Habarlar
Ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna hem-de beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň, şeýle-de umumy bähbitlere — parahatçylyga, ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Balkan welaýatyndaky “Uzynada” meýdançasynda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna hem-de “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Şeýle-de zähmet serişdelerini we zähmet bazaryny netijeli düzgünleşdirmek maksady bilen, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň wezipe sanawlaryny tassyklamak we ylalaşmak boýunça işler Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyk gelýän degişli Tertipnama esasynda alnyp barylýar. “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek hem-de edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, bu Tertipnamanyň taslamasynyň rejelenen görnüşi taýýarlanyldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklip hödürlenildi. 

                                                                   

Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi. Zawodyň ekologik taýdan arassa önümi dünýä bazarynda barha artýan uly islegden peýdalanýar. 

                                                                   

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki belent abraýy diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen hem şertlendirilendir. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karara gol çekdi hem-de ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparyna iň gowy türgenleri saýlap almak we olary bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl” energetikada özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak wajyp hasaplanylýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-15-nji iýuldaky Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan, doganlyk türkmen we özbek halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. 

                                                                   

“Kuksaroý” köşgünde geçirilen iň ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary bar bolan ägirt uly kuwwaty has doly derejede peýdalanmaga giň mümkinçilikleri açýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň birdigine ýa-da meňzeşdigine daýanyp, tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş hem-de giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň many-mazmunynyň we ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna, ylalaşykly strategiýa, hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, ilkinji nobatda, olaryň iki halkyň we döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taraplarda ähli esaslar bar. 

                                                                   

Döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti meselesi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu gün ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hem-de Özbegistan birek-birek bilen gatnaşyklarda özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmek bilen, häzir bu taglymlary halkara giňişlikde işjeň ilerledýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Owganystandaky ýagdaýlar gepleşikleriň möhüm meselesi boldy. Türkmenistan özbaşdak hem-de halkara tagallalar bilen baglylykda, Owganystana parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, bu ýurduň ykdysady hem-de durmuş taýdan dikeldilmegi üçin şertleri döretmäge, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, 26-njy iýulda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen Owganystan boýunça halkara maslahatyň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw we suw-energetika meselesini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, bu babatda türkmen tarapynyň Özbegistan, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki döwletler, ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşygy, dokma, derman senagaty pudaklary hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri bolan ugurlar hem-de pudaklar hökmünde kesgitlenildi. Ýurtlarymyzyň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işini düzgünleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe iri şertnamalaryň baglaşylandygyny aýdyp, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri öwrenmegi, hususan-da, türkmen kärhanalarynda öndürilýän karbamidi daşary ýurt bazarlaryna eksport etmegi hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromuň we natriý sulfatynyň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz biziň umumy hasabymyzda eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasynyň — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň bardygyny aýdyp, özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak we olaryň üstaşyr ugurlaryny giňeltmek mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Ulag ulgamy Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Iki ýurduň arasynda şu ýylyň 5 aýynda demir ýol ulagy boýunça ýük dolanyşygy 15 müňden gowrak wagon birligine, awtoulaglar boýunça bolsa 17 müňden gowrak birlige deň boldy. Ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdiriljekdigine ynam bildirildi. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramak başlangyjyny öňe sürdi. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meselä deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Daşkent” seýilgähiniň açylyşy çuňňur manyly, möhüm waka bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň, ozalkysy ýaly, Türkmenistanda giň goldawa eýe boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Gepleşikleriň jemleri boýunça strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Maryazot» önümçilik birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Узбекистон темир йуллари» paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy bar. 

                                                                   

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. 

                                                                   

Goňşy ýurtlaryň netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebitara forumynda, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan duşuşyklarda tassyklanyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine öwrüldi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda şu gezekki döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa hem-de oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada birnäçe şertnamalara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatyny, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga berýän yzygiderli ünsüni aýratyn nygtap, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy. Bu ajaýyp seýilgähde Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bag nahaly eýýäm boý alyp otyr. Bu ajaýyp däp iki doganlyk döwletiň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýene-de bir nyşanydyr. 

                                                                   

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ýakyndan, başlangyçly özara gatnaşyklaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn ösdürmegiň möhüm ugrudygy bellenildi. Bu işde Türkmenistanda we Özbegistanda döredilen parlamentara Dostluk toparlary ähmiýetli orun eýeleýär. 

                                                                   

Şol gün hormatly Prezidentimiz Samarkant şäherine geldi hem-de bu ýerde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň aramgähine bardy. Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hem-de türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýeti hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular. 

                                                                   

Döwlet Baştutanlary Samarkandyň taryhy-medeni toplumynyň ýadygärliklerini, hususan-da, XV asyryň birinji ýarymynda bina edilen Ulugbegiň obserwatoriýasyny, Teýmiriň aramgähini (Gur-Emir), üç medresäni — Ulugbek, Şerdor hem-de Tilla-Kori medreselerini özünde jemleýän Registan meýdançasyny synladylar. 

                                                                   

Ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşy boldy. 

                                                                   

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Samarkandyň Halkara howa menziline tarap ugradylar. Döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny, taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk we strategik esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçarda Watanymyza ugrady. 

                                                                   

11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şeýle-de şol gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi. “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlandygyny, dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara guramalar bilen durnukly, özara bähbitli gatnaşyklary saklandygyny, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygyny belledi. 

                                                                   

Ýaponiýanyň görnükli döwlet hem-de syýasy işgäri bilen birnäçe gezek duşuşan Gahryman Arkadagymyz onuň belent adamkärçilik häsiýetlerini nygtady. Ýygnananlar bir minutlyk dymyşlyk bilen Sindzo Abeni hatyraladylar. Soňra tebärek çykylyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan gurbanlyk sadakasy berildi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin şu agyr günde medet beriji sözlerini aýdyp, Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň sanly ulgam arkaly geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kanunlaryň taslamalaryna, hususan-da, «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna, birnäçe beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan resminamalar biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. 

                                                                   

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösdürilmegine, dünýäniň ýurtlary hem-de halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. 

                                                                                                           

(TDH).

18.07.2022
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu möhüm çäräniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, özara arabaglanyşygy we ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn. 

                                                                   

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit hem-de yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmegine örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyz milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitläp, halkara giňişlikde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri öňe sürýär. 

                                                                   

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwürde ýükleri daşamak üçin halkara ulag geçelgeleriniň bökdençsiz ulanylmagynda hem aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

 Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! 

                                                                   

«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmekde görýär. Bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady. Olaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýanyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny häzirki zamanyň derejesine çykarmaga, geljek üçin sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň gurluşynyň binýadyny goýmaga mümkinçilik döreder. 

                                                                   

Alnyp barylýan uzak möhletleýin işleriň netijesinde Türkmenistanda ulag ýollary doly döwrebaplaşdyrylyp, täze köprüler, ähli zerur düzümi bolan ýokary tizlikli awtomobil, howa we deňiz, demir ýollary gurulýar. Şeýlelikde, merdana ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilip, ata Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, ygtybarly energetika we ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün edýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Biz geljekde-de ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etdireris. Munuň özi diňe bir oňyn öňegidişlikleri we ösüşleri gazanmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň ýüze çykarýan möhüm meselelerini hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam eder. 

                                                                   

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatda şu we beýleki meselelere ylmy esasda garalar. Sebitde durnuklylygy saklamak, döwletleriň biri-biri bilen ykdysady gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmak, ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň kuwwatlanmagyna itergi bermek ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alşylar. Munuň özi üstaşyr ulag geçelgeleriniň, intermodal logistik merkezleriň, guryýer menzilleriniň üsti bilen awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollaryny özünde birleşdirýän ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşine itergi berer. 

                                                                   

 Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
 

                                                                   

Sizi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, halkara maslahatyň üstünlikli we netijeli geçmegini arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

18.07.2022
Dirilik çeşmesiniň gözbaşynda

Diýarymyzyň merdana halkyny ýokary hilli arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň öň hatarynda durýar. Bu hakykata Balkan welaýatynda amala aşyrylan işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.  

                                                                   

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň soňky on bäş ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda günbatar sebitiň Esenguly etrabynda, Türkmenbaşy şäherinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Bereket etrabynda we beýleki ilatly ýerlerinde amala aşyrylan işler özüniň döwrebaplygy, şu günüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan sebitiň ýaşaýjylary hemişe bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem arassa agyz suwy bilen ýeterlik möçberde üpjün edilýär. Bu işi talabalaýyk alyp barmakda «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky her gije-gündizde 35 müň kub metre, Gyýanlydaky 50 müň kub metre, Ekerem şäherçesindäki 5 müň kub metre barabar deňiz suwuny süýjediji desgalarynyň, Bereket şäherindäki suw ýygnap paýlaýjy desgalar gullugynyň hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler.  

