Ekologiýa hepdeligi — durnukly ösüşiň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda tutuş halkara bileleşik bilen bilelikde, Bütindünýä saglyk güni gözel Diýarymyzda ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belleniler. Bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçmegine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri-de mynasyp goşantlaryny goşarlar. Şol dabaralar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ildeşlerimizi, geljege ynamly gadam bilen barýan ýaş nesillerimizi bir maksatda birleşdirip, tutuş jemgyýetde ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döreder.  

                                                                   

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň 4 — 11-nji apreli günlerinde sagat 8:00-dan 18:00-a çenli Aşgabat şäherinde hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle-de ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär. Asylly däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan kada laýyk howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işler ähli ýaşdaky adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden ugur alýar. Şol maksatlar toplumlaýyn häsiýetdäki çäreleriň geçirilmegini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, zyýanly endikleriň garşysyna göreşmek we ençeme beýleki ugurlardaky çäreleri öz içine alýar.  

                                                                   

Bütindünýä saglyk güni saglyk hem-de ruhubelentlik ýaly üýtgewsiz gymmatlyklaryň ähmiýetini görkezýän halkara baýramdyr. Dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän bu halkara baýram daşky gurşawa aýawly garamaga, ynsan saglygyny berkitmäge, sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam berýär. Eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi sebäpli soňky ýyllarda ulagyň bu görnüşine gyzyklanma has-da artdy. Bu bolsa döwletimizde sport hereketini ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmagyny hem höweslendirýär. Şeýlelikde, bu günki günde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde welosiped sporty bilen giňden meşgullanylýar, milli baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygynyň, halkymyzyň sportuň bu görnüşine höwesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. 

                                                                   

Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, şeýle-de beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen ýurdumyzyň ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamagyndaky ösüşlerimiz halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.  

                                                                   

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilendigini bellemek gerek. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändiginden habar berýär.  

                                                                   

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologik abadançylygyny wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Şol iki çäre hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

                                                                   

Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki gün «Welosiped» binasy welosipedli ýörişleriň, ekologiýa çäreleriniň we beýleki iri dabaralaryň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar geçirilip, welosipedli ýörişler onuň şowhunyny artdyrar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýokary netijeli sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýip belleýär. Munuň özi sport arkaly beýleki ugurlarda alnyp barylýan işlere-de mynasyp goşant goşup biljekdigimize göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Sport parahatçylygyň ilçisi hökmünde halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy has berkidýän bolsa, welosipediň ekologiýa taýdan amatly ulag hökmünde daşky gurşawy goramak baradaky çagyryşlara-da seslenýändigini aýtmak gerek. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň görkezijisidir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallarynyň we meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlaryň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň hyzmatyna berilmegi bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzda ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň utgaşykly geçirilmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini beýan edýän Bütindünýä saglyk güni bilen ähli watandaşlarymyzy mähirli gutlaýarys. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi.