Baýramçylyk sergisi

ÖŇŇIN paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde öz işine başlan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi merjen şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy. Nobatdaky giň göwrümli sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde gurady. Oňa kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda dünýäniň ençeme ýurdunyň meşhur kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Aşgabat, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, täsin binagärligi ilatymyzy hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi». Bu hakykata halkara köpugurly sergä gatnaşyjylar aýdyňlygy bilen göz ýetirdiler.


Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanan baýramçylyk sergisi köp öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Onuň bölümleri baş şäherimiziň — ak mermerli Aşgabadyň şu günki ýeten belent derejesiniň, üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň keşbi soňky ýyllarda düýpgöter özgerdi we onuň çägi giňedi. Aşgabatda gurlan bir-birinden belent ymaratlar, görkana desgalar, aýna ýaly tekiz şaýollar, köpugurly köprüler, suw çüwdürimleri, döredilen seýilgähler baş şäherimiziň has-da gözelleşmegini şertlendirdi. Paýtagtymyzy gurmagyň 13, 14, 15, 16-njy nobatdakysynyň binalarynyň açylmagy, Täze zaman, Köşi, Çoganly, Gurtly, Parahat—7 ýaşaýyş jaý toplumlarynda gurlup, tapgyrlaýyn ulanylmaga berlen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlar aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde «Altyn kölüň» kenarynda döwrebap dynç alyş zolagy kemala gelýär. Bu gözel künjekde Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň çäginde döwrebap kottežler toplumynyň hem bina ediljekdigi, paýtagtymyzda Aşgabat — siti taslamasynyň amala aşyryljakdygy bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguz hanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy dünýäde ýyldyzyň iň iri binagärlik şekili, «Oguzhan» binagärlik-heýkeller toplumy bir topluma jemlenen suw çüwdürimleriniň sanynyň köplügi, Milli muzeýiň öňündäki Baýdak iň beýik baýdak sütüni hökmünde, Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdi. Ine, ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şeýleki ösüşleri, üstünlikleri halkara köpugurly sergide dolulygyna şöhlelendi.


Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň diwarlyklaryna gyzyklanma has ýokary boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny sergä baranlar anyk göz ýetirendirler. Hususy pudagyň sergi diwarlyklary olaryň agzalan ugurda alyp barýan üstünlikli işleriniň beýany boldy.

Sergide dürli işläp taýýarlamalaryň görkezilmegi Aşgabadyň mundan hem gözelleşjekdigini, görkanalygynyň artjakdygyny alamatlandyrdy.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli halkara ylmy-tehniki we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek, birek-birekden tejribe alyşmak babatynda hem ähmiýetli boldy.

Ýörite habarçymyz.

Suratlarda: sergiden görnüşler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29729