                                                                   

Aslynda, ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy we edara-kärhanalary önümçilige niýetlenen suw bilen ýeterlik derejede üpjün etmek hemişe üns merkezinde saklanýar. Hut şonuň üçin hem suw üpjünçiligi bilen bagly dürli desgalaryň, şol sanda suwy arassalamak we öndürmek boýunça kärhanalaryňdyr ulgamlaryň, suw süýjediji kuwwatlyklaryň gurluşygy «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň», şeýle hem durmuş-ykdysady ösüş boýunça pudaklaýyn we sebitleýin meýilnamalaryň hemişe wajyp ugry bolmagynda galýar. Döwlet derejesinde kabul edilen «Balkan welaýatynyň Bereket şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hakyndaky» taryhy Karara laýyklykda, mundan birnäçe ýyl öň «Bereketsuwýygnappaýlaýjy» desgalar gullugynyň her biriniň göwrümi 1 million kub metre deň bolan 1-nji we 2-nji suw göterijileriniň durkunyň täzelenmegi sebitiň ýaşaýjylarynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Häzirki wagtda dünýäniň iň bir kämil hem-de kuwwatly enjamlary bilen üpjün edilen «Bereketsuwýygnappaýlaýjy» kärhanasy her gije-gündiziň dowamynda ýörite turbageçirijiler arkaly Bereket şäherine we onuň degişli obalaryna 20 müň kub metre, welaýat merkezi Balkanabat şäherine bolsa 100 müň kub metre barabar arassa agyz suwuny berip bilýär. 

                                                                   

Bu öňdebaryjy desgalar gullugynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda öndürijilikli zähmet çekilýär. Diňe şu ýylyň başyndan bäri Garagum derýasyndan alnyp we arassalanyp, Balkanabat, Türkmenbaşy, Hazar şäherlerine, Bereket we Türkmenbaşy etraplaryna, şeýle-de ýol ugurlaryndaky ilatly nokatlara ýetirilen suwuň möçberi ýüzlerçe müň kub metre ýetýär. 

                                                                   

— Kärhanamyzyň hünärmenleriniň tutanýerliligi bilen amala aşyrylan möhüm işler ýurdumyzyň senagat taýdan has ösen künjeginiň ilatynyň agyz suwuna bolan islegini ygtybarly üpjün edýär. Gullugymyz boýunça gazanylýan üstünlikleriň her birinde 1-nji suw göteriji desganyň maşinisti Perhat Geldimyradowyň, suw arassalaýjy desganyň hünärmeni Ýazgeldi Baýramdurdyýewiň, barlaghana bölüminiň hünärmeni Toýbibi Garajaýewanyň, 2-nji suw göteriji desganyň maşinisti Agöýli Amangylyjowyň, lagym sorujy bölümiň maşinisti Baýrammämmet Baýrammämmedowyň mynasyp goşantlary bar. Netijede, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe sarp edijilere ugradan agyz suwumyzyň umumy möçberi on million kub metre golaýlaýar. Hünärmenlerimiziň her biri dirilik çeşmesiniň gözbaşynda halal zähmet çekmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar — diýip, bu desgalar gullugynyň başlygy Ýusup Amanow gürrüň berýär. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

18.07.2022
Döwrümiziň ajaýyp keşbi

8-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde  gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda gazanylýan ösüşler barada beýan edilenler halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gurluşyk-senagat pudagynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 153,1 göterim berjaý edilmegi anyk görkezijili mysallardandyr.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Geçen ýarym ýylda 30 sany iri desga, meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berildi. 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Rahatjan NARBAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy

15.07.2022
Türkmenistan we Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň çägini giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy 

                                                                   

 Aşgabat — Daşkent, 14-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. 

                                                                   

 Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

                                                                   

...Ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak netijeli halkara gatnaşyklaryň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. 

                                                                   

Nobatdaky sapar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesinde Özbegistan Respublikasyna ilkinji saparydyr. Munuň özi doganlyk türkmen we özbek halklarynyň öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Ýokary derejedäki şu gezekki gepleşikler bar bolan ägirt uly kuwwatdan has netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gepleşikleriň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary taraplaryň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Sapara taýýarlyk görmegiň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulda geçirilen mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolandygyny bellemek gerek. Şonda häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Diňe 2007 — 2022-nji ýyllarda ýokary derejede özara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-si guraldy. Olaryň netijeleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryňdyr sebit düzümleriniň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli guralýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etdi. 

                                                                   

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki şu günki duşuşyk diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliginde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, möhüm waka öwrüldi. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki giň gerimli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanmasy 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de iki döwletiň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň barşynda-da tassyklanyldy. Üstünlikli geçirilen bu çäreler taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Duşuşyklarda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy serişdeleriniň we bar bolan ägirt uly ykdysady, eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn nygtaldy. Forumlaryň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmakda tagallalary utgaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm, Buhara welaýatlary şol hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm orny eýeleýärler. 

                                                                   

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmek, senagat taýdan ýakynlaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça işjeň tejribe alyşmak türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hut şu meseleleriň çözülmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol resminamalara laýyklykda, oba hojalyk we dokma önümleriniň, azyk, gurluşyk hem-de senagat harytlarynyň eksport-import amallaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Horezm we Buhara welaýatlarynyň telekeçileriniň arasynda degişli ylalaşyklara gol çekildi. Umuman, gazanylan ylalaşyklar iki döwletiň we doganlyk halklaryň bähbidine köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berer. 

                                                                   

...Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy. Şanly waka mynasybetli özbek paýtagtynyň howa menzili iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. 

 Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine tarap ugrady. Bu iri medeni-dynç alyş seýilgähi Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli açylyp, Daşkent welaýatynyň Kibraý etrabynda ýerleşýär. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy goňşy döwletiň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlyk” ýadygärligine ajaýyp gül dessesini goýýar. Hünärmen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyplygyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy we azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň keşbi ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. 

                                                                   

Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň bäş sany ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Seýilgähiň merkezi böleginde “Garaşsyzlyk” ýadygärligi ýerleşýär. 

                                                                   

Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý hem-de täsin mirasy, beýik serkerdeleriň we esgerleriň, alymlaryňdyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Binanyň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir. Täsin ýadygärlik täze Özbegistany gurmak we üçünji Gaýtadan döreýşiň binýadyny döretmek pikiri bilen sazlaşýar. Emir Teýmiriň döwletini we onuň üsti bilen milli döwletliligi alamatlandyrýan mawy gümmez, Mirzo Ulugbegiň ýyldyzly asmanyň astynda ýaly şekildäki obserwatoriýasy, dünýä ylmyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik özbek alymlarynyň möhüm ylmy açyşlary öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

 Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar. 

                                                                   

 Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” köşgüne geldi. 

                                                                   

Merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany özbek Lideri mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, köşgüň öňündäki meýdança barýarlar. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Meýdançada nyzama düzülen Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçýärler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar. 

                                                                   

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri meýdançadan dabaraly gadam urup geçýärler. 

                                                                   

Soňra iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne girdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Özbek Lideri belent mertebeli myhmany şu ýylyň mart aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tejribesiniň, biliminiň, güýç-gaýratynyň we liderlik häsiýetleriniň ähli bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

                                                                   

Özbek Lideri şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak hem-de uzak möhletleýin döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana ilkinji döwlet saparyna aýratyn ähmiýet berýärler diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady we şu günki duşuşygyň özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şol gatnaşyklaryň esasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklar, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri düzýär. 

                                                                   

Duşuşygyň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar, gol çekiljek resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köp ugurlarda, şol sanda sebit we halkara derejede pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, özbek Lideri aýtdy. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge ägirt uly goşandyna ýokary baha berdi. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde iki goňşy ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin dostlukly ýurduň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, nobatdaky saparyň gatnaşyklary has-da berkitmäge, taryhy doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň umumy maksatlaryna we wezipelerine ýetmäge ýardam etmelidigini belledi. 

