Habarlar
Resmi habarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, ýaşaýşyň hilini has-da gowulandyrmak üçin, ilatymyzyň durmuş şertlerini, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Welaýatlaryň häkimliklerine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli maksatnamanyň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde gazanylan uly üstünliklerden we durmuşa geçirilen beýik özgertmelerden hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategik maksatlardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini dowam etdirmek, ýurdumyzyň, onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

13.07.2022
Iri kärhananyň ümzügi ileri

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan iri önümçilikleriň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyzyň metallurgiýa senagatynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň zähmet gadamlary barha batlanýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berlen kärhana indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli işläp, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde üstünlik gazanýar. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 160 müň tonna metal önümlerini öndürmekden ybarat bolan kärhanada, esasan, metal böleklerini eretmek arkaly alynýan sozulan metallardan dürli ölçegdäki gurluşyk armaturalary we beýleki metal önümleri taýýarlanýar. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň bu babatdaky mümkinçilikleri uludyr.  

                                                                   

Kärhanada zähmet çekýänleriň esasy bölegi ýaşlardyr. Ýaş hünärmenler bu ýerdäki kämil tehnologiýalary ussatlyk bilen dolandyrmak arkaly ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmekde ýeterlik tejribe toplapdyrlar. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti önümçilik işiniň netijeliligine we hiline oňyn täsirini ýetirýär. Kärhananyň bäsdeşlige ukyply önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda kärhanada önümçilik işinde gazanylan görkezijiler hem muňa şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu ýerde 163 million 897 müň 591 manatlyk dürli ölçegdäki demir önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 178,3 göterime barabar boldy.  

                                                                   

Önümçilik işinde sarp edijileriň isleginiň nazara alynýandygy aýratyn bellärliklidir. Geçen döwürde kärhanada sarp edijileriň buýurmasy boýunça dürli ölçegdäki we görnüşdäki önümler öndürildi. Ýokary hilli bu önümler şertnamalar esasynda ýurdumyzyň çäklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklara bökdençsiz ugradyldy.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan iri önümçilikleriň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyzyň metallurgiýa senagatynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň zähmet gadamlary barha batlanýar.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berlen kärhana indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli işläp, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde üstünlik gazanýar. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 160 müň tonna metal önümlerini öndürmekden ybarat bolan kärhanada, esasan, metal böleklerini eretmek arkaly alynýan sozulan metallardan dürli ölçegdäki gurluşyk armaturalary we beýleki metal önümleri taýýarlanýar. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynyň, kämil tehnologiýalaryň bu babatdaky mümkinçilikleri uludyr.  

                                                                   

Kärhanada zähmet çekýänleriň esasy bölegi ýaşlardyr. Ýaş hünärmenler bu ýerdäki kämil tehnologiýalary ussatlyk bilen dolandyrmak arkaly ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmekde ýeterlik tejribe toplapdyrlar. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti önümçilik işiniň netijeliligine we hiline oňyn täsirini ýetirýär. Kärhananyň bäsdeşlige ukyply önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda kärhanada önümçilik işinde gazanylan görkezijiler hem muňa şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu ýerde 163 million 897 müň 591 manatlyk dürli ölçegdäki demir önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 178,3 göterime barabar boldy.  

                                                                   

Önümçilik işinde sarp edijileriň isleginiň nazara alynýandygy aýratyn bellärliklidir. Geçen döwürde kärhanada sarp edijileriň buýurmasy boýunça dürli ölçegdäki we görnüşdäki önümler öndürildi. Ýokary hilli bu önümler şertnamalar esasynda ýurdumyzyň çäklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklara bökdençsiz ugradyldy.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

13.07.2022
Türkmenistan — BMG: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilendigi baradaky hoş habara ünsi çekip, munuň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat işiniň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz BMG hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini, ýurdumyzyň geljekde-de sebit we ählumumy derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýelejekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji iýunda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygyny aýtmak gerek. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 29-njy iýunda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammiti Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Parlamentleriň ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi bu babatda netijeli çäre boldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça hem yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistana bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesi berildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyz 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltjekdigini nygtap, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Konsepsiýa DIM-niň öňünde goýlan möhüm wezipeler hem-de häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ol ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Täze Konsepsiýa sebit we ählumumy derejede syýasy, geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekde-de BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ygrarly bolar. Mundan başga-da, bu Konsepsiýa biziň ýurdumyza dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky iri taslamalarynyň ähmiýeti, bu ugurlardaky öňde durýan wezipeler beýan edilýär. 

                                                                   

Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Konsepsiýada degişli çäreler we teklipler, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk boýunça wezipeler kesgitlenendir. 

                                                                   

Konsepsiýada Türkmenistanyň ekologik meseleler boýunça başlangyçlary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça-da anyk wezipeler kesgitlenendir. Şeýle hem lukmançylyk diplomatiýasyny, biologik howpsuzlygyň ählumumy ulgamynyň möhüm meselelerine degişli çäreleri işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer ulgamda halkymyzyň ruhy we taryhy mirasyny dünýäde wagyz etmek babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy, ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini tassyklap, Türkmenistanyň ekologiýa ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu Konsepsiýanyň wajypdygy barada aýdyp, onda geljek ýedi ýylda Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň täze wezipeleriniň we çemeleşmeleriniň beýan edilendigini belledi. 

                                                                                                           

(TDH)

13.07.2022
Azyk bolçulygy — abadan ýaşaýşyň kepili

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan ösüşler, düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň azyk harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak meselesini iň bir ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi.  

                                                                   

 Şu ýylyň 4-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde türkmen telekeçilerine uly ornuň degişlidigini belläp, azyk önümlerini öndürýän hususy taraplara, ylaýta-da, towuk ýumurtgasyny we etini öndürýän önüm öndürijilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm resminamasy azyk önümçiligini alyp barýan telekeçileri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat HERREMOW bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, azyk bolçulygy diýlende, ilkinji nobatda, ene topragyň berekedi göz öňüňe gelýär. Türkmen telekeçileri hem sahawatly toprakda oba hojalyk ekinleriniň ählisini diýen ýaly ösdürip ýetişdirýärler. Işewürlerimiziň topraga yhlasynyň syry nämededir? 

 — Türkmen has irki döwürlerden bäri ekin ekmek, mal bakmak bilen meşgullanyp, bu ugurdan müňlerçe ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan zähmetsöýer halkdyr. Dana pederlerimiz tebigatyň ýazylmadyk kanunlaryny ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen ussatlarça utgaşdyryp, ekin ekmegiň, mal bakmagyň inçe syrlaryny, netijeli çemeleşmelerini asyrlarboýy öwrenipdirler. Ony arkama-arka kämilleşdirip, häzirki bagtyýar nesillerimize miras galdyrmagy başarypdyrlar. Aslynda, ekin ekmek, mal idetmek, hala oba, hala-da şäher ýaşaýjysy bolsun, her bir türkmeniň kalbyna mäkäm ornandyr.  

                                                                   

Şu günki oba hojalykçy telekeçilerimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlardan, döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, öz işlerini ata-babalarymyzyň ekerançylykda we maldarçylykda asyrlaryň dowamynda kemala getiren baý tejribesini häzirki zaman ylmynyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary bilen utgaşykly alyp barýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň jemi bahasy 176 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 3050-ä golaý oba hojalyk tehnikalary we enjamlary telekeçi daýhanlara halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl, mallardan köp önüm almaga şert döredýär. Ine, işewürlerimiziň ene topraga bolan yhlasynyň syry şu ajaýyp şertlerden hem mümkinçiliklerden ybarat diýsek, hakykatdan daş düşmeris. 

                                                                   

 — Telekeçiler, esasan, haýsy ekinleri has ürç edip ekýärler? 

                                                                   

— Ýurdumyzyň tebigy şertleri ekin ekmek üçinem, mal bakmak üçinem örän amatlydyr. Biziň güneşe baý, mes topragymyzda bitmeýän ekin, megerem, ýokdur. «Türkmen topragyna kesewiňi dürtseňem gögerýär» diýlip, ýöne ýere aýdylýan däldir. Ekerançy telekeçilerimiziň gök-bakja, azyklyk däneli, ot-iýmlik ekinleri, miweli baglary ekmek bilen bir hatarda, öň howa-toprak şertlerimizde ekilmeýän ekinleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan netijeleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

 Öňler günebakar, mekgejöwen ýaly ekinler, esasan, suwly ýaplaryň boýlaryna ekilerdi. Indi bu ekinler aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän meýdanlary tutýar. Soňky 3-4 ýyl bäri telekeçiler ýag alynýan rapsy (kanola) synag esasynda ösdürip ýetişdirip, gowy netije aldylar. Şu ýyl «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti, «Guş toplumy», «Sekiz bag», «Rowaçly sähra», «Berzeňňi melhemi» hususy kärhanalary, telekeçiler Hojamyrat Hojanyýazow, Anna Orazmämmedow bilelikde, umumy meýdany 820 gektara kanola ekip, her gektaryndan ortaça 30 sentner hasyl aldylar. Bu ekiniň tohumy gaýtadan işlenende, 35 — 40 göterim ýag, 65 — 60 göterim künjara çykýar. Kanola ýagy soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda iýmitlik ýag hökmünde giňden ulanylýar. Onuň ýagy we künjarasy belli bir derejede iýme garylyp, towuklara hem berilýär. Şeýlelikde, guşçulyk üçin ýurdumyza import edilýän soýa hem-de günebakar ýagynyň we künjarasynyň belli bir möçberlerini geljekde kanola ýagy we künjarasy bilen çalşyp bolar.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, halkymyzda «Işleseň — il tanar» diýlen aýtgy bar. Tüweleme, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçileri asylly işleri bilen adygyp, halkymyzyň arasynda giňden tanalýarlar. 

