Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan ösüşler, düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň azyk harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak meselesini iň bir ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi.
Şu ýylyň 4-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde türkmen telekeçilerine uly ornuň degişlidigini belläp, azyk önümlerini öndürýän hususy taraplara, ylaýta-da, towuk ýumurtgasyny we etini öndürýän önüm öndürijilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm resminamasy azyk önümçiligini alyp barýan telekeçileri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat HERREMOW bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy.
— Şamyrat aga, azyk bolçulygy diýlende, ilkinji nobatda, ene topragyň berekedi göz öňüňe gelýär. Türkmen telekeçileri hem sahawatly toprakda oba hojalyk ekinleriniň ählisini diýen ýaly ösdürip ýetişdirýärler. Işewürlerimiziň topraga yhlasynyň syry nämededir?
— Türkmen has irki döwürlerden bäri ekin ekmek, mal bakmak bilen meşgullanyp, bu ugurdan müňlerçe ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan zähmetsöýer halkdyr. Dana pederlerimiz tebigatyň ýazylmadyk kanunlaryny ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen ussatlarça utgaşdyryp, ekin ekmegiň, mal bakmagyň inçe syrlaryny, netijeli çemeleşmelerini asyrlarboýy öwrenipdirler. Ony arkama-arka kämilleşdirip, häzirki bagtyýar nesillerimize miras galdyrmagy başarypdyrlar. Aslynda, ekin ekmek, mal idetmek, hala oba, hala-da şäher ýaşaýjysy bolsun, her bir türkmeniň kalbyna mäkäm ornandyr.
Şu günki oba hojalykçy telekeçilerimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlardan, döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, öz işlerini ata-babalarymyzyň ekerançylykda we maldarçylykda asyrlaryň dowamynda kemala getiren baý tejribesini häzirki zaman ylmynyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary bilen utgaşykly alyp barýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň jemi bahasy 176 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 3050-ä golaý oba hojalyk tehnikalary we enjamlary telekeçi daýhanlara halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl, mallardan köp önüm almaga şert döredýär. Ine, işewürlerimiziň ene topraga bolan yhlasynyň syry şu ajaýyp şertlerden hem mümkinçiliklerden ybarat diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
— Telekeçiler, esasan, haýsy ekinleri has ürç edip ekýärler?
— Ýurdumyzyň tebigy şertleri ekin ekmek üçinem, mal bakmak üçinem örän amatlydyr. Biziň güneşe baý, mes topragymyzda bitmeýän ekin, megerem, ýokdur. «Türkmen topragyna kesewiňi dürtseňem gögerýär» diýlip, ýöne ýere aýdylýan däldir. Ekerançy telekeçilerimiziň gök-bakja, azyklyk däneli, ot-iýmlik ekinleri, miweli baglary ekmek bilen bir hatarda, öň howa-toprak şertlerimizde ekilmeýän ekinleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan netijeleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Öňler günebakar, mekgejöwen ýaly ekinler, esasan, suwly ýaplaryň boýlaryna ekilerdi. Indi bu ekinler aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän meýdanlary tutýar. Soňky 3-4 ýyl bäri telekeçiler ýag alynýan rapsy (kanola) synag esasynda ösdürip ýetişdirip, gowy netije aldylar. Şu ýyl «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti, «Guş toplumy», «Sekiz bag», «Rowaçly sähra», «Berzeňňi melhemi» hususy kärhanalary, telekeçiler Hojamyrat Hojanyýazow, Anna Orazmämmedow bilelikde, umumy meýdany 820 gektara kanola ekip, her gektaryndan ortaça 30 sentner hasyl aldylar. Bu ekiniň tohumy gaýtadan işlenende, 35 — 40 göterim ýag, 65 — 60 göterim künjara çykýar. Kanola ýagy soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda iýmitlik ýag hökmünde giňden ulanylýar. Onuň ýagy we künjarasy belli bir derejede iýme garylyp, towuklara hem berilýär. Şeýlelikde, guşçulyk üçin ýurdumyza import edilýän soýa hem-de günebakar ýagynyň we künjarasynyň belli bir möçberlerini geljekde kanola ýagy we künjarasy bilen çalşyp bolar.
— Şamyrat aga, halkymyzda «Işleseň — il tanar» diýlen aýtgy bar. Tüweleme, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçileri asylly işleri bilen adygyp, halkymyzyň arasynda giňden tanalýarlar.
— Dogry aýdýarsyňyz. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalykçy hususyýetçiler barada edýän taýsyz tagallalary, önüm öndürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alýan, halal gazanç edip, uly abraýa, sylag-hormata mynasyp bolýan tanymal telekeçilerimiz sanardan juda köpdür. Ekerançylyk boýunça halypalyga ýetişen Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew, Begmuhammet Çaryýew, Nurýagdy Ýagmyrow, Aýdogdy Hudaýberdiýew, Jumamyrat Döwranow, Rüstem Beşimow ýaly telekeçilerimiz, hakykatdan hem il içinde giňden tanalýar. Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew her gektar mekgejöwenden 60 — 70 sentner, bugdaýdyr gowaçadan ortaça 40 — 45 sentner hasyl almagy başarýarlar. Olar ekin ekmekde toplan baý tejribesini, ekerançylygyň inçe syrlaryny, ýerden bol hasyl almagyň täsirli usullaryny ýaş telekeçilere öwredip, pederlerimiziň halypa-şägirtlik ýoluny hem ýöredýärler.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gelende, Orazgeldi Anzarow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, gazanýan netijeleri bilen içgin gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyzyň hem 30-njy maýda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanda, daýhan telekeçi Täjibaý Ataýew bilen söhbetdeş bolup, alyp barýan asylly işlerine ýokary baha bermegini uly buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.