                                                                   

Geçen soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde, yzygiderli esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýadyny gurduňyz we pugtalandyrdyňyz, hyzmatdaşlygyň pugta syýasy, hukuk hem-de dünýägaraýyş esasyny döretdiňiz, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işiň strategiýasyny düzdüňiz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Bu işler öz mynasyp netijelerini berdi. Türkmenistan hem-de Özbegistan esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň birdigine ýa-da meňzeşdigine daýanyp, tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş, giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Nobatdaky döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu gün Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen bilelikde bu maksada ýetmek üçin köp işleriň ediljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                   

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene bir gezek özbek topragynda mähirli mübärekläp, umumy taryhy kökleriň we diniň, diliň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň meňzeşdiginiň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Biz Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň berkligi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň dowamatlylygy hökmünde garaýarys diýip, özbek Lideri aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady we şu gün geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigine, iki doganlyk ýurduň strategik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna, ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz ösüş ýolundadyr, ähli ugurlar boýunça okgunly we yzygiderli ösýär diýip, özbek Lideri belledi. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly hyzmatlaryna ýokary baha berip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki Türkmenistanyň arhitektory we döredijisi bolup durýandygyny nygtady. Belent halkara abraýa eýe bolan ýurduň uly üstünlikleri hut Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr. 

                                                                   

Dostlukly döwletiň Baştutany biziň ýurtlarymyzda ýakyn ýyllar üçin söwdanyň möçberini iki esse artdyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Taraplar himiýa pudagynda strategik hyzmatdaşlyga ýetilendigine ýokary baha berdiler hem-de awtomobil gurluşygynda, elektrotehnika, dokma we derman senagatynda, azyk senagatynda, oba hojalygynda ýakynlaşmagy giňeltmegi meýilleşdirýärler. 

                                                                   

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl ýük daşamagyň möçberiniň 17 göterim artandygy nygtaldy. Bu ýagdaý şu ýylda-da saklanyp galýar. 

                                                                   

Çykyşynyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň sebitiň döwletleriniň özboluşly üstaşyr kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, şol sanda özara ýeňillikleri bermek babatda amatly şertleriň bardygyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

                                                                   

Özbek Lideri suw-energetika babatdaky gatnaşyklara degip geçip, Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň üstünlikli işini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Munuň özi sebitde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam eder. Şeýle hem taraplaryň haryt dolanyşygyny artdyrmaga, senagat taýdan ýakynlaşmagy ösdürmäge çalyşýandyklary bellenildi. 

                                                                   

Parlamentara derejede netijeli gatnaşyklara-da üns berildi. Bu babatda eýýäm bilelikdäki işiň oňat tejribesiniň bardygy nygtaldy. 

                                                                   

Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň medeni çäreleri geçirmek baradaky teklibiniň wajypdygyny aýratyn belledi. Şol çäreler halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam eder. 

                                                                   

Abraýly halkara we sebit düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de beýlekileriň ugry boýunça hyzmatdaşlyga özbek-türkmen syýasy gatnaşyklarynda möhüm ähmiýet berilýär. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Özbegistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly Kararnamasyny goldamaga işjeň gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Goňşy ýurduň Lideri sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, owgan meselesi boýunça tagallalary utgaşdyrmak barada gazanylan ylalaşygy belledi. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara we sebit syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça bilelikdäki geňeşmeleri geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki gepleşikleriň ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýe bolan strategik hyzmatdaşlygy iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edendigi hem-de bildiren myhmansöýerligi, duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

 Bu meniň Özbegistana ilkinji döwlet saparymdyr. Biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu gün biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, häzirki ýagdaýlary we ösüşiň ýollaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş halkara giňişlikde döwletara gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny kesgitlemek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň many-mazmunynyň hem-de ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna, ylalaşykly strategiýa we hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, ilkinji nobatda, olaryň iki halkyň hem-de döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelmelidigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bizde ähli esaslar bar diýip belledi. Türkmenistan we Özbegistan sebit hem-de ählumumy ösüşiň iň wajyp meselelerine öz çemeleşmelerini kemala getirmekde pikirdeşler, jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan tarapyndan BMG-de energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, beýleki möhüm sebit meseleleri boýunça Türkmenistanyň teklip edýän Kararnamalarynyň taslamalarynyň goldanylýandygyny minnetdarlyk bilen belledi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy babatda Özbegistanyň özara hormat goýmaga esaslanýan garaýşy üýtgewsizdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Özbegistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň döwletimiz tarapyndan öňe sürlen 17 Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. 

                                                                   

Öz nobatynda, Türkmenistan özbek tarapyny dürli halkara guramalarda yzygiderli goldaýar. Ýurdumyz Özbegistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Aralýaka sebiti “ekologik innowasiýalar we tehnologiýalar zolagy” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar. Biz şeýle-de Özbegistanyň BMG-niň howandarlygynda Ulag-kommunikasion özara baglanyşyklylygy ösdürmegiň sebit merkezini döretmek hakynda başlangyjyny goldadyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Biziň sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň köp umumy we möhüm ugurlary bardyr hem-de olaryň ýokary derejede, hut bäştaraplaýyn görnüşde, yzygiderli esasda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda işleriň ösdürilmegine oňyn täsir etmäge, ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak esasynda ylalaşykly, anyk çözgütleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açmaga ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti meselesi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu gün ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hem-de Özbegistan birek-birek bilen gatnaşyklarda özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmek bilen, häzir bu taglymlary halkara giňişlikde işjeň ilerledýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Özbegistanyň bu oňyn teklipleri goldajakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Owganystandaky ýagdaýlar şu gezekki gepleşikleriň möhüm meselesidir. Türkmenistan özbaşdak, şeýle-de halkara tagallalar bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, bu ýurduň ykdysady-durmuş taýdan dikeldilmegi üçin şertleri döretmäge, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, 26-njy iýulda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen Owganystan boýunça halkara maslahaty möhüm hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw we suw-energetika meselesini Merkezi Aziýa döwletleriniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, bu meselede türkmen tarapynyň Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmenistan sebitimizde suw-energetika meselesiniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her ýurduň bähbidini nazara almak arkaly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar. Türkmenistan Aral meselesi boýunça çemeleşmelerinde-de şu maksatlardan ugur alyp, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagy, onuň işiniň pugtalandyrylmagy hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki ýurtlar, ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşydygyny belläp, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylan ýokary derejesine, döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine ýokary baha berdi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 14-nji mejlisinde özara haryt dolanyşygyny ýakyn ýyllarda ep-esli artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem senagat taýdan ýakynlaşmagyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak, söwda, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny peýdalanmak barada ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyn gurluşygy, dokma, derman senagaty pudaklary hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri bolan ugurlar we pudaklar hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Ýurtlarymyzyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunda biz türkmen-özbek Işewürlik geňeşiniň netijeli işine bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda serhetýaka gatnaşyklar işjeňleşdirildi, goňşy welaýatlaryň arasynda wekiliýetleriň alyş-çalşygy alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen Türkmen-özbek serhetýaka zolagyny döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň tiz wagtda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri şertnamalar baglaşyldy. Hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmek, hususan-da, türkmen kärhanalarynda öndürilýän karbamidi daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek, Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromuň we natriý sulfatynyň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi. 

                                                                   

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine we giňeldilmegine bil baglaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Biziň umumy hasabymyzda eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy — Türkmenistan — Özbegistan —Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak, olaryň üstaşyr ugurlaryny giňeltmek mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Ulag ulgamy Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we iki ýurduň arasynda şu ýylyň 5 aýynda demir ýol ulagy boýunça ýük dolanyşygynyň 15 müňden gowrak wagon birligine, awtoulaglar bilen bolsa 17 müňden gowrak birlige deň bolandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmäge gönükdiriljekdigine ynam bildirildi. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda amala aşyrmak boýunça tagallalary artdyrmagyň möhümdigini belläp, şu maksat bilen ýakyn geljekde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramak başlangyjyny öňe sürdi. 

                                                                   

Soňra medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meselä deglip geçildi. Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Daşkent” seýilgähiniň açylyşy çuňňur manyly, möhüm waka bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň, ozalky ýaly, Türkmenistanda giň goldawa eýe boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Özbek Lideri bilen şu günki duşuşyk, wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň berk binýadynda gurulýandygyny, aýdyň, düşnükli ýörelgeler esasynda ösdürilýändigini görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi. Biziň hyzmatdaşlygymyz uzak möhletleýin häsiýetli bolup, sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň möhüm şertini emele getirýär. 

                                                                   

Şu sapar ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy, olaryň dürli ulgamlarda ösdürilmegini şertlendirdi, mundan beýläk-de bilelikdäki işler üçin anyk ugurlary görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna geçirilen netijeli işler, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Maryazot» önümçilik birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Узбекистон темир йуллари» paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda 

                                                                   

2022 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy bar. 

                                                                   

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda ilkinji döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna hem gol çekilendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Şu gün Daşkentde iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada birnäçe şertnamalara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýediginiň, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Resminamalara gol çekmek tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana şu gezekki döwlet saparynyň halklarymyzyň dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, ynanyşmaga we özara goldawa esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyzdyr, ygtybarly goňşymyzdyr we strategik hyzmatdaşymyzdyr diýip, dostlukly döwletiň Lideri aýratyn nygtady hem-de žurnalistlere şu gün many-mazmunly, açyk we düýpli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi. Bu gepleşikler biziň hyzmatdaşlygymyzy täze, has ýokary derejä çykarar. 

