Şeýle bir halatlar, hadysalar bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar biziň güýjümizden has daşary gelýän ýaly bolup görünýär. Ýaly däldir-de, daşarydyr. Ony täsin waka diýibem bilýärler. Ol beýle däl. Düýbünden başga zat. Takygyny aýtsaň, Gudratdan gelýän güýç, adatylykdan ýokary göterilýän başarnyk, başgalyk. Şaglap inende, bada gelende, adam bulaň ählisine ukyplydyr. Aslynda, ynsan güýjüne gelýän zat barmy?! Ýokdur. Ony dünýe boýun alýar. Aldyrýan ägirtler, ärler bardyr. Şolaryň güýji bilen dünýe bakylygyny-müdimiligini saklaýar. Dürli taraply ussatlara baş egýäň, tär-tilsimini ele alanyna haýran galýaň. Men bu ýerde nämäni ýaňzytjak bolýan?! Sözümiz, söhbedimiz bedewe ugrugýar.
Gahryman Arkadagymyzyň at çapmakdaky ussatlygyna aperin diýýän. Bu uly aýratynlyk hem artykmaçlyk. Men bu barada ýazan uly göwrümli goşgymy ýatlaýyn.
Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna Döwlet guşy bolup gonan mahallarydy.
Giň sähraýa salam berip ugradyň,
Ajaýyp görnüşiň çekdim suratyn.
Ýylgyryşyň, nepisligi sungatyň,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Undup bilmez bu pursady synlan göz,
Ejiz gelýär tarypyňa sözlän söz.
Gaýratyňda Oguz hanmy, ýa Öwez.
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Gudrat güýji göreçlerde galýandyr,
Erteki bi, şony ýada salýandyr.
Goç ýigitler şeýdip bagta barýandyr,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Jümle-jahan bilen alýarsyň demi,
Atyň toýnagynda dünýäniň heňi,
Görünýär gülşenli günleriň reňi,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Saňa güýç gelýändir pederleriňden,
Senden güýç barýandyr ýüpek seriňden,
Aýlanaýyn ganatyňdan, periňden,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Asman giňdir, giňdir onuň gujagy,
Garşy alar, alar göwni açygy.
Göter Dünýäm, Özüň bilen uçaly,
Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda.
Şoldur, türkmen Söwer Ogly bilen, Akhan aty bilen asman sary uçandyr. Döwrüň özgerişini, ösüşini başga hiç zat bilen deňäp bolmaz. Şu getirilen mysal laýykdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir meselede hiç kimsäge meňzemeýän çuňdan oňyn oýlanmasy hemem ondan çykarýan aýdyň çözgüdi bar.
Ýakynda, uly toýlaryň öňüsyrasynda mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atynyň dowamy, at taýy-taýçanagy dünýä indi.
Hormatly Prezidentimiz aňyrdan gelýän asylly ýoly yzarlap, ak şäherimiziň, mermer şäherimiziň ady bilen sazlaşdyryp, oňa Aşgabat ismini dakdy. Şahyr eser ýazanda, gözüniň öňüne getirmesi esasynda döredýändir.
Gahryman Arkadagymyzyň bu buşlugy, hoşlugy pajarlap ösýän döwrümiziň ösüşi bilen baglanyşdyryp alandygyna haýran galýaň.
Söwer Ogluň kalbynyň toýdugyny, şatlykdygyny-şagalaňdygyny bir gezek däl, müňläp gezek gaýtalaýandyryn.
Mähriban Arkadagymyzyň merkezi şäherimiziň 140 ýyllygynyň hormatyna “Aşgabat” atly kitabyny ýazýandygyny, “Ak şäherim Aşgabat” şygryny oňa girizýändigini eşidenimde, diýseň guwandym, buýsandym. Şahyr kalbynyň bardygy bize joşgunly derýa.
Her bir üstünligňi belleýändirin,
Aýry däldir, Akhan, senden ykbalym.
Ýeňişe ýarlygňa begenýändirin,
Setirleri bagyşlandyr yhlasym.
Nesibäm ekeni nesliňi görmek,
Özüň deý şöhrata, şana dolsun ol.
Arkadag ýöreýen ýollarda ýörmek,
Aşgabat ismine eýe bolsun ol.
Aýlawlarda çapdyň Arkadag bilen,
Sen türkmeni belentlige ýetirdiň.