                                                                   

— Dogry aýdýarsyňyz. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalykçy hususyýetçiler barada edýän taýsyz tagallalary, önüm öndürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alýan, halal gazanç edip, uly abraýa, sylag-hormata mynasyp bolýan tanymal telekeçilerimiz sanardan juda köpdür. Ekerançylyk boýunça halypalyga ýetişen Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew, Begmuhammet Çaryýew, Nurýagdy Ýagmyrow, Aýdogdy Hudaýberdiýew, Jumamyrat Döwranow, Rüstem Beşimow ýaly telekeçilerimiz, hakykatdan hem il içinde giňden tanalýar. Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew her gektar mekgejöwenden 60 — 70 sentner, bugdaýdyr gowaçadan ortaça 40 — 45 sentner hasyl almagy başarýarlar. Olar ekin ekmekde toplan baý tejribesini, ekerançylygyň inçe syrlaryny, ýerden bol hasyl almagyň täsirli usullaryny ýaş telekeçilere öwredip, pederlerimiziň halypa-şägirtlik ýoluny hem ýöredýärler.  

 Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gelende, Orazgeldi Anzarow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, gazanýan netijeleri bilen içgin gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyzyň hem 30-njy maýda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanda, daýhan telekeçi Täjibaý Ataýew bilen söhbetdeş bolup, alyp barýan asylly işlerine ýokary baha bermegini uly buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.  

                                                                   

 — Türkmen telekeçileriniň öndürýän oba hojalyk we azyk önümleriniň haýsy görnüşleri eksporta has köp möçberde iberilýär? 

                                                                   

— Ýurdumyzda telekeçileriň öndürýän önümlerini daşary ýurtlara ibermek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada bellenen çärelere laýyklykda, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän taraplara ýer bölekleri, karz serişdeleri bölünip berildi, önümleri eksporta ibermegiň tertibi ýönekeýleşdirildi.  

                                                                   

Döwletimiz tarapyndan eksportçylara döredilýän amatly şertler Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda uly meşhurlyga eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Eksporta iberilýän köp sanly önümleriň hatarynda azyk önümleri aýratyn orna eýedir. Türkmeniň bereketli topragynda, güneşli howasynda, ynsan saglygyna zyýanly hiç hili himiki serişdeleri ulanmazdan ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy datly, ekologik taýdan arassa, gymmatly iýmit maddalaryna, witaminlere örän baý gök-bakja, miwe önümlerimize daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan isleg barha artýar.  

 Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir sanlary belläp geçeliň. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, azyk önümlerini eksporta ibermekden gelýän gyzyl puluň möçberi 2021-nji ýylda 80,2 göterim artdy. Azyk önümlerini ýerlemekden gazanylan gyzyl puluň möçberiniň 79,0 göterimi gök-bakja önümlerine degişlidir. Eksporta iberilýän gök-bakja önümleriniň agramly bölegi pomidor bolup durýar. Bulardan başga-da «Hasar», «Burkut», «Täze Aý», «Doganlar ýyldyzy», «Duýgy» haryt nyşanly süýji-köke önümleri, «Nur» haryt nyşanly gaplanan gök önümler, «Eçil» haryt nyşanly miwe şireleri, «Ýeserje» haryt nyşanly miwelerden taýýarlanýan çaga iýmiti, «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma önümleri dünýäniň birnäçe döwletlerine yzygiderli eksport edilýär. «Hasar» we «Täze Aý» haryt nyşanly süýji-köke önümleri Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Yrak, Täjigistan, Hytaý, Ukraina ýaly döwletleriň ençemesine iberilýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» eksporta iberilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak, görnüşlerini köpeltmek, geografiýasyny giňeltmek barada wezipe kesgitlenendir. 

                                                                   

 — Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligi milli baýlyklarymyz bolan ýer-suw serişdeleri bilen berk baglanyşykly. Olary netijeli we aýawly ulanmak boýunça birleşmede alnyp barylýan işler barada-da gürrüň beräýseňiz? 

                                                                   

— Ýer-suw serişdeleri bahasyz baýlykdyr, olary gözüň göreji deý gorap saklamak, aýawly ulanmak mukaddes borçdur. Biziň tebigy şertlerimizde, esasan, suwarymly ekerançylyk alnyp barylýar, şonuň üçin hem her damjasy altyn dänesine deňelýän suw serişdelerimizden tygşytly peýdalanmak, ýerlerimizi aýawly ulanmak möhümdir.  

  Hususyýetçiler oba hojalyk önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyz bolan ýeri, suwy aýawly we netijeli ulanmak, ekinleriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmek ugrunda yhlasly işleýärler. Miweli baglar we üzüm agaçlary ekilen meýdanlara damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrýarlar. Bu usul suwy tygşytly ulanmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrmaga we ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Geljekde gowaça, günebakar, ýeralma, pomidor, hyýar, bulgar burçy, badamjan ýaly ekinleri damjalaýyn usulda suwarmak arkaly ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işleri geçirilýär. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýeti suw tygşytlaýjy tehnologiýany ornaşdyryp, 10 gektara ekilen «dido», «marabel» görnüşli ýeralmanyň her gektaryndan ortaça 40 tonna, 8 gektara ekilen «presto», «speedo» görnüşli käşiriň her gektaryndan 40 tonna golaý, 26 gektara ekilen «bereket», «şampion» görnüşli düýp soganyň her gektaryndan 60 tonna töweregi hasyla garaşýar.  

                                                                   

 — Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny döretmegi, halkymyzyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselesini mydama üns merkezinde saklaýar. Şol sanda guşçulygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu pudagyň ot-iým binýadyny döretmek maksady bilen goşmaça ýer bölekleriniň bölünip berilmegi telekeçilere uly kömek bolandyr?! 

                                                                   

— Elbetde. Azyk üpjünçiliginde guşçulyk pudagyna uly orun degişlidir, sebäbi towuk ýumurtgasy we eti gündelik, köp ulanylýan azyk önümleriniň hataryna girýär. Lukmanlar tarapyndan işlenip düzülen iýmitlenmek kadasyna laýyklykda, her adama günde 25 gram ýumurtga, 30 gram guş etini iýmek maslahat berilýär.  

                                                                   

Guşçulyk girdejili pudakdyr, sebäbi oba hojalyk guşlary tiz ýetişýär, gysga wagtda önüm berýär. Et üçin niýetlenen broýler jüýjeleri bary-ýogy 40 — 45 gün idedilip, hersinden 1,5 kilogram töweregi et alynýar, ýumurtga ugurly towuklar bolsa 150 günlükden ýumurtga berip başlaýar. Häzirki wagtda birleşmäniň 70-e golaý agzasy towuk etini, 50-ä golaýy ýumurtga öndürýär. Towuk etini öndürmek boýunça ýyllyk kuwwatlyklary «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynda 11 müň tonna, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda 3,2 müň tonna, «Guş toplumy» hususy kärhanasynda 3,0 müň tonna, «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna, «Ýeriň gymmaty» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna deňdir. Ýumurtga boýunça alanyňda-da, ýokary görkezijileri berýän iri önümçilik kärhanalarynyň sanynyň barha artýandygy buýsandyrýar.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, telekeçiler tarapyndan geljekde kanola ýagynyň öndürilişini ýola goýmak barada agzap geçdiňiz. Häzirki wagtda günebakar, künji, zeýtun, pagta ýaglaryny öndürýän telekeçileriň işleri barada hem gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda ýylda 7 200 tonna «Günaý» haryt nyşanly günebakar ýagyny öndürýär. Şu ýyl bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde 1 müň gektara golaý ýerde günebakar we soýa ekildi. «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýylda 6 260 tonna pagta we beýleki ösümlik ýaglaryny arassalap, gaplaýan önümçiligi ýola goýdy.  

                                                                   

«Berkarar zaman» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden ösümlik ýagyny öndürýän kärhanany gurmak, günebakar we beýleki ýaglar alynýan ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin 15 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu uly möçberli taslama boýunça işler depginli alnyp barylýar. «Agzybir ojak» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýylda 21000 tonna ösümlik ýagyny arassalaýan kärhananyň gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýar. Kiçi önümçilik kärhanalarynda telekeçiler Amanguly Täçgulyýew ýylda 720 tonna, Göwher Jumaýewa 1260 tonna «Nurber» haryt nyşanly künji ýagyny öndürýärler. 

                                                                   

 — Seçgiçilik, tohumçylyk ugrundan telekeçilikde edilen iş barmy? 

                                                                   

— Juda ýerlikli berlen sowal. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ösümligem, malam, guşam janly bedendir. Janly bedene bolsa howadan dem almak, iýmitlenmek, köpelmek alamatlaryny nesle geçirmek ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ine, şonuň üçinem, isle, ekin bolsun, isle-de mal, tapawudy ýok, köp önüm aljak bolsaň, seçgiçilik, tohumçylyk we ideg işlerini talabalaýyk alyp barmaly. Sebäbi ösümlikleriň ýa-da mallaryň gelip çykyşy hernäçe gowy bolaýsyn, amatly ýaşaýyş şertlerini döretmezden, ýokary netije almak mümkin däl. Mahlasy, ekinlerden we mallardan ýokary hilli köp önüm almak diňe seçgiçilik, tohumçylyk işleri idetmegiň amatly şertlerini döretmek bilen utgaşykly alnyp barlanda mümkin bolýandyr. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri bu hakykata göz ýetirip, ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işlerini geçirýärler. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Jumamyrat Döwranow ýeralmanyň, käşiriň, düýp soganyň, telekeçiler Orazgeldi Anzarow, Muhammet Ýemşikow kanolanyň biziň ýurdumyzyň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrylan, gurakçylyga çydamly, suwy az talap edýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini, maldarçylykda «Ajaýyp ussat halal önümleri», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleri, «Ak hünji» hususy kärhanasy gara mallaryň ýerli şertlerimizde köp önüm berýän, hojalyk-biologiýa taýdan gymmatly alamatlaryny ýokary derejede nesillere geçirýän tohumlaryny döretmek boýunça synag-tejribe işlerini alyp barýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýunynda «Türkmenistanda guşçulyk pudagyny ösdürmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri iým bilen üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda 20 müň gektar meýdanda iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektarda soýa we 40 müň gektarda iýmlik bugdaý ekmek bellenildi. Şu günler mekgejöwen ekişi gyzgalaňly dowam edýär, iýmlik bugdaý ekişine hem taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Önüm öndürijilerimizi ýerli jüýjeler bilen üpjün etmek ýola goýuldy. Bu meseläniň oňyn çözülmeginiň birnäçe bähbitli taraplary bar. Birinjiden, gyzyl puluň ýurduň daşyna gitmeginiň öňi alynýar, ikinjiden, ýerli jüýjeler önüm öndürijilere arzan düşýär, üçünjiden, jüýjeleriň tebigy ýitgisi azalýar, sebäbi daşyndan getirilende, olaryň 20 göterime golaýy ýolda we täze şertlere uýgunlaşýan döwri ölýär. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.   

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

13.07.2022
Ýewraziýada täze ulag halkasy döredilýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa we Eýrana resmi saparlary boldy. Bu döwletler bilen ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi, Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan başlangyjyň öňe sürülmegi halkara hyzmatdaşlyga, yklymüsti üstaşyr ulag ýollarynyň netijeli peýdalanylmagyna ýardam eder. 29-njy iýunda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen VI sammitinde hem Hazar ulag ulgamynyň kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň zerurdygy biragyzdan tassyklanyldy. 

                                                                   

Ösen üstaşyr ulag düzümlerini döretmek Türkmenistanda hemişe ileri tutulýan strategik wezipe hasaplanýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýunynda Russiýa we Eýrana amala aşyran resmi saparlarynyň barşynda hem şaýat bolduk. Gepleşiklerde ulag ulgamy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu döwletler bilen ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi, Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan başlangyjyň öňe sürülmegi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, yklymüsti üstaşyr ulag ýollaryny netijeli peýdalanmaga täze mümkinçilikleri açar. Ýeri gelende aýtsak, soňky 10 ýylda Russiýanyň «Wozroždeniýe» kompaniýasy Türkmenistanda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurdy. 

                                                                   

Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleriniň barşynda bolsa iki ýurduň Prezidentleri hindi deňiz terminallaryna barýan Ýewraziýa geçelgelerini döretmek boýunça ylalaşdylar. Arkadagly Serdarymyzyň Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda göni gepleşikleri guramak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamany döretmek ýaly başlangyçlarynyň ýurdumyzy halkara ulag-kommunikasiýa düzümine goşmak üçin oňyn şertleri döretjekdigi şübhesizdir. 

                                                                   

Ulag ulgamy ýaşaýşyň derejesini gowulandyrmagyň, geljekki nesilleriň abadançylygynyň, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň we ony ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki zaman durmuşyny ulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ulag bolsa welosipedden başlap, awtomobil, otly, gämi we uçar ýaly serişdelerdir. Ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda bu ulaglaryň hersiniň aýry-aýrylykda ýerine ýetirýän wezipesi, eýeleýän möhüm orny bar. Soňky döwürde elektromobiller hem ulag ulgamyny ösdürmekde täzeçillik boldy. 

                                                                   

Ulag-logistika ulgamy diňe bir halkara gatnaw ýollary däldir, onuň adamlar üçin iş orunlarydygyny, ykdysady ösüşiň esasy çeşmeleriniň biridigini unutmak bolmaz. Ulag adamzady gurşap aldy, onuň ösüşine täsir etdi. Hemra aragatnaşygy hem, şol sanda sanly aragatnaşyk hem, alysda ýaşaýandygyna garamazdan, adamlaryň birek-birege ýakyn bolmagyny üpjün etse-de, häzire deňiç ulag ulgamynyň ornuny tutup biljek ulgam döremedi. Gaýtam, iň täze innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy pikirler, iri maýa goýum taslamalary hut ulag ulgamyna sarp edilip, onuň geriminiň we ähmiýetiniň has-da artmagyna getirdi. Ulag logistikasy, edil şonuň ýaly, ulag diplomatiýasy ähli ugurlary, ilkinji nobatda, durmuş-ykdysady ugurlary özünde jemleýän, özara sazlaşygy emele getirýän düşünjedir. 

                                                                   

Türkmenistan diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmenistandan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Ýurdumyz bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Häzirki zaman ulag ulgamynyň döwletiň, jemgyýetiň, tutuş adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi jedelsiz hakykatdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň sebitleri we dünýäniň yklymlaryny birleşdirýän güýje öwrülýändigini ýöne ýere aýtmady. «Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetiripdi. 

                                                                   

Türkmenistan ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmeýär, bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin netijeli çäreleri hem görýär. Pikirimizi delillendirmek üçin mysaly daşdan gözlemäliň. Munuň üçin ýurdumyzyň durmuşynyň şu ýylyň 1 — 4-nji aprelindäki wakalaryna nazar aýlamak ýeterlik. 

                                                                   

Ýokarda hem agzap geçişimiz ýaly, şol günlerde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda ulag köprülerini döretmek boýunça ylalaşyga gelindi. Ýewraziýa ulag geçelgelerini emele getirmek boýunça transkontinental taslamanyň çäklerinde dörän bu konsepsiýa Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky portlara çykalgany üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy deňiz portunyň bu halkara üstaşyr ulag ugry boýunça möhüm «deňiz derwezesi» bolup hyzmat etmäge uly mümkinçiliginiň bardygy bellenildi. 

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty barada aýratyn gürrüň etmek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýşi ýaly, Türkmenistanda «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şol sanda Hazaryň hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler hem yzygiderli görülýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň möhüm bölegi bolmak bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny artdyrmaga uly itergi berdi. Iň kämil tehnikalar bilen üpjün edilen bu deňiz porty Türkmenistanyň logistika mümkinçiligini peýdalanmaga gönükdirilen iri ulag taslamalarynyň biridir. Altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn» diýmek bilen, Arkadagly Serdarymyzyň geljekde Hazaryň ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr we öňdengörüjilikli garaýyşdyr. 

                                                                   

Ýurdumyzda amala aşyrylýan polat we awtomobil ýollarynyň taslamalary, döwrebaplaşdyrylýan, täze gurulýan deňiz we howa menzilleri özara gatnaşyklaryň ygtybarly söwda-ykdysady köprüsini döretmäge gönükdirilendir. Gurulýan döwlet we halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň möhümdigini aýratyn bellemeli, munuň özi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ulag serişdeleriniň möçberiniň artmagyna, hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Merkezi Aziýada iň döwrebap ýol taslamasy hasaplanýar. Häzirki döwre çenli awtobanyň birinji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen bölegi çekilip, ikinji böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil ýolunyň halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolmagy ýurdumyzyň dünýäniň logistika-aragatnaşyk ulgamyna ynamly we yzygiderli goşulýandygyny, ösen üstaşyr ulag düzümlerini döretmäge çynlakaý çemeleşýändigini ýene bir gezek tassyklady. 

                                                                   

Türkmenistan tarapyndan durnukly ulag ýollaryny döretmek babatda öňe sürülýän teklipleriň dünýä bileleşiginiň hemişe giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtmak gerek. Üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi, Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň, şeýle hem üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesine bagyşlanan beýleki ýokary derejeli maslahatlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da berkemegini üpjün etdi. Bu çäreler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi bu başlangyçlar, şeýle hem Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze üstaşyr geçelgeler Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitiň ornuny güýçlendirýär. Bu bolsa, öz nobatynda, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýär, halklaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat edýär. 

                                                                   

Türkmenistan asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ähmiýetli bölegi hökmünde belli bolup geldi. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren, umumadamzat ösüşinde, Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklarynda ägirt uly orny eýelän esasy söwda ýollary geçipdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. 

                                                                   

Ençeme asyr mundan ozal bolşy ýaly, täze taryhy döwürde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde möhüm orny eýelemek bilen, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan ulag geçelgesi, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär. Sebitde köpugurly ulag gatnawlarynyň düzüminiň döredilmegi howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

Oraz ABDYÝEW.

                       

«Türkmenistan».

13.07.2022
Beýik özgertmeleriň şuglasy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­la­nyp ösü­şi üp­jün et­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şun­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler, gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän des­ga­lar, bi­na­lar, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň dur­mu­şa ornaşdyrylýandygy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu­la­ryň hem­me­si ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­lar­da be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi we oňaý­ly dynç al­ma­gy ba­bat­da äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar.  

                                                                   

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ama­la aşyr­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri hal­ky­my­zyň asu­da, eş­ret­li, bag­ty­ýar, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gönükdirilen giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän bi­na­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň aja­ýyp mi­we­si­dir. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­myz dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ga­dam ur­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir kün­je­gin­de aja­ýyp bi­na­lar gu­rul­ýar. Ýur­du­myz ok­gun­ly we saz­la­şyk­ly ösüş ýo­ly bi­len öňe bar­ýar.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da il-ýurt bäh­bit­li des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Ahal we­la­ýa­tyn­da gu­rul­ýan döw­re­bap şä­her äh­li il­deş­le­ri­mi­zi buý­san­ja bes­le­ýär. Mu­nuň özi oňaý­ly ýa­şa­ýyş, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met we ra­hat dynç alyş ba­bat­da dö­re­dil­ýän şert­ler bo­lup, adam ha­kyn­da­ky ala­da­dan ny­şan­dyr. Mu­nuň özi iş­le­mä­ge we dö­ret­mä­ge, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da döw­re­bap ös­dür­mek, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» hem öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Şeý­le be­lent mak­sat­lar bi­len dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün et­mek, «akyl­ly öý­le­ri», «akyl­ly şä­her­le­ri» ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça işler do­wam et­di­ril­ýär. Bu bol­sa adam­la­ryň aba­dan dur­mu­şy­ny, eş­ret­li ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek iş­le­ri­niň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.  

                                                                   

Dün­ýä ýü­zün­de ösü­şiň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýär. Aja­ýyp des­ga­lar, döw­re­bap şa­ýol­lar, ka­şaň myh­man­ha­na­lar, gö­zel se­ýil­gäh­ler her bir ada­myň kal­by­ny buý­san­ja bes­le­ýär. Bu­lar türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly­ly­gy­nyň, şöh­rat­ly gel­je­ge ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti­niň röw­şen şug­la­sy­dyr.  

                                                                   

Bu ösüş­ler ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de örän äh­mi­ýet­li­dir. Ýur­du­my­zyň se­na­gat, me­de­ni-dur­muş dü­züm­le­rin­de, ulag we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler hem aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Ýer­li gur­lu­şyk­çy­lar Aş­ga­bat şä­he­ri­ni we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýur­du­my­zyň dür­li ýer­le­rin­de gur­lan köp san­ly döw­re­bap mek­dep­le­riň, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, sport top­lum­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri­niň, amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly beý­le­ki en­çe­me bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar.  

                                                                   

Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ta­ry­hy öz­gert­me­ler bu ha­ky­ka­tyň su­but­na­ma­sy­dyr. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler bol­sa toý­la­ry­my­za görk, baý­ram­la­ry­my­za be­zeg ber­ýär. Çün­ki bag­ty­ýar adam­la­ryň kal­by­na ýol aç­ýan, dur­mu­şy­na ýal­kym saç­ýan ýag­şy iş­ler, öz­ge­riş­ler, ösüş­ler he­mi­şe-de toý-baý­ram­la­ryň gel­şi­gi, şat­lyk­ly gün­le­riň ýa­ra­şy­gy sa­ýyl­ýar.  

                                                                   

 Il-ýurt bäh­bit­li uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! 

                                                                                                           

Ar­zy­gül GY­LY­JO­WA,

                       

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.

13.07.2022
Senagatyň kuwwaty artýar

2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösýär. Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion ösüşe, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilýär. Dünýä bazarlarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli, eksporta niýetlenen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmakda hem-de azyk howpsuzlygyny berkitmekde ähmiýetli bolan dökünleriň dürli görnüşlerini öndürýän himiýa kärhanalary mynasyp orny eýeleýär. Şeýle kärhanalara «Maryazot» önümçilik birleşigi, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlary we beýlekiler degişlidir. Balkan welaýatynda gurlup, ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawod hem bu toplumyň batly depginlerde ösmegine goşant goşýar.  

                                                                   

Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýada iri desganyň biri bolan Lebap welaýatynyň Garlyk käninde duzly ýataklary özleşdirýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň halk hojalygynda aýratyn ähmiýetli waka boldy. Bu ýerde baýlaşdyrylan kaliý hloridi guradylandan, külkelenenden hem-de gaplanandan soň, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply derejä eýe bolýar.  

                                                                   

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk serişdeleri senagaty öňdebaryjy orny eýeleýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna beýleki pudaklaýyn kärhanalar, hususan-da, metallurgiýa, sement we gazbeton zawodlary uly goşant goşýarlar. Bu zawodlar gerimi barha giňeýän gurluşyk bazary üçin niýetlenen önümleri, armaturdan örülen toplumlary, keramzit, ýygnama demirbeton önümleri, keramiki kerpiç, diwarlyk beton daşlar, bezeg plitalary we beýlekileri öndürýärler. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika toplumy ilatyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Türkmenistanyň energiýa ulgamynda Mary DES-den başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan täze kuwwatly elektrik beketleri hereket edýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmenistanda geljekde ägirt uly ykdysady girdeji berjek möhüm desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olarda öndüriljek önümler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da belende göterer. Şeýle ajaýyp ösüşleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Bägül ATAÝEWA,

                       

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

13.07.2022
Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda has-da meşhurdyr.  

                                                                   

«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyz halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarlarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesiniň subut edişi ýaly, sanly ulgamyň netijesinde işewür we maýa goýum işjeňligi, döwlet hyzmatlarynyň ösüşi üpjün edilýär. Şeýlelikde, häzirki zaman hojalyk gatnaşyklarynda sanly tehnologiýalary ulanýan kärhanalar ykdysadyýeti sanly serişdeler bilen üpjün edip, onuň ösüşiniň daýanç nokady bolup durýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmek esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri has-da äşgär görünýär.  

                                                                   

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar. 

                                                                   

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biridir.  Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýan edildi.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän işjeň ornuny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şondan ugur alnyp, häzirki wagtda ylym-bilim durmuşymyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenleriň kemala gelmegi döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşinde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge ünsüň güýçlendirilmegi pudaklaryň ählisiniň uly ösüşlere beslenmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bilimlere we innowasiýalara daýanylyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar, iri taslamalar durmuşa geçirilmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.  

                                                                   

Halkyň Arkadagly zamanasynda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

«Esger».

09.07.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 8-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ministr Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi, maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabata görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 48 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 34 mejlisi geçirildi. Şeýle hem döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri barada hasabat berildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. Hasabat döwrüniň jemleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär. 

                                                                   

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň alty aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bu maglumatlar pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň we beýleki önümleriň öndürilişiniň ösüşi ýokarlandy. 

                                                                   

Ulag-kommunikasiýa toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşlerindäki ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,7 göterim artdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwe we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi köpeldi. Şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. 

                                                                   

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda bu ulgamda halkara ülňüler esasynda statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hem hasabat berdi. “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary bilen şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görülýän taýýarlyk çäreleri hasabatyň aýratyn meselesi boldy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow şu ýylyň birinji ýarymyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Geçen döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň 6 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Soňra ykdysadyýet, maliýe, bank toplumyna girýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” taslamasy barada hem hasabat berildi.  

                                                                   

Wise-premýer geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň çäklerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň deslapky hasaplamalaryna geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Permanyň taslamasy hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli, M.Muhammedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä H.Geldimyradowy belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatdy we degişli Permanlara gol çekdi. 

                                                                   

Wise-premýer H.Geldimyradow hormatly Prezidentimize bildiren ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jogapkärli hem-de möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ozalky beren tabşyrygyna laýyklykda, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyny, bu Maksatnamalarda Garaşsyz ýurdumyzyň ýakyn ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bellenilendigini, mähriban halkymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlary hem-de giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň taslamalarynyň beýan edilendigini nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli beýik başlangyçlary esasynda 2008-nji ýyldan başlap ýurdumyzda Oba milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama esasynda 2008 — 2022-nji ýyllarda binalaryň we desgalaryň 900-den gowragy guruldy hem-de ulanmaga tabşyryldy. Bar bolan inženerçilik ulgamlarynyň durky täzelendi, täzeleriniň 72 müň 200 kilometri çekildi diýip, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi. 

