Habarlar
Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

Dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn durnukly ösýän ýurt hökmünde öz ornuny barha berkidýän ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly düýpli özgerişlikleriň hil taýdan täze tapgyryna gadam basýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde telekeçiligiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we ony döwlet tarapyndan goldamaga uly üns berýär. Hut şonuň netijesinde türkmen işewürleri durmuş-medeni maksatly desgalary, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny gurýarlar we öz tejribelerini barha kämilleşdirýärler. Durmuş maksatly desgalardyr binalaryň gurluşyklarynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagynyň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny görkezýär.

Şu dogrusynda pikir ýüwürdeniňde, güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30-njy ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen möhüm ähmiýetli desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň giň mümkinçilikleri we olaryň gurluşygyna gatnaşan türkmen telekeçileriniň asylly zähmeti göz öňüňde janlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň asylly zähmeti netijesinde ýakynda Türkmenabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde 614 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaý toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze jaýlar üç we bäş otagly öýlerden ybarat bolup, olarda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ýokary amatlylyklaryň ählisi göz öňünde tutulan. Açylyş dabarasynda bagtyýar maşgalalaryň onlarçasyna täze jaýlardan ähli amatlylykly öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň biziň eşretli zamanamyzda barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Tutumly toýlara, baýramçylyk dabaralaryna utgaşýan üstümizdäki ýubileý ýylymyzda täze açylyp, ulanmaga berilýän binalardyr desgalar ýokary hili we milli binagärlik öwüşginleri, şeýle hem ýokary amatlylyklary bilen tapawutlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösdürilýändiginiň nyşanyna öwrülýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alyp, eziz Diýarymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

Laçyn AZIMOWA,

«Çäksiz Diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk inženeri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43910

21.10.2021
2021-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Şanly ýubileý senesiniň — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleri halkara giňişlikde ýokary işjeňlige eýe boldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen baýramçylyk çäreleri, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, tanyşdyrylyş çäreleri Türkmenistanyň döwlet ösüşi babatdaky strategiýasynyň hem-de daşary syýasy ugrunyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Sebitiň goňşy döwletleri bilen ysnyşykly we köp taraply gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň netijeli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hem-de ileri tutulýan ugrudyr. Şunda Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we özara goldaw bermek ýörelgelerine berk eýermek bilen, iş ýüzünde dostlukly döwlete yzygiderli goldaw berip gelýär.

1-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň ýolbaşçylarynyň hem-de goňşy döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda ynsanperwerlik kömegini kabul etmek dabarasy boldy. Owgan tarapy hemişe kömek berýän Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Owgan meselesiniň Türkmenistan tarapyndan geçen aýda hyzmatdaş döwletler bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň üns merkezinde bolandygyny bellemelidiris. Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda 5-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde goňşy ýurtdaky häzirki ýagdaý we halkara bileleşigiň hem-de sebitiň ýurtlarynyň şu mesele babatda özara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşini pugtalandyrmak meselelerini çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda sebitiň çägindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şol meseleler bolsa özara baglanyşyklydyr.

Durmuş-ykdysady, energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde ýurdumyzyň aýratyn orny nygtaldy.

8-nji sentýabrda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy boýunça guraldy. Geňeşmelere Türkmenistandan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tarapyndan şeýle duşuşyklara Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de bu ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge bitewi sebit çemeleşmesini işläp taýýarlamak mümkinçiligi hökmünde garalýar.

Şol gün sanly ulgam arkaly ABŞ-nyň we GFR-iň daşary syýasat edaralarynyň başlangyjy bilen ministrler duşuşygy geçirildi. Geçirilen gepleşiklere gatnaşmaga dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de BMG-niň, ÝB-niň we NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegiň ähmiýetini nygtap, goňşy ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy we durmuş babatda durnuklylygy hem-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp taraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny döretmegiň zerurdygyny bellediler.

13-nji sentýabrda Ženewada utgaşykly görnüşde Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasyny düzýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy we ýakyndan goldaw bermegi bilen, goňşy döwletde möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň — mekdebiň, hassahananyň we metjidiň gurluşygy amala aşyryldy. Türkmen tarapy Owganystana derman we lukmançylyk serişdeleri görnüşinde ynsanperwerlik kömegini yzygiderli iberýär.

Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler güýz paslynyň birinji aýynyň beýleki möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda orun aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugruna laýyklykda, şol ýurtlar bilen özara gyzyklanma bildirilýän netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi bilen geçiren duşuşygynda dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meselesi boldy. Myhman ýapon wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar hem-de okuwçylar bilen geçiren umumy sapagynyň dowamynda öňde goýlan wezipelere bagyşlandy. Çykyş edenler, şol sanda çärä sanly ulgam arkaly gatnaşan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ösüşi, häzirki ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň, ene-atalaryň hem-de maşgalalaryň öňündäki borjy baradaky çuň manyly çykyşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamanyň hem-de ýokarda agzalan forumyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň resminamalary hökmünde ykrar edilmegi sebit ösüşini ilerletmek üçin Merkezi Aziýa binýadynyň uly ähmiýete eýediginiň tassyknamasyna öwrüldi. Bu resminamalar BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de bu iri halkara gurama agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy.

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy maslahatynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky” Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu abraýly guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi. Onda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde pandemiýa döwründe hem-de saglyk bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara gatnaşyklary boýunça iki günlük onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Gyrgyzystanyň we Ysraýylyň halkara bilermenleri döwlet edaralarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryny guramak boýunça garaýyşlary barada pikir alyşdylar. Çärä gatnaşanlar Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we ilaty doly derejede habarly etmek meseleleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işleýän guramalaryň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

9-10-njy sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen ÝHHG-niň Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky 23-nji maslahatynyň esasy meselesi “Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy” diýlip atlandyryldy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda, maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň hem-de ýurdumyzyň garaşsyz habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekilleri onlaýn görnüşde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdylar. Bu forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan bilermenleri jemledi.

Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeniýet gatnaşyklary bilen bagly boldy. Foruma gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda travel-žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde chek-in, maglumat kommunikasiýalarynyň täze ulgamynda aň-bilim mediataslamalary ýaly meseleler girizildi.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara meýdançalarda, şol sanda mediagiňişlikde özüniň eýeleýän ornuny işjeň pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu foruma Hazarýaka döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlykda hünär babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny bellemek gerek.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Serhetsiz Hazar” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýeňijileriň hatarynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem bar.

13-nji sentýabrda Daşkent şäherinde suw hojalyk meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda Amyderýanyň suw serişdelerini hem-de suw hojalyk desgalaryny ulanmakda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalygy ulgamynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň we olaryň düzümleýin edaralarynyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisde suw serişdelerini rejeli ulanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, zeýkeş-ýerasty hem-de akaba suwlaryny ulanmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Şondan bir gün geçenden soň, Özbegistanyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Oňa dostlukly ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň örän netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki dostlukly ýurduň Liderleri netijeli döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna uly üns berýärler.

16-njy sentýabrda “C5+1” görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de energiýany öndürmek üçin suw serişdeleriniň elýeterliligine ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan howa meselelerine jogap berýän edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar “C5+1” sebitleýin diplomatik binýadyň çäklerinde daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyny ösdürmek hem-de howanyň üýtgemeginden ejir çekýän ilatyň gatlaklary üçin durmuş özgertmelerini goldamak babatda bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtadylar.

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda statistiki kuwwaty pugtalandyrmak we milli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça hasabatlary bermek, Durmuş-ykdysady meýilnama hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmak boýunça esasy resminamalary milli kanunçylyga hemmetaraplaýyn ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli maglumatlar binýadyny döretmek babatdaky işiň hem-de 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyna taýýarlyk görmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde “Bütindünýä pandemiýasy bilen baglanyşykly dürli töwekgelçilikleri hem-de howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko resminama gol çekdi.

Bu resminama ýerli derejede döwlet wezipeli adamlaryň kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de adam howpsuzlygyny üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegini nazara almak bilen, durmuş-ykdysady taýdan seslenmegiň meýilnamasyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň sanly ulgam arkaly “C5+1” görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri “C5+1” sebit diplomatik binýadynyň aýratyn ähmiýetini tassyklap, sebit hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin onuň peýdasyny bellediler.

Netijeli söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün türkmen wekilleriniň “EKSPO — 2020 Dubaýyň” daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen işlemek boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehade bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan bu halkara gözden geçirilişiň ähmiýetini nygtadylar.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegi köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar geçirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite goýberilişleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamlarynda, ylymda we medeniýetde ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerine bagyşlanyldy.

Milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlary, durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar köp sanly okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem-de konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we köp sanly beýleki çäreler geçirildi.

Hyrat şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygy tarapyndan maslahat guraldy. Oňa Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de dostluk goldawy we owgan halkyna berilýän ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramy hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetinde şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň konserti geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň we halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkiýäniň Samsun şäherinde Ondokuz Maýis uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatyň çäklerinde hem sergi we baýramçylyk konserti guraldy.