Döwür-döwran bilen, eşret çag bilen,
Hemem meni şahyrlyga getirdiň.
Sendedir erjellik, tutanýerlilik,
Ýöne ýere tanymallyk gelmeýär.
Gazanan mertebäň ömrüňe bellik,
Türkmeni göterşiň nämä degmeýär?!
Barmaklarym üstünligňi sanaýar,
Entekler güýç bardyr, ganatyňy ýaý!
Adyganym, seni dünýä tanaýar,
Ol abraýdan ýetdi maňa-da serpaý.
Arkadag ajaýyp eser döredýär,
Dessanyny ýazdy gözel şäherňe.
Seniň bilen baky ýolun ýöredýär,
Gözellik, gönezlik sergin säherňe.
At taýa alaja dakandyr Ene,
Gözlerden, dillerden ol sizi gorar.
Çapyber, üzülmez ömür bar ýene,
Asyrlar geçse-de, wagt sizi sorar.
Bu bir eýýam, indi gaýtalanmajak,
Arkadagly günler bagtymyzadyr.
Ser salýan sährama, gül gujak-gujak,
Alnymda Gün dogýar, ýagtymyzadyr.
Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/24049
Aşgabat, 22-nji mart (TDH). Şu gün — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.
Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi.
Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.
Munuň özi uly zähmet ýeňişlerine, şanly senelere beslenip gelen ýylda ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň şanyna bildirilen hormatdyr. Şeýlelikde, Akhan bilen Lälegyzyň taýyna Aşgabat ady dakyldy.
Mälim bolşy ýaly, şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişli Akhan 2006-njy ýylda doguldy. Arkadag Prezidentimiziň seýisläp ýetişdiren bu bedewi ýyndamlygy, gözelligi bilen ahalteke bedewleriniň şöhratyna şöhrat goşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Akhan bedewi bilen ýurdumyzyň birnäçe toý-baýramlaryna gatnaşdy. Aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişli boldy.
Taryhyň dowamynda at çapyşyklary türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň esasy ýaraşygydyr. Toýlaryň bezegi bolan ganatly bedewler bolsa halkymyzyň ýakyn hemrasyna, syrdaşyna öwrüldi.
Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.
2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynda ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyny we Akhanyň gazanýan ýeňişleriniň halkara derejede ykrar edilmegini şertlendirdi.
Baharyň şu ajaýyp wakasy dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz Şapolat atly mele bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi.
Türkmen tebigatynyň gözelligi hem-de ajaýyplygy baharyň ilkinji günleri has-da äşgär duýulýar. Muny sungat eseri bilen deňeşdirmek bolar. Gök begrese beslenýän jülgeler, pyntyklaýan agaçlar — bularyň hemmesi amatly ekologiýa gurşawyny döredýär.
Dag etekleriniň ajaýyplygy bahar paslynyň ýakymly howasy bilen utgaşyp, ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär.
Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar.
Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.
Soňra Şapolat öňatdy hereketine geçdi. Bu gün at seýislemegiň milli ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligi, paýhasy hem-de özboluşlylygy dünýä atşynaslaryny özüne bendi edýär.
Soňra ynsan gylykly ajaýyp Şapolat öňürdikledi.
Bu pursatlarda ýüzýyllyklaryň dowamynda ynsan bilen bedewiň arasynda emele gelen ruhy arabaglanyşygy ýüze çykýar, häzirki wagtda munuň özi türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösüşiniň täze tapgyrynyň binýadynyň döredilýändigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn nygtaýar.
Türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlary seýislemek işini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri durmuşa geçirýärler.
Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, düşbüligi hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda Türkmen alabaýynyň baýramynyň hem bu milli baýram bilen bilelikde geçiriljekdigi şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň ýokarydygyny we oňa ýurdumyzda uly üns berilýändigini alamatlandyrýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan “Aşgabat” atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.
Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda Aşgabadyň taryhyna, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi bilen bagly maglumatlary bir ýere jemledi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalarynyň, şol sanda paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine ýardam etdi.
Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, halkymyzyň binagärlik-şähergurluşyk tejribesine belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabada bagyşlanan eseri döredýän wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere esaslanyp, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa täze işiň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär.
Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, birnäçe daşary döwletleriň senenamasynda möhüm orun eýeleýän Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşdurdy. Bu bolsa göwnejaý derejede fotosuratlar bilen bezelen “Aşgabat” atly täze kitaba bu baradaky maglumatlary girizmek höwesini oýardy.
