Döwür ösýär, özgerýär. Adamyň durmuşy kämillige, köneden täzä, has anyk aýdylanda, ýönekeýlikden döwrebaplyga tarap barha öňe ümzük atýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle döwürde ýaşamak üçin onuň adamyň öňünde goýýan talaplary hem artýar. Adam gündelik iş-aladalary, şahsy zerurlyklary, maşgala garamaty ýaly köp sanly hysyrdylarynyň her biri üçin aýratyn wagt tapyp, olaryň hemmesine-de ýetişmeli. Munuň üçin ol özüniň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan wagtyny tygşytly we rejeli, netijeli peýdalanyp bilmegi başarmaly. Wagt häzirki zaman dünýäsiniň barha ösýän bazar ykdysadyýeti, maglumatlardyr bähbitleriň sansyz köpdürlüligi şertlerinde öz gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Durmuş tejribesi bilen muňa kemsiz düşünýän adam welin, hemişe ondan ýerlikli peýdalanmagyň, täzeçilligiň, ösüşleriň gözleginde. Döreden «akyl önümleri» bolan sanly tehnologiýalar häzirki zaman dünýäsinde agzalan hysyrdylaryň ählisine-de ýetişmegi üçin adamyň iň dessin hem ygtybarly kömekçilerine öwrülýär.
Eýsem-de, sanly tehnologiýalaryň bir adamyň durmuşyndaky orny, zerurlygy şeýle köptaraply bolsa, olaryň tutuş halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşyndaky ähmiýetiniň näderejede uludygy öz-özünden düşnüklidir. Adamzat indi maglumatlar jemgyýetinde, innowasiýalar eýýamynda ýaşaýar. Dessinlik, tizlik, habarlylyk, bökdençsiz, ýokary derejeli sanly aragatnaşyk ýaly görkezijiler şu eýýamyň, şu döwrüň aýratynlyklaryny, ösüşiniň hilini düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde haýsydyr bir ýurduň ösüşine baha berilmeli bolanda, ilkinji nobatda, şol ýurtda ylymly-bilimli, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalar, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylyşy, ykdysadyýetiň pudaklarynda olardan netijeli peýdalanylyşy göz öňünde tutulýar. Biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň hut özüniň bu ugra içgin üns bermegi bilen, zerur bolan ähli şertler döredilip, tapgyrlaýyn hem toplumlaýyn maksatnamalar boýunça sanly ykdysadyýete geçmek babatda düýpli işler, özgertmeler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» 2020 — 2023-nji ýyllara niýetlenilen ikinji tapgyry dowam edýär. Ozalky tapgyrda Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, synag taslamalaryny saýlap almak, bu ugurda aýratyn çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýurdumyzyň mümkinçiliklerini we ähli pudaklaryň taýýarlygyny, sanly ykdysadyýete geçmegiň we ony ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny seljermek hem-de kämilleşdirmek, bäsleşikleri yglan etmek, hyzmatdaşlary saýlap almak hem-de şertnamalary baglaşmak, maýa goýum gurşawyny emele getirmek, taslamalary maliýeleşdirmek üçin merkezleşdirilen we ýerli býujetleri emele getirmek ýaly wezipeler ýerine ýetirildi. Häzirki tapgyrda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek ýaly wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň bu tapgyrynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri bir ýerde jemlenen, köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek, ulgamyň işini döwrebap derejede ýola goýmak babatdaky işler güýçli depginde alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde köp sanly möhüm döwlet resminamalary bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmek hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak esasy maksat hökmünde kesgitlenilen bu resminamada bellenilen wezipeleri, esasan, sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmek; ilata sanly hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek; adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, innowasion ösüş institutlaryny döretmek, sanly ekoulgamy özgertmegiň hasabyna döwletiň ösüşiniň depginini has-da güýçlendirmek; ýurduň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek ýaly dört ugur boýunça ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylar hem-de kämilleşdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk, jemagat hojalygy, bank, ätiýaçlandyryş, aragatnaşyk, ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we ulag hyzmatlarynyň, häkimlikleriň, döwlet statistikasynyň we beýleki edaralaryň hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly çalt hem kämil derejede ýerine ýetirilmeginiň netijesinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş depginleri, bäsdeşlige ukyplylygy görnetin ýokarlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz: «Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýär. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzda sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamlaryny ösdürmäge örän uly ähmiýet berýär. Sanly ulgama çalt we netijeli geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan işjeň peýdalanmak dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlarda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmaga, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşini artdyrmaga, ösen we öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ähli ugurlarda ornaşdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini, ilatyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň hem-de uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlarynyň netijesinde, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidinden ugur alýar. Ýurdumyzda innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler, nesip bolsa, ýakyn geljekde has uly ösüşleri gazanmaga ýardam berjek täze, döwrebap mümkinçilikleri döreder.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/24618
Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan uly toplumlaýyn işler geçirildi.
Hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlaw möwsümi geçirildi.
Welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ses berlişini geçirmek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň 6-sy maddy-tehniki serişdeler bilen öz wagtynda doly üpjün edildi.
Umuman, Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçirildi — 48 mandatyň her birine ildeşlerimiziň aýratyn hormat-sarpasyna mynasyp bolan 2-3 adam dalaşgärlik etdi.
Saýlawlaryň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen, hasaba alnan dalaşgärleriň hemmesine Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawyň öň ýanyndaky wagyz ediş işlerini alyp barmak hem-de saýlawçylar bilen duşuşmak üçin deň şertler we mümkinçilikler hödürlenildi.
Ses bermek işi ýekşenbe güni, 28-nji martda ir bilen sagat 10:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Saýlaw uçastoklarynyň 6-syna dabaraly ýagdaý mahsus boldy.
Saýlaw ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň çäklerinde, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda wideokameralar gurnaldy, ses berlişi Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde görkezildi.
Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam — her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär. Bu bolsa olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, türkmen döwletiniň demokratik we hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda nobatdaky uly ädime öwrüldi.
Milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Geçirilen saýlawlar Diýarymyzyň rowaçlygy üçin uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň demokratik ýol bilen ynamly öňe barýandygynyň, milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykbal çözüji özgertmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
G.Myradow Merkezi saýlaw toparynyň we saýlaw toparlarynyň ählisiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Watanymyzyň taryhynda täze parlamentiň düzümine ilkinji gezek geçirilen saýlawlar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Türkmenistanyň düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşyp, ses beren raýatlarymyzyň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ses berenleriň köp sanly bolmagy biziň jemgyýetimizde oňat netije gazanmak üçin möhümdir.
Munuň özi biziň raýatlarymyzyň öz pikirini erkin beýan etmäge, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde öz çözgüdini kabul etmäge bolan Konstitusiýada berkidilen hukugydyr. Geçen saýlawlar oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, iki we ondan köp dalaşgäriň bolmagy bilen tapawutlandy. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak milli kanunçylygymyzyň talaplaryna laýyklykda, deňhukukly esasda, açyklykda we aýanlykda geçirildi diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny saýlawçylaryň ynamyny gazanyp, syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk şertlerinde halkyň wekilleri bolmaklary bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de munuň iş ýüzünde hakyky demokratiýadygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly ynam edip, özüni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de muny uly hormat hem-de bütin halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz G.Myradowa şu saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu günki mejlisiň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlamak barada karara gelendigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Netijede, ata-babalarymyzyň berk binýatly döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň durmuşa geçirilýändigi dünýä ýüzüne aýan bolýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär.
Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle setirlerini mysal getirdi:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär. Bagtly adamlar köp, ýöne, gynansak-da, durmuşda kim ejiz bolýar, ýene biri bolsa ene-atanyň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýar. Şonuň üçin hem ejizi, ýetim-ýesiri goldamak, oňa eliňden gelen kömegiňi berip, ýardam etmek ýaly adamkärçilik ýörelgesi biziň üçin kada öwrülipdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz özüniň malyndan, halal gazanjyndan bir sebäp bilen başyny alada aldyran, güni güzaply geçýän adamlar ýa-da ýetim çagalar üçin aýryp goýmagy-da däbe öwrüpdirler. Şeýle etmek bilen olaryň aladasyny, agyr gussasyny, azajyk hem bolsa, egismäge çalşypdyrlar. Bu däpler häzirki döwrümizde hem şeýle. Pederlerimiziň ejize howandarlyk etmek däpleri we kadalary biziň döwlet syýasatymyzda hem öz beýanyny tapýar. Sebäbi türkmen jemgyýetinde birek-biregi goldamak ýörelgesi agzybirligiň we merdanalygyň, gaýratlylygyň binýady bolup, halkymyzy jebisleşdirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy «Döwletliler köşgi» diýlip atlandyrylýar. Bu işlerimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň biziň döwletliligimiziň bir sütünine öwrülendigini aňladýar.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle ykbally adamlar baradaky aladalarymyzyň gerimini has giňeltmek, olary has göwnejaý ýerine ýetirmek üçin, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini habar berdi. Sebäbi ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalarymyza goldaw etmek üçin şeýle gaznanyň orny uly bolar.
Biziň döretjek täze gaznamyz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň goldamagy bilen şeýle gaznany döretmek hakyndaky Karara gol çekjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi. Eger-de ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip bilerler. Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz ady agzalan Karara gol çekip. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn belläp, onuň milli demokratiýanyň gazananlarynyň esasynda amala aşyrylandygyny hem-de nobatdaky gezek halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we watançylyk duýgusyny äşgär edendigini aýtdy.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm waka, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz üçin saýlawçylaryň ýüz göteriminiň ses berendigini belledi.
Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysy çykyşyny dowam edip, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilýän gazna at dakmak barada teklibi beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet derejesinde iň wajyp gymmatlyk hökmünde garalýar. Adam hakynda alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy ugry bolmagynda galýar. Şunda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Biziň Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna — bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar.
Türkmenler ata-baba öz çagalaryna aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş edipdirler. Gahryman Arkadagymyz çagalary alada, mähir bilen gurşap almak, pespällik, ula-kiçä hormat goýmak ruhunda terbiýe bermek ýaly asylly ýörelgeleri döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmuna eýe boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri döredýän häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen olaryň döwrebap bilim almagy we jemgyýetde öz orunlaryny tapmagy üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen öz howandarlygyny edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ata-baba däplerimize eýerip, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny Mejlisiň deputatlary doly goldaýarlar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy täze döredilýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak we bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine rugsat bermegi barada Gahryman Arkadagymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu täze parlament düzümine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hem-de ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmeginiň biziň jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik däplerine ygrarlydygyny tassyklaýandygy nygtaldy.
Bu saýlawlar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, Watanymyzyň rowaçlygyna we has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen düýpli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin berk binýat bolan demokratik işleriň çuňlaşdyrylmagy ugrunda möhüm ädim boldy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň adyndan milli Liderimiziň ene-ata howandarlygyna mätäç çagalara kömek we goldaw bermek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky çözgüdiniň doly goldanylýandygyny aýtdy. Bu çözgüdiň döwlet Baştutanymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasydygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalar baradaky syýasaty ýaş nesilleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn — beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşine gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň asylly başlangyjynyň türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyljakdygy hem-de daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir, çünki döredilýän gazna daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hem açyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu edara saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik, ýagşy niýetlilik we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerini ösdürmäge, olary ilatymyzyň arasynda, esasan-da, ýaş neslimize wagyz-nesihat etmek meselesine aýratyn ornuň berilýändigini belledi.
Şeýle ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzda bu gün çagalaryň beden we ruhy taýdan ösüp kemala gelmegi, dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem-de dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky teklibini obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda zähmete söýgi, bilime höwes döretmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny kepillendirmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşlary umumylaşdyryp, bu günki mejlisde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly möhüm meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we indi bu wezipeleri işjeň hem çalt durmuşa geçirmelidigini nygtady.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa ýurdumyzyň sebitlerinde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny ýerinde görmek we seljermek, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň welaýat düzümleriniň işleriniň hem-de hyzmatlarynyň talabalaýyk guralyşy bilen tanyşmak üçin 29 — 31-nji mart aralygynda Daşoguz, 31-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işlere, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işlerine we beýleki durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işlere ýerinde gözegçilik etmek üçin, 29-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Mary we Lebap welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, gowaça ekişiniň we bugdaýa ideg etmek işleriniň geçirilişini, şeýle hem suw desgalarynda we edara-kärhanalarda alnyp barylýan işleri ýerinde seljermek we bu işlere ýardam bermek üçin, 29-30-njy mart aralygynda Ahal, 31-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Daşoguz, 2-3-nji aprel aralygynda Mary welaýatlaryna baryp görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işleri ýerinde görmek, seljermek maksady bilen, 29-30-njy martda Lebap, 31-nji martda Daşoguz, 31-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Balkan, 2-nji aprelde hem Ahal welaýatynda bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin, wise-premýer B.Öwezowa 29-30-njy mart aralygynda Lebap, 31-nji mart — 2-nji aprel aralygynda bolsa Balkan welaýatlarynda bolmak barada görkezme berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa desgalaryň gurluşyk işleriniň geçirilişini ýerine baryp görmek, dokma we söwda kärhanalarynda işleriň guralyşy, Oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar esasynda telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak üçin, 29-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Ahal welaýatynda bolmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Mary welaýatynda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan «Türkmeniň ak öýi» binalarynda gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin wise-premýer M.Mämmedowa 30-31-nji mart aralygynda Lebap we Mary, 1-nji aprelde Daşoguz, 2-nji aprelde bolsa Balkan welaýatlaryna baryp görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek iri halkara ýaryşlary ýokary derejede guramak maksady bilen, daşary ýurtly türgenleriň we wekilleriň Halkara howa menzilinde, ýaşajak we iýmitlenjek ýerlerinde alnyp barylmaly işleri, Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek we Tennis toplumlarynyň taýýarlygyny, şol ýerde ýygyndy toparlaryň ýerine ýetirmeli amallarynyň tertibini, Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň, ilkinji lukmançylyk kömegi nokatlarynyň işini, jemgyýetçilik howpsuzlyk düzgünlerini, degişli çäklerde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çärelerini öwrenmek üçin 29-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde iş saparynda bolmak barada görkezme berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Hökümet agzalary bilen bilelikde Türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin 30-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradylýandyklaryny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýerlerde görýän taýýarlygy bilen tanyşmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, mundan beýläk palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly işlemegi üçin käbir guramaçylyk meselelerine seretmelidigini belledi.
Milli Liderimiz aýdanlaryny umumylaşdyryp hem-de mejlisiň netijelerini jemläp, degişli ýolbaşçylara bu iş saparlarynyň netijeleri barada soňra hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de täze parlament düzüminiň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli gutladylar.
Taryhy ähmiýetli waka öwrülen hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli parlamentiň iki palataly ulgamyny döretmek barada başyny başlan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendigi bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasy hökmünde işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler, şeýle hem milli Liderimizi täze haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bilen gutladylar. Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Şol ýörelgelere eýerilmegi ýaşlarda asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly belent häsiýetleri kemala getirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly milli ýörelgelerimiziň mundan beýläk-de mynasyp dowam etdiriljekdigini belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24587?type=feed
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary nobatdaky gezek beýanyny tapdy. Şol ugurlar ýurdumyzyň innowasion taýdan ösüşini has-da güýçlendirmekden, sanly ykdysadyýete geçmekden, telekeçiligi ösdürmekden, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakdan, netijeli halkara hyzmatdaşlykdan, ekologiýa abadançylygyny saklamakdan, mähriban halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
22-nji martda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary bilen gabat geldi. Akhan atly bedewini döwlet Baştutanymyzyň hut özi seýisläp ýetişdirdi.