                                                                   

Şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklarda depginli ösüşi bellediler. Taraplar meseleleriň giň toplumy babatda pikir alşyp, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji “Ýol kartasyny” kabul etmek barada ylalaşdylar. 

                                                                   

Biz syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw, energetika we ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläkki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Bu çäreleriň toplumynyň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine pugta ynanýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy hem-de gepleşikleriň netijeleriniň Bilelikdäki Beýannamada, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapandygyny belledi. 

                                                                   

Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, dostum we doganym — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan bimöçber goşandyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Özbegistanyň Baştutany aýratyn nygtady. Şeýle-de onuň halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistanyň depginli we durnukly ösdürilmeginde bitiren ägirt uly hyzmatyny bellemän geçip bilmerin diýip, özbek Lideri aýtdy. 

                                                                   

Özbegistanda häzirki wagtda bu parasatly syýasatyň mynasyp dowam etdirilýändigine tüýs ýürekden begenýärler diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady hem-de Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda doganlyk Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň dowam etjekdigine, ilatyň abadançylygynyň barha ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, däp bolşy ýaly, hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse köpeldi. Şu ýylyň ahyryna çenli söwdamyzyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliarddan gowrak dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar, orta möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmek bolar. Munuň üçin ähli esaslar bardyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti döwrebap düzümli serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşylandygyny habar berdi. Şu maksatlar bilen, taraplar özünde anyk çäreleri jemleýän “Ýol kartasyny” kabul etdiler. Mundan başga-da, iki döwletiň paýtagtynda Söwda öýlerini açarys. Kabul edilen orta möhletleýin maksatnamanyň esasynda maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma, derman senagaty pudaklarynda, azyk senagatynda, ylaýta-da, oba hojalygynda ýakynlaşmak ösdüriler. Himiýa pudagyndaky kärhanalarymyzyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykmagyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biz gatnaşyklarymyzyň üstüni anyk taslamalar bilen ýetirmek üçin bilelikdäki taslama edarasyny döretmegiň wajypdygyny belledik diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamydyr. Taraplar sebitimiziň ägirt uly üstaşyr kuwwatyny doly derejede peýdalanmaga gönükdirilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Ulag geçelgeleri, logistika we üstaşyr geçirmek ulgamlarynda ähli möhüm meseleleri çözmek üçin ýakyn wagtda ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmek ylalaşyldy. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda suw-energetika ulgamyndaky özara gatnaşyklara uly üns berildi. Suw boýunça ähli meseleleri hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ruhunda hem-de uzak möhletleýin esasda birek-biregiň bähbitlerini nazara almak arkaly çözýändigimizi aýratyn nygtamak isleýärin diýip, Özbegistanyň Lideri aýtdy. 

                                                                   

Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň işini üstünlikli ýola goýduk. Biz ýaňyja Amyderýanyň suw serişdelerini peýdalanmak baradaky taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň şaýady bolduk. Bu resminama, gürrüňsiz, sebitde suw serişdelerini netijeli ulanmagyň üpjün edilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Energetika ulgamynda, şol sanda Türkmenistandan elektroenergiýa, gaz we nebit önümlerini ibermek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew metbugat çykyşynda nygtady. 

                                                                   

Dostlukly döwletiň Baştutanynyň aýtmagyna görä, sebitara dialog ösdürilýän ugur bolmalydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Buharada sebitleriň ilkinji forumy hem-de hususyýetçiligiň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda Işewürlik geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Olaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şeýle işi hemişelik esasda dowam etdirmegi ylalaşdyk. 

                                                                   

Biz Oliý Majlis hem-de Milli Geňeşiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda-da çykyş edýäris diýip, özbek Lideri sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Din, dil we däp-dessurlar babatda umumylygy bolan halklarymyzyň taryhyň jümmüşinden gelýän doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, däp bolşy ýaly, üns merkezinde bolar. Biz ylmy hem-de akademiki alyş-çalyşmalary işjeň ösdürmegi, innowasiýalar ulgamynda maksatnamalary amala aşyrmagy, özara esasda Özbegistanyň we Türkmenistanyň Medeniýet hem-de kino günlerini geçirmek däbini dowam etdirmegi, ýurtlarymyzda döredilen şertleri, festiwallary, konsertleridir forumlary geçirmegiň baý tejribesini ulanmak arkaly, syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary ilerletmegi ylalaşdyk diýip, özbek Lideri aýtdy. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew žurnalistlere ýüzlenip, geçirilen gepleşikleriň çäklerinde sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýratyn nygtap, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň derejesinde yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini aýratyn belledi. 

                                                                   

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň sebitiň ähli ýurtlarynyň ösüşine we abadançylygyna ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady. Biz Owganystandaky ýagdaý boýunça pikir alşyp, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin mundan beýläk-de bilelikde işläris. BMG-niň, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde gatnaşyklary hem-de özara goldaw bermegi dowam etdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.  

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen hyzmatdaşlaryna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Merkezi we Günorta Aziýanyň özara baglanyşygy boýunça ýakynda kabul edilen Kararnamasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy hem-de goldandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Özbek Lideri altynjy Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň, gürrüňsiz, özbek-türkmen dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Biz doganlyk ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine doly möçberli strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Geçiren gepleşiklerimiz bilen örän kanagatlanandygymy ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Biziň açyk, ysnyşykly gatnaşyklarymyz toplan tejribämiziň dowamydyr diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de taraplaryň gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmäge meýillidigini tassyklady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijesini teswirläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe we özbek kärdeşleriniň ählisine bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edişlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýetini aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Ähli ugurlarda — syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Köpugurly türkmen-özbek gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli ösdürilýär. 

                                                                   

Özbegistan Respublikasy biziň möhüm syýasy hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmekde bilelikdäki işleri alyp barýarys.  

                                                                   

Häzirki günde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň özara gatnaşyklary sebit işleriniň durnuklylygynyň we ösüşiniň strategik şerti bolup durýar. Iki ýurt hem Merkezi Aziýany gapma-garşylyklardan azat zolaga, Ýewraziýada uzak möhletleýin durnuklylygyň pugta halkasyna, giň halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasyna öwürmek ugrunda çykyş edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalarda syýasy-diplomatik gatnaşyklary üstünlikli ösdürip, oňyn Kararnamalary ilerletmekde birek-birege netijeli goldaw berýärler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi we onuň üsti bilen doganlyk halky 11-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen gutlady. Munuň özi uly daşary syýasy üstünlikdir. Ol Özbegistanyň halkara işiniň, dostlukly döwletiň Lideriniň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň ýokary netijeliligini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi we ony taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. 

                                                                   

Çykyşyň dowamynda syýasy hyzmatdaşlygyň birnäçe ýyl ozal döredilen täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işine ýokary baha berildi. 

                                                                   

Owganystandaky ýagdaý boýunça-da pikir alşyldy. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şol sanda bu döwleti syýasy taýdan durnuklylaşdyrmaga, ykdysady taýdan dikeltmäge gönükdirilen halkara tagallalar bilen baglylykda, taraplaryň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy nygtaldy. Ählumumy gün tertibiniň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriň umumydygy bellenildi. 

                                                                   

Biz abraýly halkara we sebit düzümleriniň — Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, obasenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty hem-de beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Şeýle hem biz ýurtlarymyzyň çäginiň üsti bilen Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi hem-de tagallalary utgaşdyrmagy ylalaşdyk. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine üns berildi. Biz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy tassykladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Türkmen wekiliýeti şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatyny, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga berýän yzygiderli ünsüni aýratyn nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we Özbegistanyň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana çagyrandygyny habar berdi. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirip, geljekki saparynyň çäklerinde doganlyk ýurduň paýtagtynda gurulýan “Daşkent” seýilgähiniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belledi.  

                                                                   

Häzirki wagtda “Aşgabat” seýilgähi Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biridir diýip, özbek Lideri aýtdy we türkmen paýtagtyndaky “Daşkent” seýilgähiniň hem şeýle özüne çekiji, ajaýyp ýerleriň biri boljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Prezident Şawkat Mirziýoýew gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli ugurlarda tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam etjek täze, anyk gurallary işläp taýýarlamagy teklip etdi. 

                                                                   

Agşam döwlet Baştutanymyz, asylly däbe görä, “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy. 