                                                                   

Siziň bilşiňiz ýaly, biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de 2023-nji ýylyň ýanwaryndan «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Geldimyradowa hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli bellenen işleriň ählisiniň üstünlikli tamamlanylmalydygyny nygtap, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen şu günki kabul edilen Maksatnamalary durmuşa geçirip başlamagy we geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de geljek 2023-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna düýpli seretmek, ony taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. Şu meselede her bir ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz indiki ýylyň býujeti barada aýdyp, bu işi tamamlamagyň hem-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermegiň zerurdygyny belledi. Baş maliýe meýilnamasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagyň, her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri-de hökman bellemegiň wajypdygyna üns çekildi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegi üpjün etmek boýunça degişli işleri güýçlendirmegi, jemi içerki önümiň ösüş depginini saklap galmagy, döwletiň girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmagy hem-de ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet emlägini hususylaşdyrmagy giň gerimde dowam etdirmek, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de şäherleriň häkimlikleriniň hususylaşdyrylan desgalarynyň sanyny artdyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzyň pul ulgamyny ösdürmegiň hem-de maliýe serişdelerini dolandyrmagyň kämilleşdirilmeginiň, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini, daşary söwda dolanyşygynyň kämilleşdirilmelidigini, daşary ýurt döwletleri hem-de halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmelidigini nygtady. Önümçilik maksatly maýa goýumlaryň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak, ýurdumyz üçin amatly şertlerde karz serişdelerini, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur çäreleri görmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyny, maliýe hasabatynyň we salgyt salmagyň kadalarynyň hem-de usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini, ýurdumyzda elektron salgyt salmak ulgamynyň doly ornaşdyrylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet syýasatynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de zähmet bazarynyň meselelerini utgaşdyrmak boýunça çäreleriň esasy orny eýelemelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek, täze iş orunlaryny açmak tabşyryldy. 

                                                                   

Biz ýurdumyzyň karz-pul ulgamyna seretmelidiris hem-de maliýe serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimize gönükdirilen karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň üpjün edilmegini tabşyrdy. Milli pulumyzyň hümmetini ýokarlandyrmak, daşary ýurt walýutasy bilen geçirilýän amallary düzgünleşdirmek we gözegçilik etmek boýunça degişli işleri hemişe geçirip durmak tabşyryldy. Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky hem-de beýleki halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň gaznasynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görkezme berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegi, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini düýpli seljermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýurdumyzda iň az zähmet hakynyň derejesine gaýtadan seretmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasynyň 100,7 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berildi. 

                                                                   

Wise-premýer nebitgaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 111,5 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 112,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 132,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 115,9 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 153,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 105,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 118,6 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 112,3 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 122,4 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüşi 161,8 göterime deň boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin nebitgaz toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ähli tagallalaryň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de pudagyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz guýularynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmak üçin anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu işi kämilleşdirmek şu günüň möhüm wezipeleriniň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy ýola goýmagyň zerurdygyna üns çekildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz geologik-gözleg, seýsmiki-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda 3D ölçeg tehnologiýalaryny ulanmak bilen täze nebitgaz ýataklaryny açmagy we özleşdirmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumlary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe gurluşyk-senagat pudagynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 153,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda meýilnamada bellenilen işler 114,5 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça jemi 52 desgany we binany gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilip, şolaryň 18-si ulanyşa tabşyryldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 170,4 göterim amal edildi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça meýilnamada bellenilen önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň möçberi 127,5 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 114 göterime deň bolup, ony eksport etmegiň ösüşi bolsa 144,1 göterime ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 102,4 göterim berjaý edildi. 2022-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça düýpli maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 166,8 göterim amal edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň hem-de gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni öňde durýan wajyp wezipelere çekdi. Hususan-da, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny tizräk seljermek tabşyryldy. Şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli desgalar öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýyl üçin gurluşyk Maksatnamasyny kesgitlemegi hem tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerimde girişilendigini belläp, bu işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinde ýeterlik çig mal serişdeleriniň bardygyny aýdyp, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek, awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda aýdyp, şu maksat bilen gurluşyk-senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de pudagyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işine uly üns berilmelidir hem-de ýurdumyzyň ýollarynyň we köçeleriniň ýagdaýy gözegçilikde saklanylmalydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin abatlaýyş we gurluşyk işleri wagtynda geçirilmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň senagat, energetika we himiýa pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlary gönükdirýändigini belläp, bu serişdeleri netijeli peýdalanmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň hem-de maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi zerurdyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini belläp, «akylly» şäher we «akylly» ýaşaýyş jaýy taslamalaryny, şeýle hem energiýa çeşmelerini dikeldýän tehnologiýalaryň hasabyna ýaşaýyş jaý taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, ýer serişdeleriniň we ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň baş meýilnamalaryny taýýarlamak, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde bolsa durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurmak meseleleriniň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumy taslama kuwwatyna çykarmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak hem-de guramaçylyk işlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda eksport harytlaryny öndürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde tehniki ýody, bromy we brom önümlerini, Esenguly etrabynda ýod önümlerini öndürmek boýunça bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, Garabogazköl aýlagynyň baý mineral serişdelerini giňden ulanmak üçin maýa goýum serişdelerini çekmek, «Tejenkarbamid» zawodyny we «Maryazot» önümçilik birleşigini döwrebaplaşdyrmak, «Guwlyduz» kärhanasyny doly täzeden gurmak, öndürýän önümlerini ýerlemegiň täze bazarlaryny tapmak, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyny ýokary hilli, öz wagtynda amala aşyrmak meseleleri möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz şu meseleleri çaltrak seljerip, degişli işleri geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 111,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 112,7 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 110,6 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 132,1, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 108,6, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,3, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Welaýat merkezlerinde ýolagçy awtomenzilleriniň we elektron enjamlar bilen üpjün edilen awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň welaýat boýunça edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüleriniň gurluşyklary dowam edýär. Üstaşyr ulag, logistika meseleleri boýunça türkmen-özbek we türkmen-gazak bilelikdäki iş toparlary döredildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Biz awtomobil ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberlerini has-da artdyrmalydyrys hem-de ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etmelidiris, şunda Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýük daşalýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda gämileri gurmak üçin ähli şertleriň döredilendigini göz öňünde tutup, ýurdumyzda gämi gurluşygyny tapgyrlaýyn ýola goýmak barada aýdyp, ýörite ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de bu ugurda üpjünçiligi gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa menzillerinde häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we howa menzillerini has netijeli ulanmak üçin zerur çäreleri görmek, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemrasynyň transponder mümkinçiliklerini doly ulanmak wezipeleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda M.Çakyýewi Balkan welaýaty boýunça jogapkär edip bellemek hakynda Karara gol çekdi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 105,6 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň edaralarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 136 göterime we 128,7 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriniň ösüşi 115,8 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 107,9 göterime barabar boldy. 

                                                                   

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 116,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 149-sy geçirilip, şolarda 18 müň 255 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 104,1 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 167,9 göterime, senagat önümçiligi bolsa 110,1 göterime barabar boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere we bu toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, toplumda sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň güýçlendirilmelidigini aýdyp, wise-premýere her gün azyk harytlary bilen üpjünçiligiň ýagdaýyna baha berip durmagy tabşyrdy. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalaryna zerur kömegi bermek hem-de kiçi, orta we iri telekeçiligi mundan beýläk-de goldamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümleriniň eksportyny giňeltmegiň, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, şeýlelikde, Söwda-senagat edarasynyň işini güýçlendirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, döwletimiziň dokma senagatyna köp möçberde serişdeleri gönükdirendigini göz öňünde tutup, pudagyň kärhanalarynyň öndürijiligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gadymy haly sungatymyzyň milliligini we nepisligini gorap saklamagyň hem-de öndürilýän halylaryň görnüşlerini köpeltmegiň zerurdygyny belläp, ýerlenilýän haly önümleriniň möçberlerini artdyryp, täze bazarlary, satuw usullaryny gözlemegiň hasabyna girdejileri ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şanly senelere bagyşlanan çäreler guraldy, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar hem-de sergiler, wagyz-nesihat çäreleri, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi yglan edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň teatrlaryna “Milli” we “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi tassyklanyldy. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri birnäçe halkara onlaýn çärelere, maslahatlara gatnaşdylar. Paýtagtymyzda teatr festiwaly, milli medeniýetimize we sungatymyza bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda konsert geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň medeni-köpçülik çäreleri, baýramçylyklar geçirilende, häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň giňden ulanylmalydygyny, teatrlaşdyrylan çärelerde, milli baýramçylyklarda türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň giňden açylyp görkezilmelidigini belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň milli däp-dessurlar, aýdym-sazymyz we gadymy medeni mirasymyz bilen hemmetaraplaýyn tanyşmagy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini nygtap, medeniýet ulgamynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip durmagy tabşyrdy. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görülmelidir we olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we syýahatçylyk pudagynda sanly muzeý ulgamlaryny ornaşdyrmagyň, sanly muzeý eksponatlaryny döretmegiň hem-de uzak aralykdan sergileri guramagyň wajypdygyny belläp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde jemgyýetiň gyzyklanma bildirýän teleradiogepleşiklerini guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklaryny halkara derejede ykrar etdirmek üçin alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň gazanan üstünliklerini we özgertmeleri giňden açyp görkezmek boýunça täsirli çäreler geçirilmelidir hem-de bu ugurda halkara teleradiokompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz gazet-žurnallarda geljekde-de dürli görnüşli eserleriň sanyny artdyrmagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, döredilýän eserleriň halkymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, şanly wakalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bilim işini döwrebaplaşdyrmak, sanly bilimi ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Talyplar, okuwçylar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara internet olimpiadalary guraldy, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Ýylyň terbiýeçisi — 2022”, “Ýylyň mugallymy — 2022”, “Talyp gözeli — 2022” bäsleşikleri, “Soňky jaň” dabarasy guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen okuw-usulyýet maslahatlary guraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.  

