Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Çeper elli mähriban halyçylar!


Hormatly sergä we dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.


Eziz watandaşlar!


Gadyrly halyçylar!


Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň rowaçlyklara beslenen şu gününe buýsanjynyň, röwşen geljegine bolan ynamynyň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde, dünýädäki meşhurlygyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly tagallalar edilýär. Gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gözläp tapmak, gorap saklamak we dikeltmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda täze, çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurlup işe girizilmegi, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ussat halyçylarymyzyň halal zähmetine belent sarpa goýlup, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.


Hormatly haly, dokma we söwda pudaklarynyň işgärleri!


Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň söwda toplumyna degişli pudaklaryň ösüşine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýäde tanatmakda, meşhurlygyny artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti uludyr. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, amala aşyrylýan uly möçberli işler geljekde hem dowam etdiriler.


Hormatly dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Eziz ildeşler!


«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl eziz Diýarymyz üçin taryhy senelere, şanly wakalara baýdyr. Şu ýyl biz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giň gerim bilen belleýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çärelerde berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşleri, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de aýdyň geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy. Dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar. Hut şonuň üçin hem, şu gün öz işine başlaýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de döwrebap tehnologiýalar esasynda ösdürmekde, içeri we daşary söwdanyň gerimini giňeltmekde, türkmen el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.


Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!


Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň waspy bolup, hemişe batly ýaňlansyn!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1564?type=official