Новости
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Aş­ga­bat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­do­wyň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na hem-de se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, il­ki bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gur­ba­no­wyň ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di. Hä­kim hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, gal­la ora­gy­nyň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, kom­baýn­la­ryň we ýyg­na­lan ha­sy­ly da­şa­mak üçin ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de go­wa­ça­la­ryň ha­ta­ra­ra be­jer­gi we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ha­sa­ba­tyň öze­ni­ni düz­di. 

                                                                   

We­la­ýat­da ýe­ral­ma hem-de gök-bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, bu önüm­le­riň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Şeý­le-de hä­kim we­la­ýat­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň hem-de beý­le­ki in­že­ner­çi­lik ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ola­ry bel­le­ni­len möh­le­tin­de ta­mam­la­mak ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la­çy daý­han­la­ryň dur­mu­şyn­da gyzgalaňly möw­süm bo­lan gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň, ony ýo­ka­ry hil­li hem-de gys­ga wagt­da ta­mam­la­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by­dy­gy­na ün­si çe­kip, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da, bök­denç­siz ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bi­tiň ýe­ral­ma, gök we bak­ja ekin­le­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­niň gel­jek­ki bol ha­sy­lyň ke­pi­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­läp, şu ýyl gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ryn­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni, ola­ryň bel­le­nen möh­le­tin­de ulan­ma­ga be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. 

                                                                   

Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew se­bi­tiň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, gal­la ora­gy­nyň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da edil­ýän iş­ler, gal­la ýy­gy­jy kom­baýn­la­ryň, ýük ulag­la­ry­nyň, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de we­la­ýat­da gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Se­bi­tiň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ideg et­mek hem-de ha­ta­ra­ra be­jer­gi­ni ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, ýer­le­ri mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da alyp bar­mak me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, we­la­ýat­da ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. Hä­kim we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan bi­na­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­ny bel­le­nen möh­let­de ta­mam­la­mak ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gyn­da ula­nyl­ýan kom­baýn­la­ryň, ýük ulag­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň işi­niň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýa­tyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, go­wa­ça eki­len ýer­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra, daý­han­çy­ly­gyň ösen tej­ri­be­si­ne la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, we­la­ýat­da gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mek üçin ze­rur taý­ýar­lyk iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr. 

                                                                   

Şu gün­ler ýaz­lyk ýe­ral­ma we gök-bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, bu önüm­ler bi­len içer­ki ba­za­ry do­ly üp­jün et­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ekin­ler­den bol ha­syl al­mak ug­run­da äh­li ze­rur çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da do­wam ed­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň bel­le­nen möh­le­tin­de we ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de tab­şy­ryl­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni aýt­dy. 

                                                                   

San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­do­wyň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Hä­kim şu gün­ler we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, orak­da ula­nyl­ýan äh­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň bök­denç­siz we saz­la­şyk­ly işi­ni ýo­la goý­mak ug­run­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Mun­dan baş­ga-da, we­la­ýa­tyň go­wa­ça eki­len meý­dan­la­ryn­da ha­ta­ra­ra we top­ra­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, go­wa­ça­la­ra ideg et­mek iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de we­la­ýat­da şa­ly eki­şi­niň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. 

                                                                   

Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de we­la­ýat­da ýe­ral­ma we gök-bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, bu önüm­ler bi­len ila­ty­my­zy üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­di. Şu ýyl se­bit­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len des­ga­lar­da gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek ug­run­da de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, we­la­ýa­tyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mek, aý­ra­tyn-da, gal­la ora­gy­ny gys­ga möh­let­de we ýo­ka­ry hil­li ta­mam­la­mak, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek me­se­le­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da şu gyz­ga­laň­ly dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň, on­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň­dyr gu­ral­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­niň gel­jek­ki bol ha­sy­lyň ke­pi­li­di­gi­ni bel­le­di. Şol bir wag­tyň özün­de şa­ly eki­şi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tu­tuş ýur­du­myz­da bol­şy ýa­ly, de­mir­ga­zyk se­bit­de-de önüm bol­çu­ly­gy­ny ga­zan­mak me­se­le­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni, ýe­ral­ma­nyň we gök-bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, şun­da içer­ki ba­zar­lar­da dür­li gör­nüş­li gök-bak­ja önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­rin­de ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­li­di­gi, ola­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň ga­za­nyl­ma­ly­dy­gy tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Soň­ra Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýew hä­zir­ki dö­wür­de se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy, gal­la ora­gy­nyň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mek, orak­da iş­le­dil­ýän oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­mak, go­wa­ça­la­ra ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk de­re­je­de ideg et­mek iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de we­la­ýa­tyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak hem-de ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. We­la­ýat­da şa­ly eki­şi gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam ed­ýär. 

                                                                   

Hä­kim şu ýyl we­la­ýat­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şyk­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni üp­jün et­mek, ola­ry bel­le­ni­len möh­let­ler­de ulan­ma­ga tab­şyr­mak ba­bat­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri aý­ra­tyn gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, orak­da iş­le­dil­ýän kom­baýn­la­ryň we bug­daý da­şa­mak­da ula­nyl­ýan aw­tou­lag­la­ryň bök­denç­siz işi­ni üp­jün et­mek, ola­ra iş üs­tün­de teh­ni­ki hyz­ma­ty ýo­la goý­mak me­se­le­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­li­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz go­wa­ça­la­ra edil­ýän ideg iş­le­ri­niň, şol san­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi­niň, ola­ry mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­me­giň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk de­re­je­de ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şol bir wag­tyň özün­de we­la­ýat­da şa­ly eki­şi hem ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da ýyg­na­mak, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Şun­da ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­ga hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da çe­me­le­şil­me­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň öz wag­tyn­da gur­lup gu­ta­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, gur­lu­şyk iş­le­rin­de ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, aý­ra­tyn-da, gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek we bu möw­süm­de iş­le­dil­ýän teh­ni­ka­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da edil­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýa­tyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da go­wa­ça­la­ra ideg et­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da ha­ta­ra­ra be­jer­gä, go­wa­ça­la­ryň mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­di­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ideg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi, ola­ryň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­niň üp­jün edil­me­gi üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. 

                                                                   

Hä­kim we­la­ýa­tda gant şu­gun­dy­ry­nyň eki­şi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da aý­dyp, ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şun­da içer­ki ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

                                                                   

Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na we ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­lar edil­ýär. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, we­la­ýat­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, möw­süm­de ula­nyl­ýan dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­mak me­se­le­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň işi ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­ly­dyr, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow go­wa­ça­la­ra edil­ýän ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. 

                                                                   

We­la­ýat­da ýe­ral­ma­nyň, gök we bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň, içer­ki ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da edil­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­ly­dy­gynyň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şol bir wag­tyň özün­de we­la­ýat­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­me­gi, ola­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­ler, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri we ýaz­lyk ýe­ral­ma­dan, gök-bak­ja ekin­le­rin­den ýo­ka­ry ha­syl al­mak ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak hem-de ola­ryň ýit­gi­si­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, top­lum­la­ýyn iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm möw­süm ha­sap­la­nyl­ýan gal­la ora­gy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň ta­la­ba­la­ýyk sak­lan­ma­gy­ we gaý­ta­dan iş­len­me­gi­, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ wajyp ta­lap bo­lup dur­ýar diýdi. Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri güýç­len­di­ril­me­li­dir, olar ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, de­giş­li we­la­ýat­lar­da şa­ly eki­şi­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy, şu­gun­dyr eki­şi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­li­di­gi­niň wa­jyp we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ni bel­läp, we­la­ýat­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ýe­ral­ma­dan, gök we bak­ja ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň su­wa­ryş suw­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň we suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň esa­sy ta­lap­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ola­ryň ula­ny­ly­şyn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni, san­ly ul­ga­my ulan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri yl­my esas­da sel­je­rip, de­giş­li tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar  Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

14.06.2022
Elekt­ron ne­şir­ler: döw­rüň tiz­li­gi bi­len tä­ze göz­ýe­tim­le­re

Ta­lyp­lyk döw­rün­de žur­na­lis­ti­ka de­giş­li geç­ýän sa­pak­la­ry­myz­da in­ter­net žur­na­lis­ti­ka­sy­nyň gel­je­gi, ýur­du­myz­da bu ug­ry ös­dür­mä­ge be­ril­ýän üns ha­kyn­da dyn­gy­syz gür­rüň eder­dik, pi­kir alyş­ma­la­ry gu­rap, dün­ýä tej­ri­be­sin­den mag­lu­mat­la­ry öw­re­ner­dik. Asyl, mil­li met­bu­gat ne­şir­le­ri­mi­zi in­ter­net ar­ka­ly okap bil­jek gün­le­ri­miz hem uzak­da däl eken. Sä­hel wagt­dan ins­ti­tu­ty ta­mam­lap, re­dak­si­ýa­da işe baş­la­ny­my­za la­ýyk iki ýyl bol­ýar. Hut şol wagt­dan bä­rem Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň ýur­du­my­zyň äh­li ga­zet-žur­nal­la­ry­nyň elekt­ron gör­nü­şi­ni özün­de jem­le­ýän «Türk­men­met­bu­gat» in­ter­net ne­şi­ri he­re­ket ed­ýär. In­di biz bu hak­da ar­zuw et­me­giň ýe­ri­ne, özü­miz gün­de­lik wa­ka­la­ryň jüm­mü­şin­de bo­lup, ola­ry elekt­ron ne­şir­ler ar­ka­ly oky­jy­la­ra des­sin ýe­tir­me­giň ug­run­da gez­ýä­ris. In­ter­ne­tiň­dir san­ly ul­ga­myň dur­mu­şy­my­za şeý­le tiz ara­la­şaý­şy­ny gör­se­ňiz­läň!.. 

                                                                   

Dog­ru­sy, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ha­kyn­da oza­lam kän ýa­zyp­dyk. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri işjeň dowam etdirmek ba­ra­da aý­dan­la­ry şu te­ma ýe­ne bir ýo­la üns çek­mä­ge iter­di. Bu ba­bat­da di­ňe soň­ky ýyl­lar­da ga­za­ny­lan­la­ra gys­ga­ça syn ber­len­de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da, şol san­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­ti­ren­di­gi­ni il­kin­ji no­bat­da aýt­ma­ly. Şun­luk­da, ze­rur bo­lan mag­lu­mat inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry kä­mil­leş­di­ri­lip, iş­le­riň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di. 

                                                                   

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň 2019-njy ýyl­da açy­lan met­bu­gat.gov.tm in­ter­net saý­ty ýur­du­my­zyň ne­şir­le­ri­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek­de il­kin­ji tej­ri­be bol­dy. Bu saýt­da Di­ýa­ry­myz­da çap edil­ýän ga­zet-žur­nal­la­ryň 30-sy­nyň PDF nus­ga­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga hem-de ola­ry ýük­läp al­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Saý­tyň oky­jy­la­ry gün­de­lik çap­dan çy­kan ne­şir­ler­dä­ki ha­bar­dyr ma­ka­la­la­ryň iň gy­zyk­ly­la­ry, gul­lu­gyň dü­zü­mi­ne gir­ýän çap­ha­na­la­ryň hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len hem tan­şyp bil­ýär­ler. 2020-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň «Türk­men­met­bu­gat» in­ter­net ne­şi­ri­niň mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy bol­sa ýur­du­myz­da çap edil­ýän ga­zet-žur­nal­la­ry elekt­ron gör­nüş­de köp­çü­li­ge el­ýe­ter­li et­mek we on­laýn abu­na­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da tä­ze­çe çe­me­leş­me­le­re ba­dal­ga ber­di. 

                                                                   

In­di oky­jy­lar «Play Mar­ket» ýa-da «App Sto­re» in­ter­net dü­kan­la­ryn­dan «Türk­men­met­bu­gat» mo­bil go­şun­dy­sy­ny te­le­fon­dyr plan­şe­ti­ne, komp­ýu­te­ri­ne ýük­läp, on­laýn abu­na ýa­zyl­mak ar­ka­ly is­län wag­ty, is­län ýe­rin­de tä­ze­lik­ler­dir ha­bar­lar bi­len tan­şyp bil­ýär­ler. Bir­ba­da 30-a go­laý ga­zet-žur­na­ly hem elekt­ron, hem PDF gör­nüş­de hem­mä el­ýe­ter­li ed­ýän mo­bil go­şun­dy çap­dan çy­kyp, eli­mi­ze go­wuş­maz­dan öňür­ti is­len­dik ne­şi­ri des­sin oka­ma­ga, şun­luk­da, gym­mat­ly wag­ty­ňy hem se­riş­dä­ňi tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şun­da däp bo­lan ka­gyz ne­şir­le­ri in­kär et­mek üçin däl-de, on­laýn ga­zet-žur­nal­la­ryň kä­bir ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny de­ňeş­di­rip gör­mek üçin bir za­da üns çek­mek is­le­ýä­ris. Me­se­lem, ada­ty abu­na­da di­ňe bir ga­zet ýa-da žur­nal üçin ge­çir­ýän pu­lu­my­za «Türk­men­met­bu­ga­ta» on­laýn abu­na ýa­zyl­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň äh­li ga­zet-žur­nal­la­ry­ny okap bil­ýä­ris. Özem in­di oky­jy­lar üçin ýö­ri­te abu­na ýa­zy­ly­şyk möw­sü­mi­ne ga­raş­mak ze­rur­ly­gy hem ýok. «Türk­men­met­bu­gat» mo­bil go­şun­dy­sy­nyň üs­ti bi­len is­län gü­nüň­de, is­län sa­ga­dyň­da ne­şir­le­re abu­na ýa­zy­lyp bol­ýar. Mu­nuň üçin ula­ny­jy­la­ryň el te­le­fon­la­ryn­da­ky TMCELL ha­sa­byn­dan ýa-da dür­li bank­la­ra de­giş­li bo­lan bank kart­la­ryn­dan nagt däl gör­nüş­de tö­leg ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi el­ýe­ter­li. 

                                                                   

As­lyn­da, dün­ýä­niň mag­lu­mat gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­mak üçin ne­şir­le­riň elekt­ron­laş­dy­ryl­ma­gy esa­sy ze­rur­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, her gün­de 4 mil­liard­dan gow­rak adam (dün­ýä ila­ty­nyň deň ýa­ry­sy) in­ter­ne­te gi­rip, dür­li mag­lu­mat­la­ry göz­le­ýär. Di­ňe «Goog­le» plat­for­ma­syn­da her ýyl­da 2,5 tril­lion ge­zek göz­leg edil­ýär. Has iş­jeň ula­ny­jy­la­ryň gün­de 7 sa­ga­da go­laý wag­ty­ny in­ter­ne­te sarp ed­ýän­dik­le­ri, me­ge­rem, köp­le­ri geň gal­dyr­sa ge­rek. Hut şeý­le gör­ke­zi­ji­ler hem in­ter­ne­tiň au­di­to­ri­ýa­sy­nyň bar­ha çalt gi­ňe­me­gi­ni şert­len­di­rip, ha­bar­dyr mag­lu­mat­la­ryň oky­jy­la­ra mi­nut­sa­ýyn ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­ly­gy­ny art­dyr­ýar. 

                                                                   

Türk­men ne­şir­le­ri­niň on­laýn gör­nüş­de el­ýe­ter­li edil­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän tä­ze­lik­ler­dir ha­bar­la­ry me­dia gi­ňiş­lik­de des­sin ýaý­rat­mak mak­sa­dyn­dan ugur al­ýar. Ga­ly­ber­se-de, on­laýn abu­na­ny iş­jeň­leş­di­rip, ga­zet­dir žur­nal­la­ry çap et­mek we ola­ryň ti­ra­žy bi­len bag­ly kä­bir çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Çün­ki ne­şir­le­riň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ka­gyz ýa-da reňk bi­len bag­ly ýü­ze çyk­ýan me­se­le­ler, ma­li­ýe çyk­da­jy­la­ry bel­li bir de­re­je­de azal­ýar. Şeý­le-de ga­zet-žur­nal­la­ryň äh­li sa­ny­ny ýa-da aý­ry-aý­ry ha­bar­dyr ma­ka­la­la­ry ar­hiw hök­mün­de elekt­ron gör­nüş­de sak­lap gal­ma­ga şert dö­red­ýär. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ýan mag­lu­mat­la­ryň «Goog­le», «Yan­deх», «Ya­hoo» ýa­ly dün­ýä­niň esa­sy in­ter­net saýt­la­ry­na ut­gaş­ma­gy­na-da müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa şol göz­leg saýt­la­ry ar­ka­ly Türk­me­nis­tan ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­mak is­le­ýän oky­jy­lar üçin yg­ty­bar­ly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. 