ABŞ-nyň Sietl şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ýörite okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga watandaşlarymyz — Türkmenistanyň raýatlary we talyplary çagyryldy. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa Londondaky abraýly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan, onuň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşdirilen ägirt uly ekranlarda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan baýramçylyk çäresi geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri bellenildi.

26-syndan 27-nji sentýabra geçilen gije ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde “Nur Älem” muzeýiniň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinde öwşün atdy.

Şeýlelikde, 2021-nji ýubileý ýylynyň sentýabr aýynyň köpöwüşginli wakalarynyň syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we özara düşünişmegiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43837

20.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Şu ulgamda ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Höküme tleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan öňdengörüjilikli syýasatynyň, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigi bellenildi. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda daşary ýurtlaryň, şol sanda rus kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesi netijeli ulanylyp bilner. Russiýanyň kompaniýalary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43842

20.10.2021
Gözelligiň şäheri

Ak şäherimiz — Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan ak mermer desgalaryň hatarynda abraýly halkara çärelerini geçirmäge niýetlenilen binalar aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Olar ýaşaýyş jaý, ýadygärlik toplumlary, suw çüwdürimleri, sport toplumlary, saglygy goraýyş binalary bilen egin deňläp, ýurdumyzyň gelim-gidimliligini, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň biziň ýurdumyzda maslahatlaşylyp çözülýändigini aňladyp, kalplara şöhle salýar.

Şeýle giň halkara çäreleriniň geçirilýän ýerleri hökmünde, paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasyny, Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň Sergiler merkezini we beýlekileri buýsanç bilen ýatlap bileris. Ministrliklerdir edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýygnaklar zallary hem bu möhüm halkara çärelerini guramak we geçirmek üçin ähli amatlyklara eýedir.

Paýtagtymyza myhman bolup gelýän resmi wekiliýetleriň agzalary, žurnalistler, syýahatçylar we jahankeşdeler ak şäherimiziň gözellik, tämizlik aýdymyny dilleriniň senasyna öwürýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün paýtagtymyz ak mermer binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Ak şäherimiziň bu sanawa 11 gezek girizilendigini hem buýsanç bilen bellemelidiris.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilen üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda Hökümet münberiniň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Diwanynyň binasynyň we beýleki birnäçe ýaşaýyş we medeni maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn möhüm wakalar boldy. Häzirki wagtda gurlup ulanylmaga doly taýýar edilen «Garagum» myhmanhanasy bu ýere myhman bolup gelýän daşary ýurtly hünärmenlere, jahankeşdelere ýurdumyzyň aýratynlyklary barada doly maglumat bermäge niýetlenendir.

Paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli başlangyçlary rowaç bolsun!

Perhat GARAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43791

20.10.2021
Şanly ýylyň ganatly kitaby

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň çapdan çykandygy bilen baglanyşykly şatlykly habar Sarahs etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylarydyr zähmetkeşlerinde hem uly buýsanç duýgusyny döretdi. Şeýle bolansoň, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň etrap derejesindäki tanyşdyrylyş dabarasyna bagtdan paýly ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdy.

Etrap merkezindäki Medeniýet öýünde bolan tanyşdyrylyş dabarasyny etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap merkezi kitaphanasy hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Bu dabara turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslendi. Oňa gatnaşmaga ýygnanan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, mekdep mugallymlary, ýaşlar täsirli çykyşlary gyzyklanma bilen diňlediler. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy bilim işgärleriniň we beýleki myhmanlaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly gymmatly kitabyň baý many-mazmuny barada gürrüň berildi. Täze kitabyň her bir bölüminiň üstünde aýratyn durlup geçilmegi çykyşlaryň täsirliligini artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar halkymyza täze eserini sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar. Bezemen sahnada ýerine ýetirilen belent owazly aýdym-sazlar dabara ýygnananlaryň göwnüni has-da galkyndyrdy.

Mähri IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

* * *

Tanyşdyrylyş dabarasy

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň bilim işgärleri üçin aýratyn uly sowgat, gymmatly gollanmadygy barada buýsançly gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň milli kökleri we taryhy ähmiýeti açylyp görkezilýär, häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň orny öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda gurlup, ulanylmaga berlen iri önümçilik desgalaryň ähmiýetini açyp görkezýän maglumatlar kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Dabara gatnaşyjylar täze gymmatly kitaby sowgat eden Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Arzygül NEPESOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43780

20.10.2021
Beýik ösüşlere beslenýän Diýar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary uly ösüşlere beslenýär, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylýar, oba hojalyk önümçiligi dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilýär, täze ýollar, aragatnaşyk ulgamlary gurulýar. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inžener üpjünçilik ulgamynyň berk binýady döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň has-da ýokary depginli ösüşini gazanmaga aýratyn üns berilýär. Şunda innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şeýle hem sanly ulgam ösdürilýär, tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Sanly ulgam boýunça kämil hünärmenleriň ylmy esasda iş alyp barmaklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Netijede, diňe bir ösen tehnologiýalary, kompýuterleri öndürmek bilen çäklenilmän, eýsem, kämil hünärmenler tarapyndan täze taslamalar hem işlenip taýýarlanylýar. Şeýle taslamalaryň mysalyny «akylly öýlerde» görmek bolýar. Bu bolsa döwrebap ösüşleriň durmuşymyza tiz ornaşýandygyny aýdyň beýan edýär.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Çünki bu günki bagtyýar günlerimizde ýurdumyzyň ösüşleri giň mümkinçiliklere eýe edýär. Ulag diplomatiýasynda hem, gurluşyk-binagärlikde hem, ylym-bilimde hem gazanylýan üstünlikler ýokary derejä eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bagtyň, abadan durmuşyň döwrüdir. Biz muny her bir ädimde, her bir işde, durmuşymyzyň her bir pursadynda duýýarys. Ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, sagdyn durmuşda kemala gelmekleri, sport bilen meşgullanmaklary hakyky bagtyýarlygyň nusgasydyr, belent derejesidir. Hormatly Prezidentimiz sözüň doly manysynda halkyň eşretli durmuşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Şeýle bagtyýarlygy halkymyza peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Rahman KULOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43779

20.10.2021
Milli ykdysadyýetimizde innowasiýalar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, şeý­le hem ylym, bi­lim ul­gam­la­ryn­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. El­bet­de, is­len­dik ba­bat­da işiň ne­ti­je­li­li­gi we iler­le­me­gi üçin onuň ka­nun­çy­lyk hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ze­rur­dy­gy düş­nük­li. Bu ba­bat­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi in­no­wa­si­ýa taý­dan ös­dür­mek hem-de ony ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­tir­mek üçin bir­nä­çe ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry ka­bul edil­di.

«Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» me­ýil­na­ma­la­ýyn esas­da dur­mu­şa ge­çir­me­giň ne­ti­je­sin­de san­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ra giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­niň ugur­la­ry kes­git­le­nen­de, şol ugur­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi döw­le­tiň ösüş­le­ri­ne tä­ze ba­dal­ga bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň parasatly baştutanlygynda mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­de san­ly ul­ga­ma geç­me­giň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. San­ly ul­gam ösen teh­ni­ka­nyň oňyn ne­ti­je­le­rin­den bo­lup, ol işi çalt we ýo­ka­ry hil­li ama­la aşyr­mak­da, wag­ty tyg­şyt­la­mak­da müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­ýar. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de san­ly ul­gam ösüş­le­riň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­ny dö­re­di­ji ul­gam hök­mün­de kes­git­len­ýär. Äh­li pu­dak­lar­da, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy­ýet­de ga­za­nyl­ýan ösüş­ler döw­re­bap­ly­ga eýe bol­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň döw­let ka­da­laş­dy­ry­ly­şy» at­ly ki­ta­by­nyň bi­rin­ji jil­tin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti düýp­li ös­dür­mek üçin kä­mil yl­myň ge­rek­di­gi­ni, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär.

«Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syn­da» öň­de goý­lan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak­da uly iş­ler durmuşa or­naş­dy­ryl­dy. Ge­çen döw­rüň tej­ri­be­si­niň gör­ke­zi­şi ýa­ly, dün­ýä­de fi­zi­ki, san­ly we bio­lo­gik hä­si­ýet­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ut­gaş­ma­gy­ny aň­lad­ýan «dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy» döw­let do­lan­dy­ry­lyş ul­ga­my­ny, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi, tu­tuş jem­gy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek üçin bin­ýat­lyk esas hök­mün­de öňe çyk­dy. Bu gün san­ly ul­gam ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ry­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rip baş­la­dy.

Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, ag­rar, me­de­ni-dur­muş, ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki pu­dak­la­ry­na san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ry­ly­şy in­no­wa­sion ösüş­ler­den ha­bar ber­ýär. San­ly­laş­dyr­mak ba­bat­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir san­ly ul­gam umu­my ösü­şiň esa­sy şer­ti­ne öw­rül­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len önüm­çi­li­ge in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryn­da düýp­li ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga giň şert­le­ri dö­red­ýär. San­ly ul­gam ho­ja­lyk hem-de do­lan­dy­ryş iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, önüm­çi­li­gi dep­gin­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly hem-de ýo­ka­ry gir­de­ji­li et­mek­de has äh­mi­ýet­li. Şeý­le­lik­de, döw­rüň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şy­my­za iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­re­bap ös­me­gi­ne, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­ny biz dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da eýe bo­lun­ýan üs­tün­lik­le­riň my­sa­lyn­da gör­ýä­ris.

Hal­ky­my­zy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt we umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ak­my­rat JU­MA­ÝEW,

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43783

20.10.2021
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara Pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň her ýylky geçirilýän maslahatynyň çäklerindäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýagny, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriň gatnaşmagynda Halkara Pul gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň direktory Jihad Azur we Türkmenistan boýunça wekiliýetiň ýolbaşçysy Çad Staýnberg bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň gelejegi baradaky çaklamalar, ykdysady we maliýe syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary şeýle hem Halkara pul gaznasy (HPG) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda, orta möhletde dünýädäki COVID-19 pandemiýasynyň we nebitiň bahasynyň düşmeginiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna ýetiren täsiri, Halkara Pul Gaznasy tarapyndan ýurdumyza berilýän teniki goldawlary hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jihad Azur, Halkara Pul Gaznasy tarapyndan tehniki goldawlaryň berilmeginiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini we ýurdumyza býujet we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça ýardamlaryň beriljekdigini nygtady. Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin döwletli tutumlary amala aşyrýan, döwletimiziň bütindünýäde abraý-mertebesini belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç bolmagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

19.10.2021
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlaglary hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Döwlet Dumasynyň sekizinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna synçylar hökmünde gatnaşandygy üçin öz kärdeşine hoşallyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň zenanlarynyň wekilleriniň Ýewraziýa zenanlar forumyna onlaýn tertipde gatnaşandyklary üçin hoşallyk beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşdäki parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşinde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan parlamentara gatnaşyklaryň geljekde hem işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklary bellenildi. Oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň Liderleriniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda taraplar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň iki döwletiň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan uly goşantlaryny aýratyn nygtap, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň döwlet Baştutanlaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43721

19.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza gelip başlady.

Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim häzir “Garagum” myhmanhanasynyň hem-de “Erkin” seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny nygtady.

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk hem-de gyş möwsüminiň gelip ýetmegi bilen, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyny bökdençsiz işletmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen şäher hökmünde ykrar edilendigini belledi. Bu ýerde alnyp barylýan işler şäher ilatynyň abadançylygyna gönükdirilip, binagärligiň häzirki zaman gazananlary, inženerçilik-tehniki çözgütler we bu ugurdaky asyrlar aşyp gelýän milli tejribeler utgaşdyrylýar. Hut şonuň üçin paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, ýurdumyz üçin ähmiýetli bu baýramyň ruhuna laýyk derejede guralmalydygyny belledi. Ähli meýilleşdirilen çärelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten derejesi, öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň ähmiýeti öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gyşky möwsümde elektrik energiýasynyň we ýylylyk ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitdäki işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimize möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini ýokary derejede we pugta bellenen agrotehniki möhletde geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Welaýatyň häkimi ekiş döwründe tehnikalaryň we gurallaryň giňden ulanylyşy, olara öz wagtynda tehniki taýdan hyzmat edilişi, gögeriş alnan bugdaý meýdanlaryna ideg etmek, ösüş suwuny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýtdy.

Pagtaçylar ýetişdirilen hasyly doly möçberde hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şu maksat bilen, pagta ýygyjy kombaýnlaryň, ulaglaryňdyr tehnikalaryň, ýygnalan “ak altyny” harmanhanalarda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilmegi üpjün edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak hem-de ilaty isleg bildirilýän bu önüm bilen üpjün etmek üçin hemme çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hususan-da, welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerlerde durmuş-ykdysady düzümi kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy.

Sebitde gyşky möwsüme taýýarlyk işleri we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, azyk bolçulygyny üpjün etmek we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häkime pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin hemme tagallalary etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Häkime welaýatda durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak, ýyladyş möwsümi döwründe ilatyň durmuş üpjünçiligini bökdençsiz ýola goýmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde geçirilýän işler, ilkinji nobatda, möhüm oba hojalyk möwsümlerini — geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, beýleki oba hojalyk ekinlerini, hususan-da, ýeralmany hem-de gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek we olara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatda ýetişdirilen “ak altyny” gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin hemme zerur çäreler görüldi. Şunda pagta ýygyjy tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, hasyly harmanhanalara hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşamak üçin tagallalar edilýär.