                                                                   

Hakyky dostlugyň nyşanyna öwrülen hut şu ajaýyp seýilgähde Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bagynyň eýýäm boý alyp oturandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bag ösüp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Bag nahalyny ekmek iki halkyň hem ajaýyp däbidir. Häzirki wagtda-da bu däp üstünlikli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek dostlugynyň berkemeginiň hem-de doganlyk halkyň myhmansöýerligine hormatyň nyşany bolan ýaş nahaly oturdandan soňra, “Kuksaroý” köşgüniň kabul edişlikler binasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşamlyk nahar berildi. 

                                                                   

Resmi agşamlyk naharynyň dowamynda Özbegistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Olarda iki dostlukly ýurduň we doganlyk halklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlygynyň mizemezdigi, doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigi öz beýanyny tapdy. Joşgunly aýdym-sazlarda hem-de tanslarda türkmen-özbek dostlugy wasp edildi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

15.07.2022
Kämil kanun — berk binýat

Telekeçilik işiniň kanunçylyk esaslary 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, türkmen telekeçileriniň işini döwlet tarapyndan goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýen kadanyň berkidilmegi, telekeçiligi goldamagyň, ösdürmegiň hukuk binýady bolup çykyş edýär. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, telekeçilik, ýagny hususy iş başyny tutujylyk — munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem-de töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň — kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak, hususy kärhanaçylyk işidir.  

                                                                   

Häzirki wagtda telekeçilik işini goldamaga, olaryň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda kabul edilen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda telekeçiligiň oňyn ösüşini höweslendirmek boýunça çäreleriň we gurallaryň giň toplumyny öz içine alýan döwlet goldawynyň berilýändigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu goldaw Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, hususan-da, «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýar.  

                                                                   

Telekeçilere ýakyndan ýardam bermekde degişli kanunçylyk namalarynyň, maksatnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, elýeter bahaly sarp edilýän harytlary öndürmekde dürli görnüşli kärhanalary döretmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin banklar tarapyndan olara goldaw hökmünde uzak möhletleýin, az göterimli karz serişdeleri berilýär. Bu babatda 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.  

                                                                   

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hem-de beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr. Ýöne munuň üçin olaryň telekeçi hökmünde döwlet belligine alynmagy zerurdyr. Çünki telekeçiniň ýagdaýyna (statusyna) Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmagy (döwlet registrasiýasy) esasynda eýe bolunýar. Bellige aldyrman, telekeçilik işi bilen meşgullanmak gadagandyr.  «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynda telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleri döwlet tarapyndan goldamak babatda giňişleýin beýan edilýär. Maddada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy-tehniki serişdeleriň berilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuk, ykdysady we gaýry maglumatyň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň beýleki esasy ugurlary berkidilendir. 

                                                                   

Telekeçilik bilen meşgullanmaga döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

 Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
 

                                                                   

 Berekedi boldan bolsun!  

                                                                   

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda oba hojalygyna degişli pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleri ýerine ýetirmek bilen, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we halkara standartyna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny doly üpjün etmegiň kanunçylyk binýady hem döwrebap derejede kämilleşdirilýär.   

                                                                   

«Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de agzalan Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, azyk howpsuzlygy — ýurduň azyk garaşsyzlygy, ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilmeginiň zerur derejesini üpjün edýän, şeýle hem işjeň we sagdyn durmuş üçin zerur bolan mukdarda azygyň ähli ilat üçin fiziki we ykdysady taýdan elýeterliligine kepil geçilmesidir. Hut şonuň üçin hem Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, daýhanlarymyz, maldarlarymyz irginsiz zähmet çekip, bu babatda şahsy goşantlaryny gaýgyrmaýarlar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň hukuk binýadyny emele getirýän, bu ulgamyň kämilleşdirilmeginiň we ösdürilmeginiň çäklerinde oba hojalygyna degişli «Daýhan birleşikleri hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, Suw kodeksi we «Ýer hakynda» Bitewi kanunyny belläp geçmek bolar. 

                                                                   

Bazar gatnaşyklarynyň ösýän döwründe, halk hojalygynyň esasy pudagy bolan oba senagat toplumyny ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

                                                                   

 Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna  gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.
 

                                                                                                           

«Adalat».

15.07.2022
Türkmen nebitiniň taryhy, şu güni we geljegi

Türkmenistanyň nebit senagaty «Dagajyk» we «Çeleken» känlerinden gözbaş alýar. «Dagajyk» «dagjagaz» sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, bu ýerde ilkibaşda oturymly ilat ýaşapdyr we balykçylyk, nebitçilik bilen meşgullanypdyr. Deňiz suwunyň çekilmegi hem-de nebitiň öndürilişiniň artmagy netijesinde ilat kenara çekilýär. Bu ýere nebit daşamak üçin dürli görnüşli gämiler gelipdir we köp sanly işçi güýji talap edilipdir. 1874-nji ýylda doganlar Nobeller Hazaryň kenarynda, has anygy, Çelekende nebitli ýerleri 25 ýyllyk möhlet bilen kärendesine alypdyrlar. 1876-njy ýylda Nobelleriň firmasy 37 metr çuňlukdan nebitli goruň üstüni açýar. Bu firma el bilen nebit alynýan 164 sany guýyny hem-de 8 ýer bölegini kärendesine alyp, onda buraw desgalarynyň 3-sini gurýar. Şol ýyl tutuş Çeleken boýunça el bilen nebit alynýan guýularyň sanynyň 700-e golaýlandygy, çykarylan nebitiň möçberiniň 1600 tonna ýetendigi barada maglumatlar bar. Bu firma ýurdumyzda nebit çykarmak boýunça işlän daşary ýurt kompaniýalarynyň ilkinjisidir. 

                                                                   

Doganlar Nobeller ХIХ asyryň ahyrynda nebit daşaýan ikinji gämini hem gurýarlar. Bu täzeçillik Nobelleriň kompaniýasyny nebit önümçiliginde öňdebaryjylaryň hataryna çykarýar. Şol döwürde bug bilen işleýän sorujylar (nasos) ilkinji gezek ulanyşa girizilýär. Alfred Nobel doganlaryna çig nebiti turba geçirijiler arkaly akdyrmagy taslamalaşdyryp, ony Bakuwdan Astrahana çenli akdyrmagy maslahat berýär we ol dünýäde çekilen ilkinji turba geçiriji hökmünde taryha girýär.  

                                                                   

«Çeleken» ýatagyndan birnäçe asyr mundan öň nebit çykarylan-da bolsa, onuň hasabaty ýöredilmändir. Diňe 1876-njy ýyldan soňra, doganlar Nobelleriň maglumaty esasynda «Çelekenden» we beýleki nebit ýataklaryndan çykarylan nebitiň hasabaty ýöredilip başlanypdyr. Şol ýylda Türkmenistanyň nebitli meýdançalarynda urgy-mehaniki usul bilen burawlanan ilkinji guýular hem Nobelleriň önümçilige ornaşdyrmagy bilen peýda bolýar. Burawlamagyň aýlawly usulyny ornaşdyrmak 1932-nji ýylda girizilipdir. Nebitdagda bolsa (häzirki Uzboý şäherçesi) nebit gözlegleri XIX asyryň ahyrlarynda başlanýar. Şol döwürde belli rus magdan inženeri F.Maýewskiý: «Senagat nokady hökmünde Nebitdag diňe geljekde ähmiýetli bolar» diýip, örän jaýdar belläpdir. 1930-njy ýyllarda «Nebitdag» we «Çeleken» ýataklary ylmy esasda öwrenilip, şol döwürde nebit çykarmagyň öňdebaryjy usullary hem hut şu känlerde ulanylyp başlapdyr.  

                                                                   

1932-1933-nji ýyllarda ozalky soýuz respublikalarynyň senagat şäherlerinden nebit önümçiligi üçin zerur enjamlar we tehniki bilimli hünärmenler getirilýär. Şeýdibem, «Nebitdag» meýdançasynda nebit çykarylyşynyň taryhynda täze döwür başlanýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasynda Türkmenistan boýunça çykarylan nebit 587 müň tonna deň bolup, biziň ýurdumyz bu ugurda soýuz respublikalarynyň arasynda dördünji orna çykypdyr. 1941-nji ýyla çenli «Nebitdag» ýatagynyň beren «gara altyny» ýurdumyzda çykarylan nebitiň ýarysyndan-da köpdür. 1941 — 1945-nji ýyllarda front üçin Watan ammaryna 2 million 938 müň tonna ýangyç ugradyldy. Ýurdumyzda diňe 1945-nji ýylda çykarylan nebit bolsa 629 müň tonna barabar boldy. Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllarda Türkmenistanyň nebit senagaty giň gerim alýar, geologiýa-gözleg, burawlaýyş işleriniň depgini güýçlendirilýär. 

