Baldan süýji balalar

Çaga — neslimiziň dowamaty, geljegimiziň ýagty saçýan şuglasy. Şonuň üçinem ýurdumyzda eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, döwrebap bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtly, asuda durmuşda ýaşamagy, wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegi, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilip geçilmegi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen baglanyşykly işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap kemala gelmegi üçin edilýän aladalaryň bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çagalaryň bagtly durmuşyny, ruhy we beden saglygyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi munuň anyk mysalydyr. Kabul edilen strategiýa BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylyp, eneligi we çagalygy goramagyň ýokary derejesini üpjün etmäge, çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşe hukugyny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň barşynda çaganyň goraglylygy baradaky resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar çagalaryň hukuklarynyň ählitaraplaýyn goraglylygynyň üpjün edilmegine, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz bilimli, terbiýeli nesli ýetişdirmezden, Watany dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirip bolmajakdygy barada aýratyn belleýär. Ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, intellektual nesliň kemala getirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär.Ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döredijilik we ders bäsleşikleri uly ähmiýete eýedir. Röwşen geljegimiz bolan çagalar halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy size — ylymly, bilimli, ukyply ýaşlara baglydyr. Özüňize bildirilýän ynamy ödemek mukaddes borjuňyz bolmalydyr» diýen sözlerine oňat okamak bilen jogap berýärler.

Ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, saglygyny berkitmegi, dynç almagy, wagtlaryny şadyýanlykda geçirmegi üçin ýurdumyzyň ähli ýerinde gurlan, ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, meýdançalary, şypahanalar, saglyk öýleri... çagalar baradaky aladany özünde jemleýär.

Öýlerimiziň bezegi, şatlyk-şowhuny, Watanymyzyň guwanjy mährem balalar ýurdumyzyň ertirki nurana ykbalynyň eýeleridir. Perzent dünýä inen güni iň bagtly gün hasaplanýar. Şatlykly habar dogan-garyndaşlara buşlanýar, nogul-nabat seçilýär. Çagany maňlaýa sylyp, uzak ýaş, bagtly ömür arzuw edilýär. Şahyr:

«Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol» 

diýýär. Elbetde, päkligi maňlaýyňa sylmak, oňa guwanmak, döwrebap bilim-terbiýe bermek uly bagtdyr.

Bagtly çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzyň ähli bagtyýar balalaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, mele topragyň üstünde, mawy asmanyň astynda çaga gülküsi belentden-belent ýaňlansyn!

Gülnabat ANNATAGANOWA,

«Balkan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30316