Habarlar
Sanly ykdysadyýet — eşretli durmuş (Ýaş žurnalistiň sözi)

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň kosmos tizligine beslenýän häzirki döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň ygtybarly durmuş ulgamydyr. Şu jähetden, dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň arasynda arzyly orna eýe bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak işi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa uly üstünliklere beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sanly ulgamyň konseptual resminamasynyň we Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiliginiň berk binýadynyň goýulmagyna we senagat-innowasion ykdysadyýete geçmäge täze mümkinçilikleri açýar. Öz nobatynda, kuwwatly döwletimizde amal edilen şeýle sanly özgertmeleriň netijesinde önümçiligiň ähli ugurlaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretdi.

Sanly ulgam babatda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işler Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynda hem özüniň ajaýyp beýanyny tapýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap, ähli amatlyklara eýe bolan «akylly» öýleriň yzygiderli gurulýandygyna güwä geçýär.

Bulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işleriň ümzügi ileri. Ol özgertmeler bolsa biziň we geljekki nesillerimiziň eşretli durmuşynyň hem-de röwşen ertirleriniň güwäsidir. Goý, durmuşymyza sanly ulgamy ornaşdyryp, bizi hözirli ýaşaýşyň eýesine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Mahym MUHAMMEDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

12.02.2022
Şöhratly geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «akylly şäher» taslamasy esasynda ägirt uly gurluşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Akylly öý» taslamasy esasynda ilkinji durmuşa geçirilen gurluşyklar hökmünde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Bu döwrebap öýlerde häzirki zaman enjamlar we Internet ulgamy arkaly işleýän döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. «Akylly şäher» maksatnamasy esasynda häzirki wagtda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi bu ugurda ägirt uly toplumlaýyn taslamalaryň biridir. Özi hem, bu dolandyryş merkeziniň ilkinji tapgyrynyň ýakyn wagtda, ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dekabr aýynda ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi has-da guwandyryjydyr. Täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş maksatly 336 sany desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi 950 gektar çäkde ýerleşip, onda 70 müňe golaý ilatyň döwrebap ýaşamagy üçin şertleri döretmäge niýetlenendir. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň döwrebap şäherleri gurup, döredip, halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda dünýäni haýrana goýup bilýän beýik işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şäher gurluşygynda döwrebap aragatnaşyk we maglumat ulgamlarynyň, «ýaşyl tehnologiýalaryň» giňden ulanylmagy bu ýerde geljekde zamanabap, ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän şäher gurşawynyň kemala geljekdigini buşlaýar.

Geçen ýyl, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen günlerinde, hormatly Prezidentimiz ýene-de bir ägirt uly taslamanyň — «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna ak pata berdi. Bu gurluşyk taslamasyny paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurmak bellenilip, ol özüniň uly möçberi we sanly innowasiýalary özünde jemleýänligi bilen aýratyn tapawutlanýar. «Aşgabat-sitiniň» baş meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda, bu ýerde 200-den gowrak binany öz içine alýan 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Täze döwrebap şäheriň taslamasy 744 gektar çäkde 107 müň ilatyň bagtyýar we döwrebap durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýakynda bu ägirt uly taslamanyň Internet ulgamynda resmi internet saýty hem işläp başlady. Internet ulanyjylar «www.ashgabatcity.gov.tm» salgysy arkaly bu taslama baradaky maglumatlar, täzelikler bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Şeýle hem, iň häzirki zaman programma usullarynyň ýerlikli ulanylmagy bilen döredilen Internet saýtynda okyjylar geljegiň ägirt uly şäherinde wirtual görnüşde «gezelenç» edip, janly görnüşe ýakyn şekilde has içgin tanşyp bilerler.

Hasaplamalara görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli bu sanyň 70 göterime çenli artjakdygy habar berilýär. Şeýlelikde, şäherleşme hadysasynyň ösmegi bilen, köp ilatly şäherlerde dolandyryşyň kadaly, döwrebap we ekologik talaplaryň berjaý edilmegi üçin döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleri zerur bolup durýar. Eýsem, şu talaplary özünde jemleýän «akylly şäherler» hökmünde, ilkinji nobatda, dünýäniň haýsy şäherleri göz öňüne gelýär? Ada şäher döwleti bolan Singapur, Günorta Koreýanyň paýtagty Seul, Norwegiýanyň paýtagty Oslo, Finlandiýanyň paýtagty Helsinki, ABŞ-nyň iň iri şäherleriniň biri Nýu-Ýork, dünýä bank we maliýe merkezleriniň biri bolan Şweýsariýanyň Zurik şäherini «akylly şäher» maksatnamasy esasynda yzygiderli ösýän şäherleriň hataryna goşýarlar. Geljekde, bu şäherleriň hataryna biziň ýurdumyzdan hem şäherleriň goşuljagy barada oýlananyňda, hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine buýsanjyň, guwanjyň artýar.

Halkymyzy bir başa jemläp, belent üstünliklere tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Begli ABDYKADYROW,

«Aşgabat».

12.02.2022
Alyslary ýakyn edýän ýollar

Her bir güni guwandyryjy wakalardan doly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan özgertmeler buýsançly başymyzy gök diredýär. Ajaýyp zamanamyzda yzda galýan ýyllary, dost-doganlyk baýdagynyň astynda geçilýän ýollaryň her birine nazar aýlanyňda, ilki bilen, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin amala aşyrylan işler göz öňüňe gelýär. Dürli ugurlardan durmuşa geçirilýän täzeçillikler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna gönükdirilse, şol ajaýyp maksatlar üçin gurulýan belentden-belent binalar türkmen bagtyýarlygynyň nyşany bolup, ýüreklere şatlyk duýgularyny paýlaýar.

Sahawatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýollary haýsydyr bir döwrüň çäginde dowam etmän, eýsem, döwürlere, eýýamlara barabar bolýar. Agzybir il-ulsumyzyň bagtyýarlyk menzilleriniň alyslara uzamagy ugrunda bu Watanda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuşy her birimiz üçin ajaýyp ýörelgä öwren milli Liderimiziň iň uly sport baýramçylygynyň — XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýerine — Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary hem şeýle wakalara baýlygy bilen taryha girdi.

Olimpiadanyň asyrlaryň aňyrsyna alyp gidýän taryhyna nazar aýlanymyzda, onuň düýp özeninde parahatçylyga we dostanalyga ymtylyşyň ýatandygyna göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň dünýä halklaryny bir ýere jemlän, planetanyň iň iri sport baýramynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy halkymyzyň asuda durmuşa söýgüsiniň beýanyna öwrüldi. Şonuň bilen bir wagtda-da milli Liderimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlar üstünlikli geçirilen ýurdumyzda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Hoşniýetlilik — her bir ädilen ädimiň şowlulyga, üstünlige, goldawa eýe bolmagynyň ilkinji şerti. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň hoşniýetliligi ýörelge edinip alan daşary syýasat ugry özüniň ajaýyp miwelerini berip gelýär. Muny dünýäniň ykdysady taýdan iň iri döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň mysalynda-da görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ýurda iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpi bilen ýokary derejedäki söhbetdeşligi hem birek-birege hormat goýmak arkaly dowam edýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygynyň tassyknamasyna öwrüldi.

Şu ýerde bir zady — Garaşsyzlyk ýyllary içinde iki dostlukly ýurduň arasynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Ýyllara uzap gidýän we barha ýygjamlaşýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika ulgamynda ýetilen sepgitler göz öňüne gelýär. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komiteti bolsa bu ugurda işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýän gurala öwrüldi. Bu komitetiň geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen mejlisinde 5 resminama, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilmegi-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has belent derejelere galjakdygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň, «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň wekilleri bilen sowal-jogap söhbetdeşliginde-de: “Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi” diýip bellemegi hem gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem nebitgaz pudagydyr. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar. Bu taslama sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr. Şu ýyl Garaşsyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň geçen 30 ýyldaky ösüşli ýollaryna nazar aýlanyňda-da, Hytaý Halk Respublikasy bilen dürli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň miwelerine, oňyn netijelerine göz ýetirmek bolýar. Strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitli-gazly ýataklary özüne birleşdirýän bu sebitde uly işler amala aşyrylýar. Uly maýa goýum taslamasy bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa akdyrylmagy dünýä belli behişdi bedewleriň ýyndamlygy ýaly okgunly we birkemsiz bolmalydyr...» diýen sözleri türkmen we hytaýly hünärmenler üçin gaz geçirijiniň gurluşygynyň bütin dowamynda baş şygar bolup hyzmat etdi. «Asyryň taslamasy» adyny alan bu gaz geçirijiniň gurluşygy Özbegistanyň, Gazagystanyň ymgyr çölleriniň, dag-düzleriniň içi bilen geçende-de gowşamady. Netijede, ol iki ýyldan sähelçe gowrak wagtyň içinde Hytaýyň içindäki bellenilen çäklere baryp ýetdi.

2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe meýdançasynda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine türkmen tebigy gazynyň ilkinji akymynyň goýberliş dabarasy bolup geçdi. Taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka dünýä ýaň saldy. Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde ylalaşygyň gazanylmagy we Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmegiň tabşyrylmagy geljekki ýyllarda hem hyzmatdaşlyklaryň ýygjam we depginli häsiýete eýe bolmagynda galjakdygynyň guwandyryjy güwäsidir. Sebäbi haýsydyr bir ugurda hyzmatdaşlygyň uzak ýyllaryň dowamynda yzygiderli alnyp barylmagy, ilkinji nobatda, birek-birege ynamdan, taraplaryň ygtybarlylygyndan habar berýär. Garaşsyz ýurdumyz dünýä ýüzünde ähli babatda ygtybarly döwletiň abraýyna eýedir. Milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň miwesi bolan parahatçylyk, asudalyk bolsa hyzmatdaşlyk ygtybarlylygynda esasy şertleriň biridir.

Ýagşy niýet bilen ädilen ädimler özüniň oňyn miwesini, döwlet-berekedini eçilýär. Munuň şeýledigini geçilen menzillere nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ak lybasda sport baýramçylygyny toýlaýan Pekine sapary hem ak geljegiň uzak menzilleriniň şowly gadamlarynyň başlangyjy bolar. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ylym-bilim, medeniýet, sungat ugurlaryndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidiljekdigine biziň ählimiz ynanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly syýasaty alyslary ýakyn etmek bilen arka atylýan ýyllary ösüşlere besleýär.

Goý, biziň ýüreklerimizde mukaddes ynam daragtyny ekip, bagt ýollarymyzy dünýä sary uzaldýan Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mukaddes tutumlary rowaç bolsun!

Gaýgysyz ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.

12.02.2022
Täze maksatnama — geljegiň strategiýasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda geçirilen 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde döwletimizi geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlejek täze maksatnamany taýýarlamak boýunça işlere tizden-tiz girişilmegini tabşyrdy. Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank toplumynyň ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki düzüm birlikleriniň hünärmenlerinden düzülen utgaşykly topar bilen bilelikde taýýarlan hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçiriljek nobatdan daşary mejlisinde kabul edilmegi göz öňünde tutulýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» baş ýörelgesi ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap, welaýat merkezleriniň hem-de iri şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, pudak we sebit ykdysadyýetinde sanly diwersifikasiýa, senagatlaşma esaslanyp, eksporta ukyply, importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän täzeçe innowasion önümçilikleri kemala getirjek gutarnykly sepgidi kesgitlär.

Täze maksatnama döwletiň institusional ösüşine, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň senagat önümçiligine, maýa goýum syýasatyna, daşary söwda we haryt dolanyşygyna, umumy düşewüntlilige goşmaça tizlik berer. Ykdysady ösüş maksatlarynyň bitewüleşdirilmegi tutuş ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň sagdyn bolmagyny, ekologik taýdan arassa, durnukly gurşawda, sagdyn durmuş ýörelgelerine daýanýan, adalatly jemgyýetde uzak ýaşamagyny, ýeterlik bilim almagyny, deň hukuklardan we azatlyklardan, kepillendirilen howpsuzlykdan peýdalanmagyny, jemgyýetiň ähli agzalarynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalara ýakyndan we işjeň gatnaşmagyny maksat edinýär. Oňa laýyklykda, ýakyn geljekde ýurdumyzda ýene-de dünýä ülňülerine laýyk gurlan täze inžener-üpjünçilik, önümçilik we durmuş ugurly desgalaryň ýüzlerçesi peýda bolar, bar bolanlarynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylar. Şunda halk hojalygyny netijeli ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň köp babatda tutuş dünýäde öňe sürülýän «ýaşyl» ykdysadyýet başlangyjyny has-da ilerletmek bilen baglanyşdyrylmagy tötänden däldir. Maksatnamada sebitleýin ösüş ýörelgesinde häzirki zaman talaplaryna aýakdaş goşulyşmagy kepillendirmek, ylaýta-da, Gün, ýel we suw ätiýaçlyklaryndan peýdalanmak, hökmany sanlylaşmak göz öňünde tutulýar. Milli strategiýanyň çäginde sanly ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk, oba hojalyk, dokma we ýeňil senagat, suw üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, innowasion we intellektual ösüş ýaly möhüm ugurlarynda serişdäni, wagty tygşytlamak hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiri azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreler bellenildi.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmek, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça kabul edilýän gysga, orta we uzak möhletli maksatnamalardaky täzelikleri duýmak raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Olaryň asuda, parahat durmuşa, zähmet çekmäge hyjuwyny has-da ýokarlandyrýar. Şeýle resminamalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasydyr. Ýeri gelende bellesek, onuň çäklerinde umumy bahasy 44 milliard 764 million manatdan gowrak maýa goýum serişdesi özleşdirildi. Diňe medeni-durmuş maksatly desgalaryň 1 müň 430-dan gowragy halkyň hyzmatyna berildi. Maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy oýlanyşykly ykdysady hereketler, senagat, ulag-aragatnaşyk, düýpli gurluşyk, jemagat hyzmaty ýaly möhüm ugurlarda toplanan baý tejribäniň, adam maýasynyň, döredijilik başarnygynyň ýerlikli peýdalanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen Oba milli maksatnamasy ýerlerde ilaty goşmaça iş orunlary bilen üpjün etmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmek, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly derwaýys wezipelerde ýokary netijeliligiň gazanylmagyna getirdi. Türkmen obalarynyň keşbi bütinleý üýtgedi: etrap saglyk öýleriniň, kliniki bejeriş merkezleriniň 160-a golaýy, hassahanalaryň 90-dan gowragy, köp sanly oba lukmançylyk öýleri, «Tiz kömek» merkezleri gurlup ulanmaga berildi, ozal bar bolanlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Obalarda, şäherçelerde, etrapdaky şäherlerde we etrap merkezlerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 529-sy, sport mekdepleriniň 117-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 370-si, sport desgalarynyň 86-sy, oba medeniýet öýleriniň 85-si guruldy. Ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň tapgyrlaýyn esasda, jemgyýetiň talabyna laýyk derejede güýçli depginde ösdürilmegi bilen, oba ilatynyň durmuşy barha özgerýär. Sebitara, obara awtomobil ýollarynyň 7 müň kilometri ulanyşa girizildi. 42 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynda bagtyýar ildeşlerimiz jaý toýlaryny tutdular.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen täze maksatnama 2022 — 2052-nji ýyllar aralygynda bellenen möhüm wezipeleri öz içine alýar. Şol döwürde oba bilen şäherleriň ösüş we döwrebaplyk derejesindäki aratapawudyny aýyrmak, hojalyklaryň halal girdejisini artdyrmak, dünýä ylmynyň hem-de tejribesiniň iň täze gazananlary esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak, oba ýerlerinde orta we kiçi telekeçiligi ösdürmegiň binýadynda dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli iri möçberli paýly agrosenagat birleşiklerini esaslandyrmak meýilleşdirilýär. Ýüpekçilik, dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, guşçulyk, balaryçylyk, ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, gülçülik, kömelekçilik, balykçylyk hojalyklaryny, şeýle-de kiçi möçberli tikinçilik artelini, ýüň we gön işlemek, keçeçilik, halyçylyk, gök we bakja önümlerini kakatmak we konserwirlemek boýunça kärhanalary, kiçi sowadyjy ammarlary, az kuwwatly degirmenleri, mallar üçin ot-iým taýýarlaýjy, tokaýçylyk toparlaryny, senetçilik ussahanalaryny, zir-zibilleri gaýtadan işleýän we beýleki senagat ugurly kiçi kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Toplumlaýyn ösüş maksatnamasy ilatyň saglygyny goramak, olaryň oňaýly şertlerde ýaşamagyny, zähmet çekmegini we dynç almagyny üpjün etmek, welaýatlaryň ykdysady kuwwatyny berkitmek, sebitlerde dolandyryş işjeňligini ýokarlandyrmak, döwlet rezerwlerini her ýylda täzelemek ýaly asylly maksatlarda ýolgörkeziji bolup hyzmat eder.

Öňümizde tanymal şahsyýetlerimizi tirsegine galdyrmak, milli medeniýeti, taryhy gymmatlyklarymyzy, köpasyrlyk däp-dessurlarymyzy, binagärlik, zergärçilik, halyçylyk, atçylyk sungatymyzy we beýleki inçe senetlerimizi gaýtadan dikeltmek, olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de geljek nesillere ýetirmek wezipelerine aýratyn üns bermek hem göz öňünde tutulýar. Tizleşmek hereketi esasynda saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, daşky gurşawdan aýawly peýdalanmak, ekologik deňagramlylygy üpjün etmek, milletiň ruhy-medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak hem olaryň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmak boýunça düýpgöter täzeçe iş usullary ornaşdyrylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ensiklopedik ylmy işini ýolgörkeziji edinmek bilen, raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmaga, ilatyň ortaça ýaş dowamlylygyny artdyrmaga, çetki ilatly ýerlerde ýöriteleşen göçme barlaghanalardan peýdalanmak esasynda saglyk seljermesini hem-de arassaçylyk, keseliň öňüni alyş çärelerini geçirmek, näsaglary ýüze çykarmak, adam aňyny psihiki, fiziologik we biologik taýdan ösdürmek, sebitlerde wirtual muzeýleri döretmek, maşgala kitaphanaçylygyny ösdürmek, medeni mirasy gaýtadan dikeltmek, zyýarat edilýän ýerleri, taryhy ýadygärlikleri, aramgähleri rejelemek, milli kinematografiýa sungatyny düýpli ösdürmek, altyn gaznada saklanýan türkmen kinofilmlerini sanlylaşdyryp, olara gaýtadan reňk bermek ýaly işleriň maddy-tehniki binýady kämil derejä çykarylar.