                                                                   

Nebitli, nebitgazly we gazly ojaklardan «Nebitdag» 1930-njy ýylda, «Gumdag» 1948-nji ýylda, «Keýmir» 1956-njy ýylda, «Gamyşlyja» 1958-nji ýylda, «Goturdepe» 1959-njy ýylda, «Ekerem» 1961-nji ýylda, «Barsagelmez» 1964-nji ýylda, «Guýjuk» 1974-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Ýaşyldepe», «Altyguýy», «Nebitlije», «Şatut», «Kemer», «Mydar», «Ýylakly», «Demirgazyk Goturdepe», «Uzynada» ýaly onlarça nebitgazly känleriň açylmagy ýurdumyzyň nebit senagatynyň taryhynda möhüm wakalar boldy. Nebitiň we onuň bilen ugurdaş gazyň çykarylyşynyň artmagy «Goturdepede» we «Barsagelmezde» täze guýularyň ýüzlerçesiniň işe girizilendigi bilen düşündirilýär. Bu iki ýatak öz gorlary boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada hem iri nebitli ojaklar hasaplanylýar. 1975-nji ýylda ozalky soýuzyň merkezi gaz geçirijisine «Goturdepäniň» we «Barsagelmeziň» gazy sepleşdirilýär. Häzirki wagtda diňe «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli, ýurdumyzyň gury ýer çäginde ýerleşýän nebitli, nebitgazly we kondensatly ýataklaryň 30-dan gowragy özleşdirilýär. Türkmenistan boýunça jemi 170-e golaý känden nebit we gaz kondensaty alynýar. 

                                                                   

Bilermenler biziň ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 72 milliard tonnadan gowrak şertli ýangyç möçberinde diýip kesgitleýärler. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň, 18 milliard tonnadan gowragy bolsa deňizdäki ýataklaryň ýangyç serişdeleridir. Soňky ýyllarda geçirilen geologik barlaglaryň görkezişi ýaly, munuň özi ahyrky sanlar däldir. Ýangyç serişdeleri çykarylyp başlanandan bäri bir ýarym asyra golaý wagt geçen hem bolsa, alymlar entek Türkmenistanyň çäginde üsti açylmadyk baýlykly nokatlaryň az däldigini tassyklaýarlar. Döwletimiziň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. 

                                                                   

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň alym-hünärmenleriniň güýji bilen, Günbatar hem-de Merkezi Garagumda, gojaman Hazaryň goýnunda, ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk sebitlerinde nebitli we gazly känleriň ençemesiniň üsti açyldy. Häzirki wagtda geologlarymyz topragyň ýedi müň metr çuňlugyndaky gatlaklaryň nebit känlerine, gorlaryna ylmy esasda baha berip bilýärler. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary täze ýataklary özleşdirýärler. Diňe bir işlenip taýýarlanylýan ýataklary burawlamak bilen çäklenilmän, täze meýdançalarda geologiýa-gözleg işleri hem amala aşyrylýar. Netijede, nebitgaz ýataklarynyň we meýdançalarynyň sany artýar. Önümçilige dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ulanyşyň giçki tapgyryndaky känlerden çig nebitiň çykarylyşyny durnukly derejede saklamak, bu känleriň nebit berijilik mümkinçiligi bolan önümli gatlaklarynda täze guýulary gazyp, önümçilige girizmek, hereket etmeýän guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diňe geçen ýylda daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde ýurdumyzda nebitiň we kondensatyň 8 million tonnadan gowragy, tebigy we ugurdaş gazyň 83,7 milliard kub metri çykaryldy. Daşary ýurtlara «mawy ýangyjyň» 34 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.  

                                                                   

2010-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynyň Hazar ýalpaklygynda ýerleşýän bölegi özleşdirilip başlandy. «Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan 317-nji guýuda gazuw işleri tamamlanyp, nebit akymy alynýar. Häzirki wagtda bu meýdançada taslama çuňlugy 5 müň metre golaý bolan 331-nji we 250-nji belgili guýularda-da buraw işleri tamamlanyp, ulanyşa berildi. Bu işde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarynyňdyr hünärmenleriniň hem goşandynyň bardygyny, olaryň ylmy derňewleriniň ýerine düşendigini aýratyn bellemek gerek. «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda türkmen nebitçileriniň öz güýçleri bilen kese we ýapgyt sütünli, ýokary önümli çuň guýulary üstünlikli gazyp, ulanyşa girizendikleri, bu işiň dowam etdirilýändigi hem nygtalmaga mynasypdyr. Bu ýatak boýunça 2020-nji ýylda «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy şertnama esasynda täze guýularyň 6-syny burawlap, işe girizdi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň sentýabrynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çekilen Karara laýyklykda, bu korporasiýa günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň «Goturdepe» ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen resminama laýyklykda, nebitiň we gazyň täze gorlaryny çykarmak, ugratmak hem-de zerur bolan düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň türkmen bölegine degişli suw ýalpaklaryndaky önümli gatlaklary özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hazar deňzinde iki döwletiň aralyk zolagynda ýerleşýän «Dostluk» nebitgaz känini Azerbaýjanyň hünärmenleri bilen bilelikde özleşdirmek babatda edilýän tagallalara-da türkmen hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Häzirki wagtda «Uzynada» meýdançasynda täze guýulary burawlamak işleri dowam etdirilýär. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, täze nebitli gatlaklary we känleri gözläp tapmak, olary özleşdirmek boýunça günbatar Türkmenistanyň guryýer çäklerinde ýerleşýän, bu ugurda geljegi uly bolan «Demirgazyk Ekerem», «Günorta Beňňuwan», «Gündogar Körpeje», «Günorta Garadaşly», «Günorta Atajan», «Aýdogdy», «Batgalyýer», «Garmar», «Hasardag», «Günorta Eýşem», «Çukurçy» we «Nogaý» meýdançalarynda geologiýa-gözleg işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                                                           

Saparmyrat ARTYKOW,

                       

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.

14.07.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki döwürde Mejlisiň şu ýylyň 16-njy iýulynda geçiriljek altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on dokuzynjy maslahatyna taýýarlyk görülýär. Mejlisiň wekilleri Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde şu ýylyň 2 — 6-njy iýuly aralygynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde okuw maslahatlaryny geçirdiler. 

                                                                   

Mejlisiň wekilleri täze taryhy eýýamyň talaplaryndan ruhlanyp, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň esasy ugurlaryny, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny, içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalary boýunça ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze kabul edilen Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlaryna degişli kanunçylyk namalaryny seljermek we täze taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň agzalary ýurdumyzyň syýasatda, ykdysadyýetde we halkara gatnaşyklarda, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm wezipelerini, halkara hukuk tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýän hukuk binýadyny berkitmek boýunça Milli Geňeşiň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini belledi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini utgaşdyrmak boýunça özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň wezipe sanawlaryny tassyklamak we ylalaşmak boýunça işler Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyk gelýän degişli Tertipnama esasynda alnyp barylýar. Wise-premýer “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek hem-de edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, bu Tertipnamanyň taslamasynyň rejelenen görnüşde taýýarlanylandygyny aýdyp, resminamanyň düzgünleri hakynda maglumat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty iş bilen üpjün etmegiň ýokary derejesini saklamagyň döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugrudygyna ünsi çekdi. Bu ugurda wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin halk hojalygy toplumynyň ýokary depginde ösdürilmegi, maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi möhüm şert bolup durýar. Ykdysady özgertmeleri giňden amala aşyrmagyň çäklerinde adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini nazarlaýan zähmet bazary kemala gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli meseleleri jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyny özleşdirmek hem-de onuň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Häzirki wagtda bu ýerde ýerasty baýlyklary özleşdirmek hem-de buraw işlerini maddy-enjamlaýyn babatda üpjün etmek, guýularyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleri esasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak we onuň çägini giňeltmek maksady bilen, Uzynada meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdan nebit we tebigy gaz alyndy. Munuň özi nebitiň çykarylýan mukdarynyň artdyryljakdygyna hem-de bu käniň çäginiň has-da giňeldiljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn geljekde bu ýerde degişli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegiň zerurdygy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerinde suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär, şol sanda hatarara bejergi hem-de mineral dökünleri bermek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, ony kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, geljek ýylyň bol hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. 

                                                                   

Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm we ýerleri tekizlemek işleri utgaşykly geçirilýär. Aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda geçirilýän degişli çäreler barada hem hasabat berildi. 

