Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalardyr dürli ugurlara degişli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, ýagny sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Sanly ulgama geçilmegi maliýe bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň dessinliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.
Maliýe bazaryna gatnaşyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň dessinligi hem-de elýeterliligi karz edaralarynyň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar. Internetiň ösmegi hem-de ykjam telefonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ulanyjylar tarapyndan her gün özleriniň pul hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girilýär. Bu bolsa hasaplary dolandyrmaga uly mümkinçilikleri berýär.
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak we beýleki wezipeler bellenilendir. Bu düzgünleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Sanly ulgama geçmek babatda söwda ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.
«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» we «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan «Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň düzgünleri» işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak hakynda şertnamalary baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen, uzak aralykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär. Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ýuridik şahslara taraplara, şonuň ýaly-da hukuk tarapyny döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan hususyýetçilere degişlidir.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde, müşderileriň öz kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýollary peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslaryň peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşde satyn almagy üçin mümkinçilik döredildi. Hawa, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, banklar tarapyndan öňdebaryjy halkara tejribelere, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Auditor gullugy müdirliginiň baş hünärmeni.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Balkan welaýaty, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden günbatara, Balkan welaýatyna tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri deňizýaka şäheriniň howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynda ýerleşýän Uzynada nebitgaz meýdançasyna tarap ugrady.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen topragynyň milli baýlyklaryny, baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda nebithimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işleýän häzirki zaman senagat toplumlary guruldy.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin önümçiligi boýunça gurnama, ýokary dykyzlygy bolan polietilen we dürli görnüşli polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda gurlup, ulanmaga berildi. Bu iri toplumlaryň önümlerine bolan isleg artýar we olaryň eksport ugurlary giňelýär.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutanyň, metanolyň we beýlekileriň önümçiligi boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda giňden ulanylýan wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion ulgamyny ösdürmäge we eksportyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary Uzynada meýdançasynyň ýanyndaky ýörite niýetlenen meýdança gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady. Şeýle hem milli Liderimiz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, dag eteklerinde, kenarýaka giňişliklerde bar bolan nebitgaz känlerine hyzmat edýän, buraw işlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.
Ýörite taýýarlanylan ýerde Balkan welaýatynyň çäginde, hususan-da, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri hem-de täze açylan känleri senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, nebitgaz känleriniň önümçilik derejesi, täze açylýan ýataklaryň gorlarynyň möçberleri hem-de olaryň ylmy taýdan özleşdirilişi bilen gyzyklandy.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow taýýarlanylan taslamalaryň üsti bilen häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň, aýratyn-da, Hazaryň kenarýaka çäklerindäki känleriň önüm berijiligini artdyrmak, geljegi uly hasaplanylýan guýularyň işini ylmy esasda öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, institutda işleýän alymlaryň yzygiderli tagallasy netijesinde, degişli ugurlar boýunça ösen tejribäni öwrenmek, institutyň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň, aýratyn-da, ylmy-barlag institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bular barada taýýarlanylan taslamalaryň görnüşleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz uglewodorod serişdelerine baý gorlar barada maglumat berýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan we geljegi uly hasaplanylýan Uzynada hem-de Demirgazyk Goturdepe meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdançalaryň çäginde bar bolan guýularyň önüm berijiligi, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda gürrüň berýän taslamalaryň üsti bilen nebit guýularynyň senagat taýdan özleşdirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, aýratyn-da, bu babatda 2022-2023-nji ýyllar üçin meýilnamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligine, olaryň senagat taýdan özleşdirilişine hem-de geljegi uly hasaplanylýan ýataklary ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanandygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý ýataklary gözlemek, olary ýüze çykarmak hem-de täze känleri senagat taýdan özleşdirmek wezipelerini ýerli hünärmenler alyp barýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şeýle hem wise-premýer Uzynada meýdançasyndan we Çeleken käninden alnan nebitleriň görnüşlerini görkezip, bu nebit önümleriniň aýratynlyklary, olaryň hili barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz nebit önümlerini synlap, olaryň ylmy esasda öwrenilmegi, bu känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda çemeleşilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, şol sanda gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, pudaga täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary ornaşdyrmak, mundan başga-da, pudagyň ähli düzümleri üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň güýçli depginde dowam etdirilmelidigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.
Bu ýere ýygnanan ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny ösdürmek barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň başynda Balkan welaýatyna amala aşyrýan saparynyň hemme işgärleri täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýandygyny nygtadylar.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow geologik-gözleg, burawlamak işleri, guýulary hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek ýaly möhüm ugurlar boýunça institut tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Uzynada meýdançasynyň açylmagy alymlaryň bu ýerde nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady. Olaryň özleşdirilmegini işjeňleşdirmek üçin institut tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly zerur gözleg-barlag işleri işjeň alnyp barylýar.
“Türkmengeologiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Rozyýewe söz berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly badalga berilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak babatda döredilýän şertler döwlet korporasiýasyna Balkan welaýatynda geologik-gözleg işlerini üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada beren tabşyryklary boýunça Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda gözleg-barlag işleri alnyp barylýar. Uzynada meýdançasynda nebitiň, gazyň we kondensatyň uly senagat akymlary alyndy hem-de alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu meýdançanyň geljegi uludyr.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni we onuň garamagyndaky “Nebitgazylmytaslama” instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny, ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň, şol sanda özleşdirilýän ýataklarda guýulary düýpli abatlamak we täzelerini gurmak işleriniň sanawynyň düzülendigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda hem-de berýän ägirt uly goldawy netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý sebitleri ýüze çykarmak, şol ýerleriň nebit we tebigy gaz gorlaryny düýpli öwrenmek, täze önümli gatlaklary özleşdirmek üçin guýulary burawlamak, hereket edýän nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň mukdarynyň 5 million tonna barabardygy çaklanylýar.
Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan berýän uly ünsi hem-de amala aşyrylýan işlere goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe söz berildi. Ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna guralan iş saparynyň çäklerinde welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, adamlaryň abadan durmuşy we sebitde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň adamlary täze üstünliklere, belent ýeňişlere ruhlandyrýandygyny nygtady.
Häkim milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanynyň giňeldilendigini hem aýdyp, bu ekinlerden alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, geljekde bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebiti ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz ýurdumyzda bu baýlyklary özleşdirmek we halkymyzyň bähbidine gönükdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän daşary ýurtly maýadarlar üçin hem amatly şertler üpjün edilýär.
Häzirki döwürde Günbatar Türkmenistanda çig nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-agtaryş işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Uzynada we Goturdepe känleriniň bir bölegi bolan Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda zerur işler durmuşa geçirilýär.
Täze özleşdirilýän Uzynada käninde burawlanýan gözleg-barlag guýularynyň berýän netijelerine laýyklykda, geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we käniň uglewodorod gorlaryny artdyrmak, şeýle hem önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek zerur bolup durýar.
Demirgazyk Goturdepe ýatagynda gözleg-barlag guýulary bilen bir hatarda ulanyş guýularynyň köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň gor serişdelerini artdyrmaga hem-de önüm berýän guýularyň sanyny has-da köpeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze özleşdirilýän bu känlerde nebiti we gazy çykarmak, önümli meýdançalaryň çägini giňeltmek, şeýle hem nebitgaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.
Şeýle hem Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň geologiýa-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgany gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýar.
Geçirilýän işler ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň taryhy wakalara, ägirt uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Biziň ähli tagallalarymyz milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hazaryň balyk awlanýan çägine tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimizi Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy N.Meretgylyjow mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanymyz balykçy bilen hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, balykçylaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
N.Meretgylyjow häzirki döwürde ähli hünärde işleýänler bilen bir hatarda, balykçylyk bilen meşgullanýanlar üçin amatly şertleriň döredilendigini, balykçylara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň berilýändigini uly buýsanç bilen belledi. Ol balykçylyk ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçillikleriň aýratyn ähmiýetini belläp, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bu ýerde awlanýan balyklar, olaryň görnüşleri görkezildi. Şolaryň hatarynda balygyň kakadylan görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi Hazaryň kenarynda ýaşaýan ilatyň esasy hünäri bolan balykçylygyň has-da kämilleşendigini, onuň häzirki döwrüň ýagdaýyna görä ösüşiň ýokary derejesine çykandygyny hem-de bu ugurda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
N.Meretgylyjow on ýyl bäri balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň özüne kakasyndan geçendigini we balyk awlamak hünärini ele alandygyna örän şatdygyny aýratyn nygtady. Balykçy häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen, işiň täze usullarynyň döredilýändigini, onuň bolsa balykçylar üçin bähbitlidigini uly höwes bilen gürrüň berdi.
Şol pursatda N.Meretgylyjowyň balykçy ýoldaşlary deňizden gaýdyp geldiler we döwlet Baştutanymyzy bu ýerde görýändiklerine örän şatdyklaryny aýtdylar.
Milli Liderimiz balykçylaryň işiniň aýratynlyklary, balyk awlamakda toplan tejribeleri hem-de balykçylygyň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy.
Balykçylar gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň hususylaşdyrylandygyny, balykçylyk hünärine bolan höwesiň artandygyny hem-de täze usulda işlemegiň bähbitli taraplary barada aýdyp, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olaryň maşgala agzalarynyň durmuşy we balykçylygyň ykdysady bähbidi bilen gyzyklandy. Balykçylar netijeli işlemek, göwnejaý dynç almak we ýokary derejeli ýaşaýyş babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda mesgen tutan ýerli ilat, esasan, balykçylyga üns berýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, kenar ýakalarynda ýaşaýan türkmenler örän irki döwürlerden balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar balyk awlamagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar.
