Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy. 

                                                                   

Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi hem-de Arkadagymyzy giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutladylar we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýeti bellenildi, şolarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz düýpli özgertmeler strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurtlaryň oňat tejribelerini çekmäge, dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýär. 

                                                                   

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatynyň bolmagy bilen birlikde, häzir Türkmenistanda işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendiginiň subutnamasy bolup durýar. 

                                                                   

 “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işi, hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek boýunça meýilnamalar, ileri tutulýan ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän, hususan-da, energetika, maliýe ulgamlarynda, oba hojalygynda we sanly ulgamda, sport ugry boýunça häzirki we geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.  

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de amerikan işewürleri birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.