Hormatly jenap Baş sekretar!
Hormatly jenap Başlyk!
Ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň! Jenap Şahid, Türkmenistanyň Size hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw berjekdigine ynandyrýaryn.
Jenap Wolkan Bozkyrdan 75-nji mejlisiň Başlygy hökmünde başarjaň we netijeli işi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy kabul etmegini haýyş edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär. Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler. Çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde biziň — dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, syýasy erki ýeterlikmikä? Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir. Dogrusyny aýtmak gerek: dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary entek ýeterlik däldir. Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy.
Diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmegi umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün edip biler. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtaýarys.
Türkmenistan özüniň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam eder. Hususan-da, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmegi teklip edýäris.
Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir. Munuň üçin oňat esas — Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasy bar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edildi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Geçen döwürde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, ýerli we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler ýüze çykdy. Şu şertlerde dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy Konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalarynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözmäge yzygiderli goldaw bermegini dowam eder.
Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegi meýilleşdirýäris.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykan ynanyşmak ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, halkara derejede uly işleri geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. BMG-ä agza döwletleri we halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.
Şunda biz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmaly we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer diýip hasaplaýarys.
Şol bir wagtda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär. Biz bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin meýdança hökmünde garaýarys.
Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsi Owganystana gönükdirilendir. Bu ýurtda ýagdaý çylşyrymlylygyna galýar, emele gelýän häkimiýet hem-de jemgyýet edaralary örän durnuksyzdyr. Şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýa baha bermäge örän oýlanyşykly çemeleşilmelidir, sözlerde hem, işlerde hem jogapkärçilik talap edilýär.
Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi. Şunda ideologik tarapgöýlükden, könelişen öýke-kinelerden, şowakörlükden hem-de lenç edilen garaýyşlardan gaça durup, ozaly bilen, uruşlardan we heläkçiliklerden ýadan, parahat, asuda durmuş barada arzuw edýän owgan halky hakynda alada edilmelidir.
Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüşiniň umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar. Biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys.
Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris hem-de emele gelýän döwlet düzümleriniň bütin owgan halkynyň abadançylygyna we bähbitlerine netijeli işläp biljekdiklerine umyt bildirýäris. Türkmenistan öz tarapyndan, ozalkysy ýaly, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini berer.
Biz energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýäris. Bu meselä biz Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň gaýtadan dikeldilmeginiň, goňşy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna deňhukukly, özara bähbitli esasda goşulyşmagynyň örän möhüm şerti hökmünde garaýarys.
Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge Türkmenistanyň taýýardygy üýtgewsizligine galýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Bu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar. Biziň pikirimizçe, häzirki döwürde netijeli özara gatnaşyklar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagy ileri tutulýan ugur bolup durýar.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň ilerledilmegini esasy ugur edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagy zerur hasaplaýarys.
Dünýä bileleşiginiň Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu mejlisiň dowamynda Türkmenistan sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň dörediljekdigine ynanýar.
Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir.
2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardyr.
Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda migrasiýa syýasaty üýtgewsiz möhüm ugur hökmünde saklanýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistan bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Bizi umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Halkara ýa-da sebit we milli derejelerdäki çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmekde toplanylan tejribe has gymmatlydyr.
Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wehimleri ýeňip geçmekde täze çemeleşmeleri we ýollary gözlemek boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr.
Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, emele gelen ählumumy howpsuzlygyň öňüni almak işinde, pandemiýa ýokanjynyň täsirlerini ýeňip geçmekde, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde onuň syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmaga, goldaw bermäge üýtgewsiz ygrarlydygymyzy mälim edýäris.
Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ileri tutulýan strategik ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişlikde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41423
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi.
2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr.
Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny hem-de ählumumy foruma gatnaşyjylary mübärekläp, ilki bilen, jenap Abdulla Şahidi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň oňa hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine we goldaw berjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Wolkan Bozkyra 75-nji mejlisiň Başlygy hökmünde başarjaň we netijeli işi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär diýip belledi.
Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara, beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde biziň — dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, syýasy erki ýeterlikmikä?
Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Dogrusyny aýtmak gerek: dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary entek ýeterlik däldir. Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy diýip, döwlet Baştutanymyz diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmeginiň umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdi. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu halkara we sebit gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.
Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň üçin oňat esas — Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasy bar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen döwürde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler ýüze çykdy.
Şu şertlerde dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy Konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalarynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözmäge yzygiderli goldaw bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, milli Liderimiz belledi. Bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, ýurdumyz parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykan ynanyşmak ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, halkara derejede uly işleri geçirdi. Türkmenistan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-ä agza döwletleri we halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Şunda biz şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmaly we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmaly diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şol bir wagtda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmegi teklip edýär. Biziň ýurdumyz bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin meýdança hökmünde garaýar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda bütin dünýäniň ünsüniň Owganystana gönükdirilendigini belläp, bu ýurtda ýagdaýyň çylşyrymlylygyna galýandygyny, emele gelýän häkimiýet hem-de jemgyýet edaralarynyň örän durnuksyzdygyny nygtady. Şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýa baha bermäge örän oýlanyşykly çemeleşilmelidir, sözlerde hem, işlerde hem jogapkärçilik talap edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi, olara bolan garaýyşlarda ideologik tarapgöýlükden, könelişen öýke-kinelerden, şowakörlükden hem-de lenç edilen garaýyşlardan gaça durup, ozaly bilen, uruşlardan we heläkçiliklerden ýadan, parahat, asuda durmuş barada arzuw edýän owgan halky hakynda alada edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklary ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüş umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar. Biziň ýurdumyz Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, milli Liderimiz biziň döwletimiziň gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow emele gelýän döwlet düzümleriniň bütin owgan halkynyň abadançylygyna we bähbitlerine netijeli işläp biljekdiklerine umyt bildirdi. Türkmenistan öz tarapyndan, ozalkysy ýaly, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda owgan tarapynyň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan taslamalaryň üstünlikli tamamlanmagyny hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini berk ugur edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň gaýtadan dikeldilmeginiň, goňşy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna deňhukukly, özara bähbitli esasda goşulyşmagynyň örän möhüm şerti hökmünde garalýandygyny belledi. Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge Türkmenistanyň taýýardygy üýtgewsizligine galýar.
Milli Liderimiz bu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýandygyny hem-de häzirki döwürde netijeli özara gatnaşyklaryň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi.
Biziň ýurdumyz 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň ilerledilmegini esasy ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahatyny guramagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral deňzi baradaky meseläni gozgap, dünýä bileleşiginiň bu ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Hususan-da, bu mejlisiň dowamynda biziň ýurdumyzyň sebit boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda tagalla etjekdigi nygtaldy.
Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler BMG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
2021 — 2025-nji ýyllarda BMG-niň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan onuň ýaşlaryň işi, däp bolan maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we beýleki ugurlar boýunça durmuş goraglylygynyň ylalaşykly çemeleşmelerini hem-de hereketlerini işläp taýýarlamak babatda baş utgaşdyryjy edara hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam bermäge taýýardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda migrasiýa syýasatynyň üýtgewsiz möhüm ugur hökmünde saklanýandygyny aýdyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen hem-de bu ugurdaky çylşyrymly ynsanperwer ýagdaýlaryň çözgüdi babatda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistanyň bu ählumumy wezipäni çözmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Bizi umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Halkara ýa-da sebit we milli derejelerdäki çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmekde toplanylan tejribe has gymmatlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wehimleri ýeňip geçmekde täze çemeleşmeleri we ýollary gözlemek boýunça tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy.
