Новости
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişine, ekinleriň mineral dökünler bilen üpjün edilişine, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleriň ulanylyşyna uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi gysga möhletde ýokary derejede geçirmek bilen bagly işlere aýratyn üns bermegi, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň, galla kabul edýän bölümleriň we hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsüme birkemsiz taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilýän ýörite toparlar öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu babatda bellenen şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmek boýunça işlere hem berk gözegçilik edilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu wakanyň mekdep uçurymlarynyň aňynda hemişelik ýakymly ýatlama bolup galmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň gögeriş alnan ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Günbatar sebitde halkymyzyň rysgal-berekedi bolan galla oragyna başlamak we ony guramaçylykly geçirmek işlerine-de doly taýýarlyk görüldi. 

                                                                   

Mundan başga-da, ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Häzir pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işler hem bildirilýän talaplara laýyklykda dowam edýär. 

                                                                   

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hem-de orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda gymmatly ekine talabalaýyk ideg etmegiň bereketli hasyl almagyň özenidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Gowaçany mineral dökünler bilen üpjün etmekde hiç hili bökdençlikler bolmaly däldir. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belläp, taýýarlanylýan bioönümleriň ýerlikli ulanylmagy barada görkezme berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişmek maksady bilen, möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň bökdençsiz hem-de öndürijilikli işledilmegini üpjün etmegi, galla kabul ediş bölümleriniň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilen ýörite toparlaryň düzümine girýän hünärmenler öz işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidirler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. 

                                                                   

Dokma pudagy üçin zerur çig mal bolan pile tabşyrmak möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, bu işleri netijeli jemläp, pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamanyň doly berjaý edilmegi üçin hemme çäreleriň görülmegi zerurdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň bu ajaýyp waka mahsus derejede guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim demirgazyk sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ekişini geçirmek we gögeriş alnan meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatda galla oragyna üstünlikli girişmek hem-de zähmetsöýer gallaçylaryň durmuşynda bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, ýüpek gurçugyna kada laýyk ideg etmek hem-de şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Şonuň ýaly-da, häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlaryň gögeriş alnan ýerlerinde ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy hem-de gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Gowaça ekilen meýdanlar mineral we beýleki dökünler bilen doly üpjün edilmelidir. Zyýankeşleriň hem-de keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler, şol sanda biokärhanalarda taýýarlanylýan bioönümleriň talabalaýyk ulanylmagy babatda degişli görkezmeler berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyna başlamak, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek baradaky meselä ünsi çekip, möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň hem-de galla kabul ediş bölümleriniň işini doly derejede bökdençsiz üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmäge we işleri guramaçylykly alyp barmaga degişli döredilen ýörite toparlaryň hünärmenleri öňlerinde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmelidirler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy türkmen topragynda öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ekerançylykda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynyň döwrüň talabydygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda ýetişdirilýän ýene bir gymmatly çig mal bolan pile taýýarlamak baradaky meselä ünsi çekip, şu günler bu möwsümi netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlende, bu ugra degişli ähli meseleleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň alnyp barlyşy, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Şonuň ýaly-da, welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine üns berildi. 

                                                                   

Soňra häkim hormatly Prezidentimize hoş habary ýetirdi. Welaýatda pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Ýüpekçiler 1010 tonna pile tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etdiler. Şu mynasybetli häkim welaýatyň ähli ýüpekçileriniň adyndan şeýle üstünligi gazanmaga döredilen şertler we mümkinçilikler hem-de berlen goldawlar üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýüpekçilerini bu üstünlik bilen gutlap, olara çeken asylly we yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, gazanylan üstünlik bilen çäklenmän, öňde goýlan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň hem möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu günler gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde peýdalanmak, ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmek, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleri netijeli ulanmak meselesine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işleri aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsümde doly güýjünde ulanylmagyny, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen döredilýän ýörite toparlar öňlerinde goýlan wezipelere amal etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. 

                                                                   

Ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda hem-de ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu wakanyň mekdep uçurymlarynyň durmuşynda hemişelik ýakymly ýatlama bolup galmalydygyny aýtdy. 

                                                                   

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, gowaça ideg etmek işleriniň ýerine ýetirilişi, galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi ýokary derejede geçirmek işlerine-de doly taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmekde daýhanlar ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. 

                                                                   

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra häkim welaýatyň ýüpekçileriniň 440 tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Welaýatyň häkimi ähli zähmetkeşleriň adyndan şeýle ajaýyp üstünligi gazanmakda döwlet tarapyndan döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz bu zähmet ýeňşi bilen welaýatyň ähli ýüpekçilerini mähirli gutlap, olaryň bu üstünliginiň dokma senagatymyzy gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde möhümdigini belledi hem-de munuň üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda işleriň hemişe ýetikdigini aýtmak bilen, häzirki möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu günler gowaça talabalaýyk ideg etmegiň geljekde “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň kepilidigini belledi. Şoňa görä-de, ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde kada laýyk işledilmegi zerurdyr. 

                                                                   

Bu ekinleri dökünler bilen üpjün etmekde hiç hili bökdençlikler bolmaly däldir. Şonuň bilen birlikde-de, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda taýýarlanylýan bioönümleriň ýerlikli ulanylmagy barada görkezme berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişmek üçin möwsümde däne ýygýan kombaýnlaryň we hasyly daşamakda awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Galla oragynyň barşyna gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilen ýörite toparlar işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidirler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýeralma we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtap, desgalaryň bellenen möhletinde we ýokary hilli tabşyrylmagyny üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

 Welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy bu ajaýyp waka mahsus derejede guramaçylykly geçirilmelidir. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly hem-de bellenilen möhletlerde girişmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyk dowam edýändigi barada habar berildi. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýändigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidir diýip, wise-premýere bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra iş maslahatyna gatnaşanlar ýakynlaşyp gelen ajaýyp sene — Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli gutladylar. Olar bu wakanyň halkymyzyň durmuşynda mynasyp orun alandygyny belläp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ajaýyp baýramçylygyň her bir türkmenistanlynyň guwanjyna öwrülendigini belledi. Ata Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen giren bu şanly seneler raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

24.05.2022
Berkararlygymyzyň mukaddes sütünleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gadymy türkmen topragynda erkana ýaşaýan halkymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. 