Sebitiň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi, gyşky möwsüme taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy möwsümleriniň depginini artdyrmagyň, bu jogapkärli möwsümlerde ulanylýan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz ýetişdirilen pagtany öz wagtynda we doly ýygnap almagyň, ýygym möwsüminde zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygyny nygtap, häkime we wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýyň ekişi bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýeterlik möçberde öndürmek üçin zerur agrotehniki çäreleri bellenen möhletde ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, gurluşygy bildirilýän ähli talaplara laýyklykda alnyp barylmaly dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak, gyşky möwsümde ähli degişli gulluklaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we Oba milli maksatnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda amala aşyrylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler barada hasabat berip, güýz günlerinde pagta hasylyny ýygnamagyň depginini güýçlendirmek, güýzlük bugdaýyň ekişini öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde durýandygyny habar berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda, şalynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak maksady bilen işler alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynda gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk hem-de ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de pagta ýygymy möwsümini has amatly möhletlerde tamamlamak maksady bilen, anyk çäreleri görmek boýunça häkime hem-de wise-premýere birnäçe görkezmeler berildi.

Bu ugurda welaýatda pudagyň tehniki binýadyny doly güýjünde ulanmak bilen birlikde, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmegi üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň özeninde halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň durandygyny belläp, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek hem-de welaýatyň durmuş üpjünçiligine degişli ulgamlary gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň ekişini hem-de “ak altyn” möwsümini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek, baş maksady adamlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmekden ybarat bolan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin meýdan işleri, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de dowam edýän “ak altyn” hasylynyň ýygymynyň barşy barada, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek, hususan-da, şaly ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda gurluşyklary bildirilýän ähli talaplaryň berjaý edilmegi bilen alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gyşky ýyladyş möwsümine degişli gulluklary taýýarlamak hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagtany meýdanlardan gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watanymyzyň uly harmanyna goşmak maksady bilen, bar bolan hemme serişdeleri gönükdirmegiň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda häkime we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak baradaky meselä degip geçip, ilaty ýokumly, ter önümler bilen üznüksiz üpjün etmek üçin, güýzlük gök önümler, şol sanda ýeralma ösdürilip ýetişdirilende, agrotehniki kadalary berk berjaý etmegiň, şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belläp, häkimden bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim möhüm oba hojalyk möwsümlerini geçirmek, 2022-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we kärendeçi-ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Gant şugundyry, güýzlük gök ekinler ekilen meýdanlarda degişli idegiň geçirilýändigi bellenildi.

Mary welaýatynyň häkimi möhüm durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly gurulýan desgalardaky alnyp barylýan gurluşyklaryň barşy, gyşky ýyladyş möwsümine degişli ulgamlary taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem habar berdi. Şeýle hem häzirki döwürde Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň — güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymy möwsüminiň üstünliginiň daýhanlaryň zähmetiniň guramaçylykly guralyşyna we pudaklaýyn düzümleriň utgaşykly özara hereket etmegine gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilişine, meýdanlarda zähmet çekýän adamlar üçin oňaýly iş şertleriniň döredilişine degişli gözegçiligi üpjün etmek barada häkime we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gök önümleriň bereketli hasylyny almak, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini belläp, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmagyň, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, hasyllylygy artdyrmagyň we häzirki zamanyň obasenagat ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyklara degip geçip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň hemme ölçegler boýunça ýokary hil ülňülerine kybap gelmelidigini hem-de meýilleşdirilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Azyk bolçulygynyň esaslaryny berkitmek maksady bilen, häzirki wagtda güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümleri güýçli depginler bilen dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary doly ulanmak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär.

Pagta çig malyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almaga gönükdirilen “ak altyn” möwsüminde kombaýnlar, hasyly daşamak üçin tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar we harmanhanalar bökdençsiz işledilýär.

