Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy baradaky meselä ünsi çekdi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu jähetden, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Konsepsiýanyň hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm wezipe üç tapgyrda dowam etdirilýär. Sanlylaşdyrmagyň birinji tapgyrynda interneti ulanyjylaryň millionlarçasyna onuň elýeterliligi üpjün edildi. Ýurdumyzda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, ilatyň ýaşaýan ýerlerinde, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, internet web-saýtlarynyň döredilmegi sanly ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Sanlylaşdyrmagyň 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrynda, ýagny häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Karary bu babatda alnyp barylýan işleriň göwnejaý ýola goýulmagyna we durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam eder.
Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň maksadymyz hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Bu ugurda, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwrenmekde, geljekki hünärmenleriň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekde sanly ulgam uly ýardam edýär. Bilim portallarynyň döredilmegi ylym-bilime degişli maglumatlar, gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audiomateriallar ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan döwrebap gurluşyklaryň — «Aşgabat-sitiniň» we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň sanly ulgamyň gazananlary, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýandygyny bellemeli. Munuň özi halkymyz üçin ösen döwrüň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini alamatlandyrýar.
Jeren HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.