                                                                   

Eziz Watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun hem-de uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýär. Çünki biziň ajaýyp ýurdumyz ýaşyl Tugumyzyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen bolsa, berkarar döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň üçin goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigine Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyzyň, ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi aýdyň subutnamadyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar, şu geçen döwürde Konstitusiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi üçin birnäçe taryhy işler amala aşyryldy. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, abadan durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň hukuk esasyny düzýän Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň konstitusion hukuklary kesgitlenendir we bu kepillikler her bir bagtyýar türkmenistanlynyň beýik geljege bolan ynamyny has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlar bilim almaga, saglygy goraýyşdyr şypahana hyzmatlaryndan peýdalanmaga, zähmet çekmäge, hünärini, işiniň görnüşini we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine bolan hukuga eýedir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. 

                                                                   

Başymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň mukaddes Tugunyň bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde buýsançly pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr. 

                                                                   

Pederlerimiz «Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan» diýen ajaýyp pähimi döredipdir. Geçmişimize ser salanymyzda, Oguz begleriniň tuglary halallygyň, adyllygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan bolsa, türkmenleriň dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridigine Seljuk soltanlarynyň baýdaklary hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilmegi ýaşyl Tugumyzyň ýurdumyzyň buýsançly nyşanydygyny görkezýär. Asuda döwletimiziň ähli künjeklerinde goşa baýram toý-dabaralara beslenip, ruhubelentlikde bellenip geçilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimizi we eziz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Allanur GÖKJÄÝEW,

                       

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň  Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.

24.05.2022
Üstünlikleriň aýdyň beýany

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­myz ta­ry­hy wa­ka­la­ra, toý­dur baý­ram­lara bes­len­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ga­za­nyl­ýan be­lent üs­tün­lik­ler, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­la­ýar. Şeý­le be­ýik ösüş­ler bol­sa be­lent mak­sat­lar­dan, yl­my esas­da ýo­la goý­lan iş­ler­den göz­baş al­ýar. Şu ýer­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ha­kyn­da aý­ra­tyn bel­le­me­gi­miz ge­rek. Tä­ze mak­sat­na­ma­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry aý­dyň be­ýan edil­ýär, mö­hüm mak­sat­lar kes­git­len­ýär. Bu be­lent mak­sat­lar ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na, döw­re­bap ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le uly üs­tün­lik­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik iş­le­ri­niň, dur­mu­şa ge­çir­ýän be­lent mak­sat­la­ry­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Ga­za­nyl­ýan be­ýik ösüş­ler ýur­du­my­zyň aý­dyň ýol­lar­dan bar­ýan­dy­gy­ny we röw­şen gel­je­gi­niň has-da ösüş­li­di­gi­ni dün­ýä aýan ed­ýär.  

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da, pu­dak­lar­da dün­ýä­niň ösen döw­re­bap en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li iş­le­dil­ýär. Bu be­ýik iş­le­riň do­wam­ly bol­ma­gy üçin bol­sa gel­jek­de be­lent mak­sat­la­ry goý­mak, onuň amal edil­me­gi üçin bol­sa anyk iş­le­ri alyp bar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­nuň üçin hem mak­sat­la­ýyn iş­ler ýo­la goý­lup, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hut şo­nuň üçin hem mö­hüm äh­mi­ýet­li mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­ýär we üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ni üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da döw­re­bap ugur­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge, iş­le­riň oý­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­na hem müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.  

                                                                   

Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra äh­mi­ýet­li kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge hem-de äh­li pu­dak­lar­da tä­ze ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn uly üns be­ril­ýär. Döw­le­tiň ylym-bi­lim kuw­wa­ty we yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ýur­duň in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de is­len­dik döw­le­tiň esa­sy mak­sa­dy in­no­wa­si­ýa­lar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr. In­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýet in­no­wa­si­ýa­la­ra, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, ola­ryň esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ne hem-de eks­por­ty­na esas­lan­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu gör­nü­şi in­no­wa­sion ul­ga­myň ke­ma­la gel­me­gi­niň esa­syn­da ös­dü­ril­ýär.  

                                                                   

Umu­man, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar hal­ky hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk söýü­ji­lik­li içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar, hal­ka­ra ab­ra­ýy has-da art­ýar, be­ýik ösüş­ler do­wa­mat do­wam bol­ýar. Şeý­le be­lent üs­tün­lik­ler üçin bag­ty­ýar türk­men hal­ky Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za al­kyş aýd­ýar.  

                                                                   

Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag bolmagyny, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris. 

                                                                                                           

My­rat TÄÇ­MY­RA­DOW,

                       

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

23.05.2022
Ata Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap

Geçen hepdede Diýarymyzda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Döwlet nyşanlary bolan Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Garaşsyz Watanymyzyň mizemez esaslaryny, demokratik gurluşyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza iberen Gutlagynda: “Mundan 30 ýyl ozal milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda aýgytly ädimler ädildi” diýlip nygtalýar. 

                                                                   

 18-nji maýda döwlet Baştutanymyz Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine dabaraly ýagdaýda gül desselerini goýdy. 

                                                                   

16-njy maýda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlerde ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Galla oragyny gysga möhletde tamamlamak üçin kombaýnlary abatlamak boýunça tehniki toparlary döretmek hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklara öňünden taýýarlyk görmek zerurdyr. 

                                                                   

Gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy, tehnikalaryň we gurallaryň doly kuwwatynda işledilmelidigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmagy üçin ähli tagallalar edilmelidir. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylmalydyr. Öňdebaryjy tejribäni we döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly sebitleriň edara-kärhanalarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyz medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegi bilen bagly meseleleri hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

17-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde asyrlaryň dowamynda halklarymyzy baglanyşdyrýan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. I.Bukato häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berip, rus holdinginiň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. 

                                                                   

19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanun taslamalaryny taýýarlamak garalan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler, Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk barada aýdyldy. Türkmen halysynyň baýramyny hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini, «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly, 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny we Aşgabat şäheriniň güni bilen bagly dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Mejlisde ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek, maýa goýumlary özleşdirmek, gurulýan senagat kärhanalaryny öz möhletinde ulanmaga bermek bilen baglanyşykly meselelere-de garaldy. Şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmegiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berildi. Ýanwar — aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýum serişdeleriniň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň we 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                   

Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär. Häzir bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Bu işler berk gözegçilikde saklanylýar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. 