Häzirki zaman dünýäsinde tebigy hadysalaryň öňüni almak we töwekgelçiligini peseltmek, ekologiýa bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň bu ugurdaky ýiti meseleleriniň belli bir bölegi Aral deňziniň guramagy zerarly ýüze çykýar. Şoňa görä-de, heläkçilikli çägiň sagatsaýyn ýaramazlaşýan ekologiýasy zerarly ýakynda ýerleşýän ýaşaýyş massiwlerinde howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, tebigy töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek, sebit hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek meseleleri hem täze maksatnamada öz beýanyny tapýar. Gözegçilik edilýän sebitleriň durmuş we ykdysady ösüş görkezijileriniň dürs hasabatyny, seljerilişini we ilkinji hasaba alnyşyny yzygiderli kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek wezipelerine döwletimizde aýratyn üns berilýär.

Maksatnamanyň birinji tapgyrynda, hususan-da, çetki obalary sanlylaşdyrmak, senagat önümçiliklerini awtomatlaşdyrmak, olary elektron, ýiti howa tolkunly ykjam aragatnaşyk toruna birleşdirmek, internet giňişligine doly baglanyşdyrmak işlerine möhüm orun degişlidir. Sebit ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we düzüm özgertmeleri hatda iň çetki obalaryň hem ýokary tehnologiýaly, ähli üpjünçiligi bolan, senagatlaşan şäherçelere öwrülmegine, oba ilatynyň umumy ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň, bilim hem tehnologik sowadynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň 47,7 göterimini tutýan oba zähmetkeşleriniň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga, olary döwrebap hem ýokary tehnologiýaly, kadaly iş orunlary bilen üpjün etmekde strategik çözgütleri kabul etmäge döredilen ýene bir amatly mümkinçilikdir.

Sanlyja ýyllardan uly möçberli maýalaryň netijeli özleşdirilmegi bilen, obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň we iri şäherleriň, demir ýol beketleriniň, olara ýanaşyk ýerleriň keşbi düýpli özgerer. Tapawutlandyryjy alamatly toprak-howa şertlerimize laýyklykda, welaýatlarda, etraplarda kämil innowasion tehnologiýalar esasynda galantereýa ugurly tebigy ýüpegi, derini, ýüňi gaýtadan işleýän senagaty ýola goýmak, azyk garaşsyzlygyny bökdençsiz üpjün etmek bilen bagly ýylboýy ekerançylygy, maldarçylygy, senagat esasly guşçulygy, integrirlenen balyk önümçiligini ösdürmek meselelerine-de seredilýär. Hormatly Prezidentimiziň obalary özgertmek bilen bagly işlerde Mary welaýatynyň Altyn sähra, Lebap welaýatynyň Döwletli, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Balkan welaýatynyň Esenguly, Bereket, Serdar etraplarynda kemala gelen häzirki zaman obalaryna, ýaşaýyş toplumlaryna, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň baş akabasynyň ugurlaryna jemagaty az obalary, çarwa, daglyk, çöllük ýerlerde, demir ýol geçelgelerine ýanaşyk ilatly nokatlarda ýaşaýan ýekebara maşgalalary, seýrek ýaşaýan ilaty bir ýere sygdyrmak, amatly infrastruktura şertlerini döretmek, soňra welaýatara, etrabara, obara gutarnykly çäk bölünişigini özara baglanyşdyrmak boýunça öňe süren başlangyjy örän netijeli çözgütdir.

Strategik maksatnamada geljekde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny täze taslamalar boýunça giňeltmäge, Türkmenbaşy şäheriniň gadymy medeni-taryhy binalaryny gaýtadan dikeltmek arkaly gezelençleri guramakda, dürli ugurly hünärmenleri taýýarlamakda syýahatçylygyň düzgün-tertibine, ony serişde industriýasy hökmünde görkezmäge hem-de bir bitewi erkin ykdysady zolagy döretmäge aýratyn orun berilýär. Munuň özi ýurdumyza iri möçberli daşary ýurt hususy maýalaryny çekmegiň, barha ilerleýän ykdysady ösüş gurşawyny emele getirmegiň iň esasy şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýete eýedir. Umuman, ýurdumyzyň geljek 30 ýylky ösüş ugurlaryny özünde jemleýän täze maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwatyny has-da berkitmäge saldamly goşant goşar diýip ynamly aýdyp bileris. Ol eziz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak üçin mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga çagyryşdyr.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.

11.02.2022
Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygy: parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň täze mazmuny

Hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny tejribä ornaşdyrmagyň amatly geosyýasy guraly hereketde

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Liderler döwletara gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygyny bellediler. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çykyşynda: «Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris» diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan alanyňda, bitaraplyk ýörelgesiniň, öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyplygy, jedelli ýagdaýlary halkara hukuga laýyklykda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda, gepleşikler ýoly bilen kadalaşdyrmagyň aýratyn derwaýysdygy ýüze çykýar.

Merkezi Aziýa Aziýa yklymynyň öran giň çäklerini öz içine alýar. Bu sebit ýurtlarynyň şöhrata baý köpasyrlyk taryhy we medeni mirasy sebitiň geljeginiň uly ösüşlere beslenjekdiginiň kepili bolmak bilen, dünýäniň iri döwletleriniň hem-de syýasy merkezleriniň ünsüni barha özüne çekýär. Bu ýöne ýerden däl, sebäbi dünýä ýaň salan imperiýalaryň dörän ýeri bolan biziň topraklarymyz üçünji müňýyllykda täze galkynyşa eýe bolýar. Olar indi geosyýasy bäsleşigiň gowşak obýekti bolmakdan täsir ediji subýektine öwrüldiler. Şonuň üçin-de, dünýä syýasatynda strategik taýdan wajyp tekliplerdir başlangyçlar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan barha işjeň häsiýetde öňe sürülýär.

Merkezi Aziýanyň ummasyz tebigy baýlyklarynyň we oňaýly geografik ýerleşişiniň syýasy täsiriniň uludygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. Aýratyn-da, energiýa serişdelerine baý bolmagy, amatly geosyýasy, geoykdysady artykmaçlyklary sebitiň halkara gatnaşyklardaky ähmiýetini artdyrýar. Şonuň üçin-de, XXI asyryň başynda Merkezi Aziýa ýurtlaryny hyzmatdaşlygyň merkezine çekmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany has-da artdy. Muňa soňky 20 ýyla golaý döwürde «Merkezi Aziýa+» adalgasynyň syýasy dolanyşyga giňden ornandygy-da şaýatlyk edýär. Bu sebitiň dünýä syýasatynda has möhüm ähmiýete eýedigini 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti hem görkezdi. Sammit Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Hytaý Halk Respublikasy «Merkezi Aziýa+» formatyna gyzyklanma bildiren ilkinji döwletleriň biri bolup, ol sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Umuman, Hytaýyň gürrüňi edilýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryny üç döwre bölmek mümkin. 1991 — 1996-njy ýyllarda Hytaý sebitiň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 1996 — 2001-nji ýyllarda ol daşary syýasatynyň Merkezi Aziýa ugruny has işjeňleşdirdi. 2001-nji ýyldan häzirki döwre çenli ykdysadyýetiniň batly depginler bilen ösýän şertlerinde Pekin Merkezi Aziýa sebitiniň energiýa serişdelerine kepillendirilen rugsady almaga, ozaly bilen onuň üstaşyr geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Merkezi Aziýa hytaý harytlary üçin möhüm bazardyr. Hytaý bu sebit bilen söwdasyny «taýýar önümiň öwezine çig mal» diýen formula boýunça alyp barýar. 2001 — 2007-nji ýyllarda Hytaýyň Merkezi Aziýa sebiti bilen söwda dolanyşygy 11 esse artyp, 16 mlrd dollara ýetdi. 2001 — 2019-njy ýyllarda bu görkeziji ABŞ-nyň 46,5 mlrd dollaryna çenli, ýagny 31 esse ýokarlandy. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaýa energiýa serişdelerini, himiýa hem dokma çig mallaryny, gara we reňkli metallary, Hytaý bolsa sebite halkyň sarp edýän harytlaryny eksport edýär.

Hytaýyň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasy Si Szinpiniň Hökümete gelmegi bilen has-da işjeňleşdi. Hytaý bilen bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda Si Szinpin 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygyny 70 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çykyşynda Hytaý Halk Respublikasy bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň, hususan-da Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk taryhy tejribesine nazar aýlamak bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarjak birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Olary aşakdaky ugurlara bölmek mümkin:

1. Syýasy ugur. Hytaýyň daşary syýasaty onuň dünýäniň ösen döwletine öwrülmek maksadyndan gözbaş alyp, parahatçylykly ösüş ýörelgesi arkaly halkara hyzmatdaşlykda täsirini artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda, Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny berkitmekde HHR-iň halkara bileleşikde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýakyndan ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň goldanylmagynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýasy goldawy örän zerurdyr.

2. Energetika. Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda energetika pudagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu tötänden däldir. Bilşimiz ýaly, kuwwatly hytaý ykdysadyýeti energetika çeşmeleriniň aglaba böleginiň daşyndan getirilmegini talap edýär. Şonuň üçin-de, bu ýurt çalt ösýän ykdysadyýetini kepillendirilen energiýa çeşmeleri bilen üpjün etmekde Merkezi Aziýa aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatdan alnanda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly üstünligidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak ýörelgesine ygrarlydygynyň-da subutnamasydyr.

Gürrüňi edilýän gaz geçirijiniň ähmiýetine düşünmek üçin Hytaýyň energetika diplomatiýasyna nazar aýlamak zerurdyr. Hytaý gaz gorlaryna garyp döwlet däl. Ýöne onuň barlanan tebigy gaz gorlarynyň 70 göterime golaýy ýurduň günbatarynda ýerleşýär. Häzirki wagtda Syçuan welaýaty hem-de Sinszýan Uýgur awtonom welaýaty, Günorta Hytaý deňziniň kontinental şelfi Hytaýyň gaz alynýan esasy sebitleridir.

Eýsem, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetini näme bilen düşündirip bolar? Bu, ozaly bilen, Merkezi Aziýada we Uzak Gündogarda ýangyç-energetika bazarynda täze infrastrukturanyň dörändigini aňladýar. Özbegistan we Gazagystan türkmen mawy ýangyjyny üstaşyr geçirmekden peýda gazanýar. Ondan daşgary-da, olarda öz tebigy gazyny hem bu turbageçirijiniň üsti bilen Hytaýa akdyrmaga mümkinçilik döredi. Bu gaz geçiriji Gazagystanyň günorta-gündogar etraplaryny gazlaşdyrmaga hem mümkinçilik berdi. Hytaý günbatar serhedine, esasan, türkmen tebigy gazyny akdyrmak üçin ýurduň içinde «Günbatar — Gündogar» gaz geçirijisini gurdy. Ol ýurduň 14 welaýatynyň içinden geçýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabrynda HHR-e bolan döwlet saparynyň barşynda geljekde Hytaýa iberiljek türkmen tebigy gazynyň möçberini 65 milliard kubmetre ýetirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol ýylyň 24-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Şençžen şäherinde Hytaýyň 100 million ilatly günorta-gündogar welaýaty Guanduna türkmen gazynyň berilmegine bagyşlanan çäre taryhy waka boldy.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň strategik ähmiýetli bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady. Ylalaşyk gazanylyp, bu taslama-da amala aşyrylan ýagdaýynda gaz geçirijileriniň umumy kuwwaty ýylda 85 mlrd kubmetre, türkmen gazynyň Hytaýa eksporty bolsa ýyllyk 65 mlrd kubmetre çenli artar. 2021-nji ýylyň başynda «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi HHR-e tebigy gazyň kepillendirilen ýagdaýda iberilmegine mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan bu taslamada müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. 2009-njy ýylyň ahyryndan başlap, 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli Hytaý 300 mlrd kubmetr türkmen «mawy ýangyjyny» import etdi. 2021-nji ýylyň ortasynda HHR-niň Hökümeti Türkmenistanyň agzalan gaz geçirijiniň gurluşygy üçin alan ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak karzyny doly üzülişendigini habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaşdygyny görkezýär.

3. Ulag ulgamy. Hytaý Beýik Ýüpek ýoluny döretmegiň gözbaşynda duran bolsa, Türkmenistan onuň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolupdy. Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda üçünji müňýyllygyň täze geosyýasy, geoykdysady hakykatyny nazara alyp, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berilýär. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda milli Liderimiz türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasynyň Ýewraziýada ykdysady ösüşe uly itergi bermäge niýetlenendigini aýratyn nygtady. «Bu taslama filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça «Bir guşak — bir ýol» atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanyň eýýäm amala aşyran hem-de hereketde bolan köpugurly üstaşyr ulag taslamalary Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine hem gabat gelýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça eýýäm Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň geografiýasyny Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň çygryndan çykarmak boýunça anyk işler edildi.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan awtoulag ýollarynyň sebitiň halklarynyň bähbidine gulluk edýändigi nygtalýar.