Hormatly Prezidentimiz bu habary uly şatlyk bilen kabul edip, Akhanyň nesline Aşgabat diýip at goýdy hem-de asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere laýyklykda, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.
Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşduryp, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretmäge ruhlandyrdy. Bu goşgy milli Liderimiziň ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna bagyşlap döredýän “Aşgabat” atly täze kitabynyň şahyrana bezegine öwrüldi.
Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirler döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma öwrüldi. Aýdymyň ilkinji gezek ýerine ýetirilmegi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen milli atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp guralan dabaranyň waspnamasyna öwrüldi.
24-nji martda hormatly Prezidentimiz iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan sil suwuny sowujy akabalarda we suw toplaýjy desgalarda, durky täzelenýän we döwrebaplaşdyrylýan tebigy suw akabalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem şu ýerde Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli oturdyljak meýdanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr çyzgylar bilen tanşyp, olara degişli düzedişleri girizdi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda, häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerini, milli binagärlik aýratynlyklaryny, ýeriň aýratynlygyny göz öňünde tutup, tebigaty goraýyş strategiýasyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Ekologiýa ugry hem şäheriň bu künjeginde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan sil suwlaryny sowujy akabalary gurmak boýunça işleriň möhüm düzüm bölegidir. Bu desgalar jemlenýän sil we ýagyn suwlaryny bir bitewi ugra birikdirip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba ibermäge niýetlenendir. Degişli akabalaryň ugrunda suw toplaýjy desgalaryň 10-a golaýy bina edildi.
Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça şeýle giň gerimli wezipeleriň çözülmegi Garagumda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryň çägini giňeltmek we balykçylyk bilen meşgullanmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Gurluşykda tehnikalaryň 900-si ulanylýar, şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir. Işler öňdebaryjy tejribe hem-de şunuň ýaly möhüm desgalary gurmakda halkymyzyň köpasyrlyk tejribesi göz öňünde tutulyp alnyp barylýar.
25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenen bu ýyladyşhanalar häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny döredildi.
Ähli ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan täze oba hojalyk tehnikalaryny — bütin dünýä meşhur “John Deere” traktorlaryny sowgat aldylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, oba hojalygyndaky özgertmeleri kämilleşdirmäge, bu ugurdaky işleri döwrebap usullar bilen guramaga, pudaga hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Hususy haryt öndürijilere oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, 400 gektardan gowrak meýdanda ýyladyşhanalary gysga möhletlerde gurup, ulanyşa tabşyrdylar. Bu bolsa gök önümleriň importyny ep-esli azaltmaga hem-de degişli önümleriň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Döwlet Baştutanymyz önümçiligi dolandyrmak işini sanlylaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, sanly ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň arasynda onlaýn aragatnaşygy ýola goýmalydygyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýyladyşhana hojalyklary boýunça merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmelidigini belledi.
26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garalan meseleleriň hatarynda şypahana-dynç alyş pudagyny ösdürmek, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, täzeçil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek baradaky meseleler boldy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Kararlara gol çekip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalaryny, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklady.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan tekliplere garady. Şunuň bilen baglylykda, ynançly dolandyrmak guralynyň netijeli peýdalanylmagynyň döwletimize serişdeleri tygşytlamaga, ilatly ýerlerde häzirki zaman düzüminiň döredilmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýändigi bellenildi.
Gowaça ekişi hem-de güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça görülýän çäreler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň we daýhan birleşikleriniň ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegi üçin, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, pagtaçylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça hemme çäreleriň görülýändigi habar berildi.
Bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda gallaçy kärendeçiler ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ekinlere ösüş suwuny tutmak işlerini dowam edýärler.