                                                                   

Hökümetiň mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşdy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň türkmen tarapyndan başlygy hökmünde döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp bardy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezliginiň alamaty hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada barabar bolandygyny nygtady. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmagy, binýatlaýyn özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de dünýä tejribesi esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek zerurdyr. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakynda Çözgüdi tassyklady. 

                                                                   

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we baş şäherimiziň durmuş düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda möhüm orny eýelär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günbatar böleginde ýerleşen “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlaryny, paýtagtymyzda gurulýan “Daşkent” seýilgähini hem synlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny, şäheriň demirgazyk bölegindäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde döwrebap işewürlik we durmuş düzümleri kemala gelýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrundaky söwda merkeziniň gurluşyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta bölegindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de seýilgählere we tokaý zolaklaryna ideg edilişi bilen tanyşdy, dürli desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýän “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumyny synlady.  

                                                                   

Uçuşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ak mermerli paýtagtymyzyň ulag düzüminiň birnäçe desgalarynyň taslamalary, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary, Köpetdag şaýoluny abatlamak, Aşgabadyň çäginiň daşyndan geçýän halkalaýyn ýoluň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak hem-de paýtagtymyzyň günortasynda sil suwlaryny toplaýan gorag desgalaryny gurmak boýunça teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz seýilgäh toplumyna baryp görmegiň we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşmagyň dowamynda alnyp barylýan işlerde täzeçil tehnologiýalaryň hem-de ýurdumyzyň howa şertlerine çydamly, ýokary hilli, berk serişdeleriň ulanylmalydygyny nygtady. 

                                                                   

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça gazanylan ylalaşyga ýokary baha berildi. Gazak tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi. 

                                                                   

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi. 

                                                                   

Özbegistanyň Prezidenti hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin parlamentara hyzmatdaşlykda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Söhbetdeşler söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara gatnaşyklarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler. 

                                                                   

Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi hem-de bu ýerde dogabitdi ýürek kemislikleri, daýanç-hereket ediş keselleri bolan çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlary, çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde dikeltmek boýunça alnyp barylýan lukmançylyk işleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygyny goramak hem-de keselleriň öňüni almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, bu merkezdäki çagalaryň bejergileri üçin Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ABŞ-nyň 400 müň dollarynyň geçiriljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Ýokanç keselleriň, şol sanda koronawirusyň öňüni almak, ýurdumyzyň şypahanalaryny, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny tomusky möwsüme taýýar etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi. Mundan başga-da, 400 orunlyk goşmaça binany gurmak maksady bilen, “Arçman” şypahanasynyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek boýunça görülýän çäreler, Daşoguz şäherinde köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalaryny ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk barada aýdyldy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugratmak hem-de bu döwletiň Tejribeli hünärmenler gullugy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky teklipleri goldady. 

                                                                   

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Forumyň çäklerinde “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi guraldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ünsüni çekdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ýurdumyz üçin ekologik taýdan şeýle arassa awtobuslaryň satyn alynmagyna gyzyklanma bildirdi. 

                                                                   

Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdy. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitinde çykyş edip, taryhy gatnaşyklar bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Biziň gatnaşyklarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyna we häsiýetine oňyn täsir edýär, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyny has pugtalandyrýar we durnuklylaşdyrýar, uzak möhletli başlangyçlara laýyk gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

Ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”, “Ak Bars” gämigurluşyk korporasiýasy ýaly iri kompaniýalaryň we beýlekileriň Türkmenistandaky işi aýratyn bellenildi. Howa we gämigurluşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe ugurlarda-da hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Maşyngurluşyk, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamlarynda, nebithimiýa, oba, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatlarda, ylymda, saglygy goraýyşda, sportda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. 

                                                                   

 Şunda ýokary tehnologiýalar we ylym bilen baglanyşykly önümçilikler ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Kazan Kremlinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Ordeni Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow  gowşurdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu sylagy doganlyk Tatarystanyň biziň ýurdumyza we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. 

                                                                   

Aşgabatda Milli Geňeşiň guramagynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanun çykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlardyr syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. 

                                                                   

Plenar mejlisdäki çykyşlarda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Garaşsyzlyk döwrümiziň esasy gazananlaryny kanunçylyk taýdan pugtalandyryp, durmuş we adam gatnaşyklarynyň ynsanperwer kadalaryny özünde jemländigi bellenildi. Hut Konstitusiýa pugta binýat bolup, şonuň esasynda ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adam baradaky alada uly üns berilýär. Şu ynsanperwer ýörelgeler, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hukugyň kadalaryna hem-de dünýä ösüşiniň gazananlaryna ygrarlylyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Bölümçelerdäki mejlislerde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

                                                                   

Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini hem-de onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi. “Ömrümiň manysy” atly kitabyň rus diline terjime edilmegi dostlukly ýurduň jemgyýetçiligine Türkmenistany has-da gowy tanamaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

20-nji maýda Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu gün hem merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi. Şeýle-de şol gün Köşüdäki metjitde BAE-niň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, hormatly Arkadagymyzyň döreden eserleri üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna günortanlyk nahary berildi. 

                                                                   

21-nji maýda Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” atly festiwala badalga berildi. Döredijilik gözden geçirilişiniň çäklerinde paýtagtymyzyň teatrlarynda ýurdumyzyň meşhur toparlarynyň ýerine ýetirmeginde iň gowy sahna oýunlary görkeziler, Türkmenistanda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň jemgyýetde eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleler boýunça teatr toparlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlary geçiriler. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, milli ruhy gymmatlyklarymyzy has-da baýlaşdyrmak şol özgertmeleriň baş maksadydyr. 

                                                                                                           

(TDH)

23.05.2022
San­ly ulgamyň müm­kin­çi­lik­le­ri

Ýurdumyzda äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­la goý­mak­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de iş ýü­zün­de durmuşa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gi­ne, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň iş­jeň he­re­ket et­me­gi­ne, bank hyz­mat­la­ry­nyň äh­li gör­nüş­le­rin­de has-da öň­de­ba­ry­jy usul­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Kon­sep­si­ýa­nyň esa­syn­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bar­ha giň ge­rim­de ula­nyl­ma­gy dur­muş ha­jat­la­ry üçin tö­leg se­riş­de­le­ri­niň äh­li gör­nüş­le­ri­niň we beý­le­ki hyz­mat­la­ryň ra­ýat­lar üçin has el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.  