Döwlet Baştutanymyzyň şatlykly pursatlara ylhamy joşup, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.
Aziýaň dür-merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!
...Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!
Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler giňden wagyz edilýär. Munuň özi nusgalyk derejä göterilen milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylmagyna giň ýol açýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23979?type=feed
Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi
Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Ir bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanan ýere geldi.
Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we talyp ýaşlar garşyladylar.
Bahar pasly ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde tebigatyň janlanýan pursatlaryna mahsus gözelligi döretdi. Adamlaryň ruhubelentligi tebigatyň ajaýyplygy bilen utgaşyp, özboluşly baýramçylyk joşgunyny emele getirdi.
Döwlet senasynyň dabaraly owazynyň astynda milli Tugumyz belende galdyryldy. Bu dabara ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman ekologiýa syýasaty bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulýan täze seýilgähiň ilkinji bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramynyň hormatyna geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasyna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ýerde guralan asylly çärä gatnaşyp, bag nahalyny ekmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy we ol ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzyň işewürlik we medeni-durmuş merkeziniň emele gelýän künjeginde täze döredilýän seýilgähiň çäklerinde guralan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler.
Şu pursatda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent owaza beslenen aýdym-sazly çykyşlarynyň ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi we bu ýerde guralýan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ýeri gelende, ýurdumyzda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň her ýylda Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşdyrylýandygyny bellemeli. Bu bolsa dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur mana eýedir.
Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara derejäniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini artdyrýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär.
Bular, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini aýawly saklamaga, Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramaga we beýleki köpugurly möhüm meselelere degişlidir.
Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde, awtoulag hem-de demir ýollaryň ugrunda gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň; welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Häzirki wagtda Aşgabady bagy-bossanly şäher hökmünde tanaýarlar, çünki tomsuň jokrama yssysynda hem gül-pürçük bolup oturan ýaşyl baglar, daş-töweregi salkynlaşdyrýan suw çüwdürimleri göreniň gözüni dokundyrýar.
Goýy saýaly ajaýyp baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller, paýtagtymyzyň etekleriniň aýrylmaz keşbine öwrüldi.
Köpetdagyň eteklerinde arça, pürli hem-de ýaprakly agaçlar ekilen meýdanlar barha giňelýär. Şonuň netijesinde soňky ýyllarda bu ýerlerde guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň, şol sanda seýrek duşýanlarynyň hem sany ep-esli artdy.
Türkmen artistleriniň — sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi.
Göçgünli aýdym-sazlar hem-de tanslar tebigatyň täzelenişiň, parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de dostlugyň nyşany bolan Milli bahar baýramynyň şanyna şan goşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralara beslenen ýylda asylly çärä gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw edip bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23821?type=feed
Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatlarda pagtaçy kärendeçileriň ekişe girişmek, şol sanda gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirýändikleri bellenildi. Ekiş geçiriljek meýdanlarda meýilleşdirilen işler alnyp barylýar.
Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinden satyn alnan ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de ekiş möwsüminde gowaça ekiji tehnikalaryňdyr gurallaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda ýörite toparlar döredildi. Şol toparlar degişli serişdeler bilen üpjün edildi.
Wise-premýer ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini belläp, ekişi gysga wagtyň içinde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň senagat üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirjekdiklerine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçylar!” diýip, milli Liderimiz aýtdy we edermen pagtaçy daýhanlarymyza, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzdan miras galan daýhançylyk däplerini dowam edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bu köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda hukuk ulgamyndaky gatnaşyklara degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri netijeli çözmek babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň» netijeli amala aşyrylandygy bellenildi. Häzirki wagtda bu işi ulgamlaýyn esasda dowam etmek üçin Türkmenistanyň degişli edaralary we guramalary BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde, bu resminamanyň 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin taslamasyny taýýarladylar.
Täze meýilnama geljekki bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup çykyş eder.
Türkmenistan Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyň ornaşdyrylmagy babatdaky 2018 — 2020-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy bu gurama we beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň netijeli usullarynyň biri hökmünde çykyş etdi. Bu meýilnamanyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Gürrüňi edilýän resminama halkara ynsanperwer hukuk babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda, döwlet gullukçylarynyň, milli hünärmenleriň bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine alýar.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk babatda BMG-niň ÝUNESKO ýaly iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň rejelenen Düzgünnamasy we düzümi tassyklanyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, bilim, ylym, medeniýet, suw serişdelerini dolandyrmak, statistika, sport, milli medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy geljekki üç ýylyň dowamynda aýratyn meýilnama boýunça alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda ylym-bilim we hukuk ulgamlarynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça 18 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy bilen hem ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň arasynda Türkmenistanda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa mysal hökmünde pudagara toparyň halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde geçiren mejlislerini görkezmek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, 24-nji martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň gün tertibine şu ýylda abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de bilelikde taýýarlanylan iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleler giriziler. Şeýle hem şol mejlise sanly wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde we Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Bu ugurda ýurdumyz iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG hem-de beýleki abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz üstünlikli amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän, milli hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň uzak möhletli geljegi nazara almak arkaly guralýan bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidigini belledi.
Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny görkezip, ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygydyr abadançylygy üpjün etmäge, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine olary durmuşa geçirmek, ýokarda agzalan ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin köptaraply kuwwatdan has netijeli peýdalanmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini kämilleşdirmek hem-de Energetika ministrliginde we onuň edara-kärhanalarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek we ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň esasynda senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap desgalar gurulýar, ozaldan işläp gelýän kärhanalaryň durky täzelenilýär.
Ýurdumyzyň himiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, mineral, gidromineral we uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini, ilatyň hem-de halk hojalygynyň pudaklarynyň zerur himiýa önümleri bilen üpjün edilişini gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde täze önümçilik kärhanalary ulanylmaga berildi.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Pudagyň kärhanalarynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, işçi güýjüni, maddy we maliýe serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi iş diwanynyň düzüm gurluşyna üýtgetmeleri girizmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijileriň ýokary isleglerinden peýdalanýan himiýa önümleriniň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, himiýa senagatyny kämilleşdirmek ugrunda işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýer Energetika ministrliginiň hem-de onuň edara-kärhanalarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Elektrik energetika pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň gidişine gözegçilik etmek maksady bilen, Energetika ministrliginiň merkezi diwanynda maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýa bölümi döredildi.
Häzir “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň binýadynda hasabat merkezi döredilip, şol ýere Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň ähli sarp edijileri barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Töleg terminallary oturdyldy, hasabat merkeziniň internet portaly döredildi, öýjükli telefon arkaly töleg geçirmek hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu çäreler nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, elektrik energiýa tölegleriniň geçirilişine we tygşytly ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde sanlylaşdyrmak işini diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmak hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, maglumatlaryň elektron binýadynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça işleri güýçlendirmek barada görkezmeler berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Geçirilen seljerme işlerine laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň gurluşynda Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini döretmek, olaryň düzümine degişli üýtgetmeleri girizmek hakynda teklip taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň içerkidir daşarky maglumat howplaryndan goraglylyk ýagdaýyny gazanmagyň adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklarydyr azatlyklaryny amala aşyrmagy, halkymyzyň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşini-de üpjün edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreler ähli kesgitlenen meýilnamalary ýerine ýetirmäge ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, sanly ulgama geçmegiň döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, edara-kärhanalary dolandyrmak işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama laýyklykda, kärhanalary bellige almak işini kämilleşdirmek boýunça çäreler bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almagyň hem-de olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibiniň gaýtadan işlenip taýýarlanylandygy barada habar berildi. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňligi üçin amatly şertleri döretmek, raýatlaryň işewürlik başlangyçlaryny giňden goldamak maksady bilen, resminamanyň taslamasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine kybap getirmegiň milli kanunçylyk binýadyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Milli Liderimiz hereket edýän resminamalary yzygiderli seljermegiň hem-de olary tapgyrlaýyn täzelemegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň hususy eksport edijilerini mundan beýläk-de goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hususy ulgamyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde daşary ýurtlara senagat harytlarynyň hem-de azyk önümleriniň eksport edilişiniň mukdary artdy.
Eksport amallaryny höweslendirmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe amallary ýeňilleşdirmek barada, hususan-da, harytlary eksport etmek bilen meşgullanýan hususy telekeçiler we şahsy taraplar üçin ýeňillikleri döretmek boýunça teklipler aýdyldy.
Bu ugurda dünýä tejribesinden ugur alnyp, birža söwdasyny ösdürmek hem-de oňa ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagyny giňeltmek boýunça çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda hususy işewürlik üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmek işinde uly tejribe topladylar. Diýarymyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleri halkyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeler berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanyň ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparyny döretmek hem-de «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň hemra aragatnaşygyny giňeltmek ulgamynda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýer üsti barada kosmosdan alnan maglumatlary ýygnamak, seljermek we iş ýüzünde ulanmak üçin zerur täze tehnologik hem-de kommunikasion binýadyny döretmegiň mümkinçiligini seljermek, bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamak we okatmak hem-de maglumatlary gaýtadan işlemek meselesini öwrenmek teklip edildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamy döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparynyň düzümi we degişli düzgünnamany işläp taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ösmegi bilen halk hojalygynyň pudaklarynyň düzümleriniň arasyndaky maglumatlaryň dürli görnüşlerini bermegiň möçberleriniň hem artýandygyny, umumy telekommunikasiýa düzüminiň geçirijilik ukybyny giňeltmegiň, biri-birinden uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň arasynda maglumatlaryň dessin we ýokary hilli berilmegini üpjün etmek zerurlygynyň ýokarlanýandygyny nygtady. Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek maksady bilen, hemra aragatnaşyk ulgamyny doly kuwwatynda ulanmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ikinji “TürkmenÄlem 52oE” milli hemrasyny uçurmaga taýýarlyk görmäge uly üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň hem-de bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nazara alyp, okatmak işiniň döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ösdürilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ulag ulgamynda bilelikdäki we paýdarlar kärhanalaryny döretmek, şol sanda ýük daşalyşynyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak, derýa ulaglary arkaly ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek hem-de agentligiň we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary hökmünde gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işine ünsi çekip, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň hem-de desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu ugurda görülýän çäreleriň döwlete dahylsyz ulgamyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, dünýäniň iri habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly, Diýarymyzyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleri giňden beýan etmek boýunça işler amala aşyrylýar.
Häzir daşary ýurt teleradiokompaniýalary bilen bilelikde, olaryň ýaýlymlarynda görkezmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini açyp görkezýän uly göwrümli gepleşikler taýýarlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş we teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklary we beýleki resminamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, gurluşyk we senagat ulgamlarynda, dag magdany, azyk we derman senagaty pudaklarynda, hususy işewürlik ugrunda, saglygy goraýyş, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ylymdyr bilim, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany Saud Arabystany Patyşalygy bilen öňden gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryňdyr düzümleriň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Milli Liderimiz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge tarap ugur alynmagy, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarydyr iri taslamalar netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki Hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, özara bähbitlilik we uzak möhletlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde bu tejribäniň özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
3-4-nji maýda Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat, 5 — 8-nji maý aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara foruma ýurdumyzyň alymlary, professorlary we mugallymlary bilen birlikde, daşary döwletlerden wekilleriň-de gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem halkara matematika olimpiadasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde, beýleki birnäçe döwletleriň talyplary gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýän şeýle wekilçilikli forumlaryň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Diýarymyzyň innowasion ösüşinde möhüm orun eýeleýän ylym önümçilik bilen berk baglanyşykly bolmalydyr, döwrebap işläp taýýarlamalar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň iň gowy tejribesiniň içgin öwrenilmeginiň hem-de daşary ýurtly kärdeşler bilen yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyna ünsi çekip, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.
Dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp halklaryň durmuşynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen Nowruzy merdana ata-babalarymyz täze ýylyň başlangyjy hökmünde giňden baýram edipdirler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Nowruzyň gelmegi bilen, tebigat janlanyp, agaçlar pyntyklap, sahawatly sähramyz, boz meýdanlarymyz ýaşyl lybasa bürenýär. Halkymyzyň ekerançylyk bilen bagly gadymy däp-dessurlary Nowruz baýramynyň bellenýän günlerinde giňden berjaý edilýär.
«Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» diýen nakyllar bu günüň tebigatda ähmiýetiniň juda uludygyny görkezýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Gözellige beslenen bahar paslynda babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:
«Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda»
diýmek bilen, Nowruzyň çeper waspyny çuňňur manyly sözler bilen beýan edipdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy halkymyzyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň şatlyk-şagalaňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
“Goý, Nowruz baýramynyň şirin nagmalary, belent joşguny mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de bolelin durmuşynyň waspy bolup ýaňlansyn!” diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23769?type=feed