                                                                   

Wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Daşoguz welaýatynda degişli çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitde suwaryş akabalary arassalanylýar, içerki suw serişdelerini tygşytlamak maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli geçirilýän çäreleriň, sürümli ýerleriň we tehnikanyň netijeli peýdalanylmagynyň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň binýadydygyny nygtady hem-de bugdaý oragyny üstünlikli tamamlamak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasyla hasyl goşulýan şu gyzgalaňly döwürde gowaça ideg işlerini güýçlendirmegiň, onda agrotehnikanyň talaplaryna berk eýermegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz gök-bakja ekinlerini, şol sanda ýeralmany hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ekin meýdanlarynyň giňeldilmeginiň, olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, meýdan işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine, bu çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunda oba hojalyk pudagyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň hem-de tutuşlygyna ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan himiýa senagatyny ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly himiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär. 

                                                                   

Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi. Wise-premýer zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen, zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi beýan etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen teklibi makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu iri kärhananyň ekologik taýdan arassa önümlerine dünýä bazarlarynda barha uly isleg bildirilýändigini belläp, onda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bu festiwal hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn halkara syýasatynyň çäklerinde geçirilip, onda medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Häzirki wagtda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Festiwalyň çäklerinde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guramak, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki belent abraýynyň diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen hem şertlendirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda toplanylan ägirt uly milli mirasymyz, häzirki döwürde ony aýawly saklamak hem-de ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler Watanymyzyň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň ähmiýetlidiginiň ýene bir subutnamasydyr. 

                                                                   

Halkara derejeli şeýle medeni forumyň geçirilmegi amaly-haşam sungatynyň gadymy çeşmelerini içgin öwrenmekde, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly bellenilen möhletlerde geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul eden Kararyna laýyklykda, bu çempionaty 2020-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri hem ýerine ýetirildi. Ýöne dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar sebäpli, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Sambo boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Bu teklip ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde öwrenildi we goldanyldy. 

                                                                   

Iri halkara ýaryşy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilmegi we çempionaty ýokary derejede guramak boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegi hem-de Halkara sambo federasiýasy bilen Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň arasynda Goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berilmegi teklip edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, onuň Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermekde, daşary ýurtlar bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nazara almak bilen, iri halkara ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de olary bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär. 

                                                                   

2007 — 2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady şu günki güne çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 246-sy bilen berkidildi. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň garamagyna 14-15-nji iýulda meýilleşdirilýän saparyň maksatnamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol gatnaşyklar iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryna hem-de medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar. Bu gün döwletara gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, yzygiderli we okgunly ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan we Özbegistan BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol saparyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam etjek resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu forum halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony şu ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda, utgaşykly çözmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylda innowasion taslamalaryň bäsleşigine badalga berildi. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ähli pudaklary sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi pudaklaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün eder. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ünsi çekip, “Sanly çözgüt — 2022” innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hökümetiň mejlisinde beýleki birnäçe möhüm meselelere hem seredilip, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14.07.2022
ŞANLY ÖSÜŞLERE SALDAMLY GOŞANT

Ýylyň islendik paslynda bazara çykarylýan gök önümleri görenimizde, tamdyrdan ýaňy çykan mele-myssyk çöregi bölenimizde, üsti pagtadan hyryn-dykyn doldurylan awtoulaglaryň tirkegleri deňimizden geçende, ilki bilen, daýhanlaryň çekýän zähmeti barada buýsanç bilen oýlanýarys. Sebäbi olaryň tutanýerli zähmetleriniň netijesinde bazarlarymyz naz-nygmatlardan, gök önümlerden, saçaklarymyz özümizde öndürilen bugdaý unundan bişirilen çörekden doly. Ýeňil senagat ýerli çig mal bilen üpjün edilýär. Bularyň aňyrsynda, ilki bilen, oba hojalyk işgärleriniň ýylboýy alyn derini döküp çeken tutanýerli zähmeti ýatyr. Olaryň bu bolçulygy döretmeklerine senagat kärhanalarynyň hünärmenleri uly ýardam berýärler. S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody hem şolaryň hatarynda.  

                                                                   

Bu ýerde öndürilen dökünleri ýurdumyzyň ähli ýerinde oba hojalyk işgärleri topragy gurplandyrmak, medeni ekinleri iýmitlendirmek üçin giňden peýdalanýarlar. 

                                                                   

― Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerinden bol we ýokary hilli hasyl almak wezipesini öňümizde goýdy. Şunda olary özümizde öndürilýän dökünler bilen üpjün etmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şu ýylyň geçen alty aýyndaky görkezijilere ser salanymyzda, kärhanamyzyň zähmetkeşler toparynyň öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýändiklerine göz ýetirmek bolýar ― diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Akmyrat Öwezow bizi kärhananyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyryp başlady. 

                                                                   

Zawodyň esasy önümleriniň biri ammonili superfosfatdyr. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini bu köpugurly dökünsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Düzüminde oba hojalyk ekinleriniň kadaly ösmekleri üçin zerur bolan 9―11 göterim fosfory, 8―10 göterim azody saklaýan, ekinlere we daşky gurşawa zyýanly täsiri bolmadyk bu dökün bilen ösümlikleri irki we giçki ösüş döwürlerinde iýmitlendirýärler. Ol daýhanlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şonuň üçin zawodyň hünärmenleri bu döküniň mukdaryny artdyrmak ugrunda aladalanýarlar. Olaryň zähmeti ýerine hem düşýär. Geçen alty aýyň dowamynda kärhanada ammonili superfosfatyň 135 müň tonnadan gowragy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Bu ýarym ýyl üçin göz öňünde tutulanyndan 37 müň tonna köpdür. Netijede alty aýyň meýilnamasy 135 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň daýhanlarynyň mineral dökün bilen ýeterlik möçberde üpjün edilendigini aňladýar. 

                                                                   

Geçen döwürde kärhanada «Kükürtli» himiki serişdesiniň hem 220 tonnasy buýrujylara iberildi. Oba hojalyk ekinlerini zyýan beriji mör-möjeklerden, käbir kesellerden ygtybarly goramakda onuň orny uludyr.  

                                                                   

Zawodda öndürilýän önümleriň hatarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýan kükürt kislotasy hem bar. Ol dökün öndürilýän kärhanalarda, energetika pudagynda, dokma senagatynda giňden ulanylýan zerur çig mallaryň biri bolup durýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu önümiň 58 müň tonnadan gowragy öndürilip, ulanyjylara ugradyldy. Şonda ösüş depgini 102 göterime barabar boldy. Zawodyň kükürt kislotasy önümçiliginiň başlygy Rüstem Açylowyň aýtmagyna görä, önümhana açylan wagty Gahryman Arkadagymyzyň sowgat eden 20 sany demirýol çelegi öndürilen kükürt kislotasyny buýrujylara wagtynda we gerek mukdarda ugratmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Zawodyň ýene bir önümhanasynda tehniki we lukmançylyk kislorody taýýarlanylýar. Şu wagta çenli onuň 120 müň kub metrden gowragy ulanyjylara ugradyldy.  

                                                                   

Kärhananyň Magdanlyda ýerleşýän şahamçasynda hlorly hek hem öndürilýär. Bu zyýansyzlandyryjy serişdäniň ýokanç keselleriň öňüni almakdaky orny uludyr. Onuň şu ýylyň başyndan bäri öndürilen mukdary 206 tonnadan geçdi. Bu kuwwatly zawodyň hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryny we beýleki ulgamlaryny gerekli himiki serişdeler bilen üpjün etmekde öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.  

                                                                                                           

Döwlet JUMADURDYÝEW.

14.07.2022
Ykdysady ösüşler bagtyýarlygyň binýady

Ata Watanymyz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Şunda netijeli özgertmeleriň, amala aşyrylýan milli we döwlet maksatnamalarynyň ägirt uly gerimi, olaryň meýilnamalaýyn üstünlikli berjaý edilmegi türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi. 

                                                                   

 Biziň ýurdumyz örän amatly geografik ýagdaýy eýelemek hem-de Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän gatnaw ýollarynyň hakykatda strategik çatrygynda ýerleşmek bilen ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy okgunly ösdürmek syýasaty dünýäniň häzirki örän çalt depginlerdäki özgeriş ýagdaýlarynyň çäginde ählumumy ösüşiň möhüm bölegine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bular babatda aýratyn durlup geçildi. Mejlisde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyna, bu Maksatnamalarda Garaşsyz ýurdumyzyň ýakyn ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bellenilendigine, mähriban halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalaryň göz öňünde tutulandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegi ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, olaryň esasynda bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň, bitirilýän işleriň toplumlaýyn we sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etdi. 