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­duň kuw­wa­ty yl­myň we bi­li­miň ösü­şi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Dün­ýä­de yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tual baý­ly­gy­nyň art­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da bi­ziň döw­le­ti­miz­de hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak ba­ba­tyn­da iş­ler güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na eýe­rip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi we kä­mil­leş­di­ri­li­şi be­lent sep­git­le­re ýe­ti­ril­ýär.  

                                                                   

Hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan peý­da­la­nyp, bo­le­lin, asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, oka­ma­gy, iş­le­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

                                                                                                           

Azi­za KU­LY­ÝE­WA,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

23.05.2022
Türk­me­nis­tan­da dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny ha­ty­ra­lan­dy

Aş­ga­bat — Gök­de­pe et­ra­by, 20-nji maý (TDH). Şu gün Gök­de­pe met­ji­din­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum döw­let Baş­tu­ta­ny Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­niň sa­da­ka­sy be­ril­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ir bi­len Kö­şi­dä­ki met­ji­de gel­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň, din we­kil­le­ri­niň ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we asyr­lar aşyp gel­ýän dün­ýä nus­ga­lyk däpdes­sur­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek­de uly iş­le­ri bi­tir­ýän­dik­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Şeý­lede Ar­ka­da­gy­myz her we­la­ýa­tyň bir et­ra­byn­da met­jit gur­mak bo­ýun­ça edil­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, şeý­lede türk­men hal­ky­nyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi üçin ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za hemde Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. 

                                                                   

Soň­ra BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň ýa­tan ýe­ri­niň ýag­ty, ja­ýy­nyň jen­net bol­ma­gy di­leg edi­lip, ke­ra­mat­ly Gur­han­dan sü­re­ler okal­dy. 

                                                                   

Do­gadi­leg­ler­den soň­ra, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­myz­da ýag­şy des­sur­la­ryň mun­dan beý­läkde döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi, ýaş ne­sil­le­riň şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da mil­li däpdes­sur­la­ryň ös­dü­ril­me­gi, ne­sil­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn we saz­la­şyk­ly ke­ma­la gel­me­gi üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­dä­ki gür­rüň­deş­li­giň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň din we­kil­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň edepter­bi­ýe ba­bat­da nus­ga­lyk bol­ma­ly­dy­gy­ny, şol bir wag­tyň özün­de mil­li ly­bas­la­ryň hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne we onuň ýag­şy des­sur­la­ry­na ky­bap gel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üns mer­ke­zin­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz edi­len do­gadi­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg edip, bu ýer­den ug­ra­dy. 

                                                                   

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gök­de­pe met­ji­di­ne gel­di we bu ýer­de ge­çi­ril­ýän sa­da­ka gat­naş­mak üçin ge­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si bi­len gür­rüň­deş bo­lup, özü­niň BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly ge­çi­ri­len ha­ty­ra çä­re­le­ri­ne gat­na­şan­dy­gy­ny we ýur­du­myz­da Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­ni ge­çir­mek ba­ra­da ra­zy­lyk alan­dy­gy­ny aý­dyp, şu gün mer­hu­my ha­ty­ra­lap, sa­da­ka­la­ryň be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Dost­luk­ly ýur­duň il­çi­si BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­ne bil­di­ril­ýän ha­ty­ra üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, bu çöz­gü­diň be­lent yn­san­per­wer­li­giň ny­şa­ny­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. 

 Soň­ra bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­ni ýat­lap do­ga oka­dy we Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly ge­çi­ri­len ha­ty­ra çä­re­le­rin­de edi­len do­gadi­leg­le­riň, ber­len sa­da­ka­la­ryň Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny, mer­hu­myň ja­ýy­nyň jen­net, ýa­tan ýe­ri­niň ýag­ty bol­ma­gy­ny di­leg et­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ro­waç­lan­ma­gy ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri üçin ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary­nyň sag, öm­ürleri­niň uzak bol­ma­gy­ny, alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di. 

                                                                   

Bu ýer­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän ýa­şu­lu­lar bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de hal­ky­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýag­şy däpdes­sur­la­ry­ny wa­gyz et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da gür­rüň edil­di. Şeý­lede Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň türk­men hal­ky üçin bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny ýat­lap, be­ril­ýän sa­da­ka­la­ryň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. 

                                                                   

...Sa­da­ka­nyň öňü­sy­ra­syn­da mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­dan çy­kan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­ba­ry gy­nanç duý­gu­sy bi­len ka­bul eden­dik­le­ri­ni hemde döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly ge­çi­ri­len ha­ty­ra çä­re­le­ri­ne gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýur­duň döw­let ýol­baş­çy­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan gy­nanç bil­di­ril­di, me­det be­ri­ji söz­ler ýe­ti­ril­di. 

                                                                   

Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­dan çyk­ma­gy di­ňe bir bu ýur­duň hal­ky üçin däl, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin hem uly ýit­gi bol­dy. Ol ýa­şan ma­ny­ly öm­rün­de ha­ýyr­ly we yn­san­per­wer iş­le­ri bi­tir­di, tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de öç­me­jek yz goý­dy di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy. 

                                                                   

Do­ga­ny­myz Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz üçin hem bi­ti­ren iş­le­ri­ni, be­ren he­ma­ýatgol­daw­la­ry­ny çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma bi­len ýat­la­ýa­rys di­ýip, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum Pre­zi­den­ti­niň paý­tag­ty­myz­da­ky met­ji­diň, Döw­let­li­ler köş­gü­niň, «Ene mäh­ri» hemde Hal­ka­ra iç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gyn­da, Arç­man şy­pa­ha­na­sy­nyň döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gin­de, Ma­ry­da ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da, Ma­ry­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn uly ta­gal­la­sy bar. Ol paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gü­ne yzy­gi­der­li ha­ýyrsa­ha­wat gol­daw­la­ry­ny ber­ýär­di. Hal­ky­myz hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň, dostdo­gan­ly­gyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan bu iş­le­ri he­mi­şe ýag­şy­lyk­da ýat­la­ýar. 

                                                                   

Sa­pa­ryň do­wa­myn­da biz, ra­zy­lyk ber­len ýag­da­ýyn­da, ýur­du­myz­da do­ga­nym Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­ni bel­le­mek­çi­di­gi­mi­zi aýt­dyk di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ine, şu gü­nem biz hal­ky­my­zyň mu­kad­des däp­le­ri­ne eýe­rip, Gök­de­pe met­ji­din­de, Kö­şi­dä­ki met­jit­de we Döw­let­li­ler köş­gün­de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň bel­li gü­nü­niň sa­da­ka­sy­ny ber­ýä­ris. 

                                                                   

Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýan gör­nük­li, örän pa­ra­sat­ly döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de Ýer ýü­zü­ne gö­rel­de bol­dy. Ol Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň pa­jar­lap ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy. Onuň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak­da bi­ti­ren uly iş­le­ri bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Dün­ýä ýurt­la­ry, şol san­da Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gin­de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum Pre­zi­den­ti aý­ra­tyn ta­gal­la et­di. Türk­me­nis­tan üçin Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş, ýü­rek­deş dost­dur di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bel­le­di hemde ýo­la goý­lan asyl­ly däp­le­riň do­wam et­di­ri­lip, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läkde yzy­gi­der­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Biz sa­pa­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­dä­ki aja­ýyp met­jit­le­riň bi­ri bo­lan Şeýh Za­ýed met­ji­di­ne ba­ryp, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ni esas­lan­dy­ran Şeýh Za­ýed bin Sol­tan Al Na­haý­ýa­nyň aram­gä­hi­ne zy­ýa­rat et­dik, mer­hu­myň hor­ma­ty­na aýatdo­ga oka­dyk di­ýip, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we ol ýer­de türk­men ta­ra­py­na bu met­jit ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýän hemde dün­ýä­dä­ki met­jit­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ki­tap­la­ryň gow­şu­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

El­bet­de, adam öm­rü­niň uzyn­ly­gy ýa­şa­lan ýyl­lar bi­len, onuň ma­nymaz­mu­ny bol­sa bi­ti­ri­len iş­ler bi­len öl­çe­nil­ýär. Be­ýik iş­le­ri bi­ti­ren­ler ha­ky­da­da he­mi­şe­lik gal­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mer­hum Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­li­fa bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň eden ýag­şy­lyk­la­ry­nyň, ha­ýyr iş­le­ri­niň hem hiç wagt unu­dyl­ma­jak­dy­gy­na, onuň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­niň hä­zir­ki we gel­jek ne­sil­le­riň kal­byn­da ebe­di­lik gal­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne te­bä­rek çy­kyp ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Ýur­du­my­zyň müf­tü­si te­bä­rek çyk­dy, soň­ra na­har çe­kil­di. 

                                                                   

Sa­da­ka­nyň ahy­ryn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gat­na­şy­jy­la­ra we il­deş­le­ri­mi­ze ýüz­le­nip: “Goý, bu gün­ki oka­lan aýat­lar, edi­len do­gadi­leg­ler Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun! Mer­hu­myň ja­ýy jen­net bol­sun! Goý, Gud­ra­ty Güýç­li Al­la­ta­ga­la şu agyr pur­sat­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň hal­ky­na ru­hy dur­nuk­ly­lyk we sa­byr­ly­lyk ber­sin! Mer­hu­myň ýa­tan ýe­ri ýag­ty, ima­ny hem­ra bol­sun!” diý­di.  

                                                                   

 Soň­ra ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün Kö­şi­dä­ki met­jit­de hem BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­ni ha­ty­ra­lap, sa­da­ka be­ril­di. Oňa gat­na­şan­lar iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, umu­man, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da aý­ra­tyn ta­gal­la eden BAEniň mer­hum döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ýa­tan ýe­ri­niň ýag­ty, ja­ýy­nyň jen­net bol­ma­gy­ny di­leg et­di­ler. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da asyl­ly iş­le­riň ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re uly üns be­ril­ýär. Hu­su­sanda, ha­ýyrsa­ha­wat çä­re­le­ri ýur­du­my­zyň hemde hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Bu bol­sa göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

                                                                   

Kö­şi­dä­ki met­jit­de oka­lan ju­ma na­ma­zyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan asyl­ly iş­le­riň ro­waç al­ma­gy, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň ber­ki­dil­me­gi di­leg edil­di. Bu bol­sa ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne go­şant go­şan şah­sy­ýet­le­re uly hor­mat bil­dir­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Şol bir wag­tyň özün­de paý­tag­ty­myz­da­ky Döw­let­li­ler köş­gün­de mer­hu­my ýat­lap, gü­nor­tan­lyk na­ha­ry be­ril­di. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­zan eser­le­ri üçin ge­lip gow­şan ga­lam hak­la­ry­nyň ha­sa­by­na ge­çi­ri­len sa­da­ka­lar we ber­len gü­nor­tan­lyk na­ha­ry BAEniň mer­hum Pre­zi­den­ti­ne, umu­man, dost­luk­ly ýur­da bil­di­ril­ýän hor­ma­tyň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy. Mu­nuň özi ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň ha­ýyrsa­ha­wat çä­re­le­ri­ne gat­na­şyp, olar­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re bo­lan söý­gi­niň ber­ki­dil­me­gi üçin ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, Döwletliler köşgünde berlen günortanlyk naharyna gatnaşanlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň geçirilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

21.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistan Gazagystan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. 

                                                                   

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Gazak tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi. 

                                                                   

Umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, guralýan giň gerimli medeni çärelere işjeň gatnaşylmagy ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Gazagystanyň Hökümetiniň Başlygynyň birinji orunbasary döwlet Baştutanymyza deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine öňdengörüjilikli çemeleşýändigi, sebit derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigi üçin hoşallyk bildirip, amala aşyrylan hem-de täze, bilelikdäki möhüm taslamalaryň ykdysady gatnaşyklaryň, goňşy halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

21.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler hem-de täze taslamalar bilen tanyşdy

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. 

