Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologik ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleri synlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleri, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň toplumynyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Onda gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, merkeziň edara ediş binalarynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ugurlarda, şol sanda milli gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirilýändigini görkezýär.
Täzeçil häsiýete eýe bolan bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegi bilen, gurluşyklaryň depgini barha ýokarlanýar. Bu bolsa täze merkeziň gurluşyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezindäki binalardyr desgalaryň gurluşyklarynyň enjamlar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligine yzygiderli üns berilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň merkezine tarap ugur aldy. Arkadagly Serdarymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň açylmagy ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda möhüm orny eýelär. Ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bu merkeziň gurluşygynda ylmyň soňky gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Munuň özi merkeziň işiniň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, onuň işiniň milli ykdysadyýetimiz üçin örän amatlydygyny hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigini aýratyn bellemeli. Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Ak mermerli Aşgabadyň günbatar tarapynda gurlan ýaşaýyş jaý toplumlarynda, aýratyn-da, Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyna degişli ugurdaş desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Guşuçar belentlikden bu künjekde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ähli meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, gurluşyklary bellenen möhletlerde tamamlamak meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzda täze döredilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň ýokarsyndan hem öwrüm etdi. Paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly binagärlik sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň amatly dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň peýda bolmagy ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň, aýratyn-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini synlap, şäheriň merkezi künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny synlady. Onda döwlet dolandyryş ulgamy üçin taýýarlanylýan hünärmenleriň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi künjeginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Arkadagly Serdarymyz paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan demirgazyk künjekdäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde gurlup ulanmaga berlen söwda merkezleri, “Garagum” myhmanhanasy hem-de beýleki dürli maksatly desgalar bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde gurluşyk işleri bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşygyna berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Şäheriň merkezi böleginde gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumlarda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi hem-de depgini döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa gurluşyklaryň bellenilen möhletde tamamlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işler, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri, döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň emele gelen we dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginlerde dowam edýän ýeri bolan Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan paýtagtymyzyň durnukly ösüşiniň we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.
Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň, şol sanda paýtagt şäherimiziň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigini görkezýär. Ak mermerli Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar onuň halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryň we dürli çäreleriň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini, dag etekleriniň abadanlaşdyrylyşyny we döredilen tokaý zolaklarynyň aýratynlyklaryny synlady. Soňra döwlet Baştutanymyz uçuşy tamamlap, awtoulagda şäheriň ähli künjeklerinden howalanyp görünýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna tarap ugrady.
Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzak möhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hem-de Türkmenistanyň ozaldan gelýän işjeň hyzmatdaşy, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato mähirli garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň çäklerinde ýerleşýän awtomobil köprüleri, olaryň aýratynlyklary, şeýle-de köprüleriň ýerasty bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we ak mermerli paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekip, bezeg işlerine gaýtadan seredilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle-de işewür Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylaryny, gurulmagy göz öňünde tutulýan ýoluň aýratynlyklaryny, onuň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryny, awtobus duralgalarynyň görnüşlerini, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleriniň taslamalaryny we ýoluň ugrunda oturdyljak şertli belgileriň nusgalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Şäheriň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek, Aşgabat şäheriniň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän işleriň görnüşleri, şeýle-de olar bilen baglanyşykly çyzgylar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem-de ak mermerli Aşgabatda özboluşly şäher gurşawynyň döredilýändigini, bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň gurluşygyny dowam etmegiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda russiýaly işewüre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Arkadagly Serdarymyz dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň belentliklerine galdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň yşyklandyryş ulgamynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň heýkeli hem-de medeni-seýilgäh toplumyň umumy görnüşiniň taslamalary we çyzgylary, ony abadanlaşdyrmakda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, onda häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň iň täze enjamlaryny ornaşdyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak işlerinde häzirki zaman we ýokary hilli bezeg serişdeleriniň ulanylmagy boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen hem gyzyklandy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň bezeg işlerinde we Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlaryndan ganatly setirleri baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň peýda bolmagy paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleri bolup durýar, şonuň üçin taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny toplaýan gorag desgalarynyň, sil suwlaryny süzüji we sil suwlaryny toplaýan bentler, beton hem-de toprak düşekli akabalar we olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalar hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Şunda gurluşyklarda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň degişli derejede abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.