                                                                   

Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen, buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly açylyşlary boldy. 

                                                                   

 Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde milli türgenlerimizi halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine N.Amannepesowy belläp, ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy. 

                                                                   

N.Amannepesow, özüne jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, bu wezipede ak ýürekden zähmet çekip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz N.Amannepesowa täze wezipede üstünlik arzuw edip, onuň Mary welaýaty boýunça jogapkär edilip bellenilýändigini aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine A.Germanowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny mälim etdi. 

                                                                   

A.Germanow özüne bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ministrligiň öňünde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Germanowa täze wezipede uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine A.Atabaýewany belläp, ony Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak baradaky resminama gol çekdi. 

                                                                   

 A.Atabaýewa bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, D.Myradowy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadýandygyny aýtdy hem-de bu wezipä A.Gapurowy belläp, ony Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmak baradaky resminama gol çekdi. 

                                                                   

A.Gapurow özüne bildirilen belent ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýokary okuw mekdebiniň işini talabalaýyk ýola goýmak ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine D.Ýolowy belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadýandygyny mälim etdi. 

                                                                   

D.Ýolow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz okuwa kabul ediljek diňleýjilere we talyplara üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz N.Amannepesowa we ulgamyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, okuw ýylynyň tamamlanandygyny nygtap, giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirilmelidir. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşy talabalaýyk guralmalydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň bilim işgärleri bilen geçiriljek maslahatyna gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, maslahatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere serediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň ählisine oňat taýýarlyk görülmelidir. Ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligi üpjün edilmelidir. Şeýle-de ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçirmäge taýýarlyk görülmelidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulgamyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, ulgamyň düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, maliýe hem-de ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim edaralarynda okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, olary bilim görkezijileri babatda dünýä belli okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirilmelidir. Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamagyna has uly üns bermelidiris, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleri taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz lukmançylyk hyzmatlaryna üpjünçilik, ýokary hilli derman serişdelerine elýeterlilik, eneleri we çagalary goramak boýunça çäreleri güýçlendirmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň ilatynyň sanitariýa-epidemiologik abadançylygyny saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. 

                                                                   

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kliniki merkezleri we lukmançylyk mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek, saglygy goraýyş ulgamyna ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we hassalary sagaltmagyň täze usullaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Aýratyn-da, çagalary ýaşlygyndan terbiýelemek, olaryň fiziki we ruhy taýdan saglygyny goramak üçin döwrüň talaplaryna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, şol bir wagtyň özünde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny saklamagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesillerimiziň saglygyny berkitmek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek maksady bilen ýaşlary bedenterbiýe hem-de köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, çagalaryň tebigy zehinini, başarnygyny, şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça zerur işleri guramagy tabşyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belläp, ýaşlary iş bilen üpjün edip, alan hünär bilimini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ugurlarynda peýdalanmaklary üçin has amatly şertleriň döredilmelidigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ylymlar akademiýasynyň, halk hojalygynyň ösüşinde ylmy tehnologiýalaryň möhümdigini nazara alyp, innowasiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin häzirki zaman barlaglaryny we işläp taýýarlamalaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi, ylmy barlaglary, ylmy açyşlary höweslendirmegiň, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmagy hemişelik esasda amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, garalýan döwürde degişli işler geçirildi. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde özara saparlara, duşuşyklara, ýokary derejedäki gepleşiklere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelendigi bellenildi. Iýun aýynda döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary amala aşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 29-njy iýunda Aşgabat şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Häzirki wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga jogapkärçilikli çemeleşýändigini hemişe görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji iýunda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy bellenildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň birnäçesiniň Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. 

                                                                   

Parlamentleriň ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak Watanymyzyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli çäre boldy. 

                                                                   

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde dürli gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. DIM-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda birnäçe duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Mundan başga-da, şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Garalýan döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça, şol sanda bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, geljekde-de ikitaraplaýyn görnüşde-de, köptaraplaýyn görnüşde-de köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltjekdigini nygtady. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürip, dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen hem netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. 

                                                                   

BMG hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk okgunly häsiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyz geljekde-de sebit we ählumumy derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň hem-de öňdebaryjy orny eýelär diýip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak meselesi boýunça hasabat berdi. Bu resminama hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. 

                                                                   

Konsepsiýa DIM-niň öňünde goýlan möhüm wezipeler hem-de häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ol ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Bu resminama sebit we ählumumy derejede syýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekde-de BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ygrarly bolar. Mundan başga-da, bu Konsepsiýa biziň ýurdumyza dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri taslamalaryň ähmiýeti, bu ugurlardaky öňde durýan wezipeler beýan edilýär. 

                                                                   

Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Konsepsiýa degişli çäreler we teklipler, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk boýunça çäreler girizilendir. 

                                                                   

Konsepsiýada Türkmenistanyň ekologik meseleler boýunça başlangyçlary esasynda täze ugurlary öz içine alýan sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenendir. Şeýle-de lukmançylyk diplomatiýasyny, biologik howpsuzlygyň ählumumy ulgamynyň möhüm meselelerine degişli çäreleri işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer ulgamda halkymyzyň ruhy we taryhy mirasyny dünýäde wagyz etmek babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy we ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we hödürlenilen Konsepsiýany makullap, onda Türkmenistanyň geljek ýedi ýylda daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň täze wezipeleriniň we çemeleşmeleriniň beýan edilendigini belledi. Bu wezipeler Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan bäş strategik ugruna esaslanýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini tassyklap, Türkmenistanyň ekologik ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak we hödürlemek zerurdyr. Şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelere düýpli taýýarlyk görülmelidir hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýmek bilen, bu Konsepsiýany tassyklamak hakynda Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,2 göterim berjaý edildi. Geçen alty aýyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça düýpli maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 113,4 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Meýilnama laýyklykda, şu ýyl paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň 8-si ulanmaga berler. Häzirki döwürde bu desgalardaky gurluşyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunda paýtagtymyzyň etraplarynda önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek we bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Şäheriň jemagat hojalygy düzümleriniň işgärleri paýtagtymyzyň çäklerinde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini degişli derejede dowam etdirýärler. Şol bir wagtyň özünde şäher seýilgählerinde, gök zolaklarda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň, ähli amatlyklary bolan binalaryň hem-de seýilgähleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigini nazara alyp, Aşgabatda «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş zolagynda häzirki zaman desgalarynyň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň 17-nji tapgyrynyň gurluşygyny dowam etdirmegi hem-de paýtagtymyzda täze, döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri we galla oragynyň netijeleri, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýat boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş bölümlerine, galla kärhanalaryna daşamak işleri sazlaşykly dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunda ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler agrotehniki kadalara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Häkim welaýat boýunça şu ýyl 135 müň gektara gowaça ekilendigini we häzirki döwürde gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleriniň we mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň talabalaýyk alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we beýleki ekinleri terligi bilen sarp edijilere, içerki bazarlara ýetirmek, şunda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri we galla oragynyň netijeleri barada hasabat berdi. Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hasabatyň çäklerinde ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak we orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek hem-de ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Welaýatda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri utgaşykly dowam edýär. Şeýle-de häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy we onuň depginlerini güýçlendirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. 

                                                                   

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow demirgazyk sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şunda welaýatyň galla we gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň degişli düzümleriniň utgaşykly işi üpjün edilýär. 

                                                                   

Şu günler ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak bilen bir hatarda gowaça ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, ýerleri güýzki möwsüme taýýarlamak işleri talabalaýyk ýola goýuldy. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada aýtmak bilen, galla oragynyň netijeleri, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oňa häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ýygnalan galla hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ekinden boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden doly peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şunda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilýändigi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy. 

                                                                   

Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylyny doly ýygnamak işleriniň orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri bilen utgaşykly alnyp barylýandygy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

Halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu günler ýetişdirilen gök-bakja ekinlerini ýygnap almak we güýzki ekinleriň ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly dowam edýär. Häkim şular barada aýtmak bilen, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine Arzygül Orazowany belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,1 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 110,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,4 göterime deň boldy. 

                                                                   

Wise-premýer ýurdumyzda azyk önümleriniň önümçiligi baradaky görkezijiler hakynda-da hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleri öndürmek baradaky meýilnama 114,8 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 118,3 göterim, ýeralmanyň önümçilik meýilnamasy 120,7 göterim berjaý edildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 163,3 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Tutuş ýurdumyz boýunça ýygnalan galla hasyly geljek ýylda içerki sarp edijileri doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragy dowam edýär we ýygnalan galla hasylyny degişli derejede saklamak, bugdaýy kabul ediş bölümlerinden elewatorlara, ammarlara daşamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Galladan boşan meýdanlary gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýär. 

                                                                   

Gowaça ideg işleri talabalaýyk derejede alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, zerur suw gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmegi işjeň alyp barmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Edermen gallaçylar häzire çenli her gektardan 20 sentnerden gowrak däne ýygnadylar. Bu bolsa geljek ýyl halkymyzy zerur bolan galla, un, çörek we çörek önümleri bilen doly üpjün etmäge ýetýär. Häzirki döwürde galla oragy dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de öz işine yhlasly gallaçylardan has gowy netijelere, belent sepgitlere garaşýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl meýdanlarda gowaçanyň bol hasylynyň ýetişýändigini aýdyp, bu ekiniň ykdysadyýetimiz üçin örän möhümdigini göz öňünde tutup, onuň bol hasylyny almak ugrunda zerur bolan ähli agrotehniki işleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi. 