— Türkmen telekeçileriniň öndürýän oba hojalyk we azyk önümleriniň haýsy görnüşleri eksporta has köp möçberde iberilýär?
— Ýurdumyzda telekeçileriň öndürýän önümlerini daşary ýurtlara ibermek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada bellenen çärelere laýyklykda, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän taraplara ýer bölekleri, karz serişdeleri bölünip berildi, önümleri eksporta ibermegiň tertibi ýönekeýleşdirildi.
Döwletimiz tarapyndan eksportçylara döredilýän amatly şertler Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda uly meşhurlyga eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Eksporta iberilýän köp sanly önümleriň hatarynda azyk önümleri aýratyn orna eýedir. Türkmeniň bereketli topragynda, güneşli howasynda, ynsan saglygyna zyýanly hiç hili himiki serişdeleri ulanmazdan ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy datly, ekologik taýdan arassa, gymmatly iýmit maddalaryna, witaminlere örän baý gök-bakja, miwe önümlerimize daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan isleg barha artýar.
Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir sanlary belläp geçeliň. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, azyk önümlerini eksporta ibermekden gelýän gyzyl puluň möçberi 2021-nji ýylda 80,2 göterim artdy. Azyk önümlerini ýerlemekden gazanylan gyzyl puluň möçberiniň 79,0 göterimi gök-bakja önümlerine degişlidir. Eksporta iberilýän gök-bakja önümleriniň agramly bölegi pomidor bolup durýar. Bulardan başga-da «Hasar», «Burkut», «Täze Aý», «Doganlar ýyldyzy», «Duýgy» haryt nyşanly süýji-köke önümleri, «Nur» haryt nyşanly gaplanan gök önümler, «Eçil» haryt nyşanly miwe şireleri, «Ýeserje» haryt nyşanly miwelerden taýýarlanýan çaga iýmiti, «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma önümleri dünýäniň birnäçe döwletlerine yzygiderli eksport edilýär. «Hasar» we «Täze Aý» haryt nyşanly süýji-köke önümleri Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Yrak, Täjigistan, Hytaý, Ukraina ýaly döwletleriň ençemesine iberilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» eksporta iberilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak, görnüşlerini köpeltmek, geografiýasyny giňeltmek barada wezipe kesgitlenendir.
— Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligi milli baýlyklarymyz bolan ýer-suw serişdeleri bilen berk baglanyşykly. Olary netijeli we aýawly ulanmak boýunça birleşmede alnyp barylýan işler barada-da gürrüň beräýseňiz?
— Ýer-suw serişdeleri bahasyz baýlykdyr, olary gözüň göreji deý gorap saklamak, aýawly ulanmak mukaddes borçdur. Biziň tebigy şertlerimizde, esasan, suwarymly ekerançylyk alnyp barylýar, şonuň üçin hem her damjasy altyn dänesine deňelýän suw serişdelerimizden tygşytly peýdalanmak, ýerlerimizi aýawly ulanmak möhümdir.
Hususyýetçiler oba hojalyk önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyz bolan ýeri, suwy aýawly we netijeli ulanmak, ekinleriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmek ugrunda yhlasly işleýärler. Miweli baglar we üzüm agaçlary ekilen meýdanlara damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrýarlar. Bu usul suwy tygşytly ulanmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrmaga we ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Geljekde gowaça, günebakar, ýeralma, pomidor, hyýar, bulgar burçy, badamjan ýaly ekinleri damjalaýyn usulda suwarmak arkaly ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işleri geçirilýär. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýeti suw tygşytlaýjy tehnologiýany ornaşdyryp, 10 gektara ekilen «dido», «marabel» görnüşli ýeralmanyň her gektaryndan ortaça 40 tonna, 8 gektara ekilen «presto», «speedo» görnüşli käşiriň her gektaryndan 40 tonna golaý, 26 gektara ekilen «bereket», «şampion» görnüşli düýp soganyň her gektaryndan 60 tonna töweregi hasyla garaşýar.
— Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny döretmegi, halkymyzyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselesini mydama üns merkezinde saklaýar. Şol sanda guşçulygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu pudagyň ot-iým binýadyny döretmek maksady bilen goşmaça ýer bölekleriniň bölünip berilmegi telekeçilere uly kömek bolandyr?!
— Elbetde. Azyk üpjünçiliginde guşçulyk pudagyna uly orun degişlidir, sebäbi towuk ýumurtgasy we eti gündelik, köp ulanylýan azyk önümleriniň hataryna girýär. Lukmanlar tarapyndan işlenip düzülen iýmitlenmek kadasyna laýyklykda, her adama günde 25 gram ýumurtga, 30 gram guş etini iýmek maslahat berilýär.
