Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda:
«Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»
diýip, nygtamak bilen, alyp barjak uly döwlet syýasatynyň baş ugruny kesgitledi. Bu dünýä nusgalyk ýörelge bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatyndan gözbaş alýar. Mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanýan hormatly Prezidentimiz hemişe ilatyň jana-jan bähbitlerini araýar we düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Bu diýilýänler ilaty tebigy gaz bilen üpjün etmek meselesinde hem aýdyň görünýär.
Ene topragymyzyň bahasyz baýlyklarynyň biri-de tebigy gazymyzdyr. Bu baýlygyň uly gorlaryna eýe bolan welaýatymyzda tebigy gazy gazyp almak, sarp edijilere ibermek işleri üstünlikli ýola goýulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen ýedi aýynda «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň 7 milliard 214,6 million kub metrden gowragy gazylyp alyndy we bu baradaky meýilnama 127 göterim berjaý edildi.
Amatly ýangyç bilen ilaty bökdençsiz üpjün etmek işini «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň başarjaň işgärleri ýerine ýetirýärler. Ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen welaýatymyzda dürli basyşly gaz geçirijileriň 8 müň 284,3 kilometrden gowragy çekildi. Bulardan başga-da gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlaryň 3605-si hereket edýär. Olar arkaly welaýat boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň 215 müňden gowragyna tebigy gaz berilýär.
Şanly ýylyň geçen döwründe «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan ilata berlen «mawy ýangyç» 1 milliard 94,2 million kub metrden hem gowrak boldy. Munuň özi müdirlik boýunça ähli ýerleşdirilen ýangyjyň agramly bölegidir.
Mälim bolşy ýaly, ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ilatly ýerleri gazlaşdyrmak maksady bilen işleriň uly toplumy berjaý edildi. Şonuň netijesinde welaýatymyzyň iň çetdäki obalarynyň ýaşaýjylarynyň öýlerinde hem tebigy gaz alawlaýar. Bu iş häzirki döwürde netijeli dowam etdirilýär. Täze gaz geçirijileri gurmaga döwletimiziň uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Hut şu ýylyň geçen aýlarynda täze gaz geçirijileriň 31,6 kilometre golaýy çekilip, bu işde maýa goýum serişdeleriniň 17,7 million manatdan gowragy özleşdirildi. Şeýle möhüm işler welaýatymyzyň täze peýda bolýan ilatly ýerlerinde ýerine ýetirilýär.
Şu ýerde ýene bir hakykaty nygtamak artykmaçlyk etmez. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak, onuň sarp edilişine gözegçiligi netijeli ýola goýmak babatda anyk wezipeleri kesgitledi. Şu maksat bilen hojalyklaryň ählisinde gaz ölçeýji enjamlar oturdyldy. Olaryň saz ýagdaýda bolmagy, şeýle-de sarp edilen ýangyç üçin tölegleriň wagtly-wagtynda geçirilmegi gazanylýar. Bu işleriň ahyrky maksady ýene-de halkyň bähbitlerini nazarlaýar. Gymmatly baýlyklarymyz rejeli sarp edilip, onuň geljekki nesillere hem elýeterli bolmagy gazanylmalydyr. Agzybir we ruhubelent halkymyz özi hakynda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirýärler.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW