Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň halkyň ynsanperwer taglymatlaryna, paýhasly däp-dessurlaryna, baý taryhy tejribesine esaslanýandygyny belleýär. Kitapda ýurdumyzyň depginli ösüşi, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde iri durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işler barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistanda geljekde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini we onuň gurluşynda hil taýdan öňe ilerlemegi, şeýle hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli özgertmegi, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmagy üpjün etmäge ýardam berjek iri milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi» diýip belleýär.
Bu gün Garlykdaky kaliý zawodynyň, Mary şäherindäki karbamid zawodynyň, Owadandepedäki «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Demirgazyk— Günorta ulag ugry boýunça çekilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Garaşsyz döwletimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda amala aşyrmak bilen birlikde, onuň sebitde we dünýäde rowaçlanmagy üçin alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat şäherlerindäki halkara howa menzilleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyz bilen birlikde halkara ulag, aragatnaşyk, ykdysady we medeni hyzmatlary amala aşyrmaga döredilen giň mümkinçiliklerdir.
Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň noýabrynda gol çeken «Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça çäreler hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda döwlet derejesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwürmek bilen, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň, ulag-logistika gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde durmuş-ykdysady pudaklary toplumlaýyn ösdürmekde netijeli işleri ýola goýdy.
Goý, ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Aýjemal AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.