Hormatly Prezidentimiziň giň goldawy esasynda uly ösüşleri gazanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi indi 15 ýyl bäri ýurdumyzyň işewürlerini birleşdirýän düzüm hökmünde halkymyza hyzmat edip gelýär. Birleşmäniň agzalarynyň yhlasly zähmeti telekeçiligiň taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny hem-de halkymyzyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjün edýän ulgama öwrülmegini şertlendirdi.
Azyk bolçulygy — möhüm wezipe
Ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hususyýetçilere möhüm orun degişlidir. Hut şu maksat bilen, hususyýetçi daýhanlara uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki zerur serişdeleri edinmek üçin ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň hasabyna hususyýetçi daýhanlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýar, täze ýyladyşhana hojalyklaryny döredýär. Telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal we guş eti, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we şöhlat, çörekdir konditer önümleri, agyz suwy, alkogolsyz içgiler, miwe şireleri, ösümlik ýagy, gök-bakja önümleri, bugdaý, pagta, azyklyk däneleri, miweler, gaplanan önümler, arybaly, nahar duzy bilen doly üpjün edýär.
Ýokary tehnologiýaly önümçilikler
Hemişe gözlegde bolmak ýörelgesine eýerýän hususyýetçiler dünýä tejribesini giňden özleşdirip, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri esaslandyrýar. Bu bolsa senagat ugurly harytlaryň täze bazarynyň döremegine itergi berýär. Senagatçylarymyz tarapyndan öndürilýän milli haryt nyşanly önümleriň mukdarynyň we görnüşleriniň yzygiderli artmagy halkymyzy importyň ornuny tutýan harytlar bilen doly üpjün etmäge hem-de önümçiligi has-da giňeldip, daşary ýurtlara eksporty artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Halkymyzyň gündelik durmuşda ulanýan dokma, deri önümleriniň, şahsy arassaçylyk serişdeleriniň ençeme görnüşi ýeňil senagatda iş alyp barýan telekeçilerimiz tarapyndan üpjün edilýär.
Hususy gurluşyk senagaty kärhanalarynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Şolaryň hatarynda turbalaryň onlarçasy, kabeller, asma petikler, penjirelerdir gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda hem-de gurluşykda giňden ulanylýan polietilenden, polipropilenden we poliwinilhloridden öndürilýän önümler bar.
Gurluşyk we gurluşyk senagaty
Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi türkmen telekeçileriniň üstünlikli özleşdirýän ugurlarynyň biridir. TSTB-niň agzalary ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş tapgyrlaryny, kottej toplumlaryny, kärhanalary, söwda we dynç alyş merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny, lukmançylyk düzümlerini, sport desgalaryny, ýollary, seýilgäh zolaklaryny gurýar. Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dürli desgalary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly, iri senagat kärhanalary türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän iri gurluşyk taslamalarynyň esasylarydyr. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diňe geçen ýylyň dowamynda gurup, ulanmaga beren desgalary hem olaryň gazanan ýokary tejribesinden habar berýär. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumy, Türkmenbaşy şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynda 450 orunlyk köpugurly hassahana hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumy, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleri, paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähi, Aşgabadyň günbatar künjegindäki 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, hojalyk, medeni-durmuş maksatly desgalar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan guruldy.
Söwda we hyzmatlar
Türkmen telekeçileriniň hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigini we ilata durmuş, mahabat we neşirýat ugry boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini aýratyn bellemeli. Sanly ulgamyň artýan mümkinçilikleri bolsa onlaýn söwda ugrunda işleýän hususyýetçileriň örüsiniň giňemegini şertlendirýär. Şeýle hem senetçilik, amaly-haşam, döredijilik bilen meşgullanýan işewür düzümler milli medeni mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine goşant goşýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ugurda ýurdumyzda guralýan bäsleşiklere, halkara maslahatlaradyr sergilere işjeň gatnaşýar.
Döwlet goldawynyň ähmiýeti
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bölmegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde hem-de telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda hususy önüm öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginleriniň saklanylmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň iýun aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň telekeçileriniň iri döwlet goldawyny alandygyny bellemek buýsançlydyr. Olara ABŞ-nyň 150 million dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligi goldamak ugrundaky tagallalarynyň nobatdaky tassyknamasydyr.
Oňyn görkezijiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 153,1 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 110,3 göterime barabar boldy. Şu görkezijiler kiçi we orta işewürlik ulgamynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 10 ýyl mundan ozal ýurdumyzdaky hususyýetçileriň sany 4 müňe barabar bolan bolsa, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň 27 müňden geçýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde ýurdumyzda iş bilen üpjün edilen ilatyň ýarysyndan gowragy hususy pudakda zähmet çekýär.
Ýaşlar — geljegi gurujylar
Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň işewürlige gönükdirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigi dünýä tejribesi arkaly subut edilen hakykatdyr. Ýaşlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýär. 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «Ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalara döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren başlangyçlary hem ýaş nesliň gujur-gaýratyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmäge ýardam eder. Geçen ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy bolsa ykdysadyýetiň hususy pudagynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ösdürmekde kämil hünärmenleriň üpjün edilmegine oňyn täsir eder.
* * *
Taryhy tejribäniň tassyklaýşy ýaly, ýokary hilli önümleri we ösen işewürlik derejesi bilen adygan döwletleriň ykdysady üstünlikleri, milli öndürijileri goldamak syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda-da milli önüm öndürijiler üçin ähli zerur şertler döredilip, içerki bazaryň isleglerini ýerli önümler bilen doly kanagatlandyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mynasyp paýynyň boljakdygyna ynanýarys. Türkmen telekeçilerine giň şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Agöýli ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň baş direktory.