4. Ynsanperwer ugur. Hytaý hem, Merkezi Aziýa hem dünýä ylmyna uly goşant goşdy. Dünýä ilkinji kompasy, globusy, därini, ýüpegi, kagyzy, algoritmi, lukmançylygyň adaty däl tärlerini beren bu sebitiň halklary üçin üçünji müňýyllykda hem ylym-bilim, ynsanperwerlik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik örän köp. Pandemiýa zerarly dünýäniň ünsüni ylmy diplomatiýa ugry boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiz bu babatda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň özara raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezendigini aýratyn belleýär. Türkmen Lideri «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda şu ýyl ilkinji duşuşygy geçirmegi teklip etdi. Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz halkara gatnaşyklarda özara ynamsyzlygy ýeňip geçmäge gönükdirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip belledi. Jemläp aýdylanda, Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny tejribä ornaşdyrmakda amatly geosyýasy guraldyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.

09.02.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 8-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer nebitgaz toplumynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty netijesinde bu ulgamda uly öňegidişlikleriň gazanylandygy barada aýtdy. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary arkaly pudagy mundan beýläk-de depginli ösdürmek maksady bilen, maýa goýumlaryň gönükdirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Hasabatyň çäklerinde dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýlandygy barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, döwletimiz bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek üçin maýa goýumlaryny yzygiderli gönükdirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda maliýe-ykdysady ulgamyň ösdürilmeginiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini doly derejede hem-de hemmetaraplaýyn amala aşyrmaga parasatly we öňdengörüji syýasatymyzyň ýardam edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylmy çemeleşme, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalar onuň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de oňat netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirip, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Wise-premýer pudagy has-da ösdürmäge gönükdirip, uly möçberde maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada gol çeken Karary üçin döwlet Baştutanymyza ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri doly derejede, wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmyň dürli ugurlarynda ýaş alymlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, zehinli ýaşlarymyzy aspirantura we doktorantura kabul etmek baradaky resminamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Mälim bolşy ýaly, ylym ulgamyny ösdürmek, ylmy hem-de intellektual kuwwaty pugtalandyrmak, ylmyň dürli ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde maksatnamalaýyn işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň hem-de bilimiň biziň üstünliklerimiziňdir ösüşimiziň binýady bolup durýandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary hem-de täze tehnologiýalary ulanmak bilen, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylýandygyny nygtady. Olary halk hojalyk toplumynyň pudaklaryna yzygiderli ornaşdyryp hem-de ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, biz ata Watanymyzy yzygiderli ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys, şoňa görä-de, biziň zehinli ýaşlarymyzyň okamagy, ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ähmiýeti barada nygtap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, onuň doly amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Milli Liderimiz iş saparyndan gaýdyp gelen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin hökmany karantinde bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň kada laýyk gelýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadylandygyny aýtdy hem-de degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky sözüni dowam edip, ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Wise-premýer Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýdan 5 million sany waksinanyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde berlendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu işleriň halkymyzyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almakda möhüm çäreleriň biridigi nygtaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynyň uly binýadynyň döredilendigini, şonuň esasynda bolsa häzirki wagtda bu pudagyň işiniň ýokary derejede ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilen zawod-fabrikler bu gün dokma toplumynyň esasyny emele getirýär. Pudagyň önümçilik kärhanalaryna häzirki zamanyň iň kämil tehnologik enjamlary ornaşdyrylýar hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, işine ussat, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Olaryň yhlasly işleri netijesinde ýokary hilli taýýar önümler öndürilýär.

Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň hatarynyň barha artýandygy barada aýdyp, bu ugurda täze toplumlaryň, şol sanda geçen ýyl milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, işe girizilen döwrebap dokma toplumlarynyň üstünlikli işledilýändigini, şolarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini belledi. Döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli önümler, şol sanda dürli görnüşli matalar dokalyp, taýýar tikin önümleri öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda dürli haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.

Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňdebaryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, Diýarymyzyň dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz dokma önümlerini öndürijileriň hem-de türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenýändigini, bu işleriň halkymyzyň medeniýetini ýokarlandyrmakda hem ähmiýetli orny eýeleýändigini, munuň bolsa ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýandygyny belledi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda watandaşlarymyzyň medeni we ruhy taýdan galkynýan döwründe bu ugurda sungat ussatlarynyň mynasyp eserleri döretmegi üçin Watanymyzda hemme şertler üpjün edilýär. Pudaklaryň, şol sanda dokma pudagynyň döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edip, halkymyzyň ruhubelentligini artdyrýar. Şunda medeni merkezleriň ýerine ýetirýän işleri möhüm orun eýeleýär. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, durnuklylygyň, agzybirligiň we ruhy bitewüligiň gadymy döwürlerden bäri türkmenler üçin güýç-kuwwatyň nyşany bolup gelendigini belledi. Şoňa görä-de, mähriban topragyň gülläp ösmegini we halkyň abadançylygyny beýik türkmen şahyrlarynyňdyr akyldarlarynyň ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp beýan edendigi ýönelige däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dünýäde diňe bir ýokary ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, ruhy baýlyklary bilen hem ykrar edilen biziň döwletimiz medeni taýdan giňden alyşmak, taryhy-medeni mirasyny ýaýmak baradaky syýasaty işjeň durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkyň ruhy gymmatlygyny goraýjy we dünýäde wagyz ediji, ýaş zehinleri terbiýelemegiň serişdesi hökmünde medeniýete ägirt uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýar, halky beýik işlere birleşdirýän we ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şahyrlaryň we kyssaçylaryň tolgundyryjy setirleriniň, bagşy-sazandalaryň ajaýyp mukamlarynyň, suratkeşleriň işleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny nygtady. Biziň ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz medeniýet bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, döwletimiz milli medeniýetimizi ösdürmäge we baýlaşdyrmaga ägirt uly serişdeleri goýberýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, hödürlenen resminamany makullady hem-de “Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Wise-premýer ähli dokmaçylaryň, şol sanda pudagyň aýdym-saz we tans döredijilik toparynyň adyndan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu resminamanyň dokma toplumynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, geljekde has-da belent sepgitlere ýetmäge uly itergi berjekdigini aýtdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hem öz gezeginde sungat, döredijilik işgärlerine mundan beýläk-de ylham joşgunyny we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.