                                                                   

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologik ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleri synlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleri, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň toplumynyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Onda gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, merkeziň edara ediş binalarynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ugurlarda, şol sanda milli gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Täzeçil häsiýete eýe bolan bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegi bilen, gurluşyklaryň depgini barha ýokarlanýar. Bu bolsa täze merkeziň gurluşyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezindäki binalardyr desgalaryň gurluşyklarynyň enjamlar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligine yzygiderli üns berilýär. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň merkezine tarap ugur aldy. Arkadagly Serdarymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň açylmagy ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda möhüm orny eýelär. Ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bu merkeziň gurluşygynda ylmyň soňky gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Munuň özi merkeziň işiniň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, onuň işiniň milli ykdysadyýetimiz üçin örän amatlydygyny hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigini aýratyn bellemeli. Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Ak mermerli Aşgabadyň günbatar tarapynda gurlan ýaşaýyş jaý toplumlarynda, aýratyn-da, Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyna degişli ugurdaş desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Guşuçar belentlikden bu künjekde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ähli meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, gurluşyklary bellenen möhletlerde tamamlamak meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzda täze döredilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň ýokarsyndan hem öwrüm etdi. Paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly binagärlik sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň amatly dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň peýda bolmagy ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň, aýratyn-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini synlap, şäheriň merkezi künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny synlady. Onda döwlet dolandyryş ulgamy üçin taýýarlanylýan hünärmenleriň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi künjeginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan demirgazyk künjekdäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde gurlup ulanmaga berlen söwda merkezleri, “Garagum” myhmanhanasy hem-de beýleki dürli maksatly desgalar bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde gurluşyk işleri bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşygyna berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Şäheriň merkezi böleginde gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumlarda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi hem-de depgini döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa gurluşyklaryň bellenilen möhletde tamamlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işler, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri, döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň emele gelen we dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginlerde dowam edýän ýeri bolan Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan paýtagtymyzyň durnukly ösüşiniň we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup durýar. 

                                                                   

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň, şol sanda paýtagt şäherimiziň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigini görkezýär. Ak mermerli Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar onuň halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryň we dürli çäreleriň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini, dag etekleriniň abadanlaşdyrylyşyny we döredilen tokaý zolaklarynyň aýratynlyklaryny synlady. Soňra döwlet Baştutanymyz uçuşy tamamlap, awtoulagda şäheriň ähli künjeklerinden howalanyp görünýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna tarap ugrady. 

                                                                   

Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzak möhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hem-de Türkmenistanyň ozaldan gelýän işjeň hyzmatdaşy, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň çäklerinde ýerleşýän awtomobil köprüleri, olaryň aýratynlyklary, şeýle-de köprüleriň ýerasty bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we ak mermerli paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekip, bezeg işlerine gaýtadan seredilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle-de işewür Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylaryny, gurulmagy göz öňünde tutulýan ýoluň aýratynlyklaryny, onuň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryny, awtobus duralgalarynyň görnüşlerini, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleriniň taslamalaryny we ýoluň ugrunda oturdyljak şertli belgileriň nusgalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Şäheriň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek, Aşgabat şäheriniň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän işleriň görnüşleri, şeýle-de olar bilen baglanyşykly çyzgylar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem-de ak mermerli Aşgabatda özboluşly şäher gurşawynyň döredilýändigini, bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň gurluşygyny dowam etmegiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda russiýaly işewüre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Arkadagly Serdarymyz dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň belentliklerine galdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň yşyklandyryş ulgamynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň heýkeli hem-de medeni-seýilgäh toplumyň umumy görnüşiniň taslamalary we çyzgylary, ony abadanlaşdyrmakda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, onda häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň iň täze enjamlaryny ornaşdyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak işlerinde häzirki zaman we ýokary hilli bezeg serişdeleriniň ulanylmagy boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen hem gyzyklandy. 

                                                                   

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň bezeg işlerinde we Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlaryndan ganatly setirleri baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. 

                                                                   

Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň peýda bolmagy paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleri bolup durýar, şonuň üçin taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny toplaýan gorag desgalarynyň, sil suwlaryny süzüji we sil suwlaryny toplaýan bentler, beton hem-de toprak düşekli akabalar we olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalar hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Şunda gurluşyklarda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň degişli derejede abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

21.05.2022
Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri 

                                                                       

  •  Şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezdi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrylýar. Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. TOP elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary hem taýýarlanylýar.  

                                                                       

  •  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dört aýynyň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisinde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy we Mejlisiň Kararlarynyň 12-si kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslaryny goldamaga gönükdirilen kanunlary kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletiň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, ruhy gymmatlyklary we milli däpleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etdiler.  

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahaty tarapyndan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek maksady bilen, hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn netijeli işler alnyp baryldy. Halk Maslahatynyň Karary esasynda hukuk-bilermenler topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak işini alyp barýar. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullanyldy.  

                                                                       

  •  Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy munuň aýdyň tassyknamasydyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,2 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7 göterime, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy.  

                                                                       

  •  «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi. Şu döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 120,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çagly ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 111,1 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 121,9 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                       

  •  Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,0 göterime barabar boldy.   

                                                                       

  •  Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 151,4 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 112,6 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 170 göterim hötde gelindi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,6 göterim berjaý edildi.   

                                                                       

  •  Ýanwar-aprel aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 110,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 105,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 125,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 119,5 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,3 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 99-sy geçirilip, 11 müň 822 şertnama hasaba alyndy. Ýanwar-aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 104,1 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe sergileriň 5-si we maslahatlaryň 13-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 166,5 göterime we senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 107,5 göterime barabar boldy.  

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen geçen dört aýda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we sergiler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň hünärmenleri birnäçe halkara onlaýn-maslahatlaryna, okuwlara, beýleki çärelere we halkara sergilerine gatnaşdylar. «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk, şeýle hem BMG-niň yglan eden «Şäherdäki agaçlar» atly başlangyjyny bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabara, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda haryt öndürmegiň möçberi 41 million 24 müň manatlyga deň boldy. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny dürli görnüşli kitaplar bilen üpjün etmek işlerini dowam etdi.  

                                                                       

  •  Ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzyň bilim-terbiýe işlerini kämilleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edildi. Okuw ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Köp sanly okuw gollanmalary neşir edildi. Bilimiň ýokary hilini üpjün etmek we ony dünä ülňülerine laýyk getirmek üçin sanly bilimi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň II açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde duşuşyklar, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen okuw-usulyýet maslahatlary guraldy. Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama tassyklandy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk Köpugurly hassahana ulanmaga berildi. Şu ýylyň geçen döwründe iri halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak boýunça degişli işler amala aşyryldy. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy we bu ugurda degişli işler ýerine ýetirildi.  