                                                                   

Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­klaryna gö­rä, gel­jek­de on­laýn ne­şir­le­re is­leg di­ňe art­mak bi­len bo­lar. Şun­dan ugur alyp, Di­ýa­ry­myz­da mil­li met­bu­ga­tyň san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi­niň ba­şy­ny baş­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ugur­da dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­me­giň we öz­leş­dir­me­giň, tä­ze me­dia-teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň peý­da­lan­ma­gyň, bi­le­lik­dä­ki mag­lu­mat­lar tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň, ýur­du­my­zyň žur­na­list­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Dün­ýä­niň köp döw­let­le­rin­de ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­la­ryň ne­ti­je­le­ri hem on­laýn ne­şir­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ryň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şun­da oky­jy­lar in­ter­net ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry has tiz alyp bol­ýan­dy­gy­ny, bir däl-de, en­çe­me çeş­mä ýüz­le­nip bil­ýän­dik­le­ri­ni, alan peý­da­ly mag­lu­mat­la­ry­ny beý­le­ki­ler bi­len paý­laş­mak müm­kin­çi­li­gi­ni on­laýn ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ry ha­sap­la­ýar­lar. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da çap edil­ýän äh­li ga­zet-žur­nal­la­ryň bir bi­te­wi in­ter­net saý­ty hem-de mo­bil go­şun­dy­sy gör­nü­şin­de ne­şir edil­me­gi, ola­ryň her bi­ri bo­ýun­ça aý­ra­tyn elekt­ron gaz­na­nyň bol­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, oky­jy­la­ra, öz is­le­gi­ne gö­rä, is­len­dik wagt­da on­laýn usul­da abu­na ýa­zyl­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­me­gi hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň me­ýil­le­ri­ni na­za­ra alyp, türk­men met­bu­gat ne­şir­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, žur­na­list­le­riň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gün­ki gün ka­gyz ne­şir­le­riň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ril­me­gi ha­bar­la­ryň mi­nut­sa­ýyn däl, hat­da se­kunt­sa­ýyn Ýer ýü­zü­niň is­len­dik kün­je­gi­ne ýaý­ra­ýan «mag­lu­mat­lar asy­ryn­da» ýur­du­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri, ýe­ten we ýet­ýän sep­git­le­ri ha­kyn­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da öz­bo­luş­ly gu­ral bo­lup hyz­mat ed­ýär. Onuň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bol­sa türk­men žur­na­list­le­ri­niň ze­hi­ni­ne, ukyp-ba­şar­ny­gy­na, dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ne bag­ly. 

                                                                                                           

Aý­gül RA­HY­MO­WA.

                       

«Türk­me­nis­tan».

14.06.2022
Top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­niň gi­re­wi­dir

Ahal we­la­ýa­ty, 11-nji iýun (TDH). Şu gün Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, se­bi­tiň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy, des­ga­la­ryň çyz­gy­la­ry hem-de be­zeg tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de giň ge­rim­li tas­la­ma­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. 

                                                                   

Se­bit­de iň iri we ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan bu tas­la­ma­ny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her dü­zü­mi dur­muş hem-de beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw jaý­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, sport des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ulag-ara­gat­na­şyk we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ra de­giş­li des­ga­lar bar. 

                                                                   

 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy. 

                                                                   

We­la­ýa­tyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy D.Hu­daý­ber­di­ýew mer­ke­ziň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan des­ga­lar, ola­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li tas­la­ma­lar, des­ga­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri ba­ra­da­ky çyz­gy­lar, ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di­ler. 

                                                                   

Gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň Baş me­ýil­na­ma­sy, mer­ke­ziň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan Ahal we­la­ýat ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň eda­ra bi­na­sy­nyň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, mer­ke­ziň Ru­hy­ýet köş­gü­niň sah­na­syn­da ýer­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän ýaz­gy­la­ryň gör­nüş­le­ri, tä­ze şä­he­riň sirk bi­na­la­ry top­lu­my­nyň iç­ki be­zeg­le­ri­niň, to­ma­şa za­ly­nyň gör­nüş­le­ri we bi­na­da otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän en­jam­la­ryň, se­riş­de­le­riň çyz­gy­la­ry bar. Şeý­le-de bu ýer­de ýol-ulag dü­zü­mi­ne de­giş­li in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz tas­la­ma­la­ryň we bi­na­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da hem-de ti­mar­la­ýyş iş­le­rin­de ýo­ka­ry hil­li se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gy­nyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sir­kiň eý­wa­nyn­da we zal­la­ryn­da ýer­leş­di­ril­jek be­zeg se­riş­de­le­ri, su­rat­lar bi­len tan­şyp, bi­na­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler­de türk­men be­dew­le­ri­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň na­za­ra alyn­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň hil de­re­je­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na mer­ke­ziň çä­gin­de otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ak­ha­nyň ýa­dy­gär­lik bi­na­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­ýun­ça ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Şeý­le-de Ahal we­la­ýat ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zin­de göz öňün­de tu­tul­ýan mu­ze­ýiň ýer­leş­di­ril­jek ýe­ri­niň çyz­gy­la­ry gör­ke­zil­di. De­giş­li ýol­baş­çy­lar mer­ke­ziň Baş me­ýil­na­ma­sy dü­zü­len­de, öň­de­ba­ry­jy bi­na­gär­lik me­ýil­le­ri­niň we iş tej­ri­be­le­ri­niň öw­re­ni­len­di­gi­ni ha­bar ber­di­ler. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze­çil usul­da gur­lu­şyk me­ýil­na­ma­la­ry dü­zü­len­de, oňa ýur­du­my­zyň ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, aý­ra­tyn-da, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny bo­lan tä­ze mer­ke­ziň gur­lu­şy­gyn­da ula­nyl­ýan se­riş­de­ler yg­ty­bar­ly­ly­gy, uzak möh­let­le­ýin­li­gi, eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy, owa­dan­ly­gy, ýer­li ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ma­ly­dyr. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ýer­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni üp­jün et­mek hem-de bu iş­le­ri bel­le­ni­len möh­let­ler­de ta­mam­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň hu­su­sy gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri, ola­ryň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­sin­den we tä­ze­çil usul­lar­dan peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow mer­ke­ziň kö­çe­le­ri­niň ýer­leş­di­ri­li­şi, ola­ryň ug­run­da bi­na edil­jek in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dyp, şun­da ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň, iş­le­riň bel­le­ni­len ter­ti­be gö­rä do­wam et­di­ril­me­gi­niň, eko­lo­gik ta­lap­la­ryň göz öňün­de tu­tul­ma­gy­nyň gü­nüň mö­hüm ta­la­by­dy­gy­ny ýat­lat­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­lug­ra mer­ke­ziň des­ga­la­ry­nyň bi­ri­niň ýa­nyn­da sak­lan­dy we bu ýer­de ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, ola­ryň hil de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz je­ma­gat ho­ja­ly­gy­na de­giş­li dü­züm­le­riň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek bel­le­di. 

                                                                   

 Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow hem­me­le­re üs­tün­lik ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.

13.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nan tas­la­ma­la­ry­na we baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, Hö­kü­met ag­za­la­ry­ny hem-de tu­tuş hal­ky­my­zy ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da örän gys­ga ta­ry­hy döw­rüň için­de ylym ul­ga­my­nyň bin­ýat­lyk esas­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak we dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak, adam ma­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. 

                                                                   

Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ins­ti­tut­lar­da, Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zin­de, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky yl­my-tej­ri­be­çi­lik, yl­my-önüm­çi­lik ins­ti­tut­la­ryn­da, yl­my mer­kez­ler­de döw­re­bap yl­my bar­lag­la­ry alyp bar­mak, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­dyr tej­ri­be­le­ri önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dyr­mak, yl­my iş­gär­le­ri, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ylym, bi­lim, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, da­şa­ry ýurt­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la goý­lup, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ylym we bi­lim gi­ňiş­li­gin­dä­ki or­ny pug­ta­lan­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my mad­dy hem-de ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, yl­my taý­dan öw­ren­mek, dün­ýä ýaý­mak, ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­miz, me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz esa­syn­da jem­gy­ýe­ti­mi­zi saz­la­şyk­ly ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ry­lyp, yl­my-me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­myz dün­ýä­de giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow Hö­kü­met ag­za­la­ry­ny, ýur­du­my­zyň äh­li alym­la­ry­ny, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ň we­kil­le­ri­ni «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, uzak ömür, bagt, aba­dan­çy­lyk, ylym ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne bol­sa yl­my we dö­re­di­ji­lik iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 

                                                                   

Hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­lyk we öza­ra gat­na­şyk­lar ber­ki­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry, BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň baş­ly­gy ha­nym Ami­na Mo­ham­med, şeý­le-de BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň he­mi­şe­lik we­ki­li bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak, ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, hal­ky­my­zyň ga­dy­my däp­le­ri­ni, mil­le­tiň maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny sak­la­mak, hu­kuk hem eko­lo­gik me­de­ni­ýet­li jem­gy­ýe­ti dö­ret­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ar­ka­ly wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. 

                                                                   

Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan oňyn öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny üp­jün et­me­giň çäk­le­rin­de mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zy döw­re­bap­laş­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, ola­ry sel­jer­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ut­ga­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy hoş ha­bar — 2022-nji ýy­lyň 12-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­myn­da ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi bi­len gut­la­dy­lar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gut­lag­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu çöz­gü­diň ýur­du­my­zyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. BMG bi­len däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň üs­ti her ýyl­da tä­ze, anyk maz­mun bi­len ýe­ti­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan beý­läk-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da par­la­men­ta­ra ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň orun eýe­le­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mu­ham­me­dow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň şu ýy­lyň 7-nji iýu­nyn­da “2018 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ösüş üçin suw” at­ly he­re­ket­le­riň on­ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len “Ýer­li, mil­li, se­bit hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de suw se­riş­de­le­ri ul­ga­myn­da he­re­ket­le­ri we hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mek” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin Du­şen­be şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mo­nyň hoş­ni­ýet­li söz­le­ri­ni hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. 

                                                                   

Bu ýo­ka­ry de­re­je­li fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­syn­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da suw ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler hem-de suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan yzy­gi­der­li iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da bu mö­hüm ul­gam­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne syn be­ril­di, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, suw üp­jün­çi­lik ul­ga­myn­da­ky bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak hem-de de­giş­li ugur­lar­da mag­lu­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Olar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na ba­ha be­ril­di, öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň örän mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri­ne ba­gyş­la­nan şeý­le iri fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz kö­pa­syr­lyk mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze da­ýa­nyp, bu ugur­da giň ge­rim­li iş­le­ri do­wam eder di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny mad­dy-en­jam­la­ýyn se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Türk­men te­bi­gy ga­zy­ny çy­kar­mak­da, sarp edi­ji­le­re ýe­tir­mek­de hem-de onuň eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak­da “Gal­ky­nyş” gaz kä­nin­de çy­ka­ryl­ýan te­bi­gy ga­zy ha­ryt­lyk de­re­je­si­ne ge­tir­mek mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň hi­mi­ki se­riş­de­le­ri, ka­ta­li­za­tor­la­ry we ke­ra­mi­ki şar­la­ry sa­tyn al­ma­gy ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, de­giş­li şert­na­ma bag­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan­da dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty do­wam edip, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, önüm­çi­li­gi ze­rur se­riş­de­ler bi­len yzy­gi­der­li üp­jün et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Dür­li öl­çeg­li oturt­ma tur­ba­la­ry sa­tyn al­mak ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Dür­li öl­çeg­li oturt­ma tur­ba­la­ry­ tä­ze bu­raw­lan­ýan ne­bit gu­ýu­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da ulan­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­gaz kän­le­ri­ni öz­leş­dir­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Il­kin­ji no­bat­da, bu top­lum hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry­dyr teh­ni­ki se­riş­de­leri bi­len üp­jün edil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di we res­mi­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak bi­len bir ha­tar­da, go­wa­ça­ny mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek we ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na “Türk­me­nis­tan­da 2022-nji ýyl­da gant şu­gun­dy­ry­ny ön­dür­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, şu ýyl 17 müň 900 gek­tar meý­da­na gant şu­gun­dy­ry­ny ek­mek we on­dan 224 müň ton­na ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 3 müň gek­ta­r meýdana gant şu­gun­dy­ry eki­lip, on­dan 24 müň ton­na ha­syl al­nar. Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa 14 müň 900 gek­ta­r meýdana gant şu­gun­dy­ry­ny ekip, on­dan 200 müň ton­na ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zy özü­miz­de ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­me­giň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, oba ho­ja­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de, il­kin­ji no­bat­da, gal­la ora­gy döw­rün­de hem-de go­wa­ça ideg et­mek­de ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ryň berk ber­jaý edil­me­gi ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň şu res­mi­na­ma­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly­dy­gy­ny tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny do­wam edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gyn­dan ugur al­nyp, suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li we re­je­li peý­da­lan­mak, suw gor­la­ry­ny art­dyr­mak, Amy­der­ýa hem-de Ga­ra­gum der­ýa­la­ry bo­ýun­ça sel­jer­me­le­ri ge­çir­mek, suw akym­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw süý­je­di­ji des­ga­la­ry gur­ma­gyň ha­sa­by­na ila­ty aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek üçin ýur­du­myz­da suw üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na “Türk­me­nis­ta­nyň suw üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, eke­ran­çy­lyk, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça kes­git­le­nen ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň hil de­re­je­si­ni üp­jün et­mek ba­bat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen res­mi­na­ma gol çek­di we ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re ibe­rip, bu ba­bat­da gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan za­wod­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak ug­run­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak ar­ka­ly kuw­wat­ly kär­ha­na­lar yzy­gi­der­li ulan­ma­ga be­ril­ýär, tä­ze iş orun­la­ry­nyň müň­ler­çe­si dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan za­wod­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak, ze­rur en­jam­la­ry da­şa­ry ýurt­ly önüm ön­dü­ri­ji­ler­den gö­ni sa­tyn al­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Kon­ser­niň za­wod­la­ryn­da gur­na­lan teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň yg­ty­bar­ly iş­le­dil­me­gi önüm­çi­li­giň kuw­wat­ly­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şol bir wagt­da iiş­le­riň bök­denç­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek üçin en­jam­la­ry ön­dü­ri­ji ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len ter­tip­de abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Wi­se-prem­ýer hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry üçin ze­rur en­jam­la­ry gö­ni ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar­dan sa­tyn al­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa top­lu­my­nyň bök­denç­siz iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, pu­da­gyň önüm­le­ri­niň içe­ri we da­şa­ry ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tek­lip­le­ri, umu­man, ma­kul­lap, bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi do­wam et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry­nyň işi­ni, hu­su­san-da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýat­la­ýyn pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan hi­mi­ýa se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň çig mal bi­len do­ly üp­jün edi­li­şi­ni, teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew Du­baý şä­he­rin­de “EKS­PO — 2020” ser­gi­sin­de gur­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­nyň bi­na­sy­ny ulan­mak ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Bü­tin­dün­ýä ser­gi­niň 2022-nji ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da öz işi­ni ta­mam­lan­dy­gy se­bäp­li, Du­baý­da­ky gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti şol mil­li pa­wil­ýo­nyň bi­na­sy­ny ýe­ne-de bäş ýy­lyň do­wa­myn­da ulan­ma­gy tek­lip ed­ýär. Mil­li pa­wil­ýo­nyň öz işi­ni do­wam et­me­gi ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ry ma­ha­bat et­mek hem-de ýer­le­mek, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­ny­dyr fo­rum­la­ry ge­çir­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bo­lar diý­lip ha­sap­la­nyl­ýar.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ko­ro­na­wi­rus ze­rar­ly dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­da­ýyň ka­da­laş­ma­gy bi­len, ýur­du­myz­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra ser­gi­le­ri gu­ra­ma­gy do­wam et­mek ze­rur­dyr di­ýip, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da tab­şy­ryk ber­di. Şeý­le-de dür­li ýurt­lar­da we şä­her­ler­de söw­da mer­kez­le­ri­ni aç­mak tej­ri­be­si­ni do­wam et­mek ge­rek, mu­nuň özi ha­ryt­la­ryň eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa öň­de bol­jak Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi şu ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­nyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­ler. Me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de dür­li çä­re­ler, şol san­da mas­la­hat­lar, sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti, çe­per film­le­riň gör­ke­zi­li­şi, ýur­du­my­zyň ki­no sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri bi­len dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, se­bi­tiň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne ge­ze­lenç­ler, usu­ly­ýet okuw­la­ry gu­ra­lar. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de göç­me mas­la­hat­la­ry, san­ly ul­gam ar­ka­ly hal­ka­ra yl­my-usu­ly­ýet du­şu­şyk­la­ry­ny gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li baý ma­ny-maz­mun­ly, gy­zyk­ly çä­re­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da “Mag­tym­gu­ly” ope­ra­sy­nyň gör­ke­zi­li­şi bo­lar. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we paý­tag­ty­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül goý­mak da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li me­ýil­na­ma­ny hö­dür­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­jek Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň we beý­le­ki baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ugur­daş dü­züm­le­riň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, mil­li mi­ra­sy­my­zy giň­den wa­gyz et­mek­de, türk­men ýaş­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny hö­wes­len­dir­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp, de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Toý­ly­ýew Türk­me­nis­ta­nyň ýaş alym­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de her ýyl­da ýaş­la­ryň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi ge­çir­me­gi ýaş alym­la­ra gol­daw ber­mä­ge we ola­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bäs­le­şik ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

“Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” ýy­lyn­da ýaş alym­la­ryň bäs­le­şi­gi yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň al­ty ug­ry bo­ýun­ça gu­ral­dy. Olar na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­ri­al­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka; bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka; mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; in­no­wa­si­on yk­dy­sa­dy­ýet; yn­san­per­wer ylym­lar ýa­ly ugur­lar­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýaş alym­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­na, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän yl­my bar­lag­la­ryň ugur­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na we ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň yl­my-bar­lag müm­kin­çi­lik­le­ri­niň giň­den ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu baş­lan­gy­jy ma­kul­lap, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di we ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re ibe­rip, ýaş­la­ryň hü­när taý­dan taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaş alym­la­ry hö­wes­len­dir­mek, hü­när­men­le­ri döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň üs­ti bi­len ila­tyň ara­syn­da agyz-bu­run ör­tük­le­ri­niň ula­nyl­ýan we ola­ryň ze­rur däl ýer­le­ri­ni dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ha­sa­ba­ty­nyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm orun eýe­le­ýän bu şan­ly se­ne ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de yl­my-önüm­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, yl­my mer­kez­le­riň­dir ins­ti­tut­la­ryň işi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yl­my bar­lag­la­ryň de­giş­li de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy, yl­my açyş­la­ryň hö­wes­len­di­ril­me­gi, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­le­ri­niň önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy mö­hüm we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, aý­ra­tyn-da, ÝU­NES­KO ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň adyn­dan bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi bi­len hem gut­la­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da Stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çe­kil­di we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy — «Dost­luk» or­de­ni bi­len sy­lag­la­nyl­dy. 

                                                                   

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na gu­ra­lan sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ugur­daş dü­züm­le­riň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry gu­ra­lyp, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­kil­di. 

                                                                   

Mun­dan baş­ga-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­dan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2022-nji ýy­lyň 12-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­myn­da ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de yg­lan edi­len­di­gi ba­ra­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar bi­len mä­hir­li gut­lap, wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Şeý­le-de wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ry aý­dyp, bu şan­ly wa­ka bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­na, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na, umu­man, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my mak­sat­la­ra ky­bap gel­ýän baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. BMG-niň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Ka­rar­na­ma­la­ryň 18-si­ni ka­bul et­me­gi we ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň BMG-niň ag­za ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ma­gy Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi bu şat­lyk­ly wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za berk jan sag­lyk, uzak ömür, alyp bar­ýan iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ýur­du­my­za hoş ha­ba­ryň ge­lip gow­şan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, hem­me­le­ri mö­hüm wa­ka — Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň­den gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny aç­dy. Türk­me­nis­tan äh­li ugur­lar bo­ýun­ça giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rip, iş­jeň, tä­ze baş­lan­gyç­lar bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­ýar. 

                                                                   

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, se­bit­de we bü­tin dün­ýä­de yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dün­ýä ba­zar­la­ry­na ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly ibe­ril­me­gi­ni ke­pil­len­dir­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly hal­ka­ra me­se­le­ler bo­ýun­ça öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri­niň we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na, mö­hüm äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni, ola­ry bi­ra­gyz­dan gol­da­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wa­tan­daş­la­ry­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­lan­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aýt­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki iş­jeň we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer, DIM-niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Nur-Sul­tan şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bo­lan­dy­gy­ we onuň do­wa­myn­da “Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý” gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň üçün­ji du­şu­şy­gy­na gat­na­şan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri ol ýer­de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň HHR-iň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rip, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şan­dyk­la­ry­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

“Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý” gör­nü­şin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri kes­git­le­nil­di. Şun­da se­bi­ta­ra we hal­ka­ra howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di. Mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nen­di­gi aý­dyl­dy. Şun­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Bu du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan se­bit äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk we ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ýa­ly ugur­lar bar. Türk­me­nis­tan — Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Şeý­le-de ýaş­lar sy­ýa­sa­ty, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça 4 sa­ny res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ola­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny, döw­le­ti­mi­ziň tu­tuş adam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da, halk­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­mek we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň bar­ha ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň ne­ti­je­li döw­le­ta­ra, se­bit­le­ýin we se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, şol san­da “Mer­ke­zi Azi­ýa — Hy­taý” gör­nü­şin­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da aý­dyp, hyz­mat­daş­ly­gyň däp bo­lan dost­luk, stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi 10-njy iýun­da Mosk­wa­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­riň oňyn ne­ti­je­le­re eýe bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny, Rus­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­me­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­jek­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew ulag ul­ga­myn­da howp­suz­lyk de­re­je­le­ri­niň sa­na­wy­ny we howp­suz­lyk de­re­je­le­ri­ni yg­lan et­me­giň ter­ti­bi­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. “Ulag howp­suz­ly­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, döw­let eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu ugur­da de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ulag ul­ga­my­nyň bu mö­hüm ug­run­da iş­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­mek ba­ra­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy bi­len bag­ly ýag­daý­la­ryň ka­da­laş­ýan­dy­gy­ny, köp ýurt­lar­da hal­ka­ra gat­naw­lar üçin gi­ňiş­li­giň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na ýa­kyn wagt­da beý­le­ki ýurt­lar bi­len hal­ka­ra gat­naw­la­ry di­kelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­gi we onuň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy, pu­dak­la­ryň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­lar we olar bo­ýun­ça ze­rur çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

13.06.2022
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda JARNAMA

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2002-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Şertnamada we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Şertnamada esaslary goýlan türkmen-rus gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, soňky ýyllarda taraplara strategik hyzmatdaşlygy düýpli pugtalandyrmagyň başardandygyny nygtap, köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzak möhletleýin häsiýet bermäge, bu gatnaşyklary dünýä ykdysadyýetindäki häzirki şertleri we meýilleri nazara alyp, syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de geljegi uly bolan beýleki ugurlarda has işjeň ösdürmäge çalşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň iki döwletiň gülläp ösmegine, şeýle-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanyp, şu aşakdakylar barada beýan edýärler: 

                                                                   

Taraplar şunuň bilen öz arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny yglan edýärler, bu hyzmatdaşlyk dürli ugurly we köptaraply gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de ikitaraplaýyn derejede we halkara giňişlikde çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlyk üçin olara aýratyn ysnyşykly, depginli häsiýeti bermegi göz öňünde tutýarlar. 

                                                                   

Taraplaryň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk olaryň özygtyýarlylyk, deňlik we döwletleriň çäk bitewüligi, içerki işlerine gatyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerini berjaý etmeklerine esaslanýar, şeýle hem şu ugurlarda giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. 

                                                                   

 Özara syýasy hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň çuňňur syýasy ynanyşmagyna we strategik ýolbaşçylyk etmek ornuna esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belleýärler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbidine syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlemek üçin yzygiderli esasda duşuşarlar. 

                                                                   

Taraplar iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýokary derejede saklamak, giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklar üçin parlamentara alyşmalaryň we dostluk toparlarynyň arasynda dialogyň görnüşlerini ulanmak barada ylalaşdylar. 

                                                                   

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri, iki tarapy gyzyklandyrýan derwaýys halkara we sebit meseleleri babatda pikir alyşmak hem-de garaýyşlary ylalaşmak üçin daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri geçirerler. 

                                                                   

Taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Hazar «bäşliginiň», şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, «Merkezi Aziýa — Russiýa» dialog usulynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn düzümleriň we derejeleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirerler, şol sanda ikitaraplaýyn bähbitlere degişli dürli meselelere, başlangyçlara seredilende, özara goldaw bererler. 

                                                                   

 Howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar terrorçylykly we ekstremistik ideologiýanyň ýaýradylmagyna we wagyz edilmegine, bikanun ýol bilen alnan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdelerinden alynýan girdejileriň hasabyna maliýeleşdirilmegine, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň analoglarynyň, prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylyk guramalarynyň ýarag bilen üpjün edilmegine we guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine, şeýle hem köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmek babatda degişli pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrarlar. 

                                                                   

Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bikanun we zyýan ýetirýän maksatlarda, şol sanda döwletleriň içerki işlerine gatyşmak hem-de özygtyýarlylygyny bozmak üçin ulanylmagyndan ynjalyksyzlanýandyklaryny beýan edýärler, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ylalaşygyň esasynda we 2022 — 2025-nji ýyllarda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek arkaly halkara maglumat howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini nygtaýarlar. 

                                                                   

Taraplar sebit we ählumumy derejelerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassyklaýarlar. 

                                                                   

Türkmenistan we Russiýa biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 1-nji aprelindäki özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda sebit howpsuzlygynyň meseleleri boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyndaky özara hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasynyň» esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklaýarlar. 

                                                                   

 Taraplar bir tarapyň çäkleriniň beýleki tarapyň howpsuzlygynyň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermeýärler. 

                                                                   

 Hukuk meseleleri boýunça
 hyzmatdaşlyk
 

                                                                   

Taraplar bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň esasynda raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegini bermek babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. 

                                                                   

Türkmenistan we Russiýa gümrük we salgyt gulluklarynyň, zähmet we iş bilen üpjünçilik edaralarynyň, şeýle hem migrasiýa ulgamynyň edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde hukuk meseleleri boýunça tejribe alyşmagy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan edýärler. 

                                                                   

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerde halkara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirerler. 

                                                                   

 Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk 

                                                                   

 Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde işleri güýçlendirmegi dowam etdirerler. 

                                                                   

Taraplar ýakyn ýyllarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny depginli çuňlaşdyrmak, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ony giňeltmek, şeýle hem onuň ösmegini bökdeýän päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin bilelikde tagalla ederler. 

                                                                   

Taraplar oba hojalygy, Türkmenistanyň we Russiýanyň obasenagat toplumlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek babatda hyzmatdaşlyga itergi bermegi hem-de iki ýurduň bazarlaryna oba hojalyk we azyk önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy, iberilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmegi maksat edinýärler. 

                                                                   

Taraplar senagat kooperasiýasyny ösdürmäge aýratyn üns bererler we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly uzak möhletli özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler. 

                                                                   

Taraplar awtomobil we ýöriteleşdirilen tehnikalary, turba önümlerini, şeýle hem energetika enjamlaryny özara ibermek babatda türkmen we rus kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyny goldaýarlar. 

                                                                   

Taraplar iki döwletiň çäklerinde gök-miwe önümleriniň logistik we lomaý paýlaýyş merkezlerini döretmek boýunça bilelikde tagalla ederler. 

                                                                   

Taraplar iki döwletiň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-senagat edaralarynyň işine goldaw bererler. 

                                                                   

Taraplar Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler. 

                                                                   

 Ulag babatda hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar iki ýurduň gatnaşyjylary bolup durýan hereket edýän ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň netijeli hyzmatdaşlygyny goldaýarlar. 

                                                                   

Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin raýat awiasiýasy ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk ederler. 

                                                                   

Taraplar awtoulagda milli daşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, halkara awtomobil gatnawlary babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

 Energetika babatda hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar energetika babatda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini, hususan-da, iki ýurduň nebitgaz kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler we olaryň arasynda geologiýa-gözleg işleri hem-de nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, nebitgaz pudagynda tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikde tagallalary ederler. 

                                                                   

Taraplar energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda bar bolan elektrik energiýasynyň generasiýasy desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler. 

                                                                   

 Sebitara hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar sebitleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi goldaýarlar we sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 30-njy martyndaky Ylalaşygy goldanyp, olaryň önümçilik, innowasion, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarda ösdürilmegi üçin amatly şertleri mundan beýläk-de döretmegiň möhümdigini nygtaýarlar. 

                                                                   

Taraplar sergi-ýarmarkalara, işewürler hereketlerine özara gatnaşmak, ýerlemäge hödürlenilýän önümler baradaky maglumatlary dessin alyşmak, taraplaryň çäklerinde bellige alnan, täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän kärhanalar baradaky maglumatlary alyşmak arkaly Türkmenistanyň administratiw-çäk birleşmeleriniň we Russiýanyň subýektleriniň, olaryň hojalygy ýöredijileriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy dowam etdirerler. 

                                                                   

 Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk 

                                                                   

Taraplar sebitleriň we ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň hakyky isleglerinden ugur alyp, iki döwletiň ýokary, orta we hünär bilimi guramalarynyň ugry boýunça mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändiklerini beýan edýärler. 

                                                                   

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn höweslendirerler. 

                                                                   

Taraplar konsert-gastrol we teatr işi, muzeý, kitaphana işi ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirerler, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine ýardam ederler. 

                                                                   

Saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi we ylmy babatdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş, ýokary hünär bilimi we ylmy edaralarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek dowam etdiriler. Taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hünärmenleri okatmaga, gaýtadan taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, hünärmenleriň, mugallymlaryň we talyplaryň taraplaryň her birinde guralýan halkara çärelere gatnaşmagyna uly üns bererler. 

                                                                   

Taraplar ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn derejede howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda özara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýärler, ýurtlaryň amatly sanitariýa-epidemiologik ýagdaýyny üpjün etmek boýunça toplan tejribesiniň täze ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça işler üçin mundan beýläk-de esas hökmünde ulanyljakdygyny belleýärler. 

                                                                   

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň esasy döwlet we döwlete dahylsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. 

                                                                   

 Daşky gurşawy goramak 

                                                                   

Taraplar ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, serhetüsti hapalanmanyň öňüni almak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirerler. 

                                                                   

Taraplar Hazar deňziniň giňişligini, daşky gurşawy hapalanmakdan goramak, şeýle hem Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak, aýawly saklamak, dikeltmek, durnukly we rejeli ulanmak meselelerinde, onuň ekoulgamyny goramak, aýawly saklamak hem-de dikeltmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ederler. 

                                                                                                           

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti S.G.BERDIMUHAMEDOW. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti W.W.PU­TIN.

                       

Mosk­wa şä­he­ri, 2022-nji ýy­lyň 10-njy iýu­ny.

11.06.2022
Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler 

                                                                   

 Aş­ga­bat — Mosk­wa, 10-njy iýun (TDH). Şu gün ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­par bi­len ug­ra­dy. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar ug­rat­dy­lar. 

                                                                   

Bu sa­par stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan hem-de dost­luk, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky ädim bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Mosk­wa çen­li uçu­şy ama­la aşy­ryp, “Wnu­ko­wo-2” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň gel­me­gi my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry gal­dy­ryl­dy, Hor­mat ga­ra­wu­ly ny­za­ma dü­zül­di. Ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. 

                                                                   

Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ser­ker­de­si da­ba­ra­ly ýag­daý­da ha­sa­bat ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Döw­let se­na­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Da­ba­ra Mosk­wa şä­he­ri­ne bir gün öň ge­len ýur­du­my­zyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy. Res­mi gar­şy­la­nyş çä­re­si Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi bi­len ta­mam­lan­ýar. 

                                                                   

Gü­nüň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Uly Kreml köş­gü­ne bar­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin mä­hir­li gar­şy­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry bi­rek-bi­rek bi­len dost­luk­ly sa­lam­la­şyp, iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­dü­ler. 

 Soň­ra ýo­ka­ry de­re­je­de iki­çäk gör­nüş­dä­ki türk­men-rus gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedowyň res­mi ýag­daý­da öz il­kin­ji da­şa­ry ýurt sa­pa­ry­ny Rus­si­ýa ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň aý­ra­tyn hä­si­ýe­ti­ni no­bat­da­ky ge­zek ýü­ze çy­kar­ýan­dy­gy­ny, şol gat­na­şyk­la­ryň bu ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­de iş­läp, ozal uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ha­ky­ky stra­te­gik de­re­jä çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Rus Li­de­ri şu gün hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li örän mö­hüm res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi­ni nyg­tap, äh­li da­şar­ky çyl­şy­rym­ly­lyk­la­ra ga­ra­maz­dan, şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň 45 gö­te­rim­ ar­tan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bu bol­sa öňe ta­rap örän çyn­la­kaý ädim­dir. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň aý­dy­şy ýa­ly, biz ýa­kyn­da şan­ly se­ne­le­ri, şol san­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny bel­le­dik. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny äh­li ugur­lar bo­ýun­ça iki ýur­duň ara­syn­da ös­dü­ril­ýän gat­na­şyk­la­ryň, ha­ky­kat­dan-da, stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni Rus­si­ýa­da gör­mä­ge örän şat­dy­gy­ny bel­läp, özü­niň go­wy we hoş­ni­ýet­li dos­ty — Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň oňat ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa ge­lip gör­mä­ge ça­ky­ly­gy üçin dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­ne min­net­dar­ly­gy­ny bil­di­rip, şu sa­pa­ryň döw­let Baş­tu­ta­ny hök­mün­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ni hem-de onuň üs­ti bi­len dost­luk­ly ýur­duň äh­li hal­ky­ny ýe­tip gel­ýän Rus­si­ýa­nyň gü­ni bi­len gut­lap, pa­ra­hat­çy­lyk, ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di. 

                                                                   

Şu ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär. Şu dö­wür­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar ugur­la­ryň giň ge­ri­mi bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­di. Şeý­le-de şu ýyl Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma gol çe­kil­me­gi­niň 20 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýär. Bu res­mi­na­ma öza­ra hor­mat goý­ma­ga hem-de yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm tap­gyr bo­lup, ola­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ni bu şan­ly se­ne­ler bi­len gut­la­dy hem-de türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne we pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin rus Li­de­ri­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, oňa Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin hoş­ni­ýet­li söz­le­r üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na şu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de uly iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň de­re­je­sin­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar gu­ral­dy. Rus Li­de­ri şu­lar ba­ra­da aý­dyp, şu gün gol çe­kil­ýän Jar­na­ma­dan baş­ga-da, bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň tu­tuş top­lu­my­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni nyg­ta­dy. Hä­zir­ki gün­de iki ýur­duň ara­syn­da hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň 288-si­ne gol çe­kil­di. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma we Stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma bin­ýat­lyk res­mi­na­ma­lar­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, Rus­si­ýa­nyň Türk­me­nis­ta­nyň iň iri söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk di­ňe bir ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na däl, eý­sem, se­na­gat, ulag, dü­züm­le­ýin gur­lu­şyk we beý­le­ki ul­gam­la­ra hem de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan aw­tou­lag­la­ryň, de­ňiz we awia­teh­ni­ka­la­ryň köp muk­da­ry­ny sa­tyn al­mak bi­len bir ha­tar­da, Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky bi­le­lik­dä­ki iş­ler iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Il­kin­ji no­bat­da, bu bi­lim, me­de­ni­ýet we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na de­giş­li­dir. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri bi­len gat­na­şyk­lar mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Sankt-Pe­ter­burg, Ast­ra­han ob­las­ty we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň beý­le­ki se­bit­le­ri bi­len ýo­la goý­lan üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gy mu­ňa my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le-de par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň we Döw­let Du­ma­sy­nyň de­pu­tat­la­ry­nyň ara­syn­da bu ugur­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. 

                                                                   

Bu ba­bat­da şu ýy­lyň 12-13-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň hem-de ze­nan­la­ryň dia­lo­gy­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Par­la­men­ta­ra fo­rum iki döw­le­tiň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da has ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik dö­ret­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len öza­ra hyz­mat­daş­ly­ga uly üns ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ni özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da res­mi sa­par bi­len ýur­du­my­za gelmäge ça­gyr­dy. Bu ça­ky­lyk Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri ta­ra­pyn­dan ho­şal­lyk bi­len ka­bul edil­di. 

                                                                   

Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­lar türk­men-rus stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. 

                                                                   

Soň­ra Uly Kreml köş­gü­niň «Ma­la­hit» za­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň döw­let sy­la­gy — “Dost­luk” or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, bu ýo­ka­ry sy­la­ga döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şan uly go­şan­dy üçin my­na­syp bol­dy. 

                                                                   

Rus Li­de­ri bu çöz­gü­di be­ýan et­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň dost­luk­ly, ha­ky­kat­dan-da, ýa­kyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­ma­ty­ny nyg­ta­dy. Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň bu we­zi­pä saý­lan­ma­zyn­dan ozal hem dür­li döw­let we­zi­pe­le­rin­de iş­län wag­tyn­da, bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry hem-de mö­hüm yla­la­şyk­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň aý­dy­şy ýa­ly, Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedow bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň türk­men ta­ra­py­nyň baş­ly­gy bo­lan wag­tyn­da iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge iş­jeň gat­naş­dy. Rus Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­ny bu sy­lag bi­len gut­lap, ýur­duň dur­nuk­ly ösü­şi­niň, onuň ra­ýat­la­ry­nyň ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­dä­ki iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti da­ba­ra­ly ýag­daý­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne “Dost­luk” or­de­ni­ni gow­şur­dy.

 Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz rus Li­de­ri­ne hem-de we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, bu ýo­ka­ry sy­la­ga my­na­syp bol­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny we ony ýur­du­my­za go­ýul­ýan sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň nyg­taý­şy ýaly, Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy dost­lu­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, ta­ry­hy gat­na­şyk­la­ryň berk bin­ýa­dy­na da­ýa­nyp, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar­lar, yk­dy­sa­dy­ýet, ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat, oba ho­ja­lyk ul­gam­la­ryn­da we beý­le­ki köp san­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň bi­le­lik­dä­ki me­­ýil­na­ma­la­ry­ny­dyr mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar­lar. Ýurt­la­ry­myz öz gat­na­şyk­la­ryn­da aý­dyň mak­sat­la­ry gör­ýär­ler we bu mak­sat­la­ra ýet­mek üçin he­mi­şe taý­ýar­dyr­lar. Mu­nuň üçin biz­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. 

                                                                   

“Goý, bu ýo­ka­ry sy­lag türk­men-rus stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, ýurt­la­ry­my­zyň we döw­let­le­ri­mi­ziň dost­lu­gy­nyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy­nyň hem-de hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­niň ýe­ne-de bir ny­şa­ny bol­sun!” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz min­net­dar­lyk sö­zü­niň ahy­ryn­da nyg­ta­dy. 

                                                                   

 Soň­ra «Ma­la­hit» za­lyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. 

                                                                   

Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedow hem-de Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çek­di­ler. 

                                                                   

Şeý­le hem sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­nyň Mosk­wa­da rus­si­ýa­ly kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri ge­çi­ren­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň do­wa­myn­da dür­li ul­gam­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri hem-de gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gep­le­şik­le­riň we du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. 

                                                                   

Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky, hu­su­san-da, ma­li­ýe-bank ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga de­giş­li res­mi­na­ma­lar bar. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da da­şa­ry yk­dy­sa­dy işe gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan şüb­he­li ma­li­ýe amal­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň öňü­ni al­mak, ýü­ze çy­kar­mak we ýok et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk we Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň ara­syn­da bank gö­zeg­çi­li­gi ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. 

                                                                   

Res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si kom­mu­ni­ka­si­ýa we ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň San­ly ösüş, ara­gat­na­şyk we köp­çü­lik­le­ýin kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ulag we üs­ta­şyr çyg­ryn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi bi­len “Rus­si­ýa de­mir ýol­la­ry” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; “Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi” açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len “RDÝ Lo­gis­ti­ka” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hal­ka­ra we üs­ta­şyr ýük gat­naw­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da Äht­na­ma bar. 

                                                                   

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti bi­len “Ast­ra­han döw­let uni­wer­si­te­ti” ýo­ka­ry bi­li­miň fe­de­ral döw­let býu­jet bi­lim eda­ra­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň Oba ho­ja­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi bi­len “Şa­ly­çy­lyk fe­de­ral yl­my mer­ke­zi” fe­de­ral Döw­let býu­jet yl­my eda­ra­sy­nyň ara­syn­da yl­my hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak gul­lu­gy­nyň Çöl­ler, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si mil­li ins­ti­tu­ty bi­len A.N.Kost­ýa­kow adyn­da­ky Bü­tin­rus­si­ýa gid­ro­teh­ni­ka we me­lio­ra­si­ýa yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da yl­my-bar­lag hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da Yla­la­şyk bol­sa bi­lim we ylym ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ösüm­lik­le­riň ka­ran­ti­ni ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Gur­lu­şyk we ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da gur­lu­şyk pu­da­gyn­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­gy dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça 2022 — 2024-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy bar. 

                                                                   

Iki ýur­duň goň­şy se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ra hem tä­ze iter­gi be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “Ast­ra­han şä­he­ri” mu­ni­si­pal gu­ra­ma­sy­nyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da Türk­men­ba­şy we Ast­ra­han şä­her­le­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­ra­da Yla­la­şy­ga hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-dur­muş we yn­san­per­wer ugur­lar­da hal­ka­ra we da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ama­la aşyr­mak ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. 

                                                                   

Rus­si­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ry bi­len türk­men işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri hem du­şu­şyk ge­çir­di­ler. Onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça “Halk mar­ket” (Türk­me­nis­tan) su­per­mar­ket­le­riň söw­da ul­ga­my bi­len “Ru­sag­ro” (Rus­si­ýa) ag­ro­hol­din­gi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma gol çe­kil­di. Ol işe­wür to­par­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry, şol san­da azyk ha­ryt­la­ry ul­ga­myn­da gat­na­şyk­la­ry ýyg­jam­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da gol çe­ki­len Jar­na­ma bi­len bir­lik­de, 15 res­mi­na­ma­dan yba­rat res­mi­na­malar top­lu­my döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Şol res­mi­na­ma­lar giň ge­rim­li ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar we Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň uzak möh­let­le­ýin, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­si­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­ýar. 

                                                                   

Gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, gep­le­şik­le­riň örän maz­mun­ly, iş­jeň, dost­luk­ly ýag­daý­da ge­çip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ha­ky­ky hyz­mat­daş­lyk we öza­ra bäh­bit­li­lik hä­si­ýe­ti­ni ýü­ze çy­ka­ran­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Şu ýyl iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar üçin şan­ly ýyl­dyr di­ýip, rus Li­de­ri aýt­dy. Ap­rel aýyn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl, şeý­le-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da esas go­ýu­jy Şert­na­ma­nyň gol çe­kil­me­gi­ne 20 ýyl dol­dy. Şol res­mi­na­ma bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­nyň tu­tuş top­lu­my üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­ňy gol çe­ki­len Stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma­da sy­ýa­sy, söw­da-ma­ýa go­ýum, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da, bio­lo­gik we mag­lu­mat ugur­la­ry bi­len bir­lik­de, howp­suz­lyk ul­ga­myn­da hem gel­jek üçin bi­le­lik­dä­ki işiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Rus­si­ýa­nyň Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çen ýyl iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy 865 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy, eý­ýäm şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bol­sa öza­ra söw­da ýe­ne-de 45 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. 

                                                                   

Ha­ryt we ma­ýa go­ýum alyş­ma­la­ry­ny, ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň üs­tün­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­par ne­ti­je­li iş­le­ýär. Ýa­kyn­da gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de iki ýur­duň öza­ra ha­sap­la­şyk­la­ryn­da mil­li pul­la­ry ulan­mak tej­ri­be­si­ni gi­ňelt­mek üçin bu to­pa­ryň rus ta­ra­pyn­dan baş­ly­gy Aş­ga­bat­da bol­dy. 

                                                                   

Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ener­ge­ti­ka­dyr di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny aýt­dy we bu me­se­lä şu gün aý­ra­tyn üns ber­len­di­gi­ni bel­le­di. Iki ta­rap hem ugur­daş eda­ra­la­ryň işi bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, işe­wür to­par­la­ryň öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny be­ýan et­di. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin “Gazp­ro­myň” Rus­si­ýa ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­dan ga­zyň sa­tyn alyn­ma­gy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni göz öňün­de tut­ýan uzak möh­let­le­ýin Şert­na­ma­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan­dan ga­zy eks­port et­me­gi gu­ra­mak bo­ýun­ça “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni ýat­la­dy. “Lu­koýl” Ha­zar deň­zin­dä­ki “Dost­luk” ne­bit­gaz­kon­den­sat­ly kä­nini öz­leş­dir­me­giň tas­la­ma­sy­na ope­ra­tor hök­mün­de gat­naş­ma­gyň şert­le­ri ba­ra­da gep­le­şik­le­ri alyp bar­ýar. Ne­bit gu­ýu­la­ry­ny abat­la­mak we ola­ra hyz­mat et­mek bi­len meş­gul­lan­ýan “Tat­neft” Türk­me­nis­tan­da ozal­dan bä­ri üs­tün­lik­li iş­le­ýär. Hä­zir­ki za­man rus teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­bit se­na­ga­ty­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ep-es­li art­dyr­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Rus­si­ýa­nyň beý­le­ki iri ener­ge­ti­ka we se­na­gat ugur­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry hem Türk­me­nis­tan­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. 

                                                                   

Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň bel­leý­şi ýa­ly, gep­le­şik­ler­de se­na­gat taý­dan ýa­kyn­laş­ma­gy has-da ös­dür­mek ýa­ly mö­hüm me­se­lä hem deg­lip ge­çil­di. Bir­nä­çe iri bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da “Ob­ýe­din­ýon­na­ýa ­su­dost­roi­tel­na­ýa kor­po­ra­si­ýa” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan üçin kö­pu­gur­ly gu­ry ýük da­şaý­jy gä­mi­niň gur­lan­dy­gy­ny ýat­lap bo­lar. Türk­men ta­ra­py­na eý­ýäm ýo­ka­ry tiz­lik­li ýo­lag­çy tep­lo­hod­la­ry­nyň iki­si be­ril­di, ýük da­şaý­jy we ýo­lag­çy gat­nad­ýan pa­rom­la­ryň bir­nä­çe­si­ni gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

Rus­si­ýa­nyň “Trans­maş­hol­ding” kär­ha­na­sy “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi üçin iki tep­lo­woz taý­ýar­la­dy, mart aýyn­da şeý­le teh­ni­ka­la­ryň ýe­ne-de bä­şi­si üçin şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ba­za­ry­na “Ka­mAZ” ky­sym­ly önüm­le­riň ibe­ril­me­gi gi­ňel­dil­ýär: ge­çen ýyl ýük ulag­la­ry­nyň iki mü­ňe go­la­ýy ibe­ril­di, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze okuw mer­ke­zi açyl­dy. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin iki ta­rap­dan hem gur­lu­şyk ul­ga­myn­da iri möç­ber­li tä­ze baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­ma­ga taý­ýar­ly­gyň be­ýan edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­tan­da “Woz­rož­de­ni­ýe” rus kom­pa­ni­ýa­sy üs­tün­lik­li iş­le­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa soň­ky 10 ýyl­da umu­my ba­ha­sy 1,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak bo­lan ýol-ulag dü­zü­mi­niň des­ga­la­ry­ny gur­dy, hä­zir bol­sa Aş­ga­ba­dyň tö­we­re­gin­de sil suw­la­ryn­dan go­raý­jy des­ga­la­ryň ul­ga­my­ny bi­na ed­ýär. Iş­ler ta­mam­la­nyp bar­ýar. 

                                                                   

Rus­si­ýa bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň gar­şy­sy­na gö­reş­mek­de ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi ka­na­gat­lan­ma dö­red­ýär di­ýip, rus Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di. Ge­çen ýyl türk­men ta­ra­py­na “Sput­nik V” san­jy­my­nyň 330 müň top­lu­my, şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da “Sput­nik Laýt” san­jy­my­nyň 800 müň sa­ny­sy ibe­ril­di, şo­la­ryň 300 mü­ňü­si muzd­suz esas­da­dyr. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne mun­dan beý­läk-de ýar­dam ber­me­gi, ylym, bi­lim, me­de­ni we sport alyş­ma­la­ry hö­wes­len­dir­me­gi yla­la­şan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. 

                                                                   

Rus­si­ýa rus di­li­ne hem-de rus me­de­ni­ýe­ti­ne aýaw­ly ga­ral­ýan­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­dyr. Aş­ga­bat­da eý­ýäm 20 ýyl bä­ri A.S.Puş­kin adyn­da­ky bi­le­lik­dä­ki rus-türk­men or­ta mek­de­bi üs­tün­lik­li iş­le­ýär, ol ýurt­da rus di­lin­de bi­lim be­ril­ýän esa­sy okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lup, mek­dep­de Rus­si­ýa­nyň döw­let bi­lim öl­çeg­le­ri we okuw ki­tap­la­ry bo­ýun­ça okuw ge­çil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa bu mek­de­biň gi­ňel­dil­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­di­ren­di­gi üçin ho­şal­ly­gy­ny aý­dyp, rus ta­ra­py­nyň mu­ňa hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň dür­li hü­när­ler bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­na iş­jeň ýar­dam ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Türk­men ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da rus bi­li­mi­niň meş­hur­ly­gy dur­nuk­ly ýo­ka­ry ýag­daý­da bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hä­zir Rus­si­ýa­da türk­me­nis­tan­ly ta­lyp­la­ryň 30 müň­den gow­ra­gy bi­lim al­ýar, şo­la­ryň 4,3 müň­den gow­ra­gy býu­jet esa­syn­da­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bi­le­lik­dä­ki rus-türk­men uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň bel­leý­şi ýa­ly, gep­le­şik­leriň do­wa­myn­da has mö­hüm se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­re-de deg­lip ge­çil­di. Şo­la­ryň kö­pü­si bo­ýun­ça iki döw­le­tiň eýe­le­ýän ýö­rel­ge­si, däp bol­şy ýa­ly, ýa­kyn ýa-da ga­bat gel­ýär. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Rus­si­ýa­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne, ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de, umu­man, dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­ga we ösü­şe ýar­dam ber­mä­ge ym­tyl­ýan­dy­gy­na hor­mat bi­len ga­ra­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­dan ugur al­nyp, köp­ta­rap­la­ýyn de­re­je­dä­ki hyz­mat­daş­lyk mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ri­ler. Rus ta­ra­py Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da köp baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin türk­men hyz­mat­daş­la­ry­na min­net­dar­dyr. 

                                                                   

Rus­si­ýa türk­men kär­deş­le­ri­niň Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi­niň hem-de Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ug­ry bo­ýun­ça ýa­kyn­laş­mak iş­le­ri­ne bar­ha art­ýan gy­zyk­lan­ma­sy­ny gol­da­ýar. Bu gu­ra­ma­la­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len Türk­me­nis­ta­ny ys­ny­şyk­ly söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Mosk­wa we Aş­ga­bat Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de ýyg­jam gat­na­şyk ed­ýär­ler. “Mer­ke­zi Azi­ýa — Rus­si­ýa” gör­nü­şin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň hem gel­je­gi uly gö­rün­ýär. 

                                                                   

Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­si­niň gi­ňiş­le­ýin ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Rus­si­ýa we Türk­me­nis­tan howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak, te­bi­gy se­riş­de­le­ri go­ra­mak we eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy sak­la­mak ba­bat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler bi­len bi­le­lik­dä­ki iş­le­re uly äh­mi­ýet ber­ýär. Aş­ga­bat­da no­bat­da­ky VI Ha­zar sam­mi­ti­niň, Mosk­wa­da bol­sa ikin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. 

                                                                   

Şeý­le hem rus Li­de­ri be­lent mer­te­be­li myh­man­dan Gurbanguly ­Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç Berdimuhamedowa mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de berk jan sag­lyk we üs­tün­lik ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Bi­ziň bi­le­lik­de iş­län en­çe­me ýyl­la­ry­my­zyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len dost­luk, ýol­daş­lyk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­myz eme­le gel­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­sin­de-de, hä­zir ýur­duň par­la­men­ti­niň de­giş­li pa­la­ta­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär­kä-de, Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç he­mi­şe öza­ra bäh­bit­li rus-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam et­di we ýar­dam ed­ýär di­ýip, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­ta­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin sö­zü­niň ahy­ryn­da şu gün­ki gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň bi­ziň dost-do­gan­lyk halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan Rus­si­ýa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len, şu sa­pa­ryň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­nyň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, olar dep­gin­li we yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­dy. Deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, açyk­lyk we yna­nyş­mak, iki hal­kyň hem-de döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na öza­ra dü­şün­mek bu gat­na­şyk­la­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň öza­ra söw­da­nyň, ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, se­na­gat, ulag, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly pu­dak­lar­da we bir­nä­çe beý­le­ki ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ýe­ter­lik kuw­wa­ta eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Soň­ky wagt­lar­da me­de­ni-yn­san­per­wer, ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­lar ep-es­li iş­jeň­leş­di­ril­di. Türk­me­nis­tan hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bu iş­le­re hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär, iki ýur­duň ta­ry­hy­na, me­de­ni­ýe­ti­ne, sun­ga­ty­na bar­ha art­ýan öza­ra gy­zyk­lan­ma­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär, bu ul­gam­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry hö­wes­len­dir­ýär. 

                                                                   

Ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy­na gar­şy gö­reş­de bi­ziň döw­let­le­ri­miz raý­daş­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Türk­me­nis­tan san­jym­la­ryň, der­man, luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň ibe­ril­me­gi ba­ra­da­ky ha­ýy­şa des­sin ses­le­nen­di­gi, şu çyl­şy­rym­ly dö­wür­de Rus­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de bo­lan türk­me­nis­tan­ly­la­ry gol­dan­dy­gy üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­läp, hä­zir­ki du­şu­şy­gyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­ga uly iter­gi be­rip, sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Bi­ziň ýurt­la­ry­myz iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­gy do­wam eder. Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa­nyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň sam­mit­le­ri­niň işi­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­na, esa­sy yla­la­şyk­la­ryň ga­zan­ylma­gy­na goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. 

                                                                   

Türk­men döw­le­ti­niň Baş­tu­ta­ny ta­rap­la­ryň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­mek ba­ra­da yla­la­şan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Se­bit hem-de dün­ýä möç­be­rin­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de öza­ra gol­daw ber­mek şol gat­na­şyk­la­ryň esa­sy mak­sa­dy­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu sa­pa­ryň Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň mi­ze­mez­di­gi­ni tas­syk­lan­dy­gy­na ynam bil­di­rip, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ni özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gy­ran­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny pur­sat­dan peý­da­la­nyp, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi we uly şah­sy go­şan­dy üçin Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri­ne ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Kreml di­wa­ry­nyň ýa­nyn­da­ky Alek­sand­row ba­gyn­da ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­lik top­lu­my­na bar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da fa­şiz­me gar­şy sö­weş­de ja­ny­ny gur­ban eden gah­ry­man­la­ra sy­lag-hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de Nä­bel­li es­ge­riň gu­bu­ry­nyň ýa­nyn­da­ky Ba­ky oduň öňün­de gül se­be­di­ni goý­dy. 

 Be­ýik Ýe­ňiş üçin baş go­ýan eder­men es­ger­le­riň ha­ty­ra­sy­na bir mi­nut­lyk dy­myş­lyk yg­lan edil­ýär. Şol es­ger­le­riň ha­ta­ryn­da bi­ziň hem müň­ler­çe il­deş­le­ri­miz bar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Ýa­dy­gär­li­giň öňün­den Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri da­ba­ra­ly ýö­riş bi­len ge­çip gid­ýär­ler. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň res­mi we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. 

                                                                   

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow res­mi sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Döw­let Tret­ýa­kow ga­le­re­ýa­sy­nyň hä­zir­ki döw­rüň şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň eser­le­rin­den dü­zü­len bö­lü­mi­ne bar­dy. Rus­si­ýa­nyň mil­li sun­ga­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän bu iri mu­zeý top­lu­my­nyň bi­na­syn­da gör­nüş­le­ri­niň we ugur­la­ry­nyň köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan eser­le­riň uly top­lu­my bar­dyr. 

                                                                   

Mu­ze­ýiň mer­ke­zi gi­rel­ge­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Döw­let Tret­ýa­kow ga­le­re­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­ýar. 

                                                                   

Il­ki bi­len, be­lent mer­te­be­li myh­ma­na mu­zeý ba­ra­da umu­my mag­lu­mat­lar gür­rüň be­ril­di. Bu ýer­de XX asy­ryň rus sun­ga­ty­nyň has do­ly we he­mi­şe­lik eks­po­zi­si­ýa­sy ýyg­na­lyp­dyr. Mu­zeý­de awan­gard aky­myn­dan baş­lap, iň tä­ze akym­la­ra çen­li meş­hur eser­ler­den, Tret­ýa­kow ga­le­re­ýa­sy­na soň­ky ýyl­lar­da ge­lip gow­şan iş­le­re çen­li dür­li eser­le­ri gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de ta­ny­mal rus su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri gör­ke­zil­ýär, ýaş su­rat­keş­le­riň sy­nag ser­gi­le­ri gu­ral­ýar. Mu­zeý­de he­re­ket ed­ýän lek­to­riý hem-de dö­re­di­ji­lik us­sa­ha­na­sy ça­ga­lar, ta­lyp­lar hem-de uly ýaş­ly­lar üçin ge­çen asy­ra we şu asy­ryň ba­şy­na de­giş­li sun­gat bo­ýun­ça na­za­ry hem-de ama­ly bi­lim­le­riň giň ge­ri­mi­ni hö­dür­le­ýär. 

                                                                   

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ge­çen asy­ryň dür­li dö­wür­le­rin­de dö­re­di­len we eks­po­zi­si­ýa­nyň esa­sy­ny düz­ýän sun­gat eser­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Ga­le­re­ýa­nyň zal­la­ryn­da K.Ma­le­wiç, W.Kan­dins­kiý, M.Şa­gal, N.Gon­ça­ro­wa, P.Fi­lo­now, P.Kon­ça­lows­kiý, W.Mu­hi­na, A.Tyş­ler, T.Maw­ri­na, A.Plas­tow, M.Kan­tor, T.Ýab­lons­ka­ýa ýaly meş­hur rus su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri gör­ke­zil­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na, öw­re­nil­me­gi­ne hem-de wa­gyz edil­me­gi­ne, şol san­da bu ul­gam­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de mu­zeý işi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ga­dy­my hem-de hä­zir­ki döw­rüň sun­gat eser­le­ri­niň uly top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýän ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň öňün­de ila­tyň, ylaý­ta-da, ýaş­la­ryň ara­syn­da sun­gat ba­bat­da bi­li­mi art­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe go­ýul­dy. 

                                                                   

Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ba­bat­da mu­zeý­le­riň ug­ry bo­ýun­ça gö­ni gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy öza­ra me­de­ni gat­na­şyk­la­ry gu­ra­ma­ga hem-de ola­ry tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let Tret­ýa­kow ga­le­re­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na ge­ze­lenç üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu ýer­den ug­ra­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na res­mi sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Mosk­wa­nyň “Wnu­ko­wo-2” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ug­ra­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi ug­rat­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň ser­ker­de­si­niň ha­sa­ba­tyn­dan soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Döw­let se­na­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow rus ta­ra­py­nyň res­mi we­kil­le­ri bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy.

11.06.2022
Döwür sanlylaşdyrmagy talap edýär

Häzirki döwürde tutuş Ýer ýüzünde sanly ulgam düşünjesi öz gerimini gitdigiçe giňeldýär. Islendik ösen döwletiň tejribesine nazar salsaň, olaryň häzirki ösüşleriniň esasynda sanly ykdysadyýetiň hem sanly tehnologiýalaryň durandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Diýmek, sanlylaşdyrmak arkaly hem-ä ýurduň ösüş depginini çaltlandyrmaga, hem-de halkara giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga mümkinçilik döreýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmek işi şol ugurdan bilim ýüki, hünär taýýarlygy ýetik hünärmen binýadyny talap edýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bu käri ele aljak ýaş hünärmenler üçin döredilýän mümkinçilikler barmak basyp sanardan kän. Ylaýta-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Elektron kitaphana ulgamy, portal, saýt ýaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak işi bilim ulgamynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde ýörite internet web-saýtlary döredilip, olarda bilim ojaklarynyň her biri hakynda takyk maglumatlar ýerleşdirilendir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üç tapgyrda amala aşyrylar. Şoňa laýyklykda, ilatyň uzak aralykdan birnäçe işi, bir wagtda tiz hem önjeýli ýerine ýetirmegine giň mümkinçilikler döredildi.  

                                                                   

Akylly tehnologiýalara daýanýan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden paýly bolan bilim işgärleriniň öňünde diňe ata Watanymyzyň röwşen geljegini şuglalandyrjak ýaş nesli kemala getirmekde arman-ýadaman, önjeýli zähmet çekmek galýar. Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Begençdurdy SAPAROW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag   kommunikasiýalary institutynyň   mugallymy.

11.06.2022
Beýik ynamyň güýji

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda hususy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin-de uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we durmuşa geçirýän maksatnamalary esasynda hemişe täzelikleriň gözleginde bolýan telekeçi işewürlerimiziň ümzügi ileri. Mes toprakdan hasyl alyp, bazarlarymyzy gök we bakja önümleri bilen doldurýan daýhan birleşiklerine we bu ugurda zähmet çekýän işewürlerimize topragyň hasylyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, durmuşa geçiriljek taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, ýeňillikli karz serişdelerini bermek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça birnäçe kararlar kabul edildi.  

                                                                   

Dünýäniň çar künjüne «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgy bilen çykýan ýokary hilli önümlerimiz Watanymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şunda bolsa hususyýetçilerimiziň bitirýän işleri uludyr. Bu gün iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, ykdysadyýetiň ösmegine, önümçiligiň artmagyna goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlary telekeçilik işiniň uly güýji bolup durýarlar.  

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzyň 31 ýylyň içinde ýeten belent derejesi, milli ykdysadyýetimizde gazanylýan deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişler bu gün dünýäni haýran edýär. Ak mermere beslenen beýik binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, aýna ýaly şaýollary, dynç alyş we söwda merkezleri, suw çüwdürimli seýilgähleri, gök zolaklary bilen gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen paýtagt şäherimiz Aşgabat, welaýatlarda dörän täze oba-şäherler, gurlan kaşaň ymaratlar milli Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtydyr. Bu işlerde watansöýüji telekeçilerimiziň mynasyp paýy bar. Hususy kärhanalary, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, telekeçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň belentliklerine eýe bolmagyna mynasyp goşandyny goşýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda» öňde goýlan möhüm wezipelerini amala aşyrmakda türkmen telekeçileri çuňňur ylmy garaýşyny we joşgunly zähmetini gaýgyrmazlar. Telekeçilik işini ösdürmek, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, haryt dolanyşygyny giňeltmek, hususy işewürlik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Telekeçilik işiniň halkara ugrunyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy türkmen işewürleriniň dünýä tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde iri taslamalary durmuşa geçirýärler.  

                                                                   

Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we telekeçilere goldaw bermek maksady bilen 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekmegi önüm öndürijileri joşgunly zähmet çekmäge atardy. Şeýle möçberdäki pul serişdesiniň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine-de gönükdirilendigi guwandyryjy wakadyr. Azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň telekeçileri ägirt uly güýç bolup durýarlar. Bu bolsa olarda Arkadagly Serdarymyzyň we bagtyýar halkymyzyň beýik ynamynyň jemlenendigini aňladýar. Ýurdumyzda ýokary hilli önümleri öndürýän hususy ulgama uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Durdymyrat ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.

10.06.2022
2022-nji ýy­lyň ma­ýy: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp

Ge­çen aýyň köp san­ly hal­ka­ra de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri — sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler, işe­wür gep­le­şik­ler, fo­rum­lar­dyr ser­gi­ler yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­mak üçin meý­dan­ça bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bu ugur­da alyp ba­ran iş­le­ri­ni aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­di. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça amala aşyrýan giň ge­rim­li iş­le­ri ýar­dam ber­di. 

                                                                   

San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar aý­ry-aý­ry döw­let­ler bi­len bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­rip, ata Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, maý aýy­nyň ba­şyn­da Se­ul şä­he­rin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len XV Bü­tin­dün­ýä to­kaý kong­re­si­ne türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň gat­na­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de gu­ra­lan “Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk” at­ly ple­nar mej­li­siň do­wa­myn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi nyg­tal­dy. Äh­li ul­gam­la­ra “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýö­rel­ge­le­ri­ni we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

                                                                   

3-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öm­rü­miň ma­ny­sy” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Çy­kyş­lar­da tä­ze ede­bi-fi­lo­so­fik eser­de esa­sy ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň şöh­le­len­di­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki gün­de-de wa­jyp bol­ma­gy mil­li däp­le­ri­mi­ziň we ru­hy ka­da­la­ry­my­zyň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. 

                                                                   

4-nji maý­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň hem-de Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li ha­nym Te­ri Ha­ka­la bi­len du­şu­şyk­la­ry­nyň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra hem-de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da he­re­ket ed­ýän hyz­mat­daş­lyk gu­ral­la­ry­nyň, hu­su­san-da, “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Türk­me­nis­tan” bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň çäk­le­rin­de par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

6-njy maý­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li ha­nym Te­ri Ha­ka­la bi­len Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň du­şu­şy­gyn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si bel­le­nil­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ener­ge­ti­ka, ulag ul­gam­la­ry, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­tan bi­len Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň şan­ly se­ne­si my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan 9-njy maý­da Ys­la­ma­bat şä­he­rin­de Pa­kis­ta­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk we dip­lo­ma­tik yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty bi­len bi­le­lik­de “Türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­na 30 ýyl — öňe ta­rap ýol” at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. 

                                                                   

10-njy maý­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Adam hu­kuk­la­ry we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy ba­bat­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň hem-de BMG-niň ýurt bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­mak, şah­sy­ýe­tiň, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­züm­le­ri hem-de beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak­da, adam hu­kuk­la­ry­ny, şol san­da müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li adam­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek­de enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ul­ga­myn­da, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şeý­le-de mej­lis­de adam hu­kuk­la­ry­ny we hal­ka­ra yn­san­per­wer hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, bu ugur­da ila­tyň ha­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li Kon­wen­si­ýa­la­ra we ola­ryň fa­kul­ta­tiw tes­wir­na­ma­la­ry­na go­şul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

10-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­kail Çin­giz og­ly Jab­ba­row bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­ny dür­li ugur­lar­da, şol san­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. 

                                                                   

11-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Maj­li­si­niň Oli Maj­li­si­niň Baş­ly­gy, Du­şen­be şä­he­ri­niň Baş­ly­gy Rus­tam Emo­ma­li bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

12-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my ge­çi­ril­di. Fo­ru­myň do­wa­myn­da ne­ti­je­li se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň, döw­let­le­riň­dir halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lan par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mek we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň ara­syn­da, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Maj­li­si­niň Oli Maj­li­si­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça jem­leý­ji res­mi­na­ma — Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di. 

                                                                   

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy Mau­len Aşim­ba­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Žo­gor­ku Ke­ne­şi­niň Baş­ly­gy Ta­lant Ma­my­tow, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy Tan­zi­la Nar­ba­ýe­wa, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýa­şu­lu­lar Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy El­dar Al­lah­ýar og­ly Gu­li­ýew bi­len du­şu­şyk­la­ry bol­dy. Ola­ryň do­wa­myn­da ta­rap­lar ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar. 

                                                                   

13-nji maý­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ze­nan­la­ry­nyň «Jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ze­nan­la­ryň or­ny» at­ly dia­lo­gy se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem-de bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek üçin hö­kü­met­le­re ýar­dam ber­mä­ge, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri­niň ka­bul edil­me­gin­de ola­ryň or­nu­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­r aç­dy. 

                                                                   

Fo­ru­myň jem­le­ri bo­ýun­ça Jar­na­ma ka­bul edil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň Düz­gün­na­ma­sy­na hem-de özün­de dür­li de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri jem­le­ýän 2022-nji ýyl üçin Iş me­ýil­na­ma­sy­na gol çe­kil­di. Bu çä­re­le­ri Türk­me­nis­tan­da we dia­lo­ga gat­na­şy­jy beý­le­ki ýurt­lar­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. 

                                                                   

13-nji maý­da Du­şen­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­ny XXI asyr­da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Şert­na­ma­nyň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Şol gün Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da, ki­ber we bio­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da ýa­kyn gel­jek üçin GDA-nyň çäk­le­rin­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di, bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra ga­ral­dy. 

                                                                   

15-nji maý­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň baş di­rek­to­ry ha­nym Ke­rol Pe­res hem-de ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry­nyň Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň iş­le­ri bo­ýun­ça kö­mek­çi­si­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Din Tomp­son bi­len du­şuş­dy. Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň äh­li ul­gam­lar­da ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li me­se­le­le­re de­gip geç­di­ler. Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da bol­dy. 

                                                                   

16-njy maý­da BAE-niň da­şa­ry iş­ler hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk döw­let mi­nist­ri Ah­med Ali Al Sa­ýeg bi­len san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň, şeý­le-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, BMG-niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si nyg­tal­dy. Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň no­bat­da­ky mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu ko­mi­te­tiň işi iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, hu­su­san-da, dok­ma se­na­ga­tyn­da, ma­ýa go­ýum, ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa, azyk howp­suz­ly­gy, bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

16-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Awst­ri­ýa­da­ky il­çi­ha­na­sy Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de iki ýur­duň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Ahal­te­ke be­dew­le­ri — türk­men hal­ky­nyň ga­na­ty” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty gu­ra­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bu du­şu­şy­gyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan at­şy­nas­lar üçin aras­sa to­hum at­la­ry­ny ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak­da mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem “Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri” at­ly hö­dür­na­ma­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­lä deg­lip ge­çil­di. 

                                                                   

16-njy maý­da Brýus­sel şä­he­rin­de türk­men we­ki­li­ýe­ti Bü­tin­dün­ýä Güm­rük Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry je­nap Ku­nio Mi­ku­ri­ýa, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň Baş sek­re­ta­ry je­nap Gi Lens, şeý­le hem Ýew­ro­pa­nyň da­şa­ry gat­na­şyk­lar gul­lu­gy­nyň Rus­si­ýa, Gün­do­gar hyz­mat­daş­ly­gy, Mer­ke­zi Azi­ýa, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy hem-de ÝHHG bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy di­rek­to­ry Maýkl Zi­bert bi­len du­şu­şyk­la­ry bol­dy. Ola­ryň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Aş­ga­bat­da Bü­tin­dün­ýä Güm­rük Gu­ra­ma­sy­nyň se­bit­le­ýin okuw mer­ke­zi­ni aç­mak, güm­rük amal­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň hal­ka­ra üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi üçin hu­kuk çäk­le­ri­ni dö­ret­mek, ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi, ulag, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. 

                                                                   

16 — 20-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Je­na­ýat­çy­ly­gyň öňü­ni al­mak hem-de je­na­ýat adyl ka­zy­ýet­li­lik bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň We­na şä­he­rin­de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len 31-nji mej­li­si­ne gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri çä­rä gat­na­şy­jy­lar bi­len je­na­ýat­çy­ly­ga hem-de beý­le­ki umu­my we­him­le­re gar­şy dur­ma­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­dy­lar. Sy­ýa­sy we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li “Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa” dia­lo­gy­nyň 17-nji maý­da Brýus­sel şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ne howp sal­ýan äh­lu­mu­my we­him­ler ba­bat­da mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da je­del­li me­se­le­le­ri hem-de gap­ma-gar­şy­lyk­ly ýag­daý­la­ry çöz­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ta­gal­la­la­ry gol­da­mak üçin Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­li müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­gy do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. 

                                                                   

Şol gün ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň Da­şa­ry gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ý.D.Gri­gor­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, şeý­le hem rus kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki dü­züm­le­ýin gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­na gat­naş­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

17-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öm­rü­miň ma­ny­sy” at­ly ki­ta­by­nyň rus di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Çä­re­de çy­kyş eden­ler bu ki­ta­byň rus di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­ny has ýa­kyn­dan ta­na­ma­ga, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, onuň mil­li me­de­ni öz­bo­luş­ly­ly­gy, däp-des­sur­la­ry hem-de dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä­niň yl­my, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­ne go­şan sal­dam­ly go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik alan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. 

                                                                   

19-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na gul­luk iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy we şol ýer­de hor­mat­ly myh­man hök­mün­de Wol­ga Bul­ga­ri­ýa­sy­nyň ys­la­my ka­bul et­me­gi­niň 1100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re, “Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si: Ka­zan­Sum­mit 2022” XIII hal­ka­ra yk­dy­sa­dy sam­mi­ti­ne, “Rus­si­ýa — ys­lam dün­ýä­si” stra­te­gik ga­ra­ýyş to­pa­ry­nyň her ýyl­da ge­çi­ril­ýän mej­li­si­ne gat­naş­dy. 

                                                                   

Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy ösüş mi­nist­ri Mak­sim Re­şet­ni­kow, Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let ge­ňeş­çi­si Min­ti­mer Şaý­mi­ýew bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gy we hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ti­ren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ta­ta­rys­ta­nyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin» at­ly or­den gow­şu­ryl­dy. 

                                                                   

22-nji maý­da BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry dok­tor Hans Klýu­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de “Bi­te­wi sag­lyk” kon­sep­si­ýa­sy­ny iler­let­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­da sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin «Ýol kar­ta­sy» bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. 

                                                                   

23-nji maý­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Iza­bel Gi­nel bi­len du­şu­şy­gyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­ne iki ta­ra­pyň hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len äh­li ugur­lar­da, şol san­da ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, dur­nuk­ly­lyk we howp­suz­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­ler bol­dy. 

                                                                   

23-24-nji maý­da ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Täh­ran şä­he­rin­de YHG-nyň Sek­re­ta­ria­ty­nyň se­bit­de öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da hem-de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de tä­ze çöz­güt­le­ri iş­läp düz­mek bo­ýun­ça mej­li­si­ne gat­naş­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da se­bit­de söw­da­ny ös­dür­mek, ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. 

                                                                   

Mej­li­siň çäk­le­rin­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Meh­di Sa­fa­ri we Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Hus­raw No­zi­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň do­wa­myn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ge­çel­ge­si bo­ýun­ça ýük gat­naw­la­ry, ne­bi­ti, ga­zy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üs­ta­şyr ge­çir­mek, se­bit ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy nyg­tal­dy. 

                                                                   

23-24-nji maý­da türk­men we­ki­li­ýe­ti Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Pol­şa­nyň Lodz şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy-eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­nyň 2-nji taý­ýar­lyk mej­li­si­ne gat­naş­dy. Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ha­zar deň­zi­niň ulag hal­ka­sy hök­mün­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň ÝHHG bi­len söw­da­ny, «ýa­şyl» port­la­ry hem-de ulag gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­gam­la­ryn­da iş­jeň gat­na­şyk sak­la­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. 

                                                                   

24-nji maý­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ýol­baş­çy hem-de ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­tiň mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­lis­de bu mak­sat­na­ma­­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, 2021-nji ýyl­da hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň me­ýil­na­ma­sy­nyň hem-de se­riş­de­le­ri he­re­ke­te ge­tir­mek we hyz­mat­daş­lyk Stra­te­gi­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len BMG-niň ara­syn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­mak hem-de ola­ra uý­gun­laş­mak bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­nyň çäk­le­rin­de 2022-nji ýyl üçin He­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

25-nji maý­da BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) ýur­du­myz­da­ky we­kil­ha­na­sy Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy hem-de onuň ýurt bo­ýun­ça eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek­de hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň iş­jeň ula­nyl­ma­gy­na ba­gyş­la­nan ut­ga­şyk­ly gör­nüş­li bri­fing ge­çir­di­ler. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ge­zek­ki du­şu­şyk mil­li te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň, çap­ha­na we elekt­ron ne­şir­le­ri­ň we­kil­le­ri­ne ne­ti­je­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni güýç­len­dir­mä­ge, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, hu­su­san-da, san­jym ge­çir­mek, şah­sy aras­sa­çy­lyk ba­ra­da­ky ze­rur mag­lu­mat­la­ry sa­da we düş­nük­li dil­de ila­ta ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

                                                                   

Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — ABŞ” işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart we “Nicklaus Com­pa­nies” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry, di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Jon Riz, “In­ter­bud­mon­taž” gur­lu­şyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Wla­di­mir Pet­ruk, “Alt­kom” ma­li­ýe-se­na­gat to­pa­ry­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Alek­sandr Tis­len­ko bi­len du­şu­şyk­la­ryn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

Ta­rap­lar ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň hem-de ulag dü­züm­le­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­ny nyg­tap, dü­züm­le­ri top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­sion çöz­güt­le­ri iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­la­ryň iň go­wy tej­ri­be­si­ni çek­mä­ge, yna­nyş­mak we deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. 

                                                                   

25-26-njy maý­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly XXI kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri­ni, şeý­le hem bu ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny açyp gör­kez­di. 

                                                                   

26-njy maý­da BMG-niň We­na şä­he­rin­dä­ki eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­ki­li­niň BMG-niň Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Gerd Mýul­ler bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, hu­su­san-da, wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne deg­lip ge­çil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň ÝU­NI­DO-nyň he­re­ket ed­ýän çäk­le­rin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin “ýa­şyl” baş­lan­gyç­lar ul­ga­myn­da iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ra aý­ra­tyn uly üns ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

29-njy maý­da Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li “Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy” at­ly ha­ly­şy­nas­la­ryň Bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň ХХII mej­li­sin­de ha­ly do­ka­mak se­ne­di­niň ge­lip çy­ky­şy, bu ga­dy­my mil­li sun­ga­ty­my­zyň däp­le­ri­ni go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek, pu­da­ga tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

                                                                   

Çy­kyş eden­ler — dün­ýä­niň iri mu­zeý­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de esa­sy hü­när­men­le­ri, alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, işe­wür­ler, sun­gat eser­le­ri­ni top­laý­jy­lar türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­nyň ha­ta­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­läp, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak ba­ra­da­ky hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 2019-njy ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len 14-nji mej­li­sin­de türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi­niň mil­li gym­mat­ly­ga be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. 

                                                                   

31-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li­niň Bü­tin­dün­ýä in­tel­lek­tual eýe­çi­li­gi gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Da­ren Tang bi­len du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, şeý­le hem ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, şol san­da Bü­tin­dün­ýä in­tel­lek­tual eýe­çi­li­gi gu­ra­ma­sy hem-de Ýew­ra­zi­ýa pa­tent gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry­nyň ýö­ri­te we­kil­le­ri­niň ow­gan me­se­le­si bo­ýun­ça Al­ma­ty şä­he­rin­de ge­çi­ri­len no­bat­da­ky du­şu­şy­gyn­da ow­gan me­se­le­si­ni pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çöz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra we se­bit ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek, Ow­ga­nys­ta­ny se­bit­de go­şu­lyş­mak iş­le­ri­ne çek­mek, ýur­dy yk­dy­sa­dy taý­dan di­kelt­mek, onuň çäk­le­rin­de dür­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Çä­rä­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bu gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gy yzy­gi­der­li esas­da ge­çir­me­gi do­wam et­dir­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy hem-de Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di. 

                                                                   

Mah­la­sy, ge­çen aýyň “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly mö­hüm wa­ka­la­ry döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi hem-de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. 

                                                                                                           

(TDH)

10.06.2022
We­la­ýat­la­ry top­lum­la­ýyn ös­dür­mek üns mer­ke­zin­de

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy 

                                                                   

 Türkmenabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry esa­sy ýö­rel­ge edin­ýän ha­jy Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­lan­ýar. No­bat­da­ky iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we­la­ýa­tyň mer­ke­zin­dä­ki kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na ba­ryp, ila­tyň, aý­ra­tyn-da, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­dyr mu­gal­lym­la­ry bi­len du­şuş­dy, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­di­li­şi bi­len gy­zyk­lan­dy hem-de Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag köp­rü­si­ne ba­ryp gör­di. 

                                                                   

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hem-de gö­nü­den-gö­ni ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy mil­li luk­man­çy­ly­gyň ýo­ka­ry ne­ti­je­li ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne, onuň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk­lyk­da, mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, şeý­le­lik­de, ila­tyň sag­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi­ne, aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

                                                                   

“Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş şy­ga­ra la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ke­sel­le­ri be­jer­mek hem-de anyk­la­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len mer­kez­ler, has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Giň­den or­naş­dy­ryl­ýan in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar, dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar­dan sa­tyn al­nan hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, ugur­daş eda­ra­la­ryň gi­ňel­di­len ul­ga­my sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga we şo­nuň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň öm­ür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri yzy­gi­der­li ýag­daý­da hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça okuw­la­ry we iş tej­ri­be­lik­le­ri­ni geç­ýär­ler. 

                                                                   

Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça iň hä­zir­ki za­man, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler he­re­ket ed­ýär. Şu ýyl bu ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ulan­ma­ga ber­len kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, Da­şo­guz şä­he­rin­de açy­lan kö­pu­gur­ly we on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.  

                                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy ha­jy Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­na ba­ryp gör­di. Has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­min­de Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ýer­de iş­le­ýän luk­man­dan bö­lüm­ler­de iş­gär­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi we nä­sag­lar üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len baglanyşykly maglumat aldy, on­da be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. 

                                                                   

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bu döw­re­bap has­sa­ha­na­da adam­la­ra, şol san­da kör­pe­le­re ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry edil­ýär. Hu­su­san-da, bu ýer­de otur­dy­lan en­jam­lar ar­ka­ly ola­ryň sag­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik edil­ýär, ke­sel­le­ri anyk­la­nyl­ýar, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler ze­rur be­je­riş çä­re­le­ri­ni geçir­ýär­ler. Na­za­ry we ama­ly luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça bel­li alym hök­mün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň de­re­je­si­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, luk­ma­na öz hü­när de­re­je­si­ni he­mi­şe ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mas­la­hat ber­di we asyl­ly kä­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow hä­zir­ki wagt­da ýü­rek ke­sel­le­ri bö­lü­min­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­la­ryň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dy. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ola­ryň ene-ata­la­ry bi­len söh­bet­deş­lik­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si hem-de be­je­riş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da so­ra­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler he­mi­şe sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bo­lar, ça­ga­la­ryň ýa­kyn wagt­da do­ly sa­gal­ma­gy üçin ola­ra ze­rur luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. 

                                                                   

Kör­pe­ler joş­gun­ly goş­gy se­tir­le­rin­de ata­lyk ala­da­sy üçin ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň ýe­ne bir ota­gy­na ba­ryp, bu ýer­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­nyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny so­ra­dy, onuň gel­jek­ki mak­sat­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy. Ça­ga­nyň eje­si Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, berk be­den­li, ýo­ka­ry bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ug­run­da dö­re­di­len giň müm­kin­çi­lik­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de ber­kit­mek ba­ra­da he­mi­şe ala­da ed­ýär, bu ýö­rel­ge­ler al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow mak­sa­dy mä­täç­lik çek­ýän­le­re he­ma­ýat ber­mek­den yba­rat bo­lan ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­tap, ene-ata­la­ra per­zent­le­ri­niň tiz wagt­da sa­gal­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň ýe­ne bir ota­gyn­da be­jer­gi al­ýan ça­ga­nyň sag­lyk ýag­da­ýy, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi bi­len gy­zyk­lan­dy. Kör­pe nä­sa­gyň eje­si bu ýer­de ge­çi­ril­ýän be­je­riş usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di, hu­su­san-da, luk­man­la­ry­ň be­je­ri­şiň tä­ze­çil usul­la­ry­ny iş­jeň peý­da­lan­ýan­dyk­la­ry bel­le­nil­di. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da dür­li ke­sel­le­riň öňü­niň alyn­ma­gy­na hem-de ola­ryň öz wag­tyn­da be­je­ril­me­gi­ne, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar­dyr se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry be­jer­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Bu­la­ryň äh­li­si ada­myň aba­dan dur­mu­şy ba­ra­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­da be­jer­gi al­ýan kör­pe­le­re sow­gat­la­ry gow­şu­ryp, döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de-de has­sa­ha­na­lar­da luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni al­ýan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Soň­ra bu ýer­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Ger­ma­no­wyň hem-de Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň baş luk­ma­ny S.Ýu­su­bo­wyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry R.Ba­za­ro­wyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Has­sa­ha­na­nyň bö­lüm­le­ri­niň iş ter­ti­bi, kör­pe nä­sag­la­ra luk­man­çy­lyk kö­me­gi ber­len­de be­je­ri­şiň hä­zir­ki za­man usul­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­na, ke­sel­le­ri anyk­la­mak­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy­na, has­sa­ha­na­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­jeleri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ara alnyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­ler bol­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz has­sa­ha­na­nyň umu­my ýag­da­ýy, şol san­da der­man üp­jün­çi­li­gi bi­len gy­zyk­lan­dy. Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň baş luk­ma­ny 676 orun­lyk bu luk­man­çy­lyk eda­ra­sy­nyň bö­lüm­le­rin­de otur­dy­lan luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry, nä­sag­lar be­je­ri­len­de ula­nyl­ýan be­je­riş usul­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu luk­man­çy­lyk eda­ra­sy­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, has­sa­ha­na­nyň işi­niň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýer­de san­ly ul­ga­my iş­jeň or­naş­dyr­mak mas­la­hat be­ril­di. Mu­nuň özi be­je­ri­şiň üz­nük­siz­li­gi­ni sak­la­ma­ga, dür­li ugur­daş dü­züm­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­rer. 

                                                                   

Soň­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa mil­li luk­man­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­nyň, bir ta­rap­dan, ila­tyň ara­syn­da öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ne, beý­le­ki bir ta­rap­dan, ke­sel­le­riň öz wag­tyn­da ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na hem-de ola­ra ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Bu we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi maş­ga­la luk­man­çy­ly­gyn­dan, aras­sa­çy­lyk-dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň hi­li­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan hem-de luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gin­den baş­lan­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä tej­ri­be­si esa­syn­da ila­tyň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş nes­liň “luk­man­çy­lyk so­wat­ly­ly­gy­ny” ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň öz sag­lyk­la­ry ba­ra­da ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ge­çir­mek mak­sa­da­la­ýyk bo­lar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň luk­man­la­ry­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky dür­li ugur­ly hal­ka­ra we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­riň kär­deş hü­när­men­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak­la­ry­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­ma­ty ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, şeý­le iş tej­ri­be­si­ni äh­li we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Kar­dio­lo­gi­ýa we kar­dio­hi­rur­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet üp­jün­çi­li­gi, bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne-de mö­hüm orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da kar­dio­log­la­ryň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­ýär, ýü­rek-da­mar ul­gam­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni öz wag­tyn­da ýü­ze çy­kar­mak, öňü­ni al­mak hem-de be­jer­mek ýa­ly wa­jyp we­zi­pe­ler ola­ryň üs­tü­ne ýük­le­nen­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ul­gam­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek mö­hüm­dir. 

                                                                   

Dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ola­ry ir­ki wagt­da ýü­ze çy­kar­mak hem-de ne­ti­je­li be­jer­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ry bi­len bi­le­lik­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, “Türk­me­nis­tan­da 2020 — 2025-nji ýyl­lar­da ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa­da” bel­le­ni­len, şol san­da ça­ga­la­ry ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry, sag­dyn iý­mit bi­len üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne üns çe­kil­di. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň­dir en­jam­la­ry­nyň re­je­li we mak­sa­da­la­ýyk peý­da­la­ny­ly­şy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Tej­ri­be alyş­mak, iň go­wy anyk­la­ýyş we be­je­riş iş tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, gel­jek­de-de da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri­niň bi­ler­men­le­ri­dir hü­när­men­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ge­rek. 

                                                                   

Sag­dyn­lyk, ru­hu­be­lent­lik, bag­ty­ýar­lyk türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­dir. Wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen asyl­ly däp­le­re eýer­mek bi­len, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň go­rag­ly­ly­gy­na, iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä tej­ri­be­si esa­syn­da düýp­li öz­ger­dil­ýär we yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň iş­le­rin­de san­ly ul­ga­my iş­jeň peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Iň tä­ze te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry uzak ara­lyk­dan ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri­niň hyz­mat­la­ry­ny peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, şun­da me­ýil­na­ma­la­ýyn hem-de tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi hem ber­lip bil­ner, dür­li ke­sel­le­ri anyk­la­mak, be­jer­mek we öňü­ni al­mak ul­ga­myn­da tej­ri­be-de al­şyp bo­lar. 

                                                                   

Ke­sel­le­ri, şol san­da ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ni be­jer­me­giň ne­ti­je­li usul­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bu ugur­da gel­jek­de-de top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ka­bul edil­me­gi luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bir­nä­çe gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Le­bap we­la­ýa­ty­nyň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň bu se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ow­gan hal­ky­na hem luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mä­ge ni­ýet­le­nen­di­gi­ni bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz Ow­ga­nys­tan bi­len he­mi­şe hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­na eýe­rer, do­gan­lyk hal­ka de­ger­li gol­daw, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ne­ti­je­li ýar­dam be­rer. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry R.Ba­za­ro­wa ýüz­le­nip, mil­li luk­man­çy­lyk ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, has­sa­ha­na­lar üçin ze­rur en­jam­la­ry sa­tyn al­mak me­se­le­le­ri­ni öw­ren­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem­me­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, ola­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di we Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­na ta­rap ug­ra­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bi­na­sy­na ba­ryp, bu ýer­de döw­re­bap bi­lim al­mak üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ins­ti­tu­tyň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da döw­le­ti­mi­ziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni ös­dür­me­giň hem-de okat­ma­gyň ýol­la­ry, okuw iş­le­ri­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, mil­li bi­lim ul­ga­my üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. 

                                                                   

Alym Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şy­gy açyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri­niň “Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tek­li­bi bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň pa­la­ta­la­ry — Halk Mas­la­ha­ty hem-de Mej­lis ta­ra­pyn­dan bu hu­kuk na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­mak işi­ne gi­ri­şil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar bi­len bu me­se­le bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ru­hy taý­dan sag­dyn, hem­me­ta­rap­la­ýyn ter­bi­ýe­li we bi­lim­li ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şin­de hem-de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki eýe­le­ýän my­na­syp or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ýaş­la­ryň ägirt uly or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­na öw­rül­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sa­dy­nyň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne, şah­sy­ýet hök­mün­de ös­me­gi­ne, aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik hem-de ru­hy müm­kin­çi­lik­le­ri­niň açyl­ma­gy­na, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Bu ugur­da­ky mil­li stra­te­gi­ýa­nyň baş we­zi­pe­si ýaş ra­ýat­la­ryň hu­kuk hem-de dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den, türk­men hal­ky­na ga­dym­dan mah­sus bo­lan ru­hy-ah­lak we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek­den, ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, ra­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­den, ýaş­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak­dan hem-de hö­wes­len­dir­mek­den gözbaş alýar. 

                                                                   

Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da Döw­let mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di, onuň çäk­le­rin­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni hem-de ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­ny bil­ýän, ola­ra ba­ha ber­me­gi ba­şar­ýan, mi­ze­mez maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na sar­pa goý­ýan kä­mil, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si bi­len bir ha­tar­da, ta­ry­hy ösü­şiň, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hä­zir­ki za­man me­ýil­le­ri­ni we mö­hüm ugur­la­ry­ny, bin­ýat go­ýu­jy tag­lym­la­ry­ny türk­me­nis­tan­ly­la­ryň tä­ze nes­li­ne dü­şün­dir­mek hem-de ola­ryň aňy­na ýe­tir­mek, hä­zir­ki ta­ry­hy eý­ýam­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny açyp gör­kez­mek ba­bat­daky iş­le­re uly üns be­ril­ýär. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy mu­gal­lym­lar we ta­lyp­lar bi­len söh­bet­deş­li­gi­niň bar­şyn­da okat­ma­gyň iň tä­ze usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, na­za­ry yl­myň tej­ri­be-okuw sa­pak­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy üçin ins­ti­tut­da dö­re­di­len şert­ler ba­ra­da pi­kir al­şyp, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de mu­gal­lym­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýer­de yl­my iş­le­ri alyp bar­mak, dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni düýp­li öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Bu bol­sa ta­lyp­la­ryň saý­lap alan hü­nä­rleri­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dikleri­ni gör­kez­ýär. 

                                                                   

Çy­kyş eden­ler ins­ti­tu­tyň ta­lyp­la­ry­nyň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re we ders olim­pia­da­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek, hä­zir­ki za­man tej­ri­bä­ni hem-de yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar alym Ar­ka­da­gy­my­zy hä­zir­ki za­man mu­gal­lym­çy­lyk yl­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, san­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­le­rden ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne, Wa­ta­ny­myz üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň top­lan baý dur­muş tej­ri­be­si­ni hem-de asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, ýaş­la­ryň öňün­de dur­ýan anyk me­se­le­le­re, ýa­kyn wagt­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýän ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler hem-de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, mer­da­na hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň düýp­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na da­ýan­ýar. 2021-nji ýyl­da döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk se­ne­si bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan mil­li mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit de­re­je­sin­de hem, dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de hem de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan, yk­dy­sa­dy taý­dan ösen döw­let hök­mün­de yk­rar edilmegini gazandy. 

                                                                   

He­mi­şe­lik Bi­ta­raplyk de­re­je­si Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len bi­ziň döw­le­ti­miz hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy we ös­dür­ýär di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki za­man hal­ka­ra ul­ga­my­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy hem bel­le­nil­di. 

                                                                   

Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň se­riş­de, se­na­gat, zäh­met hem-de in­tel­lek­tual müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň baş mak­sa­dy­dyr. Öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin uzak we or­ta möh­let­li gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­di. Hu­su­san-da, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­riň dep­gin­le­ri­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Şun­da ýaş­la­ra uly orun de­giş­li­dir di­ýip, alym Ar­ka­da­gy­myz ola­ryň öz­le­ri­niň yh­las­ly oku­wy, bi­lim­le­ri öz­leş­dir­me­gi, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­na uly go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di. 

                                                                   

Ýaş­la­ryň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi hem-de ola­ra dür­li hü­när­le­ri öw­ren­mek üçin döw­re­bap bi­lim­le­re, uly dur­mu­şa, yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge ba­dal­ga be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň öze­ni bo­lup dur­ýar. Ýaş nes­li­miz eder­men ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­lent yn­san­per­wer­lik we zäh­met ter­bi­ýe­si ýö­rel­ge­le­ri­ni, asyl­ly däp-des­sur­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýär­ler. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­nyň, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­me­giň, ýur­du­my­zyň mil­li baý­lyk­la­ry­nyň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýaş­la­ryň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­le­şil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.  

                                                                   

Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze we däp-des­sur­la­ry­my­za da­ýa­nyp, ýaş­lar­da ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­za sar­pa goý­mak hem-de aýaw­ly çe­me­leş­mek duý­gu­sy­ny ter­bi­ýe­le­mek ge­rek. Äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň ta­gal­la­la­ry ýaş nes­liň hu­kuk we dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­dir, ola­ryň ara­syn­da hal­ky­my­zyň ru­hy-ah­lak we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, mil­li mi­ra­sy­myz wa­gyz edil­me­li­dir. Ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar te­le­ke­çi­lik we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Döw­le­ti­miz te­le­ke­çi­lik işi bi­len meş­gul­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ýan ýaş­lar üçin gel­jek­de-de ze­rur şert­le­ri dö­re­der. 

                                                                   

Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow dur­muş üp­jün­çi­li­gi me­se­le­si­ne geç­mek bi­len, adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dy­gy­ny hem-de şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň möç­be­ri her ýyl yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir hem-de al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Ýaş­lar­da bi­lim­le­ri­ni yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­ma­ga, bi­lim al­ma­ga hö­we­si ter­bi­ýe­le­me­giň ze­rur­dy­gy aý­ra­tyn nyg­tal­dy, mu­nuň özi jem­gy­ýe­ti ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir hem-de ýur­du­my­zyň yk­ba­ly­ny we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni kes­git­le­ýän mö­hüm şert­ler­dir. Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ter­bi­ýe iň gym­mat­ly baý­lyk­dyr, bi­lim we ylym bol­sa ter­bi­ýä­niň sü­tü­ni­dir. Şun­da mu­gal­lym­çy­lyk ba­bat­da hü­när­men­le­riň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne uly orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy şu­lar ba­ra­da nygtap, ýur­du­my­zyň esa­sy baý­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lan Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da bi­lim ul­ga­my üçin örän ze­rur hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy we ýaş­la­ryň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ter­bi­ýe­çi­lik däp­le­ri­ni ös­dür­me­gi do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­di­rip, öz dur­muş tej­ri­be­sin­den bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­di. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek me­se­le­si­ne ýyg­na­nan­la­ryň ün­sü­ni çek­di, çün­ki dil bil­mek uly baý­lyk­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra gep­le­şik di­li bo­lan iň­lis di­li­niň iň ir­ki ýaş­dan baş­lap, he­niz mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da öw­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Gö­zel Şa­gu­ly­ýe­wa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Çy­nar Rus­te­mo­wa­nyň şu ins­ti­tu­ty ta­mam­lan­dyk­la­ry buý­sanç­ly ýag­daý­dyr, ola­ra Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­ny, döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge go­şan uly şah­sy go­şant­la­ry üçin şeý­le be­lent at­lar da­kyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ins­ti­tut­da ýö­ri­te otag açyp, on­da Gah­ry­man ze­nan­la­ryň dur­muş hem-de dö­re­di­ji­lik ýol­la­ry ba­ra­daky mag­lu­mat­la­ry, şeý­le hem san­ly fo­tos­tu­di­ýa­ny we elekt­ron ki­tap­ha­na­ny ýer­leş­dir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň ösüş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan eý­ýa­my­dyr. Mu­nuň özi köp ba­bat­da ila­tyň so­wat­ly­ly­gy­nyň we göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňel­me­gi, yl­my-bar­lag­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, yl­my-teh­ni­ki ga­za­ny­lan­la­ryň dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ry­na giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, mul­ti­me­dia ul­gam­la­ry­nyň, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­mak ar­ka­ly döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň tu­tuş ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Alym Ar­ka­da­gy­myz bi­li­miň we yl­myň ada­my be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, du­şu­şyk­da ýaş­la­ra he­mi­şe düýp­li, hem­me­ta­rap­la­ýyn bi­lim al­ma­ga, aň-bi­lim de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ma­gy ne­si­hat et­di. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy mek­dep uçu­rym­la­ry­nyň kä­bi­ri­niň or­ta mek­de­bi ta­mam­lan il­kin­ji ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne gi­rip bil­me­ýän­dik­le­ri­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýaş­la­ra saý­lap alan hü­nä­ri bo­ýun­ça tej­ri­be top­lar ýa­ly işe ýer­leş­mä­ge ýar­dam ber­mek me­se­le­si ba­ra­da oý­la­nyş­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýaş­la­ry te­le­ke­çi­lik işi­ne giň­den çek­mek baradaky tek­lip hem aý­dyl­dy. 

