagallalar, guwandyryjy netijeler

Halkymyzyň arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlisinde yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Oba milli maksatnamasy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ulgamlarynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň 15 ugruny özünde jemleýär. Mysal üçin, Durnukly ösüşiň 3-nji — «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdaky hemmeleriň abadançylygyna ýardam bermek», 4-nji — «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bilim ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek», 6-njy — «Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek», 7-nji — «Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterligini üpjün etmek», 9-njy — «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek», 10-njy — «Ýurduň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak», 11-nji — «Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek» maksatlary boýunça işler Oba milli maksatnamasy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylyp gelinýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen gurlanlary hem goşmak bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna ýurdumyzda 70 hassahana, 146 saglyk öýi, 258 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 251 sany umumybilim berýän orta mekdep, 76 medeniýet öýi, 115 sport mekdebi, 73 sport desgasy, Türkmenistan boýunça jemi 989 sany binalar we desgalar guruldy. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden bäri, adam hakyndaky aladany özüniň döwlet syýasatynyň baş ugruna öwürdi. Hut şu nukdaýnazardan jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň baş saglygyny esasy aladasyna öwren hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerindäki ilkinji açylyşlaryň biri bolan, şu ýylyň 15-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. 

                                                                   

Özleşdirilen maýa goýumlaryň netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna, ilkinji nobatda-da, 10-njy — «Ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak» atly maksada gönükdirilen işler sebitleriň öndüriji güýçleriniň ösüşine güýçli badalga berdi.  

                                                                   

Ahal welaýatynda şu döwürde 15 hassahana, 38 saglyk öýi, 59 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 49 sany orta mekdep, 19 medeniýet öýi, 17 sport mekdebi, 12 sport desgasy, jemi 209 sany bina we desgalar guruldy.  

                                                                   

Balkan welaýaty ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagat pudaklarynyň ösen sebitidir. Bu welaýatda ilatyň esasy bölegi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde hem Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly düýpli işler amala aşyryldy. Soňky on ýylyň içinde 11 hassahana, 18 saglyk öýi, 41 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 36 sany orta mekdep, 9 medeniýet öýi, 17 sany sport mekdebi, 8 sport desgasy guruldy, jemi 140 sany bina we desga guruldy. 

                                                                   

Daşoguz welaýaty boýunça durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary ilatyň sanyna laýyklykda ýokary derejelerde alnyp baryldy. Welaýatda Durnukly ösüş maksatlary babatynda toplumlaýyn işler doly güýjünde ýola goýuldy. Welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna jemi 187 bina gurlup, şolaryň 14-si hassahana, 25-si saglyk öýi, 34-si mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 58-si orta mekdep, 14-si medeniýet öýi, 24-si sport mekdebi, 18-si bolsa sport desgalarydyr.  

                                                                   

Lebap welaýaty senagat we infrastruktura pudaklarynyň ösen sebitidir. Welaýat boýunça şu döwürde 11 hassahana, 38 saglyk öýi, 68 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, 40 sany orta mekdep, 17 medeniýet öýi, 32 sport mekdebi, 16 sport desgasy, jemi 222 sany durmuş-medeni maksatly binalar we desgalar guruldy. 

                                                                   

Mary welaýatynda Oba milli maksatnamasy boýunça 231 sany durmuş-medeni maksatly desgalar we binalar guruldy. Olaryň 19-sy hassahana, 27-si saglyk öýi, 56-sy mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 68-si orta mekdep, 17-si medeniýet öýi, 25-si sport mekdebi, 19-sy sport desgasy bolup durýar. 

                                                                   

Şu ýerde Oba milli maksatnamasyndan daşgary hem bu ugurda gurlan desgalaryň we binalaryň sanynyň köpdügini belläp geçsek maksadalaýyk bolardy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde halkara standartlara laýyk gelýän derejelerde enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleri, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalary, edara jaýlary, medeniýet öýleri, kongresler we sergi köşkleri, seýilgähler, monumentler we başga-da ýüzlerçe desgalar guruldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek we ösdürmek babatynda uly işler amala aşyryldy. Munuň üçin hormatly Arkadagymyzyň tagallalary bilen, halkara demir ýol geçelgeleriniň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, döwrebap howa menzilleriniň we Halkara deňiz portunyň gurluşyklary alnyp baryldy.  

                                                                   

Maýa goýumlaryň uly bölegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny özleşdirmäge gönükdirildi. Özleşdirilen maýa goýumlaryň netijesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly myhmanhanalar we sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, ýahta klubly dynç alyş toplumy ilata hyzmat etmek we dynç almak üçin berildi. Şeýle hem şu döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda söwda merkezi, Kongresler merkezi, attraksionly seýilgäh, Awaza etrabynyň edara binasy gurlup ulanmaga berildi.  

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde telekeçileriň we hususy eýeçiligiň orny berkidildi. Gurluşyklaryň uly bölegi hususyýetçilige daýanyp ösýän gurluşyk kärhanalary we edaralary tarapyndan alnyp baryldy.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, adam mertebesini has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň bilimli, ylymly adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarydyr.  

                                                                                                           

Tirkeşmyrat KURRÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.