Ilatyň dürli görnüşli oba hojalyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şalynyň hem-de Balkan, Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin hemme zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine degişli idegler üpjün edildi. Şol ideg işleri tassyklanylan agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek işinde obasenagat toplumyna aýratyn orun berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, pudaga oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin şertleri üpjün etmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz häzirki döwrüň biziň öňümizde çözülmegi düýpli täzeçil çemeleşmeleri talap edýän möhüm wezipeleri goýýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň obasenagat toplumyny hem-de onuň gaýtadan işleýän ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak boýunça anyk çäreler görülmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43722

19.10.2021
Merkezi Aziýa: hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikler

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygy gazanylan netijeler babatda alanyňda, juda ähmiýetli boldy. Şol gün birbada 6 sany halkara derejeli çäräniň geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine, ösüşlerine göz ýetirmäge, halklaryň milli däp-dessurlary, aşhana sungaty bilen tanyşmaga, doganlyk döwletleriň hususy pudaklarynyň wekilleri bilen özara tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Biziň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen milli önümleriň halkara sergisinde Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň uly wise-prezidenti Roman Kasymow bilen eden söhbetdeşligimiz soňra internet arkaly dowam etdi.

— Roman Pazylowiç, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda sebitiň ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle geňeşiň döredilmegi sebitiň söwda dolanyşygyny artdyrmakda neneňsi orun eýelär diýip pikir edýärsiňiz?!

— Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňe süren bu teklibi sebitiň işewürleriniň arasynda uly goldaw tapdy we biz muny juda derwaýys hasaplaýarys. Merkezi Aziýa döwletleriniň telekeçilerini özünde birleşdirýän Işewürler geňeşiniň döredilmegi söwda, ykdysady, energetika, ulag-logistika we innowasiýa ugurlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde, bäş döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli orun eýelär diýip pikir edýärin. Şeýle geňeş işewürlerimiziň maksadaokgunly hereket etmegine, täze ugurly senagat önümçilikleriniň döremegine we sebitiň bazarlarynyň özüne çekijiligini artdyrmaga oňyn täsir eder. Men gürrüňi edilýän geňeşiň beýleki sebitleriň we yklymlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge-de itergi berjekdigine ynanýaryn.

Şeýle Işewürler geňeşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerine gyzyklanmalaryň ähli ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ol sebit döwletleriniň Hökümetlerine söwda dolanyşygyny ýönekeýleşdirmek we bar bolan hem-de ýüze çykyp biläýjek päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin anyk teklipleri hödürlemekde-de möhüm orun eýeläp biler.

— Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleri babatdaky ornunyň Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada-da gürrüň beräýseňiz!

— Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi Ýewraziýada möhüm ulag-logistik merkez hökmündäki ornuny berkitmäge şert döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň dürli ugurlarynyň döredilmegi we olaryň binýadynyň berkidilmegi ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu şertlerde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça geçýän ulag geçelgelerini özünde birleşdirýän Merkezi Aziýanyň umumy halkara ulag geçelgesini ösdürmek aýratyn möhümdir. Çünki Merkezi Aziýa ýurtlary içerki we daşarky söwdanyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolup, bu babatda entek edilmeli işler juda köp. Şeýle bolansoň, sebitiň ýurtlarynyň arasynda içerki ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri herekete girizmek zerur diýip hasaplaýaryn. Bu ýagdaý gürrüňi edilýän döwletleriň jemi içerki önüminiň öndürilişiniň ýokarlanmagyna şert döredip biler.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, häzirki zaman deňiz ulaglary arkaly ýük daşaýyş ulgamyny emele getirmekde, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlaryna çykmakda iň amatly şertleri özünde jemleýär. Bilşiňiz ýaly, Gyrgyz Respublikasy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň sanawyna girýär. Türkmenistanyň Halkara deňiz porty uly möçberli ýük akymlaryny üstünden geçirmek, täze hyzmatdaşlary çekmek, maýa goýumlaryny artdyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe.

Türkmenabat — Farap aralygynda gurlan demir ýol we awtoulag köprüleri Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeledi. Şeýlelikde, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgesiniň emele gelmegine şert döredi. Bu halkara ulag geçelgesi Gazagystanyň we Hindistanyň goşulmagy bilen has-da giňedi we sebitdäki ýurtlara Hindi ummanyna çykmaga mümkinçilik berdi. Gürrüňi edilýän geçelge Merkezi Aziýany Eýranyň Pars aýlagyndaky portlary we Oman aýlagyndaky portlar bilen birleşdirmek üçin niýetlenendir.

Gyrgyz tarapyndan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygy durmuşa geçirilýär, bu Ýewraziýa demir ýol ulgamynyň Merkezi Aziýadaky şahalarynyň işjeň we möhüm halkalarynyň birine öwrüler. Taslama doly durmuşa geçirilenden soňra, sebitiň ýol-ulag düzümleriniň, logistik hereketleriň mümkinçilikleri has-da artyp, sebit, sebitara hem-de yklymara ykdysady hyzmatdaşlygyň, söwda dolanyşygynyň ösmegine mümkinçilik berer.