Guşçulyk girdejili pudakdyr, sebäbi oba hojalyk guşlary tiz ýetişýär, gysga wagtda önüm berýär. Et üçin niýetlenen broýler jüýjeleri bary-ýogy 40 — 45 gün idedilip, hersinden 1,5 kilogram töweregi et alynýar, ýumurtga ugurly towuklar bolsa 150 günlükden ýumurtga berip başlaýar. Häzirki wagtda birleşmäniň 70-e golaý agzasy towuk etini, 50-ä golaýy ýumurtga öndürýär. Towuk etini öndürmek boýunça ýyllyk kuwwatlyklary «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynda 11 müň tonna, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda 3,2 müň tonna, «Guş toplumy» hususy kärhanasynda 3,0 müň tonna, «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna, «Ýeriň gymmaty» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna deňdir. Ýumurtga boýunça alanyňda-da, ýokary görkezijileri berýän iri önümçilik kärhanalarynyň sanynyň barha artýandygy buýsandyrýar.
— Şamyrat aga, telekeçiler tarapyndan geljekde kanola ýagynyň öndürilişini ýola goýmak barada agzap geçdiňiz. Häzirki wagtda günebakar, künji, zeýtun, pagta ýaglaryny öndürýän telekeçileriň işleri barada hem gürrüň beräýseňiz!
— «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda ýylda 7 200 tonna «Günaý» haryt nyşanly günebakar ýagyny öndürýär. Şu ýyl bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde 1 müň gektara golaý ýerde günebakar we soýa ekildi. «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýylda 6 260 tonna pagta we beýleki ösümlik ýaglaryny arassalap, gaplaýan önümçiligi ýola goýdy.
«Berkarar zaman» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden ösümlik ýagyny öndürýän kärhanany gurmak, günebakar we beýleki ýaglar alynýan ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin 15 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu uly möçberli taslama boýunça işler depginli alnyp barylýar. «Agzybir ojak» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýylda 21000 tonna ösümlik ýagyny arassalaýan kärhananyň gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýar. Kiçi önümçilik kärhanalarynda telekeçiler Amanguly Täçgulyýew ýylda 720 tonna, Göwher Jumaýewa 1260 tonna «Nurber» haryt nyşanly künji ýagyny öndürýärler.
— Seçgiçilik, tohumçylyk ugrundan telekeçilikde edilen iş barmy?
— Juda ýerlikli berlen sowal. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ösümligem, malam, guşam janly bedendir. Janly bedene bolsa howadan dem almak, iýmitlenmek, köpelmek alamatlaryny nesle geçirmek ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ine, şonuň üçinem, isle, ekin bolsun, isle-de mal, tapawudy ýok, köp önüm aljak bolsaň, seçgiçilik, tohumçylyk we ideg işlerini talabalaýyk alyp barmaly. Sebäbi ösümlikleriň ýa-da mallaryň gelip çykyşy hernäçe gowy bolaýsyn, amatly ýaşaýyş şertlerini döretmezden, ýokary netije almak mümkin däl. Mahlasy, ekinlerden we mallardan ýokary hilli köp önüm almak diňe seçgiçilik, tohumçylyk işleri idetmegiň amatly şertlerini döretmek bilen utgaşykly alnyp barlanda mümkin bolýandyr.
Türkmen telekeçileri bu hakykata göz ýetirip, ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işlerini geçirýärler. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Jumamyrat Döwranow ýeralmanyň, käşiriň, düýp soganyň, telekeçiler Orazgeldi Anzarow, Muhammet Ýemşikow kanolanyň biziň ýurdumyzyň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrylan, gurakçylyga çydamly, suwy az talap edýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini, maldarçylykda «Ajaýyp ussat halal önümleri», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleri, «Ak hünji» hususy kärhanasy gara mallaryň ýerli şertlerimizde köp önüm berýän, hojalyk-biologiýa taýdan gymmatly alamatlaryny ýokary derejede nesillere geçirýän tohumlaryny döretmek boýunça synag-tejribe işlerini alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýunynda «Türkmenistanda guşçulyk pudagyny ösdürmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri iým bilen üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda 20 müň gektar meýdanda iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektarda soýa we 40 müň gektarda iýmlik bugdaý ekmek bellenildi. Şu günler mekgejöwen ekişi gyzgalaňly dowam edýär, iýmlik bugdaý ekişine hem taýýarlyk görülýär.
Önüm öndürijilerimizi ýerli jüýjeler bilen üpjün etmek ýola goýuldy. Bu meseläniň oňyn çözülmeginiň birnäçe bähbitli taraplary bar. Birinjiden, gyzyl puluň ýurduň daşyna gitmeginiň öňi alynýar, ikinjiden, ýerli jüýjeler önüm öndürijilere arzan düşýär, üçünjiden, jüýjeleriň tebigy ýitgisi azalýar, sebäbi daşyndan getirilende, olaryň 20 göterime golaýy ýolda we täze şertlere uýgunlaşýan döwri ölýär.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».