                                                                   

Ýerli bazarlarymyzy gök önümler, miweler, maldarçylyk we guş önümleri, ýumurtga, ösümlik ýagy, beýleki azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn çäreler geçirilmelidir. Bugdaýy, gowaçany, beýleki oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ýetişdirmek üçin ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmelidir. Tohumlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilmelidir. 

                                                                   

Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda bellenen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi çaltlandyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ýerlerini suwarmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, suw akabalaryny arassalamagy, ýerleri göwnejaý tekizlemegi we olaryň şorlaşmagyna ýol bermezligi üpjün etmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň netijeleri boýunça jemleýji Jarnamanyň kabul edilendigini aýdyp, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle-de ol Milli Geňeşiň Mejlisinde şu ýylyň başyndan bäri geçirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 

                                                                   

Alty aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 2-si geçirilip, kanunlaryň we kararlaryň 39-sy, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, Mejlisiň kararlarynyň 16-sy kabul edildi. Şeýle-de raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Mejlisde döredilen iş toparynda raýatlardan, dürli ulgamlarda işleýän ýaş hünärmenlerden, ilatdan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we seljermek esasynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar. 

                                                                   

Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Mejlisde 18 duşuşyk geçirilip, daşary ýurtlaryň 10-syna iş saparlary guraldy. Mejlisiň deputatlary hem-de hünärmenleri degişli ministrlikler, BMG-niň edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw we iş maslahatlarynyň 75-sine gatnaşdylar. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlary mahalynda etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän işlere usuly kömek bermek hem-de kanunçylygy düşündirmek, milli däp-dessurlary, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly geçirilen maslahatlara gatnaşdylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, täze kanunlar taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlar kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň iki mejlisi geçirilip, şolarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygy, gümrük işi, salgyt işi hakynda, halkara gatnaşyklar we beýleki birnäçe ugurlara degişli kanunçylyk namalarydyr degişli Kararlar biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda iş saparlarynda boldy. Gahryman Arkadagymyz sebitlerde möhüm durmuş meseleleriniň çözülişi bilen ýakyndan tanşyp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça özüniň gymmatly maslahatlaryny, nesihatlaryny berdi hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde täze wezipeleri goýdy. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Milli Geňeşiň agzalary birnäçe iri halkara forumlara gatnaşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen giň möçberli forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat işiniň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belläp, onuň halkymyz üçin buýsançly waka bolup durýandygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny gowulandyrmak, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de berkitmek boýunça nobatdaky ädimlere täze mümkinçilikleri açar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň üýtgewsiz dowam edýän daşary syýasatymyza ünsi çekdi. Türkmenistan, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Energetika, suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologik meseleleri çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar ösdürilýär. Ulag üpjünçiligi, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz içeri syýasatyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet, pul-karz syýasatynyň goldanylýandygyny, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň barha artdyrylýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede — 6 göterim möçberde saklanýar. Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Häzirki döwürde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 300 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Geçen ýarym ýylda 30 sany iri desga, meýdany 322 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda umumy bahasy 900 million manada golaý, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi. Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, şu gün ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredilendigini, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny aýdyp, ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berlendigini, olaryň zähmet rugsadynda Awazada, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini habar berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň pagta ýygymyndan soňra dynç alyp biljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 9-10-11-nji iýulda ýurdumyzda Gurban baýramynyň belleniljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek we 10-njy iýuldaky dynç gününi 12-nji iýula — sişenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylygy ýokary derejede geçirmek üçin hemme gulluklaryň goşmaça nobatçylygyny guramak tabşyryldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ähli ildeşlerimizi mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

 Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.07.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 

                                                                   

 1.  2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan: 

                                                                   

I) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; 

                                                                   

 II) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; 

                                                                   

 III) talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly. 

                                                                   

 2.  2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan: 

                                                                   

 I) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1880 manat möçberde; 

                                                                   

II) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 550 manat möçberde; 

                                                                   

 III) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat möçberde; 

                                                                   

 IV) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde bellemeli. 

                                                                   

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly. 

                                                                   

4. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle-de olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly. 

                                                                   

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

09.07.2022
Gymmatly çig maly tygşytly özleşdirmek ýolunda

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda, ylaýta-da, gazylyp alynýan mineral serişdeleri rejeli, toplumlaýyn hem-de daşky gurşawa zyýansyz ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz mineral baýlyklaryň görnüşleri we gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de himiýa gidromineral çig mal serişdeleri bolan ýerasty ýokary minerallaşan ýodbrom, nebitgaz ugurdaş suwlar we Garabogazyň şerebeleridir. Häzirki wagtda bu baýlyklar boýunça Hazaryň, Balkanabadyň, Berekediň ýod öndürýän zawodlary we «Garabogazsulfat» kombinaty iş alyp barýar. Aslynda, GDA ýurtlary boýunça ýod gorlarynyň 40 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Her ýyl tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär. Ýakyn geljekde täze açylan ýodbrom känleriniň — Çukurguýy, Guýular, Gögerendag — Garadaşly, Inderlen we beýlekileriň özleşdirilmegi bilen, ýoduň öndürilişi ep-esli artdyrylar.  

                                                                   

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, gidromineral çig malynyň esasynda mineral duzlaryň dürli görnüşini, ýod we ondan alynýan önümleriň öndürilişini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýerasty senagat suwlarynda ýod bilen bromdan başga-da, litiý, bor, stronsiý, rubidiý ýaly gymmat bahaly seýrek elementler bar. Hususan-da, dünýä möçberindäki ýerasty suwlarda litiniň umumy gorlarynyň 65, stronsiniň 24, bromuň 80 göterimi ýerleşýär diýlip çaklanýar. Tebigatda örän seýrek duş gelýän bu elementleriň elektronikada, radiotehnikada, lazer, kosmos tehnikasynda ulanylyşy barha artýar. Şeýle elementleriň gaty magdan gorlarynyň barha azalmagy sebäpli, olary ýerasty suwlardan almaga üns berilýär. Ýerasty, aýratyn-da, guýulardan nebit we gaz bilen bilelikde çykýan ugurdaş suwlary rejeli we daşky gurşawa zyýansyz ulanmak ykdysady hem ekologik taýdan iň derwaýys meseleleriň biri hasaplanýar. Çünki ugurdaş suwlaryň hili, mukdary we olary gaýtadan işlemegiň tehnologik usullary heniz ýeterlik öwrenilmedik meseledir. 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda nebitgaz toplumynyň jogapkär ýolbaşçylary bilen bu babatda alnyp barylýan işlere bagyşlanan ýörite döwlet maslahaty geçirildi. Onda toplumyň ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirýän işleriniň netijelerine garaldy. Toplumyň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Şonda seýrek duş gelýän gymmat bahaly metallary gözlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek we senagat taýdan baý ýataklary kesgitlemek, nebit we gaz guýularyndan akyp gelýän, düzüminde ýod we brom köp bolan suwlardan önüm öndürmegi ýola goýmak, öndüriljek bu önümleriň içerki sarp edijilerden artýan bölegini daşarky bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda anyk wezipeler kesgitlendi. «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernlerine ekologiýa meselelerine aýratyn üns bermek tabşyryldy. Hususan-da, nebitgaz guýularyndan çykýan ugurdaş suwlary yzyna — ýer astyna goýbermegiň, olaryň düzümindäki peýdaly minerallary almagyň usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak alymlaryň öňünde derwaýys mesele hökmünde goýuldy. Nebit çykarylanda, önümli gatlaklaryň suwlanmasy iň esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ulanyş guýulary arkaly önümli gatlaklardan orta hasap bilen 20 göterim nebit we 80 göterim suw çykarylyp, muňa «nebit ugurdaş suwlar» diýilýär. Dünýä tejribesinde bilermenleriň çaklamalaryna görä, ulanyşa berlen ýataklarda ortaça 50 göterim nebit we şonça-da suw bolýar. Önümiň suwlanmasy 90 — 95 göterime ýetende, ulanyş işi köp halatda öz ähmiýetini ýitirýär. Şonuň üçin guýy suwlananda, önümiň suwlanmasyny azaltmak, gatlak suwlaryny çäklendirmek işleri geçirilýär. Munuň üçin her bir guýuda ýylyň dowamynda birnäçe gezek düýpli we ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Nebit ugurdaş suwlar iş ýüzünde tebigy duz erginleridir. Nebit çykarylýan guýularyň ugurdaş suwlarynyň emulsiýasynda 0,8÷4,0 mg/l töweregi naften kislotalary saklanýar. Tebigy gaz ýataklarynyň golaýyndaky ýataklarda bolsa organiki azot birleşmeleri agdyklyk edip, naften kislotalary 0,2÷0,6 mg/l töweregidir. Suwlaryň mineral düzümi, esasan, natriniň, kalsiniň, magniniň hloridlerinden we ýokarda getirilen gymmatly seýrek elementlerden durýar. Olaryň duzlulygy bir litrde onlarça, käte ýüzlerçe grama barabardyr. Senagat taýdan özleşdirmek üçin amatly bu suwlarda seýrek elementleriň mukdary-da ýokarydyr.  