— Biz BMG bilen hyzmatdaşlyga, emele gelen ählumumy howpsuzlygyň öňüni almak işinde, pandemiýa ýokanjynyň täsirlerini ýeňip geçmekde, ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde onuň syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşmaga, goldaw bermäge üýtgewsiz ygrarlydygymyzy mälim edýäris — diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişlikde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Biziň ýurdumyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, dünýäniň gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekdäki öňdengörüjilikli çemeleşmelerini mälim etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm teklipleri şonuň aýdyň subutnamasy bolup, olar Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň doly makullamagyna we goldawyna eýe boldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi hem-de esasy ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmek, sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça täze netijeli başlangyçlar öňe sürüldi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41424
Hormatly Prezidentimiz: «Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip belleýär. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Sanly telematik ulgam boýunça işleýän oba hojalyk tehnikalaryna uly ähmiýet berilýär. Golaýda hem dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň kämil tehnikalary, tirkeg gurallary ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurdaky önümçilikler bilen meşgullanýan telekeçilere gelip gowuşdy.
Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ýerine ýetirýär. Soňra zyýanly mör-möjeklerden ekinleri goramak üçin ornaşdyrylan sanly ulgam, ýagny topraga ýerleşdirilen «akylly» sensorlar olaryň öňüni almakda gerekli işleri ýerine ýetirýär. Hasyl ýygnalýan döwürde hem ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ony awtomatik görnüşde ýygnap berýär.
«Akylly» kameraly dronlaryň kömegi bilen oba hojalyk pudagynda ekinleriň ýa-da mal sürüleriniň üstünden olary surata alyp, ýörite niýetlenilen sensorlar bilen ekinleriň ýa-da ownuk we iri şahly mallaryň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary alyp bolýar. Hatda bu «akylly» sensorlary öýjükli telefonlarymyza birikdirip, maglumatlary yzygiderli alyp bilmek mümkinçiligimiz hem bar. Ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ekinleriň suwlama, howalandyrma, dermanlama, hatda hasyl wagtyny awtomatik görnüşde bize görkezip bilýär. Mahlasy, bu tehnologiýalar adamlara oba hojalygyndaky işleri ýalňyşsyz ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Ekerançylyga döredijilikli çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu çemeleşmelere meýdanlaryň elektron kartasy, takyk meteomaglumatlar, sensorlar we duýduryjylar, kosmomonitoring we beýleki çözgütler degişli edilip, olar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýitgilerini azyndan 25 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de önüm öndürijileriň zerur bolan maglumatlar bilen wagtynda üpjün edilmegi alyş-satyş bilen bagly harajatlaryň peselmegine, önümleri meýdandan sarp edijä ýetirmekleri ýönekeýleşdirmäge we hünär derejeli işçi güýjüne bolan zerurlygy üpjün etmäge ýardam berýär.
«Akylly» tehnologiýalaryň maldarçylykda ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna bolan gözegçiligi amala aşyrmaga we sürüleri netijeli dolandyrmaga, ýyladyş ulgamy bolan ýataklaryň özbaşdak dolandyrylmagyny üpjün etmäge, sanly gurşawda harajatlaryň hasabatyny we seljermelerini alyp barmaga şert döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy netijeli hereket edýär. Onuň esasy ugurlarynyň biri-de, maýa goýmakdan ybaratdyr. Şol maýa goýumlar obasenagat toplumynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürmek boýunça zawodlary gurmaga gönükdirilýär. Ýerleri suwlulandyrmaga we işläp bejermäge, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndürijiler zerur bolan tehnika, dökün we tohum bilen üpjün edilýär. Ekerançylar üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlardyr ekiş gurallary we beýlekiler satyn alynýar, ulanyş möwritini geçiren oba hojalyk tehnikalary gaýtadan dikeltmäge meýilli daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Bahar ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41419
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.
Bu taslama döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini ýerli derejede pugtalandyrmaga, şeýle hem ilatly ýerlerde toplumlaýyn hem-de adamlara niýetlenen usullar arkaly halkyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çemeleşmegi göz öňünde tutmak bilen, «Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny» amala aşyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama aýry-aýry sebitleriň ýaşlaryna niýetlenip, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýerli bileleşikleriň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer.
Taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiniň çäklerinde durmuşa geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde Durnukly ösüş maksatlary hem-de BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýetini nygtady. Mejlis 14-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlady.