— Sebitiň işewürleriniň bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek babatda mümkinçiliklerine nähili garaýarsyňyz?

— Merkezi Aziýa döwletleri birek-birege ýakynlaşmak, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin berk binýat döredýärler. Şonuň netijesinde, soňky ýyllarda sebitdäki döwletleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýmaga isleg bildirýän, ýokary mümkinçiliklere eýe maýadarlar döräp ugrady. Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti güýçli depginde ösýär. Şeýle bolansoň, sebit geljekde halkara maýasy üçin täze merkeze öwrülip biler. Munuň üçin sebitde döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we agza ýurtlaryň umumy maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmek strategik taýdan möhümdir. Maýa goýumlaryny çekmek üçin oba hojalygy, maldarçylyk we syýahatçylyk pudaklary ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. COVID-19 pandemiýasy ählumumy ykdysady we beýleki çökgünlikleri emele getirdi. Bu, isleseň-islemeseň, Merkezi Aziýa döwletlerine-de öz täsirini ýetirdi. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, sebitde söwda, ykdysady we işewür gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bilen kanagatlanman, agzalan ugurlary täze derejelere çykarmak gerek. Çünki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikler, şertler, esaslar we binýatlar bar.

— Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, bu ýurtlaryň ykdysady forumynyň we milli önümleriň halkara sergisiniň sebite etjek ykdysady täsirleri baradaky garaýyşlaryňyz biziň üçin gyzykly!

— Bu forum Merkezi Aziýa ýurtlaryna söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmaga, ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, sebitiň döwletlerini has-da jebisleşdirmäge, ykdysady nukdaýnazardan bitewi hereket etmäge we döwletleriň her biriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bähbitleriň deňligini saklamaga kömek eder. Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşandygy bize şeýle netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Duşuşykda, hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda 85 şertnamany öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu zatlaryň ählisi sebitde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle-de ykdysady mümkinçilikleriň artmagyna şert döreder.

— Roman Pazylowiç, söhbetdeşligimizi Awazanyň sizde galdyran täsirleri bilen jemläýsek?!

— Men Türkmenistanda ilkinji sapar boldum. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Halkara deňiz porty mende gaty uly täsir galdyrdy. Şu zatlaryň we sergide görkezilen önümleriň üsti bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünlikler gazanandygyny görmek bolýar. Türkmenbaşy şäheriniň binagärlik gurluşy diýseň özüne çekiji. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar hem juda ajaýyp mümkinçiliklere we görnüşe eýe. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde halkara sergini guramak pikiri diýseň ýerine düşüpdir. Onuň ýokary derejede guralmagy, göz öňünde tutulan mümkinçilikler hem şertler mende ýakymly duýgulardyr ýatlamalary galdyrdy. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Goý, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk asyrlara uzasyn! Döwletlerimiz parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy, agzybirligi hemra edinip, hemişe gülläp össün!

— Roman Pazylowiç, ýakymly söhbediňiz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin hoşallygymy bildirýärin. Işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Ysmaýyl TAGAN.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43720


19.10.2021
Möhüm işe mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazy dünýäde abadan we eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýmaga gönükdirilen syýasaty üstünliklere beslenýär. Bu babatda alysdaky Hytaý döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Dostana ýurda türkmen tebigy gazyny ibermek işine «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Müdirligiň gaz känlerinde zähmet çekýän baýlyk çykaryjylar şanly ýylda has ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen dokuz aýynda tebigy gazyň 9 milliard 128 million kub metrden gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 134 göterim berjaý edildi. Baýlyk çykaryjylar gaz kondensatyny öndürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hasabat döwründe gymmatly çig malyň 34,3 müň tonnadan gowragy öndürilip, degişli meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi.

Gazanylýan ýokary görkezijiler «mawy ýangyjyň» eksport edilýän möçberlerini barha artdyrmaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlara ugradylan tebigy gaz 5,9 milliard kub metrden gowrak boldy. Has takygy, işleri ýokary sazlaşykly guramagyň hasabyna 2,2 milliard kub metrden hem gowrak önümiň meýilnama goşmaça ugradylmagy üpjün edildi. Baýlyk çykaryjylar ýyly üstünlikli jemlemek, ýetip gelýän hünär baýramlaryny sowgatly garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Baýram MÄMMEDOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43737

19.10.2021