Häkim Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat bilen çykyş edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, günbatar sebitiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berildi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini guramaçylykly geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy —–sürüm we tekizleýiş işleriniň barşy hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Soňra sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek we bu meselelerden gelip çykýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işleri, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda ýene sanlyja günden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem möhüm wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtady.

Şoňa görä-de, geljek 30 ýyla niýetlenen bu maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini hemmetaraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.02.2022
Durmuş ugurly karz syýasatynyň mümkinçilikleri

Islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ykdysadyýetiň beýleki gurallary bilen birlikde pul-karz syýasatyna-da aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň banklary tarapyndan edara-kärhanalara we ilata berilýän karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, möhleti uzaldylýar. Şeýlelikde, kärhanalaryň maliýe mümkinçilikleri ýokarlanýar, göz öňünde tutulan maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär, önümçiligi düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatly şertler döredilýär.

Karz edaralary tarapyndan berilýän karzlar bir gezekde ýa-da karz ugruny açmak görnüşlerinde berilýär. Karz ulgamy tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda döwlete dahylsyz bölege berilýän karzlar olara ýeterlik möçberde dolanyşyk serişdelerini almaga, önümçilik maksatly işleri çaltlandyrmaga, öňdebaryjy tehnikalary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýokary ykdysady netijeliligi gazanmaga, durnukly ösüşe saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Raýatlara ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar olaryň harytlara, hyzmatlara ösen isleglerini kanagatlandyrmaga, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga amatly şertleri döredýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary soňky ýyllarda karz syýasatyny döwrüň talabyna laýyklykda we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirýärler. Bu ugurda karz edaralarynyň hyzmatlar bazarynda halkara karz institutlarynyň tejribesini öwrenmekleri, milli ösüş aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, olary bank önümçiligine ornaşdyrmaklary maksadalaýyk ýagdaýdyr. Şunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Karz amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe wagty we serişdeleri tygşytlaman, eýsem, karzyň maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi ýola goýmaga, ýüze çykarylan kemçilikleri çalt düzetmäge, karzyň ykdysady ösüşdäki ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýän döwründe banklaryň karz gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär we täze görnüşleri peýda bolýar. Olaryň arasynda şahsy hojalygyny ýöredýän müşderilere goldaw bermek maksady bilen, kiçi göwrümli karz hyzmatlarynyň ýola goýulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kiçi göwrümli karzlar mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenilen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterimine, 6 aý ýeňillikli döwür bilen, 3 ýyla çenli möhlete berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär. Bu karzlaryň berilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň oba ýerlerindäki kiçi önümçilikleriniň ýa-da önüm öndürijileriň ýerli çig mallar bilen üpjün edilmegine amatly şertleri döredýär.

Soňky ýyllarda banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzyň täze görnüşleri hödürlenýär. Olardan «Overdraft», «Talyp karzyny», ipoteka, ýaş maşgalalar üçin, sarp ediş we kiçi göwrümli beýleki karzlary görkezmek bolar. Täze ýola goýulýan döwrebap hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklar arkaly bank kartlaryndan goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär. Olaryň ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrylmagy, bank kartynda ýeterlik serişde ýok mahalynda, indiki aý geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz berilmegi, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin tölegleriniň, banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirilmegi we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalaryň bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn ýüzlenme arkaly ýollanmagy müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly geçirilýän çäreleriň ählisi kärhanalaryň we raýatlaryň karz serişdelerine isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

09.02.2022
Saçaklaryň berekedine goşant

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýaşaýan telekeçi ýigit Batyr Rozyýew ýyladyşhana gurmak üçin özüne berlen 5 gektar ýeri özleşdirmek we ony gurplandyrmak babatda dessine alada edip başlady. Sebäbi çägesöw topragyň düzümini baýlaşdyrmasaň, geljekde ondan bol hasyl almajagyň belli. Şonuň üçinem telekeçi ýigit ýeri ders bilen gurplandyryp, desga üçin zerur bolan enjamlaryň ugruna çykdy. Olary Türkiýe Respublikasyndan satyn alyp, gysga möhletde gurmagy-da başardy. Şeýdibem, eýýäm geçen ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhananyň içinde pomidor şitillerini ýetişdirmäge mümkinçilik döredi.

Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» pomidor sortlarynyň artykmaç taraplarynyň köpdügi sebäpli, olar şitil ýetişdirmek üçin saýlanyp alynýar hem-de ýörite gapjagazlarda ekilýär. Önümçiligiň agronomy Maksat Mämmetgulow türkmen hünärmenlerinden pomidoryň bu sortlarynyň agrotehnikasyny kemsiz öwrenip, olara ýokary hilli ideg etmegi başardy. Galyberse-de, her gün internet arkaly öwrenilýän maglumatlar gowy şitilleriň ýetişmegini üpjün etdi. Şunlukda, jemi 92 müň şitil kemala getirildi. Wagty gelende, olar dört gektar meýdana ekildi. Ine, şundan soň ýene-de dartgynly we jogapkärli döwür başlandy.

Şitiller üç aýyň içinde kemsiz boý alyp, hasyla durýarlar. Diýmek, her düýp şitiliň talap edýän ýokumlaryny ýetirip, organiki we mineral dökünler bilen üpjün etmeli hem-de olaryň kadaly ösüşini gazanmaly. Pomidoryň ähli güýjüni hasylyna bermegi üçin onuň ýapraklaryny-da seýrekletmeli. Pomidorlar gülläp başlan badyna, olary tozanlandyrmak üçin Türkiýeden ýörite balarylar satyn alyndy.

— Ýyladyşhanamyzyň işi hysyrdyly hem gyzykly. Hünärmenler ýerine ýetirilmeli işiň wagtyny gowy bilýärler. Öz işlerine ak ýürekden çemeleşip, ekinlere idegi sähelçe-de gowşadanoklar. Şonuň üçin-de, her düýp pomidor 10 kilograma çenli hasyl berýär. Biz şu ýyl 800 tonna golaý hasyla garaşýarys. Eýýäm munuň ilkinji tonnalaryny ilata hödürledik. Hasylymyz günsaýyn artýar. Degişli hünärmenler onuň hiline-de gowy baha berdiler. Biziň indiki maksadymyz, hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, önümlerimizi daşarky bazarlara çykarmak bolup durýar. Elbetde, munuň hem özüne ýetik hysyrdysy bar. Muňa garamazdan, ene topragymyzda bitýän önümiň uly islege eýe boljakdygyna ynanýarys — diýip, telekeçi ýigit Batyr Rozyýew gürrüň berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.