Möhüm ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýän wajyp halkara ähmiýetli resminama hökmünde metbugatda çap edilen bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn teklipleri esasynda işlenip düzüldi.
Şolaryň biri-de halkara bileleşigiň tagallalaryny ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşe jemlemek hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlary we anyk teklipleri durmuşa geçirmek babatynda işler amala aşyrylar. Şolaryň hatarynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek bar.
Häzirki şertlerde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barlar.
Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürleýär. Bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy awgustda ýurdumyzda geçirilen konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde ilerletmek üçin amatly şertleri döreder.
Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek teklibini beýan etmek göz öňünde tutulýar. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanýar.
Ýurdumyz mundan beýläk-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hemmetaraplaýyn goldaw berer. BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýyl kabul eden, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine degişli Kararnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda Ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda terrorçylyga garşy göreş alyp barmak wezipesi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara jemgyýetçilige BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak meselesine garamak teklip ediler.
Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde durnukly ösüşi gazanmak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda BMG-niň sebit ykdysady guramalary bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamany kabul etmek we 76-njy mejlisiň dowamynda onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin degişli halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
DÖM-niň maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek bilen, BMG-niň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde, bu mesele boýunça halkara forumy guramak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň döredilmegini teklip etmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem milli Liderimiziň BMG-niň çäklerinde pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy hem-de Ösüş maksatnamasy babatynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.
2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwürde BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan köpugurly ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, milli, sebit we ählumumy strategiýalaryň, maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine üns bermegi teklip edýär.
Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işine gatnaşmagyny giňeltmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de onuň ÝUNESKO-nyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň düzümine saýlanmagyny üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalan mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň köptaraplaýyn, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady. Ýurdumyz BMG bilen hemişe täze many-mazmun bilen baýlaşýan köpugurly strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlary şuňa ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän tekliplerde häzirki döwrüň şertlerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary beýan edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmündäki alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady. Bu strategiýa BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär we dürli ulgamlarda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41265
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite sanlary neşir edildi.
Dostlukly ýurtlarda çap edilen neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.
Mundan başga-da, bu neşirlerde şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy barada giňişleýin maglumat berilýär. Şolarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary, ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Şeýle hem žurnallaryň sahypalarynda şu ýyl toýlanylan ýene-de bir şanly senä — paýtagtymyz Aşgabadyň maý aýynda bellenip geçilen 140 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.
Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, görnükli syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, öňdebaryjy metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy, sebitde durnuklylygy saklamakda eýeleýän orny barada gürrüň berýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika, ulag, suw diplomatiýalary babatda halkara başlangyçlary we anyk çäreleri barada aýratyn durlup geçilýär. Şol işleriň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi nygtalýar.
Mundan başga-da, žurnallaryň sahypalarynda milli parlamentiň iki palataly görnüşe geçmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda bolup geçen ähmiýetli durmuş-syýasy wakalar baradaky teswirlere we maglumatlara hem aýratyn orun berilýär.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň durmuşyna, Türkmenistanyň medeniýetine, milli mirasyna, aýdym-saz sungatyna, taryhy ýadygärliklerine, dürli pudaklarda alnyp barylýan işlere degişli owadan suratlar bilen bezelip çykarylan žurnallaryň şu sanlarynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen, güýçli depginler bilen ösýän döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi halkara bileleşigiň Türkmenistana uly mümkinçiliklere, baý serişde hem-de ykdysady gorlara, şeýle hem täsin taryhy-medeni mirasa eýe bolan ýurt hökmündäki barha artýan gyzyklanmasynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
(TDH)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41262
Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de biriniň açylyp, bagtyýar maşgalalara sowgat edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy aýdym-sazyň hoş owazlary bilen utgaşdy.