                                                                   

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da alym Ar­ka­da­gy­myz ins­ti­tu­tyň hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän tä­ze bi­na­sy­ny gur­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. 

                                                                   

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň rek­to­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne ge­lip gö­ren­di­gi, ta­lyp­la­ry okat­mak me­se­le­le­ri­ne, mu­gal­lym­la­ryň hem-de bu bi­lim eda­ra­sy­nyň iş şert­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi, şeý­le-de gym­mat­ly mas­la­hat­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da gel­jek­de-de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öwüt-ün­dew­le­ri­ni be­rip, türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýaş nes­liň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne hem-de my­na­syp ter­bi­ýe al­ma­gy­na il­kin­ji de­re­je­li äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ni aýt­dy. Ge­çen dö­wür­le­riň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri gym­mat­ly pä­him-paý­has mi­ra­sy­ny bi­ze gal­dy­ryp­dyr­lar, ola­ryň dö­re­den eser­le­ri gel­jek­ki ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek üçin gym­mat­ly çeş­me bo­lup­dyr. Bi­ziň pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri dur­mu­şa tä­ze ga­dam ba­san ýaş ne­sil­ler üçin geç­mi­şi, hä­zir­ki döw­ri hem-de gel­je­gi özün­de jem­le­ýän nus­ga­lyk mek­dep­dir. 

                                                                   

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gel­jek si­ziň bi­len­dir! Bi­ziň ýur­du­my­zyň gel­jek­de-de gül­läp ös­me­gi üçin öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” di­ýip, ýaş­la­ra ýüz­len­di. Ýyg­na­nan­lar şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len bu söz­le­ri gaý­ta­la­dy­lar. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne üs­tün­lik ar­zuw edip, soň­ra we­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki ba­za­ra bar­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy azyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, hu­su­san-da, gök we bak­ja önüm­le­ri bi­len tanşyp, ba­zar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­di­li­şi bi­len gy­zyk­lan­dy. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň önüm­le­ri­ne, şol san­da ga­ra mal­la­ryň we to­wuk eti­niň ön­dü­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. 

                                                                   

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ne hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de guş­çu­lyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri üp­jün et­mek üçin 2022-nji ýyl­da iým­lik mek­ge­jö­we­ni, so­ýa­ny we iým­lik bug­da­ýy ek­mek we ola­ryň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ama­la aşyr­mak tab­şy­ryl­dy. Bu çä­re­ler ýur­du­myz­da guş eti­niň we ýu­murt­ga­nyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, şeý­le­lik­de, ila­ty­my­zyň ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­ne, önüm­le­riň da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän möç­be­ri­ni düýp­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Hö­kü­met mej­li­sin­de te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de hem-de azyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­ne pul se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky çöz­güt ka­bul edil­di. 

                                                                   

Ba­za­ryň sa­ty­jy­la­ry we aly­jy­la­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi, te­le­ke­çi­le­re, hu­su­san-da, azyk önüm­le­ri­ni hem-de gün­de­lik sarp edil­ýän ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän­le­re be­ril­ýän gol­daw üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. 

                                                                   

Ta­nyş­ly­gyň bar­şyn­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow söw­da no­kat­la­ry­na aý­lan­dy hem-de aly­jy­lar we sa­ty­jy­lar bi­len ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da el­ýe­ter­li nyrh­lar­dan ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler ba­ra­da pi­kir alyş­dy. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de-de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hil­li hem-de eko­lo­gik taý­dan aras­sa oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni aý­dyp, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re we te­le­ke­çi­le­re döw­let äh­mi­ýet­li bu mö­hüm iş­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. 

                                                                   

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag köp­rü­si­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu der­ýa Mer­ke­zi Azi­ýa­da uzyn­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji hem-de suw­lu­ly­gy bo­ýun­ça iň iri suw aka­ba­sy­dyr. Ol öz göz­ba­şy­ny Hin­di­guş dag­la­ryn­dan al­ýar. Şol ýer­de buz­luk­la­ryň ere­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän suw­ dag­lar­dan aşak­ly­gy­na gaýd­ýar, soň­ra bol­sa Tu­ran düz­lü­gi bo­ýun­ça akyp, peý­da­ly mad­da­la­ryň — mi­ne­ral we or­ga­ni­ki dü­züm­le­riň ägirt uly möç­ber­le­ri­ni dö­red­ýär. Şol se­bäp­li-de Amy­der­ýa­nyň su­wy he­mi­şe peý­da­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr, onuň ugur­la­ryn­da kuw­wat­ly döw­let­ler dö­räp­dir hem-de Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çip­dir.  

                                                                   

Hal­ka­ra ulag çat­ry­gy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­ny ös­dür­me­giň uzak möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­sy­ny na­za­ra al­mak bi­len, köp­şa­ha­ly döw­le­ta­ra ulag ul­ga­my­ny dö­ret­mek we­zi­pe­si öňe sü­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän Türk­me­na­bat — Fa­rap aw­tou­lag we de­mir ýol köp­rü­le­ri ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den geç­ýän ýük hem-de ýo­lag­çy akym­la­ry­nyň düýp­li art­ma­gy­na ýar­dam ber­di. Amy­der­ýa­nyň iki ke­na­ry­ny bir­leş­dir­ýän bu ulag ge­çel­ge­si in­že­ner-teh­ni­ki hem-de ula­nyş öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça köp­ri gur­lu­şy­gy­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Onuň gur­lu­şy­gyn­da berk­li­gi, ýo­ka­ry seýs­mi­ki dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün ed­ýän we beý­le­ki ze­rur teh­ni­ki öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän gur­na­ma se­riş­de­le­r ula­nyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Amy­der­ýa eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny su­wa­ryş su­wy bi­len do­ly üp­jün ed­ýär. Ga­ra­gum der­ýa­sy hem Amy­der­ýa­dan suw al­ýar. Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň hem-de Amy­der­ýa­nyň ug­ry bo­ýun­ça go­wa­ça­nyň we bug­da­ýyň ekin meý­dan­la­ry ýa­ýy­lyp gid­ýär. Bu mö­hüm ul­gam­da de­giş­li tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne, dä­nä­niň, pag­ta­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ýe­ter­lik möç­ber­de suw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da goş­ma­ça suw gor­la­ry­ny dö­ret­mek, ekin meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, onuň ýit­gi­si­ni azalt­mak me­se­le­le­ri hem örän mö­hüm we­zi­pe­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan tä­ze suw how­dan­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, ozal bar bo­lan­la­ry­nyň sy­gym­ly­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne iri ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Der­ýa­la­ryň su­wa­ryş hem-de zeý­keş aka­ba­la­ry­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem şu mak­sa­da gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow bi­len 8-nji iýun­da ge­çi­ren mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu me­se­lä hem ga­ral­dy. 

                                                                   

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi bi­len se­bi­tiň, şol san­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak, suw ho­ja­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak hem-de onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, giň ge­rim­li çä­re­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri su­wa­ry­lan­da suw tyg­şyt­laý­jy usul­la­ry ulan­mak, yzy­gi­der­li ýag­daý­da de­giş­li çä­re­le­ri ge­çir­mek ze­rur­dyr. Dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur alyp, iri suw ge­çi­ri­ji­le­ri­ni, suw how­dan­la­ry­ny hem-de köl­le­ri peý­da­lan­makda iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ ulan­mak, sarp edil­ýän suw se­riş­de­le­ri­niň do­ly ha­sa­by­ny ýö­ret­mek hem-de bu iş­le­ri san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek mö­hüm­dir di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bel­le­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de suw ho­ja­lyk pu­da­gy­na öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.

10.06.2022
Telekeçilere döwlet goldawy

Ýur­du­myz­da hu­su­sy işe­wür­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki or­ny bar­ha art­ýar. Te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi bu pu­da­gyň bar­ha ös­me­gi­ne, dün­ýä ba­za­ryn­da ta­nal­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi türk­men te­le­ke­çi­le­rin­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. 

                                                                   

Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň azyk sy­ýa­sa­ty: hal­ky­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na» at­ly ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.  

                                                                   

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň guş­çu­ly­gyň oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­tap: «Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da guş eti we ýu­murt­ga, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär» di­ýip bel­le­me­gi bi­zi has-da buý­san­dyr­dy — di­ýip, «Al­tyn jüý­je» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň di­rek­to­ry Röw­şen Aman­sä­he­dow nygtady: — Dü­şe­wünt­li pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lan guş­çu­ly­gyň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iým­lik bug­da­ýy, mek­ge­jö­we­ni we so­ýa­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­megiň hem-de bu ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ta­rap­la­ra goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­me­giň tek­lip edil­me­gi ýer­li önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­ma­gyn­da, içer­ki ba­za­ryň öz önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edil­me­gin­de örän äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyndaky daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýyl­da 5 mil­lion jüý­je çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan in­ku­ba­tor top­lu­my­myz ýer­leş­ýär. Etrabyň «Türk­me­nis­tan» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de bol­sa sa­gat­da 10 ton­na ba­ra­bar de­ňag­ram­laş­dy­ry­lan iý­miň 7 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şeý­le-de ýyl­da 1 mil­lion jüý­je sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän guş­çu­lyk fer­ma­myz­da her ýyl 1500 ton­na et ön­dü­ri­lip, hal­ky­my­za hö­dür­len­ýär. 

                                                                   

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da goý­be­ri­len uly möç­ber­dä­ki pul se­riş­de­si ila­ty­my­zy öz eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edip, ola­ryň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni ep-es­li azalt­ma­gy­myz­da uly gol­daw­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň biz — te­le­ke­çi­le­re bil­di­ren ýo­ka­ry yna­my­ny öde­mek ug­run­da gel­jek­de-de yh­las-ba­şar­ny­gy­my­zy gaý­gyr­ma­rys. 

                                                                   

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da edi­len çy­kyş­lar­da azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­magyň, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­megiň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm ugur ha­sap­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da buý­sanç bi­len bel­le­nil­di.  

                                                                   

Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­ýär, oba ho­ja­lyk ugur­ly tä­ze ul­gam­la­ry dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň gol­da­nyl­ma­gy bu ba­bat­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hu­su­sy eýe­çi­lik­de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi te­le­ke­çi­le­riň oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip, bol ha­syl al­ma­gy­na, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň et önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, içer­ki ba­zar­da azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­re­dip, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na ge­tir­ýär.  

                                                                   

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­rip, içer­ki ba­za­rlarda azyk bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler, gol­daw-he­ma­ýat­lar üçin Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za al­kyş aýt­dy­lar. 

                                                                                                           

Ke­ýik UMA­RO­WA.

                       

«Türk­me­nis­tan».

10.06.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çir­di

Aş­ga­bat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow bi­len san­ly ul­gam ar­ka­ly mas­la­hat ge­çir­di. On­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de bir­nä­çe çöz­güt­ler ka­bul edil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ty açyp, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri­niň pi­le taý­ýar­la­mak boýunça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ba­ra­da­ky hoş ha­bar­dan baş­la­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan pu­da­gy gol­da­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­pek­çi­li­gi ös­dür­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän giň ge­rim­li gol­daw­lar esa­syn­da, ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer ýü­pek­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. 

                                                                   

Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýü­pek­çi­le­ri­mi­ziň bu zäh­met ýeň­şi bi­len gut­lap, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­di­len şert­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hoş ha­ba­ry ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, hal­ky­my­zy hem-de eder­men pileçilerimizi Wa­ta­ny­my­zyň pi­le har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň tab­şy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­ziň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz çe­ken zäh­meti­niň ne­ti­je­sin­de ön­dü­ri­len pi­lä­niň bol ha­sy­ly­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ha­lal ojak­la­ry­nyň be­re­ke­di­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ýü­pek önüm­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­pek önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry esa­syn­da ýo­la go­ýul­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bo­lup, olar do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha­na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­ny, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow gel­jek­de ýü­pek­çi­li­ge goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ila­ty­myz üçin goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pi­le­çi­le­ri hem-de äh­li türk­men hal­ky­ny pi­le tab­şyr­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, uly zäh­met üs­tün­li­gi­niň ga­za­nyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan dur­muş, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da çek­ýän yh­las­ly zäh­me­tin­de has-da be­lent sep­git­le­re ýet­mek­le­ri­ni ar­zuw et­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de da­ba­ra­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan äh­li pi­le­çi­le­re we iş­gär­le­re sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy gu­ra­mak ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re tab­şy­ryk ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin meý­dan iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Şu gün­ler Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler do­wam ed­ýär, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­na 10-njy iýun­da baş­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gal­la ora­gyn­da dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ry, bug­daý da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ry do­ly güý­jün­de iş­let­mek hem-de ýyg­na­lan ha­sy­ly gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­rin­de bök­denç­siz ka­bul et­mek ug­run­da ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, eki­len ýaz­lyk ýe­ral­ma we gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ideg et­mek, ir­ki ýe­ti­şen ýe­ral­ma­ny we gök ekin­le­riň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, ila­ty­my­za ýe­tir­mek hem-de so­wa­dy­jy am­mar­lar­da ýer­leş­dir­mek, gök ekin­le­riň güýz­ki eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Ýur­du­myz­da hä­zir go­wa­ça eki­şi ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gö­ge­riş al­nan meý­dan­lar­da go­wa­ça ideg et­mek, ha­ta­ra­ra be­jer­gi­le­ri ge­çir­mek, ekini mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek, oňa ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky suw bi­len üp­jünçilik bo­ýun­ça do­wam ed­ýän kem­çi­lik­ler dü­ze­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­da der­ýa­la­ryň su­wu­nyň ka­da la­ýyk bol­ma­gy bi­len, se­bi­tiň eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň suw üp­jün­çi­li­gi go­wu­lan­dy­ryl­dy hem-de gel­jek­de su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

 Wi­se-prem­ýer ýa­kyn gün­ler­de ýur­du­myz bo­ýun­ça go­wa­ça eki­şi­niň do­ly ta­mam­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da mö­hüm möw­süm ha­sap­lan­ýan gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly hem-de bel­le­ni­len möh­let­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Go­wa­ça­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­ma­gy, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­dir. 

                                                                   

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 11-nji iýun­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, bi­ziň se­bi­ti­miz­de suw bi­len bag­ly kyn­çy­lyk­ly ýag­daý­la­ry göz öňün­de tu­tup, wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, bi­rin­ji­den, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy, bu to­pa­ryň dü­zü­mi­ne Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, yl­my ins­ti­tut­la­ryň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny goş­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Ikin­ji­den, Amy­der­ýa­dan we Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan baş­lap, der­ýa­la­ryň ha­na­syn­da bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň, su­wuň aky­my­nyň geç­mez­li­gi­niň se­bäp­le­ri­ni anyk­la­ma­gyň, kem­çi­lik­le­ri dü­zet­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­giň we olary ama­la aşyr­ma­ga gys­sag­ly gi­ri­şil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, teh­ni­ka­la­ry, lä­bik so­ru­jy­la­ry, suw so­ru­jy­la­ry, ola­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin ze­rur se­riş­de­le­ri bö­lüp ber­mek ba­ra­da tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­dy. 

                                                                   

Üçün­ji­den, der­ýa­lar bi­len bir­lik­de, esa­sy suw aka­ba­la­ryn­da hem bar­lag­lar ge­çi­ril­me­li­dir. Ola­ry aras­sa­la­mak, be­ton­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­li we bu me­ýil­na­ma­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­me­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy. 

                                                                   

Dör­dün­ji­den, suw süý­je­di­ji des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­mak hem-de Ha­zar deň­zin­den Aş­ga­ba­da suw ber­mek bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­re se­re­dil­me­li­dir. 

                                                                   

Bä­şin­ji­den, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň her mej­li­sin­de iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­me­gi wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­ha­ty ta­mam­lap, wi­se-prem­ýe­re alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.

09.06.2022