Saýlap alan hünärinden bagt tapan balykçylar aýyň dowamynda 10 — 12 gezek deňiz giňişligine gidýändiklerini hem-de kenardan 3 müň metr uzaklykda balyk awlaýandyklaryny, tor guranlaryndan soň, howa ýagdaýyna görä ony barlap durýandyklaryny gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, her gezek 40 — 50 kilogram töweregi balyk tutulýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň maşgalalary üçin hem, söwda bazarlarynda ýerlemek üçin hem ýeterlik bolýar.
Mundan başga-da, balykçylar bu ýerde gaty kelle, ak balyk, gara balyk, kefir, çapak, bekre we beýleki görnüşli balyklaryň duş gelýändigini aýtdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygyna girip, öz işlerini telekeçilik usulynda alyp barýandyklaryny gürrüň berdiler. Bu bolsa olaryň tutan balyklaryny islendik bazarda, söwda dükanlarynda ýerlemäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyza balykdan taýýarlanan dürli tagamlar görkezildi. Milli Liderimiz bu tagamlaryň aýratynlyklary, olary taýýarlamagyň usullary, balykdan taýýarlanylan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.
Balykçy balykdan taýýarlanylýan tagamlaryň görnüşleriniň örän köpdügini, olaryň Esenguly etrabynda tutulýan toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülýändigini gürrüň berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balygyň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belläp, ondan taýýarlanylan tagamlaryň adam bedenine ýetirýän oňyn täsirini, bu tagamlaryň adamyň iýmit siňdiriş ulgamy üçin ýeňildigini aýdyp, bu önümleriň lukmançylyk ylmy esasynda dermanlyk ähmiýetiniň bardygyny we kesel bejerijilik ukybynyň ýokarydygyny belledi.
Öz işlerinden kemal tapan balykçylar milli Liderimiz bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Esenguly etrabyna amala aşyrandygyny bellediler. Milli Liderimiz bu ýere gelenden soň, täze, döwrebap şäher emele geldi. Şol pursatlary etrabyň ähli ilaty aýratyn mähir we şatlyk bilen ýatlaýar.
Şeýle hem olar, ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň balykçylaryň mekanyna düşmeginiň özleri üçin uly mertebedigini aýtdylar. Olar balykçylaryň işiniň ilerlemegi, balyk awlamak bilen bir hatarda, gaýtadan işlemek, önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawyň berilýändigini buýsanç bilen bellediler.
Balykçylar özleriniň we Esenguly etrabynyň tutuş ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etmekçidiklerini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz olaryň bu teklibini uly höwes bilen oňlaýandygyny aýtdy.
Şeýlelik bilen, balykçylar Hazaryň kenaryndaky ajaýyp giňişlikde belent owaza beslenen gazallary ýerine ýetirdiler.
Deňziň kenaryndaky gazallar diňe bir balykçylaryň ýa-da Esenguly etrabynyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize bildirilýän çuňňur hoşallygyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp gazallary we alyp barýan ähmiýetli işleri üçin balykçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we olara işlerinde üstünlikler, bagt arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Milli Liderimiziň adyndan balykçylara sowgatlar gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz awtoulagda gidip barýan pursatlarynda bu töweregiň tebigy aýratynlyklaryny, gözýetime çenli uzap gidýän ajaýyp giňişligiň gyş paslynda emele gelen özboluşly görnüşlerini we sähranyň ösümlik dünýäsini synlady.
Dünýä ylmynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň her bir künjeginiň özüne mahsus aýratynlygy bolup, şol ýerlerde ýokary ekologiýa derejesi saklanylýar. Munuň özi türkmen topragynyň ähli ýerinde ýylyň her bir paslynda ýakymly howa gurşawynyň bardygynyň, onuň ynsan kalbyna oňyn täsir edýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi, şol ýerden paýtagtymyza ugrady.
Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny hem-de milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada aýtdy. Hasabatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly maglumatlar hem beýan edildi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunda amala aşyrylýan gözegçilik işlerinde kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, ähli düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.
Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, jenaýatçylyga garşy durmak we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, degişli düzümlere sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler hakynda aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak, polisiýanyň maýory W.Ataýewi ýurdumyzyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak, şeýle hem polisiýanyň maýory M.Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginde 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzda döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde zerur şert bolan parahat hem-de asuda ýagdaýy saklamak maksady bilen durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de Watan goragçylary üçin zerur gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň käbir düzümleri boýunça guramaçylyk meselelerine garady we degişli çözgütleri kabul etdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň, kanunylygyň ygtybarly binýadyny üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk işinde döwlet syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk taýdan düşünjeliligini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen anyk işler barada habar berildi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem düzümleýin bölümleriň işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň gümrük gözegçiligini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak we şunuň bilen baglylykda, gullugyň işini häzirki ýagdaýa laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri, gullugyň işgärleriniň netijeli işi üçin döredilýän şertler, olaryň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2021-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Milli Goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, bu düzümiň ähli ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde düzgün-nyzamy pugta berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Prokuratura edaralarynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, oňa ösen tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem kanunçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.
Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda jenaýatçylyga getirýän ýagdaýlary düýpli seljerip, olaryň sebäpleriniň we şertleriniň ýüze çykarylmagynyň hem-de ony aradan aýyrmagyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri degişli edaralar bilen utgaşykly alyp barmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, kazylaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenip, kanuny çözgüdiň kabul edilmegi üçin zerur tagallalar edilmelidir. Şunlukda, kazyýet edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak çaltlandyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegi, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda milli howpsuzlyk ministrine anyk görkezmeleri berdi.
Serhet goşunlarynda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine gönükdirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerleriň göwnejaý gulluklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak wezipeleriniň möhümdigine ünsi çekip, halkara hukuk boýunça ussat hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini giňden öwrenmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary söwdasynyň, esasan hem azyk harytlarynyň söwdasynyň ýagdaýyny we meýillerini seljermek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynda degişli statistiki maglumatlary talabalaýyk ýöretmek we bular boýunça degişli hasabatlary taýýarlamak babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hemişelik ýaşaýan ýerinden beýleki welaýata wagtlaýyn gidýän raýatlary häkimlikler bilen bilelikde bolýan ýerleri boýunça bellige almak hem-de olara gözegçilik etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin içerki migrasiýa işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleri halkara ösen tejribä laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra milli Liderimiz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýändigini nygtap, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana gulluk edip, uly üstünlik gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini we döwletimiziň harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Garaşsyz ösüşiň 30 ýylynyň dowamynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ýokary ykdysady ösüşleri gazanyp, bu ugurda dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini has-da giňden döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini doly ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan rejeli we netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin has amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
Şeýle köpugurly işlerde ykdysady syýasatyň maýa goýum babatyndaky esasy maksady milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, döwlet maksatnamalarynyňdyr iri taslamalaryň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň girdejileriniň ýokarlanmagyna, iş orunlarynyň täze tapgyrlarynyň döredilmegine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine täze mümkinçilikler döreýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlary Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryna esaslanýar. Şunda ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary, goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagyna, bäsdeşlige ukyply telekeçileriňdir senagatçylaryň barha köpelmegine, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegine şert döretdi. Netijede, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň gerimi esli giňedi. Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen uzak möhletleýin, esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň hem ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady strategiýa türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk ösüşiniň tehnologik özgertmeleriň, innowasion ykdysadyýetiň geljegi bilen baglydygyny görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, şunda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar. Bu şertleriň kabul edilen maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulmagy bolsa ony taýýarlamak işine oýlanyşykly çemeleşilendiginden, netijede, garaşylýan netijeleriň hakykat ýüzünde özüniň ornuny tapjakdygyndan nyşan. Başgaça aýdylanda, jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, şol sanda ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberiniň artmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda dünýäde emele gelen ýönekeý bolmadyk şertlerde ýurdumyzda ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň ygtybarly ýoly hasaplanýan maýa goýumlary işjeňleşdirmek boýunça kabul edilen maksatnama munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut edýär.
Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly itergi berýär. Aslynda, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Bu, bir tarapdan, ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ol milli ykdysady strategiýada ileri tutulýan ugurlaryň dogry kesgitlenendigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasy we ykdysady strategiýa diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň gurmaga, döretmäge ukyplydygyny, adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen ýurtda bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
Saparly SAPARLYÝEW,
Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bölümçe başlygy.
Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta ll hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi.
Ilçi tutuş dünýäde oňyn daşary syýasaty bilen meşhur bolan ýurdumyzda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şol syýasat bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlara esaslanýar. Diplomat döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenanyna hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine salamyny beýan edip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hanym Lýusia Uaýlda däp bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de ony giňeltmegiň ähmiýetini we gatnaşyklaryň iki döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.
“Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur — ulag diplomatiýasy peýda bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany döredijileriň biridir.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi. Türkmenistan goňşy Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, hususy ulgamy goldamak ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň uly wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna gatnaşandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete täsiri häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň bu ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň şu meselä örän jogapkärli çemeleşýändigine, adamzat üçin uly wehime garşy göreşmegiň umumy, ylalaşykly çärelerini görmegiň wajypdygyna hem-de gaýragoýulmasyzdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär.
Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň örän işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.
Milli Liderimiz we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzda innowasion ösüş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.
Diplomat öz tarapyndan britan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ediljekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.