Gurbannazar GURBANGULYÝEW,
Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri:
— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir raýatynyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Şu günki ajaýyp waka hem şeýle tagallalaryň barha rowaç alýandygyny görkezýär. Bu gün welaýatymyzyň polisiýa edaralarynyň işgärleri üçin Änew şäherinde dört gatly, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýär. Biziň maşgalamyza hem bu jaýdan 4 otagly öýüň açary gowşuryldy. Ýurdumyzyň naýbaşy toýuny täze jaýda garşylamak bagtyna eýe bolduk.
Agzybir maşgalamyz — gelnim, iki oglum we gyzym bar. Birnäçe ýyldan bäri welaýat Polisiýa müdirliginde işläp gelýärin. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bu babatdaky bimöçber aladalar bize jemgyýetçilik tertibini üpjün etmekde, düzgün bozulmalarynyň öňüni almakda has-da jogapkärli çemeleşmäge iterýär. Şu ajaýyp günde içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Mähri HALMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň ýetip gelýän şanly senesi aýratyn joşgun, dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Etrabymyzyň merkezinde iki sany dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berlenine köp wagt geçmänkä, şeýle kaşaň binalaryň ýene-de biriniň açylyş dabarasyna şaýat bolýandygymyza buýsanýarys.
Täze jaýlarda ildeşlerimiz üçin döredilen amatlyklar bilen tanyşdyk. Onda iki, üç, dört otagly giň we amatly öýler bar. Kömekçi otaglar hem göz öňünde tutulypdyr. Aşgabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylarynyň guran täze ýaşaýyş jaýyndaky öýler zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Aşhana otagynyň enjamlaşdyryşy bizde aýratyn gyzyklanma döretdi.
Şanly toýuň öňüsyrasynda bolup geçýän şeýle şatlykly wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň, ýurdumyzda asudalygyň, bagtyýarlygyň höküm sürýändiginiň alamatydyr. Şeýle eşretli döwre, döwletli döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.
Surata düşüren awtor.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41254
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, halkyň abadan durmuşy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda uly işler amala aşyryldy. 30 ýylyň içinde özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter özgerdi.
Gahryman Arkadagymyzyň maýa goýum syýasatynyň işjeň amal edilmegi bilen, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, ösen ulag-logistik düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýolunda halkara syýasatda milli we ählumumy bähbitleri nazara alyp, oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerýär.
Dünýäde koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy döwletleriň ykdysadyýetlerine ýaramaz täsirini ýetirdi. Dowam edýän çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi üpjün edilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi hem görkezýär.
Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilik we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalarydyr geçirijiler, paýlaýjy beketler gurlup ulanylmaga berilýär. Aşgabat şäheriniň, welaýat merkezleriniň, iri şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary yzygiderli täzelenýär.
Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýokary depginde ösýän, bäsdeşlige ukyply düzümleri döretmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde deňiz, halkara awtoulag, demir ýol, howa we turba geçiriji multimodal logistik taslamalar amala aşyrylýar.
Oba hojalygynda hem bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak däne tabşyrdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.
Içerki bazary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmekde uly işler amala aşyryldy. Munuň üçin ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary giňeldilýär. Et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberleri artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmak boýunça maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berdi.
Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bu ulgama ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym ulgamynda sazlaşykly geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda ylma we döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalar bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnama raýatlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi milli lukmançylygyň esasy aýratynlyklarydyr.
Şeýlelikde, berkarar döwletimizde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek işi doly amala aşyryldy. Aýratyn-da, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleriň, şeýle hem ýokanç keselleriň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty ýerli ösümliklerden we çig mallardan öndürilýän dermanlar hem-de saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Geçirilen bu işler keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýyldaky mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmelere badalga berildi. Halkara tejribe we jemgyýetimizde gazanylan üstünlikler nazara alnyp geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik kadalary dabaralandyrdy.
Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi dünýäniň çalt ählumumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanunçykaryjylyk işi kämilleşýär we özgerýär. Milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.
Başymyzyň täji bolan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygy biziň her birimiziň geljegimize ynam-umyt, ömrümize many berýär.
Annamuhammet SARJAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/41257