                                                                       

  •  Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 113,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 115 göterim we ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 116,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça – 137,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça – 103,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 107 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 108 göterime barabar boldy. 

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa-Hytaý» hem-de «Merkezi Aziýa-Hindistan» sammitleri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly 23-nji aprelde IV Aziýa-Ýuwaş ummany suw sammitine gatnaşdy. Geçen aýyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň bolandygy bellenildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 391-si geçirildi. Türkmenistanda şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 78-si guraldy. Bitarap Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri resminamalaryň 20-sine gol çekildi.   

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda 2022-nji ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine ser salnyp, geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Maslahatlaryň barşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.  

20.05.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maý aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, jemgyýetçilik birleşikleri hem-de döwlet düzümleri bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, Söwda-senagat edarasyndan, Dokma senagaty ministrliginden “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, Gümrük kodeksini, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler öwrenilýär. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler baradaky maglumatlar bilen çykyş etdi. 

                                                                   

Iş toparlarynda durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri ilerletmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň seljerilýändigi hem-de üstünde işlenilýändigi habar berildi. Hususan-da, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de onuň Salgyt müdiriýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işini alyp barýarlar. 

                                                                   

12-13-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy ýokary derejede geçirildi. Halk Maslahatynyň agzalary wagyz-düşündiriş çärelerine işjeň gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň, kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga, demokratik, hukuk döwletini ösdürmegiň ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de häzirki döwürde gazanan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga ýardam berýän parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ýurdumyzda maýa goýumlaryň özleşdirilişi, pudaklarda senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň, 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Häzirki wagtda işiň şu görnüşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, şeýle hem edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan seljeriş işleri barada maglumat berildi, şonuň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli salgyt syýasatynyň netijeliliginiň köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýändigini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de wise-premýere Salgyt kodeksiniň maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi, üýtgetmeleri we goşmaçalary degişli düzümler bilen ylalaşmagy, doly işlenenden soňra Ministrler Kabinetine garamaga bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer döwletiň maliýe serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, onda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan zerur bolan hasabatlary, maglumatlary bermegiň düzgüni hem-de möhleti anyk kesgitleniler. Göz öňünde tutulan ähli serişdeler we maliýe-ykdysady görkezijiler Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylar, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde seljeriler, Statistika baradaky döwlet komitetinde garalar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasyny düzmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de toplumyň kärhanalarynyň, desgalarynyň sany hem-de täze desgalaryň ulanmaga berlişi, işgär birlikleri we ýangyç-energetika toplumynda goşmaça iş orunlarynyň döredilişi barada maglumat berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatlyklaryny has doly ulanmak, täze iş orunlaryny döretmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary E.Orazgeldiýew täze kärhanalary gurmak hem-de iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda bu iki desganyň ulanmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler. 

                                                                   

Döwrebap, köpugurly traktorlaryň, gowaça ekiji enjamlaryň we kultewatorlaryň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň ýylyň ahyryna çenli gelmegi bilen baglylykda, bu tehnikalary dolandyrmak üçin iş orunlarynyň degişli möçberini döretmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hem-de goýberilen harytlaryň bahasynyň möçberlerine berilýän ýeňilligiň öwezini dolmak üçin taýýarlanylan resminamalar seljerildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasyny hödürledi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we degişli Çözgüde gol çekip, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän düzümindäki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän kärhanalaryň sany hem-de olaryň hasabynda durýan wezipe birlikleri barada giňişleýin hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze iş orunlarynyň sanynyň artandygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk-senagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde täze önümçilikleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Alnyp barylýan ähli işler berk gözegçilikde saklanylýar. 

                                                                   

Öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, sarp edilýän wagty azaltmaga we ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň bu möhüm desgasyndaky işleriň bellenen möhlete laýyklykda doly tamamlanmagyna we açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmäge wise-premýeri borçly etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly iri dokma kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, iş orunlarynyň döredilendigi barada habar berdi. Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürýän önümçiligi, Daşoguz pagta egirme fabriginde agaç we izolýasiýa serişdelerini öndürýän önümçiligi döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususy ulgamy ösdürmekde berilýän goldawlaryň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan birnäçe senagat ugurly kärhanalar işe girizilip, şolarda goşmaça iş orunlary döredildi. 

                                                                   

Soňra wise-premýer Türkmen halysynyň baýramyna hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Iş maksatnamasy taýýarlanylyp, şoňa laýyklykda, 29-njy maýda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň, türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň, halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, el halylarynyň halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň umumy keşbini özünde jemleýän bahasyz gymmatlykdygyny nygtady. Gadymy döwürlerden bäri inçe ussatlygy talap edýän bu çylşyrymly hem-de agyr hünäriň syrlaryny ussat aýal-gyzlar nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize çenli ýetirdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny dünýäde wagyz etmek işinde geçirilýän forumlaryň eýeleýän möhüm ornuny we ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge, Diýarymyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady hem-de wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamynda işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, şeýle-de täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek hem-de «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň çäklerinde olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. 

                                                                   

Soňra wise-premýer 21 — 25-nji maýda “Türkmen teatr sungaty” festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň geçiriljekdigini habar berdi. Festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna festiwaly geçirmegiň meýilnamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz teatr festiwalyny guramak baradaky gürrüňe geçip, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzyň teatr sungatynyň gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle-de ýurdumyzyň üstünlikleri barada gürrüň berýän, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini giňden açyp görkezýän täze sahna oýunlaryny döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze kärhanalary we edaralary açmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

2022-nji ýylda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň binalary, saglygy goraýyş, sport, bedenterbiýe-sagaldyş we durmuş maksatly beýleki täze desgalar açylyp ulanmaga berler. Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berer. Soňra wise-premýer 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Baýramçylyk dabaralary Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäreleri bilen başlanar. Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary esasynda baýramçylyk dabaralary guralar. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin dabaralary guramak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasyny makullady hem-de olaryň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini belledi, munuň özi uly durmuşa gadam basýan ýaş türkmenistanlylaryň aňynda “Soňky jaň” dabarasy barada iň ýakymly ýatlamalaryň galmagyna ýardam berer. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guraljak dabaralar ýaşlary geljekki täze üstünliklere ruhlandyrar, olaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyrar, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine yhlasly zähmet çekmäge höweslendirer diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hasabat bilen çykyş etmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň türkmen tarapyndan başlygy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz netijeli döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda maksada gönükdirilen işleri durmuşa geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. 

