Döwür sanlylaşdyrmagy talap edýär

Häzirki döwürde tutuş Ýer ýüzünde sanly ulgam düşünjesi öz gerimini gitdigiçe giňeldýär. Islendik ösen döwletiň tejribesine nazar salsaň, olaryň häzirki ösüşleriniň esasynda sanly ykdysadyýetiň hem sanly tehnologiýalaryň durandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Diýmek, sanlylaşdyrmak arkaly hem-ä ýurduň ösüş depginini çaltlandyrmaga, hem-de halkara giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga mümkinçilik döreýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmek işi şol ugurdan bilim ýüki, hünär taýýarlygy ýetik hünärmen binýadyny talap edýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bu käri ele aljak ýaş hünärmenler üçin döredilýän mümkinçilikler barmak basyp sanardan kän. Ylaýta-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Elektron kitaphana ulgamy, portal, saýt ýaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak işi bilim ulgamynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde ýörite internet web-saýtlary döredilip, olarda bilim ojaklarynyň her biri hakynda takyk maglumatlar ýerleşdirilendir. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üç tapgyrda amala aşyrylar. Şoňa laýyklykda, ilatyň uzak aralykdan birnäçe işi, bir wagtda tiz hem önjeýli ýerine ýetirmegine giň mümkinçilikler döredildi.  

                                                                   

Akylly tehnologiýalara daýanýan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden paýly bolan bilim işgärleriniň öňünde diňe ata Watanymyzyň röwşen geljegini şuglalandyrjak ýaş nesli kemala getirmekde arman-ýadaman, önjeýli zähmet çekmek galýar. Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Begençdurdy SAPAROW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag   kommunikasiýalary institutynyň   mugallymy.