                                                                   

Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40 göterim köpeldi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. Hasabat döwrüniň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän import ugurly çig malyň we harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň, önümçilikleriň döredilmegi, olarda döwrüň iň kämil tehniki enjamlarynyň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirdi. Ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda önümçiligiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, çykarylýan önümleriň hiliniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, öndürilýän harytlaryň sanawynyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudaklarynyň düşewüntliligini has-da artdyrdy. Bar bolan pudaklaýyn desgalary öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň hem-de innowasiýalaryň hasabyna tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işler güýçli depginlerde yzygiderli alnyp barylýar. Şunda gurluşyk pudagyna möhüm ähmiýet berilmegi  aýratyn buýsandyryjydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini belläp, «akylly» şäher we «akylly» ýaşaýyş jaýy taslamalaryny, şeýle hem energiýa çeşmelerini dikeldýän tehnologiýalaryň hasabyna ýaşaýyş jaýy taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, ýer serişdeleriniň we ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň baş meýilnamalaryny taýýarlamak, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde bolsa durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurmak meseleleriniň üns merkezinde saklanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýük daşalýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Golaýda paýtagtymyzda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Mälim bolşy ýaly, sammitde dünýäniň ulag-logistika hyzmatlary bazaryny ösdürmegiň, Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şunda ýurdumyzyň ulag syýasaty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan ykdysady taýdan bähbitli yklym geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, häzirki zamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlarynyň çatrygynda möhüm halka bolmagyna gönükdirilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun berilýär. Munuň özi ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öňe ilerletmäge mümkinçilik berýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly ulag düzüminiň emele getirilmegi sebitde we Ýewraziýa giňişliginde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine, ösmegine mümkinçilikleri has-da artdyrýar. 

                                                                   

Belent maksatlar nazarlanyp amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösmeginiň aýdyň nyşany bolup, onuň çäklerinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ykdysady kuwwatyň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ägirt uly gurluşyklar güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ulgamdaky ýagdaý köp babatda işçi güýçleriniň artmagyny, olaryň mukdaryny we hilini, öndüriji güýçleriň ylmy-tehniki ösüş derejesini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini kesgitleýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan beýik işler eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan, döwletimiziň beýik geljeginiň we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döredýän we gurýan mähriban halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişlikleri döredýär. Bitirilýän beýik işler mazmuny we ähmiýeti jähetden bitewülikde halkymyzy ruhy täzelenişe, kämillige we bagtyýarlyga, abadançylyga tarap barýan röwşen ýola gönükdirýär. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

14.07.2022
Döwrebap kärhananyň üstünlikleri

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine welaýatymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 2010-njy ýylda ulanylmaga berlen Daşoguz pagta egriji fabriginiň häzirki wagtda alyp barýan işleriniň netijesinde-de aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda ýetişdirilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek barada yzygiderli alada edýär, bu ugurda degişli tabşyryklary berýär. Her bir ykdysady düzümiň kämilleşmegi, ösmegi üçin çig mal esasy serişde bolup durýar. Şeýlelikde, fabrik üçin esasy çig mal ýurdumyzda öndürilýän pagtadyr. Fabrikde pagta süýüminden edilýän ýüplük Türkmenistanyň dokma senagatynda giňden peýdalanylýar hem-de dünýä bazaryna eksport edilýär. Şonuň netijesinde bolsa ýurduň ykdysadyýetine uly girdeji getirýär.

 Bu ýerde öndürilýän ýüplükler ýokary hilliligi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Pagta egriji fabrikde döwrebap, ýokary öndürijilikli enjamlar ornaşdyrylandyr. Şeýle enjamlaryň göwnejaý işledilmegi netijesinde, fabrigiň zähmet topary önüm öndürmek baradaky aýlyk, çärýeklik, ýyllyk meýilnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen 6 aýynyň netijeleri hem görkezýär. Şonda bellenilen meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirilipdir.  

                                                                   

Işleriň ýokary depginde, göwnejaý alnyp barylmagynda bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň aýratyn goşantlary bar. Olardan Kunduz Sabirowa, Şemşat Çaryýewa, Nurulla Abdykerimow, Gülnabat Sopyýewa, Maýagözel Annageldiýewa dagyny agzamak bolar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň aglaba bölegini aýal-gyzlar düzýär.  

                                                                   

Pagta egriji fabrigiň hünärmeni, TKA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Mähri Durdyýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol häzirki wagtda bu ýerde dürli ölçegli ýüplükleriň öndürilýändigini, olara diňe öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde hem uly isleg bildirilýändigini buýsanç bilen belledi: 

                                                                   

— Fabrigimizde öndürilýän ýüplükler Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan, Hindistan, Azerbaýjan, Pakistan ýaly döwletlere eksport edilýär. Häzirki wagtda pagta egriji fabrigimizde işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olar iş egin-eşikleri we gorag serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bu ýerde işçileriň göwnejaý dynç almagy we naharlanmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Fabrikde 150 orunlyk naharhana bolup, onda işgärlere fabrigiň hasabyna wagtly-wagtynda çaý-nahar berilýär.  

                                                                   

Fabrikde öndürilýän önümler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklerde, sergilerde ýokary bahalara mynasyp bolýar. Fabrigimiziň işçi-hünärmenleri özleriniň şeýle ýokary iş depginlerini dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler. Munuň özi olara ýene-de täze üstünlikleriň hemra boljakdygyna ynamy döredýär. 

                                                                                                           

Raziýa GAÝYPJANOWA,

                       

«Daşoguz habarlary»

14.07.2022
Keremli topragyň nygmaty

Şu günler ak bazarlarymyzdaky berekedi görseň, gözüň dokunýar. Tekjelerde rejelenip goýlan gök-bakja ekinleriniň, dürli miweleriň deňinden biparh geçip bolmaýar. Aýratyn-da, behişdi nygmat bolan türkmen gawunynyň hoşboý ysy çar ýana bark urýar. Onsoň, biýarasynda bala öwrülýän uçmahy gawunlaryň diňe keremli türkmen topragynda bitýändigi baradaky hakykat kalbyňda uly buýsanç duýgusyny döredýär. 

                                                                   

Gadymy Merwdäki Gäwürgaladan gawun tohumynyň tapylmagy eziz Diýarymyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, behişdi gawunlaryň hem watanydygyny subut edýär. Onuň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri, taryhçylary: «Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym», «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýen ýaly gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Orta asyrlara degişli ýazuw ýadygärliklerinde-de Merwiň gawunlarynyň diýseň süýji bolandygy barada aýdylýar. Süýjäp, ýetjek derejesine ýetende sähelçe sese ýarylýan türkmen gawunynyň tarypy dünýä dolup, taryhyň gatlaryna siňipdir. Ol arap halyflarynyň, Rim, Hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň saçaklaryny bezäpdir. «Waharman», «göktorly», «gülaby», «sarygyz», «garrygyz», «emiri», «gürbek», «akmaral», «zamça», «hojapeş», «kyrkgünlük», «mazy»... daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdirýän gawunlarynyň görnüşlerini sanasaň, sogaby bar. Alymlar olaryň 400 töweregi görnüşiniň bardygyny aýdýarlar. Şeýle-de paçagynda guradylan çigitden süýji gawuny alyp bolýandygy tejribede ýüze çykaryldy. Gadymda pederlerimiz eti ýumşak bolar ýaly, gawunyň tohumlyk çigidini süýde ezip goýup, soňra ekipdirler.  

                                                                   

Dürli witaminlere baý türkmen gawuny saglyk üçin-de peýdalydyr. Ene-mamalarymyz onuň sowuklamany açýandygyny aýdardylar. Gyşa durýan gawunlary ýekenden sebet örüp, küme jaýlarda asyp goýardylar.  

                                                                   

Lukmanlar gawunyň peşew halta, öt halta, bagra, aşgazana we içegä oňat täsir edýändigini, nerw rahatlygyny döredýändigini, waharman gawunynyň ternesiniň öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydygyny aýdýarlar. Şeýle-de gawun kakynyň düzüminde ýagyň, kletçatkanyň, foliý kislotasynyň, karotiniň we beýleki witaminleriň saklanýandygy sebäpli, ýürek, bagyr, böwrek kesellerini bejermekde, ganazlykda peýdaly hasaplanylýar. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri gawun kakyny gaýtadan işläp, bal tagamly süýjüleri taýýarlaýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň taýýarlaýan şokolad örtgüli gawun kaklary daşarky bazarlara-da ugradylýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň öňünde halkymyzy türkmen topragynyň önümleri bilen üpjün etmek baradaky wezipäni goýmak bilen, ekin ekýän daýhanlara we telekeçilere ähli ýeňillikleri döredip berýär. Şonuň netijesinde hem ak bazarlarymyz ýokary hilli, datly önümler bilen barha baýlaşýar. 

                                                                                                           

Maýagözel JEPBAROWA,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

14.07.2022