Welaýatlarda alymlar we tejribeli hünärmenler ýerli öndürijilere öňdebaryjy ylmy tejribeleri peýdalanmak, önümçilige bugdaýyň, şol sanda ýeralmanyň, bakja hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak meseleleri boýunça maslahatlary berýärler. Mundan başga-da, degişli ylmy-usuly gollanmalar taýýarlanylýar.
Şeýle hem Hökümetiň mejlisinde gurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça işler barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurdaş düzümleriň sazlaşykly özara hereketini hem-de dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna degişli gözegçiligi üpjün etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek baradaky meseleleriň üstünde düýpli işlemek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz 8-9-njy aprelde maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibe garap, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň zerurlyklaryna hemişelik esasda seljerme geçirmegiň, ulag-kommunikasiýa toplumynda iş alyp barýan türkmen telekeçileriniň önümçiligine öňdebaryjy tejribäni hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şäherara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.
Möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda, gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ýolagçy awtobuslaryny we ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipler öwrenildi. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatlaryndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy marty — 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi, onuň jemleri esasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Halkara wakalara geçmek bilen, geçen hepdede Daşary işler ministrliginde onlaýn tertibinde türkmen hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň dowamynda abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy, “Itochi Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Türkmenistana ýer gazýan hem-de awtoulag tehnikasyny ibermäge gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy hem-de Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşiginiň wideogörnüşde geçirilen “Parlamentariler üçin maslahat” atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Onda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
24-nji martda Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň, “Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2021 — 2023-nji ýyllarda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamalary hödürlenildi.
Mundan başga-da, kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalary kämilleşdirmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, migrasiýa, dine uýmak azatlygy we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň ýanynda iş toparyny döretmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.
Milli Liderimiziň haýyşy boýunça hormatly ýaşulular bereketli topraga tohum sepip, ekişe ak pata berdiler. Şu ýyl gowaça ekmek üçin bölünip berlen 620 müň gektar meýdandan ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Geçen hepde möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi bilen tamamlandy. Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny, demokratik özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu ulgamyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy döwlet gurluşynyň möhüm wezipesi hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary türkmen döwletiniň binýadynyň mundan beýläk-de üstünlikli pugtalandyrylýandygynyň, halkara abraýynyň belende göterilýändiginiň, ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ähli başlangyçlarynyň baş maksadynyň — mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24435?type=feed
Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Geçirilen seljermeleriň dowamynda şypahanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýy we berilýän ýollamanamalaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri kabul etmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralarynyň, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalaryň yzygiderli gurulýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň şypahanalary enjamlaşdyrylyşy we ýola goýulýan hyzmatlar boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezlerinden pes däldir. Şypahana-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sagaldyş edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, teklip edilýän çäreleriň ähmiýetini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça Strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda hasabat berdi. Resminama laýyklykda, ynançly dolandyrmagyň esasynda döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birnäçe taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen döwletiň hususy tarap bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini belledi. Bu işde ynançly dolandyrmak guraly esasy maliýe ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu guralyň netijeli peýdalanylmagy döwletimize serişdeleri tygşytlamaga, ilatly ýerlerde häzirki zaman düzüminiň döredilmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gazhimiýa toplumyny ösdürmek, şol sanda tebigy hem-de ugurdaş gazy öndürmek boýunça zawodlary gurmak, ylmy taýdan öňdebaryjy gazananlary we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtly ygtybarly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň energetika strategiýasynyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ylmy-tehniki serişdelerini netijeli ulanmaga gönükdirilendigini belledi.
Täze döwrebap nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegi bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Şol önümçilikler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmelidir.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
24-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi barada habar berildi. Şu günler Daşoguz welaýatynda bu möhüm çärä taýýarlyk görülýär, bu sebitde gowaça ekişine 31-nji martda badalga berler.
Tehniki hyzmat ediş kärhanalary we daýhan birleşikleri ekiş möwsümini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň bökdençsiz işini önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli çäreler görülýär.
Şu günler gallaçy kärendeçiler agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini dowam edýärler.
Welaýatlarda alymlar we tejribeli hünärmenler ýerli önüm öndürijilere öňdebaryjy ylmy tejribäni peýdalanmak, bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak meseleleri boýunça maslahatlary berýärler. Şeýle hem bu ugurda ylmy-usulyýet gollanmalary taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işleriniň depginlerini güýçlendirmek, pagtaçy kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda oba hojalyk pudagyny üstünlikli ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hususan-da, bu ministrligiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda binagärlik-şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, sebitleri ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça iri möçberli taslamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar.
Wise-premýer Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilmegi boýunça işleriň möhümdigini belläp, ähli ugurdaş düzümleriň sazlaşykly özara hereketi hem-de möhüm gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler bilen baglylykda, Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugynyň işiniň gurallarynyň düýpli öwrenilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde maýa goýum forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer ulag-aragatnaşyk toplumynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwlet we hususy gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 8-9-njy aprelde ýokarda agzalan Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Şeýle hem ulag we aragatnaşyk toplumynyň häzirki zaman düzümini nazara alyp, türkmen telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilýändigini, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýändigini belledi.
Netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda bilelikdäki taslamalaryň ykdysady bähbitliligi, olaryň durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy möhüm ugur bolup durýar. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli we uzak möhletleýin üstünlikleri gazanmagy üçin has amatly gurallaryň tapylmagy wajypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilen täzeçil usullary giňden ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip hakynda aýdyp, bazar gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň talaplaryna yzygiderli seljermeleri geçirmegiň, türkmen telekeçileriniň ulag-aragatnaşyk toplumynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri we innowasion usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek hem-de bu ugurda hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde dowam etdirilýändigi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Halkara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen “Ulag hyzmatlary” kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipleriň öwrenilendigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň gurulýandygyny, olaryň Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümlerini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetini belledi.
Ýokary depginde gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçegleriniň ähli talaplaryna doly gabat gelmegi üçin ähli tagallalary etmek zerurdyr, munuň özi Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmegiň degişli düzümlerini döretmegiň zerurdygy barada aýdyp, pudak derejesinde awtomobil ulagynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hem-de Bütindünýä saglyk gününiň, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, baýramçylyk konsertlerini, ylym-bilim çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasynyň düýpli öwrenilmeginde hem-de dünýäde giňden wagyz edilmeginde baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna we ilkinji gezek onuň bilen bilelikde geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk işlerine ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurlaryň degişli düzümleriniň döredilmegine hem-de sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleriň ähmiýetlidigini belledi. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atşynaslyk ulgamyndaky tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we itşynaslyk milli ýörelgelerini ilerletmek hem-de onuň asyrlar aşyp gelýän däplerini geljek nesillere ýetirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde mynasyp orun eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary türkmen toýuna mahsus derejede guramaçylykly geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, tutuş ýurdumyzda iri, halkara ölçeglerine kybap gelýän anyklaýyş merkezleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, hassahanalar, şypahanalar, häzirki zaman derman serişdeleri kärhanalary gurulýar.
Adamlaryň saglygyny goramak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, saglygy berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Şeýlelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-de belende götermäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygynyň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almagyň, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamagyň, derman üpjünçiliginiň guralyny kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine we ýaramaz endiklerden daşda durmagyna ugrukdyrýan öňüni alyş çärelerine möhüm üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap we degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi. Olaryň dowamynda möhüm ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garalar.
2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.
Şeýle hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, Hökümetleriň degişli agzalarynyň, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iri firmalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşyklaryny guramak teklip ediler.
Mundan başga-da atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklarynyň we taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet we sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň netijeli ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklary ýola goýlan iri sebitler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň möhüm ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede durmuşa geçirilmegini öz içine alýan Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24381?type=feed