                                                                   

Ugurdaş suwlaryň senagat taýdan rejeli ulanylmagy diňe ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik babatda-da uly ähmiýete eýedir. Sebäbi olardaky käbir zyýanly elementleriň mukdary sanitariýa taýdan ýol berilýän aňryçäk mukdardan ep-esli ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, ýodbrom suwlaryndan GDA ýurtlarynda häzire çenli diňe ýod we brom öndürilýär. Diňe ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Germaniýa we beýleki käbir ýurtlarda ýerasty suwlardan litiý, bor, rubidiý, zesiý, germaniý metallaryny almak senagat taýdan özleşdirilendir. Bu suwlar mugt çig mal çeşmesi bolup durýar. Olardan alynýan önümleriň özüne düşýän gymmaty diňe tehnologik işleriň çykdajylary bilen kesgitlenýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ýoduň, bromuň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň barha artmagy şeýle suwlaryň häzirkisinden has köp emele gelmegine getirer. Bu bolsa şol suwlary doly, toplumlaýyn we daşky gurşawa zyýansyz ulanmagyň çözgütlerini tapmagyň derwaýysdygyny has artdyrýar. Munuň özi döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Şundan ugur alnyp, bu babatda türkmen himiýaçy alymlarymyz tarapyndan wajyp üstünlikler gazanyldy: hususan-da, dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýodbrom suwlaryny açyk howdanlarda bugardyp konsentrirlemek we toplumlaýyn gaýtadan işlemek usulynyň ylmy esaslary we tehnologiýasy işlenip düzüldi. Bu suwlaryň düzümindäki duzlaryň 70 göterimden gowragynyň NaСl-dygy anyklandy we ony haryt hökmünde çykarmagyň usuly işlenip düzüldi. Şonda konsentrirlenen erginde NaСl duzunyň çökýändigi we beýleki gymmatly seýrek elementleriň — litiniň, boruň, stronsiniň hem ýitgisiz baýlaşýandygy we olaryň degişli usullar arkaly çykarylyp bilinjekdigi anyklandy. Işlenip düzülen tehnologik şertlerde synaglardan üstünlikli geçdi we ulanmaga hödürlendi. Bu ugurda oýlap tapyşlaryň ençeme patentleri alyndy. Köp sanly ylmy işler çap edildi. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. Şeýlelikde, nebitgaz ugurdaş suwlary hem toplumlaýyn gaýtadan işlemek meselesini çözmek boýunça şu teklipler hödürlenýär: ýurdumyz boýunça emele gelýän nebitgaz suwlarynyň doly himiki düzümini we mukdaryny anyklamak; himiki düzümi we tehniki ykdysady esaslandyrma boýunça suwlaryň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olary gaýtadan işlemegiň aşakdaky ýollaryny saýlamak: nebit ugurdaş suwlaryny nebit we organiki maddalardan arassalamak; suwlary gaýtadan işlemek arkaly olardaky maddalary çykaryp almak; nebitgaz suwlaryny gaýtadan işlemekde türkmen alymlary tarapyndan öň ýodbrom suwlary üçin işlenip düzülen we synag edilen tehnologiýa boýunça olary açyk howdanlarda bugardyp konsentrirlemegi we goşmaça önümleri almagy öwrenmek; ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ösmegi bilen baglylykda, suwlaryň barha köpelýändigini göz öňünde tutup, meseläni çözmek boýunça ylmy we tejribe işlerini dowam etdirmek we ýörite koordinirleýji ylmy-barlag edarasyny bellemek; bu işlere beýleki dahylly pudaklary, ylmy-barlag edaralaryny, ýokary okuw mekdeplerini çekmek; olaryň ýerine ýetirmeli işleri boýunça meýilleşdirilen bitewi maksatnama düzmek. 

                                                                   

Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň dünýä belli we egsilmez gidromineral çig mal serişdeleriniň biri-de Garabogazyň şerebeli suwlarydyr. Tebigy duzlaryň bu ajaýyp ýatagy diňe bir özüniň tükeniksiz gorlary bilen däl-de, eýsem, ondaky himiki maddalaryň köpdürlüligi we gymmatlylygy bilen özüne çekýär. Şundan ugur alnyp, onuň baýlyklaryny senagat taýdan özleşdirmek mümkinçilikleri köp ýyllaryň dowamynda himiýaçylar we beýleki hünärmenler tarapyndan öwrenilip gelinýär. Bu suwlar Hazar deňzinden Garabogaz aýlagyna üznüksiz suwlaryň akyp durmagy we olaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Netijede, bu şerebeleriň düzümindäki ähli makro we mikroelementleriň hem mukdary köpelýär. Şerebeler, esasan, natriniň, magniniň hloridleri we sulfatlary, şeýle hem peýdaly elementler bolan kaliý, brom, bor, seýrek duş gelýän gymmatly aşgar metallar bilen baýlaşýar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda «Garabogazsulfat» kombinatynda natriý sulfaty, bişofit, epsomit we başgalar öndürilýär. Bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Hususan-da, natriý sulfaty soda, aýna, kagyz, dokma, sabyn, sintetik kir ýuwujy serişdeleri öndürmekde we başga-da köp önümçiliklerde ulanylýar.  

                                                                   

Şerebeli suwlar Garabogaz aýlagyna üznüksiz akyp duran Hazar deňziniň suwunyň bugarmagy netijesinde, tebigy şertlerde emele gelýär. Deňizden aýlaga düşýän suwlaryň bugarmagy bilen, onuň duzlulygy barha goýulaşýar. Netijede, şerebeleriň düzümindäki ähli makro we mikroelementleriň mukdary-da köpelýär. Şerebeler, esasan, natriniň, magnininiň hloridleri we sulfatlary, şeýle hem peýdaly elementler bolan kaliý, brom, bor, seýrek duş gelýän gymmatly metallar bilen baýlaşýar. Şeýle bolansoň, bu suwlaryň duzlulygy Hazar deňziniň suwunyňkydan ençeme esse ýokary bolup, olary gorlarynyň hemişe üsti ýetirilip duran himiki çig mal hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, Garabogazyň şerebelerinden agzalan önümlerden başga-da, ençeme gymmatly himiki önümleri almak mümkin. Munuň üçin bu gidromineral çig maly toplumlaýyn, ýagny hemmetaraplaýyn gaýtadan işlemek maksadalaýykdyr. Çünki şunda halk hojalygy üçin zerur bolan goşmaça kaliý sulfaty, kalimagneziýa, nahar duzy, duz kislotasy, hlor, natriý aşgary, magniniň oksidi, magniý metaly, kükürtli natriý, brom, bor, seýrek duş gelýän aşgar metallar we başga-da köp himiki maddalary öndürmek mümkin. Üstesine-de, şol maddalaryň esasynda olaryň beýleki birleşmelerini, meselem, defoliýantlar, kalsiý bromidi ýaly önümleri alyp bolar. Munuň özi daşky gurşawy, ylaýta-da, Hazar deňzini himiki hapalanmakdan goramakda-da uly ekologik ähmiýete eýe bolar.  

                                                                   

Agzalanlardan köp görnüşli mineral çig mallaryň bir bitewi toplum görnüşinde peýdalanylmagy diňe ýeke-täk pudagyň däl-de, eýsem, onuň bilen utgaşykly birnäçe beýleki önümçilikleriň hem döredilmegine mümkinçilik berýär. Sebäbi köp halatlarda bir önümçiligiň zyňyndysy hasaplanýan madda başga bir kärhana üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Üstesine-de, bitewi önümçilik toplumynyň döredilmegi ähli önümçilikler üçin gerekli serişdeleriň we beýleki infrastruktura ulgamyny utgaşdyryp ulanmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerli ilatyň önümçilige işjeň çekilmegine, onuň medeni we hünär, bilim derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmeginde sebitde işe girizilen Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen halkara demir ýoly uly orun eýelär. Çünki bu demir ýol we suw ýollary arkaly goňşy hem-de alysdaky ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşer. Şeýle-de köpdürli önümçilikleriň döredilmegi ol ýerde gurlan kuwwatly «Garabogazkarbamid» zawody bilen bitewi senagat toplumyny emele getirer.  

                                                                   

Halkara ähmiýetli senagat ojaklarynyň döredilmegi häzirki zaman öňdebaryjy tehnikanyň, tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ulanylmagyny talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, has netijeli tehnologiýalaryň işlenip düzülmegi hem-de önümçilige ornaşdyrylmagy, kämil inžener-tehniki hünärmenleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu ugurda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreleriň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işlerden anyk mysallardyr. Ylym-bilim bilen meşgullanýan alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi, köp sanly talyplaryň ösen ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine ugradylmagy we beýleki döredilýän şertler kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyny üpjün edýär. Hususan-da, hünärmenleriň himiýa, dag-magdan we beýleki tehniki, tehnologik ugurlar boýunça taýýarlanmagy täze döredilýän senagat önümçilikleri üçin has derwaýysdyr. Şeýlelikde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýä belli himiýa çig mallarynyň egsilmez hazynasy bolan gidromineral baýlyklary senagat taýdan hemmetaraplaýyn özleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan gerimli we toplumlaýyn işler amala aşyrylar. 

                                                                                                           

Hojanepes ÝOWJANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.

08.07.2022