                                                                   

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana we onuň halkyna tüýs ýürekden hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem-de däp bolan türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de bu sylag Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyza belent halkara abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow intellektual eýeçilik ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmekde ýöriteleşdirilen halkara guramalar, hususan-da, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy (WIPO) hem-de Ýewraziýa patent guramasy (EAPO) bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm orun degişlidir. Ýokarda beýan edilen teklipleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda döredilen Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy hem-de bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň, hyzmatdaşlygyň degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny sazlaşdyrmagyň, onuň halkara ülňülere laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew täze kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda agentligiň edarasynda hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesiniň hereket edip, şolarda täze iş orunlarynyň döredilendigi habar berildi. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan ýük teplowozlarynyň, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýeňil awtoulaglaryň we kiçi awtobuslaryň satyn alynmagy, welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriniň hem-de awtotürgenleşik meýdançalarynyň, şeýle hem “KamAZ” kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurulmagy bilen, täze iş orunlary dörediler. 

                                                                   

«Türkmenhowaýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleri tarapyndan täze howa gämileriniň satyn alynmagy hem-de deňiz gämileriniň gurulmagy maksat edinilýär, bu bolsa goşmaça iş orunlaryny döreder. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk liniýalarynyň we sanly awtomatik telefon beketleriniň giňeldilmegi, poçta hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, Ahal welaýatynda pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap dolandyryş binasynyň gurulmagy bilen hem täze iş orunlarynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyna döwletiň iri möçberli maýa goýumlarynyň goýulýandygyny, şoňa görä-de, ulgamyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmalydygyny, täze iş orunlaryny döretmelidigini nygtady hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada deň bolandygyny nygtady. Pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we sebitleri durnukly ösdürip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy. 

                                                                   

Pudak ýolbaşçylary tarapyndan belli bir derejede işleriň alnyp barylýandygyna garamazdan, pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler hem-de öňümizde durýan wezipeler heniz köp diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň we ilatymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmaly. Institusional özgertmeleri, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmeli. 

                                                                   

Dünýä tejribeleri esasynda tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaly. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeli hem-de amatly işewürlik gurşawyny döretmeli. Pudaklaryň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyryp, içerki we daşarky maýa goýumlary giňden çekmek boýunça degişli işleri alyp barmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halky «Çekseň zähmet —– ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi. 

                                                                   

 Hökümetiň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

20.05.2022
Sanly ulgam — geljege binýat

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy baradaky meselä ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu jähetden, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Konsepsiýanyň hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm wezipe üç tapgyrda dowam etdirilýär. Sanlylaşdyrmagyň birinji tapgyrynda interneti ulanyjylaryň millionlarçasyna onuň elýeterliligi üpjün edildi. Ýurdumyzda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, ilatyň ýaşaýan ýerlerinde, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, internet web-saýtlarynyň döredilmegi sanly ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Sanlylaşdyrmagyň 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrynda, ýagny häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Karary bu babatda alnyp barylýan işleriň göwnejaý ýola goýulmagyna we durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam eder.  

                                                                   

Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň maksadymyz hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Bu ugurda, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwrenmekde, geljekki hünärmenleriň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekde sanly ulgam uly ýardam edýär. Bilim portallarynyň döredilmegi ylym-bilime degişli maglumatlar, gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audiomateriallar ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan döwrebap gurluşyklaryň — «Aşgabat-sitiniň» we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň sanly ulgamyň gazananlary, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýandygyny bellemeli. Munuň özi halkymyz üçin ösen döwrüň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini alamatlandyrýar. 

                                                                                                           

Jeren HOJAMYRADOWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

20.05.2022
Täze söwda merkezi ilatyň hyzmatynda

Ýakynda paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda Dokma senagaty ministrliginiň söwda merkezi açyldy. Merkez pudaga degişli dokma, gön-deri önümleriniň we dürli lybaslar dükanlarynyň 10-syny özünde jemleýär.  

                                                                   

Täze dükanlarda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli taýýar sütükli önümler, boýalan nah we sintetik matalar, ýorgan-düşek daşlyklary, düşek toplumlary, nah ýüplükden dokalan halyçalar, erkek adamlar üçin niýetlenen dürli görnüşli lybaslar, aýakgaplar, gaýyş guşaklar, teletinden tikilen torbalar, çaga eşikleri, jins önümleri, sport lybaslary, dokalan we beýleki görnüşli egin-eşikler köpçülige hödürlenilýär. Şeýle-de dükanlarda alyjylara hödürlenilýän, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda öndürilýän «Mäne», «Zeýtun» haryt nyşanly öý tekstil, ýorgan-düşek daşlyklary müşderileriň islegli harytlarydyr.  

 Döwrüň talabyna laýyk derejede ösen tejribäni, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özünde jemleýän dokma kärhanalary bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmeginde mynasyp orun eýeleýärler. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Aşgabadyň dokma toplumynyň, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň, «Merw», «Nusaý», «Bedew», «Gala», «Bürgüt» we beýleki haryt nyşanly senagat kärhanalarynyň köpugurly dükanlary ilata ýokary hilli harytlary hödürleýärler.  

                                                                   

Hil taýdan ýokary, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze, döwrebap kärhanalaryň onlarçasy, ýüpegi gaýtadan işleýän, gön işläp bejerýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri işe girizildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dokma senagaty kärhanalarynyň işini uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda guramak, pudaklarda hususyýetçiligi ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek boýunça işler barha kämilleşdirilýär. Elbetde, şeýle işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy özümizde öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, olaryň hil taýdan ýokary hem-de bahalarynyň elýeterli bolmagyna mümkinçilik döredýär. 

  Ýurdumyzda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de önümçilige dünýä gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy içerki bazaryň üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny hem şertlendirýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkyň sarp edýän harytlarynyň söwdasyny guraýan düzümiň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.

20.05.2022