«Türkmenistan».

09.02.2022
Beýik özgertmelere ak ýol

Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, giň möçberli tutumlar ildeşlerimiziň ýagty ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene uly tutumlara badalga berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi hem-de geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmegi we tassyklamagy teklip etdi. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli ugur boýunça ösdürmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen wezipeler kesgitleniler. Ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek, munuň üçin ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar gatnaşyklary şertlerinde ornaşdyrmagy çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky wezipeler uly ähmiýetlidir.

Täze ösüşleri nazarlaýan Maksatnamanyň taslamasynda sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmäge, bu ulgamyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge uly üns gönükdirilýär. Geljek döwürde netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek işlerini dowam etmek bellenilýär.

Geljek 30 ýyla gönükdiriljek Maksatnamanyň düýp özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýandyr. Bu Maksatnama halkymyzyň döredijilikli işi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

Nesip bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler-ösüşler beýik maksatlary nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýokary ösüşi bolan kuwwatly döwletde amal edilýän beýik işlerdir.

Oguljan ATDAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

09.02.2022
«Täsin älem» täzeçilligiň gözleginde

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda mebel önümçiligi boýunça kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olar bu ugurda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Öndürýän önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazanan şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Perhat Babaýewe degişli bolan «Täsin älem» söwda nyşanly önümleri bilen adygan önümçilik toplumydyr.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan öňdebaryjy kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy bilen tanyşmagy makul bildik. Bu ýerde bizi kärhananyň ýolbaşçysy Perhat Babaýew garşylap, önümçilik bölümlerinde işleriň ýola goýluşy we öndürilýän önümleriň aýratynlygy hakda gürrüň berdi.

Kärhananyň önümçilik bölümleri dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle kämil enjamlar arkaly bu ýerde ýatylýan otaglaryň krowatlaryna niýetlenen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşdäki we ölçegdäki düşekdir ýassyklar öndürilýär. Bu harytlaryň hiliniň ösen talaplara laýyk gelmegine önümçilik işiniň her bir basgançagynda hil derejesine ýörite gözegçilik tehnologiýalary bilen gözegçilik edilmegi, şeýle-de önümçilik işinde ulanylýan önümleriň hili bilen baglanyşyklydyr.

Kärhananyň önümçilik bölümindäki enjamlar bir iş çalşygynda ýatylýan otaglar üçin düşegiň 300-sini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu düşekler ýumşaklygy, ýatmaga ýakymlylygy we rahatlygy bilen tapawutlanýar. Önümçilik işinde buýrujylaryň ösen islegleriniň göz öňüne tutulmagy bolsa, önümleriň görnüşleriniň artmagyna itergi berýär. Ildeşlerimiziň sargytlary esasynda öndürilýän düşekdir ýassyklar diňe bir biçüw aýratynlygy bilen tapawutlanman, bezegindäki reňk öwüşginleri we owadan şekilleri bilen hem ünsi çekýär.

Kärhanada geljekde mebelleriňdir gurnamalaryň täze görnüşleriniň, şeýle-de ýumşak oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňüne tutulýar. Munuň üçin kärhananyň hünärmenleri degişli işleri alyp barmak bilen, bu ugurda gazanylan tejribeleri öwrenýärler hem-de hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Ýörite habarçymyz.

SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar.

09.02.2022
Energetika diplomatiýasynyň kanunçylyk esaslary

Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa babatdaky we adamzadyň howpsuz ýaşamagynyň beýleki ugurlary boýunça başlangyçlarynyň çuňňur ylmy we amaly esasy umumadamzat bähbidine gönükdirilendir.

Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalar, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň kadalarynda energiýa üpjünçiligi çygryny düzgünleşdirýän düzgünler öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýerüsti we ýerasty baýlyklaryň, suwuň, ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilendir. Şeýle hem döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi, her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy görkezilendir.

Häzir Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň geljekki ösüşine onuň ekologiýa ugruny göz öňünde tutmazdan garamak mümkin däldir. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr. Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýän we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.

Energiýa üpjünçiligi islendik ýurduň ykdysadyýetiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň işine we ösmegine uly täsir edýär. Şol sebäpli energetikany kadaly ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak hemmeler üçin möhüm ähmiýetli wezipe bolup durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir öz milli kanunçylygyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukuk kadalarynyň hem döredilmegi üçin oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär, ýagny öz milli bähbitlerini nazara almak bilen, sebit hem-de halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylykly ösüşine gönükdirilen umumadamzat meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar.

Bu Kanun gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň energiýa howpsuzlygynyň strategik meselelerini energiýa üpjünçiligi we ekologiýa taýdan arassa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamak bilen pugta baglanyşdyrmagy wajyp ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi, ozaly bilen, Günüň we ýeliň özgerdilen energiýasynyň binýadynda alynýan tebigy energiýanyň tükeniksiz gory bilen şertlendirildi. Häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlaryny goýýar, olaryň hatarynda daşky gurşawy goraýan we durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga ýardam edýän «ýaşyl energetika» taslamalaryny — ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmek, hususy telekeçilik işini ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr.

Döwletiň ekologik wezipelerini amala aşyrmakda tebigy gurşawy goramagyň we rejeli peýdalanmagyň hukuk esaslarynyň ähmiýeti has uludyr. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar tebigatdan rejeli peýdalanmaga we ony goramaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Kanunlarda görkezilen kadalar ähli adamlar, kärhanalar we guramalar tarapyndan berk berjaý edilmelidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak arkaly milli we halkara bähbitlerine laýyk gelýän durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky öňe süren başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

Aziza IŞBAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

08.02.2022
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

— Gadyrly doganym, şu dörän pursatda ikiçäk söhbetdeşlikde siziň ýagdaýyňyzy soramak üçin telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isledim — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen bu keseli ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we gutuljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda, türkmen tarapynyň hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

— Beýik Biribardan Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy dileg edýärin — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana we onuň ýakynlaryna uzak ýyllaryň dowamynda berk jan saglyk arzuw etdi.

Türk Lideri tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin türkmen doganyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.

08.02.2022