«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Tutuş ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriniň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.
Ätiýaçlandyryş hyzmatlary halkara ätiýaçlandyryşyň bazarynda gabat gelýän ülňülere laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramakda halkara ätiýaçlandyryş tejribesi ulanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilere emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6, meýletin ätiýaçlandyryşyň 46 görnüşini hödürleýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda tölegler elektron görnüşde ýerine ýetirilýär. Onuň merkezi edarasynda, welaýat we etrap guramalarynda häzirki zaman programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, elektron hyzmatdaşlygy optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen amala aşyrylýar. Maglumat howpsuzlygyny üpjün edýändigi bolsa onuň iň ygtybarly tarapydyr. Bu ulgamyň işe girizilmegi merkezi edaranyň beýleki ätiýaçlandyryş guramalary bilen onlaýn ulgam arkaly işlemäge, ýagny maglumatlaryň alyş-çalşyny wagt ýitirmezden, şol bir wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleriniň işini ýeňilleşdirýär we müşderilere edilýän hyzmaty gysga wagta amala aşyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda Köneürgenç etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy etrabyň çäginde ätiýaçlandyryş işlerini we meýilnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirýär. Gurama boýunça 2021-nji ýylyň 7 aýy boýunça jemi 4497 sany şertnama baglaşylyp, 312565.00 manatlyk ätiýaçlandyryş baýragy ýygnaldy. Şeýlelikde, hökmany görnüşleri boýunça 402 sany şertnama baglaşylyp, 192813 manat girdeji gazanyldy, meýletin görnüşleri boýunça bolsa 4095 sany şertnama baglaşyldy. Şonuň netijesinde, 119752 manatlyk ätiýaçlandyryş baýragy ýygnalyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Ätiýaçlandyryş guramasy her bir raýatyň, her bir edara-kärhananyň ygtybarly hyzmatdaşydyr.
Maral SAPAROWA,
Köneürgenç etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.