Maglumat binýady pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetiň we onuň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli pudaklarda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, halkymyza edilýän sanly hyzmatlaryň sany artdyrylýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda sanly ulgamyň işini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işiniň, elektron döwlet hyzmatlarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu çygyrda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

                                                                   

Kanunda maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny köpugurly «bir penjire» ulgamy boýunça ýerine ýetirmek boýunça işiň üpjün edilmegi, şeýle hem sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty bilen bagly kadalar beýan edildi.  

                                                                   

Bu hukuk resminamasynda elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrmakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Ygtyýarly edaranyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary kesgitlenildi, elektron hökümetiň esasy wezipeleri, kömekçi hyzmat ediş pudaklary, döwlet maglumat binýatlary hem-de ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak bilen bagly kadalar beýan edildi. Şeýle hem döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly, döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegini amala aşyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawy, görnüşleri, ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermek, elektron döwlet hyzmatlaryna hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama bildirilýän talaplar, sargyt edijileriň hukuklary kesgitlenildi. Şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň we gorlarynyň işi bilen bagly kadalar resmileşdirildi.  

                                                                   

Bu Kanunyň kabul edilmegi döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmakda hem-de elektron döwlet hyzmatlaryny fiziki we ýuridik şahslar üçin ýerine ýetirmekde ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrar hem-de ýurdumyzyň sanly ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkider. 

                                                                                                           

Göwher AMANOWA,

                       

welaýat kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.