2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, bu ministrligiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Bu forum öz işini 2022-nji ýylyň 7-nji aprelinde hem dowam eder.
Forumyň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň wekilleri bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem gatnaşdy.
Bu Forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň gün tertibiniň UNECE sebitinde ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň alyp baryjysy öz tarapyndan forumy açyp giriş sözi bilen çykyş etdi hem-de bu Forumyň maksady we meseleleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin ýerine ýetirilen işleri we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada beýan etdi. Soňra gatnaşýan wekiller öz çykyşlary bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bu forumda çykyş etdi. Ministr Muhammetgeldi Serdarow ministrlik tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada belläp geçdi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilen.
Şu günki günde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek boýunça geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden we 180 görkezijilerden durýan millileşdirilen sanaw tassyklandy we bu agzalan ugurlar 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriler. Durnukly ösüşiň 4-nji maksady (Ýokary hilli bilim), 5-nji maksady (Gender deňligi), 14-nji maksady (Deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak), 15-nji maksady (Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak), 17-nji maksady (Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk) boýunça edilýän işler boýunça düýpli syn beriljekdigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy.
Şeýle hem, global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti global pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna ýetirip biljek degişli täsirini peseltmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreleriň görülendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýdyp geçdi.
Soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine gatnaşýan wekilleriň arasynda sorag-jogap alyşyldy.
Soňra Forumynyň işine gatnaşýan wekilleriň arasynda Forumyň işiniň dowam etmegi, berjek netijeleri barada özara pikir alşyldy we gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirilip, işlerinde üstünlik arzuw edildi hem-de forum öz işini jemledi.
Forumyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi